.


:




:

































 

 

 

 


Aňlylyk we işjeňlik ýörelgesi.




Bu ýörelgäniň esasynda ylym tarapyndan berkidilen kanuny düzgünler ýatyr. Olar: adamyň biliminiň esasy mazmunyny çuň we özbaşdak pikirlenilen, akylynyň işjeňligi netijesinde aňly özleşdirilen bilimler düzýär: okuwçylaryň bilimleri aňly özleşdirmegi birnäçe şertlere we faktorlara garaşlydyr: mugallymyň sapakda ulanan serişdelerine we usullaryna, itergilerine, okuwçylaryň bilesigelijilik aktiwligine, okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşyna, okuwçylaryň bilesigelijiliginiň dolandyrylyşyna baglydyr: okuwçylaryň hususy bilim alyjylyk işjeňligi okuw maglumatlarynyň özleşdirilişiniň, tempiniň, çuňlugynyň we berkliginiň wajyp faktorydyr.

Aňlylyk we işjeňlik ýörelgesiniň tejribede ulanylyşy şu aşakdaky okatmagyň düzgünlerini ýerine ýetirmeginiň ýollary bilen amala aşyrylýar.

1. Aňly okatmagyň esasy şerti ýerine ýetiriljek işiň maksadyna we wezipesine aýdyň düşünmek; olary okuwçylara görkeziň, wajyplygyny, häsiýetini düşündiriň; ösüşini açyp görkeziň.

2. Şeýle okadyň, okuwçy okuw hereketlerini mehaniki ýerine ýetirmesin. Okuwçy näme üçin we nähili etmeliligine düşünsin.

3. Okadýarkaňyz bilesigelijilik işiniň ähli görnüşlerini we formalaryny ulanyň: analiz bilen sintezi, induksiýa bilen deduksiýany, deňeşdirme bilen gapmagarşylygy birleşdiriň: köpräk meňzeşligi ulanyň: çaganyň ýaşy kiçi bolsa, induksiýany ulanyň.

4. Okuwçylaryň her bir sözüň, sözlemiň, düşünjäniň manysyna düşünmegini gazanyň: okuwçylaryň tejribesine, bilimlerine daýanyp, olary açyp görkeziň, obraz deňeşdirmelerini ulanyň. Düşündirmesi kyn düşünjeleri ulanmaň.

5. Okuwçylaryň biri-birini okatmak mümkinçiliklerini peýdalanyň. Goýlan soraglara toparlaýyn dogry jogap tapmak üçin gerek bolan şertlerini dörediň. Mugallymyň düşündireninden dostunyň aýdany okuwçylar tarapyndan ýeňil we aňsat kabul edilýär. Şonuň üçin gowy okuwçynyň öz ýoldaşyna düşündirip biljek maglumatlary siz düşündirjek bolup alada galmaň.

6. Işjeňligi terbiýelemek üçin wagtyňyzy-da, güýjüňizi-de aýamaň. Ýadyňyzda saklaň: şu günki işjeň okuwçy ertir jemgyýetiň, önümçiligiň işjeň agzasydyr.

7. Okuwçylara belli bolmadyk maglumatlary olara belli bolan maglumatlar bilen logiki baglaşdyryň. Eger-de öwrenilen we öwrenilýän maglumatlaryň arasynda logiki baglylyk bolmasa, ol ýerde aňly okatmak-da ýokdur.

8. Ýadyňyzda saklaň, siziň okadýan dersiňiz esasy däl, siziň kämilleşdirýän şahsyýetiňiz esasy. Şeýle terbiýelän we okadyň, siziň okuwçyňyz okadýan dersiňize goşmaça hökmünde bolman, tersine ony özleşdirýän işjeň subýekt bolsun.

9. Okuwçylary şeýle ýagdaýlara goýuň olar görýän faktlary bilen bar bilimleriniň arasyndaky aratapawudy tapyp, düşündirip bilsin.

10. Eger-de her bir düzgün ýeterlik aýdyň bolar ýaly köp sanly mysallaryň üsti bilen düşündirilse, onda okuwyň netijesi ýokary bolar.

11. Ilki bilen esasy we esasy däl maglumatlary aýyl-saýyl etmegi, esasyny tapmagy, maglumatyň esasyna düşünmegi, özleşdirmegi öwrediň.

12. Hiç haçan abraýyňa daýanyp öwretmek gerek däl. Ähli zady duýga we aňa esaslanan subut etmeleriň höwesi bilen öwrediň.

13. Okuwçylara okamagy öwrediň. Okuw-terbiýeçilik işiniň wajyp öndürijilik usullaryny ele almaga kömek ediň.

14. Okuwçylaryň ünsüni öwrenýän obýektden sowýan içki (pikirleriň ýaýraňlygy, sapakda başga işler bilen meşgullanmak we başgalar); daşky (giç galmak, tertibi bozmak we başgalar), okuw-terbiýeçilik işine ýaman täsir edýän sebäpleri ýok ediň.

15. Mümkin boldugyndan okuwçylara pikirlenmegi öwretmek üçin näme üçin diýen soragy köpräk ulanmaly. Sebäp we netijelilik arabaglanyşyklara düşünmek ösdüriji okuwyň esasy şertidir.

16. Esaslandyrylyp argumentleriň üsti bilen subut etmek okadylýan ýerde, öwredýän maglumatlara şübhe bolmadyk ýerde üstünlik gelýär.

17. Ýadyňyzda saklaň, aýdyp beren okuwçydan, bilen zadyny tejribede ulanan okuwçy ökdedir, maglumatlary dogrudan-da özleşdirendir.

18. Okuwçylaryňyzyň aýrabaşga gyzyklanmalaryny öwreniň we ulanyň, olaryň gyzyklanmasyny şahsy we jemgyýetçilik taraplary bilen baglanyşar ýaly ösdüriň we gönükdiriň.

19. Okatmakda mümkin boldugyndan tejribe ýagdaýlary ulanyň, okuwçylardan durmuşda görýän faktlary we olaryň ylmy düşündirilişini özbaşdak düşünmegi, aňlamagy talap ediň.

20. Şeýle okadyň, alnan bilimler ynamlara we hereket etmäge ýolgörkeziji bolsun.

21. Okuwçylara özbaşdak pikirlenmegi we hereket etmegi öwrediň.

22. Okwçylaryň döredijilik pikirlenmesini meseleleri hemmetaraplaýyn seljermegiň üsti bilen ösdüriň. Bilim berijilik meseleleri logiki aratapawutlanýan usullar bilen çözüň. Köpräk döredijilikli meseleleri çözmegi ulanyň.

23. Sorag bermek we jogaplary diňlemek ussatlygy okuwçylaryň işjeňligini goldamagyň we höweslendirmegiň wajyp şertidir. Nähili sorag bolsa şeýle jogap bolar. Mugallym okuwçyny nähili diňlese, okuwçy-da mugallymy şeýle diňleýär.

 





:


: 2018-11-11; !; : 622 |


:

:

,
==> ...

1676 - | 1620 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.021 .