Ëåêöèè.Îðã


Ïîèñê:




Terbiýelemegiň häzirki zaman konsepsiýalary.




1. Çaganyň şahsyýetiniň kämilleşmeginde ulgamlaýyn rol nazaryýeti

(N. M.Talançuk). Bu konsepsiýanyň esasynda şahsyýeti kämilleşdirmek sosial

durmuşdaky rollary ýerine ýetirmek bilen baglydyr diýlen pikir ýatyr.

2. Çaganyň ösüşinde oňa pedagogik goldaw bermek konsepsiýasy. (O.S.Gazman). Onuň esasyny çagalaryň saglygy okuw işi,ykdysady ýagdaýy, şahsy durmuşy bilen bagly bolan aýrabaşga meseleler ýüze çykanda pedagog tarapyndan operatiw goldaw berilmelidigi baradaky düzgün durýar.

3. Materializm –idealizm konsepsiýasy. Öňki filosofiki taglymat pelsepeçileri iki topara bölýärdi. Materialistler we idealistler.   Materialistler- ilki materiýa dörän, ondan soň aň döräpdir diýen pikiriň taraplarydyr. Idealistler – materiýadan öň aň döräpdir diýip düşündiripdirler. Bu iki pelsepewi alymyň pikirlerinden dogry ugur alyp terbiýelemek wajyp meseledir.

4. Ylymfilosofiýa. Ylymlaryň metadologik esaslaryny filsofiýasynyň esaslary düzýär.

5. Ylym- din konsepsiýasy. Soňky wagtlar ylmy we dini taglymatlaryň arasyndaky gapma-garşylyklar ýitip başlady. Ylmy işler ýerine ýetirilende terbiýeçilik işleri geçirilmelidir. Dini maglumatlardan dogry peýdalanmaklygyň wajyplygy bu konsepsiýada öz beýanyny tapýar.

6. Innowasiýalar. (täzelikler). konsepsiýasy. Terbiýelemekde ulanylýan islendik täzelikler medeniýete uýgunlylyk ýörelgesine eýerip halkyň däp-dessurlaryny, ahlak taglymatlaryny öz içine almalydyr.          

Ter biýäniň kanunalaýyklyklary

Terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagy üçin ol kanuny häsiýetde bolmaly. Ol pedagogik işde ýüze çykýan belli bir kanunlaryň we kanunalaýyklyklaryň esasynda ýerine ýetirilmelidir. Şol ýa-da başga kanun esasynda hereket edýän kanunalaýyklyk pedagogik hadysalaryň arasynda mydama arabaglaýjy bolup durýar. Kanunalaýyk arabaglanyşyk pedagogik işiň, pedagogik hadysanyň wajyp, esasy häsiýetlerini ýüze çykarýar. Ol obýektiwlilik, sebäp agtaryş, umumylyk, gaýtalanmak ýaly häsiýetlere eýedir.

Terbiýeçilik işi bilen bagly bolan kanunlar we olaryň esasynda hereket edýän kanunalaýyklyklar dürli derejede hereket edýärler we ýüze çykýarlar.

1. Uniwersal kanunlar – bu dialektikanyň kanunlarydyr.

2. Käbir aýry-aýry hadysalar toparyna degişli bolan umumy kanunlar. Olar

diňe terbiýä degişli bolman, psihologiki hadysalara-da degişli bolup bilýärler.

3. Diňe terbiýe hadysalaryna degişli kanunlar.

1. Terbiýe jemgyýetiň hadysasy hökmünde çykyş edip, ösüp gelýän ýaş nesliň

uly ýaşly adamlaryň jemgyýetçilik tejribesini hökmany özleşdirmeginden

ybaratdyr. Bu pedagogik prosesiň esasy kanunydyr.

2. Adamyň ösüşiniň bitewilik kanuny. Adama edilen islendik tötänleýin ýa-da

maksada gönükdirilen täsir diňe onuň şahsy gurluşyny üýtgetmän, eýsem onuň

aýrabaşga häsiýetlerinde-de üýtgeşiklik öwredýär. Adamy belli bir ugur boýunça

terbiýeläp bolmaz, adamy akyl terbiýäni ahlakdan, zähmet terbiýäni gözellikden

aýryp terbiýeläp bolmaz. Adamy terbiýelemekde oňa bitewi terbiýeçilik täsirini

ýetirmeli. Terbiýeçilik işinde çaganyň ähli kabul ediş organlaryny ulanmaly (görüş,

eşidiş, duýuş).

3. Adamyň şahsyýetiniň aýrabaşgalygyny oňa täsir edýän medeni işlere

çekmek bilen terbiýelemek kanuny. Eger-de terbiýelenýän täsirli, medeni işlere

çekilmese onda hiç hili üýtgeýiş ýüze çykmaz. Belli bir çäräniň, işiň üsti bilen

terbiýelemek pedagogdan çagalaryň ýerine ýetirýän işleri maksada ýeter ýaly,

anyk terbiýeçilik meseleleri çözer ýaly ugrukdyrmaly. Olaryň mazmunyny medeni

maglumatlar bilen baýlaşdyrmaly, çagalaryň gyzyklanmalaryny, talaplaryny,

başarnyklaryny we mümkinçiliklerini hasaba almaly.

Çagalaryň ýerine ýetiren işiniň maddy netijesi bolmazlygy mümkin (goşgy

ýazmak, gül ekmek, spektakl oýnamak, düzme ýazmak, surat çekmek, otagy

arassa ýuwmak). Geçirilen işiň netijesine syn hem edip bolmaz (ýaman gylyk-

häsiýetden ýüz öwürmek, şol ýa-da başga bir hadysalar barada pikiriňi üýtgetmek,

käbir adamlara bolan garaýşyňy üýtgetmek). Bu ýagdaýda ruhy täsir barada

gürrüň edilýär.

Maddy netijeli täsirler hem gerek ýöne, ruhy täsiriň netijeleri maddy netijeli

täsirlerden wajypdyr.

4. Gapma-garşylyklary ýeňip geçmek kanuny. Adamyň krizise düşen wagty oňa

edilýän täsir. Krizise düşen adam şol bir wagtyň özünde saýlamagyň we hereket etmegiň öňünde durýar.

Bu ýagdaýda oňa diňe daşky gapma-garşylyklar päsgel bermän, eýsem içki gapma-

garşylyklary hem ýeňip geçmek gerek bolýar: adam bir meseläniň çözgüdinden

gaça durjak bolýar, ony ýerine ýetirmejek bolýar; bu işi ýerine ýetirmäge biliminiň

ýoklugy ýa-da ýeterlik dälligi; netijäniň näbelliligi; öňünde gorky; başga adamlar

tarapyndan ýazgarylmagy ýa-da „olar ýaly“ bolup bilmezlik.

Bu kanun pedagogdan terbiýelenilýäniň ösüşine pedagogik kömek etmegi

optimal derejesini we formasyny kesgitlemegi talap edýär.

Terbiýelenilýän krizis ýagdaýa düşende oňa pedagogyň kömegi hökmany

gerek bolýar. Ol çagany nähili işjeň hereket edip bu ýagdaýdan çykyp

bolmajakdygyny birnäçe ýollaryny maslahat berýär. Egerde ýagdaý çylşyrymly

bolsa, onda pedagog oňa nähili hereket etmelidiginiň modelini hödürläp biler.

5. Pedagogyň we terbiýelenilýäniň biri-birini üýtgediş kanuny. Terbiýeçiniň

terbiýelenilýäne täsiri biri-birini üýtgetmek bilen baglanyşyklydyr. Mugallymyň

hünär taýarlygy bilen okuwçynyň ösüşiniň arasynda berk arabagalanyşyk bardyr.

Pedagogyň akyl derejesiniň, emosional we medeni tarapynyň ýokary bolmagy,

terbiýelemek üçin gerek bolan şertleri döredip bilmegi terbiýeçilik işiniň ýokary

netijeliligine alyp barýar. Bu öz gezeginde terbiýeçiden öz hünär, şahsy, ruhy

taraplaryny kämilleşdirmegi talap edýär we okuw-terbiýeçilik

işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

6. Adamyň garşylyk görkeziş kanuny.   A. S. Makarenko. Bu kanun

terbiýelenilýäniň terbiýeçilik işiniň deňhukukly, işjeň agzasy hökmünde bolmagyny

aňladýar. Çaga näçe aç-açan, käbir ýagdaýlarda gödek täsir edilmegi çaganyň bu

täsire garşylygyny güýçlendirýär. Käbir ýagdaýlarda bu garşylyk daşdan

bildirmeýär, göze görünmeýär. Onuň netjesinde pedagogyň täsiri netijesiz bolýar.

Çagany nädogry ýol bilen edep adatly talaplaryna garşy çykmaga mejbur edýär.

Çaga özüni terbiýeçilik işiniň deň derejeli subýekti hökmünde duýmaly.

Terbiýeçilik täsirleri çagalar dürli-dürli kabul edýärler. Bir çaga bir gezek aýtmak ýeterlik. Başga birine birnäçe gezek aýtmaly, duýdurmaly. Olaryň pedagogyň edýän talaplaryna garşylygy-da dürli-dürli. Haýsy çaganyň nähili garşylyk görkezýänligi dürli usullaryň üsti bilen kesgitläp bilmek, olaryň esasynda täsir edip, dürli terbiýeçilik işleri gurap geçirip bilmek – bu pedagogyň terbiýeçiniň hünär derejesiniň ýokarylygynyň ynsanperwerliginiň görkezijisidir.

7. Adamyň daş-töwerekdäkilere düşünmek, olary kabul edip bilmek talabynyň

kanuny. Terbiýeçilik işinde adamyň daş-töwerekdäkilere düşünişi, olary aňlap bilişi,

olara baha berişi, olar bilen bilelik-de gynanyp bilmegi we bilelik-de döredip

bilmegi (M.Haýdegger) adamyň aýrabaşga gymmatlyk, hökmünde ýüze

çykmagynyň, onuň medeniýetiniň özüni we daşky dünýäni özgerdip bilijiliginiň

häsiýetidir. Terbiýelemekde başga birine düşünmegi, kabul edip bilmegi emele

getirmek, şol bir wagtyň özünde adamyň öz-özüni, öz içki dünýäsini

baýlaşdyrmaga getirýär. Başga bir adama bolan dogry garaýyş adamyň ruhy

dünýäsine, onuň ösüşine baglydyr.

    Adamyň başga adamlara bolan gyzyklanmasynyň ýoklugy onuň özüne, öz

içki dünýäsine bolan gyzyklanmasynyň ýoklugyny aňladýar. Çaganyň öz meseleleri bilen gümra bolşy, başgalara üns bermän „ýapyk“ bolup ýörişi onuň şahsy ýekebara ösüşinde kemçilgiň barlygyna görkezýär. Terbiýeçi ýörite söhbetdeşlik duşuşyklar gurap çagalaryň ýaş- aýratynlyklaryny göz öňünde tutup terbiýelenilende daşky dünýä, daş-töwerege, daş-töwerekdäki adamlara, öz-özüne gyzyklanmasyny ösdürmeli. Bu esasy kanunlar bilen pedagogik kanunalaýyklyklar berk baglanyşyklydyrlar. Terbiýäniň jemyýetçilik ulgamlary bilen baglanyşygyna kanunalaýyklyk diýilýär. Pedagogik hadysalaryň we işleriň arasyndaky obýektiw bar bolan arabaglanyşyklara terbiýäniň kanunalaýyklyklary diýilýär. Terbiýäniň esasy kanulaýyklyklary terbiýeçilik işiniň mazmuny, görnüşleri we usullary jemgyýetiň önümçilik güýçleriniň, önümçilik aragatnaşyklarynyň ösüş derejesi bilen esaslandyrylýar; - terbiýäniň derejesi diňe önümçilik talaby bilen kesgitlenmän, jemgyýetde hökümlik edýän gyzyklanmalar bilen hem kesgitlenýär; terbiýeçilik işiniň netijeliligi onuň geçirilýän şertlerine-de baglydyr: maddy, gigiýeniki, moral-psihologiki şertler köp babatda döwletiň sosial – ykdysady ýagdaýy we bilim dolandyryjy edralaryň ýolbaşçylaryna-da baglydyr; - terbiýeçilik işiniň netijesi çagalaryň daşky dünýä bilen arabaglanyşygyna-da baglydyr; - terbiýäniň netijesi çaganyň haýsy ösüş etapynda terbiýelenip başlanandygyna–da baglydyr; geçirilýän terbiýeçilik işleriniň mazmuny, görnüşleri, usullary çagalaryň ýaş-aýratynlyklaryna we mümkinçiligine deň gelmegi – geçirilýän anyk terbiýeçilik işiniň mazmunynyň saýlan meselelere baglylyk kanunalaýyklygy; - terbiýeçilik işi geçirilende ulanylýan usullar we serişdeler geçirilýän anyk işiň öňünde goýlan meseleleriň mazmuny bilen baglylyk kanulaýyklygy; - geçirilýän terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk görnüşleri onuň mazmuny bilen kesgitlemek kanunalaýyklygy; - adamlaryň durmuşynda esasy wajyp sfera hökmünde bolan terbiýe jemgyýetiň ösüşine garaşlydyr; - şahsyýetiň ösüşi bilen terbiýäniň birlik we arabaglanyşyk kanunalaýyklygy; - terbiýelenilýänleriň jemgyýete peýdaly işi, olaryň söhbetdeşligi näçe maksada laýyk guralsa, terbiýeçilik işiniň netijesi-de şonça ýokary bolar;- terbiýeçilik täsiriň,özara täsiriň we terbiýelenilýänleriň işjeňliginiň arasynda berk kanunalaýyklyk arabaglanyşygy bardyr; - terbiýäniň okatmak, bilim bermek we ösüş arabaglanyşyk kanunalaýyklygy; - öňde goýlan maksat bilen hereketiň birlik kanunalaýyklygy; - durmuşda bolup geçýän zatlar bilen aýdylan sözüň birlik kanunalaýyklygy; - terbiýäniň we öz-özüňi terbiýelemegiň birlik kanunalaýyklygy; - çaganyň içki dünýäsine täsir edip bilmek kanunalaýyklygy; - okuwçylara emosional täsir edip bilmek kanunalaýyklygy. Şahsyýeti terbiýelemek ony belli bir işleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Terbiýe bu şahsyýetiň gurnalan işi ýerine  ýetirende işjeňligi stimulirlemek bilen ony

kämilleşdirmek; bilm bermek bilen terbiýelemegiň üznüksiz birligi;

terbiýelemekde okuwçylaryň öňünde olaryň ösüş perspektiwalaryny açyp

görkezip, olaryň üstünlige begenmegini gazanmaly; terbiýelemekde okuwçylaryň gowy hilini tapmak we olara daýanmak; terbiýelemekde okuwçylaryň ýaş we indiwidual aýratymlyklaryny göz öňünde tutmak; terbiýelemekde okuwçylarda öz-özüni terbiýelemek işjeňligini döretmeli;  terbiýäniň kanunalaýyklary – pedagogik, psihologik, sosiologik, bilim berijilik,guramaçylyk, kibernetiki ýaly toparlara-da bölünýärler.

Terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň hiline uly täsir edýän durum böleklerini kanunalaýyklyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrmaly.

    Terbiýäniň netijeliligi şu aşakdaky baglanyşyklar esasynda ösýär:                                                            

1. Terbiýäniň effektiwligi emele gelen terbiýeçilik aragatnaşyklaryna baglydyr: Şahsyýete täsir onuň daş töweregine gatnaşygynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Terbiýeçilik işiniň gidişinde çagalarda garaýyş, durmuş pozisiýasy, özüni alyp baryş motiwleri emele gelýär. Eger-de terbiýelenilýände geçirilýän işiň mazmunyna nädogry garaýyş bolsa, ilki bilen onda dogry garaýyş terbiýeläp, oňa daýanyp, maksada ýetmeli. Terbiýeçiniň talaplaryny kabul eden çaga, olary öwrenýär we hiç bir şübhesiz ýerine ýetirýär. Ýöne nädogry garaýşy ýa-da öz garaýşy bolan terbiýelenilýände bu işe bolan garaýyş başgaça kabul edilýär. Eger-de gowy terbiýelejek bolsaňyz onda çagany özüňize ýakynlaşdyryp, özüňize ynandyryň.

2. Terbiýäniň netijesi öňde goýlan maksada ýetmek üçin gurnalan hereketlere baglydyr. „ Guramak “ diýen öz täsirleriň, gatnaşyklaryň, şertleriň, görnüşleriň we usullaryň ählisini öz içine alýar. Terbiýeçilik işinde ýörite täsirler-de guralýar. Olar ýüze çykan okuwçylarda negatiw hereketleriň öňüni almak üçin guralýarlar. Egerde guramaçylyk işi maksada deň gelmese, terbiýeçilik işi öz maksadyna ýetmeýär. Tersine, guramaçylyk işleri näçe maksada laýyk guralsa, geçirilýän işiň görnüşleri, serişdeleri we usullary goýlan meselelere deň gelse, terbiýeçilik işiniň netijesi ýokary bolar.

3. Terbiýäniň effektiwligi jemgyýetiň tejribisiniň terbiýelenilýänlere edilýän terbiýeçilik täsiriň häsiýetiniň biri-birine deň gelmegi bilen ýokarlanýar.

Adam pikirlenýär we hereket edýär, bilim alýar we tejribe toplaýar, özüni dogry alyp barmak normalaryny we düzgünlerini öwrenýär we olary şu ýerde tejribede barlaýar-şu görnüşde terbiýeçilik işi amala aşyrylýar. Çagalar alan bilimleriniň aýdylan sözleriň we ýerine ýetirilen işleriň durmuşda ornunyň ýoklugyny bileninde olaryň durmuşa bolan ynamy gaçýar. Eger-de terbiýeçi ýagdaýy gowy tarapa düzetjek bolsa, onda gyssanman hereket etmeli. Maksada tiz ýetjek bolup gerek netijäni gazanyp bolmaz.

4. Terbiýeçilik işiniň netijesi subýektiw we obýektiw faktorlaryň bilelikdäki hereketine baglydyr. Subýektiw faktorlara terbiýeçiler, terbiýelenilýänler we olaryň arasyndaky baglanyşyk, aragatnaşyk, psihologik klimat degişlidir. Obýektiw faktorlar terbiýäniň şertleriniň üsti bilen ýüze çykýarlar. (maddy-tehniki, sosial, sanitar-gigiýeniki we başgalar). Her bir aýry ýagdaýda ýokarda görkezilen faktorlaryň biri-biri bilen çylşyrymly arabaglanyşmagy terbiýe özüniň gaýtalanmajak häsiýetini berýär. Terbiýäniň netijeli bolmagy üçin gerek bolan şertleri döretmeli.

5. Terbiýäniň netijesi terbiýelemek bilen öz-özüňi terbiýelemegiň intensiwligine baglydyr. Öz-özüňi terbiýelemek bu adamyň özüniň şahsyýetini kämilleşdirmäge gönükdiren işidir. Öz-özüni terbiýelände adam terbiýäniň subýekti hökmünde çykyş edýär. Çaganyň öz-özüni terbiýelemegi onuň durmuşynyň mazmunyna, gyzyklanmalaryna, garaýyşlaryna, şol ýa-da başga ýaş aýratynlygynyň häsiýetine görä baglydyr. Öz-özüňi terbiýelemegi terbiýelemek bilen bilelikde amala aşyrylýar we şol bir wagtyň özünde oňa baha berip bilmeli, özünde bar bolan gowy häsiýetleri ösdürmeli we kemçilikleri düzetmeli durmuş meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçmeli. Okuwçy öz-özüni kämilleşdirmäge näçe köp üns berse şonça-da terbiýäniň netijesi ýokary bolar.

6. Terbiýäniň effektiwligi oňa gatnaşýanlaryň pedagogik özara baglanyşygynyň işjeňligine baglydyr. Her bir gatnaşygynyň ýerine ýetirýän işi geçirilýän çäre bir bitewi arabaglanyşyga öwrülmeli.

7. Terbiýäniň effektiwligi onuň bir deň gidýän okatmak we ösüş bilen baglydyr. Şahsyýetiň ösüşi onuň işiniň hiliniň psihologiki üýtgeýşi, onda ýüze çykýan täze hiller we häsiýetler bilen aňladylýar. (N.I.Boldrew). Dolandyrmak nazarýetinden belli bolşy ýaly iki proses berk arabaglanyşykly ýerine ýetirilende, olaryň biriniň täsiriniň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy ikinjisinde bildirýär. Terbiýe ösüşe itergi berýär, ösüş terbiýäni üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu arabaglanyşyk bozulan ýagdaýynda düýpli kynçylyklar ýüze çykýar. Olar öz gezeginde ösüşiň, okatmagyň, terbiýelemegiň netijesiniň ýokarlanmagyna päsgel berer.

8. Geçirilýän işiň netijesi terbiýeçilik täsiriniň hiline baglydyr. Terbiýeçileriň terbiýelenilýänlere pedagogik täsiri olaryň işini maksada gönükdirilen edip guramagy, söhbetdeşligi, öňde goýlan maksat esasynda çaganyň emosional we erk sferalaryny ulgamlaýyn we meýilnamalaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýar. Terbiýeçilik işine gatnaşýanlaryň ýerine ýetirýän işleri, rollary deň derejede bolmasa-da, terbiýelenilýän terbiýeçi bilen aňly gatnaşyk edýär. Bu öz gezeginde terbiýeçilik aragatnaşygyna subýekt-obýekt häsiýetini berýär.

9. Terbiýäniň netijesi çaganyň „içki dünýäsine“ täsiriň intensiwligine baglydyr. (G.I.Şukina). „Içki dünýä“ diýen düşünje şahsyýetiň motiwleriniň, emosialarynyň, talaplarynyň, aklynyň ulgamyny aňladyp, bir bitewi emele geliş hökmünde garalýar. Daşky täsir tejribäniň üstünden, şahsyýetiň öz talaplarynyň üstünden seljerilip kabul edilýär. Terbiýeçilik işinde daşky täsirler okuwçylaryň içki kabul etmeklerine geçýärler. Egerde täsir güýçli bolsa, çagalaryň talabyny ödeýän bolsa, olar okuwçylarda işjeňlik döredýän bolsa, onda şahsyýetiň maksatlarynyň motiwe geçmegi aňsat we tiz amala aşyrylýar.

10. Terbiýäniň netijesi çagalara edilýän pedagogik täsiriň we olaryň werbal we sensomotor prosesleriniň ösüş derejesiniň arabaglanyşygyna baglydyr. (G.I.Şukina). terbiýeçilik işine ösüşiň deňdällik kanuny täsir edýär. Tejribäniň berýän maglumatlaryna görä terbiýelenilýäniň intellektual ösüşi onuň werbal sözleýiş ýa-da hereket ediş sensomotor ösüşi bilen deň gelmeýär. Onuň netijesinde biz nazary maglumatlary tiz özleşdirýän, olary seljerip bilýän ýöne elementar tejribe ýumuşlaryny ýerine ýetirip bilmeýän, sada zähmet işlerini, fiziki maşklary başarmaýan, dünýä gözelligine düşünmeýän okuwçylara duşýarys.

11. Terbiýäniň netijesi terbiýelenilýänleriň öz aragatnaşygynyň intensiwligine we hiline baglydyr. Bir-biriňi terbiýelemek şahsyýetiň ösmegine täsir edýär. Sebäbi deň-duşlar we dostlar hem terbiýeleýärler. Bu ýagdaýda terbiýäniň maksady we mazmuny diňe gowy düşünilmän, eýsem tiz kabul edilýärler. „Gawun gawundan reňk alar“ – diýlen atalar sözi bu kanunalaýyklygy tassyklaýar.

 

 

 Terbiỳelemek işini hereketlendiriji güỳçler. Terbiỳelemek, öz-özüñi terbiỳelemek, gaỳtadan terbiỳelemek

Terbiỳelemek işiniñ hereketlendiriji güỳçleri psihologlar we pedagoglar tarapyndan öwrenilip gelinỳän meseleleriñ biridir (N.L,Boldyrew., M.A.Danilow, F.F.Korolew, G.S.Kostỳuk, G.I.Şukina., B.T.Lihaçew we başgalar). Pedagogik nazaryỳetde terbiỳelemek işini hereketlendiriji güỳçleri oña mahsus bolan gapma-garşylyklardyr.

Pedagogik nazaryỳetiñ täzelikleri, mekdepleriñ we mugallymlaryñ önde baryjy tejribeleri, pedagogik prosesi baỳlaşdyrỳarlar. Ỳöne bu täzelikleri tejribä ornaşdyrmak köne düzgünlerden saplanyp täzäni kabul etmegi talap edỳär. Şu ỳerde täze bilen könäniñ arasynda gapma-garşylyk ỳüze çykỳar.

Pedagogik proses, onuñ hereketlendiriji güỳçlerini hasaba ýüze çykan kemçilikleri ỳok etmek, täze, peỳdaly ỳollary durmuşa ornaşdyrmak.almak bilen guralỳar.

Terbiỳeçilik işinde mekdep bilen maşgalanyñ arasynda çaga terbiỳeçilik: täsir etmekde garşylyk ỳüze çykỳar. Maşgala mekdebiñ edỳän talaplaryna garşy çykỳar. Okuwçylaryñ gün-günden köpelỳän maglumatlary kabul etmeginde kynçylyk döreỳär. Okuw wagtynyñ kesgitliligi, maglumatlaryñ köpelmegi, olary doly we dogry kabul edip bolmaỳanlygy, çagalaryñ nerw ulgamynyň ösüşine ters täsir edỳär.

Mekdep durmuşynda okuw işine üns berlip, okuwçylaryñ emosiỳalaryny we erkini ösdürmäge üns az berilỳär ỳa-da düỳbünden berilmeỳärem. Onuñ netijesinde nazary alnan bilimler howaỳy maglumata öwrülỳärler. Okuwçy tertipsiz, emosional we erk taỳdan ösmedik bolup ỳetişỳär. Aỳdylan söz bilen edilen işiñ arasyndaky gapma-garşylyk. Söz üsti usullaryna terbiỳeçilik işinde köp üns berilỳär, bu bolsa şahsyỳeti tejribeden daşlaşdyrỳar.

Şahsyỳetiñ ösüş tapgyrlarynda esasy içki gapma-garşylyklaryñ biri-de okuwçylarda ỳüze çykỳan täze talaplar, islegler we olary kanagatlandyrmak mümkinçilikleri. Mekdep we maşgala taparyndan bu talaplar, islegler kanagatlandyrylmasa, onda çaga olary özi kanagatlandyrmak üçin hereket edip başlaỳar.

Okuwçynyñ şahsyỳetiniñ ösüşi bilen onuñ durmuş ỳaşaỳyş ỳagdaỳynyñ arasynda gapma-garşylyk ỳüze çykỳar.

Okuwçy ösüp gelỳän şahsyỳet bolandan soñ ol elmydama täze jemgyỳete peỳdaly işleriñ görnüşini ỳerine ỳetirmäge ymtylỳar. Terbiỳe diñe çagalaryñ ymtylmalaryny, isleglerini, gyzyklanmalaryny, talaplaryny durmuşa geçirmäge kömek edip bilen ỳagdaỳynda ösüşi öz yzy bilen alyp gidip biler.

Psihologik, pedagogik edebiỳatlarda okuwçylaryñ talaplarynyñ şu aşakdaky toparlara bölỳärler: maddy talaplar, sosial talaplar, ruhy talaplar.

Öz borçlaryny ỳerine ỳetirmezden adamyñ talaplaryny kanagatlandyrmak, onuñ hukuklaryny durmuşa geçirmek bolmaz.

Adamyñ özüniñ hukuklaryny añlamagy bilen olardan gelip çykỳan borçlar bilen garaỳşynyñ arasynda-da gapma–garşylyk bar. Hukular bilen borçlaryñ arasyndaky dialektiki bitewilik jemgyỳetiñ we her bir adamyñ bitewi ösüşini esaslandyrỳar. hukular bilen borçlaryñ arasyndaky dialektiki arabaglanyşyk hukularyñ borçlara geçmegini, borçlaryñ bolsa hukuklary durmuşa geçirmegiñ şerti hökmünde ỳüze çykmagyndadyr.

Terbiỳeçilik işinde ỳüze çykỳan gapma-garşylyklary okuwçylaryñ durmuş ỳagdaỳlarynyñ ähli sferalaryny kämilleşdirmegiñ üsti bilen (okuw, zähmet, syỳasy-jemgyỳetçilik, çeper-döredijilik, sport we başga şleri) we olaryñ söhbetdeşlik sferasyna bolan garaỳşyny kämilleşdirmegiñ üsti bilen ỳeñp geçip bolar.

Terbiỳe we öz-özüñi terbiỳelemek şahsyỳeti kämilleşdirmegiñ iki tarapynyñ bitewi işidir. Öz-özüñi terbiỳelemek añly, añly, maksada gönükdirilen, özbaşdak iş bolup şahsyýetiň ösüşine we kämilleşisine täsir edỳär.

Pedagog-psihologlaryñ belleýşi ýaly borçlary esasynda şahsyỳet diñe daşky dünỳäni işjeñ özgerdỳän güỳç bolman, ol eỳsem özüniñ kämilleşmeginde-de esasy rol oỳnaỳar (A.A.Aref., A.G.Korolew., A.I.Koçetow., L.I.Ruwinskiỳ we başgalar). Terbiỳeçilik işiniñ maksady terbiỳelenilỳän tarapyndan ulgamlaỳyn maksada gönükdirilen täsiriñ netijesinde añlanylỳar we kabul edilỳär.

Okuwçy öz-özüni terbiỳelemek prosesinde terbiỳeçilik işiniñ subỳekti hökmünde çykyş edỳär. Öz-özüñi terbiỳelemek okuwçylaryñ şol bir ỳa-da başga ỳaş aỳratynlyklaryna, durmuşa ỳagdaỳyna, olaryñ gyzyklanmalaryna, garaỳyşlaryna baglydyr. Barlaglaryñ netijelerine görä öz-özüni terbiỳelemek eỳỳam başlangyç synp okuwçylarynda ỳüze çykyp başlanỳar we pedagogik işde üstünlikli ulanylyp bilner. Ỳörite ylmy-barlagyñ (eksperimentiñ) netijesinde çagalryñ ỳaş aỳratynlyklary boỳunça we ỳekebara ösüşi boỳunça öz-özüñi kämilleşdirmek ululara, dostlara, deñ-duşlara deñleşmek, öỳkünmek, goşulmak ỳaly görnüşde ỳüze çykỳar.

Öz-özüñ terbiỳelemäge bolan talap şahsyỳetiñ ösüşiniñ ỳokary formasydyr. Bu talap bir deñ ỳaşly okuwçylarda bir wagtyñ özünde ỳüze cykmaỳar. Eger-de şahsyỳet oña edilỳän talaplary kabul edip bilmese, onda öz-özüni terbiỳelemek ỳüze çykmaỳar. öz-özüñi terbiỳelemek ỳetginjeñlik döwründe güỳçli depginde ỳüze çykyp başlaỳar.

Öz-özüñi terbiỳelemegiñ maksadagönükdirilenligi, añlanylmagy we berkligi okuwçylaryñ ỳerine ỳetirỳän işleriniñ jemgyỳete gönükdirilenligine, ideallara, şahsyỳetiñ erkin, hiline, öz deñ-duşlarynyñ ỳerine ỳetirỳän işleriniñ häsiỳetine garaşlydyr. Öz-özüñi terbiỳelemegiñ emele gelmeginiň ösüşiniñ wajyp ỳagdaỳlarynyñ biri-de okuwçylarda öz-özüni añlamagy ỳüze çykmagydyr. Uly synp okuwçylarynyňda öz eden hereketlerini we olaryñ hillerini real bahalandyrmak başarnyklarynyñ ỳüze çykmagy öz-özüñi terbiỳelemegiñ zerur şertidir.

Her bir okuwçy, bolsa-da uly synp okuwçysynyñ ahlak kämilliginiñ ỳokary derejesine ỳetmäge mümkinçiligi bar. Ỳöne onuñ üçin pedagogik işi (prosesi) terbiỳeçilik işleriñ ähli ulgamy okuwçylarda aragatnaşygyñ položitel tejribesini toplamaga, özüñi dogry alyp barmagy terbiỳelemägä gönükdirilen bolmaly.

Irki ỳetgenjeñlik döwründe öz-özüñi terbiỳelemek hemmetaraplaỳyn häsiỳete eỳe bolỳar.

Öz-özüñi terbiỳelemek mazmunynyñ wajyp düzümi erk we ahlak hilleri terbiỳelemek, kemala getirmekdir. Öz-özüñi terbiỳelemgi guramak bilen oña degişli hilleriñ özüñ bahalandyrmagyñ arasynda berk arabaglanyşyk bar. Onuñ görkezijileri hökmünde: jemgyỳetçilik pikiriñ güỳji, tankyt etmegiñ we öz-özüñ tankyt etmegiñ hereket etmegi toparda ynsanperwer aragatnaşyk, mugallyma öz-özüñi terbiỳelemegiñ tärlerini we şerişdelerini saỳlap almaga kömekçisi bolup çykyş edỳär.

Okuwçylarda öz-özüñi terbiỳelemegiñ ỳüze çykmagynda topar iki esasy funksiỳany ỳerine ỳetirỳär: öz-özüñi özbaşdak we berk terbiỳelemek üçin şertler döredỳär we bu işi guraỳar. Birinji funksiỳa: topar okuwçylarda jemgyỳete peỳdaly işlere dogry garaỳşyny, toparlaỳyn işlere işjeñ gatnaşmaga höwes we ymtylyş döredỳär, özbaşdaklygy jemgyỳetçilik borjy, inisiatiwany stimulirleýär. Ikinji funksiỳa öz-özüñi terbiỳelemegi guramagy añladỳar. ol okuwçylarda öz-özüniñ añlamagy, öz üstünde işlemegiñ položitel motiwlerini, olara eden işini meỳilnamalaşdyrmagy, onuñ netijesini bahalandyrmagy öz içine alỳar.

Okuwçylaryñ özüne özbaşdak terbiỳäniñ üsti bilen ýekebara ösmegi topara položitel täsir edỳär. Okuwçylaryñ dürli-dürli gyzyklanmalary, dünỳägaraỳşynyñ giñligi, umumy medeniỳetiniň derejesiniñ ỳokarylygy toparyñ agzalarynyñ dürli gyzyklanmalarynyñ we mümkinçilikleriniñ barlygyny kesgitlemäge şert döredỳär, olaram öz gezeginde toparda aragatnaşyklary baỳlaşdyrỳar, toparyñ ösüşine we kämilleşmegine bitewi täsir edỳär.

Okuwçylaryñ öz-özüni terbiỳelemgiñ giñ ỳaỳran tärleri öz-özüne borç almak, öz-özüñe hasabat bermek, öz-özüñi seljermek, öz-özüne gözegçilik etmek we öz-özüñi bahalandyrmak. Öz-özüñi terbiỳelemegi dolandyrmagyñ dialektikasy okuwçylara edilỳän daşky pedagogik talaplaryñ, olaryñ özüne edỳän talaplaryna geçmegidir.

Gaỳtadan terbiỳelemek. Terbiỳelemek we gaỳtadan terbiỳelemek biri-biri bilen arabaglanyşyklydyr. Gaỳtadan terbiỳelemek şahsyỳeti kämilleşdirmäge päsgel berỳän okuwçylarda ỳüze çykan nädogry garaỳyşlary, pikirleri, baha bermekligi, özüni nädogry alyp barmaklygy düzetmekdir.

Gaỳtadan terbiỳelemek – okuwçylaryñ ahlak ösüşinde ỳüze çykỳan gyşarmalaryñ sebäplerini tapmak; ỳüze çykan kemçilikleri düzetmegiñ ỳollaryny we serişdelerini kesgitlemek; okuwçylary jemgyỳete peỳdaly toparlaỳyn okuw hyzmat ediş işlere işjen çekmek; talap etmegiñ, gözegçilik etmegiñ, sylamagyñ we stimulirlemegiň ulgamyny işläp düzmekdir.

Şahsyỳetiñ ahlak ösüşinde ỳüze çykỳan gyşarmalaryny düzetmegiñ wajyp şerti ahlak terbiỳäniñ we öz-özüñi terbiỳelemegiñ arabaglanyşygydyr. Terbiỳelemekde otrisatel täsirleri ỳeñip geçmek meselesi pedagoglar we psihologlar tarapyndan öwrenilỳär (M.A.Alemaksin., A.S.Belkin., A.B.Bedenow., I.A.Newskiỳ. I.P.Prokopỳew., L.I.Ruwinskiỳ).

Terbiỳeçilik işiniñ netijeliligini ỳokarlandyrmagyñ ỳollary. Bu iş dürli ỳollary bilen amala aşyrylỳar: - terbiỳeçilik meseleleriñ ulgamyny proỳektirlemek (taslamak); - terbiỳeçilik işiniñ mazmunyny kämilleşdirmek; - terbiỳelemegiñ formalaryny (görnüşleri) we usullaryny maksadlaỳyk saỳlamak we ulanmak.

Terbiỳeçilik prosesiniñ optimizirlene ỳagdaỳynda ỳokary netije berỳär. Gerek bolan wagt sarp edilip, terbiỳeçiler bilen terbiỳelenilỳänleriñ güỳji birikdirilip terbiỳeçilik prosesiniñ netijesinde maksimal netije gazanylanda oña optimal terbiỳeçilik proses diỳse bolar.

Terbiỳäni optimizirlemegiñ wajyp serişdesi terbiỳeçilik prosesi guramaga bitewi çemeleşmekdir.

Terbiỳeçilik işini optimizirlemegiñ şerti hökmünde geçirilỳän terbiỳeçilik täsirleri anyklamak çykyş edỳär.        

Optimizirlemegiñ esasy şerti şahsyỳetiñ formirlenmegine maksada gönükdirilen täsir edỳän ähli sosial institutlaryñ güỳjüini koordinirlemekdir. Olara mekdep, maşgala, mekdepden daşary terbiỳeçilik edaralary, ỳaşlar we çaga bag guramalary degişlidir.

Terbiỳeçilik işini optimizirlemek, ony amala aşyrmak üçin amatly okuw-maddy, gigiỳeniki we moral psihologik şertler döredỳär.           

Terbiỳeçilik prosesini optimizirlemek terbiỳeçilik täsirini meỳilnamalaşdyrmak, guramak, gözegçilik etmek we seljermekligi göz öñünde tutỳar.       

                                   Terbiýäniň ýörelgeleri.

Tebiýäniň ýörelgeleri bu terbiýeçilik işiniň mazmunyna, usullaryna, gurluşyna bolan talaplary aňladylan umumy ugur alyş düzgünleridir. Olar terbiýeçilik işiniň mazmunyny ýüze çykaryp, pedagogik prosesiň umumy ýörelgelerinden aratapawutlylykda pedagoglaryň terbiýeçilik meselelerini çözmekde ýolbaşçylyk edýän umumy düzgünlerdir. Ýörelgelerden edilýän talaplary häsiýetlendireli.

1. Hökmanylyk. Terbiýäniň ýörelgeleri – bu maslahat däl, gönükdirmeleri däl, olar hökmany we doly tejribä ornaşdyrylmagyny talap edýär. Terbiýäniň ýörelgelerini ulgamlaýyn bozmak, olaryň talaplaryny inkär etmek diňe bir terbiýeçilik işiniň netijeliligini peseltmän, eýsem onuň esaslaryny dargadýar. Ýörelgeleriň talabyny bozýan terbiýeçiler bu işi ýerine ýetirmekden boşadylýarlar, ynsanperwelik, şahsyýeti sylamak ýaly ýörelgeleri ýerine ýetirmedik terbiýeçileriň kazyýete çekilmeklikleri-de mümkin.

2. Bütewilik. Ýörelgeler özünde bütewilik talaby jemleýärler. Bu talap olaryň ählisini terbiýeçilik işinden aýrabaşga däl-de yzygiderli bir wagtyň içinde ulanmagy göz öňünde tutýar. Ýörelgeleri zynjyr görnüşinde ulanman, bir wagtyň özünde frontal ulanmaly.

3. Deňderejelilik. Terbiýäniň ýörelgeleriniň ählisi deň derejelidirler. Olaryň arasynda öň ulanmalysy, soň ulanmalysy ýokdur. Olara deň derejede üns bermek terbiýeçilik işinde ýüze çykjak kemçilikleriň öňüni almaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde olar peýdalanylyp ýokary netije gazanylyp boljak taýýar resept däl, uniwersal düzgün hem däl. Olar terbiýeçiniň ýörite bilimini, tejribesini, ussatlygyny çalyşmaýarlar. Ýörelgeleriň talaplary hemmä birdeňdir, ýöne olaryň tejribede durmuşa ornaşdyrylyşy şahsy esaslandyrylandyr.

Terbiýeçilik işiniň daýanýan ýörelgeleri ulgam döredýärler. Terbiýäniň köp ulgamy bardy we häzirem bar. Şonuň üçin ýörelgeleriň aýratyn talaplary, häsiýetleri, käbir wagt olaryň özleri-de terbiýäniň ulgamlarynda üýtgemän galyp bilmeýärler. Häzirki zaman terbiýe ulgamy şu aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:  

· Ynsanperwerlik;

· Terbiýäniň jemgyýete gönükdirilenligi;

· Terbiýäniň durmuş we zähmet bilen baglylygy;

· Terbiýelemekde gowy häsiýetlere daýanmak;

· Şahsy çemeleşmek;

· Terbiýeçilik täsiriň birligi;

· Indiwidual terbiýelemek ýörelgesi;

· Terbiýeleýji gurşaw döretmek ýörelgesi;

· Okatmagyň terbiýeçilik ýörelgesi;

· Maksada gönükdirilenlik ýörelgesi;

· Terbiýä bütewi çemeleşmek ýörerlgesi;

· Aňlamak bilen özüňi alyp barmagyň birlik ýörelgesi;

· Zähmetde terbiýelemek ýörelgesi;

· Terbiýäniň görelde eýermek ýörelgesi;

· Toparda terbiýelemek ýörelgesi;

· Talap etmek bilen sylamagyň birlik ýörelgesi;

· Göni we parallel täsir etmek ýörelgesi;

· Maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetçiligiň terbiýelemekde maksadynyň birlik  

ýörelgesi;

· Zähmetde terbiýelemek ýörelgesi;

· Öz garaýyşlaryňy ulanyp bilmek ýörelgesi;

· Refleksiwlilik ýörelgesi;

· Interaktiwlilik ýörelgesi;

 

Terbiýelemegi ynsanperwerleşdirmek ýörelgesi.

Bu ýörelge: 1. Terbiýelenilýäniň şahsyýetine ynsanperwer garamak. 2. Onuň hukuklaryny we erkinligini sylamak. 3. Terbiýelenilýäniň öňünde pikirlenilen, güýçýeter talaplary goýmak. 4. Okuwçy seniň talaplaryňy ýerine ýetirmäge garşy bolan ýagdaýynda-da onuň garaýyşyny sylamak. 5. Adamyň özi bolmak hukugyny sylamak. 6. Terbiýelenilýäniň aňyna onuň terbiýelenilmeginiň anyk maksadyny ýetirmek. 7. Terbiýelejek hilli güýç bilen ýerine ýetirmeli däl. 8. Temmi bermegiň ähli görnüşlerinden ýüz döndermek. 9. Eger-de terbiýelenilýän onda emele geljek hilleriň käbirinden özüniň ynamy, garaýyşlary (dini, ynsanperwer) boýunça doly ýüz dönderse ony dogry kabul etmeli.

Şahsy çemeleşmek ýörelgesi.

Pedagogik-psihologik barlaglaryň netijesi terbiýelemekde çaganyň şahsy häsiýetlerini we mümkinçiliklerini hasaba almak esasy orunlaryň birini eýeleýär diýen maglumat berýär. Şahsy çemeleşme adamyň şahsy hillerine daýanmak diýlip düşündirilýär. Çaganyň şahsy hilleri onuň gönükdirilenliligini, onuň gymmatlyklara garaýşyny, durmuş meýillerini, özüni alyp baryşyny we işiniň esasy motiwlerini aňladýar. Çaganyň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak, onuň indiwidual aýratynlyklaryny (häsiýeti, temperamenti, erki) ýokarda agzalan esasy hillerden aýratyn garamak terbiýeçilik işini doly ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýär. Gymmatlyklar oriýentiri, durmuş meýilleri, şahyýetiň göükdirilenligi, çaganyň ýaş we indiwidual aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýöne diňe esasy şahsy häsiýetleri öňde goýmak bu häsiýetleri dogry hasaba almaga mümkinçilik berýär.

Şahsy çekeleşme ýörelgesi terbiýeçiden: 1. Öz okuwçylarynyň temperamentiniň, häsiýetleriniň, garaýyşlarynyň, islegleriniň, gylyk häsiýetleriniň indiwidual aýratynlyklaryny hemişe öwrenmeli we gowy bilmeli. 2. Okuwçylaryň pikirlenişini, motiwlerini, gyzyklanmalaryny, şahsyýetiniň gönükdirilenligi, durmuşa zähmete garaýşyny, gymmatlyklar oriýentasiýasyny, durmuş meýillerini öwrenip bilmeli we olaryň real derejesini bilmeli. 3. Her bir terbiýelenilýäni onuň güýji ýeter ýaly we çylşyrymlaşýan, onuň şahsyýetini ösdürýän işe çekmeli. 4. Maksada ýetmäge päsgel berýän sebäpleri tapmaly we ýoldan wagtynda aýyrmaly, eger-de olary wagtynda aýryp bolmasa geçirilýän terbiýeçilik işiniň ýollaryny, usullaryny üýtgetmeli. 5. Şahsyýet öz işjeňligine doly daýanmaly. 6. Terbiýäni öz-özüni terbiýelemek bilen bilelikde alyp barmaly, öz-özüňi terbiýelemegiň maksatlaryny, usullaryny, görnüşlerini saýlamaga kömek etmeli. 7. Terbiýelenilýänleriň özbaşdaklygyny, başarjaňlygyny, inisiatiwasyny ösdürmeli, işe ýolbaşçylyk etmeli däl-de, ony gurap üstünlik gazanar ýaly gönükdirmeli. Bu talaplaryň ulanylmagy terbiýeçini geçirilýän işleriň ýüzleý däl-de, çuň ösdürmegini, gatnaşyklaryň sebäp-netije kanunalaýyklyklaryna daýanmagyny talap edýär.

Şahsy çemeleşmekde ýaş we aýrabaşga aýratynlyklar täze gönükdirilmelere eýe bolýarlar. Ýakyn perspektiwalar, potensial mümkinçilikler diagnostirlenilýärler. Kiçi ýaşly mekdep döwründe ahlak we sosial hilleri terbiýelemäge uly mümkinçilikler bardygyny bir eýýäm bilýäs. Çaganyň ýaşy näçe kiçi bolsa onuň kabul edişi erkin bolýar, ol şonça-da öz terbiýeçisine ynanýar, onuň abraýyna boýun bolýar. Şonuň üçin çagada kiçi mekdep ýaşynda we irki ýetginjeklik döwründe dogry endikleri terbiýelemek, tertiplilik, özüni köpçülikde alyp barmagy terbiýelemek aňsat bolýar. Uly ýetginjeklik ýaşynda okuwçylar durmuşa peýdaly işiň göni, açyk goýulsa düşünýärler, olar işjeň we inisiatiwaly bolýarlar. Ýöne bu işjeňlik, özbaşdaklyk pedagoglar tarapyndan gowy gurnalan bolmaly. Uly ýaşly okuwçylar özbaşdaklyga ymtylyşy bilen aratapawutlanýarlar. Olaryň bu aýratynlygyna daýanyp olarda beýik ahlak ideallary, jogapkärçilik duýguny ösdürýärler. Geljekki terbiýeçilik işleriň netijelerini taslanylanda (proýktirlenende) okuwçylarda käbir hilleri terbiýelemek ýuwaş-ýuwaşdan peselýär. Onuň sebäbi ýaşynyň ulaldygyça okuwçylaryň nerw ulgamynyň çeýeligi peselýär, daşky täsire psihologik garşylyk ýokarlanýar. Çagany terbiýelände onuň indiwidual häsiýetlerinden kabul etmäge, pikirlenmäge, ýa-da söze, häsiýete, temperamente, erke beýlekilerden köp üns bermeli. Toparlaýyn terbiýede bu we başga aýratynlyklary öwrenmek kyn düşýär. Eger-de terbiýeçi üstünlik gazanjak bolsa onda ol goşmaça wagt, energiýa, serişde sarp edip olary öwrenmeli.

Häzirki zaman okuwçylarynyň bilim derejesiniň ýokarydygyny, olaryň gyzyklanmalarynyň dürlüligini göz öňünde tutup mugallymyň özide hemmetaraplaýyn ösmeli: ol diňe öz hünäri boýunça ösmän, syýasatyň, umumy medeniýetiň, sungatyň häzirki zaman ösüşinden habarly bolup, özüniň okuwçylaryna ahlak sypatlarynyň ýokary nusgasyny görkezmeli.

Çagalyk we ýetginjeklik döwründe şahsy hilleriň ýokary tempde emele gelýänligini göz öňünde tutup, okuwçylarda ýaman gylyk häsiýetler berkemänkä, terbiýelemegiň usullary, mazmuny, gurluşy we görnüşleri terbiýelenilýäniň ösüş derejesi bilen gapma-garşylyga ýetmänkä pedagogik tiz hereket etmeli. Ýöne talaby ýokarlandyryp ony kime niýetlenýän bolsaňyz onuň güýji ýeter ýaly meselä goýuň. Eger-de çaga öňde goýlan talaby ýerine ýeririp bilmese onda onuň öz güýjüne, özüne ynamy ýitýär.

Daşky hereketleriň üsti bilen şahsyýetiň düýpli häsiýetlerini bilmek örän kyn we hemişe ony bilip hem bolmaýar. Bu ýerde terbiýelenilýäniň özüniň terbiýeçä kömek etmegi gerek. Siz ony özüňiziň dostuňyz, kömekçiňiz ediň. Bu ýol bilen siz çaganyň çyn hillerini öwrenmäge gysga ýol taparsyňyz.

Terbiýäniň jemgyýete gönükdirilenligi.

Dürli wagtlarda bu ýörelgäniň mazmuny üýtgäp geldi. Bir wagt ol jemgyýetçilik, bir wagt döwlet, bir wagt şahsy gönükdirilenlik görnüşinde boldy.

Bu ýörelgä daýanyp çagalarda döwlet gurluşyny, onuň syýasatyny, onuň organlaryny goldamak, döwletde kabul edilen we hereket edýän konstitusianyň kanunlarynyň üsti bilen olarda raýat we sosial hilleri terbiýelemek bolar.

Bu ýörelgä daýananda terbiýeçi terbiýelenilýänler bilen tejribe-motiw aragatnaşygyny gazanmaly. Okuwçylaryň ýerine ýetirýän işleri durmuşa peýdaly işler bolmaly. Dürli durmuşa peýdaly işler ýerine ýetirilende çagalaryň aňyna şöz bilen hem täsir etmek ulanylmaly. Peýdaly işler hökmany öz täsiri bilen berkidilmeli.

Mekdebiň esasy wezipesi- öz döwletini, Watanyny söýýän, onuň syýasatyny goldaýan, onuň kanunlaryny sylaýan raýatlary terbiýelemekdir. Bu işi ýola goýmagyň effektiw serişdesi mekdeplerde ýörite dersleri geçmeli we beýleki derslere degişli maglumatlar bilen ýaraglandyrmaly. Mysal üçin, „Döwletaragatnaşyklar“, „Kanun we jemgyýet“ ýaly 2 hepdelik, 1 aýlyk ýörite dersler geçmeli. Okuwçylar üçin „Kanun we şäher“, „Ýer eýesi we kärendeçi“, „Jenaýat we adalatly kazyýet“ ýaly tematiki gollanmalary çap etmeli.

  Jemgyýetçilik proseslerine her bir adam irki çagalyk döwründen girişýär. Şonuň üçinem onuň raýat terbiýesi şol wagtdan başlanýar. Jemgyýetçilik jogapkärçilik duýgusy mekdebiň ilkinji basgançagynda emele gelip başlaýar. Jemgyýetçilik häsiýetiniň emele geliş tapgyrlarynyň ählisinde çagalara hödürlenýän bilimleriň olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelmegini gazanmaly. Eýýäm başlangyç synplarda çagalar „döwlet“, „hökümet“, „konstitutsiýa“, „Prezident“, „kanun“, „jogapkärçilik“ ýaly düşünjeleri anyk mysallaryň üsti bilen özleşdirse, tejribede goldaw tapsa we birikdirilse olar aňsat özleşdirilýärler. Mekdebiň orta we ýokary synplarynda terbiýelenilýänleri real durmuş proseslerine çekmek bilen olarda wajyp düşünjeler berkidilýär, ösdürilýär, ynam terbiýelenilýär, raýat hilleri emele getirilýär.

Gadymy rim mekdeplerinde „Mekdep üçin däl-durmuş üçin“-diýen çagyryş okuwçylary garşylaýar eken. Eýýäm, antik döwrüň pedagoglary durmuşdan, tejribeden üzňe terbiýäniň ýoklugyna, peýdasyzlygyna düşünipdirler. Adamyň şahsyýe





Ïîäåëèòüñÿ ñ äðóçüÿìè:


Äàòà äîáàâëåíèÿ: 2018-11-11; Ìû ïîìîæåì â íàïèñàíèè âàøèõ ðàáîò!; ïðîñìîòðîâ: 687 | Íàðóøåíèå àâòîðñêèõ ïðàâ


Ïîèñê íà ñàéòå:

Ëó÷øèå èçðå÷åíèÿ:

Âåëèêî ëè, ìàëî ëè äåëî, åãî íàäî äåëàòü. © Íåèçâåñòíî
==> ÷èòàòü âñå èçðå÷åíèÿ...

1015 - | 777 -


© 2015-2024 lektsii.org - Êîíòàêòû - Ïîñëåäíåå äîáàâëåíèå

Ãåí: 0.013 ñ.