.


:




:

































 

 

 

 


Terbiýäniň maksatlarynyň köpdürliligi




Terbiýäniň köpdürliligi haýran galdyrmaýar. Maksadyň kesgitlenişine esas bolan garaýyşlaryň, pikirleriň, konsepsiýalaryň, çemeleşmekleriň köpdürliligi haýran galdyrýar.

Terbiýäniň maksady baradaky söweş eýýam antik döwürde başlanypdy. Gadymy döwrüň akyldarlary terbiýäniň maksadynyň adamda ahlaklylygy, ynsanperwerligi, terbiýelemekligi bilen ylalaşdylar. Ýöne adamkärçilik näme diýen soraga jogap bermekde olaryň pikirleri dürli-dürli boldy. Platon adamyň aklyny, erkini, duýgusyny terbiýelemäge uly orun berdi. Aristotel mertligi, merdanalygy, ten berkligini, çydamlylygy, adalatlygy, ýokary intellektual we moral arassalygy terbiýelemegi öňe sürdi.

Ý. A. Komenskiý terbiýäniň güýjüniň serhetsizligine, bimöçberdigine ynanýardy. Ol özüniň Eneler mekdebi diýen kitabynyň epigrafy edip, Siseronyň Döwletiň ähli esaslary ösüp gelýän ýaş nesli dogry terbiýelemekdir diýen sözlerini aldy. Ý. A. Komenskiniň pikirine görä, terbiýe üç maksada ýetmäge gönükdirilmelidir: özüňi we daşky dünýäni öwrenmek (akyl terbiýesi); öz-özüňi dolandyrmak (ahlak terbiýesi); hudaýa ymtylmak (dini terbiýe).

Iňlis filosofy we pedagogy Džon lokk terbiýäniň esasy maksady džentelmeniň öz işini akylly paýhasly alyp baryp bilýän adamy taýýarlamakdyr. Bu džentelmen öz işini dogry alyp barmakdan başga-da akylly, tejribe bilimleri ele alan, işjeň, inisiatiwaly bolmalydyr.

Fransuz filosofy K. Gelwesiý terbiýäniň esasyna ýeke maksat goýulmalydyr diýýär. Ol maksat jemgyýetiň gowy ösüşine gönükdirilen bolmalydyr. Ol maksat mümkin boldygyndan köp raýatlaryň bagtly ýaşamagyna, öz isleglerini kanagatlandyrmaga getirmelidir. Terbiýäniň maksady raýatlaryň ýüregini ynsanperwerlik üçin, olaryň aklyny dogryçyllyk üçin açmak we olardan dogry pikirlenýän, adamlary duýýan, söýýän, aňynda öz şahsy isleglerini ähli halkyň islegleri bilen baýlaşdyrýan raýatlary terbiýeläp ýetişdirmekdir.

Ž.Ž. Russo terbiýäniň maksatlaryny umumy adamzat gymmatlyklaryny terbiýelemäge boýun etmek tarapdary bolup çykyş edýär. Dünýä inende adam ejiz, öz-özüne kömek edip bilmeýär, şonuň üçin adama terbiýe hökman gerek. Terbiýäniň maksady adamy döretmekdir. Ýaşamak şu hünäre men ony (adamy) öwretmegi isleýärin. Meniň elimden çykan terbiýelenen adam belki kazy, esger, dindar bolmaz, ýöne ol ilki bilen adam bolar, adam nähili bolmaly bolsa bolar, durmuşyň ony nirden-nirä geçirmegine garamazdan, ol hemişe öz ornunda bolar.

Şweýsar pedagogy I. Pestolossi terbiýäniň maksady adama tebigat tarapyndan berlen zehinleri, başarnyklary yzygiderli kämilleşdirip adamyň güýjüni we başarnyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmekdir.

Filosof-pedagog E. Kant terbiýä uly bil baglap, onuň maksadyny çagany ertirki durmuşa taýýarlamak diýip kesgitledi. Çagalar häzirki zaman üçin däl, geljek üçin üçin terbiýelenmeli, adamyň nesliniň gowulanmagy üçin terbiýelenmelidir.

Nemes pedagogy I. Gerbart terbiýäniň esasy wezipesi çaganyň gyzyklanmasyny ähli taraplaýyn ösdürmek we adamy hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek diýip belleýär. Terbiýäniň idealy ynsanperwer adam. Bu maksada ömürlik we üýtgemeýän maksat hökmünde garaýar. Beýle diýmek bilen hereket edýän gatnaşyklary, kabul edilen talaplary sylaýan raýaty terbiýelemegi göz öňünde tutýar.

Rus pedagogy K.D. Uşinskiý terbiýäniň esasy maksady ahlak sypatlary terbiýelemekdir diýip belleýär.

XX asyryň başynda çap edilen Pedagogikanyň, dialektikanyň we usulyň kursy kitabynyň awtory A. Tihomirow terbiýäniň maksadyny şeýle kesgitleýär: Akylly we mylakatly adam ine jedelsiz terbiýäniň maksady. Oňa hudaýyň sözide, halkyň dogry pikride şeýle düşünýär.

Şu pikir bilen XX asyryň başlarynda ýaşap geçen rus pedagogy M. Demkow hem ylalaşyp şeýle ýazýar: Adamyň durmuşynda din we ahlak uly orun tutýar. Adamyň özüni ahlakly alyp barmagyny bu medeni faktorlaryň täsirlerine garaşlydyr. Olaryň täsirleriniň berkligi ahlak-dini terbiýäniň esasy meselesidir. XX asyryň başlarynda terbiýe ulgamynyň esasy talaby halkylyk (halkylygy terbiýelemek) boldy. 1913-nji ýylda çap edilen pedagogika kitabynda ösüp gelýän ýaş nesli jemgyýet üçin terbiýelemeli diýlip bellenen.

 





:


: 2018-11-11; !; : 498 |


:

:

, .
==> ...

1630 - | 1445 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.008 .