.


:




:

































 

 

 

 


Sapagy taýýarlamak




Sapagyň effektiwlik formulasy iki esasy bölümi öz içine alýar: gowy taýyarlyk we geçiriliş ussatlygy. Ýaramaz meýilleşdirilen doly pikirlenilmedik, gyssanmaç, okuwçylaryň mümkinçiliklerini göz öňünde tutman, gurnalan sapagyň hili pes bolar. Bar bolan anyk şertlerde iň ýokary soňky netije berýän okuw-terbiýeçilik işini gurnamagy saýlap almak, dürli toparlaýyn işleri düzmek sapaga taýyarlanmagyň mazmunydyr.

Mugallymyň sapaga taýyarlygy 3 (üç) etapdan durýar: anyklamak, çaklamak, meýilnamalaşdyrmak. Mugallym öwredýän maglumatlaryny gowy bilýär, öz dersiniň ähli meselelerinden gowy baş çykarýar diýip düşüneliň. Mugallym ýörite hususy tematiki papkalary, ýa-da işçi kitaplary ýöredip, olara öz dersi boýunça ýüze çykýan täze maglumatlary, problem meseleleri we ýumuşlary, test maglumatlaryny we ş.m. ýazýar. Sapaga gowy taýyarlanmak sapakda özüni erkin alyp barmak üçin mugallymda tema boýunça fakt maglumatlary ýeterlik bolmaly.

Taýýarlyk işi, ýokary effekt berer ýaly, toparlaýyn hyzmatdaşlyk gurmak we akyl ýetiriş işine baha berer ýaly shemany saýlamak, okuw maglumatlaryny synpyň mümkinçilikleri bilen uýgunlaşdyrmaga gönükdirilendir. Sapagy geçirmegiň optimal shemasyny saýlamak üçin, okuw sapagyny bölümlere bölmek gerek. Onuň esasynda geljekki sapagyň effektiwligine garaşly bolan sapaga taýyarlanmagyň algoritmi yzygiderli ýerine ýetirilende ähli wajyp faktorlary we ýagdaýlary hasaba almaga garantiýa berýän ädimler ýatyr.

Algoritmi durmuşa geçirmek wajyp şertleri anyklaşdyrmakdan başlanýar. Anyklaýyş (terbiýeçilik işini gurmak boýunça geçilen temada biz eýýam ol barada gürrüň beripdik) sapagyň geçilişiniň ähli ýagdaýlaryny; okuwçylaryň mümkinçiliklerini, olaryň işiniň we özüni alyp barşynyň itergilerini, talaplaryny we isleglerini, gyzyklanmalaryny we ukyplaryny, okuw maglumatlarynyň häsiýetlerini, onuň aýratynlyklary we tejribede ornuny, sapagyň gurluşyny aýdyňlaşdyrmakdan ybarat. Ondan başga-da okuw işinde gaýtalamaga, täze maglumatlary özleşdirmäge, berkitmäge we ulgamlaşdyrmaga, bilimlere, başarnyklara gözegçilik etmäge we düzetmäge ähli sarp edilen wagty seljermäge gönükdirilendir. Bu etap sapagyň effektiwligini kesgitleýän esasy hereketleri görkezýän sapagyň anyklaýyş kartasyny düzmek bilen gutarýar. Faktorlar optimal şertler zonasynda ýerleşende sapagyň ýokary hilli netijelerini alyp bolar.

Çaklamak sapagyň dürli görnüşlerini bahalandyrmaga we olaryň içinden iň optimalyny (gerek bolany, wajybyny) saýlap aýlamaga gönükdirilendir. Çaklamagyň häzirki zaman tehnologiýasy sapagyň hiliniň san görkezijisini kesgitleýän usuly ulanmaga mümkinçilik berýär.

Sapagyň maksady boýunça emele gelmeli bilimleriň, başarnyklaryň göwrümi 100% diýip alýas. Sapagyň netijesiniň ideal görkezijisinden ýerine ýetirilmedik işler aýrylýar we mugallymyň gurnan shemasy boýunça sapagyň real effektiw görkezijisi kesgitlenýär. Eger-de netije mugallymy kanagatlandyrýan bolsa, onda ol sapagyň soňky etapyny (meýilnamalaşdyrmaga) taýyarlamaga geçýär, eger-de netije mugallymy kanagatlandyrmasa, onda ol sapagyň täze kämil shemasyny gurmaga girişýär.

Taslamalaşdyrmak (proýektirlemek) bu sapaga taýyarlygyň jemleýji etapy bolup, okuwçylaryň akyl ýetiriş işini dolandyrýan maksatnama düzmek bilen tamamlanýar. Dolandyrmak programmasy (maksatnamasy) bu mugallym tarapyndan okuw prosesini dolandyrmagyň wajyp ýagdaýlaryny belleýän, erkin düzülen gysga we anyk resminamadyr. Onda, kimden we haçan soramaly, problemany haçan girizmeli, sapagyň indiki etapyna haçan geçmeli, öňünden göz öňünde tutulan kemçilikler ýüze çykanda okuw işini nähili gaýtadan gurap bolýandygy beýan edilýär. Dolandyrmak maksatnamasy adaty sapak meýilnamasyndan (planyndan) dolandyrylyş täsirleriniň anyk kesgitlenenligi bilen aratapawutlanýar.

Täze işe başlan mugallymlara sapagyň plan-konspektini doly, ähli elementleri bilen ýazmak gerek. Bu talap tejribeden gelip çykýar: häli hiç kime geçiljek sapagyň gurluşyny ähli taraplaýyn, ähli detallaryny pikirlenmän, ussat bolmak başartmady. Diňe sapagyň gurluşynyň elementleri gowy özleşdirenden soň, ýuwaş-ýuwaşdan gysgaldyran ýazgylara geçmek, plan-konspektiň göwrümini azaltmak, ony anyk hereket etmek maksatnamasyna öwürmek bolar.

Täze işe başlaýan mugallymyň plan-konspektinde şu aşakdaky bölümler şöhlelenmelidirler:

sapagyň geçilýän wagty we tematiki plan boýunça onuň nomeri;

sapagyň temasynyň ady we onuň geçilýän synpy;

bilim bermegiň terbiýelemegiň we ösdürmegiň maksady we wezipeleri;

sapagyň gurluşy we olaryň etaplarynyň geçiriliş yzygiderligi we olara berlen mysaly wagt;

okuw maglumatynyň mazmuny;

sapagyň dürli bölümlerinde mugallymyň ulanýan usullary we tärleri;

sapagy geçirmek üçin zerur bolan okuw abzallary;

öýe iş.





:


: 2018-11-11; !; : 605 |


:

:

, , 1:10
==> ...

1651 - | 1575 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .