.


:




:

































 

 

 

 


Ahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we terbiýelemegiň maksady we mazmuny




Ilki bilen terbiýäniň ýüze çykyşy baradaky pikirleri seljereliň. Bilim filosofiýanyň berýän maglumatlaryny seljerip terbiýäniň ýüze çykyşy baradaky nazarýetleri şu aşakdaky görnüşinde beýan edýäris.

1. Jeturno we Espinas terbiýäniň ýüze çykmagyny haýwanlaryň durmuşyndan alnan maglumatlar bilen berkitjek bolup şeýle diýýärler: Terbiýäniň ýüze çykyşy edil haýwanlarda bar bolan, biologiki, öz akymlaýyn tebigy hadysadyr. Bu hadysanyň esasy öz urugyny dowam etmek we tebigy saýlaw kanunydyr.

2. Amerikan alymy Monro terbiýe bu çagalaryň ululara aňsyz öýkünmesidir diýip belleýär.

3. Terbiýäniň ýüze çykmagynda esasy orny zähmet tutýar. (Bu pikir XX asyryň 30-njy ýyllaryndan tä 80-nji ýyllar aralygynda sowet pedagoglary tarapyndan öňe sürüldi).

4. Terbiýe bu adamyň jemgyýetiň talabyna boýun bolmagynyň netijesidir. (Z.Freýd)

5. Biologizatorlar (biologiki ugur).Adam bu tebigy jandardyr, onuň özüni alyp barşy dogabitdi instinktdir. Olaryň aýtmagyna görä, terbiýäniň ýüze çykmagynyň esasynda instinkt ýatyr.

6. Sosiologik ugur terbiýäniň ýüze çykmagyna daşky gurşaw täsir edipdir diýip belleýärler.

7. Konserwatiw ugur (Dž.Diýu, Rodjers, Kelli) terbiýäniň ýüze çykmagynda aýrabaşga (ýekebara) aýratynlyklar bar. Bu ugur pragmatik-utilitar ugurdyr. Olar terbiýäniň ýüze çykmagynda peýda ýatyr diýip düşundirýärler.

8. Gumanistik (ynsanperwerlik) ugur Platon, Aristotel, Ýum, Kant, Herst, Piters, Uornan, Piaže, Kolberg, Brunner terbiýäniň ýüze çykmagynda ynsanperwerlik esasy bar diýip düşündirýärler.

9. Irrasional ugur (Germaniýa) terbiýäniň ýüze çykmasy bu indiwidual (ýekbara, aýrybaşga) ýagdaýdyr.

10. Siýentistko tehnokratik ugur terbiýäniň ýüze çykmagy, bu adamyň özüni alyp baryş tehnologiýasydyr.

11. Bihewiorizm - (Skinner) terbiýe okatmak prosesinde ýüze çykýan hadysadyr.

Ýokarda ady agzalan pikirler bilen tanşyp, şeýle netije gelip bolar. Birinjiden, olaryň her haýsysynyň terbiýäniň ýüze çykmagynda azda-kem orny bar; Ikinjiden, bu garaýyşlar terbiýäniň örän çylşyrymly, giň manyly hadysadygyny beýan edýärler.

Terbiýäniň maksady bu terbiýäniň geljegi, gönükdirilenligidir. Islendik terbiýe iň bir kiçijik meseleden tä döwlet möçberindäki maksatnama çenli hemişe maksadagönükdirilendir. Maksatsyz, hiç bir gönükdirilmedik terbiýe bolmaýar. Terbiýäniň maksadyna - mazmun, guramaçylyk, görnüşler we terbiýäniň usullary boýun bolýarlar. Şonuň üçin pedagogikada terbiýäniň maksady iň esasy soraglaryň biri bolup durýar. Mekdep, terbiýeçiler özüniň tejribe işinde nämä ymtylmaly, nähili netijeler gazanmaly diýen soraglar esasy düýp soraglardyr.

Terbiýäniň umumy we indiwidual (aýrabaşga, ýekebara) maksatlary bellenilýär. Haçanda hemme adamlarda ýüze çykmaly hilleri terbiýelemek barada gürrüň gitse, onda terbiýäniň umumy maksady ýüze çykýar. Haçanda belli bir adamy terbiýelemek barada gürrüň gitse, onda terbiýäniň indiwidual (aýrabaşga, ýekebara) maksady ýüze çykýar. Häzirki zaman öňde baryjy pedagogikasy terbiýäniň umumy we indiwidual maksatlarynyň birligi, umumylygy barada çykyş edýär.

Maksat terbiýäniň umumy maksadagönükdirilenligini aňladýar. Tejribede ýerine ýetirilende, ol konkret meseleler ulgamy hökmünde çykyş edýär. Maksat we meseleler bütewi we bölek, ulgam we onuň düzümleri hökmünde arabaglanyşýarlar. Şonuň üçin hem terbiýäniň maksadyna şeýle kesgitleme bersek bolar: terbiýäniň maksady bu terbiýäniň üsti bilen çözülýän meseleler ulgamydyr.

Terbiýäniň maksady bilen kesgitlenýän umumy we anyk meseleler köpdür. Ýöne aýry alnan bir terbiýäniň ulgamynda onuň maksady birdir. Şol bir wagtyň özünde, şol bir ýerde terbiýe dürli maksatlara gönükdirilen bolup bilmez. Maksat terbiýe ulgamynyň kesgitleýji häsiýetnamasydyr. Bir ulgamy başga birinden olaryň maksady we serişdeleri aratapawutlandyrýarlar.

Häzirki zaman dünýäsinde örän köp terbiýäniň maksady we olara degişli terbiýe ulgamlary bar. Bu terbiýe ulgamlaryň her haýsy öz maksady bilen häsiýetlendirilýär, her bir maksat özüniň amala aşmagyna kesgitlenen şertleri we serişdeleri talap edýär. Maksatlaryň aratapawudy giň, olar adamyň aýratyn bir häsiýetini ýa-da şahsyýetini düýbünden üýtgetmäne çenlidir. Maksatlaryň köplügi ýene-de bir gezek terbiýäniň örän çylşyrymlylygyny tassyklaýar.

Terbiýäniň maksatlary nähili ýüze çykýarlar? Olaryň ýüze çykmagynda köp obýektiw sebäpler bar. Terbiýäniň maksadynyň umumy gönükdirilenligini organizmiň fiziologiki ösüşiniň, adamlaryň psihiki ösüşiniň, filosofiýanyň we pedagogikanyň täzelikleri, jemgyýetiň medeniýetiniň derejesiniň kanunalaýyklyklary kesgitleýärler. Ýöne esasy kesgitleýji faktor hökmünde ideologiýa, döwlet syýasaty çykyş edýär. Şonuň üçin hem terbiýäniň maksady synplylyk häsiýetinde bolýar. Käbir ýagdaýlarda terbiýäniň maksatlary öz esasy mazmunyny, gönükdirilenligini adamlardan dürli ýollar bilen gizläp saklaýarlar. Şu gün terbiýäniň maksadynyň ýurtda hereket edýän jemgyýetçilik aragatnaşyklaryna, dolandyrýan synpyň ideologiýasyna we syýasatyna ters gelýän bir döwlet hem ýokdur.

Pedagogikanyň taryhy bu terbiýe maksatlarynyň emele gelşi, ýüze çykyşy, amala aşyrylyşy we ýok bolşy, olaryň ýerine ýetiriliş pedagogik ulgamlary baradaky maglumatlaryň uzyn bir zynjyrydyr. Bu aýdylanlardan şeýle netije çykaryp bolar: terbiýäniň maksatlary hemişelik berlen bolup bilmeýärler, ähli döwürler we adamlar üçin niýetlenen formal-abstrakt maksatlarda bolup bilmez. Terbiýäniň maksatlary konkret (anyk) taryhy häsiýetli bolup, olar üýtgeýärler we hereketlenýärler.

Jemgyýetiň taryhy ösüşi terbiýäniň maksatlaryny özbaşdak (proizwolno) öňe sürmek, girizmek bolmaýandygyny tassyklaýar. Terbiýäniň maksadyny saýlanda, kesgitlände, goýanda tebigatyň, jemgyýetiň, adamyň ösüş kanunalaýyklyklaryna daýanmaly.

Terbiýäniň maksadyny kesgitlände onuň birnäçe sebäpleri ýüze çykaryldy. Olary toparlaýyn (kompleksleýin) hasaba almak terbiýäniň maksadynyň kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmaga kömek edýär. Terbiýäniň maksadyny saýlamaga täsir edýän faktorlar haýsylar? Bize eýýäm belli bolan döwletiň ideologiýasy, syýasat bilen bir hatarda jemgyýetiň talaby-da esasy faktorlaryň biridir. Terbiýäniň maksady jemgyýetiň taryhy talaby bolan jemgyýetiň funksiýalaryny ýerine ýetirýän ýaşlary taýýarlamakdyr. Ýöne jemgyýetiň talabynyň dogrudan-da wajyplygyny, onuň diňe bir çaklama däldigini kesgitlemeli. Köp terbiýeçilik ulgamlarynyň ýok bolup gitmeginiň sebäpleri, terbiýe bilen adamlaryň durmuşyny üýtgetmek islegleri, olaryň öz wagtyndan öň ýüze çykmagy, öz isleglerini durmuşyň islegi bilen deňeşdirmegidir, durmuşyň real ýagdaýlaryny hasaba almazlygydyr. Obýektiwliligi göz öňünde tutmaýan terbiýe hakykatyň täsiri astynda ýok bolmaga sezewardyr.

Jemgyýetiň talaplary önümçiligiň görnüşleri, önümçilik güýcleriniň ösüşi we önümçilik aragatnaşyklarynyň häsiýeti bilen kesgitlenýärler. Şonuň üçin hem terbiýäniň maksady jemgyýetiň ösüşini, derejesini görkezýär, onuň bilen kesgitlenýär we önümçiligiň görnüşleriniň üýtgemegi bilen üýtgeýär. Bu wajyp aragatnaşygy tassyklamak üçin jemgyýetçilik-ykdysady aragatnaşyklaryň görnüşleri boýunça terbiýäniň maksadynyň üýtgeýşini seljermek ýeterlikdir.

Terbiýäniň maksatlary diňe bir önümçiligiň görnüşleri bilen kesgitlenmeýärler. Olaryň emele gelmegine, ösmegine we kämilleşmegine başga faktorlaryňda täsiri bardyr. Olaryň arasynda ylmy-tehniki we sosial progresiň (ösüşiň) tizligi, jegyýetiň ykdysady mümkinçilikleri, pedagogikanyň nazarýetiniň we tejribesiniň ösüşi, okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň mümkinçilikleri we şuňa meňzeşler bardyr.

 





:


: 2018-11-11; !; : 508 |


:

:

, .
==> ...

1569 - | 1376 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.014 .