.


:




:

































 

 

 

 


Häzirki zaman mugallymy




Mekdebiň okuw-terbiýeçilik işini guraýan we amala aşyrýan şahsyýet mugallymdyr. Mugallym (pedagog, halypa, ussat) ýörite taýyarlygy bolan, pedagogik iş bilen meşgullanýan adam.

Mugallymyň stolunyň aňrysyna geçen adam, hemme zada jogap berýär we hemme zady bilýär we başarýar. Her bir okuwçynyň, ösüp gelýän ýaşlaryň, jemgyýetiň we döwletiň ykbalyna jogapkär. Biziň durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň ertir nähili boljakdygy şu günki mugallymlaryň işiniň netijesine bagly. Her bir adamyň durmuşy bilen, tutuş halkyň ykbaly bilen bagly başga bir hünäri göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek.

Adamlaryň ýerine ýetirýän işleriniň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr.

Mugallymyň funksiýasy özüniň hünär bilimlerini we başarnyklaryny ulanmakdyr. Olaryň esasylary okuwçylary okatmak, bilim bermek, terbiýelemek, ösdürmek we kemala getirmekdir. Mugallymyň esasy funksiýasy (ýerine ýetirmeli işi, mundan beýläk funksiýa) okatmak, terbiýelemek, ösdürmek, kemla getirmek işlerini dolandyrmakdyr.

Mugallym okatmaýar okuwy ugrukdyrýar, terbiýelemeýär terbiýelemek işlerine ýolbaşçylyk edýär. Mugallym öz wezipelerine näçe gowy düşündigiçe şonçada öz okuwçylaryna erkinlilik berýär, olaryň özbaşdaklygyny, inisiatiwasyny ösdürýär. Öz işine ussat mugallym okuwçylaryň erkin ýerine ýetirýän işleriniň daşynda bolup, görünmän diýen ýaly olaryň işine ýolbaşçylyk edýär.

Öz döwründe Sokrat mugallymlary pikirleriň akuşeri (dogyrmany) diýip atlandyrdy. Onuň pedagogik ussatlyk barada aýdanlary maýewtika diýlip atlandyrylyp terjime edilende sungaty dogyryş diýen manyny aňladýar.

Öz işini bilýän pedagog taýyar maglumatlary bermän okuwçynyň kellesinde täze pikirleriň döremegini emele getirmeli. Diýmek, pedagogik işiň merkezi geçirilýän ähli okuw-terbiýeçilik işlerini dolandyryp adamyň kemala gelmegini gazanmak.

Şu günler pedagogik sözlükde menedžment (iňlis sözi dolandyrmak, ýolbaşçylyk etmek) diýen söz peýda boldy. Bu söz dürli ulgamlarda (sistemalarda) bolup geçýän prosesleri (işleri) dolandyrmagyň umumy sungaty manysyny berýar. Mugallymyň edýän işini daşary ýurtlarda pedagogik menedžment - mugallymyň özüni menedžer (terbiýeleýän, okadýan, ösdürýän) diýip atlandyrýarlar. Ýöne onuň adynyň üýtgemegi onuň işiniň mazmunyna hiç hili täsir etmeýär.

Mugallymyň nämä edýändigini, onuň işiniň häsiýetini, özboluşlygyny kesgitlemek üçin alymlar tarapyndan birnäçe modeller ulanylýar. Geliň şolaryň birine, mugallymyň işiniň esasy wezipesi pedagogik dolandyrmakdygyna göz gezdireliň.

Mugallymyň ýerine ýetirýän işinde dolandyrmak funksiýasynyň esasydygyny anyklamak üçin, onuň edýän işlerini soňuna çenli ýerine ýetirmek ýa-da pedagogik proýekt diýip alalyň.

Islendik sapak, synp sagady, täze temany ýa-da bölümi öwretmek, oýunlary guramak, mekdep baýramçylygyny ýa-da syýahaty geçirmegi doly amala aşyrmagy pedagogik proýekt diýip düşündirse bolar.

Bu işleri ýerine ýetirmek üçin pedagog olary dolandyrmalydyr, näçe pikirlenip dolandyrylsa, şonçada bu işlerde ýalňyş az bolup, olaryň netijesi ýokary bolar.

Proýekt pikirlenip başlanan döwri pedagogyň birinji funksiýasy maksada daýanmakdyr.

Pedagogik işiň esasy açary maksatdyr. Ol mugallym bilen okuwçynyň umumy işini olaryň umumy maksadyna gönükdirýär. Dolandyrmagyň esasy mazmuny maksatdan netijä çenli bolýan işi dogry alyp barmakdyr. Okatmak işini dolandyrmak ilkinji hatarda okuwçylary bilmek, tanamak bilen baglydyr. Mugallym olaryň taýyarlyk derejesini, mümkinçiliklerini, terbiýelänligini, ösüş derejesini doly bilmelidir.

Bu maglumatlary mugallym diagnozyň (grek sözi diagnosis tanamak, = dia aýdyň, + gnosis - bilim). Okuwçylaryň fiziki, psihiki ösüşini bilmän, olaryň akyl we ahlak taýdan terbiýelenen derejesini bilmän, olaryň synpda we maşgalada terbiýeleniş şertlerini bilmän dogry maksat-da goýup bolmaýar, gerek bolan serişdeleri-de saýlap bolmaýar. K.D.Uşinskiý şeýle diýipdir: Eger-de pedagogika adamy hemmetaraplaýyn terbiýelejek bolsa, ol ony hemme taraplaýyn bilmelidir, öwrenmelidir.

Diagnoz bilen bir hatarda prognoz (grek sözi prognosis öňünden görmek = pro öňden, + gnosis - bilim) çaklama. Çaklama bu mugallymyň öz işiniň netijesini öňünden bilmegidir we şoňa görä öz işi guramalydyr. Öz işiniň netijesini anyklap bilmedik, onuň netijesine çaklamagyň üsti bilen bilmedik mugallym öz ýoluny ýitirp, ony tapyp bilmedik adam bilen deňeşdirilýär.

Proýektiň tapgyrlary Işiň netijeleri Funksiýalar

 

Diagnozyň we çaklamanyň maglumatlaryny ele alyp mugallym okuw terbiýeçilik işiniň proýektini taýýarlamaga girişýär.

Proýektiw funksiýa geljekki işiň modeliniň konstruksiýasyny (gurluşyny) gurmaga, gerek bolan serişdeleri we usullary saýlamaga, gerek wagty, gerek maksada ýetmegi, gelnen netijeleri bahalandyrmagyň görnüşlerini we formalary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Diagnoz (anyklaýyş) prognoz (çaklama), proýekt funksiýalar ýerine ýetirilenden soň, okuw-terbiýeçilik işiniň meýilnamasyny düzmek gezegi gelýär. Hünärmen-mugallym hemmetaraplaýyn taýýarlanan her bir bölumi pikirlenen meýilnamasyz synpa girip bilmez. Meýilnamanyň göwrümide, nähili ýerine ýetirilendigi-de, mugallym ony sapakda elinden goýmaýarmy ýa-da ýatdan bilýärmi bular hökman däl. Esasy zat onuň hökman bolmagy, ýeri gelende aýtsak ussat mugallymlar bir däl, birnäçe wariantly meýilnama düzýärler.

Mugallymyň okuw-terbiýeçilik işine taýýarlanyş döwründe düzýän her bir proýekti (plany) diagnoz (anyklaýyş), prognoz (çaklama), proýekt we meýilnama funksiýalaryň ýerine ýetirilmegi bilen amala aşyrylmalydyr.

Geljekki etapda, tapgyrda mugallym öz pikirini amala aşyrmak üçin maglumat, guramaçylyk, bahalandyryş, gözegçilik we düzediş (korrektorowka) funksiýalaryny ýerine ýetirýär. Mugallymyň guramaçylyk funksiýasy okuwçylary işe çekmek, öňde goýlan maksada ýetmek üçin olar bilen hyzmatdaşlyk etmek. Mugallymyň maglumat funksiýasy onuň maglumatlardan peýdalanyşy. Okuwçylar üçin ilkinji we wajyp maglumat çeşmesi mugallymyň özi. Ol öz predmetini ony okatmagyň usulyny, pedagogikany, psihologiýany doly bilýär. Mugallymyň gözegçilik bahalandyryş we düzediş funksiýalary käbir wagt bir düzüme düzulen mugallyma gerek bolan höweslendiriji täsirler hökmünde ulanylýar. Okuwçylar bilen işlände olara käýýäp, olaryň üstüne gygyryp işi ýerine ýetirip bolmaz. Esasy zat stimul gyzyklandyrmadyr.

Mugallymyň işiniň jemleýji bölüminde ol analitiki (seljeriş) funksiýasyny ýerine ýetirýär. Onuň esasy mazmuny ýerine ýetirilen işiň netijesini seljermek, ýüze çykan kemçilikleri öwrenip, olaryň sebäplerini kesgitläp geljekde bu ýalňyşlyklaryň we kemçilikleriň ýüze çykmagyna ýol bermezlik.

 





:


: 2018-11-11; !; : 718 |


:

:

, ,
==> ...

741 - | 735 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .