Лекции.Орг


Поиск:




Ahlak terbiýesini bermegiň şertleri we ýollary.




Okuwçylaryň ahlak sypatlaryny emele getirmegiň şertleri-de, ýollary-da az däl. Ine olaryň käbiri.

1. Okuw-terbiýeçilik işiniň ýokary derejede ýola goýulmagy örňäp-ösüp barýan nesle ahlak terbiýesini bermegiň esasy şertleriniň biri. Çünki mugallym okuwçynyň mekdep ýyllarynyň bütin dowamynda onuň gözüniň öňünde bolýar. Şeýle bolansoň oňa, pedagogyň öz kärine bolan yhlasyna, ahlaklylyk sypatlaryna hemme tarapdan hakyky, çyn häsiýetnama berip bilýän adam okuwçydyr. Ine, hiç mahal ähmiýetini ýitirmejek şu ýagdaý mugallymda iň gowy ahlak sypatlarynyň jemlenmegini talap edýär. Okuwçylara ahlak terbiýesini bermegiň esasy serişdeleri okuw işi, oýunişi, jemgyýete peýdaly zähmet, synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik işleri. Okuwdan daşary terbiýeçilik işleri geçirlende mekdepden daşary terbiýeçilik edaralara uly rol degişlidir. Olar, çagalar we ýaşlar guramalary, maşgala, mekldepden daşary terbiýeçilik edaralary. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, mugallymyň nähilli adamlygyny, kärine bolan garaýşyny, näderejede taýýarlyklydygyny, dogruçyldygyny, lebzine ygrarlydygyny, iş-pişesine yhlaslydygyny, hoşniýetlidigini we ş. m. okuwçy örän gowy bilýär.

2. Pedagogik hem okuwçylar kollektiwleriniň özara düşünişip sazlaşykly hereket etmegi ahlak terbiýesiniň göwnejaý edilip ýola goýulmagy üçin amatly şert döredýär. Mugallym bilen okuwçynyň özara ynamynda bolup, terbiýeçilik çäresi planlaşdyrylanda-da oňa taýýarlyk görlende-de, geçirilende-de okuwçylara sala salynmagy, olary şol işiň şärikdeşi ýa-da guraýjysy hökmünde okuwçylary ahlak taýdan terbiýelenen derejesini öwretmekden bu işde üstünlik gazanmak mümkin däldir. Ony öwrenmek üçin syn etmek okuwçylaryň işleriniň netijesini (gündeligini, çeken suratyny, ýazan zatlaryny, toplan gerbarini we ş.m.) öwrenmek, soraglara ýazuw üsti bilen jogap almak, anketa, olaryň özi bilen indiwidual we toparlaýyn görnüşlerde gürrüňdeş bolmak, ene-atalar bilen gürrüňdeş bolmak we olaryň pikirlerini nazara almak ýaly beýleki usullar ulanylýar. Kärine yhlasly türkmen pedagoglarynyň iş tejribeleri muňa güwä geçýär. Baryp otuzynjy ýylda belli pedagog A.S. Makarenko 10 sany juda ökde, emma hersi özbaşyna, agzala bolup aýry-aýrylykda işleýän pedagogdan, 10 sany gowşagrak, emma agzybirlikde özara ylalaşykly zähmet çekýän pedagog has gowudyr diýen pikiri öňe sürende ol mamlady. Bu pedagogik pikir biziň günlerimizde-de gymmatyny ýitirenok.

3. Her bir terbiýeçilik çäresiniň pugta oýlanyşylyp, maksada gönükdirilip planlaşdyrylmagy, şeýle hem okuwçylaryň höwesine, islegine laýyk edilip guralmagy ahlak terbiýesini bermegiň ýene bir şertidir.

4. Ahlak terbiýesiniň ýokary netijeli bolmagy üçin oňaýly emosional ýagdaýy döretmek-ýürekdeşlik, şähdaçyklyk, işjeňlik, özara düşünişmek ýagdaýlaryny emele getirmek möhüm bolup durýar.

5. Umumy ýörelgäni berjaý etmek, okuwçylaryň durmuşyny döwrüň talaplaryna kybap edip guramak üçin maksatlaryň bitewiligi taraplaryň ýalňyzlygy, maşgalanyň-mekdebiň-jemgyýetçilik guramalarynyň-önümçilik wekilleriniň özara ylala'ygy, umumy«dil tapmagy» gerek.

Ahlak terbiýesini ýokary hilli edip guramagyň şertleri başga-da az däl. Bu ugurda alnyp barylýan terbiýeçilik işleri garaşsyz diýarymyzyň ýöredýän syýasaty bilen utgaşdyrylyp ýola goýlan mahalynda, bikär gezip ýörmäge hiç kimiň ynsaby çatmasa gerek, serhoşluk, ogurlyk, parahorluk ýaly hereketler, göriplik, harsydünýälik kimin sypatlar kemeler, soňundan bolsa ýok bolup gider, ýene-de gapylar gulpsuz bolar, nesilleriň aňyna türkmen ruhy, türkmen psihologiýasy mäkäm ornaşar.

 Indi ahlak sypatlaryny emele getirmegiň ýollary barada. Okuw jaýynda ahlak terbiýesi esasan iki ugur boýunça amal edilýär. Birinjisi-okuw prosesinde, ikinjisi-synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik işleri geçirilende.

      Mekdep bilimniň mazmunynda örňäp-ösüp barýan nesli ahlaklylyk ruhynda terbiýelemegiň mümkinçilikleri az däl. Her bir okuw predmetiniň ahlak terbiýesini bermekde roly bar, ýöne olaryň käbiri tutuşlygyna diýen ýaly ahlak meseleleri. Meselem; türkmen taryhy, edebiýat, geografiýa predmetleri ahlak düzgünlerine ýugrulan.

2. Synpdan we mekdepden daşary geçirilýän terbiýeçilik çäreleriniň her biri ahlak terbiýesinden üzňe däldir. Dürli guralýan gurnaklardyr, ekskursiýalar, duşuşyklar, söhbetdeşlikler, dürli guralýan medeni çäreler arkaly ahlak terbiýesini ýaş nesli terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.

 

Akyl terbiýesi.

Akyl terbiýes i- bu köptaraply giň düşünje bolup, her bir ynsanyň akylly-başly, sowatly, düşbi, ugurtapyjy bolup ýetişmegine göz öňünde tutýar. Türkmen halky geçmişde-de ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet beripdir, tebigat dünýäsiniň, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli taraplary hakyndaky düşünjeleri onuň aňyna siňdirip gelipdir, çünki türkmenler bilimli, sowatly kitaphon adamyň birek-birege, goňşulara beýleki adamlara hemişe hoşniýetli, mährem bolýanlygyna, kesekiniň malyna göz gyzdyrman, halal zähmet bilen ýaşaýanlygyna, halklaryň arasyndaky dostluga biparh garamaýanlygyna kalbynyň päk, ýüreginiň arassa bolýanlygynyň örän gowy düşünipdirler. Ata- babalarymyz „ Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müňini“ diýmekleri bilen halkymyzyň taryhy beýikligini saklamak üçin, döwrüne laýyk ösüşini gazanmakda kemala gelýän nesilleri akyl taýdan terbiýelemiň zerurlygyny göz öňüne tutýar.  

Häzirki wagtda akyl terbiýesi bilim ulgamy bilen goşalaýyn ýagdaýda amala aşyrylyp, sapaklaryň üsti bilen dialektiki dünýägaraýşy çuňlaşdyrmak, ýönekeý hasaplamalaryň üsti bilen, meseleler çözmek arkaly logiki pikirlenmegi kämilleşdirmek-ýagny, akyl terbiýesiniň kemala gelmegini üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Şonda mekdep okuwçylarynda aşakdaky düşünjeleriň, dünýägarýyşy häsiýetlendirýän ymtylyşlaryň, endikleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Bu terbiýäniň dowamy mekdebiň predmet gurnaklaryň, mekdepden daşary çagalar edarlarynyň, ýörite mekdepleriň, zähmet kollektiwleriniň, metbugatyň, radio- telewidenýäniň, ylymyň hem-de tehnikanyň üsti bilen amal aşyrylýar, ýöne onuň mazmunyna öz –özüňi terbiýelemek hem hökmandyr.       

Akyl terbiýesi okuwçylary ylymlaryň esasy bilimler ulgamy bilen ýaraglandyrýar. Ylmy bilimleri almak bilen okuwçylarda ylmy dünýagaraýşyny esaslary emele gelýär. Bilimler ulgamynyň aňly özleşdirmegi çaganyň logiki ösüşine, ýadyna, ünsüne, göz öňüne getirişine, akyl başarnyklaryna, tebigy zehininiň ösmegine ýardam edýär.

         

Akyl terbiýesiniň wezipeleri:

- kesgitlenen bilimleriniň möçberini özleşdirmek;

- ylmy dünýä garaýşy kemala getirmek;

- akyl güýjüni, başarnyklaryny we zehinleri ösdürmek;

- bilesigelijiligi ösdürmek;

- bilesigelijilik işjeňligini kemala getirmek;

- öz bilimleriniň üstüni dolduryp durmak, umumy bilim we ýörite taýýarlyk derejäni ýokarlandyrmak, ösdürmek, talaplaryň ösüşi.

  Akyl terbiýesiniň mekdebiň esasy wezipeleriniň birdiginiň gymmatlygy inkär   edilmeýär. Ýöne akyl terbiýäniň gönükdirilenligi ata-enelerde, okuwçylarda, giň köpçülikde käbir garşylyklaryň ýüze çykmagyna getirdi. Sebäbi onuň mazmunyny köp babatda şahsyýeti ösdürmäge gönükdirmän, ony bilimler, başarnyklar, endikler bilen ýaraglandyrmaga gönükdirildi. Bu ýagdaýda çagada dünýä emosional – gymmatlyklar hökmünde garamak, söhbetdeşlik tejribesi terbiýeden düşürilip galdyryldy. Durmuşyň tiz üýtgeýänini jemgyýetiň we şahsyýetiň talaplarynyň täzeleýänligini göz öňünde tutup, pedagoglaryň köp bölegi bilimiň gönükdirilenliginiň hemişe täzelenip durmagyny talap edýärler.

 

Ýaş nesli terbiýelemekde mugallym, terbiýeçi ene-ata çaganyň içki dünýäsine aralaşmaly. Onuň içki ruhy güýçleriniň aýratynlygyny, islegini, höwesini, pikirlenmesini, ünsüni, ýadyny, arzuwyny öwrenmeli. Şeýle hem çaganyň döredijilikli özbaşdak işlemäge bolan ukybyny, güýjüni, garaýşyny, ýaş aýratynlygyny nazarda tutmaly.

Mugallym çagada okamaga, bilimleriň esaslary bilen ýaraglanmaga, işlemäge, öwrenmäge höwesi näçe güýçli terbiýeläp bilse, halal zähmet esasynda ýaşamaga, isleg arzuwy şonça-da ýokary derejede terbiýelenýär. Şeýle ýagdaýda terbiýelenen çaga alan bäşliginden, çeken suratyndan, ýasan şekilinden, ýazan düzmesinden lezzet alýar

Mugallym okuwçynyň alan biliminiň esasynda isleglerini terbiýeläp, bilse, onuň ruhy taýdan kämilligine zähmetini ylmy esasda guramagyna täsir eden ilkinji ädimleri bolar.

Islendik görnüşdäki işi, ussatlarça ýerine ýetirýän adamlary ilki bilen mekdepde çuňňur, hemmetaraplaýyn alan biliminiň esasynda kemala gelýändigini bilýäris. Çaga heniz ýaş wagtynda okamagyň bagtly, eşretli durmuşa alyp barýandygyna, dogruçyl salyhatly adam boljakdygyna akyl ýetirip bilmeýär.

Mugallym başlangyç synpdan başlap çagalaryň ýaş indiwidual aýratynlyklaryny nazarda tutup, okamaga bilim almaga höwesini artdyrmak bilen çäklenmän, bilesigelijilik isleg-arzuwlaryny, höwesini oýarmaly. Geljekde olaryň lukman, inžener, mugallym we beýleki dürli kärleriň eýeleri bolup, ruhybelent nesil bolup ýetişjekdigini berk ýadynda saklamaly. Olarda saýlap alan hünärine bolan höwesi ýaşlykda terbiýelemeli. Mugallym we ata-ene çaganyň ruhy belent, şadyýan il-halkyny, Watanyny söýýän adam bolup ýetişmegine şert döredýär.

Ruhy taýdan baý bolmak – bu akyl ukyplaryň ösmeginde logiki pikirlenmäniň kämilleşmeginde, hakykata akyl ýetirmegi, döwletiň syýasy ykdysady, medeni ösüşlerine aralaşmagyň şatlygyny her gün başdan geçirýän wagtda döreýär.

Okuwçyda ruhy belentligi terbiýelemek üçin mugallym sapakda, synpdan daşary işlerde pikirlenmäni ösdürmeli we kämilleşdirmeli. Çaga ylmy-bilimleri çuň özleşdirmegiň netijesinde durmuşa taýarlanýar. Kä halatda okuwçylaryň mekdep praktikasynda käbiri bäşlik baha alyp okamagyna garamazdan, “gödek”, “öz bähbidini ilkinji ýerde goýýanlaryna” duş gelýäris. Şeýle çaga, ýetginjek, kämil adam bolup ýetişende-de diňe “men” ähli eşretler meniň üçin diýlen pikirden ugur alýar. Şonuň üçin çagalarda ýaşlykdan ahlak sypatlaryny dogry terbiýelemeli. Hakyky adamy terbiýelemek üçin ylmy-bilimleri, terbiýäni dogry talap edip, terbiýeçilik işlerini oňat ýola goýulsa, ol özüniň gowy miwesini berer.

Şu günki günde çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin Bitarap, Garaşsyz diýarymyzda doly mümkinçilikler döredildi. Mekdepler, kitaphanalar, medeni, aň bilim edaralary, çagalar birleşmeleri, ýaşlar guramalary örän uly işleri ýerine ýetirýärler. Çagalar kino-teatrlardan başga-da telewideniýäniň gepleşiklerini birnäçe kanallardan görýärler. Bu zatlar çaganyň ösmegi üçin zerur emma, režim esasynda özüne degişli gepleşikleri görmekligi öwrenmelidir we endik etmeli.

Çaga üçin iň ýakyn dost kitap bolmaly. Ýaş nesil näçe köp kitap okasa, şonça-da geçmişimize, geljegimize akyl ýetirer. Mugallym her bir okuwçysynyň kitap söýmegini, ony yzygider okamagyny gazanmalydyr. Çaganyň edebi eserleri yzygider okamagy olaryň dil baýlygyny ösdürer, pikirlenmesini kemala getirer, ruhy taýdan baý bolmagyna täsir eder. Çaga kitaplardaky gahrymanlaryň oňat we erbet taraplaryny görýär. Adamlaryň gysganç – sahy, görüp – rehimdar, salyhatly, adalatly taraplaryna baha berýärler. Ýaltalary, iş ýakmazlary tankytlaýar. Hakyky halal zähmetiň esasynda ýaşaýan, işleýän adamlaryň hataryna goşulmaga ymtylýarlar.

Çaga näçe köp okasa, onda ahlak sypatlar kämilleşýär. Ol öz obasynyň, köçesiniň ýaşuly adamlaryna, mugallymlaryna sarpa goýmagy başarýar. Sebäbi çaga durmuşa degişli onlarça kitaplary okap, ýaşuly nesliň wekilleriniň nähili ýollar geçendigini bilýär. Özüniň ýaşaýan bagtly döwri bilen ata-babalarymyzyň ýaşaýyş – durmuşyny deňeşdirip görýär. Kitaplaryň üsti bilen öz aslyna göz ýetirýär. Ýamana, ýagşa nähili baha bermelidigini öwrenýär.

Eger-de çaga kitap okaman, diňe mekdebe gelip üçlik baha alyp gidýän bolsa, şeýle çagada pikirlenme aňyrda dursun, ol özüniň wagty nähili geçirmegini bilmän, ýüregi gysyp zordan mekdebe gelip gidýär. Beýle çaga ulyny-kiçini bilmez. Ata-babalarymyz “Ulalanda iş hoş ýakmaz ýaşlykdan köýmän ýigide” diýlen nakyly ýöne döretmändir.

Şü günki günde Bitarap Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz XXI Altyn Asyra gadam basdy. Hormatly Prezidentimiz Ruhy taýdan baý nesli terbiýelemek üçin ýörite her bir çykyşynda ýaş nesliň terbiýesini belleýär. Mekdepleriň işini täzeçe guramaklyga halkyň ruhy baýlyklaryny, çaganyň aňyna ýetirmäge aýratyn üns bermegi nygtaýar.

Biz şu günki günde terbiýelenýän ýaşlarymyzda onuň durmuşa nähili taýýardygyna, olaryň ruhy taýdan ösüşiniň nirä gönükdirilendigine, nämäni özleriniň idealy hasap edýändiklerine üns bermelidiris.

Okuwçynyň bilim almaga bolan gyzyklanmasy mugallymyň ussatlygyna baglydyr. Çaga islendik ýagdaýda, dürli kynçylyklara duş gelende ilki bilen mugallyma ýüzlenýär. Şonuň üçin hem mugallym çaga, ula hormat goýmaly, ony mähir bilen gurşamaly. Şonuň netijesinde onuň özbaşdak pikirlenmesini ösdürmeli, kynçylykdan baş alyp çykmagy öwretmeli, okuwçynyň her bir kemçiligine ýa-da üstünligine baha bermeli. Bu ýagdaý okuwçyda çüň intelektual duýgyny döredýär. Ol akyl işinden kanagatlanýar. Okuwçy mysal ýa-da mesele, gönükme ýa-da ýumuş ýerine ýetirende özünde bar bolan bilimlere esaslanýar. Täze alan bilimi bilen öňki biliminiň üstüni dolduryp, barha kämilleşýär. Netijede, onuň täze, çylşyrymly ýumuşlary çözmek mümkinçiligi ösýär.

Eger-de okuwçy yzygider bilim almasa, islendik meseläni, mysaly, gönükmäni işläp bilmän, kynçylyk çekýär. Onuň aňynda gapma-garşylyk emele gelýär. Şony ýeňip geçmek üçin okuwynyň ähli derslere yzygider taýýarlanmagyny gazanmaly. Şeýle-de mugallym olara igenmän, täsir etmegiň dürli ýollaryny gözlemeli. Çaga näçe gowy okasa-da ýalňyşyp biler. Onuň mysal, meseläni nädogry işlemegi mümkin, şeýle hem, gönükmäni ýerine ýetirende orfografik ýalňyşlary goýbermegi mümkin. Şonda mugallym çagada ýalňyşlyk goýbermekden, nädogry jogapdan gorkmazlygy terbiýelemeli. Gorkmaklyk akyl işini pikirlenmäni bökdeýär, psihikany bozýär. Netijede çaga gaharlanýar, öz-özüne göwni ýetmeýär. Mugallym bolsa özüni sypaýy, mähirli alyp baryp, çaga täsir etmeli. Onuň öz ýalňyşlaryny tapmagyna, ony düzetmegine, ýalňyşmagyň nähili sebäbiniň bolandygyny öwretmeli. Sebäbi olaryň her biri ertirki işgärler, wezipeli adamlar bolup ýurduň ösüşine öz goşandyny goşmaly. Ýaşlykda çaga berlen terbiýe olaryň oňat adamlar bolup ýetişmegine täsir eder.

Mugallym çagalara ýaşlykdan öz-özünden talap etmek, kemçiligini düzetmäge çalyşmak, edýän işleriň barada öz-özüne hasabat bermegi terbiýelemeli. Öz-özüňden talap ediji bolmak adamyň pikirlenmesi bilen baglanyşyklydyr. Çaganyň pikirlenmesi mekdebe çenli döwürde oýnawaçlary söküp-düzüp, täze zatlary ýasamak bilen ösýär.

Başlangyç synpda çagada obrazly pikirlenmek ösüp başlaýar. Çaga görnüp duran zatlar bilen işlemän, olaryň obrazlary bilen işleýär. Çaga bilimleriň esasyny bermekde pikirlenmäniň dürli görnüşlerini ösdürmek mugallymyň esasy wezipesidir. Mugallym çagany okadýan döwründe bir synpdaky okuwçylaryň hem şol bir wagt aralygynda olaryň özleşdirýän bilimleriniň çuňlugynyň dürlüçedigini görýär. Bilimleri pes derejedäki çagalar bilen goşmaça sapaklary yzygider guraýar. Netijede olaryň hem bilimlerini ýuwaş-ýuwaşdan ösdürýärler. Bu ýagdaý olaryň psihikasynyň durnukly hilleriniň esasynda bolup geçýär. Synpdan synpa geçmek bilen okuw materiallary çylşyrymlaşýar we beýle çagalaryň arasyndaky tapawut hem ulalýar.

Çagalara bilimleriň esaslaryny bermekde olaryň biri-birinden düýpli tapawutlarynyň bardygyny mugallymlar ýatda saklamalydyr. Çagalaryň birnäçesiniň ýady, ünsi pikirlenmesi güýçli bolýar. Okuwçylaryň alan bilimleriniň esasynda logiki pikirlenmesi ösýär. Aglaba köp okuwçylar ylmy-bilimleriň esaslaryny çuňňur we ýeňillik bilen özleşdirýär. Käbirlerinde bolsa ahlak hiller tiz ösýär. Ýagny bilimleri özleşdirmäge intellektual duýgusy, borç duýgusy, ahlak keşbi boýunça tapawutlanýar. Olar intellektual işe ukyplylygyny, durnukly, sabyrly, çydamlylygy bilen tapawutlanyp bilýän adamlar bolup ýetişýär. Bu hilleriň ählisi takyk çagada özara utgaşyp şahsyýetiň intelektiniň indiwidual hillerini düzýär. Çaganyň bilimini çuňlaşdyrmak üçin olaryň güýçlüsini-de, gowşagyny-da aýratynlykda hasaba almaly. Olar bilen işlemegiň dürli ýoluny gözlemeli. Okuwçynyň psihiki aýratynlyklaryny hasaba alyp, ony okatmaly, terbiýelemeli we ösdürmeli.

Bilim bermeklik okatmaklyk okuwy ylmy esasda guramakda okuwyň mazmunyny kämilleşdirmek yzygider bolmaly, erjelligi, öz kärini söýmegi talap edýär. Eger mugallym işi şeýle guramasa, onda okuwçy ýeňil materialy özleşdirip, ýokary baha alýar. Onuň akyl taýdan ösüşi peselýär. Material kynlaşdygyça ýetişmän başlaýar. Netijede, akyl ukyplyklaryň ösüşi gowşaman, eýsem ahlak sypatlary hem peselip başlaýar, öz şowsuzlygynyda çaga beýlekileri aýyplaýar, müňkirlik, ynamsyzlyk döreýär.

Bilimleri gowşak özleşdirýän çagalaryň akyl ukyplylygy pes bolup, durnuksyz, akyl ýetirmek haýal depginde bolýar. Olar synpdan-synpa geçdigiçe yza galýarlar. Onuň öňüni almak üçin şeýle pedagogiki usullardan peýdalanmak bolar. Mugallym çaga yzygider sistematik bilim bermeli. Öwredilýän materiallary ýönekeýden çylşyrymlaşdyrmaly. Görkezme esbaplara daýanmak, ýönekeý mysal, meseleleri işletmek, soňra öwredilýän ýumuşlary çylşyrymlaşdyrmak, geçilenleri gaýtalamak, okamak bilim almak endiklerini ösdürmäge üns bermeli. Şeýle-de dogry baha bermegi, öz güýjüne ynanmagy öwretmeli. Beýle çagalaryň daşky tankydy belliklere örän duýgurdygyny hasaba alyp, olar bilen örän mylaýym aragatnaşykda bolmagy zerur. Sebäbi kä halatda okuwça özüniň ýoldaşy mugallymdan oňat täsir edip bilýär. Şeýlelikde çagadaky indiwidual psihologiki hilleriň üç görnüşide täsir edýär, okatmaklyk, intellektual işe ukyplylyk we intellektual ökdelik. Olaryň iň oňat utgaşmasy ylmy bilimleriň esasyny almakdyr, işe ukyplylygy ýokarlandyrmakdyr.

Mugallym öz üstünde yzygider işläp, hemişe gözlegde bolup, öz bilimini, tejribesini artdyryp duranda okuw we terbiýeçilik işinde oňat netije gazanyp biler. Garaşsyz ýurdymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşandyny goşar.

Biziň terbiýelän ylymly-bilimli ýaşlarymyz ruhubelent, Watany, il-halkyny, Prezidentini söýýän adamlar bolmaly. Muny bolsa bizden Garaşsyz Diýar, hormatly Prezidentimiz talap edýär.

 





Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 825 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Если вы думаете, что на что-то способны, вы правы; если думаете, что у вас ничего не получится - вы тоже правы. © Генри Форд
==> читать все изречения...

738 - | 762 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.012 с.