.


:




:

































 

 

 

 


Synp ýolbaşçysynyň terbiýeçilik işleri




Siziň bilşiňiz ýaly 13-nji synplarda mugallym şol bir wagtyň özünde terbiýeçiniň ýa-da synp ýolbaşçynyň işini-de ýerine ýetirýär. Onyň esasy wezipeleri:

- çagalar toparyny döretmek;

- Okuwçylar toparyny öwrenmek, olar bilen aýratynlykda iş geçirmek;

- Okuwçylaryň bilim derejeleriniň, başarnyklarynyň hem-de endikleriniň kämil bolmagyna kömek etmek;

- çagalar guramasy we ene-atalar bilen işlemek;

- çagalary zähmete uýgunlaşdyrmak, geljekki hünärini saýlamaga ugrukdyrmakdan ybaratdyr.

Ýokary synplarda (IV-IX) synp ýolbaşçysy bellenilýär, ol aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:

- synp okuwçylar toparyny berkitmek;

- synpyň okuwçylary bilen terbiýeçilik işini geçirmek;

- synpyň okuwçylaryny doly öwrenmek;

- okuwçylara mekdep, maşgala, jemgyýetçilik tarapyndan ýeke-täk talap edilmegini gazanmak;

- okuwçylaryň okaýşyna gözegçilik etmek, olara okuw kömeginiň berilmegini ýola goýmak;

- synpyň dokumentasiýa we hasabat işlerini göwnejaý ýöretmek;

- sapakdan we mekdepden daşary terbiýeçilik çärelerini geçirmek;

- okuwçylaryň tertibini bahalandyrmak we ş.m.

Synp ýolbaşçy öz işini terbiýeçilik iş meýilnamasynyň esasynda alyp barýar. Meýilnama düzmäge taýýarlyk, synp toparyna häsiýetnama düzmekden başlanýar.

Ondan soň synp ýolbaşçy umumy mekdep iş meýilnamasy bilen tanyşmaly. Ol özüne gerek, degişli umumy mekdep işleri, jemgyýete peýdaly işleri belläp alýar. Işi meýilnamalaşdyrmagyň netijeliligi synp ýolbaşçynyň şahsy häsiýetlerine, onuň hünär taýýarlygyna baglydyr.

Synp ýolbaşçynyň iş meýilnamasyna bolan pedagogiki talaplar:

- Hormatly Prezidentimiziň ideýalaryna laýyklykda okuwçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň maksadynyň, wezipesiniň, mazmunynyň, guramaçylyk işleriniň kadalarynyň bitewiligini gazanmak;

- Okuwçylary ýaş we indiwidual aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak;

- Meýilnamada ýerine ýetirip bolaýjak işleri göz öňünde tutmak;

- Umumy mekdep meýilnamasy bilen ylalaşykly bolmak;

- Meýilnama düzülende ders okadýan mugallymlary, ata-eneleri we okuwçylaryň gatnaşmagynda maslahatlaşylsa, ol dogry we doly düzüler.

Synp ýolbaşçynyň işiniň kyn we çylşyrymlylygy, onuň bir wagtyň özünde: okuwçylar, ata-eneler, mugallymlar, jemgyýetçilik, mekdep ýolbaşçylary bilen birlikde işlemekligidir.

Synp ýolbaşçysynyň terbiýeçilik iş maksatnamasynyň şu aşakdaky görnüşleri bar:

I. Perspektiw maksatnama;

II. Kalendar tematik maksatnama (çärýeklik);

III. Grafik kalendar maksatnama (çärýeklik);

IV. Bir aýlyk grafik kalendar maksatnama;

V. Synp ýolbaşçynyň gündeligi;

VI. Bir aýlyk-siklogramma.

Synp ýolbaşçynyň geçirýän terbiýeçilik işleriniň görnüşleri: pedagogiki umumy sapak; ylmy amaly maslahat, açyk gapylar güni, açyk sapak, berkidiji okuw, sorag-jogap agşamlary, ata-eneler ýygnagy, jemleýji, çärýeklik synp sagatlary, tematiki ýygnaklar, ýygnak praktikum, okuwçylaryň öýüne barmak, ata-eneleri mekdebe çagyrmak, aýratynlykda pedagogiki berkidiji sapak, aýratynlykda pedagogiki tabşyryk.

 





:


: 2018-11-11; !; : 2136 |


:

:

- , , .
==> ...

1506 - | 1320 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.008 .