.


:




:

































 

 

 

 


Okatmak işi we onuň esasy düşünjeleri




Okuw işi mugallym tarapyndan guralýan, dolandyrylýan we gönükdirilýän iş bolup onuň özeninde okuwçy şahsyýetiniň kemala gelmegi, onuň işjeň bilim almak işi bolan çylşyrymly bütewilik ýatyr.

. Okuw işiniň gidişinde durmuş tarapyndan goýlan toplumlaýyn meseleler çözülýär. Bu meseleleriň çözülişiniň netijesinde okuwçylaryň öň toplan tejribelerinde täze üýtgeşmeler emele gelýär, bilesigelijilik güýçleri ösýär, akyl işiniň täze endikleri emele gelýär, şahsyýetiň kämilleşmegi we ösüşi bütewi amala aşyrylýar.

Okatmak işi taryhy hadysadyr. Özüniň ösüşinde ol birnäçe döwürleri geçdi. Bu döwürleriň her haýsynda mugallym bilen okuwçynyň aragatnaşygy özboluşly häsiýetde amala aşyryldy. Okuwçy bilen mugallymyň arasyndaky işi dogry paýlamak, olaryň işiniň häsiýeti baradaky sorag didaktikanyň esasy soragy bolup durýar.

Bu meseläniň çözülmegine gymmatly pikirleri K.D. Uşinskiý goşdy. Okatmagyň tejribesini we pedagogik ylmyň ösüşini taryhy nukdaý nazaryndan öwrenip, ol bu hadysanyň esasy ugurlarynyň nazarýetde we tejribede taryhy ösüşine dogry häsiýetnama berdi.

Öz taryhy ösüşinde okatmak işi ilkinji ädimleri köne sholastika mekdeplerinde başlandy. (sholastika XI-XII asyrlarda ýüze çykan dini filosofiýadyr, ol özünde dini we rasional usuly jemleýärdi). Bu mekdeplerde okuw işiniň esasy ýüki okuwçylaryň üstüne ýüklenip, mugallymyň eline taýak berildi. Mugallym bu taýak bilen okuwçylary okatdy. (K.D. Uşinskiý). Mugallym okuwçylara ýerine ýetirmeli işleri kitap boýunça tabşyryp, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, tabşyrylan ýumuşlary barlanda ýerine ýetirenleri öwüp, ýerine ýetirmediklere temmi beripdir. Okuwçylaryň işi okamak, ýatlamak we aýdyp bermekden ybarat bolupdyr.

Köne sholastik mekdepleriniň ýerine täze mekdepler gelip başlaýarlar. Ol mekdeplerde okuw işiniň gurluşy eýýam üýtgeşikdi. Bu mekdeplerde okuw işiniň esasy ýüki mugallymyň üstüne ýüklendi. Mugallym okuwçylary ähli güyjüni aýaman ösdürmelidi. Mugallym okuwçylarda okuwa höwes döretmelidi, okamaga çekmelidi, okalýan we düşündirilýän maglumatlaryň doly özleşdirilmegini gazanmalydy. Okuwçylaryň işi diňe mugallymyň aýdanyny, okap berenini kabul etmekdi. Olar okuw işinde hiç hili işeňňirlik görkezmän mugallym tarapyndan berilýän maglumatlary özleşdirýärdiler.

K. D. Uşinskiý okuw işiniň bu iki ýolunyň birtaraplaýynlygyny tankytlady. Bu bir taraplaýynlygyň netijesinde mekdep okamagy öwretmeýärdi. K.D. Uşinskiý okuw işini guramagyň talabyny öňe sürdi. Ol talap okuwçylar mümkin boldugyndan özbaşdak zähmet çekmeli, mugallym bolsa olara gerek bolan maglumatlary berip, okuwçylaryň özbaşdak işine ýolbaşçylyk etmeli. Mugallym okuwçylaryň kellesini maglumatlardan doldurýan bolman, olaryň özbaşdak, döredijilikli işiniň ýolbaşçysy, guramaçysy hökmünde çykyş etmeli.

Okuwçy bir işi diňe edip, ýerine ýetirip öwrenip biler. Okuwçylaryň özbaşdak işi mugallymyň bu işe ýolbaşçylyk edişi dogry we şu günlerem öz güýjüni ýitirmän gelýän mugallym bilen okuwynyň işiniň paýlanmasyndan edilýän talapdyr.

Okuw işiniň içki we daşky taraplary bardyr. Mugallymyň sapagyň maglumatlaryny beýan edişi, onuň okuwçylar bilen sapagyň dowamynda söhbetdeşligi, ýumuşlary tabşyryşy, özbaşdak işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edişi, okuwçylaryň mugallymyň aýdanlaryny diňleýşi, onuň beren soraglaryna jogap berşi, onuň ýumuşlaryny ýerine ýetirişi, bu okuw işiniň daşky taraplarydyr. Okuw işiniň daşky taraplaryny synlap bolýar. Okuwçylaryň bilimleri, başarnyklary, endikleri ele alşy we olaryň netijesinde şahsyýetiň kämilleşmegi we ösüşi okuw işiniň içki tarapydyr. Okuw işiniň içki tarapy göze görünmeýän, synlap bolmaýan tarapydyr. Elbetde okuw işiniň içki tarapy esasy diýlip hasaplanýar. Ýöne bu diýdigi onuň daşky tarapyny inkär etmegi aňlatmaýar. Okuwçy bilimleri, başarnyklary we endikleri diňe mugallym tarapyndan gurnalan we ugrukdyrylýan işiň hasabyna ele alýandygyny unutmaly däl.

Okuw işiniň içki we daşky taraplary biri-biri bilen berk arabaglanyşyklydyr. Bu iki tarapyň ýokarda görkezilen aratapawudy mugallym üçin uly tejribe ähmiýetli bolup, ondan bilimleri, başarnyklary we endikleri ele almagyň kanunalaýyklaryny öwrenmegini talap edýär. Bu kanunalaýyklary bilmezlik okuw işini gurmakda we geçirmekde ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär.

Okuwçy bolandan soň çaganyň täze hukuklary we borçlary ýüze çykýar. Şol günden başlap, onuň üçin okuw işi ähli ýerine ýetirilýän işler bilen bir hatarda esasy orun tutýar. Okuw işiniň çaganyň durmuşynda esasy orun tutmagy birinjiden, mundan beýläk ol daş-töwerekdäkiler bilen aragatnaşygy diňe okuw işiniň üsti bilen amala aşyrmagy, ikinjiden onuň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi we onuň psihiki ösüşiniň güýçlenmegi bilen düşündirilýär.

Okuw işi başga işiň görnüşlerinden aratapawutlanýar. Okuw işi hökmany we jogapkärçilikli iş bolup ol okuwçylardan guramaçylygy talap edýär. Okuw işi maksadagönükdirilendir. Bu iş daşdan gözegçilik edilýän, dogrulanýan, ölçenýän mugallym tarapyndan guralýan, ýolbaşçylyk edilýän işdir.

Okuw işinde okuwçy adamlar tarapyndan öwrenilen, tapylan açylan we toplanan we ylym hökmünde jemlenen bilimleri ele alýar. Elbetde oýun we zähmet işlerinde çagalar bilimleri ele alýarlar, ýöne bu işler ýerine ýetirilende bilimleri ele almak esasy maksat hökmünde ýüze çykmaýar.

Okuwçynyň okuw işi hemişe belli bir netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Bu netijelere ýetmek okuwçylardan pikir etmägi, käbir kynçylyklary ýeňip geçmegi talap edýär. Okuw işi özünde köp mümkinçilikleri jemleýär. Olar okuwçylarda şahsyýetiň şu aşakdaky häsiýetlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär: - akyl işjeňlik, özbaşdaklyk, maksadaokgynlyk, jogapkärçilik; - guramaçylyk, tertiplilik, öz diýenlilik.

Okuw işi bu diňe okuwçylara bilimleri başarnyklary we endikleri bermek bilen çaklanýan iş däl-de olary terbiýeleýän we ösdürýän işdir.

Okuw işi çylşyrymly ulgam birleşigidir. D.B. Elkonin öz ylmy barlaglarynyň netijesinde bu çylşyrymly ulgamyň merkezi düzümi okuw meselesidir diýen netijä geldi. Biz okuw meselesini bilen tejribe meselesinden aratapawutlandyryp bilmelidiris. Okuw meselesi täze maglumatlary almakdyr. Tejribe meselesi okuwçynyň özleşdiren maglumatlary esasynda öz gözleýän jogabyny tapmak, ýumuşy ýerine ýetirmekdir. Mysal üçin okuwça iki sany kiçi, üç sany uly baýdagyň suratyny çekmek tabşyryldy. Baýdaklaryň suratyny çekmek bu tejribe ýumuşy; okuw ýumşy bäşlik sanyň ikilik we üçlük sanlardan ybaratdygyny öwretmekdir. Ýa-da okuwçy türkmen dili sapagynda gönükmäni ýerine ýetirýär. Berlen ýumuş gönükmäni göçüriň we çekimli harplaryň aşagyny çyzyň. Gönükmäni göçürmek bu tejribe meselesi, çekimlileri tapyp, olaryň aşagyny çyzmak bu okuw meselesidir.

Okuw işiniň esasy elementi hökmünde okuw hereketleri çykyş edýärler. Gysga manyda okuw hereketleri okuw operasiýasyny (belli bir işi ýerine ýetirmegi) aňladýar. Olaryň üsti bilen okuwçylar belli bir meseläni çözýärler.

Okuw hereketleri öz içine ýerine ýetirilýän işiň dogrylygyna gözegçilik etmek hereketlerini goşýarlar.

Okuw hereketleri ýerine ýetirilen ýumuşlaryň özleşdirilenligini bahalandyrmak hereketlerini-de öz içinde jemleýärler.

Didaktikanyň esasy kategoriýalary (düşünjeler): okatmak; okamak; bilim bermek; bilim, başarnyk; endik; maksat, mazmun; guramaçylyk; görnüşleri: daşky görnüş; usullar; serişdeler; netijeler (önümler). Soňky wagt didaktikanyň esasy düşünjelerini didaktiki ulgamlar we okatmak tehnologiýalary diýip hem ulanýarlar.

Didaktika bu okatmak we bilim bermek, olaryň maksady, mazmuny, usullary, serişdeleri, guralyşy we netijeleri baradaky ylymdyr.

Okatmak bu mugallymyň okuwçylara maglumatlary bermek, terbiýelemek, aňlatmak we durmuşda ulanmagy maksadyny geçirmek boýunça tertiplenen işdir.

Okamak öwrenilen maglumatlaryň, gönükmeleriň we ele alnan tejribäniň, özüňi alyp barmagyň we işiň üýtgemegi netijesinde olaryň ýerine täzeleriniň ýüze çykmagydyr.

Bilim bermek - okatmak işinde ele alnan bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň, pikirleniş ukyplarynyň ulgamydyr.

Bilim adamyň öwrenen predmeti boýunça ele alnan pikirleriniň şöhlelendirilişidir.

Başarnyk bilimleri tejribede ulanyp bilmek ukyplaryny ele almakdyr.

Endik awtomatlaşdyrylan başarnyklar. Başarnyklaryň ýokary derejä ýetirilmegi.

Maksat okatmak işiniň güýjüniň gönükdirilenligi.

Mazmun okatmak işinde okuwçylaryň ele almaly ylmy bilimler ulgamy, tejribe başarnyklary we endikleri, işiniň we pikirlenişiniň usullarydyr.

Guramaçylyk öňde goýlan maksady talaba laýyk ýerine ýetirmek üçin, oňa belli bir görnüş bermek üçin didaktiki işiň ýörite kriteriýalar boýunça tertipleşdirilmegidir.

Forma (latyn sözi forma daşky görnüş, daşy) okuw işiniň usullarynyň ýerleşişi, onuň içki manysynyň logikasynyň, mazmunynyň daşky gaby. Forma okadylýanlaryň sany bilen, okatmagyň wagty we ýeri bilen, onuň amala aşyrylyş tertibi bilen baglydyr.

Metod (usul) (latyn sözi metodos ýol, usul) okatmagyň maksadyna we wezipesine ýetmek ýoly. (Okatmagyň maksadyny we wezipesini durmuşa ornaşdyrmak ýoly).

Serişde okuw işini goldamak üçin gerek bolan predmetler. Serişdeler mugallymyň sesi, sözi, giň manyda onuň ussatlygy, okuw kitaplary, synp abzallary we ş.m. Bu düşünje başga manyda-da ulanylýar. Oňa soňrak üns bereris.

Netijeler (okatmagyň önümi) okuw işiniň öňde goýlan maksatlaryny durmuşa geçirmek, okuw işiniň soňky ädimleri.

Okuwçynyň daşky dünýäni öwrenişiniň aýratynlyklary onuň täze bilimleri açman, mugallymyň ýolbaşçylygynda adamzat tarapyndan toplanan we ylymlar ulgamyna jemlenen bilimleri we olary ele almagyň usullaryny özleşdirmegidir. Ýöne okuw işiniň guralyşynyň käbir görnüşlerinde çagalar bilimleri açyşlar hökmünde-de kabul edýärler we özleşdirýärler. (Açyşlaryň üsti bilen okatmak Jrem Brunner). Adam tejribede ulanyp görmedik, öz şahsy tejribesi bilen baglanyşmadyk, oňa daýanyp bilmedik bilimleri ele alyp bilmeýär. I.M. Seçenow şeýle diýýär: Özleşdirmek diýmek başga bir adamyň tejribesini öz tejribäň görkezijileri bilen garyşdyrmakdyr.

Didaktika bu kanunalaýyklyga daýanyp okuw işini guramakdan şeýle talaby edýär: okuwçylaryň daşky dünýäni kabul edişine, olaryň tejribe işiniň şahsy, aýrybaşga öwrenijilik tejribesine daýanmak.

Taryhy tejribäniň, köp ýyllap syn etmegiň we psihologik barlaglaryň netijesinde bilimleri, başarnyklary we endikleri ele almagyň umumy psihologiki kanunalaýyklary anyklanyldy.

Okuwçy bilimleri diňe mugallym tarapyndan gurnalan we gönükdirilýän özüniň özbaşdak işjeň işiniň netijesinde alyp biler. Adamyň hususy işjeň işiniň netijesinde, onuň psihiki ösüşi kämilleşýär. (S.L. Rubinşteýn, A.N. Leontiýew).

Bilimleri ele almak başarnyklary we endikleri ele almak bilen birlikde ýerine ýetirilýär. Bu öz gezeginde okuwçylaryň akyl ösüşine we olaryň akylynyň hiliniň (çeýelik, özbaşdaklyk) ösüşine getirýär. Bu hiller şahsyýetiň häsiýetleri bolup, onuň başga häsiýetleri bilen dünýägaraýyş, ahlak ösüş berk arabaglanyşykdadyr.

Bilimleri ele almak bu aýrabaşga prosesdir. Her okuwçy özüniň aýrabaşga psihiki aýratynlyklaryna ösüş derejesine we taýyarlygyna görä bilimleri ele alýar. Bu kanunalaýyklygy göz öňünde tutup, mugallym okuw işini guranda her bir okuwçynyň akyl ösüşini we şahsyýetiň kämilleşmegini göz öňünde tutup, bilimleri ele alar ýaly şertler döretmelidir.

Okap bilmek ýeterlik däldir. Pikir edip okamagy öwrenmeli. Diňe gürrüň bermek bilen çäklenýän okuwçy tekste düşündi diýip hasap edip bolmaz. Okuwçylar awtoryň nähili maglumat bermek isleýändigi barada pikirlenmeli we awtoryň pikirlerini öz pikirleri bilen deňeşdirip görmeli.

Bilimleri ele almak çylşyrymly psihologik prosesdir. Ol öz içine bilimleri kabul etmegi, özleşdirmegi we ol bilimleri tejribede ulanyp bilmegi alýar.

Real okuw prosesinde bilimleri özleşdirmek we olary ulanmak berk baglanyşyklydyrlar. Okuwçylar täze bilimleri ele alanlarynda olary çuňlaşdyryp özleşdirmek üçin öň özleşdirilen maglumatlar bilen deňeşdirýärler; özleşdiren bilimleri ulanyp, olary pikirlenip berk özleşdirýärler; bilimleri tejribede ulanmak bilimleri ele aňly almagyň iň gowy serişdesidir we kriteriýasydyr.

Özleşdirmek çylşyrymly psihologiki prosesdir. Özleşdirmek diýmek düşünmek, ýatlamak, berkitmek diýmekdir. Düşünmek we ýatda saklamak biri-biri bilen aragatnaşykda bolýarlar: bu zynjyrda esasy düşünmekdir. Düşünmek aňly özleşdirmekdir. Düşünmek kabul etmek we akyl ýetirmek (pikir ýöretmek) esasynda amala aşyrylýar. Okuw maglumatlaryna düşünmek üçin olary kabul etmeli. Kabul etmek işjeň proses bolup, özüniň maksada gönükdirilenligi we saýlawlylygy bilen häsiýetlenýär. Kabul ediş prosesinde eýýam ilkinji, umumylaşdyrylan düşünje emele gelýär.

Akyl ýetirmek - bu okuwyň mazmunyny böleklere bölüp, onuň her bir bölegini aýratynlykda düşünmek, olaryň arabaglanyşygyny, içki gurluşyny öwrenmek maksady bilen ýörite gurnalan seljeriş sintetiki işdir.

Akyl ýetirmek kabul etmekden aratapawutlylykda bu işjeň, maksada gönükdirilen we meýilnamalaşdyrylan seljerme, sintez, deňeşdirme, jemleme ýaly pikirleniş operasiýalaryny ýerine ýetirmek we akyl aýratynlyklarynyň ýüze çykmagy bilen bagly bolan işdir.

Akyl ýetirmek mugallymlaryň öňünde wajyp pedagogik wezipeleri goýýar. Olar: okuwçylaryň akyl özbaşdaklygyny ösdürmek, syn etmek tärleri bilen özbaşdak işlemek endikleri, kitap bilen işlemek endikleri bilen ýaraglandyrmakdyr.

Ýatlamak okuw işinde iki görnüşde ýüze çykýar: yhtyýarsyz we yhtyýarly ýatlamak. Yhtyýarsyz ýatlamak okuw maglumatlaryny kabul edende ýörite ýatlamaga gönükdirilmedik ýagdaýynda amala aşyrylýar. Ýatlamagyň bu görnüşiniň kanunalaýyklary bardyr. Olar: yhtyýarsyz ýatlamagyň netijesi haçanda okuwçylar öwrenýän materiallaryny görüp, eline alyp öwrenende ýokary bolýar. Yhtyýarsyz ýatlama başlangyç synplaryň okuw işinde uly orun tutýar.

Yhtyýarly ýatlamagyň netijesi okuwçylaryň akyl işjeňligine we özbaşdaklygyna baglydyr. Öňde goýlan meseleleri çözmekde okuwçylaryň akyl işjeňligi we özbaşdaklygy näçe ýokary bolsa, şonda yhtyýarly ýatlamagyň netijesi ýokary bolar. Aýdylanlardan şeýle netije çykarsa bolar: okuwçylaryň akyl işjeňligini we özbaşdaklygyny ösdürmeli we olara ýatlamagyň rasional tärlerini öwretmeli.

Soňky döwürde okuw işini akyl işini kämilleşdirmegiň etaplaýyn nazarýeti esasynda amala aşyrmak öňe sürüldi. Bu nazarýet bilimleri ele almak üçin diňe bir hökmany ýerine ýetirilmeli işleri görkezmek bilen çäklenmän, bu işleriň ýerine ýetirilişiniň mazmunyny we ýoluny görkezýär. Onuň netijesinde akyl işleri ele almak, şol bir hatarda bilimleri-de ele almak dolandyrylýan bolýar.

Aşakdaky suratda häzirki zaman okuw prosesinde bilimleri ele almak derejeleriniň modeli hödürlenendir.

 

 

 

Okatmagyň netijesinde dürli hilli netijeleriň ýüze çykmagy mümkin. Olary kesgitlemek, seljermek we ölçemek üçin dürli kriteriýalar işlenildi. Netijelriň umumy häsiýetlerini okatmagyň derejesi ýa-da özleşdirmegiň netijesi (didaktiki häsiýetnama) we okuwçylaryň bilesigelijiliginiň işjeňliginiň derejesinde (psihologiki häsiýetnama) berip bolar. Birinjisi gazanylan netijeleri, ikinjisi olary gazanmagyň ýollaryny görkezýär. Bu häsiýet biri-biri bilen ýakyn we biri-birini doldurýarlar. Okuwçylaryň bilesigelijiliginiň şu aşakdaky derejeleri bellenilýär habar beriş (reproduktiw); meseleleýin (problem), ewristiki (açyş), ylmy barlag. Okuwçynyň haýsy bilesigelijilik işjeňligini ösdürýänine görä ol okatmagyň belli derejesine ýetýär.

I dereje - tanyşlyk. Okuwçynyň tanamak, aýyl-saýyl edip bilmek, bir obýektiň başga birinden aratapawudyny bilmek endikleri bilen aratapawutlanýar. Tanyşlyk derejesinde özleşdirmeklik obýekt barada umumy düşünje bermek bilen çäklenýär.

II dereje - reproduksiýa. Bu derejede maglumatlary özleşdirmek obýekt barada gürrüň bermek bilen bir hatarda ony görmek, seljermek bilen amala aşyrylýar.

III dereje doly derejeli bilimler. Bu derejede okuwçy özleşdiren maglumatlaryny tejribede, belli bir meseläni çözmekde peýdalanyp bilmek endikleri bilen ýaraglandyrylýar we täze maglumatlary kabul edýär.

IV dereje transformasiýa (geçirmek). Okuwçy alan bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini jemlemek esasynda dürli derejeli meseleleri çözüp bilýär.

Ýokarda agzalan derejeler esasynda bilimler bilen tanyşmak, berk bilimler, bilimleri ulanmak ýaly görnüşleri saýlanýarlar. Okatmak prosesiniň ösüşi bilimler bilen tanyşmakdan olary ulanmak derejesine ýetmegi aňladýar. Adama ähli derejeli bilimler gerek. Käbir bilimleri ol göz öňüne getirip bilmeli, käbir bilimleri düýpli özleşdirmeli.

 





:


: 2018-11-11; !; : 787 |


:

:

, , .
==> ...

1856 - | 1498 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.038 .