.


:




:

































 

 

 

 


Okatmagyň kanunalaýyklyklary




Pedagogik nukdaý nazaryndan kanunalaýyklyk belli bir kesgitlenen şertlerde gaýtalanýan, berk, umumy, hökmany, bar bolan we obýektiw arabaglanyşyklary şöhlelendirýär.

Didaktiki kanunalaýyklyklary we kanunlary öwrenmek boýunça uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy agtaryşlaryň netijesini seljereliň. Bu öz gezeginde bize pedagog-gözleýjileriň geçiren uly ylmy-barlag işine goýan sarpamyz bolar, başga tarapdan häzirki zaman nazarýetiniň esasyny düzýän taryhy ylmy fundamentde ýüzlenmegimiz bolar.

Ilkidurmuş jemgyýetinde adamzat ýuwaş-ýuwaşdan ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyň tejribe bilimlerini toplap başlady. Megerem, şol wagt eýýam ýaşlary durmuşa taýýarlamagyň meselelerini çözmäge mümkinçilik berýän okatmagyň tejribe düzgünleri işlenip düzülip nesilden nesle geçirilendir. Ol düzgünleriň biri-de öz köküni gadymdan alýan durmuş tejribesiniň üsti bilen, ýaşulularyň tejribesini ulanyp, olara daýanyp okatmakdyr.

Gadymy döwletlerde geçen nesliň umumylaşdyrylan däp-dessurlaryna, adalatlaryna daýanýan, olaryň netijesinde esaslandyrylan tejribäniň mazmuny bilen okatmagyň meseleleri üstünlikli çözülipdir. Antik alymlary Platon, Aristotel we esasanam Kwintilian okatmagyň tejribesini görkezmeler düzgünler toplumy hökmünde jemlemäge ilkinji synanyşyklary etdiler. Bu düzgünleri olar özleriniň durmuş aklyny jemleýän umumy filosofiki düzgünlerinde beýan etdiler. Antik döwrüň pelsepeçileri ýörite okatmak meseleleri bilen meşgullanmandyr. Olaryň köp babatda dogry filosofiki garaýyşlary didaktiki nazarýeti ýüze çykmagyna getirmedi. Mysal üçin olaryň filosofiki garaýyşlary logikanyň emele gelmegine getirdi.

Platon bilen Aristotel kanuny tapmak üçin duýgular dünýäsinden çykyp, kanunlar bar bolan hadysalaryň hereket edýän tertipleri bilen tanyşmaga geçmelidigine düşündiler.

Ýöne olar okatmagy ylym däl-de başga ylymlary öwredýän sungat hökmünde, adamlaryň bilim berýän tejribe işini bolsa hünär hökmünde düşünýärler. Sungat bolsa kanunlara boýun bolmaýar. Diňe her bir okuwçynyň okatmakda ýerine ýetirmeli düzgünlerini bilmegi barada gürrüň etmeli bolýar. Antik döwürde emele gelen okatmak düzgünleri häzirki zaman mekdeplerinde hereket edýärler. Mysal üçin, Platonyň düzgüni Kim-de kim bedenterbiýe maşklaryny akyl terbiýesi bilen gezekleşdirse we ony öz ruhuna ýetirse, şol adama biz kämilleşen diýip bileris. Sokratyň pikiri häzirki okadylyş ruhuna gabat gelýär. Ol: Mugallymyň wezipesi okuwçynyň kellesinde pikiriň dogulmagyna kömek etmekdir diýip belleýär. Sokrat özüni pikiriň akuşeri diýip atlandyrypdyr. M.F. Kwintilian özüniň Oratory nähili taýýarlamaly diýen işinde her kim bilim berip bilmez, diňe hökmany gerek bolan okatmagyň tärleri bilen, çaganyň psihiki durmuşy bilen tanyş adam okadyp biler diýip belleýär.

Antiki filosoflaryň öňe süren düzgünlerini ylmy kanunalaýyklyklar we kanunlar diýip hasap etmäge synanyşyklar boldy. Bu synanyşyk nädogry diýlip hasap edilýär. Sebäbi ol döwürdäki öňe sürülen düzgünlerde kanunlaryň we kanunalaýyklyklaryň häsiýeti ýok. Olar okatmak hadysalarynyň arasyndaky käbir wajyp arabaglanyşyklaryny görkezýän tejribe jemlemelerdir.

Orta asyrlar pedagogik pikiriň ösüşiniň kyn döwrüni suratlandyrýarlar. Katehezis, monah, ustaw, sholastika, musulman mekdepleri we medreseleri şu sözler bilen pedagogikanyň taryhynyň sahypalary baglanyşyklydyr. Bu döwürde-de okatmagyň düzgünleri hereket edýärler. Ýöne olar antiki döwrüň düzgünleri ýaly adamlaryň tebigy durmuşyndan we işinden gelip çykman, olar dini-mistiki göz öňüne getirmelere, biri-biri bilen söweşýän dini garaýyşlardan gelip çykýarlar.

XVIII asyrda pedagogikany biologiýanyň kanunlaryna boýun bolýan tebigaty öwrenýän ugurdyr diýip düşündirdiler. Ol döwürde pedagogikany doly gaýtadan guran Ý.A. Komenskiý we D.Lokk boldy. Olaryň täsiri astynda pedagogikanyň kanunlary (olar bir wagtyň özünde ýörelge we düzgün hökmünde-de çykyş etdiler) üç aspektde kesgitlenildi: jemgyýetçilik taryhy, tebigy-taryhy we psihologik aspektlerde. Olardan soň Pestolossi, Russo, Disterweg, Uşinskiý, Tolstoý we başga pedagog-ylmy öwrenijiler eýýam umumy ýörelgeler bilen çäklenmän, anyk kanunalaýyklyklary düzmäge, gurmaga synanyşýarlar. Olaryň synanyşygy pedagogikany anyk düzgünler toplumyna öwürmäge getirdi.

Kanunlaryň häzirki zaman düşündiriliş kategoriýalaryna esaslanyp, orta asyrlar pedagogik garaýyşlarynda-da didaktiki hadysalaryň arasyndaky arabaglanyşyklary ýüze çykarmagyň berk synanyşyklaryny tapyp bilmeýäs. Olaryň tejribäni jemlemelerini okatmagyň düzgünleri diýip hasap etse bolar. Pedagogikanyň düzgünler ulgamyna, tejribe ýolbaşçylygy hökmünde öňe sürlendigine beýik pedagoglaryň özü-de düşünýärdi.

Ý.A. Komenskiý ilkinji bolup pedagogikany tematiki häsiýetleri boýunça toplanan düzgünler ulgamy hökmünde özüniň Beýik didaktika diýen kitabynyň XVII babynda Okatmagyň we okamagyň ýeňilliginiň esasy düzgünleri XX babynda Okamagyň we okatmagyň tebigylygynyň esasy düzgünleri beýan etdi. A. Disterweg düzgünleriň sanyny 33-e ýetirip, olary degişli obýektleri boýunça toparlara böldi. Birinji topar mugallyma degişli düzgünler: ikinji topar okadylýan derse degişli düzgünler: üçünji topar okuwça degişli bolan düzgünler. Şol bir wagtyň özünde A. Disterweg käbir düzgünleri kanun diýip atlandyrýar.

Ý. A. Komenskiniň we A. Disterwegiň didaktikany gysga temalaryň daşynda jemlenen düzgünler kategoriýalary: sapaga nähili taýyarlanmaly; okuwçylara soraglary nähili goýmaly; gönükmeleri nähili geçirmeli; maglumatlary nähili ýatlamaly; ýumuşlary nähili tabşyrmaly görnüşinde beýan etmäge synanyşan pikirdeşleri boldy.

XVIII asyryň pedagoglarynyň arasynda pedagogik kanunlary açandygy barada birnäçesi habar berdi. Olaryň ilkinjisi I.G. Pestalossidi. Ol çaganyň akyl ösüşiniň kanunyny düzdi. Onuň manysy elementar düşünjelerden aýdyň göz öňüne getirmelere we olardan aýdyň düşünjelere. Pestolossiniň aýtmagyna görä öwrenmek prosesinde ägirt uly kanun ýüze çykýar, ol kanun: Her bir predmet onuň biziň duýgymyza fiziki ýakynlyk ýa-da uzaklyk derejesi bilen täsir edýär. Bu kanuna esaslanyp, Pestolossi dogry maglumatlary öwrenmek adamyň öz-özüniň bilişinden gelip çykýar diýen ýörelgesini öňe sürdi.

Pestolossiniň öňe süren pedagogik kanunlary, pikirleri, ýörelgeleri özüniň täsirliligine, peýdalylygyna garamazdan kanunalaýyklaryň arabaglanyşyklaryny özünde jemlemeýärler. Ýöne olar örän wajyp tejribe jemlemeleri hökmünde öz bahasyny ýitirmän gelýärler.

Pedagogikanyň taryhynda iň belli ylmy ýalňyşlyklaryň biri fransuz alymy Sellerýeniň pedagogik kanunlary açyşydyr. Özüniň Ylmy pedagogikanyň oçerkleri. Pedagogikanyň fakty we kanunany diýen kitabynda (bu Fransiýanyň moral we syýasat ylymlar Akademiýasynyň altyn medalyna mynasyp bolan) ol iki sany esasy kanuny düzüpdir.

1. Her bir hereket okuwçynyň tebigaty bilen bagly.

2. Ähli okadylýan dersler umumy gurşaw bilen arabaglanyşykly bolup, şol bir wagtyň özünde ýörite gurşaw bilen hem baglanyşykly bolmaly.

Bu ýerde Sellerýe ýaýbaňlanan ýalňyşlyklary gaýtalaýar.Ol kanun we ýörelge, kanun we tejribe düzgünini diýen düşünjeleri aratapawutlandyryp bilmeýär. Şonuň üçin onuň düzen kanunlary umumy düzgünler we dürli düşünjeler hökmünde ýüze çykýarlar. Sellerýe tarapyndan öňe sürlen birinji kanun tebigatyň okuwça täsiriniň arabaglanyşygyny azda-kände belli edýär. Ikinji öňe sürülen kanunda hiç nähili kanunalaýyk arabaglanyşyk beýan edilmeýär.

Dünýä we rus pedagogikasynyň taryhynda K.D. Uşinskiniň pedagogik döredijiliginiň orny uludyr. K.D. Uşinskiniň işleri bilen tanşyp, biz onuň kanunalaýyklyk, kanun diýen sözleri asla ulanman, olara derek özüniň köp sanly jemlemelerini we netijelerini düzgünler we hödürnamalar hökmünde beýan edendigine göz ýetirýäs. Olaryň biri: Adamyň aňy näçe köp bilimleri kabul etse we aňynda özleşdirse, ol şonça-da öser we güýçlener. Ine okatmagyň umumy kanunlarynyň biri K.D. Uşinskiniň işlerinde didaktikanyň esasy umumy kanunalaýyklary öz beýanyny tapypdyr diýip arkaýyn aýdyp bolar.

XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda eksperimental pedagogika pedagogik prosesiň kanunalaýyklaryny açmak üçin esasy ünsi eksperimente, ölçege we statistika berdi. Olar tebigy ylymlaryň usullaryny ulanmak gowy netije berer diýip pikir ýöretdiler.

Eksperimentalistleriň usulýet garaýyşlaryny, pikirlerini adalatly tankytlap, olaryň öňe süren usullarynyň kömegi bilen şol wagt psiholog - didaktiki wajyp, anyk kanunalaýyklarynyň açylandygyny bellemelidiris.

1885-nji ýylda Ebbingauz wagtyň geçmegi bilen okuwçynyň özleşdiren maglumatlarynyň ýatdan çykyp başlaýandygyny, onuň logarifmiň wagty ýaly ösýändigini belläp ýatdan çykarmanyň grafigini düzdi. Şol wagtdan bäri didaktikada we psihologiýada okatmak boýunça geçirilýän eksperimentleriň netijeleri grafik görnüşinde şekillendirilýär.

J.Diýunyň, E.Trondaýkyň, E. Meýmanyň, Kilpatrigiň hem didaktikanyň kanunlaryny düzmäge synanyşyk edendikleri barada-da maglmatlar bar. E. Meýman üç kanun düzüpdir.

Birinji kanun: indiwidumyň ösüşi irki başdan örän köp ýagdaýlarda tebigy berlen zadatkalar tarapyndan kesgitlenilýär. Ikinji kanun: Çaganyň durmuşynda wajyp bolan elementar talaplaryny ödeýän funksiýalar ilkinji hatarda ösýärler. Üçünji kanun: çaganyň ruhy we bedeni deň ösmeýär. Olardan başga E. Meýman çaganyň ösüş faktorlary barada ýene iki kanun düzdi: görnüş üýtgeýjilik we gaýtalanma kanunlary. E. Meýmanyň özi bu kanunlary kontekste gelşine görä ýörelge we düzgün diýip atlandyrýar.

Amerikan pedagoglary J.Diýunyň we E. Trondaýkyň düzen kanunlary amerikan we olary kabul eden başga döwletleriň mekdeplerinde okuw prosesiniň ösüşine uly täsir etdiler. Olaryň açan kanunlarynyň dünýä didaktikasynyň ösüşine uly täsir edendigine garamazdan sowet döwründe bu kanunlar biziň mekdeplerimizde ulanylmady, olar barada hiç zat aýdylmady, olar inkär edildi. Geliň ol kanunlary seljereliň.

E. Trondaýk Umumy assosiasiýa (birleşik, arabaglanyşyk) kanuny, oňa goşmaça analogiýa ýa-da assimilýasiýa (meňzeşlik) kanunlaryny kesgitledi. Bu kanunlaryň mazmuny: çaganyň häzirki wagtky pikirleri, duýgulary we özüni alyp barşy, onuň öň nähili pikirlenenini, duýany, hereketi bilen, onuň akyl ösüşiniň gurluşynyň we ugrynyň häzirki ýagdaýy bilen baglydyr. Mundan başga-da E.Trondaýk effekt (netije) gazanmak, taýyarlyk, gaýtalamak ýaly kanunlary kesgitledi.

E.Trondaýkyň kanunlarynda amerikanyň intellegensiýasynyň köp topary terbiýelendi. Bu kanunlar şu gün hem amerikanyň we başga köp döwletleriň okuw-terbiýeçilik prosesiniň gurluşynyň tehnologiýasyny kesgitleýärler. XX asyryň 40-50-nji ýyllarynda professor Lado Trondaýkyň kanunlaryny mekdep mugallymlary düşüner ýaly sadalaşdyrdy. Bu öz gezeginde olaryň gönükdirijilik roluny berkitdi. Amerikanyň mekdepleriniň mugallymlary baş esasy kanunyň talaplaryny berk özleşdirdiler.

1. Arabaglanyşyk kanuny: eger-de iki psihiki akt arabaglanyşykda össeler, olaryň biriniň gaýtalanmagy beýlekisiniň ýüze çykmagyna ýa-da berkidilmegine getirýär.

2. Türgenleşik kanuny: türgenleşmegiň intensiwligi näçe ýokary bolsa, maglumat şonça-da gowy özleşdirilýär we köp wagtlap ýatda galýar.

3. Intensiwlik (güýç) kanuny: jogap näçe intensiw türgenleşdirilse ol gowy özleşdiriler we köp wagtlap ýatda galar.

4. Assimilýasiýa (birleşik, arabaglanyşyk) kanuny: her bir täze stimul öň şu stimul bilen bagly bolan reaksiýa ýüze çykaryp bilmäge ukyby bardyr.

5. Netijelilik kanuny: gowy ýakymly netijeler bilen amala aşyrylýan reaksiýa berkidilýär; eger-de ol göwne ýakymsyz netije berse, ondan gaça durmaly ýa-da ýatyrmaly.

Kanunlary we kanunalaýyklyklary kesgitlemek işine synanyşyk eden belli pedagogikanyň nazarýetçileri bar. Mysal üçin,belli pedagog S.T.Şaskiý. Ol şeýle kanunalaýyklyk girizdi: okuwçylar iş prosesinde öz güýçlerini sarp edýärler, olar öz güýjüni näçe köp sarp etse, şonça-da köp güýç gazanýarlar - okuwyň mazmuny-da şonda. Ol okuwçylaryň intellektiniň (aklynyň) we duýgusynyň okatmak prosesinde birlik ylmy kanunalaýyklygyny açmaga ýakynlaşypdyr. Okuwçynyň akly we duýgusy biri-birine ýakyn bolmaly. Intellektual we emosional sferalar biri-birine kömekleşmeli.

XX asyryň 40-50-nji ýyllarynda A. Tarston we K. Hall okatmagyň kanunalaýyklyklaryny matematiki öwrenmäge synanyşyk etdiler. Olar parametrine psihologik didaktiki many berlen okatmagyň funksiýalaryny nazarýete goşdular.

Okatmagyň formal nazarýetiniň esasy tarapdary K. Halldy. Ol özüniň Özüni alyp barmagyň ýörelgeleri (prinsipleri) diýen işinde eksperimentiň netijesinde alnan faktorlaryň üsti bilen birnäçe düzgünleri öňe sürdi. Olaryň köp bölegi özüniň berk matematiki formadadygyna garamazdan tejribäniň sada jemlemeleri bolup çykyş edýärler. K. Hallyň nazarýeti özüniň bihewioristiki mazmuny üçin birnäçe gezek psiholog-didaktiki işlerde tankytlanyldy.

Biziň öwrenen didaktikamyzda XX asyryň 70-nji ýyllaryna çenli kanun diýen düşünjäni ulanmakdan gaça durdular, kanunalaýyklyk bolsa kanunyň hususy ýüze çykyşy hökmünde okatmagyň esasy meseleleri öwrenilende ulanyldy.

Soňky ýyllarda kanunalaýyklyklar boýunça alnyp barlan barlaglar öňki barlaglardan azda-kem aratapawutlanýarlar. Köp pedagoglar didaktiki kanunlar we kanunalaýyklyklar häli doly öwrenilmedi we durmuşa ornaşdyrylmady diýen netije gelip pedagogikany ylym hökmünde hasap etmeýärler.

Köp sanly we köp meýilli okatmagyň kanunalaýyklyklarynyň klassifikasiýasynyň logiki esaslaryny ýüze çykarmak üçin model döretmeli. Onda okatmak düzümleri bütewi prosesiň dürli taraplary (häsiýetleri, aspektleri) bolan ulgam hökmünde hasap edilýär. Surata seret.

 

 

1. Didaktiki komponent (düzüm) maksat, mazmun, görnüş, usul, serişde, tär, forma ýaly, didaktiki prosesiň häsiýetlerini jemleýär.

2. Gnosiologik komponent (bilesigelijilik düzümi) mugallymyň ýolbaşçylygynda okuwçylara, durmuşyň obýektiw ýagdaýyny, tebigatyň, jemgyýetiň faktlaryny we kanunlaryny, okuwçylaryň özlerini öwrenmek aspektlerini kesgitleýär.

3. Psihologik komponent okatmak prosesinde okuwçylaryň içki, psihiki işini kesgitleýär.

4. Kibernetiki komponent okuw prosesinde bar bolan habarlar akymynyň maglumatlary özleşdirmegi, dolandyrmagyň ähli arabaglanyşyklaryny şöhlelendirýär.

5. Sosiologiki komponent okuw prosesine gatnaşýanlaryň aragatnaşygyny öz içine alýar. Bu komponente (düzümde) diňe bir okuwçylar bilen mugalllymyň anyk aragatnaşyklary şöhlelendirilmän, eýsem umumy sosial arabaglanyşyklar okatmagyň sosial ähmiýeti, gönükdirilenligi-de şöhlelendirilýär.

6. Guramaçylyk komponenti okuw prosesini intellektual zähmet hökmünde şöhlelendirýär. Oňa: mugallymyň we okuw işiniň guralyşy, olaryň maddy tehniki abzallaşdyrylyşy, höweslendirilişi, öndürijiligi, peýdalylygy degişlidir.

Okuw prosesinde hereket edýän ähli kanunalaýyklyklar öz gezeginde umumy we hususy (anyk) toparlara bölünýärler. Özüniň hereketi bilen ähli ulgamy öz içine alýan kanunalaýyklyklara umumy kanunalaýyklyklar diýilýär. Öz hereketi bilen ulgamyň belli bir aspektine, komponentine täsir edýän kanunalaýyklyklara anyk ýa-da hususy kanunalaýyklyk diýilýär. Konkret (anyk) kanunalaýyklaryň arasyndan: hususy didaktiki; gnosiologiki, psihologiki, kibernetiki, sosiologiki, guramaçylyk kanunalaýyklyklary saýlanýarlar.

Okatmak prosesiniň umumy kanunalaýyklyklarynyň häsiýetleri:

- özüniň täsiri bilen okatmagyň önümini ýokarlandyrýan general (esasy) we toplumlaýyn faktorlary ýüze çykarmak;

- olaryň arasyndaky umumy arabaglanyşyklary ýüze çykarmak;

- kesgitlemeleriň takyklygyny we gysgalygyny gazanmak;

Bu talaplara okatmak prosesiniň şu aşakdaky umumy kanunalaýyklyklar laýyk gelýärler:

1. Okatmagyň maksadynyň kanunalaýyklary:

Okatmagyň maksady: a) jemgyýetiň ösüşiniň derejesi we tempi bilen baglylyk; b) jemgyýetiň talaplary we mümkinçilikleri bilen baglylygy; ç) pedagogik ylmynyň we tejribesiniň ösüşi we mümkinçilikleri bilen baglylygy.

2. Bilimiň mazmunynyň kanunalaýyklyklary:

Bilimiň mazmuny (okatmagyň): jemgyýetiň talaby we okatmagyň maksatlary bilen baglydyr; b) sosial we ylmy-tehniki progresiň ösüşi bilen baglydyr; ç) okuwçylaryň ýaş mümkinçilikleri bilen baglydyr; d) okatmagyň nazarýetiniň we tejribesiniň ösüş derejesi bilen baglydyr; ý) okuw jaýlarynyň maddy-tehniki we ykdysady mümkinçilikleri bilen baglydyr.





:


: 2018-11-11; !; : 854 |


:

:

.
==> ...

1764 - | 1616 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.039 .