.


:




:

































 

 

 

 


Nji tema: Mekdep biliminiň mazmuny we ony kesgitleýän resminamalar




Okuw prosesiniň mazmuny adamzat tarapyndan toplanan ähli bilimler baýlygyndan haýsysyny saýlap almaly, ösüp gelýän ýaş nesle nämäni öwretmeli, diýen soraga jogap berýär.

Okatmagyň mazmuny belli bir kesgitlenen okuw jaýynda öwretmek üçin saýlanan bilimler, başarnyklar we endikler ulgamydyr. Bilimiň mazmunynyň kategoriýasy (häsiýeti) hemişe anyklygy talap edýär. Içerki gurluşdan üzňe, abstrakt ulgamyň mazmuny ýokdur.

Umumy bilimiň mazmuny okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, pikirlenişiniň kemala gelşiniň, bilesigelijilik gyzyklanmalarynyň we olary zähmet işine taýýarlamagyň esasyny düzýär. Okatmagyň maksadyny durmuşa geçirýän serişde bolup mazmun jemgyýetiň şu günki we geljekki talaplaryny we aýratyn alnan adamlaryň isleglerini şöhlelendirmelidir. Mazmuny kämilleşdirmäge ugrukdyrýan olary dürli tipli (görnüşli), derejeli okuw jaýlarynyň maksatnamalaryna goşýan köp babatda talaplardyr. Başga ulgamlardan gelip çykan, gelip çykyşyna täsir eden, özünden ýokary duran ulgamlaryň täsirini saklaýan, garaşly ulgam hökmünde, mazmun çylşyrymly we gapma-garşylykly kemala gelýär. Bilimiň mazmuny şu güne çenli ideologiki söweşiň esasy predmeti bolup geldi we galýar. Ýokary duran güýçleriň mekdebe öz täsirini ýetirmegi we onuň üsti bilen jemgyýete geçirişi bu söweşiň mazmunydyr. Ulgamlaryň arasynda bilimiň mazmunynyň kämilleşmegine täşir edýänleri şulardyr: 1) kabul edilen maksatlar; 2) sosial we ylmy üstünlikler; 3) jemgyýetiň talaby; 4) şahsy talaplar; 5) pedagogik mümkinçilikler we başgalar. Görkezilen ulgamlar esasynda mazmunynyň kemala gelşini şu aşakdaky shemada görüp bileris.

 

 

Şu günki täze türkmen mekdebiniň berýän bilimi, täze demokratik ýol bilen ösüp gelýän döwleti, adamlaryň ähli sferalarda edýän işlerini, medeni we ruhy ösüşlerini demokratik jemgyýeti, bazar aragatnaşyklaryny, milli ylmy we tehnikany dünýäniň iň gowy standartlaryna ýetirmegiň esasy bolmaly. Jemgyýetçilik we şahsy gyzyklanmalaryny birleşdirmek, okuwy hökmany özüne çekiji, bilim bermegi şahsy häsiýetli, jemgyýetiň talabyny ödär ýaly etmek meselelerini çözmek wagty geldi.

Mekdep biliminiň mazmunynyň kemala gelmegine sosial we ylmy ösüşleriň täsiri uludyr.Geçirilen barlaglaryň netijeleriniň berýän maglumatlaryna görä täze açyşlaryň we sosial durmuşdaky täzelikleriň mekdepde öwrenilip başlanmagynyň arasy gysgalýar. Täze açyşlaryň mekdep durmuşynda öwrenilip başlanmagynyň wagty täze okuw kitaplaryň çap edilmegi bilen baglydyr. Morze tarapyndan açylan telegrafy mekdepde öwrenmek üçin 60 ýyl gerek boldy, Darwiniň ewolýusion nazarýeti mekdep maksatnamalarynda 56 ýyldan soň peýda boldy, Popowyň radiosy 40 ýyldan soň; atomyň gurluş nazarýeti (Bor) 30 ýyldan soň, ýöne tranzistorlary eýýam çagalar 10 ýyldan soň öwrenip başladylar.

Okuw işini dürli serişdeler bilen üpjün etmek, gerek maglumatlary bilimiň mazmunyna goşmak, gerek dälleri aýyrmak, regulýator roluny ýerine ýetirýän mümkinçilikler ulgamydyr. Bu ulgam çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny-da öz içine alýar. Dünýä didaktikasynda XX asyryň 70-nji ýyllarynda mekdep meýilnamalaryna çylşyrymly bölümleri goşup, ýokary synplarda öwrenilýän maglumatlary aşak synplarda öwretmek, ýokary okuw jaýynda öwrenilýän maglumatlary ýokary synplara geçirip, bilimiň mazmunyny kämilleşdirjek boldylar Bu iş garaşylýan netijesini bermedi. Sebäbi geçilýän çylşyrymly maglumatlar çaga ýaş aýratynlyklaryna deň gelmedi. Çaga näçä ýaş bolsa, şonçada köp zatlary tiz ýatlap bilýär. Ýöne olary aňlamak, düşünmek, kabul etmek üçin belli bir ösüş derejesi gerekdir.

Orta umumy bilim berýän mekdebiň biliminiň mazmunyny döwlet bilim ösüş strategiýasynyň talaby kesgitleýär. Bilimiň mazmunynyň esasy iki aspekty bardyr milli we umumy adamzat. Ynsanperwerlik, differensiýa, integrasiýa, täze habar beriş tehnologiýalaryň, okatmagyň netijesi bolan kämilleşen döredijilikli şahsyýet mekdep biliminiň mazmunyny kesgitleýän umumy esaslardyr.

Bilimiň mazmunynyň ynsanperwerligi diňe gumanitar bilimleriň mümkinçilikleri bilen dälde, ähli dersleriň mümkinçiliklerinden düzülen köp ölçegli ugurdyr. Şu günler mekdepde okadylýan gumanitar we tebigy dersleriň deňligini ýola goýmaly we matematika, biologiýa, tehniki dersleriň mazmunyny adamkärçilik bilimleri bilen baýlaşdyrmaly. Bilimleri ynsanperwerleşdirmek ynsanperwer pikirlenmä, dünýä dogry düşünmek, durmuşda ýüze çykýan meselelere optimistiki garamak, olary aňsat çözmek, adam durmuşynyň manysyna düşünmek, diňe zähmet güýji bolman, özüniň bahasyny saklaýan adamy terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Mekdebi ynsanperwerleşdirmekde özüni we dünýäni öwrenmekde, özüni alyp baryş, özüni guraýyş, özüni düzediş endiklerini ösdürmekde esasy orun dil we edebiýat bilimlerine, estetiki (gözellik) terbiýesine berilýär.

Bilimiň mazmunynyň ýörelgeleri meseleside jedelli meseleleriň biri. Oňa garaýyşlaryň ikisine syn edeliň. W.W. Kraýewskiý tarapyndan işlenilen bilimiň mazmunynyň ýörelgeleri, olar:

1. Bilimiň mazmunynyň jemgyýetiň ösüş talaplaryna laýyklylyk ýörelgesi;

2. Bilimiň mazmuny bilen onuň berlişiniň bütewilik ýörelgesi;

3. Bilimiň mazmunynyň gurluşynyň birlik ýörelgesi;

4. Bilimiň mazmunyny ynsanperwerleşdirmek ýörelgesi;

5. Bilimiň mazmunyny berkitmek ýörelgesi;

6. Bilimiň mazmunynyň dersara baglylyk ýörelgesi.

Adaty bilimiň mazmuny kämilleşdirmegiň ýörelgeleri (prinsipleri) 1. Ynsanperwerlik; 2.Ylmylyk; 3. Yzygiderlik; 4. Taryhylyk; 5. Ulgamlylyk; 6. Durmuş bilen baglylyk; 7.Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna dogry gelmeklik. 8. Elýeterlik. Umuman, mazmun taýdan olar köp aratawutlanmaýarlar.

Okuw prosesiniň mazmuny ulgam hökmünde özüniň beýanynyň dürli strukturasyny (gurluşyny) edinip biler. Strukturanyň elementleri bu aýry bilimler we olaryň elementleridir, olar biri-biri bilen dürli görnüşli baglanyşyp bilýärler. Şu günler bilimiň mazmunynyň beýanyny şu strukturalary bir ugurly konsentriki, spiral we gatyşyk görnüşlerigiňden ýaýrandyr.

Maglumatlar birugurly beýan edilende biri-biri bilen yzygider birikdirilen zynjyr emele getirýärler, düzgün bolşy ýaly mekdep okuw döwründe olar bir gezek gaýtalanýarlar. Bilimiň mazmunynyň bu gurluşyny saýlanda yzygiderliligi, taryhylygy, ulgamlylygy, elýeterligi göz öňünde tutmaly. Bu struktura taryh, dil, edebiýat, saz ýaly dersleri beýan edende özüni ödeýär.

Konsentrik struktura özleşdirilen maglumatlara gaýdyp gelmegi aňladýar. Şol bir sorag ýa-da tema birnäçe gezek gaýtalanýar, täze maglumatlar aragatnaşyklar bilen başlaşýar we onuň mazmuny giňelýär. Ilkinji basgançakda berlen maglumatlaryň göwrümi dar bolup, soňky gaýtalanma tapgyrlarynda olar çuňlaşdyrylýarlar, giňeldilýärler. Bu struktura fizika, himiýa, biologiýa dersleri okadylanda ulanylýar.

Spiral struktura görnüşinde beýan etmegiň mazmuny okuwçylar öwrenýän problemasy bilen bagly bilimleri üznüksiz giňeldýärler we çuňlaşdyrýarlar. Spiral struktura-da üznüksiz, ol konsentrik struktura ýaly gaýtalanmaýar, çyzyklaýyn ýaly bir gezek öwrenilmeýär. Spiral struktura jemgyýetçilik, pedagogik, psihologik ylymlarynyň mazmuny öwrenilende ulanylýar.

Okuw kitaplaryny ýazýanlar şu günler gatyşyk strukturany köp ulanýarlar. Gatyşyk struktura bu çyzyklaýyn, konsentrik we spiral strukturalaryň birleşigidir. Bu struktura öwrenilýän maglumatlaryň mazmunyna görä olary dürli ýollar bilen beýan etmäge, mümkinçilik berýär.

Bilim nähili häsiýetde bolmaly, ol adama näme bermeli? Bilimiň mazmunynyň emele gelmegine täsir edýän bu soraga dürli jogaplar we garaýyşlar bar. Olaryň içinde iň ýorgünlileri iki nazarýetdir material we formal bilim nazarýetleridir.

Material bilim nazarýetiniň tarapdarlary Ý.A. Komenskiniň pikiri bilen ylalaşýarlar. Olaryň pikirine görä mekdebiň esasy maksady okuwçylara mümkin boldugyndan bilimleriň dürli ugrundan köp bilim bermek. Mekdebi gutaran okuwçy ensiklopediki bilimli adam bolmaly.

XIX asyryň belli pedagoglaryň köpüsi material bilimiň tarapdary bolup çykyş etdiler. Ýewropanyň, Russiýanyň köp okuw jaýlary bu modeli kabul etdiler. Şu günlerem material bilimiň tarapdarlary bar. Täzeden açylýan gimnaziýalarda, liseýlerde, bilimiň mazmunynyň material ugry ulanylýar. Bu nazary akymyň kemçiligi-de bar. Dersleriň biri-biri bilen arabaglanyşygynyň ýoklugy, maglumatlaryň köplügi, olaryň käbiriniň çagalara gerek dälligi, özleşdirmegiň kynlygy material bilim nazarýetiniň kemçiliklerine degişli. Bu ýagdaýda mugallym gyssanyp, maglumatlary ýüzleý düşündirýär, maksatnamalar diňe çyzyklaýyn düzülýärler.

Material ensiklopedizme garşy didaktiki formalizmiň tarapdarlary çykyş edýärler. Olar öz işinde gadymy aforizme daýanýar: köp bilmek akyl öwretmez. Bu garaýyşlar gadymy grek filosoflary Geraklit, gadymy rim goşunbaşysy Siseron, nemes filosofy E. Kant, pedagog A. Disterweg tarapyndan öňe sürüldi. A. Disterweg okuwçylara pikirlenmegi öwretseňiz boldy, bilimler olara ösüş bilen geler diýipdir. I. Gerbart, G.Spenser didaktiki formalizmiň tarapdarlary bolup, olaryň işiniň netijeleri şu günler belli psiholog Z. Piaženiň işlerinde berkidildi. Didaktiki formalizmiň tarapdarlarynyň eden işiniň netijesiniň beýikligi olaryň çagalaryň ukyplaryny bilim gyzyklanmalaryny, ünsüni, ýadyny, pikirlenmesini ösdürmäge üns berendiklerindedir. Olaryň garaýyşlarynyň ejiz ýeri bu hilleri ösdürmek üçin saýlan dersleri diller, matematika, fizika. Olar ynsanperwer dersleriň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti taýýarlamakdaky ornuny dogry kesgitläp bilmanligindedir.

Didaktiki utilitarizm (J.Diýu, G.Kerşenşteýner). Bu uguruň tarapdarlary çaganyň aýrabaşgalygyndan we jemgyýetçilik işinden ugur alýarlar. Çaganyň ýerine ýetirýän işleri adamzadyň şu gününe ýetmäge gönükdirilen işler bolmaly diýýärler. Şonuň üçin sapaklarda ýerine ýetirilýän işler konstruktiw (gurmak) häsiýetli bolmalydyr; çagalara nahar taýyarlamagy, tikin tikmegi, el hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi öwretmeli. Bu utilitar bilimleriň we endikleriň daşyndaky bilimiň mazmuny umumy häsiýetlidir. Didaktiki utilitarizm amerikan mekdebinde berilýän bilimiň mazmunyna, usullaryna uly täsir etdi.

Problem kompleks nazarýeti (meseleleýin toplum). Bu nazary akym polýak alymy B. Suhodolskiý tarapyndan hödürlendi. Ol dersleri aýratynlykda däl-de toplumlaýyn okatmagy teklip edýär. Okuwçylara öwredýän temalary aýratyn problemalara (meselelere) bölüp dürli derslerden gerek bolan maglumatlary alyp düşündirmeli diýýär. Bu nazarýet pedagogikanyň taryhynda öň ýüze çykan proýekt usullary atly akym bilen sazlaşýar.

Strukturalizm nazarýeti (polýak alymy K. Sosniskiý). Bilimiň mazmuny uly strukturalardan, özünde esasy ulgam saklaýan komponentlerden ybarat bolan gözeneklerden düzülmeli. Diňe şeýtsek okuwçylary okuw ýüküniň agyrlygyndan azat edip, onuň hiline şikes ýetirmän okuw maglumatlaryny gysgaldyp bileris. Uly synplarda okatmagyň ulgamlylyk, yzygiderlik, taryhylyk ýörelgelerinden boýun gaçyryp, strukturany logiki ýörelge esasynda gurmaly. Bu ýörelge diňe takyk bilimleri öwrenmekde ulanylsa bolar.

Bilimiň mazmunyny şu resminamalar: okuw meýilnamalar, dersler boýunça okuw maksatnamalary, okuw kiatplary, okuw gollanmalary kesgitleýärler. Bilimiň mazmuny wideodisketlerde, wideokassetalarda, kompýuter programmalarda-da saklanylyp bilner.

Okuw meýilnamasy bu döwlet resminamasy bolup:

- okuw ýylynyň, çärýekleriň, dynç alyşlaryň dowamlylygyny;

- şu okuw jaýynda okadylýan dersleriň doly sanyny;

- dersleriň ýyllar boýunça bölunişini;

- her bir derse goýberilen ýyllyk sagat sanyny we her bir synpda bu dersiň okadylyş sagat sanyny;

- her bir dersiň hepde okadylmaly sagat sanyny kesgitleýär;

- sapakdan daşary geçirilýän tejribelikleriň gurluşyny we dowamlylygyny öz içine alýar.

Okuw meýilnamasynda jemgyýet tarapyndan kabul edilen terbiýeçilik ideal, bellenen maksatlar şöhlelendirilýär. Ol okuw-terbiýeçilik işiniň kanunalaýyklary sanitar-gigiýeniki, guramaçylyk talaplary, däp-dessurlar esasynda düzülýär.

Oňa girizilen dersler ýörite we fakultatiw, saýlap okamak derslere bölünýärler. Köp döwletlerde okuw meýilnamalary bilim ministrlikleri tarapyndan düzülýärler we tassyklanýarlar. Käbir täze okuw jaýlary üçin (gimnaziýa, türkmen-türk, zehinliler mekdebi, liseýler) tipli okuw meýilnamalary laýyk gelmeýärler. Olar özi üçin aýratyn meýilnamalar düzýärler.

Okuw meýilnamalarynyň döwlet ýa-da federal komponenti (düzüm) bolmaly. Bu komponent okuw meýilnamasynyň mazmunyna umumymedeniýet we umumymilli bilimleri goşýar.

Okuw meýilnamasynyň milli regional komponenti bolmaly. Bu komponent Ene dili we edebiýat, Türkmenistanyň taryhy ýaly dersleriň mazmuny bilen berk arabaglanyşyklydyr.

Okuw meýilnamasynyň mekdep komponenti-de bardyr. Bu düzüm her bir mekdepde berilýän bilimiň mazmunynyň dürli bolmagyny gazanýar. Mysal üçin, zehinliler mekdebi, dersleri çuňlaşdyryp öwredýän mekdepler, gimnaziýalar, türkmen-türk mekdepleri.

Okuw meýilnamasynyň gurluşynda inwariant bölüm bolmaly. Ol okuw meýilnamasynyň ýadrosy esasy bolup bilimleri umumymedeni, milli bilimler bilen baýlaşdyrýar. Okuw meýilnamasynyň wariatiw bölümi bolmaly. Ol okuwçylaryň şahsy aýratynlyklaryny, gyzyklanmalaryny, ukyplaryny göz öňünde tutup, okuw prosesini aýrabaşgalaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Okuw meýilnamasynyň esasynda ähli dersler üçin okuw maksatnamalary düzülýär. Okuw maksatnamasy:

- öwrenilýän dersiň maksadyny, mazmunyny, ele almaly bilimleri, başarnyklary, endikleri, okatmagyň görnüşlerini, usullaryny beýan edýän düşündiriş hatyndan;

- öwrenilýän maglumatyň tematiki mazmunyndan;

- her bir tema berilýän sagat sanyndan;

- esasy dünyägaraýyş meseleleriniň ýazgysyndan;

- dersara aragatnaşyklary guramagyň ýollaryndan;

- ulanylmaly tehniki serişdeleriň we görkezme esbaplaryň ýazgysyndan;

- hödürlenýän edebiýatlardan ybaratdyr.

 

Bilimiň mazmunynyň giňelmegi, çuňlaşmagy dürli wariantly okuw maksatnamalarynyň düzülmegine getirdi. Islendik okuw jaýynda şu gün şol bir ders boýunça dürli wariantly okuw maksatnamalaryny düzüp, dersleri çuňlaşdyryp öwredýän synplary açmak meselesini mekdebiň mugallymlar maslahaty çözüp biler.

Okuw maksatnamalary tipli, işçi görnüşlerinde bolýarlar.

Tipli okuw maksatnamalary döwlet standartynyň talaby boýunça ýerine ýetirilýärler we Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýarlar.

Tipli okuw maksatnamalarynyň esasynda işçi maksatnamalar düzülýärler we mekdebiň mugallymlar maslahatynda tassyklanýarlar. Işçi maksatnamalarda tiplilerden aratapawutlylykda milli regional düzüm ýazylýar, okuwçylaryň bilim derejesi, sapagyň tehniki, usuly, habar beriş serişdeleri bilen üpjünçiligi öz beýanyny tapýar.

Awtorlyk okuw maksatnamalary bar. Olar döwlet standartynyň talabyna laýyk düzülýärler. Olar belli bir awtoryň bu mesele garaýşyny beýan edýärler. Okadylýan dersler boýunça alymlaryň beren resensiýalarynyň esasynda olary tassyklap, ulanyp bolar. Olar esasanam saýlanyp alnan kurslarda, fakultatiwlerde ulanylýarlar.

Bilimiň mazmuny hemmetaraplaýyn okuw edebiýatlarynda beýan edilýär. Olara: okuw kitaplary, okuw gollanmalary, kartalar, sprawoçnikler, gönükmeler we diktantlar, ýygyndylary tipografiýada çap edilen depderler degişlidir. Bilimiň netijesi okuw edebiýatlarynyň hiline baglydyr. Şonuň üçin okuw edebiýatlaryny ýazmaga görnükli belli hünärmenler çekilmeli, gatnaşmaly.

Okuw maksatnamasynyň esasynda okuw kitaby ýazylýar. Okuw kitaby mümkin boldugyndan gysga, okuwçylar üçin gyzykly, elýeter, gowy illýustrasiýaly, estetiki taýdan owadan bolup, bilimiň mazmunyndan edilýän ähli talaplara jogap bermeli. Okuw kitaby şol bir wagtyň özünde stabil (düýpli) we mobil bolmaly. Stabil diýmek okuw kitabynyň berk esaslary bolmaly. Mobil diýmek okuw kitabynyň esasyny üýtgetmän täzelik girizip bolmagy aňladýar. Okuw kitabyna bolan talaplaryň köpligi, olaryň gapma-garşylyklylygy dünýäniň ähli künjeginde gowy kitaplaryň ýetmezçilik edýänliginden bellidir. Bilimiň göwrüminiň ulalmagy okuw kitaplarynyň mazmunyndan täze talaplar edýär. Ykdysady taýdan ösen döwletlerde alternatiw (parallel) okuw kitaplary çap edilýärler. Bu ýagdaý okuwçylara olaryň arasyndan gowusyny saýlamaga mümkinçilik berýär.

Okuw kitaby çagalara okuw prosesinde işjeň, aňly aralaşmaga, okuw maglumatlaryny doly özleşdirmäge mümkinçilik döretmeli.

Bu meseleleri çözmekde okuw kitaby şu aşakdaky funksiýalary ýerine ýetirýär:

1. Itergiler funksiýasy. Okuw kitaby okuwçylar üçin stimullar döredip, olarda şol dersi okamaga isleg döredýär, okuw işine gyzyklanma we pozitiw garaýyş emele getirýär.

2. Habar beriş funksiýasy. Dürli habarlaryň üsti bilen okuwçylaryň bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

3. Gözegçilik-düzediş. Alnan bilimleri barlamaga, düzetmäge, bahalandyrmaga, goýlan gönükmeleri ýerine ýetirmek üçin gerek bolan başarnyklary we endikleri ösdürmäge ýagdaý döredýär.

Tradision okuw kitaplary bilen bir hatarda kagyzsyz okuw maglumatlary ulanylýarlar. Olar: wideokassetalar, wideodiskler. Olara berilýän didaktiki bahalar bilim ulgamynda geçirilen rewolýusiýadan tä hiç hili peýdasyz derejä çenli düşýärler. Maglumatlary emosional düşündirmeli ýerlerinde wideokuw kitaplary peýdaly bolup bilerler. Ýöne olaryň üsti bilen pikirlenmäni, başarnyklary we endikleri ösdürmek kyn düşýär. Şonuň üçin olary toparlaýyn okuw kitaplary bilen bilelikde ulansa bolar.

Abstrakt pikirlenmäni, logikany öwrediji kompýuter programmalarynyň gowy ösdüriji häsiýeti bar. Kompýuter boýunça berlen maglumatlar, bilimler doly bolmaýar, gysgaldyrlan, kesilen, formal görnüşinde bolýarlar. Şonuň üçin kompýuter okuw maglumatlary logiki gurluşy bolan maglumatlary öwrenende peýdaly bolar.

 





:


: 2018-11-11; !; : 1463 |


:

:

,
==> ...

799 - | 791 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.062 .