.


:




:

































 

 

 

 


Görkezip okatmak ýörelgesi




Gadymy döwürden bäri ulanylyp gelinýän iň bir belli intuitiw düşnükli okatmagyň ýörelgeleriniň biridir. Onuň esasynda şu berk bellenen ylmy kanunalaýyklar ýatyr: adamlaryň duýgy organlarynyň daşky gyjyndyryjylary kabul edişi dürli-dürlidir, köp adamlaryň görüş organlarynyň duýgurlygy güýcli, arabaglanyşyk kanallarynyň reseptorlardan merkezi nerw ulgamyna geçiriş ukyplary dürli-dürlüdir, optiki aragatnaşyk kanaly 1,6x105 bit/sek; akustik görüş 0,32x105 bit/sek; taktil 0,13x106 bit/sek. Bu maglumatlara görä eşidiş we taktil organlaryndan görüş organlary beýnä 5 esse köp maglumat geçirýän ekenler; görüş organlarynyň üsti bilen beýnä geçýän maglumatlar adamyň ýadynda ýeňil, tiz we berk ornaşdyrylýar.

Okatmak tejribesi görkezip okatmak ýörelgesini ulanmagy beýan edýän köp düzgünleri işläp düzdi. Olaryň käbirlerini ýatlalyň.

1. Okatmakda şu faktorlary ulanyň: predmetleriň natural görnüşini (suratlarda ýa-da modellerde) ulanmak, söz, ýazuw, dil üsti bilen berlen maglumatlardan tiz, gowy we aňsat ýatlanylmagyna mümkinçilik berýär.

2. Ýadyňyzda saklaň çaga formalar, reňkler, sesler umuman duýgular bilen pikirlenýär: şonuň üçin sözleriň üsti bilen düşündirenden çaga tarapyndan gönüden göni konkret kabul edilýän görkezme obrazlaryň üsti bilen düşündirmek wajyp.

3. Okadýanlaryň altyn düzgüni: duýgy organlarynyň üsti bilen kabul edilip bolýan ähli maglumatlary; görülýänleri görüp kabul etmek, eşidilýänleri eşidiş, yslary ys alyş, tagamy tagam biliş, eliň bilen tutup bolsa tutuş orgalarynyň üsti bilen kabul etmeli.

4. Görkezme esbap maksat däl, onuň bilen çäklenmän, ol okuwçylaryň pikirlenmesini ösdürýän serişdedir.

5. Okadýarkaňyz, terbiýeleýärkäňiz düşünjeleriň we abstrakt düzgünleriň mazmuny çagalryň aňynda konkret faktlaryň, mysallaryň we obrazlaryň üsti bilen berkidilende aňsat ýetýändigini ýadyňyzdan çykarmaň: olary açyp görkezmek üçin dürli görkezme esbaplaryny ulanyň.

6. Görkezme esbaplary diňe illýustrasiýa üçin ulanman, aýratyn bilim beriji çeşme, pedagogik problem situasiýalary döretmek üçin ulanmak gerek. Häzirki zaman görkezme esbaplary okuwçylara gözleg we barlag işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

7. Okadýarkaňyz we terbiýeleýärkäňiz görkezme esbaplaryň öwrenilýän predmetler we hadysalar barada doly we dogry düşünje berýändigini ýadyňyzda saklaň.

8. Okuwçylaryň syn edişi ulgamlaşdyrylmaly we özüniň tertibine seretmezden sebäplilik we netijelilik gatnaşygynda goýulmaly.

9. Görkezme esbaplary ulananyňyzda ilki bilen olary okuwçylar bilen umumylygyna gözden geçiriň, soň esasylar we esasy däller toparyna bolup gözden geçiriň, ondan soň ýene-de umumylykda gözden geçiriň.

10. Görkezme esbaplaryň dürli görnüşlerinde peýdalanyň, ýöne görkezme esbaplaryny ulananyňyzda olaryň sanyny köpeltmek bilen meşgullanmaň; bu ýagdaý okuwçylaryň ünsüni bölýär we esasy maglumaty kabul etmäge päsgel berýär.

11. Görkezme esbaplary ulanyň, okuwçylaryň duýgy tejribesini işjeňleşdiriň; öň özleşdirilen maglumatlara daýanyň olar öwrenilýän düşünjeleri anyklaşdyrýarlar we täze maglumatlary özleşdirmäge kömek edýärler.

12. Görkezme esbaplary okuwçylar bilen bilelikde taýyarlamaga çalşyň: okuwçylaryň öz eli bilen ýasalan görkezme esbaplary gowudyr.

13. Hiç haçan özüňiziň gowy bilmedik görkezme esbaplaryňyzy görkezmäň; görkezme esbaplary ulanmaga gowy taýyarlanyň.

14. Häzirki zaman görkezme esbaplaryny okuw telewideniýesini; wideoýazgylary, slaýdlary, ekran proýeksiýalaryny ylmy esasda ulanyň; tehniki serişdeleri ulanmagyň usulyny gowy özleşdiriň.

15. Görkezme esbaplary ulananyňyzda okuwçylaryň ünsüni, syn edijiligini, pikirleniş medeniýetini, döredijiligini, okuwa höwesini terbiýeläň.

16. Görkezme esbaplary durmuş bilen baglylyk serişdesi hökmünde ulanyň.

17. Kabinet sistemasynda okatmak şertlerinde görkezme esbaplary ulanmaga mümkinçilikler köp bolýar: bu öz gezeginde görkezme esbaplara bolan dogry garaýşy, olary ulanmagy meýilleşdirmegi, olaryň sanyny dogry ulanmagy talap edýär.

18. Okuwçylaryň ýaşy ulaldygyça görkezme esbaplary ulanmagy kemeltmeli, ondan soň mugallymyň esasy işi okuwçylara maglumatlary söz üsti düşündirmekdir.

19. Görkezme esbaplaryň güýçli serişdedigini ýadyňyzda saklaň. Onuň ünssüz, nädogry ulanylyşy, okuwçylary özleşdirmeli esasy maglumatlardan daşlaşdyrmaga, maksadyň reňkli serişde bilen çalşyrylmagyna alyp barar.

20. Görkezme esbaplaryň çenden aşa köp ulanylmagy bilimleri çuň özleşdirmäge, abstrakt pikirlenmäniň ösmegine, umumy we ähliumumy kanunalaýyklyklaryň mazmunyna düşünmäge päsgel berer.

 





:


: 2018-11-11; !; : 648 |


:

:

, .
==> ...

1604 - | 1399 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.01 .