.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň şertleri.




Didaktiki prosesiň geçişine we netijesine köp sanly dürli görnüşli sebäpler täsir edýärler. Olaryň sany şeýle bir köp, olar biri-biri bilen berk baglanyşan, seplenen, olary öwrenmek örän kyndyr. Diňe tejribeli, ussat, özüniň işini gowy bilýän pedagogik intuisiýasy gowy ösen mugallymlar özüniň duýgusyna esaslanyp baş sebäpleriň hereketiniň gönükdirilenligini dogry duýup, olary hasaba alyp, olara daýanyp öňde goýan maksadyna ýetip bilýärler. Egerde pedagogik prosesiň gidişi, ösüşi pedagoga näbelli bolan senariý boýunça gitse, onda ol garaşylýan netijäni bermez we köp babatda garaşylmadyk netijelere getirer.

Okuw işine täsir edýän ähli sebäpleri dogry seljerer ýaly ylmy nazarýet şu güne çenli ýok. Şu günki didaktika okuw işiniň geçişine, onuň netijesine ähli sebäpleriň toplumlaýyn (kompleks) täsiri baradaky nazary akyma daýanýar. Şonuň üçinem pedagoglar okuw prosesini dolandyrjak bolsalar, berlen maglumatlary goýberilen wagtda özleşdirmegi gazanjak bolsalar, onda olar okuwyň netijesi bilen bagly bolan ähli sebäpleri öwrenmelidirler. Başga ýol ýok diýse hem bolar.

Biziň häzirki pedagogik adalgalarymyzda didaktiki prosesiň geçişine we netijelerine täsir edýän sebäpleri faktorlar diýip atlandyrdylar. Her bir sebäp faktor bolup bilermi? Mysaly seljerip göreliň. Okuwçy algebra sapagyna gyzyklanmasyny ýitirdi, onuň esasynda bu ders boýunça ýetişigi peseldi. Derse bolan gyzyklanmanyň ýitmeginiň esasy sebäpkäri mugallym bolup çykdy. Ol okuwçynyň üstünden gülüp, oňa azar berip, bahasyny peseldip geldi. Okuwyň netijesiniň peselmeginiň sebäbi nämede gyzyklanmanyň peselmegindemi ýa-da mugallymyň özüni nädogry alyp barşyndamy? Bularyň haýsysy wajyp? Nebsimiz agrysa-da, pedagoglar bu soraglaryň üstünde köp pikirlenýärler. Ähli sebäpleriň täsiri birmeňzeş hasap edilip, sebäpleriň häsiýeti we täsirleri hasap edilmän, alnan netijeler logika we esaslandyrylan deliller bilen kesgitlenýärler. Didaktikada sebäpleri saýlamak we ranglara bölmäge örän az üns berilýär. Ý. Korçak şeýle diýipdir: Hudožnigiň çeken suratyny göz öňüne getiriň suratdaky ähli şekiller bir ölçegde, adamam, öýde, haýwanlarda. Siz bu hudožnik barada näme diýip bilersiňiz? Suratdaky şekilleriň ýerleşişiniň sebäplerini bilmedik ýa-da okatmagyň itergisini synp otagyny bezemek bilen birleşdirýän mugallym barada näme diýip biljek.

Didaktiki faktoryň düşünjesini kesgitlemek ol ýa-da başga bir faktorlaryň wajyplygyny bilmek üçin, ähli sebäpleri deňeşdirmek üçin umumy esas (bazis) gerek. Bazisi okatmagyň esasynda, onuň netijeliliginde, üstünliginde gözlemeli. Gysgaça aýdanymyzda didaktiki prosesiň önümi diýip düşünmeli. Okatmak prosesiniň önümleri bu bilimiň netijesiniň üýtgemegidir. Pedagogik prosesiň önümlerine faktorlary daňmaly. Onda olar önüm emele getiriji, önüm genleri (gen latyn sözi dogurýan) hökmünde ýüze çykýarlar. Didaktiki önüm biziň bilşimiz ýaly çylşyrymly ulgam bolup, anyk bilimleri, başarnyklary, endikleri, dünýä düşünmek, erudisiýa, akyl hilleri, hünär gönükdirilenligi öz içine alýar.

Didaktiki prosesiň netijesinde näçe we nähili hilli önümiň öndürijiligi anyk ýagdaýlar bilen baglydyr. Kim okadýar we kim okaýar. Nähili faktorlar okuw prosesinde nähili baglanyşýarlar, şolaryň netijesi didaktiki prosesiň önümini berýär.

Didaktiki prosesiň önüm genleri psihologik-pedagogik edebiýatlarynda dürli sözler bilen düşündirilýärler, olar: täsir, hereket, sebäp, faktor, parametr, funksional birlik, görkeziji. Biz mundan beýläk halkara didaktiki adalgasy bolan didaktiki prosesiň üýtgeýjiligi diýen many bilen deň gelýän önüm genleriniň sebäpleri adalgany ulanarys.

Önüm genleriniň sebäbi diýip, iň kiçi bölünmeýän, ýöne aýratyn sebäpleri göz öňünde tutýas. Bu önüm genleriniň sebäbini elementar sebäp diýip alarys. Didaktiki prosesiň gidişinde önüm genleriniň sebäpleri üýtgäp, başga many alyp bilerler, ýöne olaryň täsiri üýtgewsiz galýar.

Önüm genleriniň sebäpleri düşunjesinden başga düşünjelere geçmek aňsatdyr. Eger-de önüm genleriniň sebäplerini ugry uly birleşmeleri gönükdirilen, uzynlygy intensiwliligiň täsiri bilen birleşdirilen aýratyn strelka (wektor) görnüşinde göz öňüne getirsek, onda oňa doly düşünip bileris. (Surata seret). Bir toparyň önüm genleriniň sebäpleriniň iki ýa-da birnäçesinden emele gelen uly sebäbe faktor diýilýär. Birleşen birnäçe faktorlardan umumy faktorlar emele gelýärler. Umumy didaktiki faktor öz içinde birnäçe önüm genleriniň sebäplerini jemleýär we birnäçe didaktiki faktorlary saklap bilýär. Faktorlaryň jemi kompleks faktorlary emele getirýär. Faktorlaryň iň esasysy (general) faktorydyr. Ol öz içine umumy, kompleks, birlik faktorlary we olaryň önüm genleriniň sebäplerini alýar. Olardan başga spesifiki (ýörite) faktorlar hem bar. Olary başga faktorlaryň toparyna ýa-da önüm genleriniň sebäplerine goşup bolmaýar. Spesifiki (ýörite) diýmek gaýtalanmaýan, aýratyn diýen many berýär.

Önüm genleriniň sebäpleriniň, faktorlaryň ýüze çykarylmagy bir wagtyň özünde birnäçe didaktiki meseleleriň effektiw (netijeli) çözülmegine getirýär.





:


: 2018-11-11; !; : 488 |


:

:

- , - .
==> ...

1438 - | 1367 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.009 .