.


:




:

































 

 

 

 


Ahsyýetiň aňyny formirleýän usullar.




Şahsyýetiň ruhy durmuşunda we onuň işinde hemişe ylmy aň bilen adaty aňyň arasynda söweş bolýar. Ýerine ýetirýän işiniň, söhbetdeşligi, peselmegi, durmuşda täze-täze hadysalar bilen çahnyşmak, özüniň içki dünýäsine üns bermegi okuwçylarda çuň pikirlenmäge, problemalar, ýüze çykýan kynçylyklardan özüniň baş alyp çykyp gelmegi ýaly ýagdaýlary döredýär. Ýüze çykýan soraglara jogap gözläp ol özüniň toplan tejribesiniň çylşyrymly durmuş aragatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn saljermegi ýeterlik däldigine göz ýetirýär. Bu ýerde okuwçynyň kömekçisi hökmünde mugallym orta çykýar we durmuşyň şahsyýetden edýän talaplarynyň çägini, ýörelgelerini, düzgünlerini onuň aňyna ýetirýär. Şahsyýetiň aňynyň formirlenmegi köpräk oňa söz üsti täsir bilen amala aşyrylýar.

Söhbetde, bu usulyň esasy wezipesi okuwçylaryň özüni edilen hereketlere, durmuş hadysalaryna, wakalara baha bermäge çekmek we olarda daşky gurşaewa, özüniň raýatlyk syýasy we ahlak borçlaryna dogry garaýyş terbiýelemek. Egerde söhbetdeşlik döwründe ara alnyp maslahatlaşylýan mesele çaganyň şahsy tejribesinde, onuň işlerinde, hereketlerinde we eden işlerinde daýanç tapsa onuň ynandyryjy güýji ýokary bolar,

Jemgyýetçilik durmuşynda social ahlak ýa-da gözellik mazmunly temalaryny söhbetdeşligiň esasy fakty edip almaly. Bu faktlaryň ýerine aýratyn alnan şahsdyýeriň otrisatel ýa-da položitel häsiýeti jemlenen edebi obraz çykyş edip biler.

Terbiýeçilik işinde söhbetdeşlik easasy orun tutýar. Bu ýagdaý ýaş mugallymlarda söhbetdeşligi geçirmek aňsat ýörite taýýarlyk gerek däl guramaçylyk işi ýok diýen pikir döretmegi mümkin, sözsüz hiç hili terbiýe ýokdur. Ýöne söz bilen täsir etmek peýda-da getirip biler

Söhbetdeşlik düzgün bolşy ýaly, temany esaslandyrmakdan başlanýar. Esasy tapgyrda mugallym ara alyp maslahatlaşmaga maglumat berýär.Ondan soňokuwçylar erkin öz pikirini aýdar ýaly, özbaşdak netije çykarar ýaly,jemlär ýaly soraglar goýylýar.Mugallym çaga az geplese şonçada çagalar dünýäsine aralaşyp biler,olar bilen geň galyp biler,begenip biler we söhbetdeşlik üstünlikli geçer.Onuň wezipesi çagalary gönükdirmek we düzetmek.Mugallym özüniň jemleýji sözünde ähli aýdylan pikirleri toplaýar,olaryňnetijesinde dogry pikiri öňe sürýär we ony berkitmek üçin ýörite maksatnama düzýär.

Ýaş mugallymlar üçin indiwidual söhbetdeşlik kynçylyk döredýär.Şonuň üçin söhbetdeşlik, tertip-düzgün bozulanda, konflikt ýüze çykanda geçirilýär.

Umumy okuw. Okuwçylaryň aňynyň formirlenmegi olarda jemgyýet durmuşy barada, zähmet barada, ylym we tehnika, etika we estetika barada sada düşünjeleri we maglumatlary düşüňdirmekden başlanýar. Haýsy teme barada mugallym gürrüň geçirsede,goý ol bag ekmek görlen kino filmleri seljermek, garrylara kömek etmek barada bolsun. Mugallym bu gürrüňiň wajyplygyny bilmeli we onuň çagalarda ylçagalarda ynam, ahalk düşünje, kömege taýýarlyk ýaly häsiýet döretýänligine ynanmaly.

Düşündirmek we gürrüň çylşyrymly usul bolan umumy okuwa geçmäge taýýarlaýar. Bu bolsa elýeter, gurnalan jemgyýetçilik syýasy ahlak, ideýa- estetiki mazmunly şol ýa-da başga bir meseläniň ulgamlaýyn beýanydyr. Umumy okuwyň logiki merkezi bolup ulmy aňyň sferasyna degişli ýokary jemleme çykyş edýär. Umumy okuwyň ideýa we emosional täsirligi mugallymyň sözi, faktlaryň we argumentiň ynamlalagy, esaslsndyrylanlygy, dogrulygyndadyr.

Uly synp okuwçylary mugallymyň özbaşdak pikirleniş stilini, onuň gürrüň berilýän maglumat boýunça öz pikiri aýdyp bilmekligine, garaşylmadyk orginal çözgüt tapyşyna görä seslenýärler. Habar beriş serişdeleriniň ösüşi çagalaryň häzirki zaman dünýäsindäki habarlary tiz özleşdirmegine getirdi. Ýöne käbir okuwwçylary bu habara nädogry düşünýärler, ýa-da doly düşünmän gelýärler. Şol ýagdaýlarda okuwçylara ol maglumatlara doly we dogry düşünmäge kömek etmeli.

Alnan pikirler diňe real durmuşy işleriniň netijesinde barlanyp kbul edilse onda olar akyly passiw ýüki bolman, hereket etmegiň ýörelgesi bolup şahsy mana eýe bolýarlar.

Disput (çekeleşik). Bu ara alyp maslahatlaşmagyň, bahalandyrmagyň, ynamlaryň emele gelmek usuly çekeleşmede dürli pikirleriň, garaýyşlaryň çaknyşmagynda alnan bilimler hemişe özüniň ýokary çeýeligi, berkligi, jemleýjiligi bilen aratapawutlanýar diýen kanunalaýyklyga esaslanylýar. Çekeleşik uly ýaşly okuwçylar bilen geçirilmeli usuldyr. Sebäbi olar durmuş barada köp pikirlenip başlaýarlar, köp zatlara ynanmaýarlar, bir zadyň dogrylygyny bilmek üçin faktorlary deňeşdirmegi gowy görýärler. Çekeleşik kesgitlenen ýa-da gutarnykly çözgüdi talap etmeýär. Ol okuwçylara beýleki adamlary ynandyrar ýaly, düşünjeleri, pikirleri seljermäge, öz pikirlerini goramaga mümkinçilik berýär.

Çekeleşik hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edýär. Mugallym hem, okuwçylar hem ykjam taýýarlanmaly. Ara alnyp maslahatlaşmaly soraglar öňünden taýýarlanýarlar. Ol soraglary düzmäge okuwçylaryň özüni hem çekse peýdaly bolar. Mugallym okuwçylaryň ýalňyş pikirlerine garşy çykmaga gyssanman, onuň çekeleşmede özüniň ýalňyş pikirini düzetmegine kömek etmeli. Mugallymyň özüni alyp barşy hiç kimiň göwnüne degmeli däl, hiç kimi peseltmeli däl, okuwçylara öz garaýyşlaryny açyk aýtmaga, çekeleşige gatnaşmaga islegini ýatyrmaly däl.

Gönükme usuly. Okuwçynyň formirlenýän aňy olaryň kabul edýän ideýalary barada real hereket edýän, diri, anyk obrazlarda daýanç gözleýärler. Bu gözlege gönükme usulyna psihologik esas hökmünde öýkünmek hadysasy işjeň kömek edýär. Öýkinmek bu köre-körlik gaýtalama bolman, ol çagalarda hereketiň täze tiplerini emele getirýär. Öýkinmegiň netijesinde çagalarda ahsy özüni alyp barmagyň social-ahlak maksady formirlenýär. Okuwçylaryň ýaynyň ulalmagy bilen, we olaryň durum tejribeleriniň giňelmegi bilen, onuň ahlak we akyl ösüiniň netijesinde öýkünmegiň häsiýeti üýtgeýär. Kiçi ýaly mekdep okuwçysy öýkünmek üçin oňa daky kebi bilen täsir edýän obýekti, özüne taýýar obrazlary saýlaýar. Orta synp okuwçylarynyň öýkünmegi özüniň özbaşdak pikiri esasynda saýlama häsiýetde bolýar. Uly ýaşly okuwçylaryň öýkünmegi düýbinden üýtgeýär. Ol aňlanan we tankytlanan bolup kabul edilen obrazlaryň işjeň içden işlenen bolýar.

Öýkünmek 3 (üç) tapgyrda amala aşyrylýar.

- Birinji tapgyrda, okuwçyda başga bir adamyň anyk hereketini kabul etmek netijesinde şeýle hereket etmeli diýen isleg döreýär.

- Ikijnji tapgyrda öýkünmek bilen soňky edilen hereketiň arasynda arabaglanşyk emele gelýär.

- Üçünji tapgyrynda öýkünmegiň we özbaşdak hereketleriň birleşmegi emele gelýär. Oňa durmuş we ýörite döredilen terbiýeçilik situasiýalar täsir edýärler. Bu usuly D.K.Uşynskiý öňe sürüpdir. Onuň aýtmagyna görä terbiýeçilik güýç adam şahsyýetiň diri çemeleşmesinden alynýar, şahsyýeti diňe şahsyýetiň täsiri bilen terbiýeläp bolar.

Öýkünmek üçin mysallar çagany öýde, mekdepde gurşap alýar. Mysal hökmünde uly erkek we aýal doganlar, ata we ene, baba we mama çykyş edip bilerler. Bile okaýan göreldeli okuwçylarda mysal hökmünde çykyş edip bilerler.

Çagalara edebi eserleriň gahrymanlaryda uly terbiýeçilik häsiýetlitäsir edip bilýärler.

Okuwçylar diňe abraýly, olar tarapyndan sylanýanadam tarapyndan amala aşyrylan işe öýkinip bilerler. Bu mugallyma da degişli. Mugallym okuwçylar üçin özüniň her bir hereketi we eden işi, adamkärçiligi, ahlak arassalygy, medeniýeti we dünýägaraýşynyň giňligi bilen mysal bolmaly.

Işi guramak we durmuşda özüni alyp

barmak tejribesini formirlemek usullary.

Pedagogik talap. Mekdep birinji günden başlap okuwçylaryň özünde berk talap goýmaly. Ol jemgyýetiň ondan edýän talaplaryny bilmeli, özüni alyp barmak normalaryny özleşdirmeli, name etmeli? Name etmeli däl? Name etseň gowy? Name etseň temmi alarsyň? Diýen talaplary bilmeli.

Pedagogik talap şahsyýetiň ösüşinden öňde bolmaly we terbiýelenilýäniň öz-özüne talap goýmagyny öwretmeli. Talap okuwçynyň öňünde onuň bir işi ýerine ýetirmeli anyk, real mesele hökmünde çykyş etmeli. Talap terbiýeçilik işiniň netijesinde çaganyň içki gapma-garşylygyny ýüze çykarmaga kömek edýär. Talap mekdepde tertip-düzgüni ýola goýmaga, okuwçylarda guramaçylyk ruhuny götermäge, özüni dogry alyp barmaga kömek edýär.

Özüniň görnüşleri boýunça talaplar göni we göni däl bolup bilerler. Göni talaplar buýruk, görkezme ýaly bolýarlar. Esasanam göni talaplar mekdebiň ilkinji günlerinden başlansa täsirli bolýarlar. Göni däl talaplar haýyş, maslahat, duýduryş görnüşinde bolýarlar.

Okuwçylardan talap edilende mugallymyň, onuň çägini bilmegi wajyp. Başda çagalaryň 2-3 talaba boýun bolmagyny gazanyň. Egerde başda talap köp edilse onda ol olaryň käbirini ýerine ýetirmegi mümkin.

Jemgyýetçilik pikir. Terbiýeçi hemişe onuň talabynyň toparyň öz talabyna öwrülmegine ymtylýar. Toparyň talabynyň şöhlesi hökmünde jemgyýetçilik talap çykyş edýär. Özünde toparyň bahasyny, seljermesini, erkini birleşdirip jemgyýetçilik pikir, başarjaň pedagogyň elinde usulyň funksiýasyny ýerine ýetirip, işjeň we täsirli güýç hökmünde çykyş edýär.

Öwretmek. Bu çagalaryň kesgitlenen hereketleri öz durmuşynda guramaçylykly, meýilnamalaýyn, regulýar ýerine ýetirýän işidir. Kesgitlenen şertlerde öwretmek şahsyýetiň berk hili hem bolup biler. Öwretmek çagalary terbiýelemegiň, ösdürmegiň irki ýaşlyk döwründe ýokary netije berip biler. Bu usuly ulanmak käbir pedagogik şertleri ýerine ýetirmegi talap edýär. Anyk öwrenilmeli zat belli bolmasa öwretmek başartmaz. Okuwçylara bir hereketi etmegi talap edip ony gysga anyk düzgünde beýan etmeli. Ýerine ýetirilmeli hereket bir näçe böleklere bölünip, olaryň ýerine ýetirilişine belli bir wagt berilmeli. Tejribeli pedagoglar terbiýelemeli häsiýeti görkezmäge uly ähmiýet berýärler we oňa bolan dogry garaýşy terbiýeleýärler. Öwrendigiň emele gelmegi üçin wagt gerek, gyssanmaçlyk bu ýerde netije bermeýär. Başda ýerine ýetirmeli işi dogry ýerine ýetirmegi öwretmeli, ondan soň ony tiz ýerine ýetirmegi talap etmeli. Öwretmek usuly ýerine ýetirilýän hereketlere gözegçilik etmegi talap edýär. Okuwçylaryň özüne özüniň gözegçilicini guramagy ýola goýmak hem wajyp.

Öwretmek usuly terbiýelenilýäniň ýaşyna, durmuş şertlerine we terbiýelenilmegine görä ulanylýar. Öwretmegi, terbiýelemegiň barlanan serişdesi hökmünde okuwçylaryň durmuş rejesini ýerine ýetirişi çykyş edýär.

Gönükme. Eger öwretmegiň esasynda çaga tarapyndan bir işi ýerine ýetirmek çykyş edýän bolsa gönükme ony şahsy talaba öwürýär.

Gönükmäniň usul görnüşinde esasy ýerine ýetirýän funksiýasy çagalarda gerek bolan ahlak hilleri terbiýelemek üçin olara toparda aragatnaşyk guramagyň tejribesini almaga kömek etmek. Öwretmäge daýanyp gönükme jemgyýetde özüňi alyp barmagyň berk esaslaryny birnäçe gezek gaýtalap, berkidip olary kämilleşdirýär.

Gönükme usuly tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen amala aşyrylýar. Tabşyryklar okuwçylary toparyň kanunlary esasynda ýaşamagy, işlemegi we özlerini jemgyýetiň işlerine gatnaşmagy öwredýärler. Käbir okuwçylar tabşyrylan ýumuşy ýerine ýetirmäge ýapyşýarlar, ýöne ony ýerine ýetirmeýärler. Ýa-da bir ýumşy ýerine ýetirip başga birine sowuk sala seredýärler. Onuň esasy sebäbi okuwçylaryň jemgyýetde özüni alyp barmagyň normalaryny we ýörelgelerini bilip, ýerine ýetirmegi az ulanmagydyr.

Terbiýeleýji situasiýalary döretmek

Okuwçylar toparynda real durmuşda we işinde ýüze çykýan käbir ýagdaýlar onda emele gelen terbiýeçilik gatnaşyklaryň berkligini synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Onuň ýaly ýagdaýy açmak, ony ýüze çykarýan gapma garşylyklary tapmak kyn däl. Mugallymyň özüne okuwçylarda gerek bolan psihiki ýagdaý, garaýyş, duýgy, motiw, döredýän daşky ýagdaýy emele getirmek gerek. Munuň ýaly ýörite gurnalan pedagogik şertlere terbiýeleýji situasiýalar diýilýär. Okuwçy kesgitlenen çözgütleriň birnäçe mümkin bolan wariantlaryndan birini saýlamaly bolýar. Mugallym döreden situasiýasyndan okuwçy çykalga tapmak üçin özüni alyp barşyny seljerýär, üýtgetýär, olary täze talaplara laýyk edýär.

 

Terbiýelenilýänleriň özüni alyp barşyny we

işini dolandyrmak, düzetmek we stimulirlemek.

Stimulirlemek oýarmak, hereket etmäge itergi, pikirlenmäge, duýmaga impuls bermek diýmekdir. Okuwçynyň şahsyýetine bir ýa-da başga faktorlaryň täsirlerini berkitmek we güýçlendirmek üçin stimulirlemegiň dürli usullary ulanylýar. Olaryň arasynda köpräk ulanylýany ýaryş, sylaglamak we temmi bermekdir.

Ýaryş. Çagalara, ýetginjeklere ilkinji bolmak, ýaryşmak, ýeňiji bolmak, özüňi berkitmek ýaly häsiýetler mahsus. Olary zähmetde, jemgyýetçilik peýdaly işlerde ýokary netije gazanar ýaly göreşe, ýaryşa çekmek çagalarda döredijilik işjeňligini stimulirleýär. Yzda galanlary öňki hatarlara getirmäge kömek edýär. Käbir pikirlere görä ýaryş usulu öňki döwriň usuly, onuň indi geregi ýok diýjek bolýarlar. Ýöne gowy mekdepleriň tejribesiniň görkezijisi boýunça okuw işinde ýaryş usuluny ulanmak peýda getirýär. Mysal üçin kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň ýaryş serişdelerine şeýle borçnamalar girizilýär: öý işlerini hemişe ýerine ýetirmek, arassa, tertipli işlemek, sapakda mugallymdan duýduryş almazlyk, depderleri aýawly saklamak, mekdep we öý rejesini berk ýerine ýetirmek, goşmaça edebiýatlary okamak.

Ýaryş toparlaýyn (kollektiwleýin) we ýekebara (indiwidual) bolýar. Toparlaýyn (kollektiwleýin) ýaryşa toparyň birinji ýerde bolmagy, ýekebara (indiwidual) gyzykly hekaýa ýazmak. Özüniň geçirliş wagty boýunça ýaryş uzak wagtlaýyn we epizodiki bolýar.

Ýaryş gurnalanda we geçirilende: aýanlyk, anyklylyk, netijeleri deňeşdirmek, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we ulanmak ýaly ýörelgelere doýanmaly.

Sylaglamak. Bu okuwçynyň ýa-da toparyň jemgyýete, özüni alyp barşyna we işine položytel baha bermekdir. Ýerine ýetiren işi üçin sylaglanan okuwçynyň göwni göterilýär, öz güýjine ynam döreýär, öňe gitmäge ymtylyş ýüze çykýar.

Ýöne sylaglamak hemişe we hemme ýerde peýdaly diýmek bolmaz. Sylaglamagyň terbiýeçilik ähmiýeti ol özünde diňe edilen işiň netijesini jemlemän eýsem onuň motiwlerini we ýerine ýetiriliş ýollaryny hasaba alsa öser. Çagalara alnan sylag möçberini bahalandyrman eýsem sylanmagyň özüne baha bermegi öwretmeli. Ýuwaş, özüne ynamy bolmadyk çagalar sylaglanmaga mätäç. Okuwçy her bir eden ujypsyzja işi, üstünligi üçin sylaga garaşsa bolmaz. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylary bilen işlände köpräk sylaglamak usulyny ulanmaly. Olar öz eden işlerine, özüni alyp barşyna berlen baha begenýärler. Mümkin bolsa sylaglamak toparlaýyn bolsa peýdaly. Mugallym okuwçylaryň arasynda çenden aşa öwülýänleriň we gözden düşürilýänleriň emele gelmeginden habardar bolmaly. Sylaglamagyň terbiýeçilik ähmiýeti onuň obýektiwligine we toparyň jemgyýetçilik pikirinde goldaw tapanyna baglydyr.

Temmi bermek. Temmi bermek meselesine garaýyş pedagogikada gapma garşylykly we dürli dürlidir. Erkin terbiýe nazarýeti esasynda mekdeplerde temmi bermek ýatyrylypdy. A.S.Makarenko: Pikirlenip ulanylýan temmi ulgamy hökman gerekdir. Ol adamyň häsiýetini berkitmäge, jogapkärçilik duýgysyny terbiýelemäge, erkini türgenleşdirmäge kömek edýär. diýip belleýär.

Temmi bermek bu okuwçynyň özüni alyp barşynda, durmuş çäklerine ters gelýän hereketleri edenligi üçin oňa edilýän täsirdir. Temmi bermek okuwçynyň eden ýalňyşyna düşünmäge, onuň sebäbini bilmäge mümkinçilik berýär we onda uýat, özünden kanagatlanarsyzlyk duýgusyny döredýär. Bu ýagdaý özüni alyp barşyny düzetmäge mümkinçilik berýär.

Temmi bermegiň usulynyň serişdesi hökmünde mugallymyň duýduryşy, partanyň ýanynda durmak, pedagogik maslahata çagyrmak, mekdep boýunça buýruk bilen Käýinç bermek, başga parallel synpa geçirmek, başga mekdebe geçirmek, synp topary we synp ýolbaşçysy tarapyndan okuwça bolan garaýşy üýtgetmek bolup biler.

Temmi bermegi dogry ulanmak mugallymdan pedagogik takty we ussatlygy talap edýär.

Islendik bir berlen temminiň näme üçin berlendigi, sebäpleri we şertleri seljerilmelidir. Eger okuwçy bir özüni alyp barmakda tötänleýin ýalňyşlyk göýberse onda onuň bilen diňe söhbetdeşlik etmek bilen çäklense bolar. Temmi toparyň agzalary bilen maslahatlaşyp berilse onuň netijesi ýokary bolar. Mümkin boldugyndan toparlaýyn temmi bermekden daş durmaly. Bu ýagdaý okuwçylar toparynyň birleşmegine we mugallyma garşy çykmagyna getirip biler.

B.T.Lihaçew terbiýelemegiň şu aşakdakyusullar toparyny hödürleýär:

I. topar: Çagalaryň terbiýeçilik toparyny guramagyň we özara gatnaşygyny guramagyň usuly;Bu topara toparlaýyn ösüş, toparlaýyn oýun, toparlaýyn ýaryş, toparlaýyn öz-özüňe hyzmat etmek degişlidir.

II. topar: Gündelik söhbetdeşlik, işjeň, dostlukly, ynamly, birek-birege täsir we özara täsir;Bu topara sylamak, biri-biriňi sylamak, pedagogik talap, ynandyrma, ara alyp maslahatlaşmak, diňlemek, işe çekmek, gynanç, goramak, tankyt, konflikt ýagdaý döretmek usullary degişlidir.

III. topar: Çagalaryň özbaşdaklyk usullaryna öz-özüňi seljermek, öz-özüňi tankyt etmek, öz-özüňi ruhy-ahlak taýdan kämilleşdirmek, öz-özüňi terbiýelemek, öz-özüňe bilim bermek, öz-özüňi ele almak, öz-özüňi çäklendirmek, öz-özüňe gödekçilik etmek, öz-özüňe temmi bermek, öz-özüňi saklamak.

IV.topar. Çagalaryň öz-özüňi düzetmk, öz-özüňi stimulirlemek, öz-özüňi terbiýelemekde maksady bilen olaryň aňyny, özüni alyp baryny, işini stimulirlemek we saklamak üçin pedagogik täsir usullary;

Bu usul topary 3-e bölünýär:

a) aňyna, üregine we öz-özüňiň aňyna we ýüregine täsir usullar

b) duýgyňa we öz-öziň duýgyňa ýüzlenmek usullar

c) erkiňe we özüňi alyp barşyňa ýüzlenmek usullar

 





:


: 2018-11-11; !; : 547 |


:

:

,
==> ...

1922 - | 1694 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.048 .