.


:




:

































 

 

 

 


Yacute;etginjekleriň we ýokary synp okuwçylarynyň şahsyýetiniň hillerini diagnostirlemek (anyklamak).




 

Synalýanlara jogap listi berilýär ýa-da synp tagtasyna çyzylyp görkezilýär, olar hem şondan çyzyp alýarlar.

Synalýanlara instruksiýa. Degişli maglumatlary öwrenenden soň, siz islendik işi ýerine ýetirip bilersiňiz diýeliň. Şeýle işi saýlamakda iki mümkinçiliklerden birini saýlap alyň we şonuň tertibiniň we indeksiniň gapdalynda + goýuň.

1a. Haýwanlary idetmeklik ýa-da, 1b. Maşynlara, gurallara hyzmat etmek (sazlamak, gözegçilik etmek).

2a. Kesellere ýardam etmek, olary bejermek ýa-da, 2b. Hasaplaýyş maşynlaryna tablisalar, shemalar, maksatnamalar düzmek.

3a. Kitaplara, plakatlara, otkrytkalara, disklere gözegçilik etmek, ýa-da 3b. Ösümlikleriň ýagdaýlaryna, ösüşine gözegçilik etmek.

4a. Materiallar bilen (agaç, mata, plastmassa, demir we ş.m.) işlemek, ýa-da 4b. Önümleri satyjylara eltmek (satmak, reklama).

5a. Ylmy-populýar kitaplary, makalalary ara-alyp maslahatlaşmak, ýa-da 5b. Çeper kitaplary (filmleri, konsertleri) ara alyp maslahatlaşmak.

6a. Haýwanlaryň nähilidir görnüşini kiçilerini (ýaşlaryny) ösdürmek, ýa-da 6b. Ýoldaşlaryňy ýa-da kiçi ýaşlylary nähilidir işlerde (zähmet, sport) türgenleşdirmek.

7a. Şekilleri köpeltmek (saz gurallaryny sazlamak), ýa-da 7b. Nähilidir ýük göterýän maşyny ýük kranyny, traktory, teplowozy dolandyrmak.

8a. Adamlara zerur maglumatlary bermek, düşündirmek, ýa-da 8b. Sergileri, witrinalary çeperçilikli bezemek (ýa-da konsertleri, pýesalary taýýarlamaga gatnaşmak).

9a. Zatlary (geýimleri, tehnikany), ýaşaýyş jaýyny remont etmek, ýa-da 9b. Tekstdäki, tablisalardaky, şekillerdäki ýalňyşlary gözlemek we düzetmek.

10a. Haýwanlaryň kesellerini bejermek, ýa-da 10b. Hasaplamalary ýerine ýetirmek.

11a. Ösümlikleriň täze görnüşlerini döretmek, ýa-da 11b. Senagat önümleriniň (maşynlaryň, geýimleriň, oýun, iýmitleriň) täze görnüşlerini proýektirlemek, konstruirlemek.

12a. Jedellerde, tersleşmelerde adamlara araçy bolmak, olara düşündirmek, ynandyrmak, höweslendirmek, temmi bermek, ýa-da 12b. Çyzgylary, shemalary, tablisalary öwrenmek (barlamak, takyklamak, tertibe getirmek).

13a. Çeper höwesjeňler gurnagyna gözegçilik etmek, öwrenmek, ýa-da 13b. Mikroblaryň ýaşaýşyna syn etmek, öwrenmek.

14a. Medisina gurallaryna, apparatlaryna hyzmat etmek, sazlamak, ýa-da 14b. Adamlar ýaralananda, oda köýende, ýykylanda olara medisina kömegini bermek.

15a. Ölçenýän obýektler, syn edilýän wakalar hakynda takyk ýazyp beýan etmeleri, hasabaty düzmek, ýa-da 15b. Syn edilýän wakalary çeperçilikli beýan etmek ýa-da şekillendirmek.

16a. Keselhanada laboratoriýa seljerilişini ýerine ýetirmek, ýa-da 16b. Keselleri kabul etmek, seretmek, gürrüňleşmek we bejermegi bellemek.

17a. Jaýlaryň diwarlarynyň ýa-da zatlaryň üstüni reňklemek, bezemek, ýa-da 17b. Maşynlary gurallary ýygnamak, jaýlary montažlamak.

18a. Deň-duşlary ýa-da kiçi ýaşlylar üçin ekskursiýalar (teatrlara, muzeýlere (mirashanalara)) turistik ýörişler guramak, alyp gitmek, ýa-da 18b. Sahnada oýnamak, konsertlerde çykyş etmek.

19a. Çyzgylary boýunça önümleri (maşynlary, geýimleri) taýýarlamak, jaý gurmak, ýa-da 19b. Çyzuw bilen meşgullanmak, çyzgylary we kartalary göçürmek.

20a. Ösümlikleriň keselleri, agaçlar we baga zyýan berijiler bilen göreşmek, ýa-da 20b. Klawişaly maşynlarda (ýazuw maşinkasynda, kompýuterlerde, teletaýpda, ýygnaýan maşynda) işlemek.

 

         
1a 1b 2a 2b 3a
3b 4a 4b 5a 5b
6a   6b   7a
  7b 8a   8b
  9a   9b  
10a     10b  
11a 11b 12a 12b 13a
13b 14a 14b 15a 15b
16a   16b   17a
  17b 18a   18b
  19a   19b  
20a     20b  
         


Netijeleri işlemek: Jogap listindäki sütünler şeýle hünärlere degişlidir olary okuwçylar iň soňky setirde ýazýarlar: 1-tebigat; 2-tehnika; 3-adamlar; 4-bellik ulgamlary; 5 çeperçilik tipli hünärlerdir. Her bir sütündäki + sanalýar we iň soňky boş setirde ýazylýar. Plýuslaryň maksimal sany 8, minimaly nol (0). Okuwçy haýsy sütünde köp + toplan bolsa, şol ugurdaky hünärlere gyzyklanmalary, niýetleri ýokary hasaplanýar.

San netijeler jemlenenden soňra, okuwçylar bilen hil netijeler, kimiň haýsy ugurlary saýlap alanlygy, halaýanlygy ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärleriň her toparyna anyk mysallar getirilýär, olardan halaýanlary anyklanylýar.

Maglumatlar ata-eneler, mugallymlar, mekdep ýolbaşçylary, önümçiligiň ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşylýar, hünäre gönükdirilişi anyklanýar.





:


: 2018-11-11; !; : 495 |


:

:

.
==> ...

1808 - | 1665 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.013 .