.


:




:

































 

 

 

 


Terbi ý elemek i ş ini ň gurlu ş y we amala a ş yryly ş y.




 

Terbiýe tejribede nazarýet tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Tehnologiýa diýen söz latyn dilinden bolup tehne-sungat, ussatlyk, hünär we logos ylym diýen manyny berýär. Önümçilikde tehnologiýa ylym tarapyndan hödürlenen algoritmler, ýollar, serişdeler bolup, ulanylan ýagdaýynda öňünden çaklanan netijeleri, gerek bolan mukdarda, hilde önümi almaga mümkinçilik berýär. Ähli häzirki zaman önümçilikler tehnologiýa esaslanýarlar. Islendik bir iş ýa-da tehnologiýa, ýa-da sungatdyr. Sungat intuisiýa esaslanýar. Tehnologiýa-ylma. Sungatdan ähli zat başlanýar, tehnologiýada gutarýar.

Tehnologiýa döredilmänkä, ýekebara ussatlyk höküm sürýär. Ýöne iru-giç ol öz ýerini tehnologiýa bermeli bolýar. ýekebara ussatlyga esaslanan iş bilen tehnologiýa esaslanan işi deňeşdireli.

 

Ýekebara ussatlyk (indiwidual) Umumy tehnologiýa
1. Iş hünärmen tarapyndan başdan soňuna çenli ýerine ýetirilýär. 1. Iş böleklere bölünýär, her bir hünärmen öz işini ýerine ýetirýär.
2. Işi ýerine ýetirmegiň ähli ulgamyny ilik-düwme bilmeli. 2. Diňe özüňe degişli ýeriňi bilmek ýeterlik.
3. Ähli zady özüň etmeli. 3. Täze taýýar tehnologiýalar girizilýär we ähli zady özüň etmekden işgär boşaýar.
4. Iş uzak dowam edýär. 4. Iş tiz ýerine ýetirilýär.
5. Önümiň hili ýokary. 5. Önümiň hili pesräk.
6. Işiň esasynda intuisiýa, duýgy, tejribe. 6. Işiň esasynda ylmy hasap, bilim.
7. Önüm önümçiligiň mümkinçilikleri bilen çäklendirilýär. 7. Önüm çäklendirilmeýär, köp öndürilmek ýola düşýär.

Soňky wagtlara çenli intelekteal önümçilik, şolaryň arasynda adamy terbiýelemek hem bar, tehnologiýa diýen düşünjesiz oňuşýardy. Häzirki zaman pedagogik nazarýeti terbiýelemekde tehnologiki çemeleşme gerekligini, onuň peýdalydygynya göz ýetirdi. Ýöne önümçilik tehnologiýasyny göniden-göni mekdebe geçirmek bilen ylalaşmady.

Terbiýeçilik işini biz önümçilik bilen deňeşdirip başladyk. Dogrudanam, mekdep terbiýesiniň logikasy önümçiligiň logikasyndan onça bir uzak hem däl. Mekdebe önümçilige ýaly jemgyýet sosial zakaz berýär. Önümçilikdäki ýaly onuň öňünde duran meseleleri çözmek üçin belli bir möçberde maddy baza gerek. Bu meseleleri çözmäge terbiýe prosesi gönükdirilendir. Onuň esasy-pedagoglaryň işi bolup, ol meýilnamalaşdyrmak, onuň netijeleri, oňa ýetmegiň ýollary, ol ýollary modelleşdirmek, düzülen meýilnamalary we modelleri ýerine ýetirmek we bu meýilnamalary durmuşa ornaşdyrýan işi we adamlaryň özüni alyp barşyny dolandyrmakdyr. Pedagoglaryň dolandyryş işleri onuň ulgamynyň ýagdaýyny, netijeliligini önümçilikdäki ýaly, habar beriş akymlaryň esasynda amala aşyrýar.

Mekdepde edil önümçilikde ýaly terbiýeçilik işini dogry ýola goýmak üçin pedagoglar tarapyndan ulanylýan uly höweslendiriji ulgam bar. Mekdepde edil önümçilikde ýaly çagalar barada, olara edilýän täsirleriň netijeliligi barada pedagoglar habar alar ýaly kommunikatiw tär bar. Onuň esasynda pedagoglar terbiýeçilik işini dolandyrmak üçin gerek bolan kararlary kabul edýärler.

Terbiýeçilik işiniň netijeliligi (önümçilikdäki ýaly) daşky gurşaw bilen bagly bolýar: maşgala, çagalar bagy, mekdepden daşary terbiýeçilik edaralary. Olar mekdebiň okuwçylara terbiýeçilik täsiriniň üstüni doldurýarlar mekdebiň işiniň netijeliligi, önümçilikdäki ýaly, onuň öndürýän önüminiň hiline bagly. Mekdepde bu okuwçylaryň biliminiň, başarnyklarynyň we endikleriniň derejesi, olaryň özbaşdak durmuşa, zähmete, bilimini dowam etdirmäge, maşgala durmuşyna, taýýarlygy, boş wagtyny akylly başly geçirmegi.

Pedagogik adalgalaryň arasyna aralaşyp tehnologiýa düşinjesi pedagogik nazarýetde we tejribede täze ugurlar döredip başlady. Mysal üçin günbatar terbiýe nazarýetleri, takyk pedagogika konsepsiýasyny öňe sürdi. Ýöne oňa daýanyp her bir pedagog ähli talaplary ödeýän ideal şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirip biler ýaly tehnologiýany işläp düzmek üçin oňa häli köp wagt gerek. Şu gün biz diňe terbiýelemek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda ulanylýan terbiýe tehnologiýasynyň elementleri barada gürrüň edip bilýäris. Önümçilikde işiň ýerine ýetirilişi sada we aýan. Ýöne mekdepde tehnologiýa şeýle çylşyrymly we garaşylmadyk häsiýetlere eýe bolýar.

1. Önümçilikden aratapawutlylykda terbiýe prosesi bitewi häsiýete eýedir, ony böleklere bölmek we pedagogik täsiri kiçi ädimler ýa-da aýratyn hilleri yzygiderli emele getirip amala aşyrmak kyn. Trebiýeçilik täsir yzygiderli parallel ýol bilen däl-de bitewi ýerine ýetirilýär.

2. Ýokarda aýdylanlary hasaba alyp terbiýeçilik işini ýerine ýetirmek üçin adamlary saýlap almaga üns bermeli. Şahsyýet bölekler boýunça emele gelmeýär. Diňe şahsyýet şahsyýeti döredýär. Şonuň üçin terbiýeçi öz işini başdan soňuna çenli alyp barmaly. Biz bu ýerde indiwidual ussatlyk barada gürrüň etmeli.

3. Terbiýeçilik işiniň meselelerini tehnologiki taýdan çözende her bir terbiýeçi öňünden kesgitlenen bagly nokatlaryň netijelerine gözegçilik edip, olary düzedip, maksada goýlan ýoluny geçmeli.

Bu nokatlaryň arasynda her kim özüniň anyk şertlerine we mümkinçiliklerine görä döredijilikli hereket edýär.

Shematiki bu şeýle bolýar:

 

Işiň etaplary:

 

 

 

Görüşimiz ýaly tehnologiýanyň esasy saklanyp, ýörite terbiýeçilik häsiýete eýe bolýar.

Häzirki zaman terbiýe tejribesi geçiş döwründe terbiýeçiler häli gowy ýola goýlan ylmy tehnologiýa boýunça işlemeýärler, ýöne eýýäm indiwiduallyga baglanan terbiýeçilik meseleleriniň intuitiw çözgüdinden ýüz öwrüp başladylar. Barlanan, peýda berýän tehnologik täzelikleri tejribä ornaşdyrmakda, talaplary standartlaşdyrmaga ädimler ädilip başlady.

Tehnologiýa düşünjesiniň pedagogika ylmyna aralaşyp, belli bir derejede peýda berýänine garamazdan, terbiýeçilik işini tehnologiýalaşdyrmak meselesine şübhe bar. Bu garaýşyň tarapdarlary we garşydaşlary kesgitlenildi. Dürli soraglar ýüze çykýarlar: tehnologizasiýa pedagogik döredijiligi ýok etmezmi? Terbiýeden şahsyýeti ruhy aýyrmaýarmy? Umuman terbiýelenen adamlary önüm hökmünde taýýarlap bolarmy? Bu dogrymy? onuň etiki tarapy nähili? Tehnologizasiýanyň tarapdarlary bu soraglara şeýle jogap berýärler. Döredijilik nesilden-nesle geçmeýär. Onda öňki mugallymlardan häzirki mugallymlara näme geçýärkä? Ýene-de argument. Birnäçe ýüz ýyllyklardan bäri özüniň terbiýeçilik täsiri bilen jemgyýeti ösdürip gelen halk pedagogikasy biziň gözümiziň öňünde ýitip barýar. Bu ulgamyň aýratynlyklaryny tehnologiýa düşünjesini ulanman nähili düşündirip bolar. Siz bu goýlan soraglara nähili jogap berip biljek?

 

Toplumlaýyn çemeleşmek.

Terbiýeçilik işiniň bitewiligi terbiýeçilik täsiriň we özara hereketiň maksatlarynyň, meseleleriniň, mazmunynyň, usullarynyň we formalarynyň birligini aňladýar. Bu çemeleşme yuz tutmak terbiýe nazarýetinde we mekdep terbiýeçilik işiniň tejribesinde soňky ýyllar terbiýe şahsy meseleler toplumy hökmünde garaldy. Terbiýäniň her bir bölegini özbaşdak ýaly gurap we kämilleşdirip bolar diýlip düşindirildi. Şahsyýeti bitewi däl-de onuň aýratyn hillerini terbiýelemäge üns berildi. Şahsyýeti ösdürmegiň hemmetaraplaýyn we garmoniki ýörelgesi bozuldy.

Häzirki zaman terbiýe tehnologiýasy hökmany talaplary ýerine ýetirip, toplumlaýyn çemeleşmegi amala aşyrýar:

1. Terbiýelenilýänlere üç taraplaýyn täsir edýärler olaryň aňyna, duýgysyna we özüni alyp barşyna.

2. Terbiýäniň öz-özüňi terbiýelemegiň (daşky pedagogik täsiriň) birliginde položitel netije gazanyp bolar.

3. Toplumlaýyn çemeleşmekligiň esasy şerti - terbiýeçilik işine degişli ähli sosial institutlaryň, birleşmeleriň, ilki bilen habar beriş serişdeleriň, edebiýatyň, sungatyň, maşgalanyň, mekdebiň, tertip-düzgün goraýjy organlaryň, kollektiwleriň we toparlaryň güýjüniň birligi we koordinirlenmegi.

4. Şahsiýetiň gerek bolan hilleri anyk terbiýeçilik işleriniň ulgamynyň üstü bilen terbiýelenilýär. Bu işler berk bellenen toplumlaýyn häsiýetde bolmaly. Olar şol bir wagtyň özünde akyl, beden, ahlak, gözellik we zähmet terbiýesini bitewi birleşen görnüşinde amala aşyrmagy talap edýär. Terbiýäniň iň esasy kemçiligi-de onuň görnüşleriniň aýratynlykda terbiýelenilmäge synanyşygydyr. Terbiýe nazarýeti bir-birinden üzňe terbiýeçilik meselelerden düzülip, toplumlaýyn çemeleşmekden daşda bolup, tejribäni sada ýola ugrukdyrýardy.

5. Toplumlaýyn çemeleşmek terbiýeçilik işine we ony dolandyrmaga ulgamlaýyn çemeleşmegi talap edýär. Dolandyrmak diňe terbiýe täsir edýän daşky we içki faktorlar we olaryň arabaglanyşygy hasaba alnanda doly amala aşyrylýar. Onuň üçin ol faktorlar we olaryň täsiri barada anyk düşünje gerek. Surata üns beriň.

 

 

 

 

 


Esasy faktorlayň sanyna: a) okuwçynyň ýaşaýyş obrazy-ol berlen hilleri ösdürmäge ýa-da belli bir kesgitlenen şertlerde tersine ösürýär, b) belli bir kesgitlenen durmuş obrazynyň emele gelmegine täsir edýän ýaşaýan regionyň, (däpleri, ahlak sypatlar, mekdep däp-dessurlary, milli aýratynlyklar, tebigatyň ýagdaýy), durmuş şertleri, ç) habar beriş serişdeleri, d) Okuwça göni täsir edýän kollektiwiň ösüş we ýaşaýyş şertleri (terbiýe ulgamy, onda öz ornuny tapan jemgyýetçilik pikir, gymmatlyklara garaýyşlar, ahlak normalar, psihologik klimat), ý) kollektiwde emele gelen özaragatnaşyk normalary, okuwçynyň kollektiw aragatnaşyk uglamynda orny, terbiýelenilýäniň indiwidual we şahsy aýratynlyklary.

Bitewi şahsyýeti taýýarlamaga hemmetaraplaýyn çemeleşmekde bu şertleriň ählisi hasaba alynmalydyr. Terbiýelemekde ýüze çykýan üstünlikler diňe şahsyýetiň şol ýa-da başga psihiki sferasyna göni täsir edip goranylmaýar. Terbiýelemekde ýaramaz gylyk häsiýetleriň öňüni almak üçin döredilýän daşky şertleriň üýtgemegide üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.

Hemmetaraplaýyn çemeleşmeleriň esasy şertleriniň biri-de terbiýelemegiň, maksatlarynyň, mazmunynyň formalarynyň we usullarynyň birligidir.

Geçirilýän çäreleriň sany, olaryň ady wajyp däl. Olaryň pedagogiki maksada gönükdirilenligi, täsiri wajyp. Diňe gowy pikirlenip, birek-birek bilen berk arabaglanyşdyrylyp, gowy düzülen pedagogiki täsir terbiýeçilik netije berip biler.

Soňky wagtlar terbiýäniň ulgamlylygyny, bitewiligini, yzygiderligini, üznüksizligini Terbiýeçilik işler diýen düşünje berýär. Terbiýeçilik iş bu terbiýelenilýänleriň anyk ýerine ýetirýän işiniň görnüşi, guralyşy we ýerine ýetirilişi. Onuň esasy häsiýetleri hökmanylyk, peýdalylyk, ýerine ýetirijilik. Terbiýeçilik proses üznüksiz terbiýeçilik işleriniä zynjyryndan ybarat.

Terbiýeçilik işler kollektiwleýin we döredijilikli häsiýetde bolýarlar we kollektiwleýin terbiýeçilik işler (KTI) ýa-da kollektiw döredijilik işler (KDI) diýip atlandyrylýarlar.

Her bir işde şu aşakdaky etaplar saýlanýarlar:

1)Maksat (ýagdaýy seljermek, esasy we goşmaça terbiýeçilik işleri saýlamak) 2) meýilnamalaşdyrmak, 3) guramak we taýýarlamak, 4) Işiň ýerine ýetirilişi, 5) alnan netijeleri seljermek

 

1) Ýagdaýy seljermek we maksady formirlemek
2) Işi meýilnamalaşdyrmak
3) Işi guramak
4) Işi ýerine ýetirmek
5) netijeleri jemlemek

 

Maksatlary we ugry boýunça terbiýeçilik işleriň köp görnüşleri bar, olar: etiki, sosial-gönükdirilen gözellik, bilim berijilik sport-bedenterbiýe, ekologik, zämet we başgalar. Her bir terbiýeçilik iş bitewilik häsiýetdedir. Sosial-gönükdirilen terbiýeçilik işiň, esasy maksady okuwçylarda sosial gatnaşyklaryň ulgamyny emele getirmek.

Şahsyýetiň esasy jemgyýetçilik hilleriniň mazmuny nähili? Olardan esasylaryň biri raýatlylykdyr. Ol şahsyýetiň, jemgyýetde, ýurtda we dünýäde nämä bolýanlygyna dogry gatnaşygydyr. Onuň bilen berk baglanyşykly şahsyýetiä hili tertiplilikdir.

Çagalaryň durmuşynyň we işiniň kesgitlenen terbiýe beriji diýilýär. Rejäni ýerine ýetirmek terbiýelemegiň netijeliliginiň esasy şertidir. Gerek bolan ýagdaýynda reje üýtgeýär. Ol 1 çaganyň ýaşaýyş şertlerine, mümkinçiliklerine we başarnyklaryna deň gelmeli; 2. Takyk bolup onda bellenilen ähli işiň görnüşleri öz wagtynda ýerine ýetirilmeli; 3. anyk bolmaly; 4. ýerine ýetirip bolar ýaly bolmaly.

Etiki terbiýeçilik işler. Onuň esasy maksady: 1) ahlak aň emele getirmek; 2) ahlak duýgyny terbiýelemek we ösdürmek; 3) ahlak özüňi alyp barmak başarnyklary we öwrendikleri terbiýelemek.

Estetiki we bedenterbiýe terbiýeçilik işleri: Onuň esasy maksady: 1) durmuşa estetiki garaýyşy emele getirmek: 2) zähmete, jemgyýetçilik işine, tebigata, medeniýete, öňüni alyp barmaga estetiki dogry garaýşy terbiýelemek, onuň esasynda estetiki düşünjeler, bahalar, ideal, düşündirişler, talaplar, başarnyklar emele gelýärler.

Ekologik we zähmet terbiýeçilik işler. Ekologik heläkçilikleriň köpelmegi, tebigaty goramaklyk işlerini düýbünden täzelemegi talap edýär. Mundan beýläk aýry bir ekologik terbiýeçilik işleri bilen çäklenmän olary üznüksiz tebigaty goramak işleri bilen birleşdirmeli. Onuň esasy maksady: 1) ekologik bilim bermek; 2) ekologik ynam döretmek;3) okuwçylary zähmet psihologik we tejribe taýdan taýýarlamak.

Terbiýeçilik işlerini toparlaýyn terbiýeçilik işleri, toparlaýyn döredijilik işleri diýip olary bitewilik ýörelgesi esasynda geçirsek onuň netijesi ýokary bolar.





:


: 2018-11-11; !; : 765 |


:

:

, ; , .
==> ...

1777 - | 1535 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.05 .