.


:




:

































 

 

 

 


Synplar boýunça sagat sany




I II III IV V VI VII VIII IX X
Mekdepde okatmak 3-4 4 4-5 5-6 5-6 5-6 5-6 5-6 5-6 6
Öý işi 1 1,5 1,5-2 1,5-2 2 2 2,5-3 3-4 3-4 4

Tejribede ýaýran kemçilikleriň biri, mugallymlaryň sapakda okuwçylaryň öý işlerini doly ýerine ýetirmäge gönükdirmeýänligi, olaryň ýerine ýetirilişini synpda barlamaga gerek bolan derejede üns bermeýänligi, öý işini gowy ýerine ýetiren okuwçylary höweslendirmeýänligidir. Käbir ýagdaýlarda öý işini bermäge wagtam galmaýar, olar gyssanmaç tabşyrylýarlar. Pedagoglar okuwçylaryň öý işleri ýerine ýetirende duşýan kynçylyklaryny nädip çözmelidiginiň ýollaryny düşündirmeýärler. Olaryň netijesinde öý işleriniň netijeleriniň effektiwligi azalýar, olar dolandyrylmaýan bolup galýarlar. Öý işleriň göwrümini, häsiýetini kesgitlände, okuwçylaryň mümkinçiliklerine daýanmaly, differensirlenen we aýrybaşga ýollary giň ulanmaly. Soňky wagtlar okuwçylaryň öý işiniň göwrümini we onuň optimal ýüküni kesgitlemek üçin EHM ulanylyp başlanyldy.

Ders gurnaklary. Mekdep tarapyndan hödürlenýän ders gurnaklary özüniň gönükdirilenligi boýunça, mazmun, iş usullary, okatmagyň wagty boýunça, köpdürliligi bilen aratapawutlanýarlar. Olaryň okuwçylaryň gyzyklanmalaryny we isleglerini ösdürmekde täsirli rol oýnaýandyklaryny tejribe tassyklaýar. Gurnaklar okuwa bolan položitel garaýyşyň ösmegine mümkinçilik berýärler. Gurnaga gatnaşýan okuwçylar gowy okaýarlar we tabşyrylan ýumuşlary doly ýerine ýetirýärler. Gurnaklar okatmagy durmuş bilen baglanyşdyrmaga, dersara baglanyşygyň ösmegine, hususanam umumy bilim berýän we ýörite dersleriň arabaglanyşygynyň berk bolmagyna mümkinçilik döredýärler. Okuwçylaryň ders gurnaklarynda işlemegi okuw prosesini işjeňleşdirýär, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Adaty bolşy ýaly okuw işiniň kömekçi iş formalaryna ony biz şu gün adaty däl sapaklaryň toparynda görenimize garamazdan degişlidir. Syýahat bu okuw işiniň iň gadymy formasydyr. Şonuň üçin syýahatdan edilýän talaplar gowy işlenendir. Syýahatyň taýýarlanyşynyň we geçirilişiniň umumy shemasy aşakda berlendir.

 

 

Syýahaty geçirmek üçin mugallym hemmetaraplaýyn taýyarlanmaly: öňden barylmaly ýer bilen, oňa nähili barmalydygy bilen, tanyşmaly ähli taraplary hasaba alýan meýilnama düzmek, okuwçylary ýerine ýetirilmeli meseleleri çözmäge taýyarlamaly. Syýahatyň meýilnamasynda onuň temasy we maksady, syýahat edilmeli ýer, onuň bilen tanyşmagyň tertibi (usuly), okuwçylaryň akyl ýetiriş işiniň gurluşy, ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin, syýahatyň netijesini jemlemek üçin hökmany gerek bolan abzallar görkezilýär. Syýahaty geçirmegiň usuly, onuň temasyna, didaktiki (bilim berijilik) maksadyna okuwçylaryň ýaşyna, olaryň ösüşine we onuň geçirilýän ýerine garaşlydyr. Her bir geçirilýän syýahat düşündirmek, söhbetdeşlik, görkezmek, meýilnama boýunça özbaşdak iş syn etmek, degişli shemalary düzmek, surat çekmek, görkezmek üçin materiallary toplamak ýaly okuwçylary syýahat edilýän ýer bilen tanyşdyrmagyň usullaryny öz içine alýar.

Syýahat frontal, toparlaýyn we kiçi toparlaýyn (brigadalaýyn) bolup biler. Onuň guramaçylyk formalarynyň saýlanylyşy öňde goýlan maksat bilen, syýahat edilýän ýer bilen, okuwçylaryň akyl ýetiriş işini dolandyrmagyň effektiwligi bilen, çagalaryň howpsuzlygy we saglygyny goramak bilen şertlendirilýär. Okuw syýahatlary aýry dersler boýunça-da, birnäçe dersleriň temalaryny öz içine alýan toparlaýynda bolup bilerler.

Syýahatyň netijeleri jemlemek we toplanan maglumatlary gaýtadan işlemek etapy wajyp häsiýetlidir. Okuwçylar toplanan maglumatlary seljerýärler we ulgamlaşdyrýarlar, dokladlar, referatlar taýyarlaýarlar, kolleksiýalary düzýärler, tablisalar taýýarlaýarlar, sergiler guraýarlar. Syýahatyň temasy boýunça jemleýji söhbetdeşlik geçirilýär. Onda, mugallym netijäni jemläp, syýahat geçen wagty okuwçylaryň özleşdiren bilimlerini bahalandyryp, jemleýji netijeleri edip, okuwçylar syýahatda goýlan sorag bilen giňişleýin tanşar ýaly goşmaça edebiýatlary okamagy maslahat berýär. Syýahatyň maglumatlary (esasanam hem uzak ýerlere we önümçilige) syýahat gurnalan önümçiligiň ýa-da başga obýektleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän umumy mekdep konferensiýalarynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mekdebiň okuw planynda fakultatiw sapaklaryň we gyzyklanma sapaklarynyň geçirilişi-de göz öňünde tutulýar. Olar okuwçylaryň we ene-atalaryň islegleri boýunça guralýarlar. Tejribe elektro we radiotehnika, elektrotehnika, himiýa, astrofizika, psihologiýa, etika, taryh, botanika, daşary ýurt dili, etnografiýa, matematika, surat, saz ýaly fakultatiwleriň maksadalaýykdygyny tassyklaýar. Fakultatiw we gyzyklanma sapaklaryny kesgitlänlerinde diňe bir okuwçylaryň şahsy isleglerine daýanman, eýsem jemgyýetiň talabyny we mekdebiň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýarlar. Ýerli şertlere laýyklykda okuwçylary tejribe işine taýýarlamagyň anyk şertleri we wezipeleri hasaba alynýarlar. Fakultatiw we gyzyklanma sapaklary umumy bilim berýän dersler bilen berk arabaglanyşykda alnyp barylýar.

Konsultasiýa (kömekçi okuw, okuw söhbetdeşligi). Okuwyň bu görnüşinde esasy sorag berijiler okuwçylardyr. Okuwçylar hasaba, synaga taýyarlananda ýa-da bir kesgitlenen okuw maglumatlarynyň üstünde işlände ýa-da ýumuşy ýerine ýetirende kömekçi okuw gerekdir. Dogry gurnalan konsultasiýa okuw maglumatlaryny özleşdirende ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär. Kömekçi okuw geçilende, mugallym okuwçylaryň işini şol ýa-da başga soragyň mazmunyna okuwçylar özbaşdak dogry düşüner ýaly, olar üçin çylşyrymly ýumşa dogry düşüner ýaly, öwrenilýän bilimleriň esasyna açyp bilmegi öwrener ýaly gönükdirýär. Kömekçi okuwlar mugallyma okuwçylaryň bilimlerindäki kemçilikleri tapmaga, olaryň ünsüni öwrenmegi talap edýän esasy soraglara gönükdirmäge kömek edýär. Dogry gurnalan kömekçi okuw okuwçylarda öz-özüne gözegçiligi, öz bilimlerine tankydy garaýyşlary, öz bilim derejesine dogry baha bermegi terbiýeleýär. Kömekçi okuwda mugallym okuwçylaryň soraglaryna bada-bat jogap bermeli däl. Mugallymlar soraglar bilen okuwçynyň nämä düşünmeýändigini, näme üçin kynçylyk çekýändigini kesgitlemeli, ondan soň oňa kömek etmeli. Berlen soraga, başga okuwçylaryň beren jogaplaryny-da diňläp görse bolar. Kömekçi okuwy (kömekçi tematiki okuwy) geçilýän dersiň esasy meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen bilelikde geçirmek maksada laýyk hasap edilýär. Bu okuwçylara alan bilimlerinde ýüze çykan kemçilikleri tapmaga we düzetmäge kömek edýär.

 





:


: 2018-11-11; !; : 628 |


:

:

, ,
==> ...

1517 - | 1502 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.012 .