.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň usullarynyň manysy we mazmuny




Gürrüň söz üsti beýan etmek usullara degişlidir. Onuň esasy funksiýasy bilim berijilik. Ondan başga-da, bu usulyň köp bolmadyk ösdürijilik, terbiýeleýjilik, oýaryjy we gözegçilik-düzediş funksiýalary-da bar. Gürrüň bu okuw maglumatlaryny monologiki beýan edip bilimleri yzygiderli, ulgamlaýyn düşünükli we emosional ýetmek üçin ulanylýar. Bu usul köplenç başlangyç synplarda ulanýar, orta we uly synplarda seýrek ulanylýar.

Maksatlary boýunça gürrüň birnäçe görnüşlere bölünýär: gürrüň çykyş, gürrüň düşündiriş, gürrüň netije. Gürrüňiň birinji görnüşi okuwçylary täze maglumatlary öwrenmäge taýýarlaýar; ikinjisi berlen mazmuny beýan etmäge niýetlenen; üçünjisi okatmagy jemleýär.

Bu usulyň täsirligi (effektiwligi) ilki bilen mugallymyň gürrüň bermek başarnygyna bagly, ondan soň pedagogyň ulanýan sözleriniň okuwçylara düşnükliligi we olaryň ösüş derejesine deňligine bagly. Şonuň üçingürrüňiň mazmuny okuwçylaryň bar bolan tejribesine daýanyp şol bir wagtyň özünde ony giňeltmeli we täze mazglumatlar bilen baýlaşdyrmaly. Gürrüňiň okuwçylar üçin yzygiderli, logiki ynandyryjy, öz pikirlerini sowatly beýan etmegiň nusgasy bolup çykyş etmeli.

Sapakda gürrüň bermäge taýýarlananda mugallym öz meýilnamasyny düzmeli, gerek bolan maglumatlaryny, bar bolan şertlerde öňde goýlan maksada ýetmäge kömek edýän maksimal metodiki tärleri saýlamaly, tapmaly. Gürrüň usuly ulanylanda köpräk ýatlamagy tizleşdirýän we ýeňilleşdirýän, tärler, deňeşdirmegiň logiki tärleri, netije çykarmak tärleri ulanylýarlar. Gürrüň berlen wagty esasy mazmun bellenilýär we düşündirilýär. Gürrüň gysga (10 minuda çenli), maýyşgak bolup, emosional položitel äheňde geçmeli. Gürrüň effektiwligi onuň başga usullar bilen aralaşdyrylmagyna görkezmek (başlangyç synplarda), ara alyp maslahatlaşmak (orta we ýokary synplarda), ondan başga-da mugallym tarapyndan gürrüň bermek üçin saýlanan ýer we wagt şertleri, faktlar, wakalar, adamlar bilen baglydyr.

Söhbetdeşlik bu usul didaktiki işiň köne usullar toparyna degişli. Ony ussatlarça Sokrat ulanypdyr. Bu usulyň esasy funksiýasy oýaryjy funksiýadyr. Ýöne ol başga funksiýalary-da ýerine ýetirýär. Söhbetdeşlik usuly ýaly giň ýaýran, köptaraplaýyn, hemme tarapdan effektiw usul ýokdur. Bu usulyň esasy manysy dogry, maksada gönükdirilen soraglary goýup, okuwçylarda eýýam olara belli bolan maglumatlary ýatladyp, özbaşdak pikirlenmegiň, netije çykarmagyň we jemlemegiň üsti bilen täze bilimleri ele almagy gazanmakdyr. Söhbetdeşlik okuwçynyň pikirini mugallymyň pikiriniň yzyndan hereket etmäge mejbur edýär, netijede okuwçy täze bilimleri ele almakda ädimme-ädim öňe gidýär. Söhbetdeşlik pikirlenmegi maksimal işjeňleşdirýär, alnan bilimleri, başarnyklary anyklamagyň örän gowy serişdesi hökmünde, okuwçylaryň bilim alyjylyk güýjüniň ösmegine kömek edýär, bilim alyjylyk işini operatiw dolandyrmaga şert döredýär. Söhbetdeşligiň terbiýeleýjilik roluda uludyr.

Käbir didaktiki ulgamlarda söhbetdeşlik okatmagyň iň ýokary derejeli usulyna ýetirildi. Ýöne onuň kömegi bilen hem ähli didaktiki maksatlara ýetip bolmaýar. Eger-de okuwçylarda toplanan kesgitli düşünjeler we göz öňüne getirmeler toplumy bolmasa, onda söhbetdeşligiň täsiri az bolýar. Bu usul uniwersal usul bolup bilmeýär we beýan etmek, umumy okuw (leksiýa) ýaly bilimler ulgamyny emele getirýän usullar bilen hökman utgaşdyrylmalydyr. Ondan başga-da söhbetdeşlik usuly okuwçylar bilen gönükmeler geçirmäge mümkinçilik bermeýär, bu öz gezeginde olarda gerek bolan tejribe başarnyklaryny we endiklerini emele getirmeýär.

Ýene-de bir bellemeli zat başga usullarda bolşy ýaly söhbetdeşlikde bilim alyjylyk deduktiw we induktiw ýollar bilen ösýär. Deduktiw söhbetdeşlik okuwçylara eýýam belli bolan düzgünlerden, ýörelgelerden, düşünjelerden gurlup, olary seljermek esasynda umumy netijelere gelip, olardan ugur alyp, hususy netije gelýärler. Söhbetdeşligiň induktiw formasynda aýry faktlardan we düşünjelerden ugur alyp olary seljermegiň netijesinde umumy netije gelýärler.

Häzirki zaman ylmy söhbetdeşligiň:

okuwçylary sapakda işlemäge taýýarlamakda;

olary täze maglumatlar bilen tanyşdyrmakda;

bilimleri ulgamlaşdyrmakda we berkitmekde;

alnan bilimleri anyklanda we olara akymlaýyn gözegçilik edende iň effektiw usuldyr diýen netijä geldiler.

Söhbetdeşligi klassifikasiýa etmegiň birnäçe ýollary hödürlendi.

Gönükdirilenligi boýunça söhbetdeşliginiň şu aşakdaky görnüşleri saýlanýar: 1) giriş ýa-da guramaçylyk; 2) täze bilimleri habar beriş (sokratik, ewristik we başgalar); 3) birleşdiriji ýa-da berkidiji; 4) gözegçilik-düzediş.

Giriş söhbetdeşligi adaty bolşy ýaly okuw işiniň başynda geçirilýär. Onuň maksady okuwçylaryň ýerine ýetiriljek işlere dogry düşünmegi, şol ýa-da başga bir işi nähili ýerine ýetirmelidigini gowy göz öňüne getirip bilmegi. Syýahat, laborator we tejribe sapaklaryndan, täze maglumatlary öwrenmekden öň geçirilýän giriş söhbetdeşligi gowy netije berýär.

Täze bilimleri habar beriş söhbetdeşligi köp babatda katehiziki häsiýetde bolýar (sorag-jogap, jogaplary ýatlamak, hiç hili garşylyk görkezmezden), sokratiki (ýumşak, okuwçy tarapdan hormatlanýan, ýöne şübhe döretmäge, öz pikiriňi aýtmaga mümkinçilik bermeýän); ewristiki (okuwçynyň öňünde mugallymyň goýan soraglarynyň problema döredip, ondan özbaşdak jogap talap edişi). Islendik söhbetdeşlik bilimlere gyzyklanma döredýär we bilim almaga bolan garaýşy terbiýeleýär. Häzirki mekdeplerde köplenç ewristiki söhbetdeşlik köp ulanylýar. Mugallym dogry soraglary goýmak bilen, okuwçylary pikirlenmäge mejbur edip dogry jogaby açdyrýar. Şonuň üçin ewriki söhbetdeşliginiň netijesinde okuwçylar öz güýji bilen, pikirlenmek bilen bilimleri ele alýarlar.

Birleşdiriji, utgaşdyryjy ýa-da berkidiji söhbetdeşlikler okuwçylarda bar bolan bilimleri jemlemek we ulgamlaşdyrmak üçin ulanýarlar.

Gözegçilik-düzediş söhbetdeşligi - anyklaýyş maksatlar üçin, okuwçylarda bar bolan bilimleri täze faktlar ýada düzgünler bilen doldurmak, ösdürmek, bilmek üçin ulanylýarlar.

Söhbetdeşligi netijeli ulanmak üçin mugallymyň oňa hemmetaraplaýyn taýýarlygy gerek. Pedagog geçiriljek söhbetdeşligiň temasyny, maksadyny anyk kesgitlemeli, plan-konspekt düzmeli, görkezme esbaplary saýlamaly, söhbetdeşlikde ýüze çykjak esasy we kömekçi soraglary taýyarlamaly, onuň geçirilişiniň usulyny we guralyşyny pikirlenmeli, haýsy esasy soraglar boýunça jemlemeler we netijeler çykarmalydygyny oýlanmaly.

Soraglary dogry düzüp, olary okuwçylara bermek örän wajyp. Soraglar biri-biri bilen logiki arabaglanyşykda bolmaly, öwrenilýän soragyň manysyny açyp görkezmeli, bilimleri ulgamda özleşdirmäge ýardam etmeli. Mazmuny we formasy boýunça soraglar okuwçylaryň ösüş derejesine gabat gelmeli. Ýeňil soraglar okuwçylaryň bilim alyş işine höwes döretmeýärler, bilim almaga jogapkärçilikli çemeleşmegi oýarmaýarlar. Mundan başga-da taýýar jogaby bolan, jogaby aýdyp berýän soraglary bermek bolmaz.

Sorag-jogap okuwynyň tehnikasynyň amala aşyrylyşy örän wajyp. Her bir sorag tutuş synpa berilýär. Diňe bir azrak soragy pikirlenmäge wagt berlenden soň, jogap bermäge okuwçy tagta çykarylýar. Oturan ýerinden jogaby aýdýan okuwçylary sylaglaman, olara duýduryş bermeli. Bilim derejesi pes okuwçylaryň köpräk sorag etmeli, beýlekilere olaryň ýalňyşyny düzetmäge mümkinçilik bermeli. Çenden aşa uzyn ýa-da iki sözlemden ybarat soraglar goýulmaýar. Eger-de goýlan soraga hiç kim jogap berip bilmese, ony täzeden üýtgetmeli, böleklere bölmeli, ýa-da ugrukdyryjy sorag goýmaly.

Okuwçylara goýlan soraglaryň jogaplarynyň ugrukdyryjy sözlerini, ol sözleriň bogunlaryny ýa-da baş harplaryny aýdyp berip, olary pikirlendirmän, okuwçylardan görkezme özbaşdaklyk gazanmagyň geregi ýok.

Söhbetdeşligiň netijeliligi synp bilen aragatnaşyga bagly. Ähli okuwçylaryň söhbetdeşlige işeňňir gatnaşmagyny, soraglary ünsli diňlemegini, olaryň jogabyny pikirlenmegi, ýoldaşlarynyň jogaplaryny seljermegini, öz pikirini aýtmaga çemeleşmegini gazanmaly. Her bir jogap ünsli diňlenilmeli. Dogry jogaplar bellenilýär, nädogry ýa-da doly däl jogaplar düşündirilýärler, doldurylýarlar. Soraga nädogry jogap beren okuwçydan özüniň ýalňyşyny tapmak hödürlenýär, eger-de ol öz ýalňyşyny tapyp bilmese, onda kömege onuň ýoldaşlary gelmeli. Mugallymyň rugsat bermegi boýunça okuwçylar biri-birine sorag berip bilýärler. Ýöne berlen soraglarda bilim berijilik häsiýet bolmadyk ýagdaýynda mugallym bu işi bes edýär.

Söhbetdeşligiň okatmagyň çylşyrymly, tygşytsyz usulydygyny pedagog bilmeli. Bu usul güýçleri jemlemegi, gerek bolan şertleri döretmegi we ýokary pedagogik ussatlyk derejesini talap edýär. Söhbetdeşligi saýlanda öz mümkinçilikleriňi, okuwçylaryň mümkinçiliklerini hökmany suratda ölçäp görmeli. Bu öz gezeginde amala aşmajak söhbetdeşligiň düzetmegi kyn boljak netijesiniň öňüni almaga kömek eder.

 

Leksiýa (umumy okuw) beýleki söz üsti beýan etmek usullardan: a) gurluşynyň berkligi bilen; b) okuw maglumatlarynyň logiki beýan edilişi bilen; ç) berilýän habarlaryň möçberiniň köplügi bilen; d) bilimleriň ulgamlaýyn şöhlelendirilişi bilen aratapwutlanýar. Mekdep leksiýasynyň (umumy okuwynyň) esasy wezipesi çylşyrymly ulgamlaryň, hadysalaryň, obýektleriň, prosesleriň arasyndaky esasy sebäp netije häsiýetli arabaglanyşygyny we garaşlylygyny beýan etmekden ybarat. Bu pikir umumy okuwyň (leksiýanyň), okuwçylaryň maglumatlary kabul etmegiň we aňlamagyň talap edilýän derejesine ýetende, diýmek ýokary synplarda ulanmak bolar. Göwrümi boýunça leksiýa (umumy okuw) doly bir sapagy ýa-da jübütlenen sapagy eýeleýär. Umumy okuw (leksiýa) usuly ýuwaş-ýuwaşdan düşündirişden söhbetdeşlikden başlanyp girizilýär.

Mekdep leksiýasynyň (umumy okuwynyň) effektiwliginiň şertleri şu aşakdakylardyr:

mugallym tarapyndan umumy okuwyň (leksiýanyň) meýilnamasynyň jikme-jik taýýarlanmagy;

okuwçylara leksiýanyň (umumy okuwyň) meýilnamasyny habar bermek, olary geçiljek tema bilen leksiýanyň maksady we wezipesi bilen tanyşdyrmak;

meýilnamanyň ähli soraglaryny birýandan we yzygiderli logiki beýan etmek;

beýan etmegiň emosionallygy we problemalaýynlygy (meseleleýinligi);

meýilnamanyň her bir soragynyň beýanyndan soň, gysga jemlemek;

umumy okuwyň (leksiýanyň) bir soragyndan beýleki soragyna geçende logiki baglanyşygy ýitirmezlik;

janly ses, dil, gerek bolan ýerinde mysallary goşmak, deňeşdirmek, anyk faktlary ulanmak;

auditoriýa bilen ýakynlaşmak, okuwçylaryň pikirleniş işini maýyşgak dolandyrmak;

umumy okuwyň (leksiýanyň) wajyp düzgünlerini köptaraplaýyn açyp görkezmek;

beýan etmekde optimallygy saklap, okuwçylara leksiýanyň (umumy okuwyň) gerek bolan wajyp ýerlerini ýazmaga mümkinçilik döretmek.

leksiýanyň (umumy okuwyň) ýazdyrmaly ýerini aýryp, aýratyn ýazdyrmaly;

öwrenilýän düzgünleri ýeňil kabul edip düşüner ýaly görkezme esbaplary ulanmaly (görkezmek, illýustrasiýa, wideo);

umumy okuwlary (leksiýalary) aýratyn düzgünler, hemmetaraplaýyn seljerilýän amaly we tejribe sapaklar bilen utgaşdyrmaly.

Umumy okuw (leksiýa) okuw wagtyny tygşytlaýan esasy, ýokary effektiw usuldyr. Maglumatlaryň özleşdirilişiniň görkezijiligi boýunça, käbir şertlere garaşlylygyna görä 20-den 50 % çenli ýetýär.

Okuw çekeleşigi (toparlaýyn jedelli mesele boýunça pikir alyşmak we ony ara alyp maslahatlaşmak) beýleki usullaryň arasynda biziň mekdeplerimiziňde tejribesine ýuwaş-ýuwaşdan aralaşýar. Bu usul daşary ýurt mekdeplerinde köpden bäri ulanylyp gelinýär we käbir başga usullaryň netije bermedik ýerinde gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu usulyň manysy anyk problema (mesele) boýunça pikir alyşmakdyr. Çekeleşmegiň (diskussiýanyň) kömegi bilen okuwçylar täze bilimleri ele alýarlar, öz pikirlerinde berkeýärler we olary goramagy öwrenýärler. Okuw diskussiýanyň esasy funksiýalary bilim alyjylyk gyzyklanmalaryny höweslendirmek; bilim berijilik, ösdürijilik, terbiýeleýjilik we gözegçilik düzediş funksiýalary kömekçi hökmünde ýüze çykýarlar.

Okuw diskussiýasynyň effektiwliginiň esasy, wajyp şerti okuwçylaryň oňa öňünden, berk mazmun we formal taýdan berk taýyarlanmagydyr. Mazmun taýdan taýyarlygy geçiriljek dizkussiýanyň temasy boýunça gerek bolan maglumatlary toplamakdan ybarat. Formal taýdan taýýarlyk bu bilimleri beýan etmegiň formalaryny saýlamakdyr. Bilimsiz diskussiýa manysyz, mazmunsyz, nädogry bolýar. Öz pikiriňi ýüze çykaryp bilmedik, garşydaşyňy (opponentiňi) ynandyryp bilmedik ýagdaýyňda dizkussiýa bulaşyk, düşnüksiz, özüne çekijiligi ýitiren, gapma garşylykly bolýar. Şonuň üçin mugallym okuwçylaryň öz pikirini aýdyň we dogry beýan edip bilmegini, soraglary anyk goýup bilmegi, anyk subut edip bilmegini gazanmaly.

Diskussiýa diňe gumanitar (ynsanperwer) taryh, jemgyýeti öwreniş, edebiýat, aýdym, dil ýaly dersler okadylanda ulanylmaly diýen pikir ýalňyş pikirdir. Bu usul fizika, matematika, himiýa, biologiýa dersleri okadylanda-da ulanylyp, uly netije berýär. Elbetde bu ýagdaýda diskussiýa bilim beriji (ylmy), jedeli dolandyrýan häsiýetli bolýar. Okuwçylara fizika dersinde elementar bölejikleriň klassifikasiýasyna dürli garaýyşlary, biologiýada akselerasiýa hadysasynyň ýüze çykyşyny, geografiýada Ýerde howanyň temperaturasynyň üýtgeýşi baradaky pikirleri deňeşdirmek hödürlenýär. Elbetde okuwçylar ol ýa-da beýleki pikir boýunça düýpli jogap berip bilerler diýip garaşyp bolmaz. Ýöne jedel, goýlan mesele gyzyklanma döredýär, ony düýpli öwrenmek islegini döredýär.

Diskussiýa (çekeleşik) okuwçylarda eýýam bar bolan maglumatlaryň mazmunyny baýlaşdyrýar, ony tertipleşdirmäge we berkitmäge kömek edýär. Diskussiýa, mugallyma, bilimleriň çuňlugy we ulgamy, okuwçylaryň pikirleniş aýratynlyklary barada gerek bolan habarlary we mundan soňky işiň ugruny görkezýär. Terbiýeçilik işleri geçirende-de diskussiýalar örän peýdalydyr. Olaryň kömegi bilen häsiýetleriň aýratynlyklary bolan temperament, ýat, pikir, aňsat anyklanýar. Ondan başga-da okuwçylaryň özüni alyp barşynda we söhbetdeşlikde ýüze çykan kemçilikler (gaharjaňlyk, özüňi elde saklap bilmezlik, söhbetdeşiňi sylamazlyk) düzedilýär.

Diskussiýanyň elementleri eýýam orta synplarda ulanylyp başlanýarlar we ýokary synplarda eýyam doly göwrümde ulanylýarlar. Okuwçylara çekeleşik (diskussiýa) geçirmegiň sungatyny öwredýärler.

 

Diskussiýa (çekeleşige) gatnaşýana düzgünnama:

1. Diskussiýa (çekeleşik) adamlaryň aragatnaşygyny ýüze çykarýan forma däl, ol problemany (meseläni) çözmegiň usulydyr.

2. Çenden aşa köp gepleme, başgalara-da geplemäge mümkinçilik ber.

3. Seniň pikirleriň maksada ýetmegi üçin emosiýalaryňa gözegçilik et, aýtjak sözleriňi ölçäp gör, olary pikirlenip aýt.

4. Öz opponentleriň garşydaşlaryň pozisiýasyna düşunjek bol, olara sylaşykly gara.

5. Aýdan sözleriňi anyk düşündir, aýdylan sözleriň manysyny üýtgetmän düşündir.

6. Duýdansyz bolar bolmaz ýagdaýda galmazlyk üçin, opponentiň, garşydaşyň aýdanlaryna hiç zat goşma, ony käbir zatlary aýtmady diýip içiňden günäleme, ol senden ýene-de bir maglumaty gizläpdir diýip, güman edip aýyplama.

7. Sözler inersiýasyna başyň bilen gitme.

8. Saňa az tanyş bolan soraglar boýunça öz pikiriňi aýtjak bolma.

9. Diňe diskussiýanyň temasy boýunça çykyş et. Köp okanlygyňy, erudisiýaňy görkezjek bolup azar çekme.

10. Öz çykyşyň bilen biriniň göwnüne degmejek bol we biriniň göwnüni-de aljak bolma.

Kitap bilen işlemek usuly okatmak usulynyň iň wajyplarynyň biridir. Bu usulyň esasy gymmatlygy - okuwçylara maglumatlar bilen oňa gerek tempde, özi üçin amatly wagtda köp gezek işlemäge mümkinçilik bermegindedir. Okuw kitaplary: bilim berijilik, osdürijilik, terbiýeleýjilik, oýaryjylyk, gözleg-düzediş funksiýalaryny doly ýerine ýetirýärler. Ýörite taýyarlanan, programmirlenen okuw kitaplaryny ulananda gözegçilik, düzediş, bilimleri we başarnyklary anyklaýyş soraglary effektiw çözülýärler.

Kitap bilen özbaşdak işlemegiň maksady onuň gurluşy bilen tanyşmak ony gözden geçirmek, aýry-aýry baplaryny okamak, ýörite goýlan soraglara jogap gözlemek, kitabyň aýry-aýry bölümlerini ýa-da kitabyň tutuş özüni referirlemek, mysallary we gönükmeleri ýerine ýetirmek, barlag soragnamalaryny (testleri) ýerine ýetirmek, maglumatlary ýatlamak bolup biler.

Kitap bilen işlemek okuwçylar üçin çylşyrymly we okatmagyň kyn usulydyr. Mekdebi gutaran ýaşlaryň köp bölegi bu usuly doly gerek bolan derejede özleşdirip bilmeýärler: okap bilip, olar okan kitabynyň manysyna gerek bolan derejede düşünmeýärler. Şonuň üçin bu usulyň ulanylyşyny mümkin boldugyndan köpeltmeli. Mekdep okuwçyny kitap bilen özbaşdak işlemäge öwretmelidir. Bu usulyň effektiwligini kesgitleýän faktorlaryň arasynda: erkin okap bilmek we okanyňa düşunmek; öwrenýän maglumatyňdan esasyny aýryp, saýlap bilmek; ýazgylar alyp barmagy başarmak, struktur we logiki shemalary (daýanç konspektleri) düzmek; öwrenilýän sorag boýunça gerek bolan edebiýatlary saýlamagy başarmak. Bu başarnyklaryň ählisi okuwçylar mekdebe gelen ilkinji gününden ýuwaş-ýuwaşdan, maksadagönükdirilenlik bilen emele gelip başlaýarlar.

Kitap bilen işlemegiň iki görnüşi köp ýaýrandyr: mugallymyň ýolbaşçylygynda sapakda we sapakda alnan bilimleri giňeltmek we bekitmek maksady bilen öýde özbaşdak işlemek. Okuwçylary kitap bilen işlemäge taýýarlap, mugallym täze öwrenilýän maglumatlary öň geçilen temalaryň haýsysy bilen deňeşdirip ýa-da birleşdirip bolýanlygyny görkezmeli. Eger-de iş sapakda amala aşyrylýan bolsa, kitap bilen öwrenilýän maglumatlar aýratyn böleklere bölünýärler, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär. Berlen tekstiň belli bir bölegini okap, okuwçylar mugallymyň görkezmegi boýunça okamagyny bes edip gerek bolan işleri: düşünmek, ýatda saklamak, deňeşdirmek - ýerine ýetirýärler. Okuwçylaryň öýde kitap bilen tekstiň üstünde işlemegi sapakda alan bilimlerini ýada salmaklykdan başlanýar. Sapakda alan okuw maglumatlary, kitapdaky tekst bilen utgaşdyrmak kitap bilen işlemegi rasionallaşdyrmagyň wajyp şertidir.Kitaby okanda okuwçylarda maglumatlary ýatlamaga ustanowka işlenilmelidir. Şonuň üçin olara hökmany suratda maglumatlaryň beýan ediliş tertibine düşunmek we okan wagtynda maglumatlarynyň hyýaly meýilnamasyny düzmegi öwretmeli. Okan kitabyň esasy ýerlerini struktur-logiki shema (daýanç konspekti) görnüşinde ýazyp meýilnama görnüşinde bellemek örän uly kömek edýär.

Programmirlenen okuw kitaplary özüniň effektiwligi bilen aratapawutlanýarlar. Olarda okuw maglumatlaryndan başga-da dolandyryş maglumatlary saklanýar. Olar bilen işlände okuwçylar gerek bolan gorkezmeleri alýarlar, göz öňünde tutulan ýumuşlary ýerine ýetirýärler, iň esasysy hem ýerine ýetirýän işiniň dogrylygyny şol wagt bilýärler.

Häzirki zaman kitaplary maglumatlaryň köplüginden ejir çekýärler, olary düzüjiler okuw maglumatlarynyň toplumyny jemleýji tablisalar, diagrammalara, grafiklere, görkezme modellere, klassifikasiýalara birleşdirjek bolýarlar. Şonuň üçin mugallymlar preslenen görnüşindäki maglumatlary seljermäge köpräk üns bermeli, okuwçylarda bilimleri açmak we ýapmak başarnyklaryny ösdürmeli.

Maglumatlary ýatda saklamak üçin mugallym okuwçylary dürli maglumatlary ýatlamagyň düzgünleri bilen tanyşdyrmaga, olaryň ýadynyň ösüşini hemişe gözegçilikde saklamaga, ony kämilleşdirmäge kömek etmäge borçly.

Kitap bilen işlemegi öwretmek okuwçylarda öz-özüne gözegçilik etmegiň endiklerini ösdürmegi talap edýär. Okuwçy maglumaty näçe gezek okanlygy barada gürrüň etmän, okan maglumatlarynyň mazmunyny aňly we düýpli aýdyp bermegi başaryşyny gazanmaly. Şonuň üçin maglumatlary ýatdan aýdyp bermän köp gezek okamak häsiýetleri ösdürmeli.

Bu usulyň kemçilikleri köp wagtyň we güýjüň sarp edilmegi, onuň az tygşytlylygydyr. Ondan başga-da bu usul çagalaryň ýaş we aýrabaşga aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaýar. Kemçilikli düzülen kitaplarynda okuw prosesini dolandyrmaga we oňa özbaşdak gözegçilik etmäge ýeterlik maglumatlary ýok. Şonuň üçin mugallym gowy kitaplary saýlamaly we bu usuly başga usullar bilen utgaşdyryp ulanmaly.

Demonstrasiýa (görkezmek) usulynyň mazmuny okuwçylary hadysalar, prosesler, obýektler bilen olaryň natural görkezme duýgy görnüşinde tanyşdyrmakdyr. Bu usul öwrenilýän hadysalaryň ösüşini (dinamikasyny) açmak üçin we öwrenilýän predmetleriň daşky görnüşi, içki gurluşy ýa-da özi bilen birmeňzeş predmetleriň arasynda ýerleşişi bilen tanyşdyrmak üçin ulanylýar. Natural obýektleri görkezende hemişe daşky görnüşinden (ululygy, formasy, reňki, bölekleri we olaryň aragatnaşygy) başlaýarlar. Soňra ýörite saýlanan we bellenen (gurbaganyň dem alşy, guralyň hereketi ýaly) onuň içki gurluşyna ýa-da aýry häsiýetlerine geçýärler. Çeper eserleriň, döredijiligiň, egin-eşikleriň nusgalarynyň görkezilişi bütewi kabul etmekden başlanýar. Görkezmek köp halatlarda görlen obýektleriň shematiki suratlary bilen alnyp barylýar. Tejribeleriň görkezilişi, tagtada çyzyp görkezmek ýa-da shemalary görkezmek, tejribäniň esasynda ýatan ýörelgelere düşünmegi ýeňilleşdirýär.

Okuwçylaryň özleri predmetleri, prosesleri we hadysalary öwrenende gerek bolan ölçegleri ýerine ýetirende, garaşlylygy bellänlerinde, olaryň netijesinde işjeň bilim alyş proses amala aşyrylýar zatlar, hadysalar aňlanylýar. Şonda bu usulyň dogrudanam effektiwligi ýüze çykýar.

Demonstrasiýany bilim almagyň aktiw usuly hökmünde sada görkezmeklikden aratapawutlandyrmak gerek. Meseleleýin (problem) we barlag häsiýeti bolan işjeň görkezmekde okuwçylaryň ünsi predmetleriň, hadysalaryň, prosesleriň tötänleýin tapylan häsiýetlerinde jemlenmän, eýsem olaryň ünsi gerek bolan maglumatlarda jemlenýär. Netijede olar okadylýanlar tarapyndan tiz, ýeňil we doly aňlanylýarlar. Görkezmekde söz esasy rol oýnamasa-da, ol elmydama syn etmek bilen bolup onuň geçişini we netijesini seljermäge gulluk edýär. Okuwçylaryň özbaşdaklygyny özdürmek üçin olaryň gören zadyny düşündirmegi talap etmeli.

Tebigy şertlerde geçýän real predmetleri, hadysalary ýa-da prosesleri görkezmek uly didaktiki gymmatlyklara eýe bolýar. Köp halatlarda onuň ýaly demonstrasiýa etmäge mümkinçilik bolmaýar ýa-da kynçylyk döreýär. Şonuň ýaly ýagdaýlarda emeli gurşawdaky natural predmetleri (mysal üçin haýwanat baglaryndaky haýwanlary), ýa-da emeli ýasalan obýektleri tebigy gurşawda (mysal üçin kiçeldilen mehanizmleriň kopiýalaryny) görkezmäge ýüz urýarlar.

Natural obýektleriň emeli ýasalanlary, uly modelleri ähli predmetleri öwrenende wajyp rol oýnaýarlar. Olar konstruksiýalar, olaryň hereket ediş ýörelgeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýärler. (mysal üçin, eliň barmaklarynyň ýa-da gözüň gurluşy bilen, içinden ýandyrylýan dwigatel bilen, geometriki figuralaryň kesmikleri bilen, ýeriň relýefi bilen). Häzirki zaman modelleriniň köpüsi tehniki we tehnologik häsiýetleri kesgitlemäge, dürli ölçegleri geçirmäge mümkinçilik berýärler.

Demonstrasiýa (görkeziş) usulynyň effektiwligine mugallymyň obýektleri dogry saýlaýşy, okuwçylaryň ünsüni görkezilýän hadysalaryň esasy taraplaryna gönükdirmegi, bu usulyň dürli usullar bilen utgaşdyrylyşy täsir edýärler. Demonstrasiýa (görkeziş) prosesi şeýle guralmaly:

görkezilýän obýekti ähli okuwçylar gowy görmeli;

görkezilýän obýekti okuwçylar diňe gözi bilen däl, mümkin boldugyndan ähli duýgy organlary bilen kabul edip bilmeli;

obýektiň esasy öwrenilmeli ýerleri, okuwçylara uly täsir etmeli, olaryň ünsüni özüne çekmeli;

okuwçylarda öwrenilýän obýektiň hilini özbaşdak ölçemäge mümkinçilik döretmeli.

Illýustrasiýa (görkezme) didaktikada özbaşdak usul hökmünde garalýan demonstarsiýa (natural görkezme) usulyna ýakyndyr. Illýustrasiýa prosesleri we hadysalary olaryň simwoliki sikl, plakatlar, kartalar, portretler, suratlar, fotosuratlar, reproduksiýalar, modeller görnüşinde görkezmegi we kabul etmegi göz öňünde tutýar. Soňky görkezme esbaplar tejribesi bir topar täze serişdeler bilen baýlaşdyryldy. Köpreňkli plastika bilen örtülen kartalar, taryhdan albomlar, atlaslar we ş.m.

Demonstrasiýa we illýustrasiýa usullary biri-biri bilen berk arabaglanyşykda ulanylyp, biri-birini doldurýarlar we täsirini güýçlendirýärler. Eger-de prosesi ýa-da hadysany okuwçylar bütewi kabul etmeli bolsa, onda demonstrasiýa usuly ulanylýar. Eger-de hadysanyň manysyny onuň komponentleriniň (düzümleriniň) arasyndaky arabaglanyşyklary bilen aňlamaly bolsa, onda illýustrasiýa usuly ulanylýar.

Köp hadysalaryň we prosesleriň manysy dinamiki we statiki, reňkli we gara-ak tekiz modelleriň kömegi bilen açylyp görkezilýär. Goýlan maksat we didaktiki meseleler hasaba alnyp dogry ulanylan ýagdaýynda bu modeller mugallymlara we okuwçylara köp kömek eder. Olar düşünjeleriň emele gelmegini ýeňilleşdirýärler. Geografiki kartalarsyz, diagrammalarsyz, grafiklersiz, tablisalarsyz we ş.m. ýokary hilli we tiz öwretmäne mümkinçilik bolmaz.

Illýustrasiýanyň aýratyn görnüşi hökmünde edebiýat taryh, dil sapaklarynda ulanylýan gahrymanlaryň illýustrasiýasy çykyş edýär. Böri we owlajyk, Söz we sözlem, ýazyjylaryň, şahyrlaryň, serkerdebaşylaryň, gahrymanlaryň portretleri görüş we duýgy organlary bilen kabul edilip, olaryň eden hereketleri okuwçylaryň aňynda uly yz galdyrýarlar.

Illýustrasiýanyň effektiwligi köp babatda görkezme usulyna garaşlydyr. Görkezme esbaplar we olary görkezmegiň formalary saýlananda olaryň didaktiki gönükdirilenligi, bilim berijilik prosesinde orny we roly barada gowy pikirlenmeli.Mugallymyň öňünde görkeziljek materialyň optimal göwrümini kesgitlemek probelmasy-da dur.

Tejribe, görkezme esbaplaryň köp ulanylyşy öwrenilýän maglumatlaryň esasyny öwrenmekden okuwçylaryň ünsüni sowýandygyny görkezýär. Görlezme esbaplary öňünden taýyarlaýarlar, olary diňe okuw işiniň gidişinde gerek bolan wagtynda görkezýärler. Aýratyn ýagdaýlarda okuwçylara paýlanýan maglumatlary ulanmak maksada laýykdyr. (foto suratlar, diagrammalar, tablisalar we ş.m.) Häzirki zaman mekdeplerinde ýokary hilli illýustrasiýa üçin ekranly tehniki serişdeleri giňden ulanylýarlar.

Wideometod (wideo usul). Okuw jaýlarynyň tejribesine ekranly görkeziş serişdeleriniň täze çeşmeleriniň intensiw girizilmegi wideousuly beýleki usullardan aýryp, oňa okatmagyň aýratyn usuly hökmünde garamagy talap edýär: (kodoskop, proýektorlar, kinoapparatlar, okuw telewideniýesi, wideomagnitafonlar, wideomerkezler, habary displeý bilen şöhlelendirýän kompýuterler). Wideousul diňe bir bilimleri bermän, olara gözegçilik etmek, olary berkidýän gaýtalamaga, jemlemäge, uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berip, didaktiki funksiýalaryň ählisini ýerine ýetirýär. Usul maglumatlary görkezmek üsti bilen kabul etmäge gönükdirilendir. Bu usul bilimleri özleşdirmegiň induktiw we deduktiw ýollaryny, okuwçylaryň dürli derejedäki özbaşdaklygyny we okuwçylaryň bilesigelijilik işjeňligini, bilesigelijilik prosesi dolandyrmagyň dürli ýollaryny öz içine alýar. Bu ýerde gürrüň usul barada gitmän eýsem toplumlaýyn didaktiki tehnologiýa barada gidýär.

Bu usulyň bilim berijilik we terbiýeleýjilik funksiýalary görkezme obrazlaryň ýokary effektiw täsiri bilen şertlendirilýär. Görkezme esbap formasynda hödürlenen maglumat kabul etmek üçin elýeter, aňsat we tiz özleşdirilýär. Görkezme esbap formasynda berlen maglumatlaryň ösdürijilik täsiri ony kabul etmek, ýatlamak üçin barlag gönükmeleri we soragnamalar (testler) berilmedik ýagdaýynda netijesi pes bolýar. Kinoekran we telewizor döredijilikli we özbaşdak abstrakt pikirlenmegiň ösüşine pes täsir edýär. Kino we tele-ekranyň meseleleýin çeşme hökmünde we özbaşdak barlaglaryň höweslendirijisi hökmünde çykyş etmegi üçin okatmak işini ýörite guramak gerek.

Okuw prosesinde wideo usuly ulanmak: a) okuwçylara öwrenilýän hadysalar we prosesler barada doly, dogry we anyk maglumatlary bermäge; b) okuw prosesinde görkezip okatmagyň roluny ösdürmäge; ç) okuwçylaryň islegini, talaplaryny we gyzyklanmasyny kanagatlandyrmaga; d) mugallymy okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, depderlerini barlamak bilen baglanyşykly gözegçilik we düzediş ýaly tehniki işlerden boşatmaga; e) gaýdyp gelmek aragatnaşygyny effektiw gurnamaga; ä) ýetişigi obýektiw hasaba almaga, doly we ulgamly gözegçiligi guramaga mümkinçilik berýär.

Wideo usulyň kömegi bilen köp didaktiki we terbiýeçilik meseleler effektiw çözülýärler. Ol:

1) täze maglumatlary beýan etmekde: gözüň bilen görüp bolmaýan örän ýuwaş geçýän proseslerde (ösümligiň ösüşi, suwuklyklaryň diffuziýa hadysasy), tiz geçýän proseslerde syn edip, hadysanyň manysyny açyp bolmadyk ýagdaýynda (urgy, zatlaryň kristallaşmagy we ş.m.)

2) çylşyrymly mehanizmleriň we maşinleriň hereketiniň prinsiplerini ösüşde düşündirmekde;

3) dürli işleri ýerine ýetirmekde algoritmleri öwretmekde;

4) daşary ýurt dilleri sapaklarynda ýörite dil gurşawyny döretmekde;

5) okatmagy durmuş bilen baglanyşdyrmakda, taryh, jemgyýeti öwreniş, edebiýat, sapaklarynda wideo resminamalary ulanmaga;

6) soragnamalaryň (testleriň) üsti bilenokuwçylaryň bilimlerini barlamaga;

7) gerek bolan ölçegleri geçirmäge, prosesleri modelirlemäge, türgenleşmek üçin işleri, gönükmeleri ýerine ýetirmäge;

8) okuw-türgenleşik we barlag işleri geçirmek üçin gerek bolan maglumatlar bazasyny (bankyny) döretmäge;

9) okatmagy guramaga differensirlenen garaýyş döretmek, synpyň her bir okuwçysynyň ýetişigini kompýuterde hasaba almaga;

10) pedagogik dolandyrmagyň hilini ýokarlandyryp, okuw prosesini rasionalizasiýalaşdyrmaga, onuň netijesini ýokarlandyrmaga, berilýän maglumatlaryň optimal göwrümini saýlamaga we ylmy maglumatlary özleşdirmäge peýdalydyr.

Häzirki zaman wideo maglumatlar serişdeleri öwrenilýän temanyň esasy ýerlerini saýlamaga, görkezmäge kömek edip, diňe bir wideo habary özleşdirmek üçin gowy şertleri döretmekden başga-da kyn temalaryň manysyny görkezme obraz görnüşinde açmaga, onuň gurluşyny görkezmäge esasanam, multiplikasiýanyň baý mümkinçilikleri bardyr.

Bu usulyň effektiwligi mugallymyň şahsy ussatlygyna az garaşly bolup, ol wideo serişdeleriň we ulanylýan tehniki serişdeleriň hili bilen göni baglydyr. Wideo usul okatmak prosesinden onuň gurluşynyň anyk, pikirlenen, maksadalaýyk bolmagyny talap edýär.

Wideousul, mugallymdan okuwçylary öwrenilýän meseleler toplumyna girizmek üçin, olaryň işini gönükdirmek üçin, umumy jemlemeleri etmek üçin, özbaşdak işi ýerine ýetirende olara aýrabaşga kömek etmek üçin ösen başarnyklar talap edýär.

Gönükmeler tejribe usullaryň arasynda özüniň ýokary effektiwligi bilen aratapawutlanýarlar. Bu usulyň wajyp didaktiki funksiýalaryna we aýratynlyklaryna üns bereliň. Hereketleri ele almak ýa-da olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen meýilnamalaşdyrylyp gurnalan gaýtadan ýerine ýetirmeklige gönükme usuly diýilýär. Dogry gurnalan gönükmelersiz okuw we tejribe başarnyklary, endikleri ele alyp bolmaýar. Gyssanman we ulgamlaýyn ýerine ýetirilýän gönükmeleriň netijesi berkidilen endiklerdir. Olaram öz gezeginde üstünlikli we öndürijilikli zähmetiň ynamly serişdesidir. Bu usulyň wajyplylygy onuň başarnyklary we endikleri effektiw (netijeli) emele getirmegidir, kemçiligi bolsa oýandyryjy funksiýany doly ýerine ýetirmeýänligidir.

Gönükmeleriň ýörite, kommentirlenen (düşündirilýän) we emele gelen görnüşleri bardyr. Okuw, zähmet başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmäge gönükdirilen we birnäçe gezek gaýtalanýan gönükmelere ýörite gönükmeler diýilýär. Eger-de ýörite gönükmelere öň ulanylan gönükmeler girizilse olara proizwodnyý diýilýär. Proizwodnyý gönükmeler öň emele gelen endikleri gaýtalamaga we berkitmäge kömek edýärler. Proizwodnyý gönükmesiz endik ýatdan çykýar. Kommentirlenen gönükmeler okuw prosesini işjeňleşdirmäge okuw tabşyryklaryny aňly ýerine ýetirmek üçin hyzmat edýärler. Onuň esasy manysy mugallym we okuwçy ýerine ýetirýän hereketlerini düşündirýärler (kommentirleýärler), onuň netijesinde maglumatlar gowy aňlanylýarlar we özleşdirilýärler. Başda bu işe güýçli okuwçylar çekilýärler, ondan soň synpyň ähli okuwçylary maglumatlary düşündirmäge gatnaşýarlar. Kommentirlenen (düşündirilýän) gönükmeler usuly sapagyň ýokary tempini (depginini) üpjün edýär, synpyň ähli okuwçylary tarapyndan maglumatlary aňly, berk özleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

Okatmak işinde (prosesinde) dil üsti gönükmeler giňden ulanylýarlar. Olar sözleýşiň medeniýeti, logiki pikirlenmek we okuwçylaryň akyl ýetiriş mümkinçiliklerini ösdürmek bilen baglanyşyklydyrlar. Dil üsti gönükmeleriň niýetlenenligi dürli-dürlüdir: okatmagyň medeniýetini we tehnikasyny, dil üsti bilen gürrüň etmegi, bilimleri logiki beýan etmegi ele almakdyr. Dil üsti gönükmeler esasanam diller öwrenilende, esasanam daşary ýurt dilleri öwrenilende uly rol oýnaýarlar. Okuwçynyň ýaşy we ösüş derejesi bilen baglylykda dil üsti gönükmeler ýuwaş-ýuwaşdan çylşyrymlaşdyrylýarlar. Okatmagyň wajyp komponentlerini ýazuw gönükmeleri düzýärler. Olar stilistiki, grammatiki, orfografiki diktantlar, düzmeler, konspektler, meseleler çözmek, tejribeleri ýazga geçirmek we ş.m. Olar wajyp başarnyklary we endikleri emele getirmäge, özdürmäge we berkitmäge niýetlenendirler. Mugallym olaryň dürlüligi we köplügi barada alada etmelidir. Ýazuw gönükmelerine matematika, fizika, çyzuw, geografiýa, surat we önümçilik okuwynda ulanylýan grafiki gönükmelerde goşulýarlar. Laborator serişdeleri bilen zähmet gurallaryny ulanyp bilmek endiklerini ele almaga laborator-tejribe gönükmeleri mümkinçilik berýärler. Ýörite döredilen (işlenilip düzülen) okuw ýa-da önümçilik häsiýetli dürli görnüşli zähmet hereketleriniň ulgamyny önümçilik zähmet gönükmeleri düzýärler. Olar sada we çylşyrymly bolýarlar: birinjisi, sada gönükmeler aýratyn zähmet tärlerini ýerine ýetirmäge, ikinjisi, çylşyrymly gönükmeler önümçilik-zähmet işlerini bütewi ýa-da olaryň belli bir bölümini (stanogy işe taýýarlamak, obrazyň bir bölegini ýasamak we ş.m.) ýerine ýetirmäge niýetlenendirler.

Gönükmeler netijeli bolmagy üçin käbir talaplary ödemelidirler. Olara:

işiň hiliniň ýokarlanmasyna okuwçynyň, aňly gönükdirilmegi;

hereketleri ýerine ýetirmegiň düzgünlerini bilmek;

hereketiň ýerine ýetiriliş şertlerini aňly hasaba almak we gözegçilik etmek;

netijeleri hasaba almak;

gaýtalamagy wagt boýunça paýlamak.

Laborator usuly fizika, himiýa, biologiýa dersleri okadylanda ulanylýarlar we okuwçylaryň özbaşdak eksperimentleri, barlaglary geçirmegine esaslanandyr. Tejribeler aýrabaşga we toparlaýyn geçirilýärler. Bu usul okuwçylardan passiw ýerine ýetiriji, barlaglary ýerine ýetiriji we gatnaşyjy hökmünde bolman, işjeňligi we özbaşdaklygy talap edýär. Laborator usuly abzallar bilen işlemegiň başarnyklaryny we endiklerini ele almaga mümkinçilik berýär, wajyp tejribe başarnyklaryň: ölçemek we sanyny çykarmak, netijeleri işlemek we olary öň bar bolanlary bilen deňeşdirmek, özbaşdak barlaglaryň belli bolan we täze ýollaryny kämilleşdirmek üçin örän gowy şertler döredýär.

Laborator meseleleýin problemalaýyn (barlag) usuly aýratyn effektiwligi bilen aratapawutlanýar. Barlagyň çaklamasyny, onuň amala aşyrylyş ýoluny, gerek bolan materiallary we enjamlary okuwçylaryň özleriniň saýlamaklygy bu usulyň beýleki usullardan aratapawudydyr. Ýüze çykýan kynçylyklar özbaşdak işlemegi talap edýärler, bu işiň mugallymyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýän işden aratapawudy, okuwçylar meseläni rasional ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän özbaşdak maksada ýetmek ýoluny gözleýärler, meseläniň doly manysyna düşünjek bolýarlar.

Problem (meseleleýin) çemeleşmek okuwçylary işjeň, gözleýjiniň ýerine goýýar, köp kiçi we uly meseleleri özbaşdak çözmegi talap edýär; esasy we kömekçi maglumatlary toplamak we bahalandyrmak; çaklamalary saýlamak, ýetmeýän maglumatlary esaslandyryp toplamagyň ýollaryny saýlamak.

Problemalary (meseleleri) çözmek öndürijilikli pikirlenmäni işjeňleşdirýär, akyl ýetirilen predmetleriň we hadysalaryň sanynyň köpelmegine getirýär, esasanam okatmaga täze çemeleşme, okuwçy çemeleşmesi däl-de döredijilik çemeleşmesini döredýär.

Laborator usuly çylşyrymly, ýörite we gymmat bahaly enjamlaryň bolmagyny, mugallymyň we okuwçynyň gowy taýýarlygyny talap edýär. Ony ulanmak köp güýjüň we wagtyň sarp edilmegi bilen baglydyr. Şonuň üçin, mugallym laborator usulyny meýilleşdirende, özbaşdak barlag-gözleg işleriniň, sada, tygşytly ýollar bilen amala aşyrylýan işlerden netijesiniň ýokary boljakdygyna göz ýetirmelidir.

Tejribe usulynyň laborator usulyndan aratapawudy okuwçylaryň alnan bilimlerini ýerine ýetirýän işlerinde, tejribede, ýumuşlary ýerine ýetirmekde ulanyşydyr. Oňa tejribede alnan bilimleri durmuşda ulanmak sürülýär. Bu usul bilimleri, başarnyklary çuňlaşdyrmak, gözegçilik we düzediş meselelerini çözmek we akyl ýetiriş işini höweslendirmek funksiýalaryny ýerine ýetirýär.

Tejribe sapaklarda okuwçylaryň akyl ýetiriş işiniň içinden geçýän 5 (bäş) etapy saýlanylýar.

1. Mugallymyň düşündirişi. Işiň nazary aňlanyş etapy.

2. Görkezmek. Instruktaž etapy.

3. Barlap görmek. Bu etapda iki-üç okuwçy işi ýerine ýetirýärler, galan okuwçylar bilen mugallym işiň ýerine ýetirilişine syn edýärler, eger-de işiň gidişinde ýalňyşlyk goýberilse, işi ýerine ýetirýänlere duýduryş berilýär.

4. Işiň ýerine ýetirilişi. Bu etapda her bir okuwçy ýumuşy özbaşdak ýerine ýetirýär. Bu iş ýerine ýetirilende mugallym, esasanam işi ýaman ýerine ýetirýän okuwçylara üns berýär.

5. Kontrol (gözegçilik). Bu etapda okuwçylaryň işleri kabul edilýärler we bahalandyrylýar. Ýumuşyň, hili, wagtyň tygşytly peýdalanyşy, materiallar, tizlik we dogry ýerine ýetirilişi hasaba alynýar. (E.Ý.Golant)

Tejribe usuly beýleki usullar bilen deňeşdirilende okuwçylary tabşyryklary göwnejaý ýerine ýetirmegi öwretmäge kömek edýär, olarda hojalykçylyk, tygşytlylyk hilleriň emele gelmegine täsir edýär. Okuwçylarda zähmet prosesini gowy gurnamagyň häsiýetini emele getirýär (ediljek işiň maksadyny aňlamak, onuň çözülişiniň wezipelerini we şertlerini seljermek, işiň ýerine ýetiriliş meýilnamasyny we grafigini düzmek, materiallary we enjamlary taýýarlamak, işiň hiline gözegçilik etmek, netijeleri seljermek).

Bilim beriji (didaktiki) oýunlar bu ýörite döredilen modelleşdirlen real ýagdaý bolup, okuwçylara ondan çykalga tapmak hödürlenýär. Bu usulyň esasy niýeti akyl ýetiriş prosesi höweslendirmekdir. Höweslendirmeleri okuwçylar özleriniň esasy işjeň çykyş edýän oýunlarynyň üsti bilen alýarlar.

Bilim beriji oýunlar usulynyň taryhy uzyndyr. Ol eýýam gadymy didaktiki ulgamlarda ulanylypdyr. XX asyryň 80-nji ýyllarynda mekdeplere elektron hasaplaýyş maşynlary (EHM) ornaşdyrylyp, çylşyrymly ýagdaýlary modelirlemäge mümkinçilik ýüze çykanda bu usula ýene-de gyzyklanma döredi. Tehniki serişdelere bilen bütewilikde bilim beriji oýunlar okuwa bolan höwesi goldaýarlar we oýaryjy problemalary effektiw ýerine ýetirýärler, okuwçylar maşin bilen ýaryşyp, öz güýjüniň hasabyna bilimleri ele alýarlar. Okatmagyň hilini düzetmäge, oňa operatiw gözegçilik etmäge mümkinçilik berýärler.

Bu oýunlaryň arasynda dürli matematiki, lingwistiki oýunlar, oýun-syýahatlar, elektron wiktorina görnüşli oýunlar, Konstruktor, Başarjaň, Ýaş himik ýaly tematiki oýunlar bar.

Soňky on ýylyň içinde simulýasion oýunlar (belli bir hili görkezmäge kömek edýän oýunlar) we oýunlaryň ideýalaryny insenizasiýa we generasiýa etmek oýunlar usuly ýüze çykdy we ýaýrady. Simulýasion oýunlaryň üsti bilen okuwçylar öň hakyky bolan, hasap edilen meseleleri (problemalary) hemmetaraplaýyn seljermäge girişýärler, synanyşýarlar. Mysal üçin taryh sapagynda öz hereketleriňi we netijeleriňi deputatyň hereketleri bilen deňeşdirip parlamentiň maslahatynyň geçişini görkezmek. Bu oýun okuwçylara şol ýa-da başga kanunlaryň kabul edilmeginiň sebäplerini tapmaga we düşünmäge kömek edýär.

Insenizasiýa usuly öň dogrudanam bolup geçen wakalary belli bir tema boýunça öňünden taýýarlanan dialog, diskussiýa (çekeleşik) formasynda, teatrlanan görnüşde görkezmek formalarynda amala aşyrylýar. Bu usulyň gurluşy şeýleräk bolup biler.

 

Etaplar Mugallymyň maksatlary Okuwçylaryň maksatlary
1. Taýyarlyk 2. Başlanmak 3. Guramak 4. Insenirowka 5. Seljermek Meýilnama we mazmun Temany we maksady kesgitlemek Rollary paýlamak Syn etmek, ýolbaşçýlyk etmek Jemini jemlemek   Düşünmek Itergi (motiw) Rollary kabul etmek Gatnaşmak Düşünmek

 

Ideýalary generasiýa etmek usuly ýokary derejeli hünärmenleri we döredijilikli işleýän işgärleri taýýarlamak usullar toplumyndan alnan. Ol beýnä hüjüm usulyny ýatladýar. Bu usulyň amala aşyrylyşynda kyn problemany çözmäge gatnaşyjylaryň ählisi ýapyşyp, onuň çözgüdi barada öz pikirlerini aýdypdyrlar. (generasiýa).

Okatmagyň programmirlenen usullary okuw prosesini dolandyrmagyň effektiwligini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, ýörite serişdeleriň kömegi bilen gözegçilik edilip we aýrabaşga tizlikde ýerine ýetirilip, onda okuwçylaryň özbaşdak işiniň ornyny belli bir derejede ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Okatmagyň programmirlenen usullary täze we adaty ideýalar bilen bäsleşýärler. Ulanylýan programmirlenen okuw usullaryny şu aşakdaky toparlara böl&uu





:


: 2018-11-11; !; : 1286 |


:

:

, , .
==> ...

1862 - | 1500 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.143 .