.


:




:

































 

 

 

 


Ccedil;agalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup ahlak sypatlary terbiýelemek




Başlangyç synp okuwçylary:

(I IV synp)

Ösüp gelýän ýaş nesliň 1-nji synpdan başlap Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň raýatydygyny, Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil barada hemişe alada edýändigini öwretmek, döwlet senasyny, mukaddes kasama bolan wepalylygy terbiýelemek.

Arassaçylygy, ertirki gimnastikany ýerine ýetirmek endik ukyplaryny, wagtynda dogry iýmitlenmegi, öz şahsy zatlaryny arassa saklamaklygy öwretmek.

Öz ýakynlaryna, dostlaryna hormat goýmaklygy, tebigaty söýmekligi öwretmek.

Sapaklarda döredijilikli işlemekligi, surat çekmek, aýdym aýtmak endik ukyplary kemala getirmek, zähmet terbiýesini bermek.

Orta synp okuwçylary:

(V VII synplar)

- öz Watanyň raýatlaryny, Konstitutsiýasyny, Kasamy, Döwlet senasyny bilmek;

- Watany söýmek, öz sözünde durmak, zähmet adamyny sylamak;

- öz mertlik, erk, berk häsiýet maksada gönükdirmeklik, talapkärçilik terbiýelemek; çilim çekmäge, arakhorluga, narkotik maddalary çekmäge garşy çykyş etmek;

- Watanyňy söýmek, öz sözüňde berk durmak, arassa zähmet bilen ýaşaýanlary sylamak;

- Milletine garamazdan deň-duşlary bilen dostlaşmak, hakyky, dostlary bilen çyn ýürekden gatnaşmak;

- Jemgyýete peýdaly işe, mekdebiň bakjasynda tertipli jogapkärçilikli, açyk göwünli işlemek;

- özünde we dostlarynda ýüze çykan kemçiliklere garşy göreşmek;

- adamkärçiligi saklamak; halkyň emlägini, medeni ýadygärlikleri goramak;

- kyn güne düşenlere kömek etmek;

- okuwda, işde çeperçilikde dörediji bolmaly;

 

Ýokary synp okuwçylary:

(VIII X synplar)

- halk bilen bir hatarda özüniň Watanyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmekligini, parahatçylyk, jemgyýetiň baýlygyny köpeltmek üçin işlemekligini bilmeli;

- özüni ele alyp bilmeli, hünär almaly, özüňe we dostlaryňa talap ediji bolmaly, Watany goramaly;

- öz halkyňy, ruhy medeniýetiňi, beýleki halklaryň medeniýetini söýmeli;

- milletine garamazdan dostlaşmaly, dostuňa wepaly bolmaly;

- okuw-önümçilikde, daýhan birleşiklerde, zähmet çekmeli; kompýuter tehnologiýasy we täze tehnikany öwrenmeli, özleşdirmeli;

- arakhorlyga, çilim çekmeklige, narkotiki jisimleri çekmeklige, tertip-düzgün bozanlara garşy göreşmeli;

- halkyň emlägini, zähmet gurallary aýawly saklamaly;

- öz dostlaryňa okuwda, işde, durmuşda, sportda üstünlik gazanmaga kömekleşmeli;

- zähmetde, sungatda, aragatnaşykda gözellik döretmeli.

 

Okuwçylara ahlak terbiýesini bermegiň esasy serişdeleri okuw, oýunlar, synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik işleri, çagalar we ýaşlar guramasynyň işi, maşgala, okuwçylaryň ýaşaýan ýerlerinde geçirilýän terbiýeçilik işleri.

Okuw. Ahlak sypatlary kemala getirmekde öwrenilýän ähli dersleriň orny ulydyr. Şonuň bilen birlikde edebiýat, taryh dersleri ahlak terbiýesini bermekde aýratyn orun tutýarlar.

 

DÖwletmämmet AzadynyŇ WagzyAzat eseriniŇ, Magtymguly PyragynyŇ goŞgularynyŇ terbiÝeÇilik ähmiÝeti.

Pedagogikanyň taryhy kursunda Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki beýik türkmen akyldar klassikleriniň döredijiliginiň çuňňur öwrenilýändigini göz öňünde tutup, biz olaryň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti we ulanylyşy barada gysgaça durup geçeris.

XVIII asyryň görnükli alymy şahyry Döwletmämmet Azady tarapyndan ýazylan Wagzy Azat eserinde ahlak terbiýesine degişli örän uly gymmatly pikirler öňe sürülýär.

Şahyr Wagzy-Azat kitabynda taýpalary birleşdirip bir bitewi döwlet gurmak, XVIII asyrdaky sosial gatnaşyklary belli bir derejede ýagşylandyrmak, maşgalany oňat terbiýelemek, halky bilimli etmek ýaly şol döwre zerur bolan esasy meseleleri öňe sürýär. Şu pikirler Magtymguly tarapyndan we ondan soňky şahyrlar Seýdi, Kemine, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly söz ussatlarmyz tarapyndan XIX asyryň şertlerinde dowam etdirilýär.

Hazirki zaman türkmen edebiýatynda-da K.Gurbannepesow, B.Hudaýnazarow we beýleki şahyrlar öz goşgularynda, poeziýalarynda ahlak terbiýesine aýratyn üns berýärler.

Döwletmämmet Azadynyň Wagzy-Azat kitaby türkmen durmuşynyň köp tarapyny öz içine alanlygy sebäpli, onda adama akyl beriji, ahlaky-didaktiki wagyzlar uly orun tutýar. Adamlaryň arasynda dowam edýän gybatkeşlik, ýalançylyk, töhmetatmak ýaly ýaramaz häsiýetler kitapda berk ýazgarylýar. Zulum edijini Ol dünýäniň azaplary bilen gorkuzyp, durmuşda gabat gelýän işleriň ulanmazlygynyň tarapynda durýar we Gör koluňdan gelse, kylgyn eýgilik diýyär. Ol ejize ýagşylyk etmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Şahyr adamlaryň biri-birini ynjytmazlygyny, özara oňşukly ýaşamagyny, her kimiň öz zähmeti bilen güzeranyny dolandyrmagyny isleýär. Wagzy-Azat kitabynda maşgalanyň özara gatnaşygyny, ata-enäniň çagalaryny oňat terbiýelemelidigi we çagalaryň ata-enäni sylamalydygy barada aýdylýar. Bu ýerde maşgala agzalaryny mäkäm agzybirlige,birek-biregi hormatlamaklyga çagyryp, eseriň ideýasy tertipleşdirilen usulda umumy ýüze çykarylýar. Azady eseriň dowamynda pikirini ösdürip, umumylykdan anyklyga geçýär, perzendiň ata-enäniň öňündäki borjuny ýeke-ýekeden aýtmaga başlaýar we olar kyrk sanydyr diýip hasaplaýar. Bu borçlary hem dört topara bölüp, olaryň onusy ten bilen (zähmet çekmek). Onusy dil bilen, beýleki onusy köňül bilen, soňky onusy-da mal (harajat) bilendir-diýyär.

Soňra şol toparlary-da birnäçe böleklere bölüp, has aýdyňlaşdyrýar. Bu ýerde ata-enä edilmeli hyzmatlaryň şeýle ownuk toparlara bölünmegi, ilkinji nobatda, perzendiň olary razy etmegi bilen baglanyşyklydyr. Ikinji tarapdan hem şu hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly olaryň öz çagalaryny nähili terbiýeländikleri görünýär.

Azady ene-ataňa ten bilen hyzmat etmeli diýeninde zähmeti nazarda tutýar. Perzent ýaşlygyndan başlap bildiginden hojalyklaryna ata-enesine hyzmat etmeli. Ol halanmaýan, gadagan edilen zatdan daşda bolmaly özüne aýdylan zerur işi ýerine ýetirmeli. Her bir zady özi etjek bolanynda olary hormatlan enesiniň we atasynyň razydygyna göz ýetirmeli, olaryň islemedik ýerine gitmeli däl. Ozal bir ýere gidip, perzendiň öýde wagty ene-ata gaýdyp gelse, olary garşylamak zerur ýa-da ilki gidenlerinde, ýoldaşa mätäç bolsalar, ýanlaryndan galmaly däl. Çagyran wagty ýanlaryna tiz baryp, olaryň möhum işi üçin hiç bir güýjüni, zähmetiňi gaýgyrmaly däl.

Bu ýerde Azady durmuşda bitirip bolaýjak ýumuşlary perzendiň borjy hasap edýär. Ol wezipeler bolsa adamlaryň özara gatnaşyklaryna, ýaşaýyşlaryna syn edilip çykarylan progressiw netijelerdir, wagyzlardyr.

Şahyr dil bilen ene-atanyň göwnüni tapmak barada aýdan-da, geplemekligiň edep normalaryndan söz açýar. Hemme ýerde tertipli bolmagy halaýan Azadynyň düşündirişine görä, perzent gepleşende ata-enesiniň owazyndan öz sesini pes edip sözlemeli. Olaryň ýanynda edepsiz, bihaýa sözleri aýtmaly däl. Hoşluk, ýumşaklyk bilen gürrüňleşen wagtynda-da olaryň ýüzüne dogry bakyp durmaklyk gelşiksiz. Eneň-ataň adyny tutup, gaharly, kineli, batly söz aýtma we bir zady et, etme diýip ýumuş buýurma. Dil bilen berjaý edilmeli edeplilige perzentleriň ene-atasynyň ýanynda tüýkürmezligi, biderek gülmesligi we pyňkyrmazlygy hem goşýar. Şahyr bu ýerde adama başaraýjak nesihaty ýöredýär.

Wagzy-Azat kitabynda ene-atany köňül bilen (ýürekden) gowy görmek meselesiniň goýluşy ýöne ýerden däl. Ýürekden söýülmedik zat adamynyň ýanynda hiç-hili hormata mynasyp bolup bilmez. Şonuň üçin olara edilýän hyzmatyň, aýdylýan hoş sözüň ýürek bilen bagly bolmagy zerurdyr. Şeýle ýagdaýda ene-atanyň hormatyna bagyşlanan hyzmatyň hakykydygy, çuňdygy ýüze çykýar. Perzent olary nähili söýmeli. Öz ýüregini, keýpini ene-atasynyňkydan aýry saýman, şatlansalar begenmeli, gaýgylansalar tukatlanmaly, umuman şolar bilen bir howadan dem almaly. Durmuşda käwagt olaryň perzentlerine käýinmekleri-de mümkin, şonda dargursaklyk edip kine saklamaly däl. Tabşyrylan iş kyn bolsa-da gaharlanman, ýerine ýetirmän onuň tersine gitmeklik gelşiksiz. Şu esasy zatlaryň biri-de şahyryň düşündirişi ýaly, olaryň saglygy barada aladalanmaklykdyr. Perzent ene-atasynyň näsaglan wagty olaryň derdine derman agtarmaly.

Azady bu ýerde hem maşgala agzalarynyň hemmesiniň mäkäm agzybirlikde ýaşamaklarynyň zerurlygy barada aýdyp, olaryň arasynda biri-birine sap söýginiň hakyky hormatyň zerurdygyny nygtaýar.

Döwletmämmet Azady ene-atanyň Mala we waberste bolgaý haklary diýip örän ýerlikli aýdýar. Ata-ene wagtynda zähmet çekmek özleriniň çagalaryny ekleseler-de, ýaşlarynyň köneleşmegi bilen güýçden gaçyp kyn işleriň hötdesinden gelip bilmeýärler. Şundan soň olar köplenç maşgalanyň kömegine mätäç bolýar. Şeýle ýagdaýda perzent özüni sowukdan, yssydan gorap atasyny, göwsünden süýt beren, kemala getiren enesini, mahlasy özüni adam sanyna goşanlary eliniň aýasynda saklamaly. Şahyryň pikiriçe olary özünden ileri tutmaly, zähmetiň bilen gazanýan zadyňyda keýpi kök harçlamaly.

Durmuşda dürli zatlaryň gerek bolmagy mümkin, şonda olary öňünden bitýän zada zar etmejek bolup aladalan, tapýan harçlaryňy hem gysganman, eliňi açyk tut. Eneň-ataň ýanyna işli aladaly ýa-da keýpine gürrüňleşmäge doganlary, dostlary gelse, olary myhman al, hormatla, hyzmatlaryňy artyk görme. Şahyr kitabynda görkezen şu öwütleriniň birini-de kemini goýman ýerine ýetirmegini okyjysyndan, diňleýjisinden haýyş edýär.

Azadynyň adamkärçiligiň ündeýän şeýle wagyzlary maşgala aragatnaşygynyň çuňňur öwrenilmegi netijesinde ýüze çykýar. Döwletmämmet Azady adamlaryň ylalaşygy, terbiýesi barada söz açanda diňe maşgala agzalarynyň arasyndaky abzybirlik barada aýdyp çäklenmeýär. Dogry ol maşgalada özara edepliligiň, sylaşygyň zerurdygyny nygtanyňda, pikirini has anyklap, ýeke-ýekeden düşündirmäge başlaýar. Okyjynyň ýadynda galar ýaly uşajyk bölekleri hem ýatlaýar. Adamlaryň köpçülikleýin agzybirligini isleýän şahyr pikrini soňra has giňeldýär, durmuşyň köp tarapyny görkezmäge çalyşýar. Ynsanyň köpçülik bilen edýän aragatnaşygyndaky edepliligi beýan etmäge başlaýar. Bu ýagdaý adamynyň köp zat bilen baglanyşyklydygyndan, durmuşyň dürli tarapyny öwrenmelidiginden gelip çykýar. Şahyr kemala gelip, öýlenen ýigidiň öz gaýyn atasy bilen oňat gatnaşykda bolmalydygy barada birnäçe akylly pikirler aýdýar. Giýew gaýnynyň gaharyny getirmeli däl, ynjytmaly däl, onuň göwnünden turmaly, hormatyny saklamaly diýip belleýär. Bu hili sylaşykly bolmagyň iki taraplaýyn oňat netijesi bar, ýagny birinjiden, gudalaryň arasy saz bolar, ikinjiden, ýigit bilen gelniň durmuşy ylalaşykly bolar.

Azady adamlaryň bilimli bolmagyny isleýär. Ylym öwrenenleriň bolsa, ussadyny, mugallymyny belent hormatlamalydygyny aýdýar.

Gürrüňleşilip durlan wagty, ussadynyň sözüni bölmeli däl. Mugallymy öz janyň ýaly eziz görmeli, onuň sarpasyny ataň-eneňki we gaýyn ataňky ýaly tutmagy şahyr belleýär. Azady goňşular, garyndaşlar bilen ylalaşykly bolmaklyga-da uly üns berýär. Olara rehimli bolmagy halaýan şahyr agzybirlige ündäp her bir adamynyň töweregini hormatlamalydygyny aýdýar. Azady agzybir adamlaryň ömürleri uzak bolar, yrsgallary arassa bolar diýip düşünýär we okyjyny goňşylary bilen asuda ýaşamaga çagyrýar.

Döwletmämmet Azady adamynyň mertebesini hemme ýerde belent tutmagy eseriň üsti bilen köpçülige ündäp, mydama birek-biregiň halyny sorap durmagy, durmuşda mätäje kömek bermegi wagyz edýär. Onuň nesihatlaryny berjaý edýän adam öz güýjüni zähmetini köpçülikden gaýgyrmaly däl, durmuşda bagtsyzlyga, derde uçran biçäräni unutmaly däl. Näsagyň göwni göteriler ýaly, yzasy azalar ýaly ýygy-ýygydan ony sorap durmaly. Şahyryň berýän bu maslahatlary halkyň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr, sebäbi köpçülikden arasy üzülen wagty, adama ýaşamak mümkin däl, ol ýaşaýyş serişdelerinden mahrum bolýar.

Şonuň üçin şahyr hiç kimiň heläk bolmagyny islemän, köpçüligiň güzeranlaryny özara arkalaşykly dolandyrmalydygyny aýdýar. Azadynyň şular ýaly akyl beriji öwütleriniň ençemesi şu günler hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Azadynyň iň eziz görýän zady adam. Adamyny kemsitmeklik, ulumsy bolmaklyk, şahyryň pikiriçe iň uly aýyp. Şonuň üçin ol köpçülige kiçi göwünliligi ýönekeý bolmagy nygtaýar. Azady agzybirligiň mäkäm güýçlüdigine, halk üçin bagtdygyna düşünýär, adamzat üçin asuda ýaşaýşy hem şundan agtarýar. Onuň pikiriçe hemme kişi biri-birini sylasa, özgä zorluk, ýamanlyk etmese, hiç hili erbetlik bolmaly däl. Agzybirlik iň belent bagt, hemme eşret şonda, şol bagty bolsa adamynyň gazanmaga gurbaty ýeter diýýär. Azady XVIII asyryň garaňkylygynda, ýaşasa-da, çaga terbiýelemekde erkegiň we aýalyň arasynda parh goýmaýar. Azadynyň ynsanperwerligi hem şu ýerde belli bolýar.

Döwletmämmet Azadynyň çagalaryň ene-atasynyň öňündäki borçlarynyň her haýsyny bir tema edip, şonuň bilen bagly terbiýeçilik çäreler geçirip bolar.

Mysal üçin: Ata-enäniň öňündäki on sany ten bilen (zähmet çekmek) ýerine ýetirmeli borjunyň terbiýeçilik, ähmiýeti, Ata-enäniň öňündäki onsany dil bilen ýerine ýetirmeli borçlar we olaryň bilim berijilik we terbiýeçilik ähmiýeti, Ata-enä köňül bilen hyzmat etmegiň on borjy we olaryň terbiýeçilik häsiýeti, Mal (harajat) bilen ata-enäniň köňlüni almak we başga temalar boýunça çekişmeler, ata-eneler ýygnaklaryny, seminar, leksiýalar geçirip bolar.

Talyplara kurs işler, referatlar, dokladlar ýazdyrmak üçin şu aşakdaky temalary ulansa bolar: Döwletmämmet Azady beýik akyldar, Döwletmämmet Azadynýn döredijiligi we häzirki zaman terbiýe meselesi, Döwletmämmet Azady ata-enä hyzmat etmek barada we şuňa meňzeşler.

Döwletmämmet Azadynyň çagalary terbiýelemek, adalatlylyk, agzybirlik adama hormat goýmaklyga degişli pikirleri beýik şahyr Magtymguly tarapyndan dowam etdirildi.

Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, watany wasp eden hyjuwly şahyr şekilinde, başarjaň terbiýeçi, wagyz nesihatçy hökmünde belent dikelip durýar. Munuň özi beýik şahyryň türkmen halkynyň öňünde bitiren işiniň çäksizdigini görkezýär.

Şahyryň döredijilik tematikasy örän giň. Onuň paýhasa baý poeziýasynyň ähli bölegini gumanistik äheňler berk maşgala durmuşyny gurmak, terbiýe tutýar. Magtymguly öz goşgularynda arassa ahlaklylygy, ýaramaz gylyk-häsiýetleri masgaralap ýazgarmak bilen, şol döwrüň syýasatyny berk tankyt edýär.

Şahyryň durmuşa synçylygy, ýitiligi, ahlak-didaktiki äheňe ýugrulan eserlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Şonuň üçin Magtymgulynyň didaktikasy gowşak öwüt-ündew bolmakdan daşda bolup, ol şahyryň liriki gahrymanynyň döwrüň sosial nogsanlaryna garşy aktiw göreşiň iň özboluşly bir ugry durmuş tejribesinden syzylyp çykan hakykaty esaslanýandygyny gizlemeýär. Ol:

Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,

Bendesi men sözi hyrydar guluň

diýýän setirlerinde şahyryň çekýän ruhy hasratyny duýmak kyn däl.

Hat-da ol: Her sözüm bir dürdür gadryn bilene

diýmek bilen gönümel parasatly öňden görüjilige baryp ýetýär. Şahyr adamlaryň dünýä gelenden soňra manyly durmuşda ýaşamaklygyny wasp edip, şeýle ýazýar:

Häşgi adam bu dünýäge gelmese,

Gelenden soň, ömur sürse, ölmese,

Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,

Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.

Adamlaryň oňat ýaşamaklary üçin bolsa şahyr päliň-niýetiň düzüw bolmagy, şeýle-de Myradym nesihat etmekdir halka diýip, sözüni dowam etdirip, döwürdeşleriniň ahlak gatnaşyklarynyň manyly ömre gulluk etmegi üçin aladalanýar. Şahyryň bütin didaktiki ündewi özüniň ökdeligi bilen zamanasynyň ahlak päkligi, zamandaşlarynyň päliniň-niýetiniň hakyky adamkärçilik kadalaryna laýyk gelmegi ugrundaky göreşe syrygýar. Beýik ussat öz çeper sözüniň düýp maňzyňa sarpa goýulmagyny, oňa durmuş kitaby hökmünde garalmagyny yzygiderli terkarlamak bilen-de diňe şol göreş maksadyňdan ugur alýar.

Nep almagan kişi sözden öwütden

Enaýdygy bolmaz gury söwütden,

Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden,

Agylynda yssy beren it ýagşy.

Öz öwüt-ündewine parhsyz garaýanlary şahyr gury söwütden enaýy görenok. Ol öz nesihatlaryny döwürdeşleri üçin uly döredijilik ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirýär. Sebäbi Magtymguly belent ahlak sypatlaryň ündewçisi hökmünde orta çykýar.

Şahyr Dostdan syryň gizleme diýip, dostuňa wepalylygy wasp edýär. Özüniň ýaşan gapma-garşylykly döwrüniň kemçiliklerini ýüze çykaryp:

Gapyp gapdym, ýaranlar öz-özümden reştim ýok,

Hakdan gaýra hiç ýerde penahym ýok, puştym ýok,

Pikir bahryna girdim, ýelkenim ýok, keştim ýok,

Magtymguly, men mundan çykar ýaly deňetim ýok,

Elim bersem, tutan ýok, düşdüm düýpsiz ummana.

diýmek bilen, şol döwrüň garşylyklaryndan çykalga görkezýär.

Magtymgulynyň gylyk-häsiýet ahlaky eserleri sanardan köp bolup namys-ar, söz manysyny bilmek, ýagşy niýetlik, öwüt-nesihat goşgulary her bir maşgalada, mekdepde, okuw jaýlaryndaky ähli terbiýeçileriň stolunyň üstündäki gymmat maslahat beriji gollanma bolsa has-da ähmiýetli bolar.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okan adam olaryň mazmunynda özüniň oý-pikirlerini, hal-ýagdaýlaryny, durmuşyny aýnadaky ýaly görüp bilýär.

Talyplar hem mekdep okuwçylary bilen terbiýeçilik işleri geçirilende Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýüz tutulsa kem bolmaz. Sebäbi haýsy terbiýeçilik temasyny alsaňda onuň mazmunyna degişli goşgy bardyr. Talyplar bilen ylmy işler, dokladlar, referatlar ýerine ýetirilende: Magtymguly Pyragy filosof, Magtymguly Pyragy pedagog, Magtymguly Pyragy ahlak terbiýesi barasynda, Magtymguly Pyragy psiholog-fiziolog, Magtymguly Pyragy ýaş döwürler we olaryň aýratynlyklary barada we ş.m. başga temalar boýunça ýerine ýetirilse gowy bolar.

Mekdepde geçiriljek agşamlar, duşuşyklar, poeziýa günleri Magtymgulynyň döredijiligine bagly bolsa kem bolmaz.

Edebiýat sapaklarynda çeper eserler geçilende, şahyrlaryň döredijiligi öwrenilende mugallym olaryň işlerinde gahrymanlaryň häsiýetleri, özlerini alyp baryşlaryna baha berip olarda ahlaklyk barada düşünje özüni alyp barmaga terbiýeleýär.

Mysal üçin: Magtymguly-Pyragynyň döredijiliginde adamynyň asylly sypatlaryna dogry sözli bolmaklyga, mylakatly aragatnaşyga, myhmanparazlyga uly üns berilýär. Şahyryň goşgularyny okap göreniňde onuň öwüt beriji, hemmeler tarapyndan hormatlanýan dana nesihatçydygyny derrew ykrar edýärsiň. Beýik akyldar hemişe öz okyýjysyny adamkärçilik häsiýetler, durnukly, edepli sypatlar bilen bezemäge çalyşýar.

Magtymguly özüniň eserlerinde adamyny we onuň adamkärçilik mertebesini birinji orunda goýýar. Ol birnäçe goşgy setirlerinde adamynyň dünýäde iň esasy orun tutýandygyny açyk aýdýar. Hakyky eşret bu real dünýäde diýip düşünilýär. Şonuň üçinde şahyr şu hakyky real dünýäde süýjülikli, oňat ömür sürmegi nesihat edýär.

Mollalar ahyret sözüni sözlärler;

Münkür olma, geljek işdir, eýlärler,

Kim biler ki, ahyretde neýlärler,

Iyip, içip, münüp, guçup öt ýagşy.

Magtymguly sabyrly, hoş sözli bolmaklygy ündäpdir.

Öňüň gara, ardyň gözle,

Hoş sözün diý, gahryň gizle,

Sözläbilseň ýagşy sözle,

Halk ýamanyň bizarydyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde aýal-gyzlaryň edep-ekramy, ar-namysy görnükli orun tutýar.

Türkmen gyzynda edepliligiň, haýa-şerimiň bütin gözelligiň nusgasy jemlenen. Bu barada şahyr Durasyň geler goşgusynda şeýle diýýär.

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler.

Edepli-ekramly mylaýmzada,

Tä ölünçäň bile bolasyň geler.

(Magtymguly saýlanan eserler. Tom 2, Aşgabat., 1959, 57 sah.)

Şol goşgusynda şahyr edepsiz, ula gulak gabartmaýan gyzlaryň bardygyny terkarlaýar.

Bardyr gözel sirke basar saçyny,

Artmaz-ýuwmaz tabagyny, daşyny,

Sylamaz atasyn ene ýaşyny

Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Magtymguly ýene birnäçe goşgulary maşgala, kowum-gardaş, çagalar, eşretli durmuşda ýaşamaklyk, är-aýallylyk meselelere degişlidir. Onuň köpüsi ata-enä hormat goýmaklygy öwredýär, öwüt-nesihat berýär.

Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,

Lagnetkerde ogul boldy, bolmady

diýen ýaly setirlerde bolsa, ol diňe bir ene-ata däl, eýsem il-ýurduna kömegi ýetmeýän ogluň dogulany bilen dogulmadygynyň arasynda kän bir tapawut goýmaýar.

Mylakatly maşgala gurmak meselesi Magtymgulynyň döredijiliginde iň köp üns sarp edilen meseleleriň biridir.

Dünýä sözi meňzär duzsyz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa

diýen ýaly durnukly söz düzumlerine öwrülip giden setirler Magtymgulynyň aýal-gyzlaryň mertebesini belent tutandygyna, olara hormat goýmalydygyny wagyz edendigine şaýatlyk edýär. Onuň eserlerinde söýgi, sulhuň alyşma esasynda durmuş gurmaklyk, agzybir ýaşamaklyk ýaly ideýalar öňe sürülýär. Eger är-aýal biri-birine mynasyp bolmasa, ondan ýaman işiň ýokdugyny, eger ýigit öz söýgülisini alyp bilmese Mydam aglap ýüreginde ot galjakdygyny akyldar Magtymguly nygtapdyr.

Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir,

Sözi ahdyr, içi doly armandyr,

Ýüz ýaşasa, bäş gün ömür sürmändir,

Her kimiň mynasyp ýary bolmasa...

Ýene bir ýagşy ýigide,

Ýaman hatyn duş bolmasyn...

Halk nakyllarynda Ýigidiň orta ýaşda aýaly ölmesin diýlişi ýaly, şu pikiri nesihatçy şahyr Magtymguly-da görkezip geçýär. Aýaly aýal edýän erkek adam diýlip düşünilýän bolsa, şu meselede şahyr aýal maşgalanyň-da roluny pese düşürmeýär. Ol Ata meňzär goşgusynda şeýle diýýär:

Pis äriň ýagşy hatyny

Dürri bigymmata meňzär.

(Magtymguly saýlanan eserler.Tom 1, A.: 1959. 213, 159, 218 sah.)

Erkek kişiniň abraýyny ýokary galdyrmakda, onuň iliň içinde ýüzüni gyzartmazlykda aýal maşgalanyň rolynyň bolşy ýaly, ýigidiň-de öz aýalyna bolan gatnaşygynyň bu meselede möhüm ähmiýete eýedigini şahyr pugta nygtap geçýär.

Şeýlelikde, şahyryň eserlerinde maşgalanyň iki tarapynyň hem biri-birine mynasyp bolmaklygy esasynda guralan wagtda hakyky manysynda çözüldigi bolýar diýen pikir bu meseledäki ähli pikirleriň merkezinde durýar.

Beýik şahyryň terbiýeçilik goşgularynda bet ahlagy dogry ýola gönükdirmeklige köp üns berilýär. Erbet gylyk-häsiýetleri berk tankytlamak bilen Magtymguly şeýle häsiýete endik edinen adamlary dogry ýola çagyrýar. Mysal üçin, ol:

Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,

Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş

 

diýmek bilen gybatkeşi ýaňadandan terbiýelemek isleýär. Çunki gybatkeşlik iň bir ýaman häsiýetleriň biridir, ol ýary ýardan, dosty dostdan aýyrýar.

Aklyň bolsa, abraýly kişiniň,

Ýamanyň örtübsi ýaýyň ýagşysyn.

Mälim bolşy ýaly, şahyryň ýaşan döwründe höküm süren açlyk, çydamsyz horluk halkyň dürli gatlaklaryna dürlüçe täsir edipdir. Ruhy tarapdan ejizler göwnüçökgünlige ýüz urupdyrlar. Az wagtlyk bolsa-da, jebir-sütemden dynmak üçinem beňe-neşä ulaşan ýigitler tapylypdyr. Bu ýagdaýlar şahyry uly alada goýupdyr. Halkyň kem-kemden bu käre uýgunlaşmasy şahyrda tükeniksiz gaýgy döredipdir. Bu ýagdaýa döz gelip bilmän, şahyr aşakdaky ýaly setirlerini ýazypdyr.

Şeýle duşmandyr ki taňla

başyňyzy aýlaýyr.

Wagty ýetmän solduryp,

bu jismiňiz läş eýleýir.

Gaýgy hesret ýok ekenler,

çeşmiňiz ýaş eýleýir.

Her zaman düýt ýurtduryp,

öýkeniňiz daş eýleýir.

Bary gapyl olmaňyzlar,

şeýle betkärdir çilim.

Magtymgulynyň goşgularynda edep-terbiýe, ahlaky pikirleri ündemekde esasy serişde öwüt-ündew etmek.

Halk arasynda Edep salamdan başlanýar, diýlen gürrüň bar. Bu babatda şahyr:

Öňde, yzda görseň, her kes gulamyn,

Ondan aýamagyl taňry salamyn diýip nesihat edipdir.

(Magtymguly. Saýlanan eserler. T 1, A.: 1959. 365, 367, 77 sah.)

Salamlaşmak özboluşly ajaýyp sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, bizin döwrümize ýetirilen mahsus ýörelgeleri bar, olary berjaý etmeýän, salama biperwaý seredýän her bir adamyň köpçülikde utanja galmagy mümkindir.

Myhman ataňdan uly diýen ajaýyp nakyly döreden pederlerimiz Aziýa ýurtlarynyň arasynda özüniň myhmansöýerligi bilen tanalýar. Ata-babalarymyz Myhman geler işikden, rysky geler deşikden diýip örän jaýdar belläpdirler. Şahyrda bu babatda şeýle setirler bar:

Ganly bolsa geç ganyňdan,

Bir garyp myhman ýigide.

Magtymguly Şahylar şat bolar, myhman görende diýip belleýär. Märekede özüňi alyp barmagyň ýazylmadyk kanunlary bar. Il ýaşlaryň köpçülikdäki hereketi we özüňi alyp barşyna syn edip, olara örän dogry baha kesmegi başarypdyr. Beýik Magtymguly:

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,

Märekede oturyp-turuşyn görüň

diýýär. Şahyr dünýewi şygyrlarynda hem terbiýeçilik meselesini unutmaýar. Şahyr bu dünýäniň bäş günlükdigini nygtamak bilen, şu az wagtyň içinde ömrüňi bihuda geçirmezligi, zähmet çekmekligi maslahat berýär. Şahyr şeýle diýmek bilen adalatly ýaşamagy, öz hakyna kaýyl, oňşukly güzeran görmegi öňe sürüpdir. Şahyryň pikirine görä, çar tarapdan bolup geçýän haku nähak işlerden adalatly baş çykaryp bilmeklik, onuň peýdalysyny we zyýanyny saýlap bilmek ak ýürekli adamyň esasy borjydyr. Zamanydyr goşgusynda şahyr şeýle diýýär:

Aýdyň ar-namyssyz ýigide,

Bu gün onuň zamanydyr.

Ýygyp Karun kibi maly

Hazyna boş döwranydyr.

Edepliligiň başy ar-namys. Magtymgulynyň goşgularynda hem her setirinde namysjaň, ýangynly setirlerini görmek bolýar. Şahyr Läşler aglar halymga goşgusynda şeýle diýýär.

Laçynsyz çöl ýerde galan maslyk men,

Meni görüp, läşler aglar halymga,

Dünýäde gadryn bilmez nadan mahluk men,

Akly gidip başlan aglar halymga.

Kuwwatsyz çalyp men, neçüýn janmaz men,

Haýrana men bent astyna daşmaz men,

Nar üstüne düşdüm, ýanyp bilmez men,

Kebap bolup çişler aglar halymga.

(Magtymguly. Saýlanan eserler. A.: 1959. 48, 176, 177 sah.)

Rehimdarlygyň bir görnüşi saňa mätäç bolan garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere, maýyp-müjüriplere maddy we ruhy kömek etmekdir.

Tebigy taýdan kemçiligi bolan adamynyň göwni kem bolýar. Olaryň şol kemçiligi bilen baglanyşykly kel, kör, agsak-çolak ýaly lakamlaryny agzyna almak, degşibem bolsa, olaryň üstünden gülmek bolmaýar.

Magtymguly hem:

Ýoluksa gözüňe gün-ü sagyrlar,

Olaryň halyna gülüji bolma

diýýär.

Köpçüligi özüne garadyp bilýän guýmagursak dilewarlyk, suhanwerlik her kese ýetirmeýär. Ýöne weli süýji dilli bolmak, her bir adam bilen mylakatly gepleşmek ählimiziň borjumyzdyr. Çünki ýagşy söz ýylany hinden çykaryp bilýän bolsa, ýaman söz gylyjy gyndan çykaryp bilýändir. Magtymguly bu babatda:

Ýaman dil ýol ýitirer,

Ýagşy rahmet getirer diýýär.

Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolmak üçin, ýaşlykdan kitaby söýmek, köp okamak gerek. Çünki her bir okalan kitap adamyň göz ýetimini giňeldýär, akyl paýhasyny artdyrýar, ýagşy-ýamany seljermegi öwredýär.

Sowatly kitaphon adamlaryň köplenç kalby, niýeti päk, ýüregi arassa bolýar. Bu barada Magtymguly şahyr şeýle diýýär:

Kitap gören gullar maşydyr, dokdur,

Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy?

Häzirki ýaşlaryň arasynda tire-taýpa bölünişikleriniň gabahat mysallaryna köp duşulýar.

Magtymguly tireparazlygyň halk üçin agyr zarba boljakdygyny belläpdir.

Adam ogly tire-tire,

Bir-birine bolar hyra,

Mürit hyzmat etmez pire,

Zamana ahyr bolanda

ýa-da

Agzy ala bolan iliň,

Döwleti göçen ýalydyr.

Beýik şahyr Türkmeniň diýen goşgusynda:

Tireler, gardaşlar urug ýarydyr,

Ykballar ilere gelmez hakyň nurydyr.

diýip, ähli tireleriň bir dogandygyny belleýär.

Magtymgulynyň pelekden zeýrenip, bagryny gam edip ýazan goşgularyny okanyňda onuň ýürek awysyna düşünmek kyn däl. Adam başyna dürli kysmatlar duş gelýär. Nähak örtenmeler, görüpligiň görgüsi, şyltak agzasy ýaly zatlary Pyragy-da gerdeninde çekendir. Ol döwrüniň bihal adamlaryny görüp, olara janyny ýakypdyr. Şeýle tipli adamlaryň binamyslyklaryna jany ýanypdyr. Çäresi bolmandan soň, bu zatlar üçin Pelege zeýrenipdir:

Garyp könlümiň binasyn,

Gör, pelek weýran eýledi.

Aldyryp goldan namysyn,

Kalbymda arman eýledi.

 

Mert ýigit bolsun gardaşyň,

Bolmasa hiç galmaz başyň,

Aýyp tapyp bu syrdaşyň,

Illere aýan eýledi.

 

Magtymguly akly çaşan,

Gözläp gidermi gardaşyň,

Daň säher paly aralaşan,

Peleňler seýran eýledi.

 

Umuman, şahyryň edep-terbiýe ideýasynda ýazan goşgulary çuň filosofik goşgular bilen utgaşyp gidýär.

Akyldar şahyr ulyny sylamak, olara hormat goýmak ýaly häsiýetlere hem adamkärçiligiň iň gowy taraplarynyň biri hökmünde garaýar. Şahyryň pikiriçe, ýaşlar ata-enelerini hormatlap, özünden ulyny sylamalydyr. Uly adamlar özünden kiçä bir ýumuş buýursa, ony ýerine ýetirmeli. Uly adam her bir ýerde duş gelse, oňa kiçiler öňürti salam bermeli. Adamlaryň köp ýerinde özüňden ula hormat goýup, olar gelýänçä garaşmaly. Uly adam gürläp otyrka, onuň sözüni kesip arasyna düşmeli däl diýen ideýalary özüniň goşgularynda nygtap gelipdir. Magtymguly ulyny sylamak barada özüniň Ile ýaramaz diýen öwdünde:

Edebiň ýagşysy ulyny syla,

Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz

diýip özüňden ulynyň göwnüne degmeli däldigini berk nygtap geçýär. Şahyryň bu pikirleri biziň döwrümiz üçin-de bütinleý kabul ederlikdir. Mundan hem başga, Magtymguly sözüň doly manysyna dogry düşünmeklige, onuň manyly bolmaklygyna, akyllylygyň bir tarapy hökmünde örän dogry baha berýär. Ol:

Parasat kyl, bakyp akla,

Goç ýigidiň sözün hakla,

Magtymguly, tiliň sakla,

Habar soralmagan ýerde

diýmek bilen diýjek sözüňi bilip, sözlemelidigini, bir zat soramasalar, ümsüm otyrmaklygy adamyň gowy gylyklarynyň biri diýip belleýär.

Ýene-de:

Magtymguly, indi özüňni gözle,

Ýagşyny taryplap ýamany düzle,

Az iýip, az uklap, ýene az sözle,

Köp söz ahyr il içinde har eýlär...

Biz şahyryň şu hili goşgularyny okan wagtymyzda, onuň içki dünýäsine, estetikasyna göz ýetirýäris. Şahyryň söz baradaky goşgulary tüýs hakykata ýugrulandyr.

Görşümiz ýaly, şahyr gowy häsiýetleri, asylly sypatlary öz goşgularynda jemläpdir. Olary okan adam, şol hili asylly sypatlardan ylham alýar.

Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin tanşanmyzda, biz onuň öz döwründäki terbiýä we durmuşyň her bir tarapyna göz ýetiren, olary öwrenen beýik akyldardygyna anyk göz ýetirip bilýaris.

Magtymgulynyň öňe süren pikirleri, ideýalary öz döwründe-de we häzirki wagtda-da türkmen halkyny terbiýelemekde uly orun tutýar.

Taryh sapaklarynda uruşlarda görkezilen gahrymanlaryň üsti bilen Watanyňa, halkyňa söýgi, ýurduň üçin janyňy aýamazlyk, tutanýerlilik, ar-namyslylyk ýaly asylly ahlak sypatlaryny terbiýeleýär. Okuwçylary biziň ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, halkyň maddy ýagdaýynyň ösüşi bilen tanyşdyryp Watana, ene ýurduna bolan guwanjy berkidýär. Sapakda mugallymyň ýolbaşçylygynda ýaşlara ahlak häsiýetleri bermek Watanymyzyň ösmegi ugrunda ak ýürek bilen zähmet çekmäge ruhlandyrmagy terbiýeleýär.

Oýunlar. Çagalar öz ýaşlaryna laýyklykda dürli oýunlar oýnaýarlar. Olar öz oýunlarynda köplenç uly ýaşlylaryň zähmetini beýan edýärler. Meselem: çagalar bagy, keselhana we ş.m. Mundan başga-da, çagalar her hili hereketli oýunlary oýnaýarlar: Pişik syçan, Aýterek günterek, Gündiz we gije, we başgalar. Bu oýunlar toparlaýyn oýnalýan oýunlar bolup, okuwçylary beden taýdan berkitmäge, olary düzgüne boýun bolmaga, çydamlylyk, toparyň abraýy ugrunda göreşmek, jogapkärçilik ýaly sypatlary terbiýeleýärler. Çagalaryň arasynda sport oýunlaryda uly orun tutýar. Olar woleýbol, basketbol, futbol ýaly oýunlara diňe sapaklarda oýnaman, ýörite seksiýalara gatnaşýarlar. Sportuň ýeňil atletika, gimnastika we beýleki görnüşlerinide söýýärler we olar bilen meşgul bolýarlar. Sport oýunlary guramaçylyk, ýolbaşçylyk ukyplaryny, agzybirligi, dostlugy we ýoldaşlygy, tutanýerliligi, çydamlylygy, maksadyna ýetmek ugrunda ýadawsyz göreşmek, umumy düzgünleri hormatlamak we olary berjaý etmek endiklerini terbiýelemek üçin ähmiýetlidir.

Çagalaryň sýužetli ýa-da rollar boýunça oýnalýan oýunlary hem oýlap tapýarlar we oýnaýarlar. Bu oýunlarda olar kinofimlerde ýa-da telewizorda gören, çeper eserlerde okan epizodlaryny peýdalanýarlar.

Çaga oýunlary real durmuşa ýakyn bolany üçin, olaryň tejribesini baýlaşdyrmakda, oýlap tapyjylygyny we göz öňüne getirmek ukybyny ösdürmekde, gowy ahlak sypatlaryny kemala getirmekde ähmiýetlidir.

Jemgyýete peýdaly zähmet.Zähmet adamyň garaýyşlarynyň, ahlak aň-düşünjesiniň we tejribesiniň ösmeginde uly orun tutýar. Zähmete gatnaşdyrmak okuwçylarda kollektiwizm, dostluk, birek-birege kömek bermek, ýaryşyp işlemek, işi doly we gowy ýerine ýetirmek, zähmet adamlaryny hormatlamak, ýaltalary, işýakmazlary ýazgarmak ýaly ahlak duýgularyny terbiýelemek üçin ähmiýetlidir.

Synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik işleri.Okuwçylar bilen geçirilýän edebi agşamlar, gezelençler, ülkäni öwrenmek boýunça ýörişler, ylym, sungat, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar, kino we teatrlara toparlaryna tomaşa etmek, milli baýramlary we seneleri dabaraly geçirmek, taryh, geografiýa we beýleki dersler boýunça geçirilýän gurnaklar giňden peýdalanylýar. Okuwçylar bilen mekdepden daşary terbiýeçilik işleri geçirilende mekdepden daşary terbiýeçilik edaralara uly rol degişlidir.

Çagalar we ýaşlar guramalary. Okuwçylar bu guramalaryň işine gatnaşmak bilen ynanylan işe jogapkärçilik we ak ýürek bilen ýapyşmak duýgusyny terbiýelemäge, jemgyýetçilik aňy kemala getirmäge we jemgyýetçilik işeňňirligi emele getirmäge oňaýly hyzmat edýär. Okuwçylar ýolbaşçylyk, guramaçylyk boýunça tejribe toplaýarlar, bellenilen düzgünleri, talaplary hormatlamagy we gyşarnyksyz berjaý etmegi öwrenýärler.

Maşgala. Ata-eneleriň şahsy göreldesi, zähmeti bilimi, derejesi, jemgyýetçilik işlerini guramaklyk giň gerime eýe boldy. Bu çäre mekdebiň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Okuwçylaryň öz ýaşaýan ýerlerinde jemgyýetçilik peýdaly zähmete gatnaşmagy, (köçeleri abadanlaşdyrmak, güllere we ösümliklere gözegçilik etmek, oýnalýan we sport oýunlary guralýan meýdançalary döretmek) köpçülik işleri bilen meşgullanýarlar, gezelençler we ýörişler gurýarlar.

Okuwçylary ahlak taýdan terbiýelemek derejesini öwrenmezden bu işde üstünlik gazanmak mümkin däldir. Ahlak taýdan terbiýelemek derejesini öwrenmekde syn etmek, okuwçylaryň işleriniň netijesini (ýazuw işlerini, gündeligini, çeken suratyny, ýasan zatlaryny, toplan gerbariýlerini we ş.m.) öwrenmek, soraglara ýazuw üsti bilen jogap almak, anketa, olaryň özi bilen indiwidual we toparlaýyn görnüşlerde gürrüňdeş bolmak, ene-atalary bilen gürrüňdeş bolmak, mugallymlar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň pikirini nazara almak we beýleki usullar ulanylýar.

Syn etmek usuly ulanyp, mugallym okuwçylaryň sapakda, jemgyýete peýdaly zähmetiň, jemgyýetçilik ýumuşlary ýerine ýetirmegiň netijesinde, synpdan daşary işlerde birek-birege we başgalar bilen aragatnaşyklarda we başga ýerlerde özüni alyp barşyny, hereketlerini synlaýar. Syn etmek mugallyma okuwçy hakynda giňişleýin maglumatlar toplamaga, onuň kyn hereketleriniň sebäplerini anyklamaga mümkinçilik berýär, Bu maglumatlary mugallym okuwçylar bilen indiwidual işlemekde, synp bilen gürrüňler geçirmekde, ene-atalar ýygnaklarynda peýdalanmagy zerurdyr. Bu maglumatlary mugallym okuwçylar bilen indiwidual işlemekde, synp bilen gürrüňler geçirmekde, ene-atalar ýygnaklarynda peýdalanýar, olar synp ýolbaşçynyň okuwçylara pedagogik taýdan dogry çemeleşmegi ýeňilleşdirýär. Syn etmek netijesinde dogry maglumatlary almak üçin, okuwçyny dowamly wagt içinde synlamak gerek. Bu usul bilen alnan maglumatlaryň dogrylygy beýleki usullaryň kömegi bilen anyklamalydyr.

Berlen tema boýunça okuwçylara ýazuw işini (beýannama, düzme) ýazdyryp almak usulyny ulanyp, olaryň gyzyklanýan zatlaryny, isleglerini, professional höweslerini öwrenip bolar. Okuwçylara tabşyrylan ýumuşlar olaryň ýaşyna laýyk bolmaly, dogry we doly jogap ýazmak üçin ýeterlik wagt berilmeli. Meselem: Meniň gyzyklanýan zatlarym, Meniň dostum, Meniň adamlarda halaýan häsiýetlerim, Meniň gowy görýän hünärim, Meniň söýýän eserlerim we ş.m.

 

Gözellik terbiÝesiniŇ usuly.

Ruhnama kitabynda gözellik terbiýesine esasy orun berlipdir. Ruhnamada berlen edep-kadalarda: Arassa hem ykjam geýinmek (daşky biçim). Geýim adamy bezeýär, göze mährem görkezýär. Özüňize gelişýän eşikleri geýiniň diýip, Nuh pygamber tabşyrýardy .

Öýüň bezegi, ýerli-ýerindeligi, göze gelimliligi, arassalygy. Öýüň her bir zady göwnüňi götermelidir, keýpiňi çag etmelidir, ýaşaýşa söýgi döretmelidir diýip, Nuh pygamber tekrarlaýardy. Öýüň hapa bolsa, özüň üflis, hapa-hasy bolarsyň diýýärdi .

Gyz-gelin bezegi. Gyz-gelinleriňize zümmeret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň. Şonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüňizi açar, ruh berer diýip, Nuh pygamber wesýet edýärdi. diýilýär. Bu bolsa gözellik terbiýesiniň esasy bolup hyzmat edýär.

Gözellik terbiýe munuň özi durmuşda we sungatda gözelligi, tragediýany, komiki ýagdaýlary, nägözel zatlary kabul edýän, duýýan, bahalandyrýan, gözellik kanuny esasynda ýaşaýan, ony döredýän işjeň şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirlen işdir.

Mekdepde okalýan ähli dersler okuwçylara bilim bermekden başga-da gözellik terbiýäniňde meselelerini çözýärler. Bu işde edebiýat, geografiýa, aýdym-saz, matematika, taryh, surat, biologiýa, zähmet we beýleki dersleriň orny uludyr. Okuw dersleriniň esasy wezipesi okuwçylara diňe sungatda däl-de, durmuşda, zähmetde, adamlaryň özara gatnaşygynyň we durmuşyň gözelligini duýmagy öwretmekdir.

Edebiýat sapagynda okuwçylar edebi eserleri, goşgulary okap özüniň dunýägaraýşyny giňeldýär we şol bir wagtyň özünde edebi materialy gözellik özleşdirmäge ymtylýarlar. Dogry derňew etmegi, göz öňüne getirmegi, duýgy, pikirlenmegi we sözleýiş medeniýeti öwrenýärler. Edebiýat sapagynda görnükli alym, edebiýatçy, şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi bilen tanyşyp olarda gözellik duýgular oýanýar.

Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylar aýdym aýtmagy, diňlemegi we ony derňemegi, nota öwrenmek, sada saz gurallaryny çalmagy öwrenmek bilen meşgullanýar. Şol bir wagtyň özünde aýdym sazyň okuwçylaryň ahlak, gözellik we akyl ösüşine täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däl. Öwrenilýän aýdymlaryň sazyň klassiki we halkylyk esasy bolup, ol okuwçylary durmuşyň talabyna laýyk terbiýelemelidir. Öwretmek üçin aýdym saz saýlananda onuň manysy halkylyk çeperçiligi, žanrlarynyň köpdürlüligi, özüne çekijiligi, olardaky pikirleriň we duýgularyň okuwçylara güýçýeterligi göz öňünde tutulmalydyr. Aýdym sapagynda millilige üns berenimizde türkmen aýdym-sazynyň asyrlar dowamynda özüniň milliligini, özboluşlylygyny ýitirmän, nesilden-nesile geçmek bilen, biziň häzirki döwrümize gelip ýetendigini nygtamak hökmandyr. Halk arasynda ady belli bolan, uly hormata eýe bolan türkmen bagşylary Ata bagşy, Şükür bagşy, biziň döwrümizde belli bolan Oraz Sallyr, Hally bagşy, Magtymguly Garly, Patma bagşy, Mylly Täçmyradow we başga birnäçe halypalaryň döredijiligini öwrenmek bilen okuwçylarda bir wagtyň özünde Watana, halkymyza, saz sungatyň ösmegine goşant goşan beýik adamlara bolan söýgi kemala getirip, olarda aýdym saza bolan gözellik duýgularyny oýarmakdyr. Aýdym saz sapaklarynda milli saz gurallar barada dutar, onuň gelip çykyşy barada durup geçmek hökmandyr. Halk arasynda dutar hakyndaky rowaýatlaryň birinde VII asyrda ýaşan Alynyň at bakary Babagammar baradadyr. Ol Düldüli bakyp ýören ýerinde özüne bir güýmenje gözläpdir. Ýöne, güýmenere zat tapman üstünde oturan töňňesini köwläp başlapdyr. Töňňäni goparyp içini köwüpdir. Taýak hili oňa birikdiripdir, ondan bir gural ýasapdyr. Babagammar täze ýasan guralynda saz çalypdyr welin Düldül jadylanyp, iýmekden-içmekden galyp, saza aňk bolup gözýaş döküp duranmyş. Dutar we saz barada başga rowaýatlary okuwçylara aýdyp berip olarda saz gurallaryna bolan dogry garaýyşlary terbiýelemek hem gözellik terbiýesiniň bir görnüşidir.

Zähmet sapagynda okuwçylary senetçilik bezeg sungaty, keramikanyň işi, halyçylyk sungatyň eserleri bilen tanyşdyrmak, olarda ýaşlykdan bu işleriň sada elementlerini ýerine ýetirtmegi öwretmek olarda bu eserlere dogry garaýşy, düşünjeligi ösdürýär. Zähmet sapaklarynda sungatyň, çeperçiligiň ady agzalan görnüşlerini okuwçylara çuňňur öwretmek netijesinde olarda gözellige bolan dogry garaýyş terbiýelenýär.

Biologiýa sapaklarynda çagalara tebigatymyzyň gözelligi, gazylma baýlyklarymyz barada gürrüň berende okuwçylara gözellik terbiýe bermek bilen bir hatarda olary goramak barada maglumat bermeli. Bu öz gezeginde terbiýäniň biri-biri bilen berk arabaglanyşykdadygyny görkezýär.





:


: 2018-11-11; !; : 768 |


:

:

, .
==> ...

1746 - | 1572 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.277 .