.


:




:

































 

 

 

 


Beden terbiýesi, zähmet terbiýesi we okuwçylary hünäre ugrukdyrmak işi. Ekologik, ykdysady terbiýeler




Zähmet adamyň we adamzat jemgyýetiniň iň zerur ýaşaýyş şertidir.

Adamyň mertebesiniň ýokary galmagy, şatlygy, guwanç duýgularynyň ählisi zähmetiň netijesidir.

Zähmet ähli baýlyklaryň esasy bolmak bilen birlikde, adamzadyň durmuşynyň mazmunydyr. Adamy belent mertebä göterýän we adamçylyk häsiýetlerini ýüze çykarýan zähmetdir.

F.Engelsiň adamy-adam eden zähmetdir diýen sözi hem şuňa aýdyň subutnamadyr.

Zähmet ykdysady, medeni, jemgyýetçilik durmuşyň esasy özenidir. Adamzat jemgyýetiniň dörän döwründen başlap, zähmet serişdelerini öwretmek ondan peýdalanmak ulularyň ýolbaşçylygynda öwredilip başlandy.

Zähmet esasynda jemgyýet ösdi we öňe gitdi. Jemgyýetiň ösmeginde we adamzadyň ýaşaýyş derejesiniň öňe gitmeginde zähmete uly orun degişlidir.

Gadymy grek filosoflary Sokrat, Pluton, Aristotel, Demokrit çagany zähmet esasynda durmuşa taýýarlamak esasy wezipeleriň biri diýip bellediler. Gündogaryň beýik danalary Al-Horezmi, Abu Nasyr Faraby, Abu Reýhan Al-Beruni, Ibn-Sina we beýlekiler çagalary zähmetiň esasynda terbiýelemäge aýratyn üns beripdirler.

Pedagogikanyň taryhynda Tommaza Kompanella, A. Komenskiý, I.G. Pestalosi, R. Ouen çagalary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde nazary we amaly işleri ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanda çagalary ýaşlykdan zähmet esasynda terbiýelemek her bir maşgalanyň esasy işleriniň biri boldy. Türkmen halky çagalara zähmeti söýmekligi, nakyllaryň, atalar sözüniň, ertekileriň, aýdymlaryň üsti bilen irki döwürlerden bäri ündäp gelýär. Olaryň ýaşlykdan zähmete bişişmelidigini ilat dana pikirli halk tarapyndan düzülip, asyrdan-asyra geçip gelýän eserlerden görýäris.

Görnükli şahyrlarymyz Magtymguly Pyragy, Zelili, Seýdi we beýlekiler öz goşgularynda zähmeti söýmekligi, zähmet esasynda ýaşamaklygy, zähmetiň bagt miwesidigini çeper sözleriň üsti bilen has aýdyň halk köpçüligine ýetiripdirler.

Häzirki döwürde-de zähmeti wasp edip ýazan şahyr ýazyjylarymyz sanardan köp. Kerim Gurbannepesow, Kaýum Taňrygulyýew, Kasym Nurbatow we beýleki şahyrlarymyz eserlerinde zähmeti wasp edýär. Çagalaryň, ýaşlaryň, ýetginjekleriň zähmetini wasp etmek bilen birlikde ýaltalary tankyt hem edýärler.

Ilki bilen her maşgala zähmeti berjaý etmekde çaga görelde bolmagy zerurdyr.

Kiçi mekdep ýaşly döwründen başlap çaga öz-özüne hyzmat etmek endiklerini ele almalydyr. Onuň özbaşdak zähmet çekmek, zähmetiniň hojalyga peýda berýändigine, ene-atasyny zähmeti bilen guwandyrýandygyna düşünmekligi zerurdyr.

Başlangyç synpdan başlap okuwçy mekdepde synp otaglaryny, ähli zähmete degişli gurallary aýawly ulanmagy başarmalydyr.

Mugallym çagany durmuşa taýýarlamakda ilki bilen onuň zähmete bolan ukybyny ösdürmäge çalyşmalydyr.

Mekdepde ýörite zähmet sapagyny geçer ýaly synplar bolsa-da, ýörite materiallar bilen üpjün edilmelidir.

Zähmet terbiýesini bermekde aýratyn-da oba ýerlerinde çagany ýadatmazlyk, güýçýeterlik aýratynlyklaryny nazarda tutmaklyk ähmiýetlidir.

Çagada zähmete höwesi terbiýelemeklige girişmekde olaryň psihologik aýratynlyklaryny nazarda tutup çemeleşilse h

s amatly bolar.





:


: 2018-11-11; !; : 705 |


:

:

, ,
==> ...

1515 - | 1496 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.007 .