.


:




:

































 

 

 

 


Egin-eşigiň estetikasy.




Çagalaryň arassa owadan geýinmekligi, mugallymlaryň arassa, pasyllara görä geýinmegi, kiçi mekdep ýaşly çagalaryň öz ýaşyna görä geýimleri geýmegi çaga täsir edýär. Gözellik terbiýe bermegi kämilleşdirmek üçin şu zatlara üns bermeli:

- Gözellik terbiýe bermek üçin mekdeplerde mugallymlar, synp ýolbaşçylar bilen seminarlar geçmek;

- Mekdepde mugallymlar we okuwçylar üçin çeper höwesjeňler gurnaklaryny döretmek we olaryň işine sungat işgärlerini çagyrmak we olardan maslahatlar almak;

- Ýokary okuw jaýynyň mugallymlary gözellik terbiýäni edep bilen baglanyşykly bermek üçin mugallymlara we okuwçylara şu temada gürrüňler geçirmek we leksiýalary guramak;

- Bilim jemgyýetiniň üsti bilen edebiýata, sungata disputlar guramak. Ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar guramak.

Şu agzalanlar ýerine ýetirilse, okuwçylaryň gözellik taýdan terbiýe almagyna ýardam eder.

Munuň üçin talyplaryň okaýan döwründe saz, şekillendiriş sungaty, edebiýat eserleri bilen doly tanyş bolmagy hökmandyr. Muny bolsa diňe bir dersleriň üsti bilen däl, eýsem dürli gurnaklar arkaly özleşdirmek gerek.

Talyplaryň gözellik terbiýä has giň düşünmekleri üçin başlangyç synpda işleýän mugallymlaryň okuwçylar bilen gözellik terbiýäni bermeklik-de edýän işleriniň bir mysaly temasyny bermekligi makul gördük.

Mugallym öz okuwçylaryny sungat bilen tanyşdyrmak üçin sapaklaryň birinde türkmen hudožnigi Izzet Gylyjowyň Bagt syn edip oturan wagtlary olara şol suratyň näme bilen ýarandygyny ýazmagyny teklip edýär, soňra bolsa hudožnigiň başga suratlarynyň şekilini olara görkezip, olary deňeşdirmegi teklip edýär. Çagalar şekilleri synlap, Bagt we Läle diýen suratlary hil taýdan ýokary durýar. Bu suratlarda hudožnigiň gyzyl reňki köp ulanandygyny ýazypdyrlar.

Mugallymyň öýe beren tabşyrygy: çagalara öýlerinde nähili sungat predmeti bar, kim tarapyndan döredilen, nähili ýagdaýda, okuwçyny näme gyzyklandyrýandygyny ýazmaklaryny talap edýär.

Indiki sapaga çenli okuwçylar synpa albom, suratlaryň nusgalaryny, agaçdan ýasalan uly bolmadyk şekilleri getirýärler. Forfor we ýene-de köp zatlar getiripdirler. Mugallyma bu zatlara gözü düşende bulary ýasan adamlaryň köpüsiniň hiç ýerde okamandyklaryny, ýöne sungatda uly goşantlarynyň bardygyny aýdýar.

Köp döredijiliklere gözümiz öwrenişen bolansoň biz olary duýmaýarys. Şu gün getiren zatlaryňyzyň köpüsi şeýle hudožnikler tarapyndan döredilen. Her öýde halylar, ajaýyp keşdeler gelin-gyzlaryň şaý-sepleri, keçeler, palaslar bar, ýöne biz olary ýada salmadyk.

Siziň getiren zatlaryňyz we meniň ýaňky aýdyp geçen zatlarym sungatyň ussatlary tarapyndan döredilen. Bu sungat asyrlar boýy ýyldan-ýyla geçip gelýär. Jaýyny we eşigini bezemeklik adam bilen deň döräpdir, sungat atadan ogla, eneden gyza geçip gelipdir. Mysal üçin türkmen halylary özleriniň gölleri, reňki, hili bilen bütin dünýä bellidir.

- A, siz weli ony günde öýüňizde görseňizem, olaryň sungat döredijiligini bilmeýärsiňiz.

- Ol nähili sungat döredijiligi bolýar, eger ony enem bilen mamam dokan bolsa diýip, Rejep geň galyp soraýar. Ol haly fabriginde edilende döredijilik bolýandyr.

- A, mundan 200-300 ýyl ozal haly fabrikleri bolupdyrmy? diýip mugallyma sorady.

- Meniň mamam bolsa öň haly dokap bilmeýän gyz ýokdy diýýär. Her gyz özüniň toý halysyna täze nagyş girizmeli ekeni. Şolar ýalam bolup bilermi? diýip Maýa geň galýar.

Seniň mamaň hakykaty aýdypdyr. Öňler şeýle däp bolupdyr. Şol sebäpli şeýle üýtgeşik nagyşlar döräpdir, sebäbi her gyz özüniň halysyna göwnüniň bir bölegini salýar. Biri täze nagyş döretse, beýlekisi oňa reňk saýlaýar. Gyzlaryň ussatlygynyň çägi ýok.

- Indi bolsa türkmen gelin-gyzlarynyň köýneklerini bezeýän ýakalaryna seredeliň, olaryň hersi biri-birinden tapawutlanýar. Bu bolsa siziň mamaňyzyň, eneleriňiziň ussatlygyny ýüze çykarýar. Siz hem ulalanyňyzdan soň hakyky ussat bolup ýetişersiňiz. Belki siz hem öň ýok nagyş döredersiňiz.

Soňra bolsa mugallyma öýdäki sungat zatlary barada gürrüň edýär. Olar: çaga krowatlary, şekillendirilen agaçdan ýasalan zatlar, horjunlar we şuňa meňzeş ownuk zatlar. Biz bu zatlaryň köpüsine gözümiz öwrenişen soň, olara kän bir üns hem bermeýäris.

Olaryň her biri sungat, predmeti ahyry. Olary bize ýakyn bolan adamlar ýasadylar. Ynha, Rejep ejesiniň ýa-da mamasynyň elinden çykan zatlaryň sungat däldigine berk ynanýar. Bu uly ýalňyş. Her bir adamda döredijilige ukyplylyk bar, ýöne ony ösdürmekligi öwretmeli.

- Siziň owadan surat çekip biljegiňize, palçykdan zat ýasap biljegiňize we ýene köp zat başarjakdygyňyza men ynanýaryn.

Bir ýylyň dowamynda mugallyma okuwçylary birgiden hudožnikleriň işleri bilen tanyşdyrdy. Sungatyň dürli hilleri bilen çagalar gaty gyzyklandy. Okuwçylar sapakda gurjaklara milli eşikleri tikmegi ýüregine düwüpdirler. Ýuwaş-ýuwaşdan çagalar ýönekeý zatlaryň gözelligine düşünip başladylar we olar höwes bilen baýlaşdylar.

- Men bu işi örän möhüm hasap edýärin diýip mugallyma aýdýar.

Biz owadan zatlary synlanymyz bilen goýmaýarys, biz her hili materialdan şoňa meňzeş zat ýasamaga çalyşýarys.

Biraz işleri ýerine ýetirenlerinden soň welin öz ýasan küýzejiginden başga ýasan zatlary şatlyk getirýär.

Terbiýäniň bu görnüşinde esasy rol ene-atalara degişlidir. Şeýle birýagdaýy göz öňüne getireliň: çaga öýüne özüniň ilkinji ýasan zadyny getirýär. Ol örän köp zähmet çekdi. Ol öz ýasan zadyna guwanýar. Ony stolyň üstünde goýup, özünden ulularyň ýasan zadyny görüp geň galmagyna we öwülmegine garaşýar. Ýöne ejesi üýtgeşik zada gözi ilende gabahatlanýar: Bu näme sen hemişe şeýle hapa zatlary öýe daşaýaň! Çaganyň göwnünde gopgunlyk, gorky, onuň döredijiligindäki meni kemsidilen we depelenen, kim tarapyndan? Iň ýakyn mähriban eneň tarapyndan. Bu gorkudan soň siz öz çagalaryňyzyň döredijiligini görüp bilmersiňiz, sebäbi siz oňa düşünmediňiz. Siz ýakymsyzlyk bilen, onuň döredijiligini barmagyňyzyň ujy bilen tutup hapa bedrä taşladyňyz. Şonuň bilen birlikde siz eýýäm çagaňyzyň size goýýan hormatyny, söýgüsini hem gaçyrdyňyz.

Belki-de, siz çaganyň talantyny ösdürseňiz, başga öýde şeýle ýönekeýje ýasalan zat hemme üçin guwançly ýaly zat bolýar. Ony stolyň üstünde goýup daşyna aýlanyp oturýarlar, kiçijik duýdyryş ýagny indiki gezekde ýasalan zadyň diwarlarynyň tekiz we inçe bolmagyny gazanmalydygyny düşündirýär. Birinji gezek üçin sen örän gowy zähmet çekipsiň. Ýönekeýje ýasalan küýzejik ýa-da gapjagaz maşgalanyň iň kiçi çleniniň netijesi hökmünde arzyly ýerde goýulýar. Wagtyň geçmegi bilen çaganyň ussatlygy artýar we günleriň bir güni ilkinji ýasalan şekil başga bir has gowy ýasalan şekil bilen ornuny çalyşýar. Muny özüniň işine täzeden baha beren çaga ýerine ýetirýär. Şol wagtda ulular muny duýmalydyrlar we çaganyň ilkinji ýasan şekilini saklamalydyrlar diýip mugallyma aýdýar.

Meniň ýadyma bir tanşymyň gürrüňi düşýär. Ol dünýäden öten enesiniň sandygyny açanda onuň düýbünde bir düwünçegi tapypdyr. Ol ony çözlände onuň ilkinji tiken keşdesi we gören zatlary çykypdyr. Ol keşdä gowy seredende öz adyny okapdyr. Ol geň galypdyr. Ol öz agtyklarynyň işlerine üns bermänligine ökünipdir, onuň yzynda agtyklarynyň şular ýaly düwünçegi tapyp bilmejegine gynanypdyr. Çagalar bilen işleýän mugallymlaryň köpüsi öz dogduk mekany, onuň däp-dessury, medeniýeti barada örän az bilýändiklerini belläp geçýärler. Olar Magtymgulyny bilýärler, ýöne dördünji synp okuwçysy onuň goşgusynyň mazmunyny, nirede ýaşady näme üçin göreşenini bilmeli.

Çagalar öň Türkmenistanda žiwopisiň bolmandygyny bilmeýärler. Sebäbi Kurhan adamlaryň, haýwanlaryň suratyny çekmegi gadagan edýär. Şonuň üçin halk hemme duýgularyny, gaýgy-hasratyny, arzuwlaryny, durmuş hem-de tebigat hakyndaky pikirlerini hala, keşdä, şaý-seplerine siňdiripdir

Gynansak-da ilkinji Türkmenistanyň hudožniginiň Nazar Ýomudskini hat-da mugallymlaryňam sanlyjasy bilýän bolsa gerek, onuň bary-ýogy birnäçe şekillerini görüpdirler. Öz dogduk mekany hakda çagalar üçin edebiýatlar az. Çykarylýan kitaplaryňam bezelişi oňat däl, pes hili ýagdaýdadadygyna duş gelýäris. Haçanda çagalar öz dogduk mekany, onuň taryny, medeniýeti, sungaty hakda oňat bilseler, sungatyň serişdeleri bolan edebiýat, žiwopis, poeziýa, saz şahsyýetiniň açylmagyna has uly mümkinçilikler döredýärler.

Şeýlelikde sungatyň serişdeleri, bizi gurşap alan zatlary arkaly, sungata bolan höwes döredýär. Şol kitaplardan täze ylym alýar, esasan hem ussatlyga şolary döreden adamlara bolan hormat döredýär. Haçanda mugallym haly nagşyny çekmekligi tabşyranda çagalar öýlerindäki halylardan peýdalanýarlar, olaryň aýratynlyklaryny dürli bölümlere birleşdirýärler.

Mekdepde okuwçylar ýoldaşlarynyň suratlaryny synlaýarlar, iň oňatlarynyň öwgüsini ýetirýärler, haçan-da synpda suratlaryň sergisi guralanda, köp çagalar özleriniň işleriniň gaýdyp bermeklerini soradylar, sebäbi olar işleri oňat ýerine ýetirilmändi, olary täzeden işläp düzmegi isleýärdiler diýip mugallyma aýdýar.

Çagalaryň işleri howul-hara, höwessiz ýerine ýetirilmegi, umumy gözden geçirilişiniň esasy bolanlygy gynandyrdy we olar has gowy gyzykly edip çekmek islediler. Bu çagalaryň öz döredijiligine bolan tankydy garaýyşlarydy. Gülýaka, Köýnek ýa-da tahýa üçin nagyş suratlaryň sergisi üstünlikli geçdi. Çagalar öz oýlap tapyjylygyny, fantaziýasyny görkezdiler we mugallymy diňe bir gowy görmek bilen däl-de, eýsem özbaşdak pikirlenip bilýandikleri bilen hem begendirdiler. Şeýlelikde, Myrat gülýaka üçin fony doýgun gök reňk saýlady. Haçan-da mugallym ondan näme üçin adaty däl reňklemegi saýlap alanyny soranda, ol erligi hökmünde emaly ulanyp bolýandygyny aýtdy sebäbi emal açyk gyzyl köýnekde örän gowy görünýär.

Synp sergisi üçin okuwçylar toparlaýyn işleri hem ýerine ýetirýärler, şeýlelikde, olar pola 4 bölek watman kagyzyny berkidýärler we şolaryň ýüzüne halynyň suratyny ýa-da tebigaty, mähriban mekdebini, çöli we gören beýleki suratlary çekýärler.

Işe 8 10 adam gatnaşýar. Bu döredijilik topary mugallym bilen öz pikirlerini paýlaşýarlar hem onuň bilen işi näme edende has gowy ýerine ýetirip boljakdygyny maslahatlaşýarlar. Käwagt haly diňe bir çekilmän, eýsem onuň käbir bölümleri ýelmemek ýoly bilen ýerine ýetirilýär, ýa-da applikasiýa tehnikasy ulanylýar. Şeýle toparlaýyn iş çaganyň şahsy ukybyny ösdürmeklige kömek edýär, maslahatlaşmaga, ýoldaşlarynyň pikirini diňlemeklige, öz işini başgalar tarapyndan ýerine ýetirilen bölümler bilen deňeşdirmeklige mejbur edýär. Bu meňzeş pikirleriň topary döredýär, biri-biriňi eşitmek, gürleşmek we bilelikde meseleleri çözmek ukyby ösýär.

Şeýlelikde döredijilik prosesi çagalaryň oý-pikirlerini ösdürýär. Çagalara şatlyk deňagramlylyk we kanagatlanma getirýär.

Mugallymlar çagalar bilen işlänlerinde, olaryň surat çekenlerinde, ýygy-ýygydan aýdym aýdýandyklaryny belläp geçýärler, çagalaryň aýdýan aýdymy ýa-da hiňlenýän heňi olaryň suratlandyrýan wakalaryny aňladýar. Aýdym aýtmagy endik edinmedik çagalar öz işini saz bilen urukdyrýarlar. 3-nji synp okuwçylarynyň parad wagty goşunlaryň ölçegli ädiminiň sesini, tanklaryň we awtomobilleriň sesini şeýle şekillendirdi: tah, tah: t-r-r, trrr, tr we ş.m. başga biri surat çekmegi ýöne bir sözler bilen düşündirdi.

Saz we şekillendiriş özara baglanyşykly gitmegine mugallymlar, ene-atalar üns bermeli, sebäbi olar biri-birini doldurýarlar.

Sona we Maral 3-nji synp okuwçylary, olar surat çekmegi oňat görýärler, surat sapagynda bolsa olar gepleşýärler ýa-da aýdym aýdýarlar. Olar çagalykdan jora bolup gelýärler, olaryň garaýyşlary, pikirleri bir.

Sona surat çekende, aýdyma hiňlenip, maşgalanyň stol başynda ýygnanyp, çaý içip oturan ýagdaýyny çekýär.

Maral welin boýdaşynyň pikirini dowam edýär. Ol stolyň üstünde gök-önümi, ejesiniň özüne erik uzadyp duranyny çekýär.

Maral Sonalarda oturanda Sonanyň ejesi gelýär. Ol Bizde myhman bar eken-ä, men bolsa kim aýdym aýdýarka? diýyän. Wiý siz diňe aýdym aýtman suratam çekýän ekeniňizä.

Bu sözler diňe öwgi bolsada muňa gyzlar utandylar. Olar reňkleri ýygnaşdyryp başladylar. Bu sözler olaryň döredijilik işlerine päsgelçilik berdi. Köplenç ene-atalar şol döwürde şekillendiriş sungatynyň ösüşinde yza gaýdyşlygyň ýüze çykýandygyny arz edýärler.

Bu bolsa çagalaryň durmuş baradaky pikirleriniň giňelmegi we çylşyrymlaşmagy zerarly bolup geçýär. Çaga indi oýlap tapyp bilmeýär, onuň öz suratyny has kämilleşen görnüşde göresi gelýär, ýöne onuň bilimi we ukyby azlyk edýär. Şeýle ýagdaýda mugallym oňa kömek etmelidir: aýdyp bermeli, kömekleşmeli, ugrukdyrmaly.

Eger-de şol döwürde çagany çeperçilik mekdebine, şekillendiriş studiýasyna, mekdepdäki surat gurnagyna bermäge mümkinçilik bar bolsa, onda onuň ukybyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge, diňe bir surat çekmäge däl-de şekillendiriş sungatyň ähli görnüşlerine ýiti höwes döretmeklige kömek edilse gowy bolardy.

Eger çaga geljekde surat çekmäge bolan höwesini ýitirse-de ol surata ünssiz seredip bilmejek adamlaryň biri bolup galýar. Ol işjeň döredijileriň biri bolýar. Sungatyň haýsy bolsa bir eseri çaganyň diňe bir owadanlygy we ussatlygy bilen tolgundyrmaýar. Ol hudožnigiň durmuşy hakda oýlandyrmaga, onuň pikirini, duýgularyny bilmäge çalyşýar.

Adamyň durmuşyna çagaka giren sungat kömek edýär.

Sazda köp mümkinçilikler jemlenen, çaga oňa irki çagalykdan ymtylýar. Ýöne biz gynansak-da hemişe bu işde kömek edemizok.

Saz mugallymy her gezek saz sapagyna başlanda dünýäniň dürli seslerden doludygyny gürrüň bermekden başlaýar, hem-de çagalara olary gurşap alan seslere diň salmaklygy maslahat berýär. Bir iki minut geçendenem çagalar öz eşiden seslerini sanap başlaýar.

- Guşlar saýraýarlar.

- Ýapraklar ygşyldaşýarlar.

- Nirededir bir ýerde çagalaryň sesi eşidilýär.

- It üýrýär....

- Stul takyrdaýar....

- Maşyn signal berýär.

- Nirededir uzakda saz çalynýar.

- Ary wyzlaýar.

- Indi bolsa gulaklaryňyzy eliňiz bilen ýapyp, sesleri deňeşdiriň haýsy size has ýakýar: dürli sazlardan doly dünýämi ýa-da gum-gukluk? diýip, maslahat berýär.

- Elbet-de sesler, mukamlar diýilip çagalar gygyryşýarlar.

- Sesler bilen gyzykly.

- Siz eşiden sesleriňizi owaz bilen ýa-da pionino bilen berip biljekmidiňiz?

Çagalar gezekli-gezegine guşlaryň owazyny, itiň üýrmegini, arynyň wyzzyldysyny sesler bilen meňzetmäge çalyşýarlar. Birnäçe okuwçy bu işi edil şol sesleriň özleri ýaly edip çykarýarlar. Ýöne mugallym hemmelere sag bolsun aýdýar.

- Ýöne, indi sizlere täze ýumuş şol sesleri saz gurallarynda çalyp görkezmeli.

- Kim başlaýar?

Guralyň ýanyna ynamsyzlyk bilen barýar, ýöne eýýäm beýik nota ýaňlanýar.

- Bu guşjagaz, bu ýaprajyklaryň, sesi diýip düşündirýär. Gyzjagaz klawişy basýar.

- Berekella, Mähri, diýip mugallym ony goldaýar.

- Indi bolsa, men sesleri emele getirerin, siz bolsa ünsli diňläň hem-de olaryň size nämäni ýatladandygyny aýdyň....

- Ýagyş ýagýar diýip Mähri begençli gygyrdy: Eşitýäňizmi köp, köp, köp... .

- Maňa bolsa göwnüme owlajyk köprüniň üstünden ylganda toýnagynyň sesleri eşidildi diýip, utanjaň Miwe aýtdy.

- Ýok bu oglanjyk baraban çalýar.

- Ýok, barabany däl-de, haýadyň tagtalaryny urup barýar: tuk, tuk, . Çagalaryň pikiri bölündi we mugallym olary her kim özüçe dogry pikir edýär diýip köşeşdirdi, sebäbi çagalaryň hersi çykýan sesi ýadyna düşürip obrazy bilen baglanyşdyrdy.

Ýene-de saz bölegi ýaňlanýar, ýöne bu gezek çagalaryň bary bir pikirli: Ene towuk jüýjelerini çagyrýar.

- Çagalar, eger-de ähli sesleri birikdirse näme emele gelýärkä?

- Goh bolýar diýip gygyrýarlar. Yzy bilen: Köp ses bolup ses bolar öýdýän diýip düzedýär.

Mugallym:

- Geliň, diňläliň-diýdi we D.Öwezowyň Dostluk saz bölegini çaldy.

Çagalar geň galyjylyk bilen sazda eşiden tanyş seslerini aýtdylar. Mugallym şeýle netije çykardy: Eger sesleri birikdirseň, tutuş saz emele gelýär. Ýene-de çagalaryň durmuşyndan bölekler ýaňlandy. Çagalar bolsa sazyň seslerinde şemalyň we ýagşyň sesini, garda ýöräniňde aýagyň sesini, guşlaryň saýraýşyny aýdýarlar.

Şeýlelik-de, sesleriň kabul etmekligiň döreýşiniň saz eşidiş ukybynyň döreýşiniň syry tamamlanýar we çagalar daş-töweregi eşitmäge başlaýarlar. Sazly dünýäniň jadyly açylyşy bolup geçýär. Saza düşünmeýän çaga ýok diýlende ulaldylyp aýdylmasa gerek. Olaryň ählisi aýdym aýdyp bilmese-de, sazy söýýärler. Çagalaryň telewizorda görkezilýän Ertekide myhmançylykda, Çagalar sagady, Gijäňiz rahat bolsun körpeler! gepleşiklerde çalynýan sazlary eşidende nähili şatlyk bilen telewizora garşy gyssanýandygyny ýatlaň. Bu bolsa ösüşe mätäç saza bolan söýgüniň we yhlasyň ýüze çykmagydyr. Çagalar köplenç aýdym aýtmaýarlar, onuň sebäbi bolsa olara has ýakyn adamlaryndan biriniň: Uwlanyň bolandyr, ne sesiň bar, ne-de owazyň, bolduň bir aýdymçy ýa-da Seniň näme gulagyňy aýy basdymy diýen bolmagy mümkin.

Duýgulary ses we saz arkaly şekillendirmeli bolsa çagalara häsiýetli ýagdaýdyr. Eger siz ünsli bolsaňyz çagalaryň tebigata gezelenje çykanlarynda birhili oýanan ýaly bolandyklaryny synlasaňyz olar ylgaýarlar, bökjeleýärler, gygyrýarlar we hökmany suratda aýdym aýdýarlar.

Ol aýdymlar diňe bir çaganyň öýde ýa-da mekdepde öwrenen aýdymy däl-de, eýsem, çaganyň keýpine, giňişligi duýýanyny, begenjini, şatlygyny görkezýän aýdymlar bolup biler. Esasan hem bu ýagdaý haçan-da çaga özüni hiç kim görýän däldir diýip, hasap edende ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda ol erkin çemeleşmän, gorkusyz hereket edip biler.

Bir gyzjagaz bahar aýlary ata-enesi bilen çöle gezelenje geldi. Ol ululardan saýlanyp, bir beýik depäniň üstüne çykdy-da hiňlendi Heýjan elek, biz çöle geldik, bärde şeýle oňat gyzyp duran gün, hem-de ýuwaşja şemal öwüsýar. Men çöli söýýän heýjan- elek!

Onuň ýüzleri gyzardy, gözleri şatlykly uçganaklady, ol ýeňil hem enaýy ylgady. Ol diňe özüne belli bolan şatlygyň hem azatlygyň tansyny edýärdi. Ata-enesi gyzjagaza haýran galyp seredýärdiler. Olar gyzjagazyň keýpini bozjak bolmadylar, gygyryp derrew çagyrjak bolmadylar, öňden olara mälim bolmadyk gyzjagazyň häsiýetlerine şadyýan garaýyş bilen garaýardylar. Düşelen saçagyň üstünde taýýarlanan iýmit termos bilen çaý durdy, ýuwaşjadan priýomnigiň sesi eşidilýardi, sebäbi atasy ony futbol oýnuna düzmegi ýatdan çykarypdy, biz bolsa gyzjagaza seredýärdik, şadyýan we bagtly çagaň aýdymyny diňleýärdik

- Men hiç haçan ol aýdym aýdyp bilýändir diýip oýlanmaýardym diýip ejesi haýran galyp seretdi hat-da çagalar bagynda horda-da aýdym aýdyp tans edenokdy.

- Biz onuň hemişe kölege ýaly bolup ýöränine öwrenişen, bize hemişe oňa wagt ýok, şonuň üçinem azar bermese şat, mamasynyň aýdyşy ýaly Üstünde geýim, aýagynda aýak gap, garny dok bolsa boldy. Görýän weli oňa bu zatlar azlyk edýär diýip kakasy gürrüňe goşuldy.

- Biz çalt-çaltdan ony begendirer ýaly begenjini bildirer ýaly tebigata çykaryp durmaly. ýde şeýle bir darlyk, iç gysgynç işler, çaga serederede wagt ýok -diýip ejesi aýtdy.

Gyzjagaz ýuwaşjadan biziň ýanymyza geldi, emaýlyk bilen çägäniň üstünde oturdy.

- Nähili bu ýerleri üýtgeşik oňat. Näme üçin biz öň bu ýerlere gelmeýärdik? diýip ol ene-atasyna ýüzlendi Maňa bu ýerler şeýle bir ýaraýar. Ol çalt naharlandy-da, ýene-de çalt ylgady, onuň näzijek sesi edil jaňjagazlar ýaly gum depeleriniň üstünden ýaňlanýardy.

Biz gyzjagazyň ene-atasyna şeýle sorag bilen ýüzlendik: Siziň gyzyňyz öň öýde saz diňleýärmidi we nähili saz oňa täsir edýärdi? Haýsy eserler oňa ýaraýar?, Biz haýran galdyryjy jogap aldyk. Eşidip otursak olaryň öýlerinde saz gurallary bar ekeni, diňe haçanda agşamlaryna ata-enesiniň diňleýän sazlaryny diňleýan ekeni.

Biz olara saza, mukama şeýle gatnaşyk, çaganyň ösüşinde mümkin däldigini düşündirjek bolduk. Goý, çagajyk özüniň halaýan sazyny eşitsin.

Olar bu ýaşda hiç zadam halap bilmezler diýip ejesi aýtdy. Goý, saza öwrenişsin gurallary bolsa şonuň üçin aýap otyrys. Ulalan soň ulanar. Häzir bolsa saz bilen gyzyklanardan ir. Biz bu aýalyň gymmat zat diýip aýap, (oturan) gorap, ösýän şahsyýete sazyň edýän täsirinden, öňden görüp bilmezlik garaýşyna haýran galdyk.

Soň biz gyzjagazyň özi bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol özüniň sazy oňat görýandigini we biri aýdymy ýalňyş aýtsa, derrew bilýändigini aýtdy. Ol ýuwaş, haýal sazlary halaýandygyny, onuň saz diňleýän wagtynda özüniň hemişe oýlanýandygyny, arzuw edýandigini aýtdy. Ol öýde hemmeleriň sazy söýmekligini isleýärdi. Şeýtseler hiç kim gatyrganmazdy, hemmeler biri-biri bilen mylaýym edepli gepleşerdi diýip aýtdy. Sebäbi saz onuň pikiriçe adamlary ýuwaş-ýuwaşdan gadyrly edýär.

Sazçylyk mekdebiniň okuwçylary bilen bolan gürrüňlerden biz olaryň köpüsiniň saza garaýşynyň ykjamdygyny bildik.

Begenç I., 13 ýaşly, haçan-da men saz öwrenmäge başlanymda, men hemme derslerden hem oňat düşünip, oňat okap başladym. Haçanda meniň işim oňuna bolsa, men mukamy duýýaryn, eger-de ýalňyş bolaýsa birhili bozulan, düşnüksiz saz eşidýärin. Göwnüme bolmasa men özümem üýtgeşen ýaly. Maýda-çüýde zatlara ünsem beremok, ýokmaz sözleri eşidesimem gelenok. Şol sözleri özümem ýakyn wagtda aýdardym, öň men sazy oňat görýärdim, ýöne düşünmeýärdim. Indi häzir bolsa men öz durmuşymy sazsyz göz öňüne getirip bilemok.

Medine 12 ýaşly. Men hemişe aýdym aýtmany oňat görýärdim, deprek çalmaga çalyşýardym. Haçanda sazçylyk mekdebine girenimde sazy diňlemäni öwrendim. Men şonuň bolmandygyna gynanýardym. Şu wagta çenli näçe saz diňlärdim. Meniň enem-atam meniň bilen saz diňlemäni gowy görýärler, men bolsam olara diňlän sazym hakda şol sazda nämeler duýýandygymy gürrüň bermegi halaýardym.

Oraz Ş. 12 ýaşly. Biziň öýmüzde ejem hemişe aýdym aýdardy . Meniň kalbymda-da hemişe saz ýaňlanýar, ýöne ol saz meniň eşidýän sazym däl. Ol düýbünden täze, meniň sazym. Men oýlaýan, haçanda okuwy gutaranymdan soň şol sazy beýleki adamlara ýetirmegi başararyn.

Jeren F. 13 ýaşly. Meniň göwnüme saz birnäçe müň ýyl öň ilkidurmuş adamlarynyň arasynda dörän ýaly. Ol özünde dünýädäki ähli mukamlary jemläpdir: guşlaryň owazyny, dag çeşmesiniň sesini, palta sesini we şol döwürden bäri saz adamy hiç wagt taşlamandyr. Bu adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan sungat. Saz bize dürli ýurtlarda, dürli wagtda bolmaga durmuşyň görküni hem-de adamlary görmäge kömek edýär.

Seredeniňde, pikiri dogry. Jereniň pikiriçe dogry sungata, saza ýüz tutan adam hemişe öňküsinden gowy, açyk göwün, arassa bolýar. adamyň durmuşynda iň kyn minutlary saz kömege gelýär.

Saz munuň özi ägirt uly güýç. Bir ýandan ol adamlara tebigatyň sazlaşygyny adam kalbynyň baýlygyny, söýginiň syrlaryny açýan bolsa, beýleki tarapdan göreşe çagyrýar. Ýöne şeýledigine garamazdan saz hemişe adamlara päk ýürekliligi öwredýär, ahlak taýdan arassa bolýar.

Belli pedagog W.A.Suhomlinski şeýle ýazypdy: Ýaş kalba, ýürege täsir etmeginiň müňlerçe ýollarynyň içinde esasy orun saza degişlidir. Saz hem-de ahlaklylyk mundan buýana-da çuňňur öwrenmegini hem-de çözülmegini talap edýän çözgütdir. Saz sungaty ahlak sungatynyň iň bir esasy şertleriniň biridigine men ynanýaryn.

Eger-de ene-atalar, mugallymlar, terbiýeçiler çagalara sazy söýmegi öwretseler, onda biz wepaly, durmuşy ýagtylandyrjak, kyn wagtynda kömege geljek dost tapynarys. Bu örän uly zähmeti talap eder, ýöne maksat serişdäni aklar. Geliň, onda sizem asyrlaryň uzak hem-de kyn akyly hemmä görki bolan sungatyň ýolunda ilkinji ädimiňizi ediň. Her bir çaganyň kalbynda kiçijik owadanlyga bolan ugurjyk bar. Siziň wezipäňiz şol uçgunjygy öçürmezlik, tersine öňküsinden-de güýçlendirmeklik, şol ýakyn durmuşy ýagtylandyrar, hem-de ösüp barýan adamyň durmuşyny ýylyndyrar.





:


: 2018-11-11; !; : 585 |


:

:

. .
==> ...

1276 - | 1247 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.079 .