.


:




:

































 

 

 

 


Didaktiki ulgamlar we okatmagyň modelleri




Didaktiki ulgam sistema (grek sözi sistema bütewi, birleşik, bölümlerden düzülen) diýip belli kriteriýalar boýunça kesgitlenen bütewi bilimlerdir. Didaktiki sistemalar (okatmak ulgamlary) maksatlaryň, guramaçylyk ýörelgeleriniň, mazmunyň, görnüşleriň we okatmak usullarynyň birligi emele gelen içki gurluşynyň bütewiligi bilen häsiýetlenýärler. Gurluşynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, häzirki zaman ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlar biri-birinden aratapawutlanýan didaktiki ulgamlary öz arasynda üç topara böldüler.

1. I. F. Gerbartyň ulgamy (didaktikasy);

2. J. Diýunyň didaktiki ulgamy;

3. Kämilleşen ulgam.

Nemes filosofy we pedagogy I.F. Gerbart (1776-1841). Ý.A. Komenskiniň synp-sapak ulgamyny doly öwrenip, onuň mazmunyny täzeçe aňlap pedagogikanyň ylmy ulgamyny döretdi. Onuň bu ulgamy etikanyň we psihologiýanyň nazary derejelerine daýanýar. Gerbartyň aýtmagyna görä, terbiýäniň iň ýokary maksady güýçli moral häsiýetli ahlak şahsyýeti kemala getirmek.

Öz psihologiýasyndan I.F. Gerbart iki esasy düzgüni öňe sürdi. Olar:

- hiç nähili nesilden geçen psihiki ösüş bolup bilmez;

- psihiki durmuş göz öňüne getirmeler esasynda emele gelýär.

I.F. Gerbartyň psihologiýasy we etikasy metafiziki (idealistik) häsiýetli bolup, onuň hödürlän didaktikasy nemes idealistik filosofiýasyndan gelip çykýar. Onuň aýdyşyna görä mekdebiň esasy wezipesi bu okuwçylaryň intellektual ösüşini gazanmak, terbiýe bolsa maşgalanyň işidir.

I.F. Gerbartyň didaktika goşan esasy täzeligi okatmagyň basgançaklaryny ýüze çykarmagydyr. Onuň shemasy şeýle: anyklyk assosiasiýa ulgam usul. Okatmak işi göz öňüne getirmelerden düşünjelere, düşünjelerden nazary häsiýetli başarnyklara ýoly geçýär. Bu shemada tejribe ýok. Bu formal derejeler okatmagyň mazmunyna garaşly däl, olar ähli dersler boýunça geçilýän sapaklaryň gidişini kesgitleýärler.

I.F. Gerbartyň okuwçylary, onuň işini dowam eden W. Reýn, T. Siller, F. Derpbeld onuň nazary pikirlerini birtaraplaýynlykdan we formalizmden azat etmek üçin köp işler etdiler.

I.F. Gerbartyň nazary pikirleri XIX asyryň ortalarynda giňden ýaýrady we Germaniýa imperiýasynyň dargamagy bilen dargady.

Amerikan filosofy, pedagogy we psihology Jon Diýunyň didaktikasynyň esasy maksady jemgyýetiň we mekdebiň progressiw ösüşine garşy duran I.F. Gerbartyň we onuň tarapdarlarynyň awtoritar pedagogikasyna garşy durmak maksady bilen işlenilip düzüldi.

Adaty mekdepleriň garşysyna şu aşakdaky günäler ýüklendi.

- tertip-düzgün kadalaryna esaslanan ýüzleý terbiýe;

- durmuşdan üzňe, kitap okatmak işi;

- okuwçylara taýýar bilimleri bermek, ýatlamaga gönükdirilen passiw usullar;

- okuwçylaryň isleglerini, talaplaryny, gyzyklanmalaryny hasaba almazlyk;

- bilimiň mazmunynyň jemgyýetiň talabyndan üzňeligi;

- okuwçylaryň ukyplaryny ösdürmäge ünsüň az berilmegi.

J. Diýu özüniň eksperimentlerini 1895-nji ýylda Çikagonyň mekdeplerinde başlady.

Ol geçiren eksperimentlerinde esasy ünsi okuwçylaryň hususy aktiwligini ösdürmäge berdi. Barlaglar okuwçylaryň islegleri, olaryň durmuş talaplarynyň göz öňünde tutulyp gurnalan okuwlaryň netijesiniň werbal okuwdan (söz, kitap) ýatlamakdan ýokarydygyny görkezdi.

J. Diýunyň okatmak nazarýetine goşan esasy goşandy onuň pikirlenme akty konsepsiýasyny öňe sürenligidir.

J. Diýunyň aýtmagyna görä, adam diňe kynçylyga uçrasa pikirlenip başlaýar, şol kynçylyklary ýeňip geçmek, onuň üçin wajyp bolýar. Her bir doly pikirlenme aktynda şu basgançaklar ýüze çykarylýar.

kynçylygy duýmak;

ony tapmak we kesgitlemek;

ony çözmegiň ýoluny öňe sürmek (çaklamany formulirlemek);

geljekki çözgüdiň netijesini formulirlemek (çaklamanyň logiki barlagy);

çaklamany kabul etmegä ýa-da inkär etmäge kömek edýän syn etmeler we eksperimentler.

J.Diýunyň pikirine görä dogry gurnalan okuw problem (meseleleýin) okuwdyr. Mugallym okuwçylaryň gyzyklanmasynyň ösüşine ünsli gözegçilik edip, olara güýçýeter ýaly, düşüner ýaly we çözüp biler ýaly problemalary hödürlemeli. Okuwçylar öz gezeginde bu meseleleri (problemalary) çözmek bilen özleri üçin täze, peýdaly bilimleri ele alýandygyna göz ýetirmeli.

J.Diýunyň öňe süren pikirleriniň kemçilik taraplary-da bar. Ol hem edil Gerbart ýaly özüniň okatmak başgançaklaryny ähli dersler üçin birmeňzeş edýär. Tejribe ähli derslere uniwersal modelleriň bolmaýandygyny subut edýär. Okatmak doly meselelelýin hem doly werbal (söz, kitap ýatlamak) hem bolup bilmez. Bu iki akym didaktikanyň ösmegine özüniň uly goşandyny goşdy.

Okatmak nazarýetiniň täze akymlarynyň içinde belli amerikan psihology we pedagogy Jeron Brunner tarapyndan öňe sürlen açyşlaryň üsti bilen okatmak konsepsiýasy esasy ünsi özüne çekýär. Bu konsepsiýanyň esasy mazmuny: ähli bilesigelijilik güýjüni, önümli pikirlenmäni talap edýän özbaşdak açyşlaryň üsti bilen okuwçylar bilim almaly dünýäni öwrenmeli. Okuwçylar olara şu wagta çenli özlerine mälim bolmadyk jemlemeler etmeli we olaryň netijesinde başarnyklar we endikler emele gelip olaryň tejribede ulanylyşyny gazanmaly. Okuwyň bu görnüşi taýýar maglumatlary kabul etmek, kynçylyklary ýeňip geçmek okuw görnüşlerinden düýbünden tapawutlanýar.

Esasynda pedagogik işiň tejribesiniň ýörelgeleri bolan, häzirki zaman didaktikasyny şu aşakdaky aýratynlyklar häsiýetlendirýär.

1.Onuň metodologik esasy bolup bilim filosofoýasynyň (gnosiologiýanyň) obýektiw kanunalaýyklyklary çykyş edýärler. Okatmagyň häzirki zaman konsepsiýasy okatmak işine düşünmek üçin oňa ulgamly çemeleşmäge esaslanmagy salgy berýär. Onuň esasy manysy bilimleri we başarnyklary ele almak okatmak işiniň bütewi bölegine öwrülmeli.

Soňky ylmy-barlaglar didaktiki ulgamy gurmaga kompleks çemeleşmegi onuň esasy metodologik (usulýet) ýörelgesi diýip hasap etmegi öňe sürdüler. Diňe şu günüň okatmak mehanizmleri baradaky toplanan bilimlere daýanýan ulgama okatmagyň ideal ulgamy diýip bileris.

2. Häzirki zaman didaktiki ulgamynda okatmak okuwçylara taýýar bilimleri bermäge, kynçylyklary ýeňip geçmäge okuwçylaryň özbaşdak açyşlaryna daýanýar, ýöne ony olardan aratapawutlandyrýan taraplary bardyr. Ol aýratynlyk okuwçylaryň işjeňligi, özbaşdaklygy, hususy inisiatiwasy bilen pedagogik ýolbaşçylygyň dogry arabaglanyşygydyr. Häzirki zaman didaktikasynyň esasy maksady wagty, güýji, serişdäni az sarp edip okuwçylaryň bilim derejesini götermek.

3. Bilimiň mazmunyny kesgitlemäge-de garaýyş başgaça boldy. Bu günki okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary, öňki resminamalaryň gowy taraplaryny özünde jemläp dünýä derejesine göterildi. Olarda hökümet, regional, milli, dünýewi komponentler öz ornuny tapdy.

Okatmagyň işiniň (prosesiniň) täze häsiýetleri ýüze çykdy: onuň üznüksiz ösüşi, hereketliligi, dowamlylygy; maksada gönükdirilenligi, maksadalaýyklygy; meseleleýinligi (problemnost); aýdyňlygy; kompleksligi.

Okatmak işiniň önümini şu aşakdaky modelde görüp bolar.

 

 

Okatmagyň maksatlary

Okatmagyň maksatlary terbiýelemegiň maksatlaryndan gelip çykýarlar we olar bilen bir bütewi bölümi hökmünde çykyş edýärler. Türkmenistanda bilim bermegiň esasy maksady özbaşdak, erkin, medeniýetli, arassa ahlakly, maşgalanyň, jemgyýetiň, döwletiň öňünde öz jogapkärçiligini duýýan, başga raýatlaryň hukugyny erkinligini, Konstitusiýany we kanunlary sylaýan, adamlaryň, dürli halklaryň, milletleriň, dini, sosial toparlaryň arasynda düşünişip işläp bilýän şahsyýeti taýýarlamakdyr.

Umumybilim berýän mekdebiň esasy wezipeleri:

halkyň milli-medeni talaplaryny kanagatlandyrmak, beden we ahlak taýdan sagdyn nesli terbiýelemek;

jemgyýetiň we önümçiligiň talabyny kesgitleýän bilimler ulgamyny özleşdirmegi amala aşyrmak;

ylmy dünýägaraýşy, syýasy, ykdysady, hukuk medeniýeti, ynsanperwer gymmatlyklary we ideallary, döredijilikli pikirlenmegi, özbaşdak bilim almagy kemala getirmek;

öz eden işine jogapkärçiligi, raýat pozisiýasyny, adamkärçiligi, demokratik dolandyryşyga gatnaşmak islegini ösdürmek.

Okatmagyň federal komponenti (düzümi) öwrenilýän ähli dersleriň we bilimleriň, başarnyklaryň 30-40 % göterimini eýeleýär. Okatmagyň mekdep komponenti (düzümi) regional, milli önümçilik we şahsy faktorlar tarapyndan şertlerinden okuwçylaryň köpdürli talaplaryny we isleglerini kanagatlandyrmak mümkinçiliklerini ýola goýýar.

Şu günki didaktikany öwrenýän alymlaryň çözýän meseleleriniň biri mekdep biliminiň mazmunyny dogry, doly we döwrebap çözmek; okatmagyň täze usullaryny okuw-terbiýeçilik işine ornaşdyrmak. Bu meseläniň üstünde köp döwletleriň alymlary işleýärler. Mysal üçin Russiýa, Polşa, Bolgariýa, Germaniýa, Rumyniýa, Mongoliýa, Slowakiýa we başga döwletler.

Häzirki zaman daşary ýurt didaktiki konsepsiýalary.

 





:


: 2018-11-11; !; : 758 |


:

:

- , 20 40 . - .
==> ...

960 - | 915 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.017 .