.


:




:

































 

 

 

 


Okuw işini optimizasiýalaşdyrmak




Pedagogikanyň umumy esaslary bölüminiň 9-njy temasy Pedagogik täzelikler (innowasiýalar) diýlip atlandyrylýar. Şol temanyň mazmunynyň beýanynda biz okuw-terbiýeçilik işini optimizasiýalaşdyrmagyň umumy esaslary barada maglumat beripdik. Indi biz aýratyn okuw işini optimizasiýalaşdyrmak meselesini beýan edeliň.

Optimal diýen adalga (latyn sözi bolup iň gowy diýen many berýär) kesgitlenen şertlerde goýlan meseleleri çözmek üçin iň bir gowy ýollar diýmegi aňladýar.

Optimizasiýanyň nazarýeti we usuly pedagogik işi ylmy taýdan guramak nazarýetiniň bir elementidir. Pedagogik işi ylmy taýdan guramak bu işi ylmy taýdan esaslandyryp meýilnamalaşdyrmagy we belli bir ölçeglere bölmegi, her kimiň ýerine ýetirmeli işini anyk böleklere bölmegi, olary koordinirlemegi, gerek bolan şertleri döretmegi, işiň optimal wariantyny saýlamagy, ony höweslendirmegi, düzetmegi, gözegçilik etmegi we ösdürmegi göz öňünde tutýar. Optimal warianty saýlaman okatmagy ylmy esasda gurnamak başa barmaýar.

Optimallyk ýörelgesi, pedagogik işi ylmy taýdan guramagyň ýörelgeleriniň biri bolup, okuw işi diňe bir gowy netije gazanmak, eýsem hereket edýän wagtynda iň ýokary derejä gazanmagy talap edýär. Bu ýörelge käbir usullaryň, tärleriň, serişdeleriň okatmagyň formalarynyň hasaba alynmaýanlygyna, okatmakda şablon we trafarete (birmeňzeşlige), okuwçylara we mugallymlara okuw ýüküniň köp ýüklenmegine, okuw maglumatlarynyň çenden aşa tiz öwrenilmegine garşy çykyş edýär. Optimallyk ýörelgesi okuw prosesiniň elementlerini ulanmagyň peýdalylygyny, dogrulygyny, dogry ölçeg duýgusynyň bolmagyny talap edýär. Ol az wagt sarp edip köp netijeler gazanmaga çagyrýar. Onuň uly ynsanperwerlik häsiýeti şundadyr.

Dogry pedagogik çözgütleri optimal saýlamagyň metodologik esasy bolup ulgamlylyk garaýyş çykyş edýär. Diňe karar kabul edilende, ulgamlaryň düzümleriniň (komponentleriniň) arasyndaky kanunalaýyk arabaglanyşyklar hasaba alnanda, okatmagyň optimal wariantyny saýlap bileris.

Okatmagy optimizasiýalaşdyrmak üçin dogrulygyň anyk didaktiki materialistik düzgüni metodologik esas bolup çykyş edýär. Bu düzgün, ähli ýagdaýlar üçin uniwersal görnüş ýa-da usul bolup bilmez, ulanylmaly şertleri we çäkleri görkezilmedik usuly hödürnamalaryň ulanyp bolmazlygyny aňladýar.

Optimizasiýa ýerine ýetirilýän işde baş zwenonyny saýlamagyň wajyplygy baradaky metodologik düzgüne daýanýar. Okuw işinde baş zwenosyna daýanman optimal wariant tapyp bolmaz.

Okuw-terbiýeçilik işini optimizasiýalaşdyrmagyň nazarýeti pedagogikanyň ösüşinde logiki etap boldy. Ol pedagogikanyň öňki gazananlaryna daýanýar. A.S. Makarenko terbiýelemegiň dürli tärlerini ulanmagyň wajyplygyny, olaryň birini güýçli diýip saýlamaga garşy çykdy.

I.T. Ogorodnikow we L.W. Zankow bu ugurdan köp işleri bitiren didaktlardyr. Olar okatmagyň usullaryň deňeşdirme effektiwligini öwrenip, olaryň haýsy we haýsy şertlerde uly netije berip biljekdigini görkezdiler. Optimizasiýa pikirini ornaşdyrmaga pedagogik işi ylmy esasda guramak boýunça işler kömek etdi. (I.P. Raçenko, A.G. Molibog, S.Ý. Batyşew we başgalar).

Öz wagtynda belli pedagog F.F. Korolew: Geljekde ähli işleriň görnüşlerinde esasy häsiýetli dolandyrmak optimizasiýa ideýasy bolar Şol bir wagtda pedagogikada-da diýip belläpdi. Häzirki zaman okatmak nazarýetiniň we tejribesiniň seljermesi, bu ugurdan häli köp iş edilmelidigine garamazdan optimizasiýa ideýalarynyň giňden peýdalanylýanlygy belli boldy.

Optimizasiýa ideýasynyň ösmegine optimal karar kabul etmegiň psihologik esaslarynyň işlenilmegi täsir etdi. Psihologik nukdaý nazaryndan optimizasiýa kesgitlenen okuw-terbiýeçilik meselesini çözmegi rasional amala aşyrmagy, intellektual erkli akty kabul etmegi aňladýar.

Çözgütden öň pedagogik meseläni kabul etmeli: (mysal üçin, berlen synp üçin sapagyň meýilnamasynyň iň gowusyny saýlamak); goýlan meseläniň çözgüdiniň birnäçe mümkin bolan wariantynyň bolmagy; şolaryň içinden berlen şertler üçin optimalyny saýlap almak; berlen meseleleri çözmegiň mümkin bolan wariantlarynyň deňeşdirme effektiwliginiň netijeleri bilen tanyşmak; ähli mümkin bolan wariantlary gysgaldyp, olaryň arasyndan iki sany esasy wajyplaryny saýlamak; olaryň effektiwligini, olara harç bolan wagty deňeşdirmeli; olaryň içinden optimizasiýa kriteriýasyna deň gelýänini saýlap almaly.

Optimal wariant pedagogik pikirlenmäniň problem-gözleýiş stilini talap edýär. Reproduktiw çemeleşmede mugallym okatmak meselesini çözmegiň bir wariantyny göçürip alýar. Gözleýiş döredijilik pikirlenmede ol birnäçe mümkin bolan ýollardan häzirki ýagdaýlara deň gelýän ýoly saýlaýar.

Karar kabul etjek wagty pedagog dartgynly ýagdaýda bolýar. Onuň özbaşdak pikirlenmesi näçe pes bolsa, onuň dartgynlygy şonça-da ýokary bolýar. Pedagogik karara gelenden soňam pedagog şübheli ýagdaýda bolýar, sebäbi saýlanan ýoluň amala aşmagy okuwçylaryň işe garaýyşlaryna-da bagly bolýar. Bu ýerde pedagogik proses gidip durka oňa üýtgeşikler girizmäge, okuwçylaryň işini dogry ýola gönükdirmäge mümkinçilik berýän pikirlenmäniň mobilligi talap edilýär.

Okuw işini optimizasiýalaşdyrmagy karar kabul etmegiň algoritmini ýatlamak bilen öwrenip bolmaz. Ol pedagogy öz metodiki üstünliklerine begenýän, şahsy, psihologik meýilnamalary üýtgetmegi, pedagogik işde standartlardan we şablondan saplanmagy, işe özbaşdaklygy we döredijilik garaýşy ösdürmegi talap edýär.

Optimal diýmek häzirki wagt üçin iň oňat ýöne kesgitlenen kriteriýalar nukdaýnazaryndan. Okuw işini optimizasiýalaşdyrmagyň ýörite nazarýeti işlenenden soň, ol okuw işini guramagyň optimal usullaryny, bütewi we logiki arabaglanyşykly kriteriýalar ulgamyny formirlenmäge mümkinçilik berýär.

Okatmagyň optimizasiýasy okuwçylaryň real okuw mümkinçiliklerini hökmany öwrenmegi göz öňünde tutýar. Ol synpda ýetişmeýänleriň ýoklugy bilen kanagatlanman, ähli okuwçylary mümkin bolan üstünliklere çagyrýar. Mugallyma okuwçynyň şu günki real okuw mümkinçiliklerini bilmek bilen çaklenmän onuň ýakyn ösüş zonasyny bilmek wajypdyr. (L.S. Wygotskiý)

Optimizasiýa belli bir kesgitlenen döwürde, mysal üçin, çärýegiň soňunda, ýarym ýylda, ýylyň soňunda okuwçynyň ýetişiginiň maksimal mümkin bolan derejesini proýektilemegi talap edýär. Okuwçylary öwrenmegi bütewi we şol bir wagtda ähli mugallymlara elýeter maksatnama boýunça geçirmeli. Mysal üçin, orta synp okuwçylaryň real okuw mümkinçiliklerini öwrenmek üçin: saglyk ýagdaýyny, jemgyýetçilik we zähmet işjeňligini, özüni alyp baryş düzgünlerini ýerine ýetirişini, okuwa garaýşyny, okuw we okuwdan daşary esasy gyzyklanmalaryny, okuw zähmetiniň endikleriniň emele gelşini, (meýilnamalaşdyrmak, esasyny saýlamak, okamagyň we ýazmagyň tempi, öz-özüne gözegçiligi) okamaga höwesini, köp okanlygyny, maşgalanyň we deň-duşlaryň täsirini, okanda haýsy derslerden kynçylyk çekýändigini, esasy dersler boýunça ýakyn geljekde garaşylýan okuw üstünliklerini, okuwda ýa-da özüni alyp barşynda ýüze çykan kemçilikleriniň (eger bar bolsa), esasy sebäplerini bilmeli. Bu maksatnamany ulanyp, okuwçylaryň real okuw mümkinçiliklerini öwrenip, okuw işinde gazanan optimal netijeleri bahalandyryp bolar.

Okatmagyň optimallygynyň ilkinji kriteriýasy her bir okuwçynyň ýakyn ösüş zonasynda real okuw mümkinçiliklerinde ýetişigini, terbiýelenligini we ösüşini gazanmak.

Bu dereje kanagatlanarlydan pes bolmaly däldir, sebäbi okuw maksatnamalary ähli sagdyn okuwçylara elýeter düzülendir. Bu garaýyş ýetişigi pes okuwçylar bilen olaryň kemçilikleriniň öňuni almak üçin, ýetişigi gowy okuwçylaryň ukyplaryny we zehinini hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ýörite işleri geçirmegi talap edýär.

Häzirki zaman didaktikasy okuw prosesini optimal diýip hasap etmek üçin bir kriteriýa azdyr diýip hasap edýär. Okuwçylaryň we mugallymlaryň okuw ýüküniň köp bolmazlygynyň öňüni almak, okuw işiniň tygşytly geçişini üpjün edýän ikinji kriteriýa gerekdigi wajypdyr.

Okatmagyň optimallygynyň ikinji kriteriýasy okuwçylar bilen mugallymlaryň okuw işi we öý işi üçin berlen, gigiýeniki berkidilen wagt ölçeglerini ýerine ýetirmekdir. Belli bolşy ýaly, her synp okuwçylaryna okuw işini we öý işini ýerine ýetirmek üçin wagt ölçegi ylmy taýdan esaslandyrylandyr, olar öz gezeginde okuwçylaryň güýjüni tygşytlamakda-da bildirýärler. Okuwçylar öý işini ýerine ýetirende I synp 1 sagat, II synp 1,5 sagat, III-IV synp - 2 sagat, V-VI synp 2,5 sagat, VII synp 3 sagat, VIII-X synp 4 sagat wagt sarp etmeli. Okuwçylaryň synpdan daşary işlere sarp etmeli wagtlaryda bellenilen. Başlangyç synp mugallymlary sapaklara taýyarlanmak üçin günde 2 sagat, ýokary synp mugallymlara 3 sagat wagt sarp etmeli.

Netijelilik we wagt kriteriýalarynyň bütewilikde ulanylmagy optimizasiýany (oaktamakda sada işjeňlik) okatmakda mugallymlaryň we okuwçylaryň wagty hasaba alynmaýan sada işjeňlikden aratapawutlandyrýar.

Optimizasiýa mugallyma okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeler gazanmagyň gysga, ýeňil ýollaryny görkezýär.

Ýokarda beýan edilen optimallygyň iki kriteriýasyndan başga-da kriteriýalar bardyr: az güýç, serişdeler ulanmak kriteriýalary.

Okatmagyň optimallygyny bahalandyrmak birnäçe etapdan amala aşyrylýar. Başda käbir kesgitlenen häsiýetler boýunça okuwçylaryň ýetirşiginiň, terbiýelenliginiň we ösüşiniň başlangyç derejesi bahalandyrylýar. Ondan soň, olaryň belli bir wagtdan soň mysaly ösüş derejesi meýilnamalaşdyrylýar. (bu okuwçy nähili ýetişip bilýär we ýetişmeli, özüni nähili alyp barmaly). Ondan soň okuw-terbiýeçilik täsirler ulgamy ulanylýar we okuwçylarda ýüze çykan üýtgeşikler bahalandyrylýar. Netijede, ýetilen netije optimal mümkin bolan netije bilen deňeşdirilip çözülýär, öý işine we synpdan daşary işe sarp edilen wagt berlen normatiwler, wagt bilen deňeşdirilip görlüp ýerine ýetirilen işler ulgamynyň optimallyk derejesi barada netije çykarylýar. Okatmak işini guramagyň dürli wariantlaryny deňeşdirmegiň we olaryň arasyndan optimal peýdasyny saýlamagy başda bir kriteriýa boýunça amala aşyrmaly, ikinjisini üýtgewsiz saklamaly. Onda biz okatmak prosesiniň haýsy kriteriýa boýunça optimaldygyny belleýäris. Okatmak işiniň iki kriteriýalar boýunça optimal bolmagyny gazanmaga çalyşmaly.

Optimallyk nazaryýeti didaktika täze düşünje okatmagy optimizasiýalaşdyrmagyň usullar ulgamy düşunjesini girizýär. Bu düşünje anyk häsiýetli bolup, okatmagyň kanunalaýyklaryndan we ýörelgelerinden gelip çykýar.

Okatmagy optimizasiýalaşdyrmagyň usuly bu okuwçylaryň we mugallymlaryň ýüküni köpeltmän, bellenilen gigiýeniki normatiw wagty ulanmak we berlen ýagdaýda okuw işiniň effektiwliginiň maksimal derejesine ýetmekde mugallym bilen okuwçylaryň berk arabaglanyşykly işidir.

Üns beriň, käbir wagt okuw işini optimizasiýalaşdyrmagyň usullary, käbir wagt okuw prosesini optimizirlemek başarnyklary barada gürrüň edýäris. Bu ýerde başarnyk mugallymyň okuw işini optimizirlemegiň kesgitlenen usullaryny ele almagy diýlip düşündirilýär.

Pedagogik zähmeti ylmy esasda guramagyň nazarýetinde mugallymyň işinde 4 (dört) esasy dereje saýlanylýar: ýeterlikli däl; tankydy (kritiçeskiý), ýeterlikli we optimal. (I.P. Raçenko).

Okatmagyň optimal derejesi okatmak elementlerine nähili täzelik girizýär, olar näme bilen häsiýetlenýärler, ony optimizirlemegiň esasy usullary nähili?

Ilki bilen okatmagyň wezipelerini meýilnamalaşdyrmakdan başlanýan taýyarlyk etapynda duralyň. Optimal meýilnamalaşdyrmak okatmagyň wezipelerini meýilnamalaşdyrmaga toparlaýyn çemeleşmegi talap edýär we birtaraplaýynlyga ýol bermeýär. Şol bir sapakda mugallym bilim berijilik, terbiýeçilik we ösdürijilik wezipeleri çözjekdir. Bu çemeleşme okuw-terbiýeçilik wezipeleriň toplumynyň ählisini çözmek üçin goşmaça wagt talap etmän okatmagyň effektiwligini ýokarlandyrýar.

Temanyň mazmunyndan esasyny saýlamak, ders aragatnaşygy koordinirlemek we okuw maglumatynyň rasional (peýdaly gerek bolan) gurluşyny gurmak ýoly bilen okatmagyň mazmunynyň optimal wariantyny bilim bermegiň, terbiýelemegiň we ösdürmegiň meselelerini okuwçylaryň okuw ýüküni artdyrman, üstünlikli çözmäge kömek edýänini saýlamak okatmagy optimizasiýalaşdyrmagyň usullarynyň wajyp topary hökmünde ýüze çykýar.

Okatmagyň mazmunyny optimizasiýalaşdyrmak maksady bilen mugallym her bir sapagynda gönükmeleriň az sany bilen maksimal mümkin bolan effekti gazanmaly.

Mugallym mazmuny saýlandan soň, okatmagyň usullaryny we serişdelerini saýlaýar. Berlen wagtyň içinde goýlan meseleleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýän okatmagyň usullaryny we serişdelerini saýlamak okatmagy optimizirlemegiň ýene-de bir usulydyr. Onuň ýaly saýlaw, bu tema boýunça usuly hödürnamalaryň mümkin bolan wariantlary bilen tanyşmak ýoly bilen amala aşyrylýar. Pedagog bu ýagdaýda wezipeleriň häsiýetini, maglumatlaryň mazmunyny, okuwçylaryň we öz hususy güýçli usuly taraplarynyň mümkinçiliklerini hasaba alýar.

Okuwçylary okuwa iterýän (motiw) we höweslendirýän usullary optimal saýlamagyň wajyplygyny bellemek gerek. Häzirki wagt okuwçylaryň okuwa položitel garaýyşlaryny höweslendirýän ýörite usullar topary esaslandyrylan. Olar, bilim beriji oýunlar, okuw çekeleşikleri, akyl ýetiriş täzelikleri dörediş ýagdaýlar, emosional başdan geçirmek we ş.m.

Okatmagyň usullaryny saýlamak bilen bir wagtyň özünde mugallym sapagyň berlen etapynda wagt tarapyndan tygşytly we rasional ulanylyp boljak okatmagyň serişdelerini (tehniki, görkezme esbaplar, laborator abzallary we ş.m.) kesgitleýär. Bu wezipe biziň şu günlerimizde interaktiw okuw we miltimedia tehnologiýalar ulanylyp başlanda aktualdyr.

Okatmagy optimizasiýalaşdyrmagyň indiki usuly berlen wagtyň içinde okuwçylaryň okamaga taýyarlygynyň logikasyna deň goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýagdaý döredýän guramaçylyk formalary saýlamakdyr. Optimizasiýanyň bu usuly diňe umumy synp bolmadyk, ýetişigi pes, gowy taýýarlygy bolan okuwçylara differensirlenen we aýrabaşga çemeleşmegi göz öňünde tutýar.

Okatmagy differensirlemekde esasy ünsi ýetişigi pes okuwçylara berlen ýumuşlary kemeltmäge köp üns bermän, ähli okuwçylar üçin niýetlenen maglumatlar ýerine ýetirilende olara berlen kömegi differensirlemeli.

Okatmak prosesini optimizirlemek berlen wagtyň içinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge optimal şert döredýän ýagdaýlarsyz mümkin däl. Okuw-material, mekdep-gigiýeniki, moral-psihologiki, estetiki, käbir wagt (gerek bolan wagtyň bolmagy) şertleri saýlanylýar. Bu şertler birinjiden, okuw meýilnamalary, maksatnamalary, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, usuly hödürnamalary, mekdep jaýlaryny we otaglaryny abzallaşdyrýan gurluşyk proýektleri, mekdep-gigiýeniki, her bir synp okuwçylarynyň synp we öý işiniň normatiwleri düzýän ylmy usuly edaralar tarapyndan üpjün edilýär. Ikinjiden gerek bolan şertleri döretmek bilen bilim dolandyryjy edaralar meşgullanýarlar. Olar täze mekdep jaýlaryny gurmak, olary gerek bolan abzallar, edebiýatlar bilen üpjün etmek bilen meşgullanýarlar. Üçünjiden gerek bolan şertleri döretmäge mekdep ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşýarlar. Olar kabinetleri (otaglary) abzallaşdyrýarlar, okuw maglumatlaryny taýýarlaýarlar, goşmaça görkezme esbaplary we laborator enjamlary, tehniki serişdeleri ulanylmaga taýýarlaýarlar, synplaryň, kabinetleriň içiniň howasynyň temperaturasyny, ýagtylygynyň rejesiniň talaba laýyk bolmagyny üpjün edýärler.

Ýokarda berlen okatmagy optimizasiýalaşdyrmagyň usullary mugallymyň işiniň taýýarlyk etapyna degişlidir. Geljekki etapda goýlan wezipeler, okatmagy guramagyň formalarynyň we serişdeleriniň, usullarynyň, saýlanan mazmunyň wariantynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Okuw işini amala aşyrmak etapynda optimizasiýanyň esasy iki usuly ulanylýar: okuwçylaryň okuw işini dolandyrmagy we öz-özüňi dolandyrmagy rasional ulanmak (okuwy optimizirlemek) we okuw prosesiniň gidişini operatiw (wagtynda) dogrulamak (regulirowaniýe) we düzetmek (koorrigirowaniýe).

Mugallymlaryň we okuwçylaryň işiniň strukturasy bu ýagdaýda şeýle bolýar:

 

Mugallymyň işi   Okuwçynyň işi
1. Işiň wezipesiniň goýluşy.   Işiň wezipelerini kabul etmek we olary ýerine ýetirmäge işjeň hereket etmek.
2. Işi höweslendirmek.   Işiň itergilerine (motiwlerine) düşünmek
3. Saýlanan mazmun, usullar we okuwy gurnamagyň formalary esasynda terbiýelenilýänlere pedagogiki täsir etmek we olaryň işini guramak, esasyny saýlamaga ymtylmak.   Işi işjeň ýerine ýetirmek, okuw ýumuşlaryny ýerine ýetirmegiň rasional wariantlaryny tapmaga ymtylmak, esasyny saklamak, mümkin bolan maksimal netiejeleri gazanmak.
4. Isiň gidişine gözegçilik etmek.   Işiň gidişine özüň (özbaşdak) gözegçilik etmek.
5. Saýlan hereket ediş meýilnamaňyzda belli bir optimal däl ýagdaý dörese oňa operatiw düzediş girizmek.   Goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen öz mümkinçilikleriňi hasaba alyp, öz hereketleriňi özüň dogrulamak we düzetmek (mugallymyň ýa-da başlangyçlaryň esasynda)

 

Okuw prosesini tiz operatiw dogrulamak (regulirowaniýe) we düzetmek (korrigirowaniýe), okatmak usullarynda tiz üýtgeşikler girizip, okuwçylarda sapakda ýüze çykýan kemçilikleri düzetmek üçin gerekdir. Mugallymda ýüze çykýan kemçilikleri düzetmek üçin mobil başarnyklaryň bolmagy, onuň okatmak işini optimizasiýalaşdyrmagyň usulyny ele alandygynyň alamatydyr.

Optimizasiýanyň jemleýji usuly optimallyk kriteriýalar esasynda okatmagyň netijelerini we ulanylan wagty seljermekdir.

Optimallygyny seljermek aşakdaky hereketlerden ybaratdyr.

 

Mugallymlaryň işi   Okuwçylaryň işi
1. Alnan netijeleri göz öňünde tutulan maksimal mümkin bolan wezipelere deňligini seljermek   Işiň netijelerini öz real mümkinçilikleriňe deňligini özüň seljermek.
2. Hereket edýän normatiwler boýunça mugallymlaryň we okuwçylaryň optimal sarp eden wagtyna baha bermek.   Optimal sarp edilen wagty özbaşdak bahalandyrmak.
3. Optimal mümkin bolan netijeleriň we wagtyň üýtgemeginiň sebäplerini bilmek   Optimal mümkin bolan netijeleriň we wagtyň üýtgemeginiň sebäplerini özüň seljermek.
4. Okatmagyň täze öwrüminde bu sebäpleriň ýüze çykmagynyň öňüni almagy meýilnamalaş-dyrmak   Okuwçynyň özüne bagly bolan sebäplerden saplanmagyň ýollaryny amala aşyrmak.

 

Pedagoglaryň we terbiýelenilýänleriň okuw prosesini optimizasiýalaşdyrmakda ýerine ýetirýän bütewi usullar ulgamy şeýleräk.

Optimizasiýa usullaryny gysgaça, şu esasy pedagogik hereketleriň üsti bilen beýan edip bolar: toplumlaýynlygy we anyklygy, esasysy, saýlamak, dersarabaglanyşyk, deňeşdirme bahalandyrmak esasynda onuň wariantlaryny saýlamak, okatmagy differensirlemek we aýrabaşgalaşdyrmak, gerek bolan şertleri döretmek, dolandyrmagy we öz-özüňi dolandyrmagy rasional baglaşdyrmak, prosesi operatiw (tiz) regulirlemek (dogrulamak) we korrigilirlemek (düzetmek), onuň netijelerini netije we sarp edilen wagt kriteriýalary boýunça bahalandyrmak.

 





:


: 2018-11-11; !; : 672 |


:

:

- - , .
==> ...

1475 - | 1471 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.035 .