.


:




:

































 

 

 

 


Serişdesi hökmünde




Bitewi pedagogik işde terbiýe (terbiýeçilik işi) wajyp orny eýeleýär. Terbiýe pedagogik prosessiň esasy elementidir. Onuň umumy, sosial funksiýasy- ýaşy uly nesliň toplan bilimler, başarnyklar, möçberler we nusgalar tejribesini öwrenmekdir. Terbiýäniň konkret (anyk) sosial funksiýasy taryhy ösüş netijesinde üýtgeýär we jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň häsiýeti, medeniýeti gymmatlyklary, ugrukdyrmagyň şertleri bilen kesgitlenýär.

Terbiýe diňe bir şahsyýeti emele getirmegi göz öňünde tutman, eýsem onuň aýrabaşga ösüşi üçin hem şertler döredýär. Adamy terbiýelemegiň baş wezipeleriniň biri, iki sany wajyp şertleriň durmuşa geçirilmegine garaşly bolan onuň öz-özüni jemgyýetçilikli kesgitläp bilmegidir.

Birinji şerti- ýaşlary jemgyýetçilik aragatnaşyklaryna goşmakdyr. Olarda, özünde obýektiw we subýektiw düzüjileri bolan işe şahsy garaýşy döretmek. Obýektiw düzüm - şahsyýetiň öz işi. Subýektiw düzüm şahsyýetiň bu işe garaýşy.

Ikinji şerti çagalaryň jemgyýetçilik aragatnaşyklarynda öz ornuny tapyp bilmegidir. Bu şert çaganyň öňde goýlan iş maksadynyň we wezipeleriniň öz şahsy ösüşi üçin wajypdygyny her bir çaganyň özüniň, meniniň aňlaýşyny hasaba almagyny, onuň goşulan işiniň anyk we aýdyň ösüş ýollary (Ýakyn we uzak perspektiwalar. A.S.Makarenko) bolmagy çaga daş-töwerekdäkiler bilen aragatnaşykda bolanda özüni doly açyp görkezmäge mümkinçilik berýär.

Terbiýe deň dolandyrylanda, gözegçilik edilende, goýlan meseleleri çözmek üçin ýörite pikirlenilip düzülen meýilnama esasynda geçirilende ýüze çykýar. Terbiýe şahsyýeti kämilleşdirmek üçin ýerine ýetirilýän maksada gönükdirilen işdir. Bu jemgyýete gerek we peýdaly şahsyýeti terbiýelemek, taýýarlamak maksady bilen geçirilýän ýörite gurnalan dolandyrylýan we gözegçilik edilýän terbiýeçiler bilen terbiýelenýänleriň bilelikdäki ýerine ýetirýän işidir.

Terbiýe kesgitlenen jemgyýetçilik-pedagogik ideallara deň gelýän ýörite gurnalan täsirleriň kömegi bilen şahsyýeti terbiýeleýän maksada gönükdirilen işdir.

Terbiýe pedagogik işiň wajyp elementi hökmünde özünde dört sany häsiýeti jemleýär:

1. Täsiriň maksadagönükdirilenligi.

2. Bu täsiriň nusga, sosial-medeni oriýentiri, idealy görnüşinde onuň jemgyýete gönükdirilenligi, terbiýeçilik işiniň adamzadyň taryhy ösüşinde ýeten sepgitlerine we sosial-medeni gymmatlyklaryna gabat gelmegi.

3. Gurnalan terbiýeçilik täsirleriň we hereketleriň kesgitlenen ulgamynyň bolmagy

4. Adam tarapyndan sosial tejribäniň özleşdirilmegi.

 

Terbiýeçilik işiniň esasy aýratynlyklary nämede jemlenýär? Olaryň hil aýratynlyklary nähili? Ilki bilen terbiýeçilik işiniň köp faktorlylygyny göz öňünde tutmaly. Ol diňe maşgalada däl, mekdepde-de, mekdepden daşary edaralarynda-da amala aşyrylýar we pedagoglaryň terbiýeçilik işleriniň üsti dürli guramalaryň, dürli-dürli terbiýeçilik işleri bilen doldurylýar.

Okuwçylaryň aňynyň, özüni alyp barşynyň, duýgusynyň ösüşine edebiýat we sungat, radio we telewideniýe, kino we teatr ýaly uly täsir edýän terbiýeçilik akymlaryň göwrümi giňelýär. Terbiýeçilik işi köp meýilnamaly, köp faktorly bolup başlady. Ony diňe mekdebiň çägi bilen, sapagyň çägi bilen kesgitläp bolmaz. Terbiýäniň üstünligi bir çeşme däl, birnäçe faktorlara we täsirlere garaşlydyr. Terbiýeçisiniň köp faktorlygy, onuň täsir ediş sferalarynyň giňligi, şahsyýeti ösdürmek üçin dürli goşmaçalardan we mümkinçiliklerden peýdalanmaga ýagdaý döredýär. Şol bir wagt terbiýeçilik işiniň geçişini kynlaşdyrýan köp dürli we köp görnüşli täsirler edilip, terbiýelenilýänlere položitel täsirler bilen bir hatarda otrisatel täsirler-de edilýär. Terbiýeçilik işiniň çylşyrymlylygyny görkezýän obýektiw we subýektiw faktorlar bardyr. Şahsyýetiň içki isleglerini, talaplaryny kesgitleýän subýektiw faktorlar şahsyýetiň ýaşaýan we kämilleşýän obýektiw faktorlar bilen deň gelen ýagdaýynda terbiýelemek meseleleri ýokary derejede çözülýär.

Terbiýeçilik işini alyp barýan mugallymyň işiniň netijesi diňe obýektiw kanunalaýyklyklar bilen kesgitlenilmeýär. Bu ýerde terbiýeçiniň şahsyýeti, onuň ýekebara häsiýeti, onuň terbiýeleýän çagalaryna bolan garaýşy-da uly orun tutýar.

Terbiýäniň ýene bir aýratynlygy onuň köp dowamlylygydyr, köp wagt talap edýänligidir. Ol çagalar mekdebe gelmänkä başlanyp, mekdepden soň hem adamyň iň soňky gününe çenli dowam edýär. K.A.Gelwesiý şeýle diýýär: Men okamagymy dowam edýän, meniň terbiýäm heniz gutarmady. Ol haçan gutararka? Ol menden soň gutarar. Umuman aýdanymyzda meniň bütin ömrüm uzap giden bir terbiýe.

Adm uly ýaşda-da terbiýelenýär we gaýtadan terbiýelenýär. Ol özüniň zähmet, moral tejribesini toplamagy we kämilleşdirmegi dowam edýär, bilimlerini giňeldýär we çuňlaşdyrýar, estetiki gymmatlyklary ele alýar. Elbetde mekdep ýyllary çaganyň şahsyýetiniň, häsiýetiniň, özüni alyp barşynyň intensiw (tiz) ösýän mahalydyr. Mekdepde berlen terbiýe adamyň aňynda çuň yz galdyrýar. Sebäbi ýaş wagtyňda nerw ulgamy çeýe, tiz kabul ediji bolýar. Belli bolşy ýaly çaganyň bu döwürde merkezi nerw ulgamy özüniň ýokary maýyşgaklygy we kabul edijiligi bilen aratapawutlanýar. Onuň esasynda şahsyýetiň üstünlik ösüşi üçin dürli şertler döredilýär. Şonuň üçin çagalar ýaş wagty olar bilen ýörite gurnalan terbiýeçilik işleri amala aşyrylýar.

Terbiýeçilik işiniň köp dowamlylygyna onuň netijesine tiz ýetip bolmaýanlygy-da şaýatlyk edýär. Okuwçy gysga wagtyň içinde arifmetikanyň düzgünini özleşdirýär, taryhy faktorlary hadysalary, ýyllary ýatlap biler. Ýöne ony gysga wagtyň içinde gowy ýoldaş, duýgur we mylakatly adam, toparda ýaşap bilýän adam edip terbiýeläp bolmaz. Onuň üçin köp wagt talap edilýär. Tiz hereket edýän usullaryň kömegi bilen okuwçylar toparyny gurup we berkidip, onda sagdyn durmuş pikirini döredip bolmaz, ol bolmasa hemmetaraplaýyn terbiýe berip bolmaz. Terbiýäniň netijesini kesgitlände terbiýeçilik işiniň bu häsiýetini hasaba almaly. Terbiýemek işiniň her bir ýagdaýynda gysga wagtyň içinde üstünlige garaşmak bolmaz, esasan hem şahsyýeti gaýtadan terbiýelemekde. Terbiýeçilik işiniň çylşyrymlylygy, kynlygy onuň hereketjeň üýtgäp durýanlygydyr.

Terbiýeçilik işiniň ýene bir aýratynlygy onuň basgançakly häsiýetidir. Bu iş basgançak görnüşinde amala aşyrylýar. Birinji basgançakda çagalar maşgalada, mekdepde özüni alyp barmagyň düzgünleriniň ilkinji maglumatlaryny özleşdirýärler. Olarda ilkinji duýgy elementleri oýanýar we özüni alyp barmagyň sada başarnyklary ýüze çykyp başlaýar. Ikinji basgançakda, çagalarda özüni alyp barmak normalarynyň esasynda etiki düşünjeler emele gelýärler, şol ýa-da başga bir ýagdaýda özüňi dogry alyp barmak, kabul edilen özüni köpçülikde alyp barmak düzgünlerini ýerine ýetirmek başarnyklary ýüze çykýarlar. Şonuň bilen bir hatarda položitel duýgular ösüp, otrisatel duýgular ýok bolup başlaýar. Üçünji basgançak, ynançlaryň ýüze çykmagy özüňi dogry alyp barmagyň berkişen häsiýetleriniň ýüze çykmagy, duýgularyň baýlaşmagy we mundan beýläk ösmegi bilen häsiýetlenýär. Bu basgançakda, okuwçylarda ahlak ýörelgeleri bilen kesgitlenýän iş motiwleri (itergileri) has hem anyk ýüze çykýarlar. Bu basgançaklaryň arasynda serhet bolman, olar biri-bir bilen berk arabaglanyşyklydyrlar.

Terbiýeçilik işiniň basgançaklary okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna hemişe deň gelmeýärler. Çagalaryň biri tiz ösýär, başga biriniň ösüşi haýal. Munuň bilen ösüşiň derejesini ýaş bilen, okatmagyň basgançaklary deň gelmeýändigini düşündirip bolar. Käbir ýokary synp okuwçylary orta synp okuwçylary bilen deňeşdirilende kähalatda olar ösüşi boýunça aşak basgançakda durýandyklaryna göz ýetirse bolar.

Terbiýeçilik işiniň aýratynlyklarynyň biri-de onuň belli bir maksada gönükdirilenligidir. Onuň ilkinji ädimi maksatdyr. Käbir çeşmelerde maksat bilen netijäni birleşdirjek bolýarlar. Netije- bu ulgamyň soňky ýagdaýy, maksat- belli bir täsirleriň, işleriň üsti bilen onda üýtgeşmeleriň emele gelmegi

Terbiýeçilik işiniň maksady belli bir alnan çaganyň terbiýelenenlik netijesiniň maglumatlary esasynda kesgitlenýär. Bu ýerde şu aşakdaky işler ýerine ýetirilýär.

 

1. Terbiýeçilik işiniň maksadyny, netijesini anyk we dogry goýmak.

2. Ýörite diagnostik usullar arkaly terbiýelemegiň ýagdaýy bilen terbiýeçilik işiniň netijesini deňeşdirip görmek.

3. Olaryň arasyndaky aratapawudy kesgitlemek.

4. Belli bir wagtyň içinde ýüze çykmaly üýtgeşikleri kesgitlemek.

 

Terbiýeçilik işiniň maksadyna bolan talaplar:

- terbiýelenýände anyk üýtgeşmeleriň ýüze çykmagy;

- onuň pedagogik häsiýetli bolmagy;

- terbiýeçilik işleriniň şertlerini däl-de, çaganyň aýrabaşga häsiýetlerini üýtgetmäge gönükdirilen bolmaly;

- onda şahsyýetiň häsiýetlerini üýtgediji maglumatlaryň bolmagy;

- maksadyň pozitiw bolmagy(negatiw häsiýetleri mysal getirmezlik);

- maksadyň reallygy.

 

Terbiýeçilik işiniň aýratynlygy onuň üznüksizligidir. Mekdeplerde geçirilýän terbiýeçilik işi bu terbiýeçi bilen terbiýelenýäniň üznüksiz ulgamlaýyn aragatnaşygydyr. Köp terbiýeçiler geçirilen bir gowy çäre okuwçynyň özüni alyp barşyny üýtgedýär diýip hasap edýärler. Bu ýalňyş netijedir. Diňe maksada gönükdirilen ulgamlaýyn geçirilýän terbiýeçilik işler gowy netije berip biler. Eger-de geçirilýän terbiýeçilik işleri üznüksiz bolup, ol wagtal-wagtal geçirilen ýagdaýynda okuwçynyň aňynda yz galdyrmaýar. Terbiýeçi şol bir zady ýene täzeden gaýtalamaly bolýar.

Terbiýeçilik işi bitewi (kompleks) işdir. Terbiýeçilik işiniň maksatlary, meseleleri, mazmuny,görnüşi we usullary diňe kämil şahsyýeti taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu ýerde mekdebiň, maşgalanyň, jemgyýetçiligiň terbiýeçilik işlerini guramakda maksadynyň birligi göz öňünde tutulýar.

Terbiýeçilik işiniň birmeňzeşdällik (wariatiw) we netijeleriniň näbellilik häsiýeti hem bar. Bu ýerde terbiýelenýänleriň ýekebara (indiwidual) häsiýeti, durmuş tejribesi, terbiýä bolan garaýşy uly orun tutýar. Onuň gidişine we netijesine terbiýeçileriň hünär taýýarlygy, olaryň ussatlygy, bu işi dolandyryp bilşi hem uly täsir edýär.

Terbiýeçilik işi iki taraplaýyn häsiýetlidir. Ol iki ugurdan hereket edýär:

terbiýeçiden terbiýelenilýäne (göni aragatnaşyk) we terbiýelenilýänden terbiýeçä (ters aragatnaşyk). Terbiýeçilik işiniň dolandyrylyşy ters aragatnaşygyň netijesinde, ýa-da terbiýelenilýänden gelýän habar boýunça guralýar.

Terbiýeçilik işi hemişe hereketde, ösüşde we üýtgäp durýan işdir.

Terbiýeçilik işiniň ösüşi onuň gapma-garşylyklarynyň esasynda ýüze çykýar. Ol garşylyklar içerki we daşarky görnüşde bolýarlar. Bu işiň üznüksizliginiň güýjini gapma garşylyklar döredýärler. Esasy içki gapma-garşylyklaryň biri şahsyýetiň ösüşinde ýüze çykýan täze talaplary we olary onda kanagatlandyrmagyň mümkinçilikleridir. Terbiýäniň esasy şahsyýeti kämilleşdirmegi dogry ýola goýmakdyr. Onuň üçin terbiýeçi terbiýelenilýäniň hereketlendiriji güýçleriň motiwlerini, talaplaryny durmuş meýillerini, gymmatlyklara garaýşyny çuňňur bilmelidir.

Daşky gapma-gaşylyklar hem edil içerkiler ýaly terbiýäniň gönükdirilenligine we netijesine uly täsir edýärler. Mysal üçin, mekdep bilen maşgalanyň arasyndaky garşylyklar käbir ýagdaýlarda maşgala pedagoglaryň talabyna garşy çykýarlar. Soňky wagtlarda berilýän maglumat, telewideniýelerdäki (taryhy, edebi, syýasy) habarlaryň ýaşlaryň berkemedik aňyna nädogry täsiri. Aýdylan söz bilen edilen hereketiň deň gelmezligi terbiýeçilik işini kynlaşdyrýar. Terbiýeçilik işinde söz üsti usullaryň köp ulanylmagy, olaryň şahsyýetiň özüni alyp barşyndan üzňeligi-de bu işiň netijesini peseldýär. Terbiýeçiler esasan hem terbiýelenilýänleriň täsir bilen içki ymtylmalarynyň arasyndaky gapma-garşylyklara köp üns bermeli. Çaganyň içki dünýäsine aralaşman oňa täsir etmek hiç netije bermez.

Soňky wagtyň içinde terbiýeçileriň içinde talap etmek bilen terbiýelenilýänleriň taýýarlygynň netijesiniň deň gelmeýänlik gapma- garşylygy ýüze çykyp başlady.

Egerde çaganyň taýýarlyk derejesi edilýän talaplardan köp pes bolan ýagdaýynda talap kabul edilmeýär.

Terbiýeçilik işinde subýektiw faktorlarynyň arasynda iň esasysy terbiýeçiniň şahsyýetidir. Terbiýeçilik işinde ýüze çykýan adamlaryň ruhy gatnaşygyny, inçe şahsyýetara gatnaşyklary, müňlerçe kiçi we uly arabaglanyşyklary kitap dili bilen düşündirmek kyn bolýar. Şu gün ylym şeýle netije geldi eger-de terbiýeçiniň şahsyýeti terbiýäniň effektiwliginiň esasy kesgitleýjisi bolmasa, onda ol onuň wajyp şertidir. Bu netijäni tejribe her ädimde tassyklaýar. Häzirki wagt terbiýeçilik işiniň netijeliligi pedagogyň döredijilik erkinligi, guramaçylyk we gönükdirijilik güýji bilen berk baglanşyklydyr. Terbiýeçi diňe geçirýän terbiýeçilik işiniň şertlerini,ýagdaýlaryny hasaba alyp,onuň netijelerini ünsli seljerip, ondan dogry netije çykaran ýagdaýynda uly üstüliklr gazanyp biler.

Mekdepde geçirilýän terbiýeçilik işleriniň kemçilikleri barada köp aýdylýar. Onda diňe okuwçylar, ene-atalar we ters täsir edýän şertler günäkär bolman, eýsem, mugallymlaryň-da bu kemçilikleriň ýüze çykmagynda belli bir derejede günäsi bar.

Awtoritar pedagogikanyň ýüze çykmagy, mugallymyň hünär pedagogik taýdan taýýarlanyşynyň pesligi bu kemçilikleriň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi boldy.

Okuwçy bilen mugallymyň aragatnaşygyny dogry guramak üçin mekdepde demokratik we ynsanperwer pikir ýöretmeli- çagalar barada alada etmeli, olary söýmeli. Terbiýeçiniň iň esasy meselesi çagany özüne çekip bilmek, çaga düşünmek we ony dost edinmek.

Terbiýeçilik işi çylşyrymly, ösýän ulgamdyr. Onuň her bir komponenti öz gezeginde aýratyn ulgam hökmünde çykyş edýär. Terbiýeçilik işi geçirilmezden onuň her bir elementini jikme-jik seljermeli. Terbiýeçilik işi seljerilende onuň taýýarlaýyş, geçiriliş

we netije etaplary hasaba alynmaly. Öňde goýlan maksat, terbiýeçilik işiniň geçişiniň esasy tapgyrlary aşakda görkezilendir

 


Özüňi alyp barmak barada bilimleriň we düzgünleriň terbiýelenilýänler tarapyndan aňlanylmagy - terbiýeçilik işiniň wajyp etabydyr. Olary düşündirmezden şahsyýetiň özüni dogry alyp barşyny terbiýeläp bolmaz.

Bilimleriň ynançlary döretmegi, ynançlara geçmegi durmuşda ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Eger terbiýeçi çagada aýdýan zatlaryna ynanç döredip bilmese terbiýeçilik çäresi haýal geçer, onuň täsiri az bolar we gerek bolan netijäni bermez. Bir mysala ýüzleneliň. Çagalar eýýäm mekdebe baran gününden mugallymlar bilen salamlaşmalydygyny bilýärler. Ýöne näme üçin ony hemmesi ýerine ýetirmeýärler? Çagalar salam bermeli diýen düzgüni (1-nji tapgyr) özleşdiripdirler, ýöne bu talaba olarda ynam terbiýelenmändir. (2-nji tapgyr)

Terbiýeçilik işiniň iň wajyp düzüm bölegi duýgulary emele getirmek.

Diňe geçirilen terbiýeçilik işiniň mazmuny çagalaryň duýgularyna täsir edende onuň netijesi ýokary bolar.

Terbiýeçilik işiniň mazmuny bu öňde goýlan maksatlar we wezipeler esasynda okuwçylary döwrebap terbiýelemek baradaky bilimleriň, ynançlaryň endikleriň, şahsyýetiň hilleriniň we häsiýetleriniň ulgamydyr. Hemmetaraplaýyn kämil we ösen şahsyýeti terbiýelemek bu terbiýäniň esasy maksadydyr. Bu maksada ýetmäge bitewi pedagogik ulgama birleşen akyl, beden, zähmet we politehniki, ahlak,gözellik, etiki, ykdysady, ekologik terbiýeleri mümkinçilik berýär. Häzirki zaman terbiýesiniň esasynda şu ideýalar ýatyr:

1. Terbiýäniň maksatlarynyň reallygy. Şu günki terbiýäniň real maksady adamyň başarnyklaryna we bilim derejesine daýanyp ony hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek. Bu maksada ýetmegiň serişdesi adamyň medeniýetiň esaslaryny özleşdirmegi çykyş edýär.

2. Ulularyň we çagalaryň bilelikdäki işi. Çagalar bilen bilelikde ahlak sypatlary, ruhy medeniýetiň nusgalaryny, olaryň esasynda özüňde şol gymmatlyklary terbiýelemek terbiýeçiniň işiniň mazmunyny düzýär.

3. Özüňi topardan saýlap bilmek. Ösdüriji terbiýe bitewi şahsyýeti kämilleşdirýär. Ol şahsyýet berk ynançly demokratik garaýyşly, berk durmuş endikleri terbiýelenen bolmaly.

4. Terbiýäniň şahsyýete gönükdirilenligi. Terbiýäniň merkezinde maksatnamada, çäre, görnüş, usul bolman- çaganyň özi bolmaly. Terbiýeçi çaganyň ýekebara gyzyklanmalaryny,höwesini,gylyk-häsiýetini ösdürmeli.

5. Terbiýäniň topara gönükdirilenligi. Terbiýeçilik işiniň mazmunynda topara, onuň terbiýeçilik häsiýetine, onuň şahsyýetiň ruhy-ahlak ösüşine täsirini göz öňünde tutmaly.

6. Terbiýäniň isleg meýletinligi. Eger çaga islemese, ony hiç hili terbiýeçilik çäre bilen, täsir bilen terbiýeläp bolmaz. Tersine bu çagalarda ýigrenç, garşylyk döreder.

Bu gün çagalara sen akylly, bilimli, sowatly, owadan, arassa, ahlakly bolmaly diýmeklik ýeterlik däl. Onda bu näme üçin gerek? Bu maňa näme berýär? diýen soraglar ýüze çykýar. Daşary ýurt pedagogikasynda, terbiýeçilik işinde bu işiň tejribe tarapyny 1-nji ýerde goýulýar. Ol hem öz gezeginde gerek bolan häsiýetleri terbiýelemegiň esasy itergisi bolup çykyş edýär.

Terbiýeçilik işiniň geçirilişi üç tapgyrdan ybaratdyr.

 

1. Refleksiýa (pikir ediş). Bu tapgyr durmuşda ýüze çykýan ýagdaýlar barada oýlanmalary, pikirleri, gynançlary, olar barada pikir alyşmalary, olaryň manysyny we ähmiýetini öz içine alýar. Bu tapgyryň esasy maksady terbiýelenilýände öz durmuşy, işi barada pikirlenmegini özüne düşünmegini, özüniň daşky dünýä garaýşyny, özüniň menine düşünişini dogry terbiýeleýär. Bu tapgyryň esasy meseleleri:

- terbiýelenilýäniň özüni bilmegini, öz güýçli taraplaryny, özüni kämilleşdirişini gyzyklandyrmak;

- ony dürli pikirleniş işlerine, aragatnaşyklara çelmek;

- özi barada maglumaty almaga gyzyklandyrmak;

- pikirleniş we seljeriş başarnyklaryny ele almaga çekmek;

Birinji tapgyrda terbiýelenilýäne onuň özüniň onuň özüniň şahsy durmuşynyň döredijisi onuň özüdigini düşündirmek esasy hasap edilýär.

Şonuň üçin bu tapgyrda esasy ulanylýan usullar: ýörite ýumuşlar, durmuş hadysalaryny seljermek, fantastiki proýektler işlemek, ertekiler düzmek.

2. Aňlamak. Terbiýelenilýäniň hadysalary aňlamagy, olara düşünmegi olaryň ýekebara gymmatlyklaryny ulgamlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Onuň netijesinde çaganyň durmuşa garaýşy kesgitlenýär. Bu döwürde çaganyň bilesigelijilik işjeňligini ösdürmeli bu tapgyrda geçirilýän çäreler jedelli, dialog görnüşinde bolup terbiýelenilýäniň şahsy garaýyşlaryny ýüze çykarýar.

3. Taslama endikleri(proýektiw). Çaganyň özüniň dogry aragatnaşyklary gurap bilmegi we onuň jemgyýete peýdaly bolmagy. Bu tapgyrda özüňi erkin alyp barmagy, hereket etmegi terbiýelemegiň esasy hasaplanýar.

Terbiýelenýän çaga bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçende krizis (krizis- çözgüt, netije diýen manyny berýän grek sözi) ýagdaýyna düşýär. Adamyň durmuşynda ýüze çykýan kynçylyklar, kyn ýagdaýlar, bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçmegiň kynlygy, (mysal üçin, ruhy krizis) terbiýeçilik işlerinde bu kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretmeli. Terbiýäniň amala aşyrylyşynda kynçylyklary ýeňip geçmek pedagogyň işiniň kömekçi görnüşinde ýüze çykmagyna getirýär. Bu kömek üç görnüşde ýüze çykýar.

1. Dürli pedagogik şertleriň döredilişi we ösüşi. Bu ýerde kömekçi okuw, başlangyç kömek usullary ulanylýar.

2. Pedagogik goldaw. Terbiýelenilýäniň gyzyklanmalarynyň,başarnyklarynyň bilelikde kesgitlenişi.

3. Pedagogik ýolbaşçylyk etmek. Pedagogyň terbiýelenilýäniň ösüşi, işini guraýşy baradaky meseleleri öz jogapkärçiligine almaly.

Gowy gurnalan terbiýe adamy durmuşda ýerine ýetirjek 3 esasy rola taýýarlamaly raýat, hünärmen maşgalabaşy.

Ol raýat hökmünde:

- watanyň, jemgyýetiň, ata-enäniň öňündäki borçlary ýerine ýetirmeli;

- öz halkyna, milletine bolan watançylyk duýgusy bolmaly;

- Döwlet Konstitutsiýasyna, Hormatly Prezidentine, döwlet nyşanlaryna hormat goýmaly;

- döwletiň ykbaly üçin jogapkärçilik;

- jemgyýetde ýaşamagyň tertip düzgünini, medeniýetini ýerine ýetirmek;

- halkyň milli baýlyklaryna diline, medeniýetine däp-dessurlaryna aýawly garaýyş;

- işjeňlik;

- tebigaty goramak;

- başga adamlaryň hukuklaryny we azatlygyny sylamak;

- dogruçyllyk, ynsanperwerlik, mylaýymlyk;

- öz eden işiňe we hereketleriňe jogap bermek;

- başga döwletleriň halkyny sylamak ýaly häsiýetleri bolmaly.

Ol hünärmen hökmünde:

- tertiplilik we jogapkärçilik, işi ýerine ýetirijilik we guramaçylyk;

- umumy,ýörite, ykdysady bilimleri bolmaly;

- syýasy bilimler;

- zähmete döredijilikli garaýyş;

- tabşyrylan ýumşy tiz we ýokary hilli ýerine ýetirmek;

- öz hünär ussatlygyňa bolan sylag we begenç;

- aňlylyk,mylakatlylyk,tertiplilik;

- iş tejribäniň bolmagy;

- emosional önümçilik medeniýet;

- durmuşa, zähmete, işe gözellik garaýyş;

- toparda işlemek;

- özbaşdaklyk;

- watan, halk, jemgyýet üçin köp we netijeli işlemäge taýýarlyk;

- öz işiň netijesine jogapkärlik;

- zähmetkeş halky, hünär ussatlary sylamak ýaly häsiýetleri bolmaly.

Maşgalabaşy hökmünde:

- zähmetsöýerlik,jogapkärçilik;

- söhbetdeşligiň medeniýeti, edeplilik, mylakatlylyk;

- köpçülikde özüňi dogry alyp barmak;

- arassalyk, gowy geýinmek, gigiýeniki talaplary ýerine ýetirmek;

- saglyk, sagdyn durmuş endiklerini ýerine ýetirmek;

- dynç alyşy guramagy başarmak we geçirmek;

- hemmetaraplaýyn sowatlylyk;

- kanunlary bilmek;

- psihologiýany bilmek, etikanyň esaslaryny bilmek;

- çagalary terbiýeläp bilmek;

- öýlenmäge,durmuşa çykmaga borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýarlyk;

- öz ata-eneňi, garrylary sylamak- ýaly hiller bolmaly.





:


: 2018-11-11; !; : 756 |


:

:

, .
==> ...

1550 - | 1347 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.12 .