.


:




:

































 

 

 

 


Terbiýäniň wezipeleri




Jemgyýetiň, mekdebiň durmuşynda bolup geçen üýtgeşmeler terbiýäniň maksadyna täzeden garamagy talap etdi bu öz gezeginde terbiýäniň anyk wezipelerini kesgitlemekde birnäçe gapma-garşylyklaryň emele gelmegine getirdi. Şonuň üçin biz öňki mekdeplere mahsus bolan adaty wezipeleri-de, täze mekdepleriň öňünde durýan wezipeleride belläp geçeris.

Terbiýäniň adaty düzüm bölekleri akyl, beden, zähmet, politehniki, ahlak, estetiki terbiýelerdir. Terbiýäniň bu talaplary öz gözbaşyny terbiýe baradaky gadymy filosofiki ulgamlardan alýarlar.

Akyl terbiýesi. Okuwçylary ylymlaryň esasy bilimler ulgamy bilen ýaraglandyrýar. Ylmy bilimleri almak bilen okuwçylarda ylmy dünýägaraýşyň esaslary emele gelýär. Dünýägaraýyş adamyň tebigata, jemgyýete, zähmete, öwrenmäge bolan garaýyşlar ulgamydyr.

Bilimler ulgamynyň aňly özleşdirilmegi çaganyň logiki ösüşine, ýadyna, ünsüne, göz öňüne getirişine, akyl başarnyklaryna, tebigy zehininiň ösmegine ýardam edýär.

Akyl terbiýesiniň wezipeleri:

- kesgitlenen bilimler möçberini özleşdirmek;

- ylmy dünýä garaýşy kemala getirmek;

- akyl güýjüni, başarnyklaryny we zehinleri ösdürmek;

- bilesigelijiligi ösdürmek;

- bilesigelijilik aktiwligi kemala getirmek;

- öz bilimleriniň üstüni dolduryp durmak, umumy bilim we ýörite taýýarlyk derejäňi ýokarlandyrmak ösdürmek, talaplaryň ösüşi.

Akyl terbiýesiniň mekdebiň esasy wezipeleriniň biridiginiň gymmatlygy inkär edilmeýär. Ýöne akyl terbiýäniň gönükdirilenligi ata-enelerde, okuwçylarda, giň köpçülikde käbir garşylyklaryň ýüze çykmagyna getirdi. Sebäbi onuň mazmunyny köp babatda şahsyýeti ösdürmäge gönükdirmän, ony bilimler, başarnyklar, endikler bilen ýaraglandyrmaga gönükdirildi Bu ýagdaýda çagada dünýä emosional-gymmatlyklar hökmünde garamak, söhbetdeşlik tejribesi terbiýeden düşürilip galdyryldy. Durmuşyň tiz üýtgeýänini jemgyýetiň we şahsyýetiň talaplarynyň täzelenýänligini göz öňünde tutup, pedagoglaryň köp bölegi bilimiň gönükdirilenliginiň hemişe täzelenip durmagyny talap edýärler.

Beden terbiýesi - ähli terbiýe ulgamlarynyň aýrylmaz bölegidir. Esasynda hemmetaraplaýyn ösen önümçiligi bolan häzirki zaman jemgyýeti berk bedenli, zähmet çekip bilýän, kynçylyklary ýeňip geçip bilýän, Watanyny goramaga taýyar ýaşlary talap edýär. Şol bir hatarda beden terbiýesi akyl we zähmet işini ýerine ýetirmek hilleriniň ýüze çykmagyna-da täsir edýär.

Beden terbiýesiniň wezipeleri:

- saglygy berkitmek, bedeniň dogry ösüşini ýola goýmak;

- akyl we fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak;

- täze hereketleriň görnüşlerini öwretmek;

- tebigy hereket hillerini ösdürmek we kämilleşdirmek;

- esasy hereket hillerini ösdürmek (güýji, çydamlylygy, çeýeligi);

- gigiýeniki endikleri ösdürmek;

- ahlak hilleri ösdürmek (batyrgaýlyk, tertiplilik, gaýduwsyzlyk, jogapkärçilik, kollektiwizm);

- üznüksiz beden terbiýesi we sport bilen meşgullanmak islegini döretmek;

- hemişe sagdyn, şadyýan bolup, özüňe we daş-töweregiňe şatlyk paýlamaga ymtylmagy ösdürmek.

 





:


: 2018-11-11; !; : 500 |


:

:

.
==> ...

1412 - | 1382 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.011 .