.


:




:

































 

 

 

 


Häzirki zaman pedagogika ylmynyň ösüşi




 

Ýewropa döwletleriniň bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini seljerip, deňeşdirip pedagogikanyň nazarýetiniň we tejribesiniň mazmunyny, bilim filosofiýasynyň düzýändigine göz ýetirýäs. Häzirki zaman Ýewropa pedagogikasynyň, mekdebiniň we biliminiň Ýa. A. Komenskiniň, I.G. Pestolossiniň, F. Frebeliň, I.F. Gerbartyň, A.Disterwegiň, D.Dýunyň filosofiki pedagogik pikirleri esasynda ýüze çykyp ösendigi aýdyňdyr. Olaryň pikirleri XIX-XX asyrlarda, XXI asyryň başlarynda ösüp, Ýewropa mekdepleriniň biliminiň klassiki modeliniň esasy bolup gelip, özüniň häsiýetini üýtgetmän geldiler. Olaryň bilimiň mazmuny we maksady, okatmagyň görnüşleri we usullary, pedagogik prosesiň gurluşy we mekdep durmuşy baradaky pikirleri şu günem esas hökmünde kabul edilýär.

XX asyryň başyndan 70-nji ýyllar aralygynda esaslanan biziň öwrenen pedagogika ylmymyzyň ideologiýasy bu günler öz manysyny ýitirdi we hemmetaraplaýyn tankyt edildi. Okuw dersleriniň gurluşynyň we geçirilişiniň esasy edilip yzygiderli bilim almak goýuldy. Okatmagyň esasy görnüşi bolsa synp-sapak ulgamy boldy. Esasy üns nazarýeti öwrenmäge berildi, okuwçy daşda galdy. Şondan soň pedagogika çagasyz pedagogika diýip at dakdylar.

XX asyryň 80-nji ýyllaryndan başlap dialog, hyzmatdaşlyk, bilelikdäki hereket, başga adamyň garaýşyna düşünmek, şahsyýeti sylamak pedagogika ylmynda öz ornuny tapdy. Durmuş häzirki zaman pedagogika ylmynyň öňünde ynsanperwerlik däplerini dikeltmek, adamy we onuň ösüşini özüniň esasy meselesi edip goýmagy talap etdi. Bu meseleleriň çözgüdi we pedagogika ylmynyň usulyýet esasy hökmünde çykyş edýän ynsanperwer bilim filosofiýasyny işläp düzmegi talap edýär.

Häzirki zaman pedagogikasynyň ösüş mehanizmi hökmünde aksiologiki ýa-da gymmatlyklar baradaky çemeleşme hyzmat edýär.

Aksiologiki çemeleşme ynsanperwer pedagogikanyň esasydyr, sebäbi adam onda jemgyýetiň iň esasy gymmatlygy hasap edilýär.

Bilimiň ynsanperwerlik gönükdirilenligi onuň häzirki döwürdäki bilimleri, başarnyklary, endikleri, öwrendikleri kämilleşdirmek maksadyna garaýyşlary üýtgedýär.

Pedagogiki gymmatlyklar öz gezeginde: şahsy-pedagogik; toparlaýyn pedagogik we sosial-pedagogik gymmatlyklara bölünýärler.

Şahsy-pedagogik gymmatlyklar olarda mugallymyň şahsyýetini gymmatlyklary - onuň maksady, itergileri (motiw), idealy, öňünde goýan meseleleri we başga dünýägaraýyş häsiýetleri jemlenýär.

Toparlaýyn pedagogik gymmatlyklar aýratyn bir okuw jaýynyň pedagogik işini gönükdirýän, regulirleýän pikirleri, konsepsiýalary, normalary öz içine alýar.

Sosial-pedagogik gymmatlyklar aýratyn sosial ulgamda hereket edýän we jemgyýetiň aňynda ýüze çykýan gymmatlyklaryň häsiýetini we mazmuny beýan edýär.

Bu gymmatlyklaryň arasyndan özüňe ýeterlik gymmatlyklary, serişde gymmatlyklary, aragatnaşyk gymmatlyklary, bilim gymmatlyklary ýaly görnüşleri bardyr. Olaryň mazmunynyň üstünde degişli temalar öwrelinende durup geçeris.

XX asyryň ahyrlarynda häzirki zaman pedagogikasynyň aýratyn pudaklary-da ýüze çykyp başlady: prenatal pedagogikasy - çagany enesiniň göwresindäkä terbiýelemek; - androgogika we gerogogika uly ýaşly adamlary terbiýelemek; - penitensiar pedagogikasy gaýtadan terbiýelemek meselelerini çözmek bilen meşgullanýarlar.

Häzirki zaman pedagogikasynyň mazmuny - aksiologiýa gymmatlyklar aragatnaşygyny öwrenýän, - waleologiýa ruh we sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemek bilen meşgullanýan; - akmeologiýa hünär ussatlygynyň ýokary derejesine ýetmek we döredijilik endikleri köp ýyllap saklamagy öwrenýän; - wiktimologiýa - adamyň durmuşynda nesle geçijiligiň täsirini öwrenýän nazary akymlaryň mazmuny bilen baýlaşdyrmaly.

Häzirki zaman pedagogikasy häzirki zaman pedagogik konsepsiýalarynyň mazmuny bilen hem ýaraglanmaly, olar:

- pragmatizm terbiýäniň we bilimiň durmuş bilen tejribe bilen baglylygy;

- neopozitiwizm täze ynsanperwerlik;

- ekzistensializm şahsyýet (adam) dünýäde iň ýokary gymmatlykdyr;

- neotomizm diniň adamy terbiýelemekdäki orny;

- bihewiorizm özüňi alyp barmagy terbiýelemek, adamy ylmyň iň ösen derejesinde terbiýelemek.





:


: 2018-11-11; !; : 1042 |


:

:

- , .
==> ...

1565 - | 1378 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.011 .