.


:




:

































 

 

 

 


Ouml;süşiň anyklanylyşy




Pedagogik tejribede okuwçylaryň ösüş derejesini öwrenmeklik wajyp hasaplanýar. Onuň sebäbi ösüşiň derejesini bilmän, adamda bolup geçýän üýtgeýişleri bilmän, ony dogry dolandyryp bolmaz. Belli rus pedagogy K.D. Uşinskiý şeýle diýýär: Eger pedagogika adamy ähli taraplaýyn terbiýelejek bolsa, onda ol ony öňünden hemmetaraplaýyn öwrenmelidir

Diagnostika (grek sözi bolup dia arassa, gnozis bilim) öwrenýän obýekt barada dogry maglumat almakdyr.

Adamyň beden ösüşini anyklamak aňsat. Onuň üçin dünýäniň islendik künjeginde ýörite düzülen ösüşiň umumy we ýörite hilini ölçeýän soragnamalar (testler) ulanýarlar. Adamyň öňünde goýan meseleleri ýerine ýetirişine görä onuň beden taýdan ösüşi barada netije çykarylýar. Alnan maglumatlar ýaş mümkinçilikleri bilen deňeşdirilýär.

Adamyň ruhy ösüşini anyklamak örän kyn. Ony kesgitlemek üçin ulanylýan usullar çylşyrymly, göwrümi boýunça uly we ýalňyş netije bermegi-de mümkin. Onuň üçin adamyň saglygyny hemmetaraplaýyn, bütewüleýin barlamaly, onuň sosial, psihologik ösüşi barada maglumatlary toplamaly. Onuň üçin ýörite abzallaşdyrylan klinikalar, laboratoriýalar gerek.

Real pedagogik tejribede mugallymlar şahsyýetiň aýry-aýry hillerini öwrenýärler, ýöne bu barlaglaryň netijesinde şahsyýetiň ösüşine baha berip bolmaz. Her bir barlag üçin ýörite hünärmenler tarapyndan taýyarlanan testler (soragnamalar) ulanylmaly. Testiň (soragnamanyň) nädogry ulanylmagy adamyň ösüşine, saglygyna otrisatel täsir etmegi mümkin.

Daşary ýurtlarda şahsyýetiň ösüşi we oňa edýän täsirler nähili öwrenilýärkä? Olarda bu meselä nähili garaýyşlar barka? Daşary ýurtly şahsyýet meselesini öwrenijiler häzirki jemgyýet üçin orta raýaty terbiýelemegi öňe sürýärler. Adam lokator D. Rismen, guramaçylykly adam W.G. Uaýt, bir ölçegli adam G. Markuze, topar adamy R. Gwardini we G. Marsel.

XX asyryň 70-nji ýyllarynda amerikan pedagoglary Öndürijilikli şahsyýet taýýarlamak meselesini öňe sürdüler. Bu görnüşli şahsyýetiň hilleri: öz-özüňi sylaýan, özüniň aýrabaşga hillerini bilýän, özüniň jogapkärligini duýýan, ösen, gymmatlyklar ulgamyny bilýän diýip hasap edipdirler.

Belli nemes sosiology Ý. Habermas indiwidual (aýrabaşga) häsiýet atly adalgany öňe sürýär we şeýle şahsyýeti terbiýelemegi hödürleýär.

Fransuz pedagogy K. Ýumel özüni özbaşdak alyp barýan şahsyýeti terbiýelemegi hödürleýär.

Ýokardaky ady agzalan şahsyýet meselesini çözmäge synanyşýan daşary ýurt alymlarynyň garaýyşlary bu meseläniň ähli adamzady gyzyklandyrýandygy barada habar berýär we bu maglumatlar ylmy dünýägaraýşy terbiýelemäge mümkinçilik berýär.

Geliň şahsyýetiň ösüşini öwrenmek üçin ulanylýan testler bilen tanşalyň. Şahsyýeti hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin tejribede bir däl, kompleks testler (toplumlaýyn) ulanylýar. Mysal üçin çeh psihology Ý. Ýyrasekanyň testi bilen tanyşalyň. Bu test 6 ýaşly çagalaryň werbal (sözleýiş) pikirlenişini anyklamak üçin we olaryň mekdebe taýyarlygyny kesgitlemek üçin ulanylýar.

Test (werbal pikirlenme).

1. Haýwanlaryň haýsysy uly atmy ýa-da it?

At = 0; nädogry jogap = -5.

2. Irden biz ertirlik edýäs, günortan .?

Günortanlyk=0, agşamlyk, ýatýas we ş.m.=-3.

3. Gündiz ýagty, gije bolsa .

Garaňky =0, nädogry jogap = -4

4. Asman gök, ot .

ýaşyl=0, nädogry jogap = -4.

5. Alma, üzüm, erik bular näme?

miwe=1, nädogry = -1.

6. Poýezd geçmezden näme üçin ýol ýapylýar?

Hiç kim poýezdiň aşagyna düzmeşligi üçin we ş.m.=0; nädogry jogap = -1.

7. Sagat näçe? (Kagyzdan ýasalan sagatda wagty görkezmeli).

Dogry jogap=4; bilmeýär=0.

8. Aşgabat, Türkmenabat, Mary bular nämäniň ady?

şäherler=1; stansiýanyň ady=0; nädogry jogap =-1.

9. Kiçijik sygyr-gölejik, kiçijik geçi bu , kiçijik goýun bu

owlajyk=1; ikisinden birine jogap=0; nädogry jogap=-1

10. It pişige köp meňzeşmi ýa-da towuga?

pişige (meňzeşligi görkezip)=0; pişige(meňzeşligini görkezmän)=1;

nädogry jogap=-3.

11. Näme üçin ähli maşynlarda tormozy bar?

Iki häsiýeti (saklamak üçin, ýokardan aşak ýörände)=1;

bir häsiýet=0; nädogry jogap=-1.

12. Çekiç bilen palta biri-birine nähili meňzeşligi bar?

Iki meňzeşlik=3; bir meňzeşlik=-2; nädogry jogap=0.

13. Towşan bilen pişik biri-birine nähili meňzeýärler?

Iki häsiýetini kesgitlese (4 aýak, guýruk we ş.m.)=3;

bir häsiýeti kesgitlese=2; nädogry jogap=0.

14. Sen nähili aragatnaşyk serişdelerini bilýäň?

3 sanysynyň adyny bilse=4; aýdandan soň=2; nädogry jogap=0.

15. Garry adam ýaş adamdan nähili tapawutlanýar?

3 aratapawudy bilse=4; iki ýa-da birini bilse=2; nädogry jogap=0.

16. Adamlar näme üçin sport bilen meşgullanýarlar?

iki sebäbini aýtsa=4; bir sebäbini aýtsa=2; nädogry jogap=0.

17. Näme üçin adam işden boýun gaçyrsa, bu ýaman häsiýet?

Dogry jogap=2; nädogry jogap=0.

18. Näme üçin ululary sylamaly?

Dogry jogap=5; nädogry jogap=0.

19. Futbol, woleýbol, basketbol, tennis bular .?

Sportuň görnüşleri (bedenterbiýe)=3; oýun=2; nädogry jogap=0.

20. Çüý bilen iňňäniň aratapawudyny bilýäňmi? Olary nähili aratapawutlandyrmaly?

Çüý bir zady kakmak, berkitmek üçin gerek=3;

Iňňe tikin tikmek üçin gerek=2;

Nädogry jogap=0.

 

Testiň netijesi + we - jemi bilen kesgitlenýär.

Örän ýagşy +24 we ýokary.

Ýagşy +14-den tä +23 çenli.

Kanagatlanarly +0-den +13-e çenli.

Ýaramaz -1-den -10 çenli.

Örän ýaramaz -11 we ondan ýokary.





:


: 2018-11-11; !; : 534 |


:

:

- - , .
==> ...

1492 - | 1487 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.021 .