.


:




:

































 

 

 

 


Topar. Şahsyýeti toparda terbiýelemek.




Mekdepde okuwçylar topary bilen geçirilýän iş kollektiw işi diýlip atlandyryldy. Kollektiwde (mundan beýläk topar) terbiýelemek meselesini A.S.Makarenko, H.K.Krupskaýa, W.A Suhamlinskiý we başga görnükli alymlar öz işlerinde beýan etdiler.

Kollektiw diýen söz kollektineus diýen latyn sözünden bolup toplum,topar,umumy ýygnak,birleşik diýlip terjime edilýär. Kollektiwiň adamlar toparydygy belli. Ýöne her bir topar kollektiw bolup bilermi? Häzirki zaman edebiýatynda kollektiw diýen düşünje iki manyda ulanylýar. Birinjisi, kollektiw bu gurnalan islendik adam topary (mysal üçin edaranyň kollektiwi); Ikinjiden, kollektiw diýip ýokary derejede gurnalan topara aýdylýar. Pedagogik edebiýatda kollektiw manysynda okuwçylar birleşigine aýdylýar. Kollektiwiň onuň topardan aratapawutlandyrýan wajyp häsiýetleri bar. Olar:

1. Umumy maksat.her bir toparda-da maksat bar. Goý ol awtobusda barýan ýolagçylar bolsun, goý tertip düzgüni bozýan topar bolsun. Esasy zat nähili maksat goýlanda we onuň gönükdirilendiginde. Toparyň maksady hökmany suratda jemgyýetiň maksady bilen deň bolmaly, jemgyýet we döwlet tarapyndan goldanylmaly, döwlet konstitusiýasyna we kanunlaryna garşy bolmaly däl.

2. Goýlan maksada ýetmek üçin umumy bilelikdäki iş we bu işiň umumy gurnalyşy. Adamlar toparlara öňde goýlan kesgitlenen maksada umumy güýçleri bilen tizräk ýetmek üçin birikdirilýärler. Onuň üçin toparyň (kollektiwiň) her bir agzasy işe işjeň gatnaşmaly, bu işiň umumy guramaçylygy bolmaly. Kollektiwiň agzalarynyň bilelikde ýerine ýetirlýän işiň netijesi üçin ýokary şahsy jogapkärçiligi bolmaly.

3. Biri-birine jogapkärçilikli gatnaşyk. Kollektiwiň agzalarynyň arasyndaky aragatnaşyk diňe olaryň ýerine ýetirýän işiniň maksady (işi ýerine ýetirmek) bolman, eýsem ol işiň ýerine ýetirilişinde ýüze çykýan kynçylyklara gynanmak, baha bermekde birleşmek (moral birleşik).

4. Umumy saýlaw bilen bellenýän organ. Kollektiwde demokratik aragatnaşyk ýola goýulýar. Onuň içinden abraýlylary saýlawyň üsti bilen ýolbaşçy bellenýär.

Bulardan başga-da kollektiw içki kollektiw aragatnaşygy, atmosferasy, psihologik klimat, topar agzalarynyň biri-biri bilen aragatnaşygy bilen aratapawutlanýar. Bu häsiýetleriň biri agzybirlik, biri-birine düşünmeklik, goraglylyk, goldaw. Gowy gurnalan toparlarda birek-birege kömek, jogapkärlik, duýgudaşlyk, tankyt etmek öz-özüňi tankyt etmek, ýaryş ýüze çykýar. Topar bu häsiýetler bolmadyk ýagdaýynda öz güýjini ýitirýär.

Mekdep kollektiwiniň berk zwenolarynyň biri synp kollektiwidir onuň üsti bilen okuwçylaryň esasy okuw işi amala aşyrylýar. Synp kollektiwinde okuwçylaryň arasynda şahsy aragatnaşyklaryň dürli görnüşleri emele gelýär.

Okuwçylar kollektiwi bu bir işi ýerine ýetirmek, ony guramak maksady bilen birigen, umumy saylaw organy bolan agzybir,umumy jogapkärçiligi,ähli agzalaryň hukuklarynyň we borçlarynyň birligi bolan okuwçylar toparydyr.

Kollektiwiň nazary meselelerini işlän görnükli pedagog A.Ş.Makarenkodyr.Onuň ýazan pedogogik we edebi eserlerinde topary döretmek, toparda terbiýelemegiň uysullary doly öz beýanyny tapypdyr. Onuň işleri topary tapgyrlaýyn formirlemegiň tehnologiýasyny düşündirýärler. Ol toparyň durmuş kanunyny düzdi: hereket- toparyň ýaşaýyş formasy, düzmek- onuň ölmek formasydyr: toparyň ösüş prinsiplerini(ýörelgelerini) kesgitledi: aýanlyk, birek-birege baglylyk,perspektiw çyzyklar, parallel täsir etmek; toparyň ösüş tapgyrlaryny ()

kesgitledi.

Kollektiw bolmak üçin topar hil ütgeşikleriň kyn ýollaryny geçmeli bolýar. A.Ş. Makarenko toparyň kollektiwe öwrülmeküçin onuň geçmeli ýollaryny aşakdaky tapgyrlara(stadiýalara)bölýär.

Birinji stadiýa (tapgyr) - ilkinji birleşmek stadiýasy.Bu wagt toparyň işine pedagogyň diňe özi ýolbaşcylyk edär we okuwçylar toparyny kollektiwe öwürmek üçin hereket edýär. Kollektiwi guraýjy-pedagog,ähli talaplar ondan gaýdýar. Toparda işjeň topar döredilip, ol işläp başlanda, terbiýelenilýänler bir umumy maksada ýetmek üçin umumy iş we umumy guramaçylyk esasynda birleşende birinji tapgyryň funksiýasy tamamlanýar.

Ikinji stadiýada (tapgyrda) işjeň toparyň täsiri güýçlenýär. Bu tapgyrda işjeň topar diňe pedagogyň talabyny goldaman, eýsäm toparyň agzalaryna öz talaplaryny edip başlaýar. Talap eden wagty olar öz düşünişlerine görä haýsy edilýän iş gowy peýda getirýänligini, haýsy işiň päsgel berip, zyýan getirýänini, göz öňünde tutýarlar. Eger-de işjeň topar kollektiwiň talaplaryna gowy düşünseler onda olar pedagogyň daýanýan kömekçileri bolýarlar. Işjeň toparyň işine pedagog bu tapgyrda esasy üns bermeli. Bu tapgyrda toparyň gurluşy berkäp başlaýar. Eýýäm ol bütewi ulgam hökmünde özi öz işini gurnaýan we ýerine ýetirýän mehanizm hökmünde çykyş edýär. Ol eýýäm öz agzalaryndan käbir kesgitlenen özüni alyp barmak boýunça talaplary edip başlaýar. Kem kemden bu talaplar giňelip başlaýar. Bu tapgyrda pedagogyň esasy maksady toparyň mümkinçiliklerini, onuň öňünde goýlan meseleleri çözmek üçin ulanmakdyr.

Bu tapgyrda toparyň ösüşinde gapma garşylyklar ýüze çykýarlar. Olar, topar bilen aýry aýry okuwçylaryň arasynda, olar öz ösüşinde ýa ha toparyň talabyndan ödňe gidýärler, ýa ha ol talaplardan yzda galýarlar; Umumy we aýrabaşga (indiwidual) ösüşiň arasynda; toparda özüni alyp barmak normalarynyň (çäkleriniň) we synpda öz akymlaýyn ýüze çykýan özüni alyp baryş çäkleriň arasynda: gymmatlyklara dürli garaýyş bolan aýratyn okuwçylaryň toparlarynyň arasynda. Şonuň üçin toparyň ösüşinde tiz ösüş, ösüşiň durmagy, dürli tarapa ösüş ýüze çykýar.

Üçünji stadiýa (tapgyr) ösüşiniň bu tapgyrynda her bir toparyň agzasy biri- birinden talap edip başlaýar: özünden edilýän talaby ýoldaşlaryndan edenden ýokary bolýar. Eger topar şu ösüş derejesine ýetse onda bütewi, ahlak taýdan arassa şahsyýeti terbiýeläp biler. Topar näçe ýokary derejede össe-de ol öz ösüşini saklamaly däl.

Toparyň dördünji ösüş stadiýasy her bir toparyň agzasy toparda toplanan tejribe esasynda özi-özüne talap edýär, ahlak normallaryny ýerine ýetirmek onuň üçin içki talaba öwrülýär, terbiýe prosesi, öz- özüňi terbiýelemek, prosesine geçýär.

Toparyň her bir ösüş tapgyrynda ony bekidýän we birleşdirýän uly we kiçi däp-dessurlar ýüze çykýar. Däp-dessur bu topar durmuşynyň berk formalary bolup, özünde terbiýelenilýänleriň däplerini, isleglerini emosional birleşdirýärler.

Däp-dessurlary uly we kiçi toparlara bölýärler. Uly däp-dessurlara geçirilýän uly dabaraly çäreler degişli. Olaryň taýýarlanyşy we geçirilişi terbiýelenilýänlerde öz toparyna bolan beýik duýgyny, onuň güýjüne ynamyny, jemgyýetçilik pikirlerini sylamagy terbiýeleýär. Kiçi däp-dessurlar uly taýýarlygy talap etmeýärler. Bu däp-dessurlar meýletin kabul edilen ylalaşygy gündelik tertip-düzgüni, talaplary ýerine ýetirmegi öz içine alýar. Däp-dessurlar üýtgeýärler we çalyşýarlar. Toparyň öňünde ýüze çykýan täze wezipeler olary çözmek üçin ulanylýan täze ussullar wagtyň geçmegi bilen täze däp-dessurlaryň ýüze çykyp köneleriň ýok bolmagyna getirýar.

A.S.Makarenko iň wajyp meseleleriň biri maksadyň saýlanylyşy diýip belläpdir. Terbiýelenilýänleri özüne çekip olary birikdirip bilýän maksady ol ösüş (perspektiwa) diýip alypdyr. A.S.Makarenko adam durmuşynyň iň möhüm stimuly ertirki günüň begenji diýen düzgünden ugur alýar. Toparyň her bir agzasyna düşnükli bolan, aňlanan we kabul edilen maksat ýüze çykýan kynçylyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek üçin birleşdiriji güýje öwrülýär.

A.S.Makarenko terbiýeçilik işiniň tejribesinde 3 ösüş ýoluny aratapawutlandyrypdyr: ýakyn, orta we uzak.

Ýakyn ösüş ýoly toparyň islendik ösüş stadiýasynda öňe sürlip bilner. Ýakyn ösüş ýoly bolup bilelikde geçirilýän gezelençler, kino, teatra, sirke barmak, gyzykly oýunlar ýaryşlar. Ýakyn ösüş ýolundan edilýän esasy talaplar: Ol terbiýelenýänleriň şahsy gyzyklanmasyna daýanmaly; her çaga ony özüniň şahsy ertirki begenji hökmünde kabul etmeli, ony amala aşyrmaga ymtylmaly. Ýakyn ösişiň iň ýokary derejesi bu toparlaýyn zähmetiň begenjiniň ösişidir. Diňe bilelikde ýerine ýetirilmeli işiň obrazy çagalary ýakynda boljak gyzykly täsirli ösüş hökmünde özüne çekmeli.

Orta ösiş ýoly: A.S. Makarenkanyň aýtmagyna görä bu toparyň durmuşynda ýerine ýetiriljek ýöne arasynda bir azrak wagt bilen çäklenen iş bolmaly. Bu ösişe ýetmek üçin birazrak güýç sarp etmek gerek bolýar. Häzirki zaman mekdepleriň tejribesinde ýaýran mysallara üns bereliň: sport bäsleşigini, mekdep baýramçylygyny, edebi agşamy geçirmek üçin taýýarlyk we olaryň geçirlişi. Orta ösiş ýolyny toparda okuwçylara täsir edip biljek olary öz yzy bilen alyp baryp bilýän işjeň topar ýüze çykandan soň ulansa bolar. Bu ösiş ýolyny toparyň ösiş stadiýalaryna laýyklykda wagta we çylşyrymlylygyna görä ulanmaly.

Uzak ösiş ýoly: Bu wagta görä uzakrak wajyp ýerine ýetirmek üçin köp güýç sarp etmegi talap edýän maksatdyr. Bu ösiş ýolunda soňky we jemgyýetçilik islegler arabaglanyşýarlar. Uzak ösiş ýoluna mysallar: mekdebi üstünlikli tamamlamak; hünär saýlamak. Bu ösiş ýoly topar umumy işi ýerine ýetirende, öňde saýlan maksada ýetmek üçin toparyň ähli agzasynyň gatnaşmagy gerek bolanda, toparyň ýerine ýetirýän işinde zähmet esasy orun tutanda gowy netije berer.

Ösiş ýoluny saýlanda onuň real netije bilen gutarmagyny gazanmaly. Okuwçylaryň öňünde wezipeleri goýmazdan ozal olaryň talaplaryny, isleglerini, ösiş derejesini, iş tejribesini göz öňünde tutmaly. Ösiş ýollaryny çalşyp, täzeläp durmak we olary kynlaşdyrmak- toparyň hökmany şertidir. Käbir sebäplere görä pedagogyň okuwca göni-den täsiriniň netijesiniň pesligi öňden belli. Okuwça onuň daş- töweregindäki synpdaşlarynyň, dostlarynyň üsti bilen täsir etmek gowy netije berýär. A.S. Makarenko paralel täsir etmek ýörelgesini öňe sürende ony göz öňüne alýar. Onuň arasynda okuwça göniden-göni täsir etmän oňa toparyň üsti bilen täsir etmek goýlan. Toparyň her bir agzasy keminden 3-güýjüň paralel täsiri astynda bolýar olar: terbiýeçi, işjeň topar we ähli topar agzalary. Bu ýörelgäniň mazmuny shematiki şeýleräk bolar.

 

Terbiýeçi tarapyndan şahsyýete täsir (paralel 1) işjeň toparyň we toparyň täsiri (paralel 2 we 2). Toparyň berkemegi bilen terbiýeçiniň her bir okuwça täsiri kemelýär, toparyň täsiri güýçlenýär. Paralel täsir etmek ýörelgesi toparyň ösişiniň ilkinji tapgyryndan ulanylyp başlansa bolar.

A.S. Makarenko içerki topar gatnaşyklarnyň stiline uly üns beripdir. Berk kollektiw toparynyň häsiýetleri diýip. 1) terbiýelenilýänleriň herekete, işe taýarlygy, hemişe ruhunyň belentligi; 2) öz güýjiňe, toparyňa ynam; 3) agzalaryň dostluk aragatnaşygy; 4) toparyň her bir agzasynyň goraklylygy; 5) işjeňlik, işi ýerine ýetirmäge taýýarlyk; 6) aýdýan sözleriňi, özüňi alyp barşyňy düzetmek, özüňi saklap bilmek.

A.S. Makarenkonyň abraýy birnäçe ýyllardan bäri ýokarydy. Ýöne soňky ýyllar terbiýelemek işini demokratizasiýalaşdyrmak we ynsanperwerleşdirmek pikirleriň öňe sürülmegi pedogoklardan öňki pikirleri gaýtadan seljermegi talap etdi. A.S. Makarenkonyň terbiýeçilik ulgamyna alternatiw garaýyşlar ýüze çykdy. Pedagogik ylymlaryň dokdary, professor Ý.P. Azarow şolaryň ilkinjilerini biri. Onuň aýtmagyna görä topar bilen meşgullanyp bir aýratyn bir şahsyýeti ýatdan çykarýas ol barada pikir etmeýäs.

Topar bilen şahsyýetiň aragatnaşygy şu günki esasy soraglaryň biri. Birnäçe ýylyň dowamynda okuwçynyň şahsyýetini toparda terbiýelemek meselesi pedagogik edebiýatda seredilmedi. Şahsyýet topara boýun bolmalydyr diýlip düşündirildi. Adam baradaky filosofik konsepsiýalara we dünýä pedagogik tejribesine daýanyp bu meseläniň täze çözgütlerini tapmak gerek.

Çagany topar aragatnaşyklar ulgamyna goşmak kyn, bu gapma garşylykly mesele. Ilki bilen onuň çuň indiwiduallygyny bellemek gerek. Okuwçular toparyň geljekki agzasy, biri-birinden saglygy bilen, daşky keşbi bilen, häsiýetleri bilen, bilimleri, başarnyklary bilen aratapawutlanýarlar. Şonuň üçin olaryň her haýsy topar aragatnaşyk ulgamyna dürli-dürli aralaşýarlar. Topara ters täsir edýärler, ýoldaşlary tarapyndan dürli garaýyşlara duçar bolýarlar.

Şahsyýetiň topar aragatnaşyk ulgamynda öz ornuny tapysy onuň toplan durmuş tejribesine baglydyr. Şahsyýetiň özüni alyp barşyny, pikirlenşini gymmatlylyklar ulgamynda özüni alyp barşyny onuň tejribesi kesgitleýär. Onuň garaýyşlary toparda emele gelen garaýyşlara deň bolmazlygy mümkin. Şahsyýetiň we toparda emele gelen gymmatlyklaryň we däpleriň biri-birine deň gelmegi şahsyýetiň toparyň düzümine aralaşmagyny ýeňilleşdirýär. Eger şahsyýetiň tejribesi toparyň tejribesinden az bolsa ýada köp bolsa şol ýagdaýda oňa toparyň agzalary bilen aragatnaşyk gurmak kyn bolýar.

Toparda şahsyýetiň aragatnaşygynyň nähili ýola goýuljakdygy diňe oňa bagly bolman, toparlarada degişlidir. Tejribäniň görkezijisine görä haýsy topar däplere daýanyp, öz pikiri bolup, öz-özini dolandyrýan bolsa öz ösüşini ýokary derejä ýeten bolsa, şol ýerde aragatnaşyklar talaba laýyk ýola goýulýar. Bu topara düşen islendik täze agza normal aragatnaşyk gurap biler.

Her bir adam elinden geldiginden toparda öz ornuny berkitjek bolýar, özi üçin oňaýly ýeri eýelejek bolýar. Ýöne käbir subýektiw we obýektiw sebäpler ähli agza ony ýerne ýetirmäge mümkinçilik bermeýär. Esasanam öz-özini aňlaýşy, öz-özini bahalandyrşy pes bolan kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna toparda öz ornuny tapmak, toparyň ýoldaşlarnyň oňa bolan garaýşyny bahalandyryp bilmezligi, toparda öz ornuny tapmagyny kynlaşdyrýar.

Ylmy barlaglaryň netijesinde şahsyýet bilen toparyň arasyndaky aragatnaşygyň 3(üç) esasy ýaýran modeli kesgitlendi. 1 Şahsyýet topara boýun bolýar. (konformizm); 2 Şahsyýet we topar optimal aragatnaşykda bolýar. (Garmoniýa); 3 Şahsyýet topary özine boýun edýär (nonkorformizm). Bu umumy modellerden birnäçe hili aragatnaşyk çyzyklary ýüze çykýar, mysal üçin: topar şahsyýeti kabul etmeýär; şahsyýet topary kabul etmeýär; biri biriniň işine gatyşmazlyk ýörelgesi boýunça ýaşamak we ş.m.

 

 


Şahsyýet we kollektiw

         
   

 


Şahsyýet kollektiwe boýun bolýar

 

Aragatnaşyk talaba laýyk

 

Şahsyýet kollektiwi boýun edýär

Sözde kabul edýär
             
Zor bilen kabul edýär, garşylyk görkezýär
 
Gymmatlyklaryň iki ulgamy
 
Formal däl liderçilik
Ýerine ýetirmeli işleriň belligi
Şahsyýet kollektiwi özüne boýun edýär
Doly boýun bolmak
Gymmatlyklary kabul edýär
Doly bitewilik

 


Birinji modele görä şahsyýet kollektiwiň talabyna tebigy we öz erkli boýun bolýar, kollektiwe uly daşky täsir edýän güýç höküminde-de boýun bolýar ýöne kollektiwe daşky heraketleri bilen formal boýun bolan bolup öziniň garaşsyzlygyny we indiwiduallygyny saklamaga synanyşýar. Egerde şahsyýetde kollektiwiň düzümine girmek ymtylmasy bolsa, şahsyýet kollektiwiň gymatlyklaryny kabul edýär. Ondan soň kollektiw şahsyýeti öz düzümine girizýär, öz talaplaryna, gymmatlyklarna, däplerne, çäklerne boýun edýär.

Ikinji modele görä hadysalaryň dürli ösişiniň dürli ýollary ýüze çykmagy mümkin: 1) Şahsyýet içki garaşsyzlygyny saklap, kollektiwiň talaplaryna daşky heraketleri bilen boýun bolýar; 2) şahsyýet açyk garşylyk görkezýär; şahsyýetiň topara ýakynlaşmagynyň motiwleri dürli-dürli: Biziň mekdeplermizde şu gün köp duş gelýän motiw bolar bolmaz garşylykdan gapmagarşylyklardan daş durmak häsiýetnamany bozmazlyk. Bu ýagdaýda okuwçy diňe daşky herketleri bilen kollektiwiň talaplaryny kabul edýär,özini alyp barşynda, geplände, öz pikirini aýdanda edil kollektiwde kabul edilen ýaly ýerine ýetirýär. Ýöne kollektiwden daşda ol eýýäm öziniň öňki durmuş tejribesine daýanyp öz pikirini başgaça beýan edýär. Bu ýagdaý wagtlaýyn geçýänem bolup biler. Şol bir wagtda hemişelik hem galyp biler. Bu ýagdaýyň hemişelik galmagyna şahsyýetlerde bar bolan öňki durmuş tejribesiniň kollektiwiňkä garşy bolmagyna we onuň başga daşky toparlardan (maşgala, daş-töwerek, deň-duşlar, köçe we ş.m täsiriniň güýçliligi bolup biler.

Kollektiwe açyk garşylyk görkezmek ýaly ýagdaýlar biziň mekdeplerde seýrek duş gelýär. Öz-özini goramak duýgusy hereket edýär. Şahsyýeti özine zor bilen boýun eden kollektiw Žandarymyň (ezijiniň) rolyny ýerine ýetirýär. Bu ýagdaý terbiýa ynsanperwer garaýşa ters gelýär. Şahsyýet bilen kollektiwiň aragatnaşygyny kämilleşdirmegiň täze ýollarny gözleýän pedagoklar pikirlenmäge mesele bar.

Şahsyýetiň kollektiwiň işine doly-girşe aragatnaşygyň ideal görnişidir. Käbir barlaglaryň netijesinde kollektiwde özüniň durmuş şertlerni oňaýly saýan okuwçylar (sorag edilen çagalaryň bary ýogy 5%). Bu çagalary içgin öwrenip olara kollektiwlik hiller tebigy berlendigi şonuň üçin hem olar islendik kollektiwde ýaşap isläp bilýändikleri, olarryň adamlar bilen ýaşamagyň položitel tejribesini ele alandyklary beli boldy. Bu ýagdaýda şahsyýet bilen kollektiwiň arasynda hiç hili gapma-garşylyk bolmaýar. Kollektiwiň her bir agzasy dostlukly uzak wagtlyk birleşigiň bolmagy üçin alada edýär.

Aragatnaşygyň ýene-de bi görnişi-bolmaklyk şahsyýet we kollektiw bar. Ýöne aragatnaşyk formal. Şonda-da bu topar kollektiw adyny göterýär. Bu kollektiwlerde iki gymmatlyklar ulgamy emele gelýär.Mugallymyň ýolbaşçylygynda okuwçylaryň arasynda guralýan işler položitel netije berýär, ýörite gurnalmadyk aragtnaşykda onuň netijesi pes bolýar.(otrisatel) Sebäbi çagalar kollektiwde özüniň indiwiduallygyny görkezip bilmeýärler we mugallym tarapyndan zor bilen berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeli bolýarlar. Haýsy kollektiwde okuwçylaryň ýerine ýetirýän işleriniň sanyny giňeldip bolsa şol ýerde çagalary kollektiw aragatnaşyklaryna goşmak aňsat bolýar.

Şahsyýet bilen kollektiwiň aragatnaşygynyň modeli şahsyýet kollektiwi özine boýun edýär. Bu ýagdaýlara seýrek duşmak bolar. Kollektiwde ýüze çykýan formal däl lideri, onda ýüze çykýan iki, käbir wagt üç gymmatlyk ulgamyny göz öňünde tutup biz bu modeli ýok diýip bilmeris. Kollektiwde ýüze çykan indiwidual durmuş tejribesi baý lider çagalary özine çekip biler. Lideriň özüne çekijiligi onuň şahsy hilleri bilen özüni alyp barşynyň we pikirlenşiniň aýratynlygy bilen kesgitlenilýär. Bu ýagdýda kollektiwiň sosial durmuş tejribesi üýtgeýär. Bu ýagdaý iki häsiýetli bolup biler kollektiwiň durmuş tejribesini baýlaşdyrjy ýa-da tersine onuň işine ters täsir ediji, egerde formal däl liderler çagalary kollektiwdäki bar bolan sosial gymmatlyklaryndan pes derjede özine çekse.

Kollektiwlerde islendik buýurlan işi ýerine ýetirjek bolup ylgap ýörän okuwçylar köp. Olar köpçiligiň öňinde özini görkezmek maksady bilen, käbir ýagdaýlarda başga biriniň hasabyna abraý gazanjak bolýarlar. Olary kollektiwiň işiniň ýagdaýy gyzyklandyrmaýar tersine kollektiwde ýüze çykan kemçilikler, näsazlyklar olary begendirýär, sebäbi bu ýagdaýlar olara özini görkezmäge mümkinçilik berýär.

Elbetde, ýokarda agzalan modeller bilen şahsyýetiň we kollektiwiň aragatnaşygy gutarmaýar. Her bir anyk ýagdaýda bu meselä aýratyn üns bermeli.

Sosiadinamiki kanun. Bir adam özüne çekiji daş töwrek bilen aragatnaşygy gowy başga biri tersine oňuşyksyz. Belli amerkan pedagogy D.Morenonyň aýtmagyna görä adamyň şahsy aragatnaşyk ulgamy edil jemgyýetde baýlyk paýlanylyşy ýaly hemişelik beýiklikdir we ol sosiodinamika kanuna boýun bolýandyr. Onuň esasy mazmuny her bir adam özüniň dogabitdi häsiýetine görä tele ol ýeke, başga adamlary özüne çekýär, ýaha orundan itekleýär gowy maşgalada doglup, önüp ösen çaga güýçli tele eýe bolýar hemişe adamlary özüne çekýär. Tertipsiz maşgalalarda önüp ösen ýaşlar özüniň ýaramaz terbiýesi bilen adamlary özünden itekleýär. Pikirleniň? Siz bu sosiodinamiki kanun barada näme diýip bilersiňiz?

Kollektiwe pedagogik ýolbaşçylyk. Kollektiw üznüksiz üýtgeýär, sebäbi onuň düzümindäki adamlar üýtgeýär.Kollektiwiň şahsyýete täsir edýän häsiýetide üýtgeýär. Mekdep kollektiwlerinde prosesler şeýle bir tiz ösýärler ony öwrenýän hünärmenlerde onuň yzyndan ýetip bilmeýär. Ýöne ünüsli seretseň kollektiwiň ösişi öz akymlaýyn bolman pedagogik taýdan dolandyrylýandygyna göz ýetirýäň. Kollektiwe ýolbaşçylyk etmegiň netijeliligi onuň ösüş kanunalaýyklyklary nähili derejede ösenligi, terbiýeçiniň pedagogik täsirleri saýlaýşynyň, anyklaýşynyň dolylygyna baglydyr.

Okuwçylar toparyny dolandyrmak diýmek kollektiwiň ösüş derejesini kesgitläp ony okuwçylary terbiýeleýji serişde hökmünde ulanmak diýmekdir. Kollektiwi dolandyrmagyň netijeliligi özüniň aýratynlyklary we öz-özüni dolandyrmak mümkinçilikleri doly hasaba alynsa şonça ýokary bolar. Okuwçylar kollektiwini dolandyrmak iki sany biri-biri bilen berk baglanyşykly proses hökmünde amala aşyrylýar:

1)Okuwçylar kollektiwi we onuň düzümine girýän çagalar barada maglumatlary toplamak:

2) kollektiwi kämilleşdirmek we onuň her bir aýratyn agzasynyň şahsyýetine täsiri güýçlendirmek maksady bilen täsir etmek.

Kollektiwi pedagogik dolandyrmak üçin şu wajyp düzgünleri ýerne ýetirmeli.

1) Pedagogik ýolbaşçylygy okuwçylaryň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy özüniň güýjini görkezmäge ymtylşy bilen arabaglanyşdyrlmaly. Çagalaryň işjeňligini ýatyrmaly däl, dogry gönikdirmeli, buýruk bermeli däl bilelikde işlemeli.

2) Kollektiw ösýän ulgam, ol elmydama ösýär, üýtgeýär, berkeýär. Şonuň üçin hem oňa pedagogik ýolbaşçylyk etmek hem üýtgemän durup bilmez.

3) Synp ýolbaşçy kollektiwiň ösişiniň ýokary netijesini diňe şu synpda işleýän mugallymlar toparyna daýanyp kollektiwi umumy mekdep işine goşup beýleki synp kollektiwleri bilen aragatnaşyk gurap, ata-eneler bilen hemişe berk aragatnaşyk saklap gazanyp biler.

4) Gözboýakçylyk (formolizm) terbiýäniň iň gazaply ýaman duşmany. Öňde goýlan maksatlaryň, geçiren çäreleriň mazmuny şahsy gönikdirilen bolmaly bu ýerde köp zat mugallymyň şahsyýetinede baglylygyny ýatdan çykarmaly däl. Ol öz okuwçylarynda nähili hilleri emele getirjek bolsa, olarda şol hillerde terbiýelenilýär.

5) Dogry ýolbaşçylygyň görkezijisi kollektiwde onuň durmuşy bilen bagly bolan wajyp soraglar boýunça umumy pikiriň bolmagydyr. Kollektiw şahsyýetde emele gelmeli häsiýetleri tizleşdirýär we güýçlendirýär: her bir terbiýelenilýän oňa edilýän talaplary kabul edip bilmeýär. Şonuň üçin dostlarynyň tejribesi, toparyň pikiri ony özüne dogry alyp barmak ýoluna düşmäge kömek etmeli.

6) Terbiýelemek işini demokratizasiýalaşdyrmak diýmek, kollektiwiň agzalarynyň ýerine ýetirýän işine gözegçiligi aýyrmak diýmek däldir. Gözegçilik ýola goýlanda kollektiwiň tutuş ösüşine we aýratyn onuň her bir agzasynyň ösüşine üns bermeli. Bu ýerde gözegçilik we öz-özüňe gözegçilik ýola goýulmaly.

7) Psihologik barlaglaryň netijesi toparda şahsyýetara gatnaşyklar köpderejeli strukturalygyny kesgitledi. Şahsy aragatnaşygyň birinji derejesi biri-birine bagly bolmak. Çagalaryň biri-birine bolan gowy garaýyşy, garşylygy, aragtnaşyk gurmagyň aňsatlygy ýa-da kynlygy islegleri birmeňzeşligi ýa-da aýrylygy şahsy aragatnaşygyň ikinji derejesi. Onda umumy işi ýerine ýetirmek umumy kollektiw gymmatlyklary hökmünde ýüze çykýar. Aragatnaşygyň bu derejesinde kollektiwiň agzalarynyň arasynda bir işi ýerine ýetirmek okuwda, sportda, zähmetde, dynç almakda, dostlukly aragatnaşykda bolmak wajyp. Şahsyýetara gatnaşygyň üçinji derejesinde ähli işler, olary ýerine ýetirmek, kollektiw maksatlar heme agzalar üçin bütewi arabaglanyşyk ulgamyny emele getirýär.

8) Okuwçynyň kollektiwde özüni alyp barşynda ýüze çykýan kemçilikleriň biri oňa tabşyrylýan ýumuşlaryň özüniň mümkinçiliklerine deň gelmeýändir. Tabşyrylan ýumuşlar çagalaryň gyzyklanmalaryna, mümkinçiliklerne deň gelmese onda bu işler formal ýerine ýetiriler ýa-da umuman ýerine ýetirilmez. Şonuň üçin tabşyryklar, ýumuşlar berlende kollektiwiň talaplarna üns bermeli, ýöne şol bir wagtyň özünde çagalaryň isleglerini gyzyklanmalarny göz öňünde tutmaly.

9) Barlaglaryň netijesinde çaganyň toparda haýsy derejede gowumy ýa-da ýaman derejede bolmagy eýýäm ikinji günlerden belli bolýar we bu ýaddaý topryň köp agzalary üçin bolmaly ýagdaý hökmünde kabul edilýär. Terbiýeçi bu ýerde okuwçynyň aýratynlyklarny, onuň ahlak sypatlarny, beden sazlygy öwrenmeli. Ondan soň okuwçyny topardaky ornuny keskitlemeli.

10) Synp kollektiw aragatnaşygynda kabul edilen düzgünler çäkler okuwçynyň tutýan ornuna täsir edýär. Bir okuwça bu düzgünler kollektiwde özüni erkin duýmaga kömek etse, beýleki okuwçy üçin olary kabul etmek kynçylyk döredýär. Şonuň üçin kollektiwde wagtlaýyn kollektiwler döretmeli we kynçylyk çekýän okuwçylary ýokary derejede öňde durýan ýaly topara geçirmeli.

11) Kollektiwde ýerine ýetirilýän işleriň üýtgemegide okuwçynyň ol ýerde özüni duýşuna uly täsir edýär. Bu ýaşda täze liderler peýda bolýarlar, olar esasy ýerleri eýeleýärler. Synp ýolbaşçysy kollektiwiň işini häsiýetini üýtgetjek bolsa ol ilki bilen okuwçylary täze aragatnaşyga girmäge taýarlamaly. Çagalar toparlary bilen bir hatarda mekdepde, jemgyýetde birnäçe özbaşdak formal däl birleşmeler hereket edýärler olaryň esasy maksady ýaşlar gyzyklanmalarny kanagatlandyrmak bolup durýar. Olaryň düzümine akylly, parasatly, ruhy baý, gözleýji, dörediji ýaşlar girýärler.

Ol birleşmelere özbaşdak, öz-özüni dolandyrýan birleşmeler diýse hem bolar. Bu toparlaryň ýüze çykmagynyň başga sebäpleride bolup biler çagalaryň boş wagtynyň köpligi, medenýetiniň ösmegi pedagogik-psihologik gapma-garşylyk, işleriň formal ýerine ýetirlişi.

Pedagogika formal däl toparlaryň işini, durmuşyny öwrenip onuň terbiýeçilik gönükdirenligini işiniň usullarynyň görnüşleriniň aragatnaşygyny gymatlyklaryny ulanmaly. Bu toparlara jübit dostluk, kiçi topar dostlugy ýaly aragatnaşyklar gyzyklanma boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin birleşýärler.

Soňky ýyllar kollektiwi berkitmek olaryň işini guramagyň netijeleligi ýokarlandyrmak meseleleri T.E. Konikowa, L.I. Nowikowa, M.D. Winogradowa, A.W. Mudrik, O. S. Bagdanowa, L. B. Perwin we başgalar, kollektiwiň işini stimulirlemegi ýörelgelerni we usullaryny öwrenmäge L.Ý. Gordin, M.P. Şuls we başgalar, kollektiwiň terbiýeçilik funksiýasyny we öz-özüni dolandyrmak meselesini W.M. Karatow; kollektiwiň ösişiniň pedagogik esaslarny E.S. Kuznessowa, N.E. Şurkowa daglar öwrendiler. Şu günler kollektiwiň aşaky ösüş derejesine topar-konglomerand ösüşiniň ikinji derejesine topar asosiasia, toparyň ösüş derejesiniň üçünji toparna topar-kooperasia, ösüşiniň dördinji derejesine topar-awtonomiýa, ösüşiň bäşinji derejesine korporasia; ösişiň soňky etabyna topar kollektiw diýilýär.

Toparda şahsyýeti terbiýelemek meselesi öwrenilýän wajyp meseleleriň biri hökmünde pedagogika ylmynda öz ornuny tapyp gelýär.

Okuwçylar topary ýaş nesli terbiýelemekligiň güýçli serişdeleriniň biridir. Şoňa görä-de pedagogika ylmynda-da mekdepleriň iş tejribesinde-de okuwçylar toparyny terbiýelemeklige uly ähmiýet berilýär. Bu iş synp ýolbaşçysynyň terbiýeçilik işiniň esasy özeni bolup çykyş edýär. Pedagogika kursunda toparyň emele gelşi we şahsyýeti toparda terbiýelemegiň nazarýeti doly beýan edilen.

Çagalary toparda terbiýelemek terbiýe ulgamynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar, sebäbi hut toparda şahsyýet öz ukyplyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik alýar. Topar öz agzalarynyň dogry terbiýe almagy üçin olaryň öz şahsy bähbitlerini toparyň bähbitleri bilen utgaşdyrmagy, sazlaşykly ösmekleri üçin zerur şertleri üpjün edýär. Topar öz agzalarynyň indiwidual ukyplarynyň, başarnyklarynyň ösmegine we şonuň bilen bir wagtyň özünde hem topar ruhynda terbiýelemäge mümkinçilik döredýär.

Rus pedagogy A.S.Makarenko özüniň iş tejribesinde çagalary toparda topar arkaly terbiýelemekligiň artykmaçlyklaryny ýüze çykardy we subut etdi.

Toparyň nazarýetine daýanyp onuň kemala gelişiniň usuly işlenildi. Onuň umumy esasylary şulardan ybarat: talap etmek, işjeňligi terbiýelemek, okuw zähmet, syýasy-jemgyýetçilik we medeni köpçülik işleriň esaslaryny guramak.

Synp toparyny kemala getirmek üçin mugallym onuň ösüş döwrüni kesgitlemeli, okuwçylaryň aragatnaşygyny öwrenmeli.

Toparyň ösüşi 3 ýa-da 4 bölümde geçýär. Başda mugallymyň ýolbaşçylygynda synpda arassaçylyk, tertip ýola goýulýar. Ikinji bölümde synp ýolbaşçy işjeň toparyň kömegi bilen okuwçylara täsir edýär. Toparyň ösüşiniň 3-nji bölüminde Bir adam hemmeler üçin, hemmeler bir adam üçin diýen düşünjeden ugur alynýar. Toparda öz-özüňi dolandyrmak ulgamy ýüze çykýar. Topar esasy sosial-psihologik ösüşe eýe bolýar. Bir basgançakdan, başga birine geçmek kyn, köp işi talap edýär. Ýöne muňa garamazdan topary kemala getirmek gyzykly iş. Bu synp ýolbaşçynyň esasy işi. Terbiýeçilik işiniň netijeliligi onuň bilen baglanyşykly. Eger okuwçylar topary düzulmese, okuwçy mekdepden arkaýyn gider, hat-da soň mekdep-de okan ýyllaryny ýadyna-da salmaz. Eger okuwçy tejribeli synp ýolbaşçynyň elinde terbiýelense, ol oňat adam bolup çykýar. Onuň dostlary köp bolup, baran işinde ýa-da okuw jaýynda-da okamak, işlemek oňa aňsat düşýär.

Toparyň ösüş derejesini kesgitlemek aňsat. Onuň üçin belli bir ösen topar bilen deňeşdirip görmeli (belli maksady barmy, maksada gönükdirilen iş bilen meşgullanýarmy, öz-özüni dolandyryşy, edýan, ýerine ýetirýän işinde jogapkärçilik barmy). Toparda biri düzgüni bozsa onda oňa toparyň beýleki agzalarynyň garaýyşyndan-da ösüş derejesi barada maglumat alsa bolar. Eger topar ösüşiň birinji derejesinde bolsa ýalňyş hereket eden okuwçyny ýazgarjak az bolar. Eger topar ösüşiň ikinji derejesinde bolsa, işläp duran synp mugallym bilen bile tertip bozan agza düzelmegi talap ederler. Toparyň ösüşiniň häsiýetnamalarynyň biri-de okuwçylaryň umumy bir işi ýerine ýetirişi jemgyýete peýdaly zähmet, agşam geçirmek we ş.m. Synp ýolbaşçy synpyň okuwçylarynyň hemmesiniň gylyk-häsiýetini, maksadyny, içki dünýäsini bilmeli. Eger olaryň maksatlary toparyň öňunde goýan maksady bilen baglanyşykly bolsa, onda topar ösüşiň 2-nji bölüminden doly geçendir.

Synp ýolbaşçy okuwçylaryň, toparyň ösüş derejesini kesgitlemek üçin diňe synpdan daşary terbiýeçilik işine bolan gatnaşygyna doly daýanmaly däl. Okuwçylaryň esasy işi okuw işi. Synp ýolbaşçynyň işi çagalar toparyny kemala getirmekde ilki bilen toparyň agzalarynyň okuwa, bilim almaga gatnaşygyny, sapakda özüni alyp barşyny, öý-işleri ýerine ýetirişini öwrenmeli.

Mekdebiň VIIA synp okuwçylarynyň arasynda öý-işlerini biri-birine göçürtmek toparda dostluk agzybirlik diýip düşünipdirler. Okuwçylaryň arasynda Öý-işleri göçürtmäge nähili garaýaňyz diýilip anketa ýaýradylanda, diňe bir okuwçy oňa garşy jogap beripdir. Synp ýolbaşçy bu synpyň okuwçylary bilen işlemek kyn diýip düşünipdir. Toparda gowy okaýan okuwçylar köp, ýöne sapagyna ýetişmeýänler-de bar. Synpdan daşary terbiýeçilik işleri (agşamlar, duşuşyklar, syýahatlar) köp geçirilýär. Ýöne olaryň çagalaryň esasy işi okuw işi bilen arabaglanyşygy ýok.

Toparyň agzalarynda: Okuw işi her okuwçynyň şahsy öz işi diýen pikir ýüze çykýar. Bu ýagdaý toparyň ösüşiniň pes derejededigini görkezýär.

Synp ýolbaşçy kä halatlarda işläp başlan okuwçylar toparynda her hili çylşyrymly ýagdaýlara düşüp biler. Okuwçylaryň arasynda toparyň düzüminiň ýoklygy ýüze çykyp bilner. Bu ýagdaýlar täze toplanan synp okuwçylarynda, täze mekdeplerde, nebsimiz agyrsada bile okap ýören okuwçylar toparynda-da bolup biler. Onuň esasy sebäbi başlangyç synplarda olar bilen ertirlikler geçirilmändir.

Täze synp bilen işläp başlan synp ýolbaşçy işe başlanda hemme zady täzeden başlamaly diýip pikir etmeli däl. Sebäbi IIII synplarda olar bilen tejribeli mugallym işlän bolsa, gowy kemala gelen synp toparyny-da düzüp biler. Synp toparynyň ösüş döwürlerini öwrenip onuň bilen geçirmeli işleriniň degişli ussullaryny ulanýar.

Toparyň ösüş derejesini kesgitlemegiň ýollarynyň biri-de okuwçylaryň okuw işinde, sapakdan soň, mekdepde-de mekdepden daşarda özlerini alyp baryşyna syn etmeli. Ýörite barlag usullary ulansa bolar. Meselem, anketa, pedagogik meseleler çözmek. Synp ýolbaşçy okuwçylar toparyny öwrenmek maksady bilen ulanan usullaryny pikirlenipräk ulanmaly. Sebäbi her bir okuwçyny öwrenmäge gönükdirilen usul şol bir wagtyň özünde terbiýe usulydyr. Mysal üçin ulanan anketa usulynyň netijesini tutuş toparda derňew edip okuwçylaryň arasynda nägilelik ýüze çykaryp bolar.

Pedagogiki ýagdaýlary döredip mugallym toparyň güýçli we güýçsiz taraplaryny kesgitläp biler. Toparyň arasynda okuwçynyň kemçiligini aýdyp onuň göwnüni çökdürmeli däl. Ýagdaý boldygyndan okuwçylaryň, toparynyň oňat taraplaryny kesgitläp şol tarapyny ösdürmeli.

Toparyň ösüş derejesini kesgitländen soň, synp ýolbaşçy terbiýe usullarynyň gereklilerini ulanýar. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny hasaba almagyň hökmanylygyny ýatda saklamaly. Topary kemala getirmegiň ilkinji günlerinde synp ýolbaşçynyň özüniň şahsy işine köp orun berilýär.

Öňde goýlan meseleleri çözmekden işi başlamaly. Toparyň haýsy ösüş derejesindedigine garamazdan onuň öňünde goýlan maksady ýakyn, orta we uzak bolmaly. Başda mugallym ýakyn maksady öňe sürýär. Olar gyzykly topar oýunlary, işler bolup, şol bir wagtyň özünde oňa taýýarlanmagy talap etmeli. Çagalar bu işden göwni hoş bolmaly. Bu işler syýahatlar, medeni gezelençler, oýunlar bolup biler. Mugallymyň kömegi bilen geçirilen bu iş okuwçylaryň arasynda guramaçylyk ukyby bolan çagalary saýlap alyp olary işjeň toparyna goşmaga mümkinçilik berýär.

Perespektiwalar öňe sürlende (ýakyn, orta, uzak) olar okuwçylaryň durmuşynyň hemme tarapyny öz içine almaly: okuw, ideýa syýasy, zähmet, medeni köpçülik işleri. Eger mugallym şeýle etse onda ol diňe oýun bilen baglanyşykly perespektiwalary öňe sürmekden azat bolýar.

Okuw işinde okuwçylaryň özara gürrüňdeşligini guramak elbetde, kynrak bolýar. Köp mugallymlar oňa ýolam bermeýärler. Şony göz öňünde tutup synp ýolbaşçy okuwçylaryň biri-birine öý-işlerini ýerine ýetirmegi kömek etmegi tabşyryp, gurnaklara gatnadyp, gyzyklanýan dersleri boýunça iş tabşyryp olaryň okuw işinde gürrüňdeşligini ýola goýüp biler. Okuwçylaryň biri-birine kömek etmegini ýola goýmak synp toparyny kemala getirmegiň görnüşleriniň biri bolup hyzmat edýär.

Okuwyň başynda 8A synpyň synp ýolbaşçysy A.A. gowy okuwçylardan matematika sapagyna ýetişmeýänlere kömek etmegi tabşyrýar. Ýöne okuwçylaryň köpüsi bu işden boýun gaçyryp: Okasy gelmese okamasyn, Her kim özü üçin okaýar, Okasy gelmese oňa hiç kim kömek edip bilmez diýen ýalta bahana tapdylar. Diňe iki okuwçy Kömek etmeli bolsa ederis diýip bu işi ýerine ýetirjekdiklerini aýtdylar. Synp ýolbaşy näme etjegini bilmän okuwçylaryň aýdanlary bilen ylalaşdy. Näme üçin synp ýolbaşçy okuwçylar bilen ylalaşdy? Sebäbi okuwçylaryň biri-birine kömekleşmegini ýokary synpda gurap bolmaýar. Ikinjiden çagalara biri-birine kömegi tabşyryk boýunça ýerine ýetirdip bolmaýar. Bu ýerde okuwçylaryň psihologik ýagdaýyny (içki aragatnaşygyny-da) göz öňünde tutmaly.

Ýokary synplarda (9-njy synplarda 71 okuwçy okaýar) anketa ýaýradyldy. Oňa şeýle sorag goýuldy: Siz öz ýoldaşlaryňyzyň üstünliklerine begenýärsiňizmi? 71 okuwçydan 45 okuwçy şeýleräk jogap berdi: Hemmesiniň üstünligine däl, Käbiriniň üstünligine, Diňe ýakyn dostlarymyň üstünligine. Eger şu synplarda birek-birege kömek etmegi guramaly bolsa kyn bolardy. Ýöne synp ýolbaşçy ýokary synp okuwçylarynyň arasynda birek-birege kömegi ýola goýjak bolsa ol bu işi ýerine ýetirip biler.

Birinjiden synpda okadýan mugallymlar bilen gepleşip sapagy sadarak hemme düşüner ýaly edip geçmegi;

Ikinjiden öý işi berlende ýönekeý, köp bolmaz ýaly, güýçýeter bermegi we onuň ýerine ýetirilişini düşündirmegi;

Üçünjiden gowşak okaýan okuwçylara köpräk üns berip, gerek bolsa olary sapagyň soňunda alyp galmagy;

Dördünjiden gowy okaýan okuwçylary gowşak okaýanlara kömek etmegi haýyş etse bu iş ýerine düşer.

Nebsimiz agyrsada sapakda diňe gowy okaýan okuwçylar bilen işleýän, ýetişmeýänlere üns bermeýän, öý-işlerini ýerine ýetirmegiň ýollaryny düşündirmeýän mugallymlar duş gelýärler. Mugallym sapakda gowy okaýanlar bilen işläp, gowşaklary gözden düşürýär. Bu bolsa, öz wagtynda synpda tertip-düzgün bozulmagyna getirýär. Mugallym okuwçylaryň göwnüne degýär. Synpda şu samsyklar bolmadyk bolsa biz sapagy gowy geçerdik diýip gaharlanýar. Ikinji bir tarapdan bu ýagdaý gowy okaýan okuwçylarda-da okuwa höwesi peseldýär. Olar-a keýp edip soraga taýýarlanman oýnap ýörmeli, diňe biz okamaly diýip bular-da okamagy goýýar. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin toparda birek-birege kömek etmegi ýola goýmak hökmandyr. Bu işde synp ýolbaşçynyň mugallymyň şahsy mysaly uly orun tutýar. Olar özüniň işine garaýşy bilen, alyp barýan işi bilen okuwçylarda okuwa, zähmete söýgi döredip bilerler. Ýokary synplarda topar berk, agzybir bolanda mugallym toparyň öňünde uzak, jogapkärli perespektiwalar goýup bilýär. Bu işler okuw-terbiýeçilik işi bilen baglanyşykly mekdepde geçirilýän tematiki maslahatlar, agşamlar, okuw dersleri boýunça geçirilýän hepdeliklerdir. Bu işleri geçirmeklige diňe berk toparyň her bir agzasy işjeň gatnaşýar. Olar eýýäm beýleki toparlara görelde bolýar.

Synp ýolbaşçynyň geçirýän işleri diňe bir synpyň işi bilen baglanyşykly bolman, eýsem mekdep, etrap, şäher, welaýat möçberine çykmaly. Mysal üçin: köçelere agaç ekip, köçeleri arassalap, abadanlaşdyryş işlerine gatnaşyp okuwçylar özüniň etrap, şäher, welaýatyň ösüşine goşant goşandygyny görüp begenmeli. Öz ösdüren bagyny gören okuwçylar oňa buýsanmaly. Okuwy gutaryp gidenden soň öz çagalaryna mysal edip görkezer ýaly işleri ýerine ýetirmeli. Meselem, mekdebiň bagy, etrabyň köçelerine ekilen baglar we ş.m. Nebsimiz agyrsada edýän işi synpdan daşary çykmaýan synp ýolbaşçylarymyz, mugallymlarymyz aramyzda bar.

Toparyň kemala gelmeginde ýaryşyň ornyda uly. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup şahsy, toparlaýyn, topar ýaryş görnüşleri saýlanyp ulanylsa bolar. Ýaryş bir synpyň okuwçylarynyň arasynda-da geçirilip bilner, synp topary mekdep boýunça geçirilýän ýaryşa-da gatnaşyp biler. Geçirilýän ýaryşlar ýetip gelýän dabaraly baýramlara bagyşlanyp geçirilýär. Mysal üçin: Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny üstünlikli garşylalyň, Altyn Asyra okuwda we işde uly üstünlikler bilen, we ş.m. temalar boýunça ýaryşlar guralsa bolar. Ýaryşlara öňünden taýýarlanyp, taýýarlyk işleri hepdelere bölünmeli. Her bir toparyň agzasynyň özüne tabşyrylan berk işi bolmaly. Okuwçylar öz işini synp ýolbaşçysynyň kömegi bilen dogry alyp barmaly. Eger bir ýerde ýalňýş goýberiläýse, soň günäkär gözläp edilen işiň puja çykmagyda mümkin.

Synpyň okuwçylary mugallym, ata-eneler, mekdepde öz bagyny döretme





:


: 2018-11-11; !; : 818 |


:

:

, .
==> ...

1517 - | 1297 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.123 .