.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň motiwasiýasy.




Okatmagyň itergileri didaktiki prosesiň hereketlendiriji güýjüdir. Pedagogik işiň merkezi şahsyýetiň ösüşine gerek bolan derejesinde gönükdirilmek üçin hereket edýän itergileri öwrenmek we dogry ulanmakdyr.

Motiwasiýa (latyn sözi bolup, moveo -iterýän, itekleýän) diýen manyny berýär. Okuwçylarda bilimiň mazmunyny işjeň özleşdirmekde, öndürijilikli bilim almak işini döretmekde ulanylýan usullara, serişdelere motiw itergi diýilýär. Motiwasiýanyň açaryny mugallym bilen okuwçylar bileikde elinde saklaýarlar. Mugallymlaryň elinde okatmak motiwleri, okuwçylaryň elinde okamak motiw.

Itergiler şahsyýetiň ýagdaýyny we gatnaşyklaryny üýtgedýän proses bolup, şahsyýeti hereket etmäge, görelde görkezmäge mejbur edýän anyk isleglere gönükdirýän itergilere esaslanýarlar. Itergini okuwçynyň öz edýän işiniň predmetine, oňa gönükdirilenligine garaýşy diýip kesgitlese-de bolar. Talaplar we gyzyklanmalar, ymtylmalar we emosiýalar, islegler we idealar iterginiň rolunda çykyş edip bilýärler. Şonuň üçin itergiler örän çylşyrymly emele gelmeler bolup, çözgüdi saýlaýan we kabul edýän, özünde seljerme edip baha berýän dinamiki (ösýän) ulgamdyr. Itergileri islegleri düşunmegi kynlaşdyrýan ýagdaýlar: 1. Biz hiç haçan bir itergi bilen iş salyşmaýarys, olar bitewi (kompleks) hökmünde pedagogik prosesde ýüze çykýarlar. 2. Itergiler okuwçylar we mugallymlar tarapyndan wagtal-wagtal aňlanýarlar.

Itergileri öwrenmek didaktikanyň we pedagogik psihologiýasynyň merkezi problemasy (meselesi) bolup çykyş edýär. Bu meseläni çözmekde belli üstünlikler bar, ýöne olar öz doly çözgüdinden daşrakda. Itergileriň üýtgeýjiligini, hereketjeňligini, köpdürliligini belli bir struktura getirmek örän kyn. Olary dolandyrmagyň ýollaryny-da kesgitlemek kyn.

Bilim ulgamynda hereket edýän itergileri toparlara bölmek dürli kriteriýalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Görnüşleri boýunça sosial we bilesigelijilik itergiler toparlaryna bölünýärler.

Derejesi boýunça itergiler:

- giň sosial itergiler: (borç, jogapkärçilik, bilimiň sosial ähmiýetini bilmek). Şahsyýetiň okap, bilim almagynyň üsti bilen jemgyýetde ornuny tapmaga ugrukdyryşy, özüniň şahsy statusyny berkitmegi:

- gysga sosial (ýa-da pozision) itergiler: (geljekde belli bir wezipe almaga ymtylmak, daş-töwerekdäkileriň arasynda özüňi oňat tarapdan tanatmak, öz zähmetiňe görä sylag almak).

- sosial hyzmatdaşlyk itergileri: (daş-töwerekdäkiler bilen dürli görnüşli aragatnaşyk gurmaga gönükdirilenlik, synpda öz roluňy we pozisiýaňy (ornuňy) berkitmek).

- giň bilesigelijilik itergileri: (erudisiýa gönükdirilenlik hökmünde ýüze çykyp, okuwdan we onuň netijesinden kanagatlanma almak hökmünde amala aşyrylyp, adamyň bilesigelijilik işi onuň durmuş ýolunda esasy sfera hökmünde çykyş edýär).

- okuw-bilesigelijilik itergileri: (konkret okuw derslerini özleşdirmek, bilimleri ele almagyň ýollaryna gönükdirilenlik).

- öz-özüňi okatmak itergileri: (goşmaça bilimleri ele almaga gönükdirilenlik).

Bu itergiler tejribe pedagogikasynda özüniň gönükdirilenligi we mazmuny boýunça şu aşakdaky toparlara birleşýärler:

1) sosial (sosial-gymmatlyklar);

2) bilesigelijilik;

3) hünär-gymmatlyklar;

4) estetiki;

5) kommunikatiw (aragatnaşyk);

6) Dereje orun (statusno-pozisionnyýe);

7) Adaty-taryhy;

8) Utilitar-tejribe (estetiki)

1. Jemgyýetiň ösüşiniň dürli döwürlerinde okuwçylaryň okuw itergileriniň bir ýa-da başga bir topary hereket edýär.

2. Döreýän şertler boýunça itergiler topary biri-biri bilen dinamiki (ösüş) aragatnaşygynda bolýarlar. Itergiler toparlarynyň arabaglanyşygynyň netijesinde okuwyň hereketlendiriji güýji ýüze çykýar. Onuň häsiýeti, gönükdirilenligi we göwrümini itergiler toparynyň umumy täsiri bilen kesgitlenýär.

Didaktiki işiň amala aşyrylyşy netijesine dürli itergiler, dürli-güýç bilen täsir edýär. Giň bilesigelijilik itergiler bilimiň giň mazmunyny ele almaga gönükdirilip, okuw-bilesigelijilik itergileri bilen deňeşdirende täsiri pes bolýar. Şulardan ugur alyp okuwçylaryň motiwlerini oýandyryjy maksada gönükdirilen, dürli işiň esasynda ýatýanlar we many dörediji jemgyýetde belli gymmatlyklary şahsy derejä geçirýänler meniň üçin.

XX asyryň 80-nji ýyllaryndaky pedagogik hödürnamalar mugallymlary okuwçylara okamagyň jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek bilen, mekdep itergisini götermäge ugrukdyrdylar. Elbetde bu gün ol itergileriň güýji peseldi. Ýöne şu günki pedagogika köne gymmatlyklaryň arasyndan täze itergiler gözlemeli bolýar. Itergileri diňe okuwçylaryň şahsy islegini kanagatlandyrmakda gözläp bolar.

Okuw itergileri käbir ýagdaýlarda daşky we içki motiwlere-de bölünýärler. Daşky itergiler pedagoglardan, ene-atalardan, synpdan, umumy jemgyýetden gaýdyp aýtmak, duýdurmak, talap etmek, görkezmeler, aýdyp bermek görnüşlerinde bolýar. Olar täsir hereket edýärler, ýöne olaryň täsiri şahsyýetiň içki garşylygyna duçar bolýar. Bu ýerde hökmany zat okaýanyň özüniň şol zady ýerine ýetirlişi gelşi we ýerine ýetirişidir. Iterginiň esasy çeşmesi adamyň özünde jemlenendir. Şonuň üçin daşky okuw itergilerden içerki okuw itergilere esasy orun berilýär.

Motiwler aňlanylan we aňlanylmadyk bolýarlar. Aňlanan itergiler okuwçynyň haýsy başarnyklaryň, haýsy sebäpleriň ony hereket etmäge ugrykdyrýanyny aýdyp bermeginde we ugrukdyrmalaryň täsirlerini olaryň derejeleri boýunça düşündirmeginde ýüze çykýarlar. Aňlanmadyk itergiler diňe syzylýarlar aňlanylmadyk, düznüksiz, gözegçilik edilmeýän isleglerde ýüze çykýarlar, ýöne olaram örän güýçli bolup bilýärler.

Itergileriň real, mugallymlar we okuwçylar tarapyndan aňladylýan toparyda bardyr mekdep üstünlikleri obýektiw kesgitlenýän itergileri hem bardyr. Gümany käbir kesgitlenen ýagdaýlarda hereket edýän itergiler hem bolup bilerler.

Itergileriň bir ýa-da başga toparynyň täsiriniň güýçlüligini okuwçylaryň okuwa garaýyşlaryndan kesgitläp bolar. Barlaglaryň netijesi okadylýanlaryň okuwa garaýşyny birnäçe basgançaga bölmäge mümkinçilik berýär: otrisatel, neýtral, parhsyz; položitel-1; položitel-2 (bilesigelijilik, aňlanan), položitel 3 (şahsy, jogapkärli, işjeň).

Okuwçylaryň okuwa otrisatel garaýyşlaryny häsiýetlendirýän mahsus itergiler özüniň garyplygy we gysgalygy, darlygy, özüniň üstünlige bolan garaýşynyň pesligi, maksat goýup bilmezligi, kynçylyklary ýeňip geçip bilmezligi, okasy gelmeýänligi, mekdebe we mugallymlara otrisatel garaýşlary bilen häsiýetlenýärler.

Okuwçylaryň parhsyz garaýşyna, şol bir häsiýetler mahsus, ýöne gerek bolan ukyplar we mümkinçilikler bolan ýagdaýynda okuw işinde položitel netije gazanyp bolar. Bu topara girýän okuwçylara: Ukyply, ýöne ýalta diýen häsiýetnama berilse dogry bolar.

Okuwa položitel garaýyşly toparlarda itergiler durnuksyzdan çuň aňlanan derejä çenli ýetýärler. Okuwa bolan garaýşyň iň ýokary derejesi bu ösüş maksatlaryny goýup bilmek, okuwyň netijesini bilmek, öňünde goýlan maksada ýetmek üçin dürli kynçylyklary ýeňip geçmekdir.

Okuwçylaryň okuwa garaýyşlaryny mugallymlar işjeňlik diýip häsiýetlendirýärler. Işjeňlik (okuw, mazmuny özleşdirmek) okadylýanyň onuň ýerine ýetirýän işiniň predmeti bilen aragatnaşyk derejesini kesgitleýär.

Işjeňligiň gurluşynda şu aşakdaky düzümler bellenilýär. (aratapawutlandyrylýar).

okuw ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge taýyarlyk;

özbaşdak işe ymtylmak;

ýumuşlary aňly ýerine ýetirmek;

okatmagyň ulgamlylygy;

öz şahsy derejäňi ýokarlandyrmak we başgalar.

Işjeňlik bilen okuwa itergileriň ýene-de bir tarapy özbaşdaklykdyr. Özbaşdaklyk okuwçynyň öz işiniň obýektini kesgitläp, ony ýerine ýetirende ulularyň kömegine mätäç bolman, diňe öz güýjüne daýanmagydyr.

Okuwçylaryň bilesigelijilik işjeňligi we özbaşdaklygy aýrylmaz bölekdir. Işjeň okuwçylar düzgün bolşy ýaly özbaşdak bolýar; işjeňligi pes okuwçylaryň özbaşdaklygy-da pes bolup, olar başga biriniň kömegine mätäç bolýarlar.

Okuwçylaryň işjeňligine däp boýunça işjeňleşdirmek diýýärler. Işjeňleşdirmegiň esasy maksady okadylýanlaryň işjeňligini ösdürmek, okuw-terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmakdyr. Şu günler pedagogik tejribe işjeňleşdirmegiň dürli ýollaryny ulanýar. Olaryň arasynda dürli formalarynyň, usullarynyň, serişdeleriniň şeýle görnüşlerini saýlanyp alynýar, olar ulanylanda hökmany suratda okuwçylarda işjeňlik we özbaşdaklyk itergileri ýüze çykýar.

Sapaklarda okuwçylarda ýokary işjeňleşdirme effektini berýän itergiler:

öz pikirini goramak;

çekişmelere, ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşmak;

öz ýoldaşlaryňa mugallymlaryňa sorag goýmak;

ýoldaşlaryňyň jogaplaryny seljermek;

ýoldaşlaryňyň jogaplaryny, ýazuw işlerini bahalandyrmak;

ýetişigi pes okuwçylara kömek etmek;

ýoldaşlaryňyň düşünmedik ýerlerini düşündirmek;

özbaşdak güýçýeterli ýumuşlary saýlap almak;

meseläniň çözgüdiniň birnäçe wariantlaryny tapmak;

öz bilimiňi barlamak, şahsy bilesigelijilik we tejribe hereketleriňi seljermek;

bilesigelijilik meseleleri täze belli bolan çözgütleriň bütewiligini ulanyp görmek.

Özbaşdak okuwyň ähli tehnologiýalary okuwçylaryň işjeňligini ýokarlandyrýarlar diýsek bolar: öz güýjüň bilen özbaşdak gazanan bilimleriň uly bilesigelijilik gymmatlyklary bardyr. Okuw prosesine täze interaktiw okuw gollanmalarynyň, ýörite kompýuter maksatnamalarynyň, multimedia okuw ulgamynyň, test gözegçiliginiň ornaşdyrylmagy okadylýanlary goýlan soraglara jogap bermäge boýun edýän işjeňligi ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikler döredýär.

Adamyň işine hemişe güýçli täsir edýän esasy itergileriň biri gyzyklanmadyr. Gyzyklanma (latyn interes sözi bolup wajyp diýen manyny berýär) adam tarapyndan has wajyp diýip kabul edilen hereketiň real sebäbidir. Gyzyklanmany subýektiň öz işine bolan položitel gymmatlykly garaýşy diýip kesgitlese-de bolar. L.S. Wygotskiý: Gyzyklanma çaganyň tebigy dwigatelidir, ol çaganyň işiniň, onuň organiki islegleri bilen deň gelýändiginiň instinktiw gönükdirilenliginiň anyk ýüze çykyşydyr. Şonuň üçinem ähli terbiýe ulgamy çagalaryň gyzyklanmasynyň esasynda gurulmalydyr. Sen çagany bir işi ýerine ýetirmäge çekmezden öň, ony bu iş bilen gyzyklandyr, ony bu işi ýerine ýetirmäge taýyarla, onuň taýyarlygyna, ähli güýjüni jemländigine, özüniň hereket etjekdigine gözüň ýetenden soň, mugallyma diňe çaganyň işine ýolbaşçylyk etmek we gönükdirmek galýar diýip pedagogik kanun düşündirýär diýip ýazýar.

Okatmakda köpdürli gyzyklanmalar hereket edýärler. Ähli mesele diňe gyzyklanmanyň öwrenilýän derse bolan gönükdirilenliginde bolup, oňa gapdaldan täsir edýän gerek bolmadyk, gorky, temmi bermek ýaly täsirler bilen bagly bolmazlygydyr. Düzgün hökmünde gyzyklanmanyň dogry, gerek bolşy ýaly gönükdirilenligi çykyş edýär. Okuwçylarda okuwa gyzyklanmany döretmek üçin mekdebiň ähli ulgamyny mümkin boldugyndan durmuşa ýakynlaşdyrmaly, çagalara olary gyzyklandyrýan maglumatlary öwretmeli, olara tanyş we olaryň gyzyklanmasyny oýarýan maglumatlary düşündirmekden okuw işini başlamaly.

Okuw gyzyklanma döretmegiň kanunalaýyklyklary: okuwçylaryň gyzyklanmasy olaryň biliminiň hiline, derejesine, akyl işini ýerine ýetirip bilşiniň kämilligine baglydyr; okuwçylaryň gyzyklanmasy olaryň mugallymlara garaýyşlaryna baglydyr. Okuwçylar diňe söýýän, sylaýan mugallymlarynyň derslerini gyzyklanyp okaýarlar.

Ilkinji pedagog, soň onuň dersi köp adamlaryň ykbalynyň çözgüdi bolan aýrylmaz garaşlylykdyr.

Tejribe tarapyndan işlenilen, çagalaryň durnukly bilesigelijiligini kemala getirýän gyzyklanmalaryň ýollarynyň we serişdeleriniň köpdürlüliginden şu aşakdakylaryny saýlap alalyň. Olar şu aşakdakylardyr:

- gyzykly okadylyş;

- okuw maglumatlarynyň täzeligi;

- taryhylyk;

- bilimleriň, olary açan adamlaryň durmuşy bilen baglylygy;

- alnan bilimleri tejribede ulanmagy görkezmek;

- täze adaty däl okaýşyň görnüşleriniň ulanylyşy;

- okatmagyň görnüşleriniň we usullarynyň arabaglanyşygy;

- meseleleýin (problem) okuw;

- ewristiki okuw;

- kompýuter okuwy;

- multimedio-ulgam ulanmak;

- interaktiw kompýuter ulgamyny ulanmak;

- biri-birini okatmak (jübüt, kiçi toparlar)

- bilimleri, başarnyklary testirlemek;

- okuwçylaryň bilim derejesini görkezmek.

- ýaryş (synpdaşyň we öz-özüň bilen);

- synpda dogry aragatnaşyk guramak;

- okadýanyňa ynam;

- mugallymyň pedagogik ussatlygy;

- mugallymyň öz okadýan dersine we okuwçysyna garaýşy;

- mekdep aragatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek.

Çagalarda okuwa bolan gyzyklanmany terbiýelemek didaktikanyň esasy meseleleriniň biridir. Ony durmuşa ornaşdyrmak üçin ýörite kanunalaýyklyklar isleýärler. L. Božowiçiň, A. Dusawiskiniň, N. Morozowanyň, G. Şukinanyň işlerinde okuwçylaryň bilesigelijilik gyzyklanmalary dürli tarapdan öwrenilen.

Gyzyklanma döretmegiň gowy nazarýeti bar, gowy hödürnamalar işlenen. Ýöne tejribede ýüz ýyllyklardan bäri mugallymlary biynjalyk edýän, aljyradýan sorag çözülmän gelýär. Ol sorag nädip çagalarda aňsat bolmadyk bilim almak, bilmek prosesine isleg, durnukly gyzyklanma oýaryp bolar diýen soragdyr.

Gyzyklanmanyň kanunlary belli. Olaryň biriniň hereket edişini şu mysalyň üsti bilen synlap bolar.

Kakasy işden gelip öz işi bilen gümra bolýar. Ejesi naharhanada agşamlyk taýyarlaýar. Nahar iýip bolandan soň, telewizora tomaşa edýärler.

Öýde kitaplaryň dürlisi bolana garamazdan olary okamaýarlar. Hiç kim, hiç zat bilen gyzyklanmaýar. Ähli gyzyklanma iýmek, içmek, bir zat almak

Çaga mekdepden gelip, boş gezip, telewizor görmek, magnitafon diňlemekden başga iş bilen meşgullanmaýar. Ejesi ondan bir zat bilen meşgullanmagy surat çekmegi, kitap okamagy talap edýär. Seret öýde näçe kitap bar, olar seniň üçin alyndy, alyp şolardan oka diýip kakasy gaharlanýar. Çaga gözi bilen tekjede ýerleşdirilen kitaplara seredýär. Onuň gözüniň öňüne uzyn, düşnüksiz sözlemler gelýär. Olaryň başyndan okap, soňuna ýeteniňde eýyam näme barada ýazylany ýadyňdan çykýar diýen pikir onuň kellesine gelýär. Ýok onuň okasy gelenok, surat çekesi-de gelenok, onuň asla hiç zat edesi gelenok. Onuň içi gysýar.

Ony hemmeden beter adalatsyzlyk biynjalyk edýär. Kakam hiç zat okanok. Ejem hiç zat bilen gyzyklananok. Men bolsa okamaly

Çagany gyzyklandyryp biljek diňe öz gyzyklanmasy bolan ata-enededir. Ylmy-barlaglaryň netijelerine görä çagalaryň gyzyklanmasy olaryň ata-eneleriniň gyzyklanmasy bilen göni baglanyşyklydyr. Gynansagam çagalaryň gyzyklanmasynyň çeşmesi mekdep bolman maşgala çykyş edýär. Kakasy ýa-da ejesi bir zat bilen gyzyklanýarmy diýmek, olaryň çagasynda-da ol işe gyzyklanma hökman dörär. Düzgün boýunça çaga güýçli täsir edýän, oňa ýakyn bolan täsirdir. Mekdepden, mugallymlardan çagalarda okuwa gyzyklanmany döretmegi talap etmek başgaçadyr. Bu ýerde birinji ýere işine berlen mugallym, okuwçylar üçin sylanýan, gyzykly adam çykyş edýär. Eger maşgalada bir çaga bolanda-da onuň göwnüni tapmak kyn düşýär. Otuza golaý çagany gyzyklandyrmak üçin, yzyňa düşürmek üçin göz öňüňize getiriň, mugallym nähili şahsyýet bolmaly.

Itergiler bilen organiki arabaglanyşykda islegler hereket edýärler. Isleg bu bir zada mätäç bolmakdyr. Başda isleg arassa energetiki impuls hökmünde güýç toplamagy, gözleg işi görnüşinde ýüze çykýar. Isleýän predmetini tapandan soň, ol itergi statusyny alýar. Şu nukdaý nazaryndan okadylýanyň öwredilýän predmetine gönükdirilen işjeňligi predmetleşdirilen isleg diýilip kesgitlese bolar. Itergiler bilen islegleriň arabaglanyşygy köp görnüşlidir: şol bir isleg birnäçe itergileriň üsti bilen işjeňleşdirilip bilner. Şol itergileriň yzynda birnäçe islegleriň bolmagy mümkin. Amerikan psihology, professor Abraham Maslounyň aýtmagyna görä durmuşyň manysyny, şahsy maksatlaryňy gözlemek kesgitleýji itergileri hökmünde çykyş edýärler.

Her bir adamda aşak we ýokary islegler bar. Oňa biz şu piramidanyň modelinde göz ýetirýäs.

 

 

 

Piramidanyň esasynda fiziologiki islegler ýatyr. Olar iýmit, suw, ýylylyk, dynç, hereket, saglyk, jaý, uky islegleridir. Ondan soň howpsyzlyk islegleri durýarlar. Olar adamy zorlukdan, gorkudan (ykdysady, iş goraklylyk) goramak islegleri. Ony söhbetdeşlik islegler dowam edýärler aragatnaşyk, söýgi. Öz-özüňe baha bermek, sylamak islegleri (prestiž, dereje, ýokary göterilmek, özüňi tanatmak, üns, düşünmek). Piramidanyň iň ýokarysyny her kime elýeter bolmadyk islegler eýeleýärler, olar: özüňi kämilleşdirmek islegleri (hünäri ele almak, durmuşda ornuňy tapmak, üstünlik) bilim we düşünmek islegleri (bilesigelijilik, bilim, daş-töweregi aňlamak), estetiki islegler (gözellik, ulgamlylyk, tertiplilik).

Motiwleri öwrenmek olaryň emele gelşi bilen berk arabaglanyşykda amala aşyrylýar. Mugallymyň bu ugurdan alyp barýan tejribe işleri şu aşakdaky algoritmlere esaslanyp amala aşyrylýar.

1. Okatmagyň maksadyny kesgitlemek we dogrulamak.

2. Itergileriň ýaş aýratynlyklar mümkinçiliklerini ýüze çykarmak.

3. Itergileriň başlangyç derejesini öwrenmek.

4. Itergileriň güýçlerini, täsirlerini öwrenmek.

5. Itergileriň aýrabaşgalygyny öwrenmek.

6. Itergileriň üýtgeýişiniň sebäplerini seljermek.

7. Gerek bolan itergileri kämilleşdirmek.

8. Netijeleri bahalandyrmak we geljekki hereketleri meýilnamalaşdyrmak.

Okuw itergilerini işjeňleşdirmek we ösdürmek usullary syn etmek, anketa, interwiýu, söhbetdeşlik, ekspert bahasy.

Itergileri öwrenmegiň ýörite tärleri-de bardyr, olar:

a) situasiýa döretmek;

b) özüňe ýoldaş saýlamak;

ç) gutarylmadyk sözlemler täri;

d) suratlar boýunça gürrüň, göz öňüne getirme situasiýasy.

Bilimiň mazmunynyň düzümine dünýä komponentiniň goşulmagy, bazar ykdysady aragatnaşyklaryň ýüze çykmagy bizden daşary ýurt alymlarynyň pikirlerini öwrenmegi, gerek bolan ýerlerini ulanmagy talap edýär. Amerikan pedagoglary itergileriň emele gelşi bilen bagly prosesleri trening diýip atlandyrýarlar. Olar (treningler) dört esasy ugra bölünýärler: üstünlik itergileri, sebäp shemalar, şahsy sebäplilik we içki itergiler.

Üstünlikler itergileriniň treningi şu çaklama esaslanýar deň derejede okadylýan okuwçylaryň arasynda kimiň öz üstünligini ösdürmek duýgusy ösen bolsa, onda şol okuwçylaryň ýetişigi ýokary bolar. Üstünligiň sindromyny ösdürmek:

a) okuwçynyň üstünliklerini beýleki gowy okaýanlar bilen deňeşdirmek;

b) itergileri ösen adama mahsus bolan özüni alyp barşy öwretmek;

ç) öz durmuşyňdaky gündelik anyk mysallary we üstünlik itergileri ösen adamlaryň durmuş mysallaryny öwrenmek.

Amerikan psihology D. Mak Klellandyň aýtmagyna görä üstünlikler sindromynyň (toplum, geçiş) aşakda agzalýan döwürler boýunça geçişi gowy netije berip biler.

1. Okuwçylaryň ünsüni bilimiň mazmunyna çekmek;

2. Pikirlenme tejribesini, özüni alyp baryşyny emosional täsirini gazanmak;

3. Üstünlik itergileriniň ýörite düşünjelerini we adalgalaryny özleşdirmek;

4. Öz real itergileriňi öz idealyň bilen deňeşdirmek;

5. Tejribede alan öwüt-ündewleriňi real durmuşynda ulanmak;

6. Daşdan berilýän kömekden kem-kemden ýüz dönderip, öz güýjüňe daýanmak.

Psihologlaryň barlaglary, adamlaryň öz eden hereketlerine dürli-dürli düşündiriş berýändiklerini anyklady. Bu ýagdaýa psihologik sebäplilik diýip at berdiler. Öz eden hereketiňi düşündirmek we özüňi aklamak üçin tipli shemalar ýüze çykdy. Okuwçynyň nämä üçin öý işini ýerine ýetirmändigi baradaky soraga jogabyny diňläň, şonda siz näme barada gürrüň gidýändigine aňsat düşünersiň.

Sebäp shemalar treningi okuwçynyň itergilerine göni täsir edýär. Onuň täsiri okuwçyda okuwa bolan islegi ýokarlandyrýar ýa-da tersine onda okuwa bolan ters garaýyş döredýär. Okuwçy özüniň eden hereketini düşündirip, onuň esasynda özüniň geljekki hereketlerini çaklaýar. Mysal üçin, okuwçy ikilik baha aldy diýeli. Onuň tipli düşündiriş shemasy bilmedim, okamadym, öý işi kyn ekeni, bagtym çüwmedi. Eger-de okuwçy soňky jogaby saýlasa, onuň yzynyň nämä bilen gutarjakdygyny göz öňüne getirmek kyn däl.

Sebäp shemalary treningi bilen berk arabaglanyşykda şahsy sebäplilik treningi hereket edýär. Onuň esasy maksady okuwçylara özüniň kemçiliklerini özlerinde gözlemegi we mümkin boldygyndan başga adamlardan garaşsyz bolmagy öwretmekdir. Adam näçe daşdakylardan garaşsyz bolsa, ol şonçada özbaşdakdyr. Adam başgalaryň oýnunda peşka bolman başgalar üçin çeşme bolmaly. Okuwçylara kömek etmek üçin, olara:

a) öz öňüňde real maksat goýmagy;

b) öňde goýlan maksady we öz mümkinçilikleriňi ölçemegi;

ç) özüniň güýçli we güýçsüz talaplaryny bilmegi;

d) anyk hereketleri kesgitlemegi;

e) ösüş meýilnamalaryny düzmegi;

ä) ýüze çykýan ýagdaýy dogry bahalandyrmagy;

f) öz şahsy maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini hemişe seljermegi öwrediň.

 

Esasy trening hökmünde içki itergiler treningi çykyş edýär. Onuň esasynda amerikan psihology E. Desiniň açyşy ýatyr. Barlanýanlara sapaga gatnaýany üçin pul töleseler, olaryň öň pulsuz okan wagtyndaky sapaklaryna bolan gyzyklanmasyny tiz ýetýär. Olaryň okuwa bolan gyzyklanmasy hiç zat tölenmeýän okuwçylardan tiz ýitýär. Biz gowy okaýan okuwçylara baýraklar berip, dogry edýäsmi ýa-da ýok? Pikirlenip görmeli. Okuw işinde içerki motiwler iň täsirlisidir. A.K. Markow, T.A. Matis, A.B. Orlow adam özüni alyp barşyndan, öz işinden kanagatlansa, onda bu ýagdaýy içki motiw diýip hasap edip bolar diýýärler.

Nebsimiz agrysa-da biziň şu günki tipli mekdeplerimizde-de, tipli mugallymlarymyz-da gözegçilik hökmünde köpräk daşky itergilere orun berýärler. Şonuň üçinem şahsyýet özüniň menini ösdürmäge derek, hemişe onuň meniniň basylýan ýagdaýlaryna düşýär. Bu ýagdaýyň netijesinde köp okuwçylarda içki itergileri ösmän, okuwa bolan islegi peselýär. Bu ýagdaýlary düzetmek üçin ynsanperwerlik pedagogikasynyň ýörelgelerini okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işine ornaşdyrmaly.

Öz-özüňi itermek tärlerini mugallym okuwçylaryna öwretmeli. Mekdebe baranyňyzda şu maslahatlardan peýdalanyň.

Öz-özüňi itergiler strategiýasy:

1. Strategiýa: işi uzak ösüş döwrüne meýilnamalaşdyryň;

2. Işdeşlik: özüňiz bilen bile okajak adamy gözläň, ol size öwretsin, siz oňa öwrediň;

3. Guramaçylyk: işlemegiň, okamagyň belli bir wagtyny belläň;

4. Ýakynlaşdyrylan maksatnamalaşdyryş: özüňiziň okuwyňyzyň maksadyny we wezipelerini umumy görnüşde kesgitläň;

5. Itergi: alan bilimleriňizi nähili ýollar bilen, nädip öz şu günki, ertirki hünär tejribäňize, hemişelik durmuşyňyza ornaşdyryp bilişiňizi kesgitläň;

6. Tapgyrlaýynlyk: okuwyň mazmunyny aňsat özleşdirilýän bölümlere bölüň we onuň orta gürpdäki kynçylyklaryny öwreniň, ondan soň kyn bölümine geçiň, ondan soň aňsadyny öwreniň.

7. Goşmaça: öwrenýän maglumatlaryňyzy öz çeken suratlaryňyz, shemalaryňyz, düşündirişleriňiz bilen dolduryň. Başarsaňyz mugallym bilen jedelleşiň.

8. Sylag: işi ýerine ýetireniňizden soň, öz-özüňize gowy sözler aýdyň, öwüň.

9. Giňeltmek: sizi gyzyklandyrýan temalar boýunça goşmaça maglumatlar okaň, ýoldaşlaryňyz bilen, mugallym bilen ara alyp maslahatlaşyň.

10. Saklamak, goramak: öwrenilen maglumatlary berkitmek üçin öwrenen, özleşdiren bilimleriňizi gaýtalaň, olary gönükmeleri çözmek ýoly bilen berkidiň.

Okuwçylara gürrüň beriň:

- näçe öz-özüňi sylasaň, şonça-da okuwýn netijesi ýokary bolar;

- okuwda gazanan üstünlikler okuw prosesiniň katalizatorydyr;

- okuwdaky näsazlyklar okamagy goýmaga getirmegi mümkin;

- begenç we gyzyklanma duýgusy okamagy ýeňilleşdirýär;

- dartgynlyk we gorky okamak prosesini kynlaşdyrýar.

Gowy mugallymlar itergileriň ussasydyr. Okuwçylar bu mugallymlary şeýle häsiýetlendirýär: Sapaklary gyzykly, dürli görnüşli geçirýärler, Men hemişe pikirlenýän, Mugallymyň öz dersini gowy bilşi, mende bu derse uly gyzyklanma döretdi, Sapaklary örän gowy geçýärler, sebäbi biz diňe diňlemän, işjeň hereket edýäs.

Mugallyma maslahat:

- pedagogik prosese gatnaşýanlaryň arasynda deň derejeli aragatnaşyk saklamaly;

- okuwçylar kynçylyga uçranda, olary goldamaly;

- okatmakda dürli usullardan peýdalanyp, maglumatlary düşündirmeli;

- okuwçylarda okuwa bolan islegleri, zähmeti, güýji, erki, maksada okgunlylygy terbiýelemeli;

- kyn meseleleri ýerine ýetirenleri sylamaly;

- jogapkärçilik, borçlulyk duýgulary ösdürmeli;

- öz-özünden, öz-özüne talap etmegi öwretmeli.

 

 

 

 

Bu surata daýanyp, öz anyk mümkinçilikleriňizi ulanyp, okuwçylary stimulirläň. (sylaglaň).





:


: 2018-11-11; !; : 868 |


:

:

, .
==> ...

1692 - | 1468 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.154 .