.


:




:

































 

 

 

 


Onuň görnüşleri we olara häsiýetnama.




Sapaklaryň görnüşlerini öwrenmek üçin olary klassifikasiýalara bölmek hökmandyr. Okuw sapaklarynyň her birinde öz maksady we wezipesi bolsa, dürli maglumatlar öwrenilse, dürli tehnologiýalar we usullar ulanylsa, onda haýsy alamatlar boýunça olary toparlara bölüp bolar? Özüniň örän çylşyrymlylygy bilen dünýä didaktikasynda doly çözülmänden soň, sapaklaryň toparlara bölünişine dürli-dürli garaýyşlar bar. Sapagyň haýsy tarapy esas diýlip alynsa, şoňa baglylykda okuw sapaklarynyň dürli tipleri (görnüşleri) saýlanýarlar. Şu güne çenli belli bolan sapaklaryň sany onlarça.

Ilkinjiler hatarynda sapaklaryň görnüşleriniň esaslandyrylan klassifikasiýasyny düzen didakt I.N. Kazansewdir. Ol sapaklary iki kriteriýa boýunça toparlara bölmegi hödürläpdir: 1) mazmun boýunça we 2) geçiliş usuly boýunça. Birinji kriteriýa boýunça, mysal üçin, matematika sapaklary mazmuny boýunça arifmetika, algebra, geometriýa we trigonometriýa bölünýärler. Geçiriliş usullary boýunça sapaklar syýahat sapagy, kino sapagy, özbaşdak iş sapaklary we ş.m. bölünýärler.

Ýerine ýetirilýän işiň logiki mazmunyny we akyl ýetiriş işiniň häsiýeti boýunça sapaklar şu aşakdaky görnüşlere bölünýärler: 1) giriş sapagy, 2) maglumatlar bilen ilkinji tanyşlyk sapagy; 3) täze bilimleri özleşdirmek sapaklary; 4) özleşdiren maglumatlary tejribede ulanmak sapaklary; 5) endikler sapaklary; 6) berkitmek, gaýtalamak we jemlemek sapaklary; 7) barlag işi sapaklary; 8) gatyşyk ýa-da kombinirlenen sapaklar.

Sapaklaryň umumy ulgamyndaky ýeri we didaktiki maksatlary boýunça, iki topara bölünen sapaklar nazarýetçiler we tejribeçiler tarapyndan uly goldaw tapdy. Olar: 1) kombinirlenen ýa-da gatyşyk sapaklar; 2) okuwçylary täze maglumatlar bilen tanyşdyrmak sapaklary; 3) bilimleri berkitmek sapaklary; 4) esasy maksady özleşdirilen maglumatlary jemlemek we ulgamlaşdyrmak sapaklary; 5) esasy maksady, başarnyklary we endikleri ýüze çykarmak we berkitmek sapaklary; 6) esasy maksady bilimleri barlamak sapaklary. Esasy sapak tipleriniň görnüşleri:

1) kombinirlenen (gatyşyk sapaklar);

2) täze bilimleri öwrenmek sapaklary;

3) täze başarnyklary emele getirmek sapaklary;

4) öwrenilen maglumatlary jemlemek we ulgamlaşdyrmak sapaklary;

5) bilimlere we başarnyklara gözegçilik etmek we düzetmek sapaklary;

6) bilimleri we başarnyklary tejribede ulanmak sapaklary (G.I. Şukina, W.A.Onişuk, N.A. Sorokin, M.I. Mahmutow we başgalar)

Geliň, struktura (gurluş) diýen düşünje girizeliň. Bu düşünje sapagyň içki gurluşyny, onuň aýratynlyklarynyň yzygiderligini aňladýar. Sapagyň görnüşi onuň gurluş bölümleriniň barlygy we yzygiderligi bilen kesgitlenýär.

Sapagyň görnüşi şu gün özüniň etaplarynyň birleşigi we yzygiderligi bilen kesgitlenmän, eýsem, akyl ýetiriş işiniň effektiwligi, maksadyň goýluşy we oňa ýetilişi bilen kesgitlenýär. Mugallym şu gün sapagyň gurluşyny saýlamakdan azat, diňe ol okatmagyň we terbiýelemegiň ýokary netijesini üpjün etse boldy. Bu täzeligi diňe öňki berk talap edilýän hökmany ýerine ýetirilmali sapagyň gurluşyny häzirki okuw sapaklarynyň erkin gurluşy bilen deňeşdirenimizde göz ýetirip bileris. Ýöne strukturasyz (içki gurluşyksyz) sapaklara nazarýetçileriň we tejribeçileriň garaýşy dürli-dürli: mugallymy azat etmek, gepsiz, öňe uly ädim, akyl ýetiriş işiniň kanunalaýyklarynyň bozulmak, düzgüniniň bozulmak şertlerinde ýüze çykýan sapagyň etaplarynyň esaslandyrylman birleşdirilmegi, ýöne uly kemçilik.

Häzirki zaman wajyp talaplarynyň biri, sapaklaryň görnüşleriniň maksadalaýyklygy, sapaklaryň gurluşynyň kämilligi we käbir sapaklaryň gutarnyklylygy bilen bahalandyrylman, okuw-terbiýeçilik prosesiniň effektiwliligi bilen (soňky netijesi) bilen bahalandyrylýandygyndandyr.

Okatmagyň formal basgançaklaryna daýanýan, dört zwenoly klassyky sapagyň strukturasy öz başlangyçlaryny Ý.A. Komenskiden we I.F. Gerbartdan alyp gaýdýar.

Onuň gurluşy: täze bilimleri özleşdirmäge taýyarlyk; täze bilimleri we başarnyklary özleşdirmek; olaryň ulgamlaşdyrylyşy we berkidilişi; tejribede ulanmak. Sapagyň bu tipi (görnüşi) kombinirlenen (gatyşyk) diýlip atlandyrylýar. Wagt böleglerine bölünen kombinirlenen sapagyň etaplary şeýleräk ýerine ýetirilýär.

Işi guramak Geçilenleri gaýtalamak (bilimleri aktuallaşdyrmak) Täze bilimleri öwrenmek, täze başarnyklaryň emele gelmegi Berkitmek, uýgunlaşdyrmak, ulanmak Öýe iş tabşyrmak
etaplar 1 2 3 4

 

Bu sapagyň tipiniň adynyň kombinirlenendigine düşünmek kyn däl. Sebäbi mugallym bu sapakda birnäçe maksada ýetip bilýär. Sapagyň elementleriniň (etaplarynyň) islendik yzygiderlikde goýlup bilnişi, sapagy maýyşgak edýär we okuw-terbiýeçilik işiniň örän uly möçberini çözmäge mümkinçilik berýär. Şonuň bilen bu sapagyň köp ýaýranlygyny, ulanylýanlygyny düşündirse bolar. Kombinirlenen sapak, käbir maglumatlara görä okatmagyň tejribesinde, ähli geçilýän sapaklaryň umumy sanynyň şu gün 75-80 % tutýar.

Kombinirlenen sapagyň köp ýaýramagyny, köp ulanylýanlygyny onuň pedagoglara anyk şertlere ýakynlaşmaga mümkinçilik berýänligi, akyl işini ösdürişi, okuw-terbiýeçilik prosesiniň kanunalaýyklary bilen beýleki sapaklara garanda gowy ylalaşýandygy kesgitledi. Sapagyň 45 minudyň dowamynda geçilişi, bizden öň ýaşap geçen nesilbaşylarymyz tarapyndan intuitiw goýlan bolsa, bu gün onuň geçilýän wagtynyň dogry kesgitlenendigini psihofiziologiki barlaglar hem tassyklaýarlar. Eger-de sapaklaryň wagty gysgalsa, onda onuň öndürijilikli işi gysgalýar, maglumatlary düşündirmegi we berkitmegi tizleşdirmeli bolýarys. Eger-de sapagyň wagtyny uzaltsak okuwçylaryň erkli ünsüni dogrulamaly bolýarys.

Sapagyň dowamynda birnäçe maksada ýetip bilýänligine garamazdan kombinirlenen sapagyň kemçilikleri-de bardyr. Olar täze maglumatlary özleşdirmäge we akyl ýetiriş işleriniň başga görnüşlerini doly özleşdirmäge wagtyň ýetmeýändigidir. Kombinirlenen sapak hödürlenen wagtdan bäri köp düypli üýtgeşikler bolup geçdi: sapakda öwrenilýän maglumatlaryň göwrümi köpeldi, akyl ýetiriş prosesini dolandyrmaga päsgel berýän ýagdaý-synplarda okuwçylaryň sany köpeldi, okuwçylaryň okuwa garaýşy peseldi bu ýagdaýlar öz gezeginde sapagyň ähli etaplarynyň öndürijiligini peseltdi. Okuw sapaklarynyň effektiwligini ýokarlandyrmak maksady bilen başga sapak tipleri döredi we ulanylýarlar. Ol sapaklarda okuwçylar haýsy hem bolsa işiň bir görnüşi bilen meşgullanýarlar. Olar täze maglumatlary özleşdirmek sapaklarydyr: täze başarnyklary emele getirmek; bilimleri, başarnyklary jemlemek we ulgamlaşdyrmak; bilimlere, başarnyklara gözegçilik etmek we düzetmek, bilimleri, başarnyklary tejribede ulanmak. Ýokarda agzalan sapaklaryň görnüşlerini gysgaldylan kombinirlenen sapak diýse hem bolar. Sebäbi olar kombinirlenen sapagyň her bir etapydyr. Saýlanan sapaklaryň tipleriniň strukturasy (gurluşy) 3 (üç) bölümden ybaratdyr: 1) işi guramak (1-3 minut) 2) esasy bölümi (emele getirmek, özleşdirmek, gaýtalamak, berkitmek, gözegçilik, ulanmak) (35-40 minut), 3) netijäni jemlemek we öýe iş bermek (2-3 minut).





:


: 2018-11-11; !; : 661 |


:

:

, - , ; , - .
==> ...

1689 - | 1700 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.014 .