.


:




:

































 

 

 

 


Bilimleri barlamak we bahalandyrmak.




Tejribe pedagogik işiň sostaw bölümi we prosesi hökmünde, anyklanyşy we umumy çemeleşme hökmünde anyklamany ara tapawutlandyralyň. Didaktiki prosesiň geçişiniň, ähli taraplaryny öwrenmäge, onuň netijesini dogry kesgitlemäge anyklaýyş diýilýär. Anyklaýyşsyz didaktiki prosesi effektiw dolandyryp, bar bolan şertler bilen optimal netije gazanyp bolmaz.

Didaktiki anyklaýyşyň maksady okuw işiniň geçişini, onuň öndürijiligi esasynda wagtynda ýüze çykarmak, seljermek we bahalandyrmakdyr.

Görşümiz ýaly adaty bilimleri, başarnyklary bahalandyrmakdan anyklaýyş giň we çuň mana eýe. Bilimleri barlamak diňe netijä üns berip, onuň gelip çykyşyny düşündirmeýär. Anyklaýyş gözegçiligi, barlagy, bahalandyrmagy, statistiki maglumatlaryň toplanmagyny, olaryň seljerilmegini, tizligini, ösüşini, onuň mundan beýläk ösüşini çaklamagy ýüze çykarýar.

Gözegçilik, okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny bahalandyrmak anyklaýşa wajyp sostaw bölüm hökmünde goşulýarlar. Olar pedagogik tehnologiýanyň gadymy düzümidir. Adamzadyň ösüş ýolunyň ilkinji günlerinde ýüze çykan gözegçilik we bahalandyrmak mekdebiň üznüksiz esasy bolup, onuň ösüşi bilen bilelikde hereket edýärler. Ýüzlerçe ýyl mundan öň bolşy ýaly pedagoglar şu gün hem baha nämäni görkezmeli (aňlatmaly) diýen soragyň üstünde jedelleşýärler. Bir topar pedagoglar baha okuwçynyň ýetişiginiň kesgitlemesi bolmaly diýse, başga bir topary tersine, bahalandyrmak şol ýada başga okatmak usulynyň (ulgamynyň) kemçiligini ýa-da üstünliginiň görkezijisi bolmalydyr diýýärler. Mekdepde bilimleri bahalandyrmagyň gapma-garşylykly häsiýetdedigini Ý. A. Komenskiý-de belläp, pedagoglara ýüzlenip, bilimleri bahalandyranda öz hukuklaryndan peýdalanyp aňly we ölçegli çemeleşmäge çagyrdy. Okuwçylaryň bilimlerine obýektiw gözegçiligi, ynsanperwer garaýyşlar bilen baglaşdyrmagy talap etmek ähli didaktiki ulgamlaryň içinden geçýär.

K.D. Uşinskiý öz döwründäki gözegçiligiň formalaryny berk tankytlaýar. Ol ilki bilen onuň kemçiliklerini belläp, bu gözegçiligiň ýollary we usullary okuwçylaryň akyl işiniň ösüşine päsgel berýärler. Däp bolşy ýaly mugallym bir ýa-da birnäçe okuwçydan öý işini soranda, beýlekiler özlerini işden azat hasap edýärler. Ol wagtyny boş geçirip, öz güýjüni biderek ýoklap, tolgunyp garaşyp oturýarlar. Bu ýagdaýda, elbetde, okuwçy özüniň bilesigelijiligini we başlangyçlaryny ýüze çykaryp bilmeýär, diýip belleýär.

Häzirki zaman mekdeplerinde formal gözegçilige ýol berilmeli däldir. Didaktiki gözegçilik okatmagyň özboluşly usuly bolup aýdyň ýüze çykan bilim beriji, ösdüriji gönükdirilen bolup, öz-özüňe gözegçilik bilen birleşip, ilki bilen okuwçynyň özüne hökmany we peýdaly bolmaly.

Öň mekdep gözegçiligini üýtgetmäge bolan synanyşyklar hiç bir netije bermediler, sebäbi ähli teklipler we täzegirizmeler şol bir mekdepde bilimleri bahalandyrmalymy ýa-da bahasyz oňmalymy diýen soragyň daşynda toplandylar. 1918-nji ýylyň maý aýynda Halk komissariaty Bahalary aýyrmak barada karar kabul etdi. Onuň esasynda mekdeplerde bahalar bilen bilelikde synaglaram aýryldy. Olara derek okuwçylaryň ýetişigine gözegçilik etmek we olary hasaba almagyň sada formalary girizildi. Ol maksatlar üçin, ýörite hasaba alyş depderler ýöredilip gowy okuwçylaryň familiýasy gyzyl sahypada, bilim derejesi pesleriň familiýasy gara sahypada ýazylyp, ýaryş girizildi. Ýöne bahasyz okamak (gözegçiliksiz) netije bermedi we berip bilmezdi.

Bilimleri höwes bilen ele almak, tebigy taýdan berlen bilimlere ymtylmalar (P.N. Blonskiý) okuwçylaryň okuw işiniň esasy täsir ediji höwesleri bolmanlygy düşnükli boldy.

Häzirki mekdep gözegçilikden we bilimleri, başarnyklary bahalandyrmakdan ýüz döndermegi talap etmeýär. Ol okuwçylary okatmak maksady bilen bahalary nädogry goýmak ýollaryndan ýüz döndermägi talap edýär. Okatmakda we terbiýelemekde güýç toplaýan okuwçylaryň okuw işini höweslendirmegiň täze usullaryny gözlemek ýollary, şahsy peýda ýörelgesi, başga garaýyşlary kesgitleýärler. Anyklaýyş ulgamynda baha höweslendiriji serişde hökmünde täze hillere eýe bolýar. Bahalandyryş ulanylýan, şahsyýetiň öz-özüni kesgitläp bilýän we ony okamaga iterýän faktor hökmünde anyklaýşyň netijesi ulanylyp bilner. Okatmagyň öz isleglilik ýörelgesi bilen doldurylyp, öň okuwçylar tarapyndan gowy görülmedik, zor bilen okatmaga iterýän serişde hökmünde çykyş edýän baha ösen jemgyýetde adamyň bahasyny (agramyny) görkezýän, onuň şahsy reýtingini kesgitleýän rasional (peýdaly) ýola öwrülýär.

Käbir daşary döwletlerde mugallym bilen okuwçynyň arasynda kontrakt baglanyşylýar. Ol kontraktda Siz gözegçilikli okajakmy ýa-da gözegçiliksiz?, Siz baha almak isleýäňizmi ýa-da bilimleri bahasyz ele aljakmy? diýen soraglar goýulýar.

Egerde okuwçy bahasyz, gözegçiliksiz okajak bolsa, onda okuwyň bahasy 3-4 gezek az bolýar. Gözegçilikli we bahalandyrylyp okajak okuwçylaryň tölegi ýokary bolýar.

Näme üçin? Siz muny nähili düşündirersiňiz?

Pedagogikanyň häzirki nazarýetinde baha, gözegçilik, barlag, hasaba almak we olar bilen baglanyşykly düşünjeleri kesgitleýän durnukly garaýyşlar ýok. Käbir wagt, olar garyşdyrylýarlar, biri-biri bilen ýerini çalyşýarlar, bir görseň bir manyda, bir görseň başga bir manyda ulanylýarlar.

Esasy düşünje hökmünde gozegçilik çykyş edýär. Ol okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny kesgitlemegi, ölçemegi we bahalandyrmagy aňladýar. Kesgitlemegi we ölçemegi barlag diýip atlandyrýarlar. Şonuň üçin barlag bilimlerde kemçilikleri we ýalňyşlyklary wagtynda ýüze çykarmak, pedagog tarapyndan okuw maglumatlarynyň özleşdirilenligi barada obýektiw habar almak, okuwçylar bilen mugallymyň arasyndaky gaýdyp gelme arabaglanyşygynyň esasy didaktiki funksiýasy, gözegçiligiň esasy düzümidir. Barlagyň maksady diňe okuwçylaryň bilimleriniň derejesini we hilini kesgitlemek bolman, eýsem, okuwçynyň okuw işiniň göwrümini-de kesgitleýär. Barlagdan başga gözegçilik özünde bahalandyrmagy (proses hökmünde) we bahany barlagyň (netije hökmünde) özünde saklaýar. Ýetişik tabellerinde, synp žurnallarynda, gündelliklerde bahalar sanlar görnüşinde bellenilýär (şertli belgiler, kod signallary we ş.m.)

Okuwçylaryň ýetişigini bahalandyrmagyň esasy hökmünde gözegçiligiň netijeleri (jemleri) çykyş edýärler. Bu ýerde okuwçylaryň işiniň hil we mukdar görkezijileri hasaba alynýarlar. Mukdar görkezijiler köplenç ball ýa-da göterim görnüşinde, hil görkezijiler gowy, kanagatlanarly diýen sözler bilen bahalandyrma görnüşinde bellenilýärler. Her bir bahalandyrma, kesgitlenen, öňünden maslahatlaşylan (bellenilen) ball, görkeziji goýulýar. (mysal üçin söz bilen aýdylan bäşlik baha 5 ball) goýulýar. Bu ýerde iň wajyp düşünmeli zatlaryň biri-de, baha bu ölçegleriň we hasaplamalaryň netijesinde goýulýan san däl-de, ýörite düzülen baha kriteriýalary boýunça kesgitlenen bahadyr. Bahalary sanlar hökmünde goýmakdan gaçyp, dünýäniň döwletleri harp bahalandyrmaga geçdiler, mysal üçin A,B,Ç we ş.m.

Baha okuwçylaryň alan bilimleriniň, başarnyklarynyň umumy göwrüminiň gatnaşygy hökmünde düşünilen ýagdaýynda bilimiň derejesiniň mukdar manysy alynýar. Özleşdirilenligiň görkezijisi (okatmagyň önümi) şu aşakdaky gatnaşykda gelip çykýar:

 

Bu ýerde B - ýetişigiň bahasy (bilimler, okuwyň önümi), F özleşdirilen bilimleriň, başarnyklaryň faktiki göwrümi, - özleşdirmek üçin hödürlenen bilimleriň başarnyklaryň doly göwrümi.

Bu kriteriýa boýunça bahany kesgitlemek üçin özleşdirilen we özleşdirmäge hödürlenen maglumatlaryň göwrümini ölçemegi öwrenmeli.

Bahanyň funksiýasy, belli bolşy ýaly, bilimiň derejesini görkezmek bilen çäklenmeýär, baha bu mugallymyň elindäki okuwy höweslendirýän, oňa položitel (motiw) döredýän şahsyýete täsir edýän serişdedir. Diňe bilimler obýektiw bahalandyrylanda okuwçylarda öz bilimini bahalandyrmak, öz üstünliklerine tankydy garaýyş döreýär. Şonuň üçin okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmagyň funksiýalarynyň dürli taraplaryny, olaryň okuw işiniň ähli tarapyny şöhlelendirýän görkezijileri tapmak talap edilýär.Häzirki döwürde ulanylýan bilimleri, başarnyklary bahalandyrmak ulgamyny täzeden gözden geçmek, onuň anyklaýyş täsirini we obýektiwligini maksada laýyk etmek talap edilýär.

Okuwçylaryň bilimlerini anyklamagyň we gözegçilik etmegiň wajyp ýörelgeleri obýektiwlik, ulgamlylyk, görkezmeklik (aýanlyk).

Obýektiwlilik anyklaýyş testleriň (ýumuşlaryň, soraglaryň) anyklamak işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylmagynda, mugallymyň ähli okuwçylara deň, dostlukly gatnaşygynda, bilimleriň, başarnyklaryň işlenip düzülen kriteriýalar esasynda bahalandyrylmagynda jemlenýär.

Ulgamlylyk ýörelgesiniň talaplary anyklaýyş gözegçiligini didaktiki prosesiň ähli etaplarynda ikinji kabul etmekden tä bilimleriň tejribede ulanylyşyna çenli geçirmekdir. Bu ulgam mekdepde okaýan ähli okuwçylary okuwyň birinji gününden tä soňky gününe çenli hemişe anyklaýýş göz astynda bolmagy talap edýär. Onuň üçin mekdep gözegçiligini wagty wagtynda geçirip okuwçylaryň bilimleri we ýerine ýetirmeli maglumatlaryny barlamaly. Ulgamlylyk ýörelgesi, anyklamagy, bir maksada boýun bolýan gözegçiligiň, barlagyň, bahalandyrmagyň dürli formalaryny, usullaryny we serişdelerini berk arabaglanyşykda we bütewilikde toplumlaýyn geçirmegi talap edýär. Bu çemeleşme aýry-aýry usullary we anyklaýyş serişdeleriniň uniwersal ulanylyşyna ýol bermeýär.

Görkezmeklik (aýanlyk) ýörelgesi ähli okuwçylaryň bilimlerini barlamagy aç-açan we şol bir kriteriýalar boýunça geçirilmegini talap edýär. Anyklamak prosesinde ýüze çykarylan her bir okuwçynyň bilim derejesi açyk, deňeşdirme häsiýetde bolýar. Bu ýörelge bahalaryň aç-açan aýdylmagyny talap edýär. Baha bu okuwçylaryň olardan edilýän talaplary, mugallymyň obýektiwligini bilmekleriniň oriýentidir. Bu ýörelgäniň wajyp şertleriniň biri her, bir anyklaýyş netijeleriň jemlerini jemläp, ony aýtmagy, olary gyzyklanýan adamlaryň gatnaşmagynda maslahatlaşmagy we seljermegi ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmegiň perspektiw (ösüş) meýilnamalarynyň düzülmegidir.

Okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny anyklamagy, gözegçilik etmegi, barlamagy we bahalandyrmagy olaryň öwreniliş logiki yzygiderliginde amala aşyrmaly.

Okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny barlamagyň esasy usullary dil üsti soramak, ýazuw, grafiki we tejribe işleri barlamak.

Dil üsti bilen soramak frontal we aýrabaşga görnüşinde bolup biler.

Frontal soramak mugallymyň beren soragyna synpyň köp okuwçylary jogap berýärler, düzgün bolşy ýaly oturan ýerinden, aýrabaşga soramak mugallymyň soragyna bir okuwçy, düzgün bolşy ýaly tagtanyň ýanynda jogap berýär.

Ýazuw işleri barlamak usuly. Bu usul mugallyma we ähli okuwçylaryň maglumatlary özleşdirişiniň netijelerini bilmäge kömek edýär. Bu usulyň özbaşdak ýerine ýetirilýän işler görnüşi-de bardyr.

Okuwçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny grafiki we tejribe işleriň ýerine ýetirilişiniň üsti bilen-de barlap bolar. Olar okuwçylara tabşyrylan işleriň mazmuny bilen kesgitlenýärler.

Barlag ulgamynyň ilkinji zwenosy okuwçylaryň bilimleriniň derejesini öňünden barlamakdyr. Bu barlag, düzgün bolşy ýaly okuwyň başynda, okuwçylaryň geçen okuw ýylynda bu ders boýunça onuň esasy bölümleri, meseleleri boýunça bilim derejesini kesgitlemekden ybarat. Bu barlagyň netijesinde bilimlerde we başarnyklarda ýüze çykarylan kemçilikler düzedilmeli. Barlagyň bu görnüşi diňe okuw ýylynyň başynda bolman ýylyň ortasynda ýa-da dersiň täze bölümi öwrenilip başlanda ulanylýar.

Bilimleri barlamagyň ikinji zwenosy her bir temanyň mazmunynyň özleşdirilenligini ýüze çykarýan akymlaýyn barlagdyr. Her bir sapakda geçirilýänligine garamazdan barlagyň bu görnüşi okuw maksatnamasynyň belli bir elementiniň özleşdirilenligini anyklamaga mümkinçilik berýär. Akymlaýyn barlagyň esasy funksiýasy bilim berijilikdir. Bu barlagyň usullary we formalary okuw maglumatlarynyň mazmunyna, onuň kynlygyna, okuwçylaryň ýaşyna we taýýarlygyna, okatmagyň derejesine we maksadyna, anyk şertlerine garaşlydyr.

Bilimleri, başarnyklary barlamagyň üçünji zwenosy gaýtadan barlamakdyr. Ol hem akymlaýyn barlag ýaly her bir öwrenilýän temanyň özleşdirilenligini ýüze çykarmaga kömek edýär. Okuwçylar täze öwrenilýän tema bilen bilelikde öňki geçilen temany gaýtalaýarlar. Gaýtadan barlamak bilimleri berkitmäge täsir edýär, ýöne okuw işiniň gidişiniň tizligini, häsiýetlendirmäge, bilimleri özleşdirmegiň berkligini anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Bu barlag diňe anyklamagyň başga görnüşleri we usullary bilen bilelikde ulanylanda gerek bolan netije berer.

Ulgamyň dördünji zwenosy bilimleriň, başarnyklaryň döwürleýin (periodiki) barlagydyr. Bu barlag dersiň belli bir bölüminiň ýa-da birnäçe temasynyň özleşdirilenliginiň netijesini bilmäge kömek edýär. Döwürleýin barlagyň maksady öwrenilýän dersiň dürli bölümlerinde maglumatlaryň gurluş elementleriniň arabaglanyşygynyň özleşdirilenliginiň hilini anyklamaga kömek edýär. Döwürleýin barlagyň esasy funksiýalary ulgamlaşdyrmak we jemlemekdir.

Barlagy guramagyň bäşinji zwenosy didaktiki prosesiň ähli etaplarynda okuwçylaryň ele alnan bilimleriniň, başarnyklarynyň jemleýji barlagy we hasaba alnyşydyr. Ýetişigiň jemleýji hasaba almak her çärýegiň we okuw ýylynyň soňunda geçirilýär. Onuň işi çärýegiň ýa-da ýylyň dowamynda alnan bahalary jemläp, orta arifmetiki baha çykarmakdyr. Bu öňde goýlan maksada laýyklykda alnan bilimleriň faktiki hilini anyklamakdyr.

Barlagyň ýörite görnüşi hökmünde toplumlaýyn barlag çykyş edýär. Onuň kömegi bilen okuwçylaryň dürli dersler boýunça alan bilimlerini, başarnyklaryny tejribede ýüze çykan meseleleri çözmekde ulanyp bilýänligini anyklamakdyr. Mysal üçin kärende ýerde ekilen pagtadan geljek önümiň netijesini kesgitlemek üçin matematikadan, biologiýadan, botanikadan, himiýadan, geografiýadan alnan bilimleri ulanmagy talap edýär. Barlagyň bu görnüşi az ulanylýar. Ýöne integratiw okuw dersleri okadylyp başlanandan soň, onuň ähmiýeti öser. Toplumlaýyn barlagyň esasy funksiýasy hökmünde dersara baglanyşyk hillerini anyklamak, okuwçylaryň okan ähli dersleri boýunça alan bilimlerine daýanyp hadysalary, prosesleri, wakalary düşündirmegi başarmagy çykyş edýär.

Pedagog, baha goýanda, her gezek logika we kriteriýalara daýanyp, ony esaslandyrmalydyr. Tejribeli mugallymlar şeýle esaslandyrmalary ulanyp okuwçylar bilen ýüze çykýan konfliktleriň öňüni alýarlar.

Mugallymlaryň okuwçylaryň bilimlerini bahalandyranda subýektiwizminiň sebäpleri dürli-dürlidir. Bir geçirilen eksperimental barlagda mugallymlara okuwçylaryň şahsy jilti berildi we bahalandyrmak talap edildi. Okuwçynyň akyl ösüşiniň derejesini, onuň ata-enesiniň mekdebe garaýşyny okuwçynyň geljegi barada maglumat bermeklerini haýyş etdiler. Bu barlagyň gizlinligi ähli barlaga gatnaşýan mugallymlara şol bir okuwçynyň şahsy jiltiň berilmegindedi. Ýöne oňa dürli suratlar ýapyşdyrylypdy. Birine özüne çekiji, beýlekisine ýakymsyzrak suratlar berkidilipdi. Barlagyň netijeleri şeýle maglumat berdi. Özüne çekiji suratlar ýapyşdyrylan şahsy jiltlere pedagoglar ýokary intellektual dereje, öz synpdaşlarynyň arasynda esasy orun, ýokary bahalar berdiler. Ýakymsyzrak suratlara bolsa, berlen bahalar tersine pes boldy.

Gyzyklanma döredýän faktlaryň biri-de mugallymlaryň birinji partalarda oturan okuwçylara köp ýüzlenişi we olara ýokary bahalar goýşudyr. Ýene-de käbir faktlar, gowy poçerkli mugallymlar gowy, owadan ýazýan okuwçylara köp üns berişini, gowy geplemegi, sözleri dogry aýtmagy halaýan mugallymlar dilinde kemçiligi bolan çagalara adalatsyz temmi berýänligini bellemeli.

Ýüze çykan pedagogik subýektiwizm esasy sebäbi şu günki okuwçylaryň mugallymyň gatnaşygy az bolan, bilimleriniň bahalandyrmaga test we kompýuter görnüşlerine ýüzlenmegindedir.

Mugallym okuwçylaryň ýerine ýetiren işlerine obýektiw we real bahalandyrmaga aňly ymtylmalydyr. Ondan başga-da mugallym her gezek okuwça nähili baha, näme üçin we nähili goýulýandygyny düşündirmelidir.

 





:


: 2018-11-11; !; : 1144 |


:

:

: , .
==> ...

1486 - | 1461 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.031 .