.


:




:

































 

 

 

 


Mugallymyň we okuwçylaryň okatmakda ýerine ýetirýän işleri




Okuwçylaryň mekdepde okadylyşy mugallymlaryň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Mugallymyň işiniň esasy wezipesi okuwçylaryň işjeň we aňly akyl ýetiriş işini dolandyrmakdyr. Mugallym okuwçylaryň öňünde yzygiderli çylşyrymlaşdyrlan meseleleri goýýar we olaryň pikirlerini akyl ýetirmäge gönükdirýär. Okuwyň üstünlikli geçmegi üçin gerek bolan şertleri-de mugallym döredýär: Ol: goýlan maksatlara laýyklykda mazmun saýlaýar; okuwy guramagyň dürli formalaryny pikirlenýär we ulanýar; mazmuny okuwçylara ýetirmek üçin dürli usullary ulanýar. Pedagogik işiň we pedagogik prosesiň berlen gurluşyna laýyklykda okuw prosesini dolandyrmak birnäçe etapdan geçýär: meýilnamalaşdyrmak, guramak, regulirlemek (stimulirlemek, höweslendirmek) gözegçilik etmek, netijeleri bahalandyrmak we seljermek.

Mugallymyň işini meýilnamalaşdyrmak etapy, nähili meseleleri çözmek göz öňünde tutulanlygyna garaşlylykda kalendar tematiki ýa-da sapak planlarynyň (meýilnamasynyň) düzülmegi bilen tamamlanýar. Sapakda bolsa strategiki, taktiki we operatiw meseleler çözülýärler. Plan düzmekden öň mugallym köp işleri ýerine ýetirýär. Olar, okuwçylaryň bilim derejesini, taýýarlyk derejesini, okamak mümkinçiliklerini, material bazanyň we metodiki üpjünçiligiň ýagdaýyny, özüniň şahsy hünär mümkinçiliklerini seljermek; synpyň bütewi bir kollektiw hökmünde emele gelmegini we sapagyň didaktiki maksatlaryndan ugur alyp olaryň anyk bilim berijilik, terbiýeleýjilik we ösüdirijilik meselelerini kesgitlemek; sapagy geçmegiň formalaryny we usullaryny, olarda geçirilmeli konkret işleriň görnüşlerini pikirlenmeli.

Okuwçylaryň işini guramak olaryň öňünde okuw meselelerini goýup, onuň ýerine ýetirilişi üçin gowy ýagdaýlaryň döredilmegi öz içine alýar. Şonda instruktaž, funksiýalary paýlamak, algoritmleri öňe sürmek ýaly tärler ulanylýarlar. Häzirki zaman didaktikasy akyl ýetiriş meseleleriniň aşakdaky düzgünlerini hödürleýär. (M.A. Danilow):

bilimleriň ulgamyny we ylmyň logikasyny saklamak üçin akyl ýetiriş meselesi predmetiň mazmunyndan gelip çykmalydyr;

meseleleriň ýerine ýetirilişi üçin, real şertler döretmek üçin okuwçylaryň ösüş derejesini we olaryň taýyarlygyny göz öňünde tutulmalydyr;

mesele özünde okuwçynyň aklyny, göz öňüne getirişini, döreijilik prosesleri saklamalydyr;

okuwçylaryň öňünde goýlan işi ýerine ýetirmegi üçin olarda položitel motiw (itergi) döretmeli;

okuwçylara meseleleri çözmegi öwretmek üçin başda mugallym bilen, ondan soň kollektiwleýin işde gerek bolan usullardan peýdalanyp, ýuwaş-ýuwaşdan olary özbaşdak aýrabaşga hereketleri ýerine ýetirmäge geçirip öwretmeli.

Okatmak, okuw işine üznüksiz akymlaýyn gözegçilik etmegi, ony regulirlemegi we koorrigirlemegi talap edýär. Sada syn etmek formasynda amala aşyrylyp akymlaýyn gözegçiligiň netijesi soramagyň dil we ýazuw üsti, öý we synp işleriniň başga tärler we usullar bilen, şol sapagyň özünde we geljekde mugallym tarapyndan hasaba alynýar. Olar okuw işiniň gidişiniň tempini peseltmek ýa-da tizleşdirmek, hödürlenýän işleriň göwrümini kemeltmek ýa-da tizleşdirmek, maglumatlaryň beýan ediliş tertibine üýtgeşikler girizmek, ugrukdyryjy soraglary we goşmaça düşündirişler bermek, kynçylyklaryň öňüni almak bolup bilerler. Mugallymyň işiniň bu etapynda esasy orun okuwçylaryň işjeňligini we özbaşdaklygyny höweslendirmek bolup durýar.

Okatmak prosesini (işini) regulirlemek we koorrigirlemek diňe bir höweslendirmek, göwün götermek, öz güýjüne, okuw mümkinçiliklerine, geljekde boljak üstünliklere ymtylmak, temmi bermek ulgamy bilen amala aşyrylmak bilen çäklenmän başlangyç we orta synplarda esasy täsirli bolan baha ulgamyny ulanmak bilen hem amala aşyrylýar.

Okuw çekelşikleriniň-de, konferensiýalarynyň-da, referatlary ara alyp maslahatlaşmagyň-da, jübüt-topar okadylyş ýollarynyň-da, özara barlag ýaly pedagogik işiň usullarynyň-da we formalarynyň-da uly höweslendiriji mümkinçilikleri bardyr.

Pedagogik meseläniň çözgütleriniň netijelerini seljermek pedagogik prosesiň jemleýji etapydyr. Ol bilim berijilik, terbiýeleýjilik, ösdürijilik maksatlara ýetmegiň ýollary we şertleri bilen amala aşyrylýar. Bu ýagdaýda optimallyk ýörelgesini hasaba almaly, gerek bolan maglumat diňe okuwçylaryň we mugallymyň işini köpeltmegiň netijesinde alynýandyr. Netijäni seljermek okatmakda ýüze çykan kemçilikleri, gazanylan üstünlikleri belläp, okatmak işinde pedagogik özara täsiriň ýollaryny bellemäge mümkinçilik berýär.

Mugallym öz işini ýerine ýetirende:

habar beriji hökmünde çykyş edip bilýär;

eger-de çaganyň içki dünýäsine aralaşjak bolsa, dost hökmünde çykyş edip biler;

eger-de çagalaryň aňyna maglumatlary zor bilen siňdirjek bolsa, onda ol diktator hökmünde çykyş edip biler;

eger-de çagalara öwüt-ündew berjek bolsa, onda öwüt öwrediji hökmünde çykyş edýär;

okuwçylary ýalbaryp terbiýeleýän, bilim berýän bolsa, onda haýyş ediji hökmünde çykyş edýär;

eger-de okuwçylaryň öňünde gyzykly maksatlary goýup, olaryň geljegi barada maglumat berip okatsa, terbiýelese, onda ol mugallym göwün göteriji hökmünde çykyş edýär.

Bu ýagdaýlaryň her haýsy mugallymyň şahsyýetiniň hiline görä položitel we otrisatel netije berip biler. Diňe adalatsyzlyk, okuwçyny satyn almak, çaganyň şahsyýetini sylamazlyk, onuň başlangyçlaryny sylamazlyk, çagany diktatora öwürmek ýaly häsiýetler hemişe otrisatel netije berýärler.

Mugallymdan edilýän şertlendirilen hünär talaplary, onuň pedagogik işe hünär taýyarlygyny kesgitleýärler. Onuň düzüminden hünäriň esasy hökmünde bir tarapdan psihologik, psihofiziologik we beden taýarlygyny, ikinji tarapdan ylmy-nazary we tejribe taýýarlygyny saýlap bolar.

Mugallym bu diňe bir hünär däl, ol bilimleri çagalara ýetirýän adamda adamy tassyklaýan şahsyýeti döredýän ýokary borçdyr. Şonuň üçin pedagogik bilimiň maksady üznüksiz umumy we hünär tarapdan ösýän täze tipli mugallymy taýýarlamakdyr.

Ol mugallymyň şu aşakdaky häsiýetleri bolmalydyr:

sosial işjenlik we ýokary raýatlyk jogapkärçilik;

çagany söýmek, olara öz ýüregini berip bilmek;

beýlekiler bilen işlemäge isleg, başarnyk, ruhy medeniýet, intelligentlik;

ýokary hünär bilimi, täze ylmy-pedagogik pikirlenmäniň stili, täze gymmatlyklary döretmäge we döredijilikli çözgütleri kabul etmäge taýyarlyk;

öz-özüňi okatmaga isleg we oňa hemişe taýyar bolmak;

beden we psihiki saglyk, hünär işjeňlik.

Häzirki zaman mugallymy öz okadýan dersiniň ylmynyň dürli pudaklaryndan başy çykmalydyr, onuň mümkinçiliklerini bilmelidir. Ondan başga-da öz okadýan dersi barada täze ylmy-barlaglardan, açyşlar we çaklamalardan habarly bolmalydyr.

Mugallymyň şahsyýetiň akyl ýetiriş işiniň umumy häsiýetnamasy onuň ylmy-pedagogik pikirlenişiniň medeniýetidir.





:


: 2018-11-11; !; : 892 |


:

:

, .
==> ...

1367 - | 1271 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.012 .