.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň ýörelgeleri we düzgünleri




Didaktika ilki bilen okatmagyň hadysalary bilen faktorynyň arasyndaky hökmany bar bolan arabaglanyşygy şöhlelendirýän obýektiw kanunlary açmaga ymtylýar. Bu kanunlar mugallymlara didaktiki prosesiň obýektiw ösüşiniň umumy suratlandyrylyşyna düşünmäge mümkinçilik berýärler. Olar tejribe iş üçin ýörite görkezmeler bolman, onuň tehnologiýasyny işläp düzýän, kämilleşdirýän nazary esas hökmünde çykyş edýärler. Okatmagy tejribede amala aşyrmagyň görkezmeleri köp babatda olaryň durmuşa geçiriliş ýörelgelerinde we düzgünlerinde berkidilendir. Olar didaktiki ýörelgeler we düzgünler diýlip atlandyrylýarlar. Olary seljereliň.

Didaktiki ýörelgeler okuw prosesiniň umumy maksatlaryna we kanunalaýyklaryna laýyklykda onuň mazmunynyň, guramaçylyk formalarynyň we usullarynyň esasy düzgünleridir. Okatmagyň ýörelgelerinde, onuň anyk taryhy görnüşinde alnan normatiw esaslar aňladylýar. (M.A. Danilow). Didaktikanyň kategoriýasy (düşünjesi) hökmünde çykyş edip goýlan maksatlara laýyklykda okatmagyň ýörelgeleri kanunlaryň we kanunalaýyklaryň ulanylyş usullaryny häsiýetlendirýärler.

Kesgitlenen şertlerde kesgitlenen maksada ýetmek üçin umumy ýörelgelere esaslanyp ýazylan pedagogik işe düzgün diýilýär. Şol ýa-da başga bir okatmagyň ýörelgesiniň aýratyn taraplaryny açyp beýan edýän görkezmelere köp babatda okatmagyň düzgünleri diýilýär.

Pedagogik nazarýetiň (iýerarhiýasynda) tabynlylyk ýagdaýynyň iň aşaky basgançagyny okatmagyň düzgünleri eýeleýär. Olar nazarýetden tejribä geçirýän zweno hökmünde çykyş edýärler. (Surata seret).

 

 

Okatmagyň düzgünleriniň esasynda didaktiki hadysalaryň ösüşini çaklap bolmaýar. Bu öz gezeginde olaryň tejribä gönükdirilenligini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Düzgünlerde hususanam mugallymyň belli bir ýagdaýlarda belli usul hereketi göz öňünde tutulýar. Düşnükliräk aýtsak okatmagyň düzgünleri belli bir pedagogik ýagdaýda nähili hereket etmek boýunça mugallyma anyk görkezme bolup çykyş edýärler. Käbir pedagoglar we mugallym-tejribeçiler düzgünleri öwrenmegi maksada laýyk hasap etmeýärler. Olaryň pikirine görä okatmagyň düzgünlerini ulanmak mugallymlaryň döredijilik başlangyçlarynyň ösüşine päsgel berýär. Şonuň üçin, okatmagyň nazarýetini öwrenmäge, endikleri özleşdirmäge we olary tejribede döredijilikli ulanmaga esasy üns bermeli.

XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda köne mekdeplerde, mugallymlara okuw işiniň anyk düzgünlerini öwretmäge uly üns berlen. Şol wagtlar mugallymlar üçin ýörite pedagogikanyň düzgünleri, görkezmeleri jemlenen okuw gollanmalary çap edildi. Ýöne okatmakda ýüze çykýan täzelikler inkär edilip, okatmagyň usullarynyň pes depginde ösmegine getirdi.

Dogrudanam düzgünleri ulanmak, olary doly ýerine ýetirmek, mugallymyň döredijilik başlangyçlarynyň ösmegine päsgel berer, ýöne olardan düýbünden boýun towlap okuw işine doly erkinlik hereketini galdyrmak bolmaz. Başga işlerde bolşy ýaly, okuw işinde-de mugallymdan ýörite döredijilik talap edilmeýän käbir ýagdaýlarda ol döredijiligine päsgel berýän, belli bir standart ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu ýerde eýýäm mugallyma düzgünleri berjaý edip hereket etmek wajyp Ý.A. Komenskiniň we A. Disterwegiň okatmak düzgünleriniň tejribe üçin nähili täsiriniň barlygyny ýatlalyň.

Düzgünler mugallyma şol ýa-da başga bir situasiýada özüňi nähili alyp barmalydygy barada kesgitli hereket etmegi düşündirýärler, olary kesgitli talaplary ýerine ýetirmäge gönükdirýärler, ýöne ol işiň nähili ýerine ýetiriljegi dolulygyna mugallymyň özüne baglydyr. Mysal üçin, okuwçy jaň bolandan soň, sapaga gijä galyp gelýär. Düzgünler mugallymdan bu ýagdaýda terbiýeçilik täsirli iş geçirmegi talap edýär. Sebäbi her bir tertibi bozujy hereket bilinmän galmaly däl. Ýöne mugallymyň bu ýagdaýda nähili hereket etjekdigi dolulygyna anyk situasiýa, okuwçynyň şahsyýetine, nämä üçin gijä galanyna, aragatnaşyga we başga sebäplere baglydyr.

Düzgünler okatmagyň ýörelgelerinden gelip çykýarlar. Ýörelgeler okatmagyň düzgünleriniň üsti bilen amala aşyrylýarlar, olar ýörelgeleriň amala aşyrylyşynyň serişdeleridir. Düzgünler diňe bir ýörelgelerden gelip çykman, eýsem köp ýyllaryň dowamynda mugallymlaryň toplan tejribesiniň jemlemesidir. Okatmagyň praktiki tejribesi köp babatda ýazylan we ýazylmadyk düzgünlerde berkidilýärler. Bir tarapdan bu praktiki tejribäniň toplanmagyna, okatmagyň gowy däpleriniň tassyklanmagyna getirse, ikinji tarapdan, ol gerek bolmadyk gowy netije bermeýän üýtgetmegi örän kyn bolan tejribäni toplap otrisatel rol oýnaýar.

Umuman näçe düzgün barka? Bu soraga K.D. Uşinskiniň sözleri bilen jogap bersek dogry bolar. Bu düzgünleriň serhedi ýokdur, olary bir sahypada-da ýerleşdirip bolar. Olardan birnäçe tom düzse-de bolar. Bu ýagdaý bilen esasy iş düzgünleri öwrenmegi däl-de, bu düzgünleriň gelip çykyşynyň ylmy esaslaryny öwrenmegi talap edýär. (K.D. Uşinskiý. Saýlanan pedagogik ýygyndylar. 2 tom.- tom1. M., 1953 s.199)

Düzgünler, umuman, ýatlama - maslahat formasynda bolup, mugallymlara ýörelgeleriň talaplaryny doly ýerine ýetirmek üçin nämä etmelidigini düşündirýärler. Nähili hereket etmeli diýen soraga, olar doly jogap bermeýärler. Bu öz gezeginde düzgünleri döredijilikli ulanmalydygyny häsiýetlendirýär.

Didaktikanyň taryhy, geçirilýän ylmy barlaglar okatmagyň umumy ýörelgelerini saýlamaga, olary ýerine ýetirip, mugallymyň okuwçylary okatmakda ýokary we berk netijeler gazanyp biljek wajyp talaplaryny düzmegi bilen häsiýetlendirilýärler.

Didaktikanyň nazary esaslarynyň emele gelmegi, kanunalaýyklyklar düşünjeleriniň didaktiki manysyny, ýörelgesini, düzgünini ýüze çykarmak garaýyşlaryň söweşleriniň netijesinde geçdi.

Ýakyn wagta çenli didaktikada kanun, kanunalaýyklyk, ýörelge we düzgün düşünjeleri biri-birinden aratapawutlandyrmady. Görkezilen düşünjeler pedagogik edebiýatlarda dürli görnüşde düşündirilýär. Bir görseň olar birleşdirilýärler, başga bir ýagdaýda aratapwutlandyrylýarlar, käbir wagt olar hereketsiz, biri-birinden aýrabaşga görnüşde beýan edilýärler, käbir wagt olara syn etmegiň netijesi hökmünde seredýärler. (P.N. Gruzdew).

Ýöne jedelleriň netijesinde, okatmagyň ýörelgeleriniň terbiýäniň maksatlary tarapyndan kesgitlenilip taryhy häsiýetliligi, olaryň käbiriniň öz täsirini ýitirip pedagogik sahnadan gidýändigi (mysal, tebigata uýgunlylyk, aýrabaşgalyk, özbaşdaklyk) anyklanyldy. Okatmagyň ýörelgeleriniň täze şertlerde öz häsiýetini saklap galanlarynyň mazmuny täzelenýär, jemgyýetiň okatmakdan edýän täze talaplaryny şöhlelendirýän täze ýörelgeler ýüze çykýarlar.

Häzirki zaman didaktikasynda okatmagyň ýörelgeleri taryhy, anyk we jemgyýetiň wajyp talaplaryny şöhlelendirýärler diýen düzgün berkidilen. Sosial progressiň, ylmy ösüşleriň, okatmagyň täze kanunalaýyklyklarynyň ýüze çykmagy, mugallymlaryň iş tejribesiniň toplanmagy netijesinde ýörelgeler üýtgeýärler we kämilleşýärler. Häzirki zaman ýörelgeleri okuw prosesiniň ähli komponentleriniň logikasynyň, maksadynyň, wezipesiniň, mazmunynyň emele gelmeginiň, formalaryny we usullaryny, höweslendirmelerini, meýilnamalaşdyrmagy we netijeleri seljermegiň talaplaryny şertlendirýärler.

Okatmagyň ýörelgeleri didaktiki prosesiň konsepsiýasyny emele getirýärler. özi hem onuň komponenti bolup çykyş edýärler.

Bu ulgama ähli ýörelgeler islendik baglanyşykda girip bilermi? Okatmagyň ýörelgeleriniň içki gapma-garşylyksyz ulgamy nämäniň esasynda gurlup bilner?

Goýlan soraglara jogap bermek bu ulgamyň logiki gurluş esaslaryny ýüze çykarmakdan başlanýar. Ý.A. Komenskiý okatmagyň tebigata uýgunlylyk ýörelgesini logiki esas diýip, okatmagyň galan ýörelgelerini tebigata uýgunlylyk pikiri bilen ylalaşýan hökmünde çykyş edýärler diýip belleýär. A. Disterweg olary başgarak häsiýetlendirýär. Didaktiki ýörelgeleri anyk açyp görkezmek üçin ol olary: 1. Okatmagyň mazmunyna; 2. Okadýanlara; 3. Okaýanlara talaplar hökmünde beýan etdi.

K. D. Uşunskiý oňat okatmak üçin gerek bolan şertleri şeýleräk kesgitledi: wagtyndalylyk; özarabaglylyk; haýallyk, özleşdirmegiň berkligi, aýdyňlyk, okuwçylaryň höwesjeňligi, çendenaşa ýeňilligiň we çenden aşa kynlygyň bolmazlygy, dogrulyk. Didaktiki ýörelgelere: 1. Okatmagyň aňlylygy we aktiwligi; 2. görkezip okatmagy; 3. yzygiderligi; 4. bilimleriň we endikleriň berkligini goşdy.

Häzirki zaman ylmy gözleýjiler didaktikanyň ýörelgeleriniň ulgamyny işläp düzmek üçin köp synanyşyklar etdiler. Olary seljermek umumy kabul edilenler hökmünde şu ýörelgeleri bellemäge mümkinçilik berýär:

1. Aňlylyk we işjeňlik;

2. Görkezip okatmaklyk;

3. Ulgamlylyk we yzygiderlilik;

4. Berklik;

5. Ylmylyk;

6. Elýeterlik;

7. Nazarýetiň tejribe bilen baglylygy

Bu ýörelgeler didaktiki ýörelgeleriň ulgamyny düzýärler.

 





:


: 2018-11-11; !; : 666 |


:

:

, .
==> ...

1567 - | 1400 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.018 .