.


:




:

































 

 

 

 


Zähmet terbiýesiniň wezipeleri.




Zähmet terbiýesiniň wezipeleri köp taraply bolup, ol okuwçylaryň zähmet ukybyna, ahlak terbiýesine, zähmetiň dürli görnüşlerini ýerine ýetirip bilmekligine, zähmetde göreldeli bolmagy başarmaklygyna baglydyr. Okuwçylarda zähmet başarjaňlygy terbiýelemek üçin aşakdaky talaplara üns bermeli.

1. Çaganyň zähmete psihologik we amaly taýýarlygyna üns bermeli.

2. Toparlaýyn zähmete gatnaşmak endiklerini ösdürmek, okuwçylarda ylmyň dürli pudaklaryna gyzyklanmany terbiýelemekligi gazanmaly.

3. Çagalarda zähmet medeniýetiniň endiklerini öwretmek.

4. Zähmetiň sosial ähmiýetli mazmunyny kemala getirmek.

5. Okuwçylarda ylma, medeniýete, tehnika söýgi döretmek, olaryň ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek.

6. Okuwçylarda jemgyýetçilik emläge aýawly garaýşy, tygşytlylygy terbiýelemek.

7. Okuwçylara hünäri aňly-düşünjeli seçip almaga taýýarlamak, olary hünäre ugrukdyrmak.

Çagalary zähmete taýýarlamakda ýaş aýratynlyklaryny nazarda tutup, olaryň ýerine ýetirýän işlerine çyn ýürekden gatnaşmaklary, özi we jemgyýet üçin peýdaly iş edýändiklerini duýmaklary zerurdyr. Çaganyň zähmete içgin gatnaşmagynda ahlak hilleri-de ýüze çykýar.

Okuwçylar sapakda we sapakdan daşary geçirilýän işleriň üsti bilen zähmete gatnaşýarlar. Zähmet temasyndaky gepleşikler, leksiýalar, zähmet weteranlary we göreldeli adamlar bilen duşuşyklar, mekdepde geçirilýän hasyl baýramy, Nowruz baýramy we beýleki baýramçylyklar degişlidir.

Zähmet terbiýesi dogry ýola goýlan mekdeplerde okuwçylar mekdebe gelen günlerinden başlap, öz güýçlerine görä zähmete gatnaşyp başlaýarlar. Oňa öz-özüňe hyzmat etmek, synp otaglaryny, okuw esbaplaryny sapaga taýýarlamak, kitaplar we beýleki gurallary bejermäge kömek etmek we ş.m. işler degişlidir.

Zähmete psihologik taýýarlanmakda, çaganyň zähmet söýüjiligi zähmet netijesinde tertip-düzgünliligi, ahlak sypatlary terbiýelenýär.

Zähmet terbiýäniň jebisleşmeginde toparlaýyn zähmetiň roly uludyr. Toparlaýyn zähmetiň netijesinde dostluk, ýoldaşlyk, özara biri-birine kömek etmek, zähmetiň netijesine guwanmak, kemçilikleri düzetmeklik terbiýelenýär.

Zähmetiň medeniýeti diýlende, zähmetiň hil taýdan oňat bolmagy, wagtdan tygşytly peýdalanmagy başarmak, iş ýerini arassa saklamagy, başarmak, başlan işiňi soňuna çenli ýerine ýetirmek degişlidir.

Zähmetiň medeniýetiniň ýene bir görnüşi zähmet okuwçynyň göreldeli, özbaşdak işi ýerine ýetirmegi zähmet bilen baglanyşykly dynç almany-da başarmagy girýär. Çagada şu sypatlar okuw-terbiýeçilik işiniň netijesinde ýerine ýetýär.

Zähmet terbiýesiniň wezipeleri. Zähmet-adamyň akyl, ukyp, başarnyk taýdan kämilleşmeginiň esasy bolup durýar. Taryhy taýdan alanda zähmet adamyň kemala gelmeginiň esasydyr. Adamzat jemgyýetiniň ösmegi we zähmetiň wezipeleri:

Zähmet endiklerini kämilleşdirmek;

Zähmete söýgi döretmek;

Tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşme;

Jemgyýetiň öňündäki borja düşünmek;

Tertip-düzgüni, endikleri zähmetiň üsti bilen kämilleşdirmek;

Toparda öz ornuňy tapmakdyr.

Maşgala bilen mekdebiň zähmet terbiýesi hakynda alyp barýan işleri:

l. Zähmete bolan söýgini terbiýelemek;

2. Zähmet adamsyna hormat goýmak;

3. Zatlara aýawly we tygşytly çemeleşmek;

4.Yerine ýetirilen işe bolan buýsanç;

5.Tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşmek;

6. Okuwa bolan jogapkärçilik;

7. Öz-özüňe hyzmat etmek meselesi.

8. Öý işlerine ýakyndan ýardam bermek;

9. Önümçilige gatnaşmak;

10.Yaşuly nesillere kömek bermek;

11.Çagalaryň işine ýolbaşçylyk etmek;

12. Maşgalada zähmeti paýlamak (oglanlar, gyzlar);

13. Zähmetde çagalaryň ýaş, psihologik, özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak;

14. Hünär saýlap almak;

15.Yerine ýetirilen işi töwerekleýin bahalandyrmak.

Zähmet terbiýesiniň usullary: zähmet ýumuşlary, baýramçylyk gurnaklar, ýaryşlar, soraglar, jogaplar, oýunlar.

 





:


: 2018-11-11; !; : 696 |


:

:

, .
==> ...

1664 - | 1483 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.009 .