.


:




:

































 

 

 

 


Ahlak, akyl, gözellik we etiki terbiýeler.




Şahsyýetiň ösüşinde, kämilleşmeginde ahlak terbiýesine uly orun berilýär. Watanyna wepaly, Watanyny söýýän, göreldeli zähmet çekýän, oňat okaýan, hususy we jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýan bütewi şahsyýeti terbiýelemek ahlak terbiýesiniň esasy wezipesi.

Bilim bu adamyň ylmy dunýägaraýşynyň jemidir.

Ynsanperwerlik adamkärçiligiň, ýoldaşlygyň, dostlugyň doganlygyň hormatyň jemidir.

Has anyk aýdanda, ahlak terbiýesi aşakdaky anyk wezipeleri çözmeklige gönükdirilendir.

1. Ahlak duýgyny terbiýelemek. Adamyň öz hereketlerine, edýän işlerine, görýän, duýýan zatlaryna bolan garaýyşlary. Adamyň başyna agyr gün düşende oňa gynanmak, biri begense oňa begenmek. Ýöne, begenmekligiň-de ahlaksyzlyk alamaty bolup biler. Adam başga biriniň başyna düşen külpete begenýän bolsa bu ahlaksyzlygyň alamatydyr.

2. Ahlak aňyny terbiýelemek. Özüniň jemgyýetde tutýan ornuny bilmek, ahlak kadalaryny özleşdirmek.

3. Ahlak pikirlenmegi terbiýelemek. Ahlak kadalarynyň ýerine ýetirilişini, derňäp oňa dogry baha bermek.

4. Ahlak erki terbiýelemek. Öz-özüňi ele elmak, içki azatlygyny duýmak, ahlak kadalarynyň esasynda hereket etmek.

5. Öz-özüňi ahlak taýdan terbiýelemek, öz-özüňiň ahlak keşbiňi kämilleşdirmek. Şahsyýetiň öz-özüne täsir edip maksada laýyk hereket etmegi. Öz-özüňi durnukly ýagdaýlara gönükdirip goýmak, erkiňi, tertipliligi, çydamlylygy terbiýelemek.

6. Ahlak düşünjelerini we ynançlaryny kemala getirmek. Çagalara dogry näme; gowy näme; erbet näme diýen meseleler baradaky düşünjeleri bermeli. Adamyň ynançlary onuň hereketlerinde ýüze çykýar.

Ahlakly hereket etmekligi terbiýelemek. Jemgyýete peýdaly zähmetde, köpçülik işleri ýerine ýetirilende, duşuşyklar, agşamlar geçirilende okuwçylaryň dogry hereket etmegini gazanmak. Ahlak terbiýesiniň wezipesi örňäp-ösüp barýan nesilde ahlak kadalary, düzgünleri baradaky duýgy-düşünjeleri, özüňi alyp barmak endiklerini emele getirmekdir, şol ölçegler,düzgünler esasynda hereket etmegi öwretmekdir.

Ahlak terbiýesiniň mazmuny:

1. Ahlak terbiýesiniň mazmunynda ata watana, ene topraga, onuň halkyna, diline,taryhyna,maddy, medeni we ruhygymmatlyklaryna çyn söýgi döretmek esasy orun tutýar.Bu öran giň we çuň düşünjedir.Ýagny raýatlyk duýgulary bilen watanyň hatyrasyna zahmet çekmeklige söýgi wepalylyk duýgularyny emele getirmeklik göz öňünde tutulýar.

2. Halklaryň dostlugy,öz islegleri, garaýyşlary we ynançlary birmeňzeş adamlaryň birek-biregi hormatlamak, goldamak, birek-birege düşünmek, kömek bermek, dostluk adamyň iň ýokary duýgularydyr.

3. Ynsanperwerlik-ahlak terbiýesiniň özenidir. Adama belent sarpa goýmak ata-babalarymyzdan miras bolup geçen ahlak sypatydyr. Görogly şadessandaky Jygalybegiň öwüt-ündewleriniň üsti bilen beýik Magtymgulynyň eserlerinde ynsanyň gadyr-gymmatynyň nähili belentde bolmalydygy baradaky pikirleri aýdylýar.

4. Zahmetsöýüjilik. Zähmete, onuň miwesine, zähmet adamsyna bolan garaýyş şahsyýetiň ahlaklylyk adamkärçilik sypatlarynyň biridir.

Ahlak terbiýesi aşakdaky anyk wezipeleri çözmeklige gönükdirlendir:

Ahlak duýgyny terbiýelemek; ahlak aňyny terbiýelemek.

Ahlak pikirlenmegi terbiýelemek; ahlak erki terbiýelemek;

Öz-özüňi ahlak taýdan terbiýelemek; öz-özüňiň ahlak keşbini kämilleşdirmek;

Ahlak düşünjelerini we ynançlaryny kemala getirmek;

Ahlakly hereket etmegi terbiýelemek;

Başlangyç synp okuwçylarynda terbiýelemeli ahlak sypatlar Bitarap Garaşsyz Demokratiki ýurtda ýaşaýandygyny bilmek, olar barada Watan, hormatly Prezidentimiz hemişe alada edýändigini bilmek, kasamy bilmek, gimni bilmek; özleri barada alada etmek; irki maşyklary etmek, öz zatlaryny, oýnawaçlaryny arassa saklamak, güllere öý haýwanlaryna garaşyk etmek; ata-eneňi, doganlaryňy, babaňy-mamaňy, dostlaryňy, tebigaty we janly jandarlary söýmek; deň-duşlar bilen dostlaşmak, bile oýnamak, ataňa, eneňe, doganlaryňa dost bolmak; öý işlerine kömek etmek, zähmet sapaklarynda, synpda we mekdepde öz-özüňe hyzmat etmek; tertipsizlige, hapaçylga, ýalançylyga, gaharjaňlyga, gysgançlyga garşy göreşmek; nany, suwy, elektrik toguny, gazy tygşytlamak, ataňa-eneňe özüňden ululara, ýoldaşlaryňa zähmetde we okuwda kömek etmek; surat çekmek, aýdym aýtmak, goşgy düzmek, täze oýnawaçlar, oýunlar döretmek.

Dünýägaraýyş.

Biziň daş-töweregimizi gurşap alan dünýäniň döredilişi, onuň taryhy taýdan kemala gelişi, tebigatda, jemgyýetde bolup geçýän hadysalaryň kanunalaýyklyklaryny ylmy esasda öwrenmek netijesinde durnukly kemala gelen düşünjedir.

Maglumatlar üç topara bölünýär: 1. Durmuşy. 2. Idialistik. 3.Materialistik düşünjeler bolupdyr.

Adamzat jemgyýetiniň kämilleşmegi bilen ylym ösýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklary kämilleşýär. Ylym we tehniki öňegidişlik adamzadyň aň taýdan kämilleşenligini subut edýär.

Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazarda tutup şu aşakdaky tertipde bilim berilýär:

1. Başlangyç döwri - 1-4-nji ýyllarda. Okuwçylar tebigatyň, jemgyýetiň ösüş kanunlarynyň başlangyçlaryny ele almak bilen, okamany, ýazmany, dört amaly, edebi dili, döwlet mukaddesliklerini, tebigatyň ýönekeýje gatnaşyklaryny ele alýarlar.

2. Ýetginjeklik döwri- Şahsyýetiň ýokar depginde kemala gelýän döwri bolmak bilen ylymlaryň esaslaIVny ele almakdan, özbaşdak pikir ýöretmegi, netije çykarmagy, umumylaşdyrmagy,özüni ykrar etdirmek meseleleri bilen baglydyr.

3. Yaşlyk döwri- adamyň beden we ruhy taýdan kämillige gadam basan döwri bolmak bilen, berk ynam, özüňi alyp barmagyň kadalaryny özleşdirmek, öz işiňi meýilleşdirmek, öz-özüňi derňemek,ahlak-psihologik kämülik meselesi çözülýär.

Şahsyýetiň kemala getirilişi we ösüşi.

Şahsyýetiň kemala getirilişi we ösüşi. Şahsyýeti kemala getirmek bu durgun häsiýetli hadysa däl-de, üznüksiz, işjeň tutum-dowamatdyr. Şonuň üçin sözüňjemleýji anysynda şahsyýeti kemala getirmek bu onuň barha ýokarlanýan üstünlige ymtylyş derejesi bilen oha ýetmäge zerur bolan mümkünçilikleriň arasynda dialektiki gapma-garşylygy döretmekdir. Üstünlige ymtylyşyh we onuh serişde üpjünçiliginih bir-birine laýyklygy ilki-ilkiler daşky gurşaw arkaly guralýan we dolandyrylýan häsiýetde bolýan bolsa, kämilligih ýolunda bu tutumyh guralyş dolandyrylyşy şahsyýetih öz erkine tabynlykda amala aşyrylýar. Kemala geliş bir-birini üznüksiz çalşyrýan şahsyýetiň obýektiw gurşaw şertlere ugrukdyrylmagy bilen bu şertleri özgertmegi, öz maksadyna laýyklamagy ýaly düzüjilerih özara täsirinde geçýär.

Ösýän şahsyýetih kemala gelişnde ýüze çykýan psihologiýay döwürler bilen tanyşmak gyzyklydyr. Adamyh şahsyýet hökmündäki ruhy ösüşini döwürleşdirmegih gihişleýin nusgasy E.Eriksona degişlidir.

1. Ynanç-ynanmazlyk krizisi (bir ýaşy dowamynda)

2.Şubhelenmekiige we utanja garşy durýan awtonomiýa-özbaşdaklyk (2-3 ýaş aralygynda)

3.Günäkärçilik duýgusyna garşy durýan ugur tapyjylygyň döremegi (3-6 ýaşlar aralygynda)

4.Özüni kembaha duýmaklyga garşy durýan zähmetsöýerlik (6-12

ýaşlar aralygynda).

5.Rollaryň garysmaklygyna garşy durýan öz meniňi ykrar etmeklik (12-19 ýaşlar

aralygynda).

6.Psihologiýay ýekelige garşy durýan içgin-pinhan aragatnaşyk

guramaklyk (2Q-25 ýaşlar aralygy).

7.Durgunlyga garşy durýan öndürijilik (26-64 ýaşlar aralagynda).

8. Yaşalan ömre ahmyr etmeklige garşy durýan ' 'menleriň birleşmesi esasynda ýaşalan durmuşdan kanagatlanmaklyk (64 ýaşdan ýokary).

Bu döwürleriň adamyň ösüş terjimehalyndaky yzygiderliginiň häsiýetii we gutulgysyzlygy çekeleşikli mesele bolsa-da, olaryň hakykata laýyklygy teklip edilen nusga üns bermeklikligiň artykmaç däldigini görkezýär.

Edeplilik-ahlaklylykdyr.

Edeplilik ynsanyň gowy gylyk-häsiýetlerini, adamkärçiligini,jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky medeniýetliligini, gaýry ahlaklylyk sypatlaryny özünde jemleýär. Ol ata-babadan miras galan ahlak-düzgünleriniň giden bir,sistemasydyr, ýagny halk pedagogikasynyň süňňine ornaşyp giden, onuň içinde hemişelik hereket edýän ahlak hormatlarydyr.

Ynsan edebiniň çygry çuň hem giňdir. Ol salamlaşmakdan başlap, garaşsyz diýarymyzyň gözel tebigatyna, ýer-asty we ýer- üsti baýlygyna parasatly adamlaryny, alymlardyr-akyldarlaryna guwanç hem buýsanç duýgularyny emele getirmeklige çenli bolan edeplilik düzgünlerini öz içine alýar. Adamyň dostluga belent sarpa goýmagynyň, özüňi edepli alyp barmagyň zerurlygyna gadymy ýazuw ýadygärliklerinde hem gabat gelinýär.Ahmet Ýugnaky özüniň tälim üçin döredenHakykat sowgatlary diýen kitabyndaAta bir, ene bir dogandyr bu halk diýip öwreden bolsa, Nowaýy, Adamynyň bir-birinden parhyýa diýip ynsan aslynyň birdigini, deň hukuklydygyny, aýry-aýry ukyplydygyny, olaryň hemmesine-de deň derejede sarpa goýmalydygyny ündäpdir.Şol bir wagtyň özünde-de ynsan balasynyň iliň gözünden düşmezligi, beg işlere baş goşmazlygy dürli ýollar, usullar bilen wesýet edilipdir.Kowusnama şerap içmezligi ahlaklylygyň gowy tarapy diýip ündän bolsa,Hakykat sowgatlary.

Kim içgilik içse, ýaramaz adam,

Içigsi ters ýola goýandyr gadam.

 

-diýip akyl berýär.

Magtymguly akyldarymyz bolsa Akly bolan şerap içmez diýip kesgitli netije çykarýar. Meşhur Kasasyl enbiýa eserinden hem gadymdan gelýän ahlak kadalary adamlaryň aňyna ussatlyk bilen ýetirilipdir.

Adamyň akyl-paýhasy, ynamy,hyjuwy,dünýägaraýşy ony hereketlendirýän

güýçdür. Şol güýçleriň dogry terbiýelenmegi adamyň lebzi bilen edýän hereketiniň bir- birine kybap bolmagyny üpjün edýär,onuň ahlaklylygyny pugtalandyrýar.Soňky onýyllyklaryň dowamynda adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda: gep-sözünde, ygrarlygynda, borjuna düşünmeginde, adamkärçiliginde, mahlasy, ynsançylyk gatnaşyklarynyň normalaryny berjaý etmeklerinde il-gün tarapyndan oňlanylmaýan hüý-häsiýetler peýda bolup başlady, biparhlyk güýjedi, diňe öz bähbidini aramak möwjedi, haram gazanja, parahorluga ýüz uruldy, türkmeniň milli buýsanjy mejalsyz boldy, edim-gylymlary, däp-dessurlary äsgerilmeden galdy.

Edepliligem, ahlaklylygam gadymdan gelýän edim-gylymlardan, däp-dessurlardan üzňe zat däl. Olar halk tarapyndan döredilen, ykrar edilen ýaşaýyş-durmuşyň hormatlaryndan, düzgünlerinden ybarat, özlerem adamlar üçin esasy ýörelge bolup galypdyr.Şeýle bolansoň her kesiň edep-ekramyň onuň ahlaklylyk sypatlaryny kesgitleýän esasy zatlar bolup durýar.

Umumybilim berýän dünýewi hem-de hünärment mekdeplerinde, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda öwrenilip başlan Edep kursunyň esasy maksady hem tälim-terbiýe bermekde örän güýçli serişde bolup hyzmat eden, emma soňky döwürde ünsden düşürilen edep-ekramlylygy täzeden dikeltmekdir, örňäp-ösüp gelýän nesliň ahlaklylyk sypatlaryny, medeni derejesini ýokary götermekdir.

Kämahallar ynsan edebi onuň ahlaklylygyndan parhlanybam durmaýar, olar bir-birleriniň üstüni ýetirip, bir-birlerini şertlendirip durýan ynsanýetçilik hereketiniň oňlanylýan taraplarydyr. Ata-enä, dogan-garyndaşlara, ýaşuly adamlara, mugallymlara, halypalara hormat goýmak, kiçi ýaşlaryň sarpasyny saklamak, gerek ýerinde, olara hemaýat etmek, goňşular, beýleki halklaryň wekilleri bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, zähmet adamsyna sarpa goýmak ýaly asylly işler, hereketler sogap işdir. Şular ýaly hüý-häsiýet adamyň ahlak sypatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ahlak taýdan kämil bolmadyk adam edepli hereket etmegi başarmaz. Edeplilik bilen ahlaklylyk jemgyýetçilik durmuşynyň hemme pursatlaryna bilelikde, ugurdaşlykda hereket edýän düzgünlerdir.

 





:


: 2018-11-11; !; : 930 |


:

:

.
==> ...

1772 - | 1621 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.033 .