.


:




:

































 

 

 

 


Didaktiki faktor seljermesi




Eger-de siziň şeker şugundyrynyň önüminiň mukdarynyň ýokarlanmagy nämä bilen bagly diýen soragyňyza agronom jogap berip bilmese, lukman teniň temperaturasynyň näme üçin ýokarlanýandygyny düşündirip bilmese, köpri gurujy inžener köprüniň berkliginiň nämä baglylygyny aýdyp bilmese, siz olar ýaly hünärmenlere nämä diýip biljek? Mugallym hem didaktiki önüm genleriniň sebäplerini düşündirip bilmese, onda ony-da ýokardaky hünärmenleriň toparyna goşup bolar. Didaktiki önüm genlerini bilmek pedagogik taýyarlygyň esasy mertebesi hökmünde çykyş edýär.

Bu sebäpleriň ýüze çykmagyny öwrenmek, olardan didaktiki faktorlar düzmek faktor seljermesi adyny göterýär. Häzirki zaman faktor seljermesi ösen matematiki dersdir. Faktor seljerişiň esasy meseleleri: birinjiden, didaktikanyň onuň genleriniň sebäplerini saýlamagyň garşylyksyz ýollaryny işlemek; ikinjiden olardan faktorlar düzmek; üçünjiden faktorlaryň arabaglanyşygyny bellemek, olary obýektiw öwrenmek, olaryň her haýsysynyň soňky önüme goşan goşandyny bilmek. Faktor seljermesiniň netijesinde täze maglumatlar ýüze çykýar we olar çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmaga kömek edýärler. Didaktikada faktor seljermäniň başda durmagynyň esasy sebäbi didaktiki sebäpler özüniň dürlüligine, üýtgeýjiligine we çylşyrymlylygyna garamazdan saýlanyp, hasaba alnyp, ranglara göterilip, obýektiw usullar bilen barlanyp, aýry-aýry faktorlar toparyna bölünip bilinýänligidir.

Öňde goýlan meseleleriň çözülişi dürli-dürli bolup biler. Mysal üçin önüm genleriniň sebäpleri baradaky çaklamany öňe sürüp ony barlamak üçin giň masştably uzak eksperiment geçirmek bolar. Başga ýol bilen-de hereket etse bolar. Çaklamadan ýüz dönderip, gerek bolan mukdarda sebäpleriň täsiri baradaky maglumatlary toplap, olaryň esasynda faktorlary düzmeli. Bu iki ýol hem ylmy işgärler tarapyndan ulanylýar.

Ahli didaktiki sebäpleriň biri-biri bilen arabaglanyşygynyň barlygy belli. Ýöne aragatnaşyklaryň barlygyny bilmek bize geljekki ýüze çykjak hadysalar barada maglumat bermeýärler. Bize bu arabaglanyşyk sebäpleriň arasyndaky onuň häsiýetnamasy, mukdar häsiýeti barada takyk maglumat gerek. Sebäpleriň arasyndaky arabaglanyşygyň mukdar aňladylyşyna korreliýasiýanyň koeffisiýenti diýilýär.

Pedagogikadaky faktor seljermesi matematikanyň degişli bölümine daýanýar. Onda köp dürli sebäplerden faktorlary seçip almak işlenilip düzülendir. Faktor seljermesini esaslandyryjylaryň biri L. Terstoundyr. Onuň aýtmagyna görä faktor seljermesi modelirlemegiň esasy instrumentidir.

Ähli ösen ylymlar faktor seljermesini ulanypdyrlar. Faktor seljermsi diňe mukdar häsiýetli bolman, onuň hil häsiýetide bardyr.

Adaty didaktika hil häsiýetine daýanýar we şu güne çenli ony ulanýar.

Didaktiki prosesiň öndürijiligine ähli sebäpler (faktorlar) täsir edýär diýen fakty delillendirmezden dogry diýeliň. Bu täsir toplumlaýyn häsiýetlidir. Okatmaga täsir edýän esasy sebäpleriň ulgamyny gadymy grek pelsepeçileri belläpdirler. Şondan bäri alymlar bu garaýyşlary azrak kämilleşdirdiler, täze faktorlar goşdular, täze adalgalar bilen baýlaşdyrdylar, ýöne onuň esasy manysyny az üýtgetdiler. Öňden belli sebäpler şu günlerem üýtgewsiz galýarlar. I. Gerbartyň, A. Disterwegiň, K.D. Uşinskiniň, J. Diýunyň önüm genleriniň faktorlary baradaky düşündirişlerine goşmaça maglumat goşmak kyn. Olar dürli şertlerde, dürli täsirleriň astynda geçirilýän okuwyň akymyny we netijesini jikme-jik düşündirýärler. Okatmak bilen baglanyşykly edebiýatlarda kesgitlenen sebäpleriň täsirleri az möçberde beýan edilýär.

Soňky wagtlar köne sebäpleri täzeçe atlandyrylyp başladylar (mysal üçin, adaty pedagogik etika deontologiýa, mekdebi dolandyrmak - menežment), täze tehnologiýalar ýüze çykyp başladylar. (mysal üçin kompýuter, multimedio tehnologiýalary).

Häzirki zaman meseleleriň iň esasysy okatmagy optimizasiýalaşdyrmagyň tejribesi onuň çözgüdi üstünligiň sebäplerini doly bilmegiň üsti bilen amala aşyrylýar. Doly bilmek diýmek, olary diňe hil taýdan kesgitlemän, mukdar taýdan hem kesgitlemekdir. Mekdep tejribesi bu gün meseleleriň anyk, doly goýulmagyny we çözülmegini talap edýär. Şu güne çenli hiç kim okatmakda hereket edýän sebäpleriň sanyny dogry aýdyp bilmez.

Uzak barlaglaryň netijesinde didaktiki prosesiň önümleriniň toplumlaýyn emele gelşini kesgitleýän dört sany esasy (general) faktorlar ýüze çykaryldy:

1. okuw maglumatlary (OM);

2. guramaçylyk-pedagogik täsir (GPT)

3. Okuwçylaryň okaýşy (OO)

4. Wagt

Okatmagyň önümleriniň ýokarda görkezilen faktorlaryň täsirinde ýüze çykyşynyň umumy modelini aşakdaky suratda görüp bilersiňiz.

 

 

Okuw maglumatlary general faktor özünde umumy habar beriş sebäpleriň gelip çykyşyny jemleýär. Okuw informasiýasy (habary) öz gezeginde kognitiw (özünde bilim saklaýan) we dolandyryş habarlaryna bölunýär. Şönuň üçin hem okuw maglumatlary bu özboluşly habardyr (informasiýa). Onuň başga faktorlardan aratapawudy, bu faktor ýörite didaktiki işlenilmegi talap edýär. Maglumatlaryň didaktiki işlenilmeginiň derejesinden (informasiýanyň), maglumatlaryň okuw prosesine ýarawlygy kesgitlenýär. Onuň elýeterligi, güýçýeterligi, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna deňligi çözülýär.

Bu general faktoryň düzüminden iki sany toplumlaýyn (kompleks) faktor ýüze çykýar: obýektiw (arassa) informasiýasy we didaktiki işlenilişi.

Didaktiki işlenenden soň okuwçylara hödürlenýän informasiýalaryň häsiýetnamasyna: usul, gurluş, düşündirişiň elýeterligi (dil, okuwçylaryň bilim derejesine laýyklygy, informasiýanyň derejesi) degişlidirler. Okuw maglumatlary esasy (general) faktory öz düzüminde iki sany toplumlaýyn (kompleks) (obýektiw habar (informasiýa), didaktiki işlenmek); alty sany umumy (mazmun, san, hil, forma, gurluş, düşündirmek usuly) we elliden gowrak umumy häsiýetli sebäpleri jemleýär.

Esasy (general) faktor Guramaçylyk pedagogik täsir öz düzüminde önüm genleriniň sebäpleriniň uly toplumyny jemleýär. Olar mugallymyň işini, okuw işiniň gurluşynyň hil derejesini, okuw we pedagogik zähmetiň şertlerini häsiýetlendirýärler. Olaryň arasyndan iki sany toplumlaýyn (kompleks) faktor saýlanýar: sapakda guramaçylyk pedagogik täsir we mekdepden daşary sapaklaryň okuw maksatlary bilen täsiri.

Okatmagyň umumy faktorlaryna okatmagyň usullary, guramaçylyk formalary, okuw situasiýalary, mugallymyň işjeňligi, okuwçylaryň işjeňligi, işiň netijesine gözegçilik we netijeleriň barlagy, okuw sapagyň görnüşi we gurluşy, ele alnan bilimleriň, başarnyklaryň tejribede ulanylyşy, okuw serişdeleriniň ulanylyşy, okuw prosesiniň abzallaşdyrylyşy, okatmagyň şertleri degişlidirler.

Okuwdan daşda hereket edýän okatmak faktorlary: ata-eneler tarapyndan edilýän kömegiň göwrümi we häsiýeti; okuw işiniň rejesi; ulular tarapyndan gözegçilik; habar beriş serişdeleriň okuw maksatlary üçin ulanylyşy; edebi eserleriň okalyşy; özbaşdak okuw işiniň guralyşy; ýaşaýan ýeriň mekdepden uzaklygy; transport serişdeleriniň ulanylyşy; gurnaklara gatnaşmak; goşmaça okuw; ulular bilen bilim barada söhbetdeşlik we başgalar. Bu faktorda iki sany toplumlaýyn (kompleks) faktordan başga 20 sany umumy we 150 gowrak önüm genler faktorlary jemlenýär.

Üçünji general (esasy) faktor Okuwçylaryň okap bilijiligi bu okuwçylaryň okuwa ukyplary we öňde goýlan maksatlara berlen wagta ýetmeklikdir. Aýrybaşga we toparlaýyn (kollektiw) okadylyş ýollaryny göz öňünde tutmak wajypdyr. Bu faktorda-da iki sany toplumlaýyn (kompleks) faktor ýüze çykýar, olar: sapakda okamak we okuwdan soň okamak işi.

Sapakda okamaklygy şu sebäpler häsiýetlendirýär: okadylýanlaryň umumy taýýarlyk derejesi; kesgitlenen okuw maglumatlaryny ele almak, bilimleri, başarnyklary, endikleri özleşdirmek; ukyplary; okuw-bilesigelijilik işiniň ukyplary; ünsüň umumy häsiýetnamasy; anyk okuw dersini öwrenende okuwçylaryň pikirleniş aýratynlyklary; okuw maglumatlary özleşdirişiniň tizligi; okuwçylaryň saglygy; okuwçylaryň ýaşy; olaryň durmuş meýilleri; tertipliligi; jogapkärçiligi; geljekki hünärine ugrukdyrylmasy we başgalar.

Özüni okatmakda (özüni taýýarlamakda) şu sebäpler häsiýetlenýärler: özüňe gözegçilik, erk we durnuklylyk; maksadagönükdirilenlik; okuw başarjaňlygy; reje we guramaçylyk; işjeňlik; gymmatlyklara gönükdirilenlik; höweslendirmek; itergi (motiw); saglyk ýagdaýy; ukyplary; ýatlamagyň we özleşdirmegiň tizligi; pikirlenmegiň derejesi we aýratynlygy; ýaz we aýrabaşga häsiýetler we başgalar.

 

Sapakda sarp edilen wagta: maglumatlaryň ilkinji kabul ediliş wagty; öwrenilenleri berkitmek; gözegçiligiň, gaýtalamagyň we berkitmegiň periodlary; okatmakdan soňky geçen wagt; gaýtalamaga berlen wagt; gönükmeleri ýerine ýetirmäge berlen wagt; jogap bermäge we taýyarlamaga sarp edilen wagt we başgalar degişli.

Özbaşdak okamaga sarp edilen wagt; öý işini ýerine ýetirmek üçin sarp edilen wagt; goşmaça edebiýatlary okamaga sarp edilen wagt; goşmaça sapaklara we fakultatiwlere gatnaşmak üçin sarp edilen wagt: gurnaklaryň işine gatnaşmak; gyzyklanma sapaklaryna sarp edilen wagt degişlidir.

Bu general (esasy) faktoryň düzüminde 20-den gowrak umumy faktorlar jemlenen.

Faktor seljermesiniň netijesinde sapakda okatmagyň geçişine we netijesine 150-den gowrak umumy faktorlar, 400-450 önüm genleriniň täsiriniň barlygy anyklanyldy.

Didaktiki prosesiň öndürijiligi dört esasy (general) faktorlaryň täsiri astynda kesgitlenýär. Olaryň her haýsysynyň täsiri nähili? Uzak dowam eden toplumlaýyn usullar ulanylan eksperimentiň netijesinde faktorlaryň dürli agramda täsir edýändigi, olaryň soňky netije täsiriniň deň däldigi kesgitlenildi. Surata üns beriň.

 

 

Normal okadylyş şertlerinde faktorlaryň ählisinden täsirlisi guramaçylyk-pedagogik täsir 31%, ondan soň okuwçylaryň okaýşy 28%; okuw maglumatlary 25% we wagt 16%. Okatmak umumy normadan gyşarsa, onda faktorlaryň täsiri-de üýtgeýär.





:


: 2018-11-11; !; : 638 |


:

:

, , .
==> ...

1914 - | 1554 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.014 .