.


:




:

































 

 

 

 


Terbi ýä ni ň umumy usullary.




Pedagogik işiň logikasy zynjyr görnüşinde bolup, ol maksat-serişde-proses-netije hökmünde amala aşyrylýar.,, Pedegogik serişde bu integratiw düşünje bolup özünde birnäçe düşünjeleri jemleýär.

Serişde bu adamyň maksada ýetmek üçin aňly ulanylýan zatlary. Tär, hereketiň görnüşi ýatda gural serişde bolup biler.

,,Serişde diýen düşünje umuman durmuşyň maddy we maddy däl elementleri bolup, terbiýeçilik işinde aňly ulanylýan guraldyr. Hadysalar, adamlar, prosesler adamyň elinde terbiýäniň serişdeleri hökmünde terbiýäniň maksadyna ýetmäge öz mazmunyna laýyklykda täsir edip bilýärler.

Serişde hökmünde çykyş etjek zadyň esasy alamaty onuň aňly we howpsyz terbiýäniň maksadyna ýetmäge täsiridir. Serişdeler psihologik- pedagogik bolup, terbiýeçiler onuň şinden geregini saýlap alýarlar.

Terbiýäniň serişdelerini şeýle toparlara bölüp bolar:

- terbiýelenilýän işiň gönükdiriji we görkeziji funksiýalary ýerine ýetirýänler: mysal, nusga, ideal, mukdar:

- terbiýelenýänleriň işjeňligini dörediji we peseldiji: talap, gözegçilik, temmi bermek:

- özüni dogry alyp barmak modellerini berkidiji we ösdüriji: sylaglamak, öwmek.

Terbiýeçiniň öz işinde ulanyp biljek serişdeleriniň sany örän köp. durmuşyň her bir hadysasy, predmeti, fakty prosesi özünde terbiýeçilik täsir saklaýar. Ony diňe durmuşa laýyk döredip ulanmak gerek. Terbiýeçi näçe köp serişde ulanyp bilse, onuň işiniň netijesi şonçada ýokary bolar. Ýöne pedagogic serişdeleriň aýratynlyklaryny ýatda saklamaly. Islendik bir serişde garaşylýan netije bermän, oňa ters bolmagy mümkin. Ol haýsy pedagogic ýagdaýda, haýsy ulgamlaryň aragatnaşygynda ulanylýanlygyna garaşlydyr.

Terbiýeçiler bilen terbiýelenýänleriň arabaglanyşykly işine terbiýelenişiň usuly diýilýär. Bu iş terbiýe meselesini çözmäge gönükdirilendir.

Çylşyrymly, tiz hereket edýän terbiýeçilik prosesinde mugallyma örän köp tipli orginal meseleleri çözmek gerek bolýar. Bu meseleler köp näbelliler bilen, çylşyymly we dürli wariantly, dürli çözgütlidirler. Ýüze çykan meseläni çözmek üçin, gerek bolan netijäni saklamak üçin, ylmy taýdan esaslandyrlan çözgüt tapmak üçin,pedagog terbiýelemegiň usullaryny doly ulanyp bilmelidir.

Terbiýäniň ikitaraplaýyn häsiýetini şöhlelendirip, usullar, terbiýeçiler we terbiýelenýänleriň arabaglanyşygyny ýola goýujy mehanizm bolup hyzmat edýärelr. Bu aragatnaşyk mugallymyň alyp baryjy we gönükdiriji ýolbaşçylygy esasynda alnyp barylýar. Mugallym bu ýerde okuwçylaryň durmuşuny we işini pedagogic taýdan maksada laýyk guraýjysy we ýolbaşçysy hökmünde çykyş edýär.

Terbiýelemegiň usullary pedagogic prosesi düzýan elementlere bölünýärler. Olary tärler diýip atlandyrýarlar. Usullara garaşly bolan tärler hususy boýun bolujy häsiýetdedirler. Usullar we tärler biri-biri bilen berk arabaglamyşykly bolup anyk pedagogic ýagdaýlarda biri-birine geçip hem bilýärler, biri-biriniň ornuny çalşyp hem bilýärler. Bir ýagdaýda usul pedagogic meseläni özbaşdak çözüp ýol hökmünde çykyş edip bilýär, başga bir ýagdaýda tär hökmünde hususy işi ýerine ýetiryär. Mysal üçin, söhbetdeşlik garaýyşlary we ynamlary terbiýeleýän esasy usullaryň biridir. Şol bir wagtyň özünde ol usullaryň täri hökmünde öwretmek usulynyň dürli etaplarynda ulanylýar.

Terbiýäniň usullaryny terbiýäniň serişdelerinden aratapawutlandyryp bilmeli. Olar biri-biri bilen berk arabaglanyşykly we bilelikde ulanylýar. Terbiýäniň serişdelerine bir tarapdan işiň dürli görnüşleri(oýun, okuw, zähmet we ş. m) degişli bolsa, başga bir tarapdan pedagogik işi ýerine ýetirmek üçin ulanylýan maddy we ruhy predmetler (görkezme esbaplar, syýasy, edebi we ylmy- populýar edebiýat, surat, habar beriş serişdeleri we ş.m)

Şu güne çenli terbiýelemek usullarynyň mazmunyny we ýerine ýetirýän wezipelerini, kanunalaýyklaryny beýan edýän ylmy maglumatyň uly göwrümi toplandy.

Terbiýelemek usullarynyň toparlara bölünişi olarda bar bolan hususy we umumy, esasy we tötänleýin karary we tejribe häsiýetlerini kesgitlemäge we olary maksa laýyk, netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Her usulyň ýerine ýetirýän işi, häsiýeti ulanylşy we beýleki usullar bilen arabaglanyşygy düşnükli bolýar. Mugallymyň ylmy pikirlenişi giňelýär, pedagogik döredijiligi üçin şertler döreýär.

Terbiýäniň hadysalary örän çylşyrymly we gapma-garşylykly, şonuň üçin pedagogik täsir eder ýaly ýeketäk logiki esas tapmak kyn. Usullary toparlara bölmek üçin esas hökmünde hödürleýän ýol terbiýe prosesiniň bir ýa-da birnäçe toparyny öz içine alýar. Bir topar alymlar (N.I.Boldyrew, N.K.Gonçarow, F.F.Korolew) usullary:ynandyrma, gönükme, sylamak we temmi bermek ýaly toparlara bölýärler. Usullary toparlara bölmegiň bu görnüşinden T.A.Ilinonyň we I.T.Ogorodnikowyň hödürleýän usullary aratapawutlanýarlar. Olar ynandyrma, okuwçylaryň işini guramak, olaryň özüni alyp barşyny stimulirlemek ýaly usullary hödürleýärler. I. S. Marýenko terbiýäniň usullaryny düşündiriş- reproduksiýa, meseleleýin- situatsiýa, öwrediji we gönükme stimulirlemek, saklamak, öz-özüňi terbiýelemäge ýolbaşçylyk ýaly toparlara bölýär.

G.I.Şukinanyň terbiýäniň usullaryny toparlara bölüşi birnäçe nazary düzgünlere daýanýar. Çylşyryrmly tiz ösýän okuwçynyň kämilleşýän şahsyýeti özüniň içki bütewiligi we birligi bilen häsiýetlenýär. Şahsyýetiň köp görnüşli hilleri biri-biri bilen berk baglanyşykly bolup diňe onuň dürli taraplaryny şöhlelendirýärler.

Terbiýe şahsyýetde ony kesgitlenen, özüni alyp barmak häsiýetlerini ýerine ýetirmäge ugrukdyrýan onda täze pikirlerini, duýgularyny, talaplary emele getirip bilsi ony üýtgedip biler. Bu aýdylandan şeýle netije çykaryp bolar: - çagalary terbiýelände olaryň aňyny, kämilleşdirmeli, gerek bolan emopsional ýagdaýy döretmeli, tejribe başarnyklaryny, endiklerini we öwrendiklerini emele getirmeli. Şahsyýetiň her bir tarapyny kämilleşdirmek üçin aýratyn pedagogik täsirler ulanmaly.

Ýokarda aýdylanlara eýerip terbiýelemegiň usullaryny 3(üç) esasy topara bölmek bolar. Birinji topar öz içine çaplarda ynsanperwer garaýyşlar we erkine dürlitaraplaýyn täsir edýän usullary alýar. Bu uaullar toparynyň wajyplygy aňyň we işiň birlik ýörelgesinden gelip çykýanlygyndadyr. Adam, diňe daşky, predmet, tejribe ýaly işleri esasynda şahsyýetleşmän, eýsem aňyň içki psihiki, aňlaýyş işlerin-de göz öňünde tutmaly. Ýokarda aýdylyşyna görä çaganyň şahsyýetiniň kämilleşmeginde esasy orun onuň gündelik durmuşunda deň-duşlary bilen aragatnaşygy netijesinde topla tejribe oýnaýar. Ýöne terbiýe diňe we dolulygyna terbiýelenilýäniň şahsy tejribesine daýanyp bilmez. Onuň öz deň-duşlary bilen dündelik durmuşunda aragatnaşyk saklap toplan tejribesini nähili Kabul edilýänligi, bahalandyrylýanlygy, aňlanylýanlygy wajyp. Tejribäniň üsti bilen adamzadyň taryhy ösüş döwründe toplan ruhy gymmatlyklaryny, jemgiýetçilik aragatnaşyklaryny özleşdirmek başartmaýar. Mysal üçin, adamzadyň taryhy ösüş döwründe toplan ahlak sypatlaryny şahsyýete öz tejribesiniň üsti bilen özleşdirmek üçin birnäçe ömür ýaşamak garak bolardy, ýöne şonda-da ony özleşdirip bilmezdi. Şonuň üçin terbiýäni indiwitde durmuş tejribesini dörediji hökmünde kesgitleýärler. Terbiýelenilýänleri durmuş gummatlyklaryny özleşdirmäge çekmek olarda düşünjeleriň, seljermäniň, bahalandyrmagyň emelegelmegine getirýär. Şahsyýetiň aňyny formirleýän usullara söhbetdeşlik, umumy okuw, çekeleşik, gönükme degişliler. Terbiýelemegiň usullarynyň ikinji topary işi guramak we durmuşda özüni alyp barmak tejribesini formirlemek usullarydyr. Adamyň şahsyýeti diňe gerek bolan durmuş we iş üçin şertler döredilende kämilleşýär. Iş adamyň diňe içki dünýäsini aňlatmak, eýsem onuň öz-özüni hereketlendirmegiň we şahsyýeti ösdürmegiň kesgitleýji factory hökmünde çykyş edýär. terbiäelemegiň usullarynyň bu toparyna pedagogik talap, jemgiýetçilik piker döwretmek, gönükme, tabşyryk, terbiýeleýji situasiýalary döretmek ýaly usullar degişlidir.

Terbiýelemegiň usullarynyň üçinji topary ny terbiýelenýänleriň özüni alyp barşyny we işini dolandyrmak, düzetmek we stimulirlemek usullary düzýär. Okuwçylaryň özüni alyp barşy, olaryň her bir hereketi, bahalandyrylmalydyr. Ol baha bu hereketleri berkitmeli ýa-da tersine, olary dargatmaly. Bu topary ýaryş, sylaglamak we temmi bermek usullary durýarlar.

Real pedagogic prosesde terbiýäniň usullary çylşyrymly we gapma-garşylykly birlikde çykyş edýärler. elbetde terbiýelemegiň käbir belli bir tapgyrynda şol ýa-da başga bir usul belli derejede aýratyn ulanylyp bilner. Ýöne beýlekii usullar bilen berkidilmedik ýagdaýynda, olarbilen bilelikde hereket etmedik ýagdaýynda ol usul öz güýjüni ýitirýär,. terbiýeçilik işiniň öňde goýan maksadyna ýetmek üçin hereketini peseldýär.





:


: 2018-11-11; !; : 669 |


:

:

.
==> ...

1503 - | 1335 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .