.


:




:

































 

 

 

 


Ouml;süşiň ýaş we indiwidual aýratynlyklary




Adamyň beden we akyl taýdan ösüşiniň onuň ýaşy bilen berk baglanyşyklydygyny gadymy döwürlerden bäri bilipdirler. Munuň şeýledigini subut etmek gerek bolmandyr: adamyň ýaşy ulaldygyça ol akyllanýar, tejribesi köpelýär, bilimi artýar, bedeni ösýär. Her bir ýaş döwre özüniň beden, psihiki we sosial ösüş derejesi mahsusdyr. Bu birmeňzeşlik bütewilikde we umumylykda alnanda şeýledir. Ýöne bir konkret adamy alsak, onda her bir ýaş döwründe ösüşiň dürli görnüşinde gyşarnyklar ýüze çykmagy mümkin. Adamyň dogry ösüşini dolandyrmak üçin filosoflar we pedagoglar gadymdan ýaş aýratynlyklary toparlara bölmäge synanyşypdyrlar. Mysal üçin, gadymy Gresiýada Platon (427-343) ýaş aýratynlyklary şu döwürlere bölüpdir: 3 ýaşdan 6 ýaşa çenli; 7 ýaşdan 12 ýaşa çenli; 12-16 ýaşa çenli; 16-dan 18-e çenli; 18-den 20-ä çenli; 20-den 30-a çenli, 30-dan 35-e çenli; 35-den 50-ä çenli.

Aristotel (384-322) ýaş aýratynlyklar döwürlerini doglandan 7 ýaşa çenli; 7 ýaşdan 14 ýaşa çenli; 14 ýaşdan 21 ýaşa çenli. Bu ýaş aýratynlyklar toparlary özünde örän baý maglumatlary toplap adamy durmuşa taýýarlamakda uly orun tutupdyrlar.

XVI-XVII asyrdan soň, ýaş aýratynlyklar periodizasiýasynyň ösüşine Ý.A. Komenskiý, Stras, Býuller; Gorlok; Lewitow; Elkonin, Prşijoda, Wanek, Şwansera häsiýetnama berdiler. Mysal üçin, Ý. A. Komenskiniň ýaş aýratynlyklar ulgamy her 6 ýyly öz içine alypdyr. Doglandan 6 ýaşa çenli; 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli; 12-den 18-e çenli; 18-den 24-e çenli. Ýokardaky ady agzalan filosoflar, pedagoglar, psihologlar adamyň ösüş döwrüni ýaş aýratynlyklary boýunça parhlandyrmaklyga, olaryň hersi özüçe, dürli nukdaýnazardan baha beripdir.

Bu babatda beýik akyldar Magtymgulyny filolog, psiholog hem pedagog hökmünde göz öňüne getirip bolar. Onuň Nahama geldiň, Joşa ýetdiň, Ýaşynda, Don gerek, Jana ýetdiň, Düşen günlerim atly goşgularynda bir, bäş, on ýaşy öz içine alýan döwürler hem aýratynlykda häsiýetlendirilýär. Akyldaryň düşündirişine görä, çaga dünýä inen döwründen mekdep ýaşyna çenli bolan aralykda fiziologik we psihologik taýdan özgerýär, dürli oýunlar arkaly özara ýaryşyp türgenleşýär, bedenlerini berkidýär, ýagşy bilen ýamany parhlandyrmagy öwrenip başlaýar. Üç ýaşynda bolsa iň möhüm zada söz bilmek ukybyna eýe bolýar. Dört-bäş-alty ýaşlaryndan tä ýedi-sekiz ýaşlaryna çenli aralykda bolan günleriň, her birini bahar ýaz ýaly edip geçirýär. Şeýdibem ösýär hem ulalýar.

Şahyryň aýtmagyna görä, çaganyň ýedi-sekiz ýaşlarynda ösüşiň möhüm döwri başlanýar. Ol mekdebe gatnap ugraýar, bilim alýar, edep öwrenýär. Akyldaryň sözleri bilen aýtsak, onda ol ýola girýär.

Ýedide-mekdep gördüň,

Okadyň, ýola girdiň.

 

Görşümiz ýaly, çaga bilim bermekde, oňa edep öwretmekde ony belli bir rejä girizmekde mekdebiň aýratyn ähmiýetiniň barlygy nygtalyp bellenilýär.

Magtymgulynyň çaga üç ýaşynda sözlemegi öwrenýär, on alty ýaşlarynda bolsa ýetginjeklik döwrüni başdan geçirýär, ýöne bu ýagdaý hemmelerde birmeňzeş bolmaýar diýen pikiriniň häzirki döwüriň fiziologiýa ylmynyň şu mesele barada hödürleýän ýaş aýratynlyklaryna gabat gelmegi-de üns bererlikdir.

Magtymguly ýetginjeklik döwri baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär.

Gyz bilen bazy gurduň,

Tä on dört ýaşa ýetdiň.

On bäşä ýetse saly,

Galkar köňül hyýaly,

Çalar jahyllyk ýeli,

Juwan görner gözüne.

On ikimden gitdim on üç ýaşyma,

On dördümde heser urdy başyma,

On bäşimde gyzlar girdi düýşüme,

On altymda gaýnap joşan günlerim.

Akyldar ýetginjeklik döwrüň aýratynlygyny, ozaly bilen her bir ata-enäniň bilmegini, şoňa laýyklykda hereket etmegini işleýär. Nebsimiz agrysa-da, ata-eneleriň bir topary ogullarynyň we gyzlarynyň çagalyk döwri bilen hoşlaşyp, ýetginjeklik ýoluna gadam basyp, özüni alyp barşy, gylyk - häsiýeti boýunça özgerip başlaýandyklaryndan bihabar bolup galýarlar, şeýdip, kähalatlarda terbiýeçilik işinde soňundan düzetmesi örän kyn bolan halatlara ýol berýärler.

Pedagogika ylmy adamyň ösüş döwürlerini kesgitlemek netijesine töwerekleýip çemeleşýär, ýagny onuň psihologik (erk, emosiýa, gylyk-häsiýet, isleg we ş.m.), fiziki (beden, myşsa, muskullary (güýji)) taýdan ösüşini hem-de umumy (psihiki, fiziki, ahlak we beýleki sypatlary taýyndan) ösüşini tutuşlygyna (toplumlaýyn-kompleks) bilelikde göz öňünde tutýar.

Şu güne çenli hödürlenen çaga ýaş aýratynlyklar periodizasiýasy 20-30-dan geçdi we onuň üsti ýene ýetirilip dur. Sebäbi jedelsiz hemmäni kanagatlandyrýan belli bir ýaş aýratynlyklar periodizasiýasy häli şindi düzülmedi. Häzirki wagt iň ýörgünli hasap edilýän ýaş aýratynlyklar periodizasiýasyny seljereliň.

Ýaş aýratynlyklaryň toparlara bölnüşi periodizasiýasydyr. Belli bir ýaş döwre häsiýetli anatomiki-fiziologiki we psihiki hillere ýaş aýratynlyklary diýilýär. Ýaş aýratynlyklaryň sypaty beden ösüşiniň üsti bilen aýdyň görünýär. Adamyň ösüşi, agramy, dişleriniň ösüşi, jyns ösüşi we başga-da biologiki prosesler belli bir ýaş döwründe ýüze çykýarlar. Biologiki we ruhy ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly bolany üçin, belli bir ýaş döwürde psihiki öşde-de üýtgeşmeler ýüze çykýar. Biologiki we sosial ösüş ýaly tertipde bolmasa-da, ýaşyň ösmegi bilen şahsyýeti ruhy ösüşi-de ýüze çykýar. Bular öz gezeginde adamyň ösüşinde etaplaryň (döwürleriň) bölünmegine we ýaş aýratynlyklar periodizasiýasynyň düzülmegine tebigy esas bolup hyzmat edýär.

Adamyň ösüşiniň doly periodizasiýasy bolan ösüş döwürleri onuň durmuş ýolunyň ähli tapgyrlaryny oňa häsiýetli öz içine alýar. Meselem: türkmen müçenamasy:

1-13 ýaş çagalyk

13-25 ýaş jahyllyk

25-37 ýaş ýigitlik

37-49 ýaş orta ýaş

49-61 ýaş aksakgallyk

61-73 ýaş gartaňlyk

73-85 ýaş garrylyk

83 ý.4 aý 1000 aý ýaşan adam şyhy pany ýaşyny ýaşap, jaýy jennetde bolýarmyş.

Adamyň ösüşiniň doly däl periodizasiýasy durmuş we ösüşiň diňe özüne gerek bolan bölegini, özüni gyzyklandyrýan ösüş döwürlerini kesgitli ýa-da belli bir ylmyň öwrenýän döwrüni öz içine alýar. Mekdep pedagogikasy üçin gyzyklandyrma döredýän döwür adamyň durmuşynyň we ösüşiniň mekdep döwrüdir.

Häzirki zaman ylmynda çaga ýaş aýratynlyklarynyň şu aşakdaky döwürleri kabul edilen:

Psihologlaryň çaga ýaşlaryny döwürlere bölşi:

1. Prenatal döwür (enesiniň göwresindäkä ösüş)

2. Birinji 6 hepde ýaşaýşy (irki bäbeklik döwri)

3. Bäbeklik döwri (1 ýaşa çenli)

4. 1 ýaşdan 3 ýaşa çenli (irki çagalyk döwri)

5. Mekdebe çenli döwür (3-6 ýaş)

6. Mekdep ýaşy (6-11 ýaş)

7. Pubertat (krizis) döwri (11-15 ýaş)

8. Ýigdeklik döwri (15-20 ýaş)

 

Pedagoglaryň çaga ýaşlaryny döwürlere bölşi:

1. Irki çagalyk döwri (1 ýyl)

2. Çagalyk döwri (1 ýaşdan 3 ýaşa çenli)

3. Mekdebe çenli döwri (3 ýaşdan 6 ýasa çenli)

a) Mekdebe çenli kiçi ýaş döwri (3-4 ýaş)

b) Mekdebe çenli orta ýaş döwri (4-5 ýaş)

ç) Mekdebe çenli uly ýaş döwri (5-6 ýaş)

4. Kiçi mekdep ýaşly çagalar (7-9 ýaş)

5. Orta mekdep ýaşly çagalar (10-11 ýaş)

6. Uly mekdep ýaşly çagalar (15-18 ýaş)

 

Pedagogik ýaş döwürleriniň esasyny beden we psihiki ösüşiň esaslary düzýär. Ýöne başga bir tarapdan terbiýäniň amala aşyrylýan şertleride onuň esasy bolup hyzmat edýärler.

Dogry, pikirlenip gurnalan terbiýäni ýola goýjak bolsak, onda organizmiň biologiki ösüşi, onuň nerw ulgamynyň we düzümleriniň, onuň bilen bagly bolan bilesigelijiligiň ösüşiniň obýektiw, bar bolan taraplaryna daýanmak bolar.

Eger-de adamyň ösüş stadiýalary inkär edilse, hasaba alynmasa bu öz gezeginde çaganyň ösüşinde, terbiýesinde we bilim aslşynda kemçilikler ýüze çykarar.

Käbir pedagoglaryň aýtmagyna görä, ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutmak hökman däl, eger-de degişli usullar bolsa çaganyň ýaşyna garamazdan ol islendik durmuş tejribesini, islendik bilimleri, tejribe başarnyklary we endiklerini ele alyp bilerler. Biziň pikirimizçe birinjidenä, alyp bilmez. Ikinidenem, alan ýagdaýynda ýa-da tiz ýadyndan çykarar, durmuşda ulanyp bilmez, nerw ulgamynyň işine we ösüşine şikes ýetirer. Durmuşyň ösüş tizligi, habar beriş çeşmeleriniň elýeterligi, adamyň mümkinçilikleriniňde ösmegine getirýär, ýöne ol çäksiz däldir. Adamyň ýaşy ösüşi saklap, ony öz erkine boýun edýär. Ösüşiň mümkinçiliklerini bu çäklerde hereket edýän kanunalaýyklyklar berk saklaýarlar.

Ilkinji bolup okuw-terbiýeçilik işlerinde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak pikirini Ýa. A. Komenskiý öňe sürdi. Ol tebigata uýgunlylyk ýörelgesini öňe sürdi we ony esaslandyrdy. Onuň bu ýörelgesiniň esasy mazmuny, okatmak we terbiýelemek çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna gabat gelmelidir. Tebigatda hemme zatlaryň öz wagtynda bolşy ýaly, terbiýelemek-de, okatmakda-da öz wagtynda, yzygiderli amala aşyrylmalydyr. Diňe şonda biz adama gerek bolan, akyl ýetirip biljek ahlak hilleri berip bileris, ylmy maglumatlaryny öwredip bileris. Ýa.A. Komenskiý şeýle ýazýar: Her bir öwrenilmeli maglumatlar adamyň ýaş aýratynlyklary boýunça böleklere bölünmeli, diňe belli bir ýaşda kabul edilip, özleşdirilip bilinýän maglumatlary hödürlemeli.

Ýaş aýratynlyklary hasaba almak bu pedagogikanyň esasy ýörelgesidir. Bu ýörelge esaslanyp mugallymlar özüniň okuw ýüküni, okuwyň gidişinde ulanylýan işleriň görnüşlerini, işleri ýerine ýetirmek üçin gowy mümkinçilikleri döretmegiň, dynç almagyň we zähmetiň rejesini düzýärler. Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary okadylmaly dersleri, olaryň möçberini, saýlanyşyny, her bir dersiň we onuň okuw maglumatlarynyň gurluşyny dogry çözmegi borçly edýär. Olar şol bir hatarda okuw-terbiýeçilik işlerinde ulanylýan usullaryň we onuň görnüşleriniň saýlanylmagyny kesgitleýärler.

Akselerasiýa

Ýaş aýratynlyklar periodlarynyň şertliligini we üýtgeýjiligini belläp, ýaş aýratynlyklar bölünişiniň käbir toparlaryny gaýtadan seljermäge alyp baran täze hadysa üns bereliň. Dünýäde giňden ýaýran akselerasiýa barada gürrüň gidýär. Akselerasiýa (latyn sözi akselerasio - tizlenme) bu çagalyk we ýetginjeklik döwürlerinde beden we psihiki ösüşiň tizlenmegidir. Biologlar akselerasiýany organizmiň fiziologik ösüşi bilen, psihologlar psihiki funksiýalaryň ösüşi bilen, pedagoglar-şahsyýetiň jemgyýetleşmegi we ruhy ösüşi bilen baglanyşdyrýarlar. Pedagoglar akselerasiýany organizmiň fiziologiki ösüşi we şahsyýetiň jemgyýetleşmegi bilen ýakynlaşdyrýarlar. Aşakdaky suratda biz akselerasiýanyň pedagogik düşündirilişine syn edip bileris.

 

               
   

 

 


Akselerasiýa ýüze çykýança, XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda, çagalaryň we ýetginjekleriň fiziki (beden) we ruhy ösüşi bir deňdi. Suratda biz ony 1-nji egri çyzykda görýäs. Bu çyzyk fiziologiki we sosial ösüşiň normal ýagdaýdadygyny görkezýär.

XX asyryň 70-nji ýyllarynda akselerasiýanyň ýüze çykmagy organizmiň fiziologiki ösüşi (suratda 2 egri çyzyk) akyl, psihiki we sosial ösüşden öňe gidip başlaýar. (suratda 3-nji egri çyzyk). Bu ýerde nätakyklyk ýüze çykýar. Ony şeýle düşündirse bolar: - adamyň bedeni onuň psihiki, intellektual, sosial, ahlak hilleriniň ösüşi bilen deňeşdirilende tiz ösýär. 13-15 ýaşda gyzlaryň, 14-16 ýaşda oglanlaryň organizminiň fiziologiki ösüşi umuman gutarýar, durýar, ol uly adamlaryň ösüş derejesine ýetýär. Ýöne ruhy ösüş bu derejä ýetip bilmeýär. Ösen organizm öz talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny isleýär. Jyns ösüş, sosial ösüş yza galyp tiz ösüp barýan fiziologiki ösüş bilen konfliktleşip başlaýarlar. Bu ýagdaýlar, çagada psihologik agramlylygy ýüze çykarýar, çaga ondan azat bolmagyň ýollaryny gözleýär we häli berkemedik aklynyň oňa berýän maglumatlaryny sazlaýar. Şu ýerde akselerasiýanyň esasy gapma-garşylyklary ýüze çykýar. Olar ýetginjekler üçin-de köp kynçylyklar döredýärler. Sebäbi olar özünde ýüze çykýan üýtgeşiklerden baş alyp çykyp bilmeýärler. Bu kynçylyklara ulular-da sezewar bolýarlar ata-eneler, mugallymlar, terbiýeçiler olarda ýüze çykan ýagdaýlarda özüni nähili alyp barmalydygyny bilmeýärler. Akselerasiýanyň ýüze çykaran tehniki meseleleri (problemalary) mekdebe täze okuw enjamlarynyň, partalaryň, mebelleriň, okuwçylaryň egin-eşikleriniň getirilmegi we ornaşdyrylmagy bilen çözülen bolsa, onuň ahlak hilleriniň ösüşini kanagatlandyrmak (jyns ösüşi we irki jyns aragatnaşyk) meselesi öz çözgüdine garaşýar.

Akselerasiýanyň ösüşi tizligi barada şu deňeşdirme maglumatlar habar berýär. Soňky 30 ýylyň içinde 50-nji ýyllaryň ýetginjekleri bilen deňeşdirilende şu günki ýetginjekleriň boýunyň uzynlygy ortaça 13-15 santimetr, agramy 10-12 kilogram artdy.

Akselerasiýanyň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň arasynda şulary agzasa bolar: durmuşyň umumy ösüş tempiniň tizlenmegi, material ýagdaýlaryň gowulanmagy, iýmitiň hiliniň we medisina hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagy, çagalara irki ösüş döwründe gowy seredilmegi, çagalarda ýüze çykýan köp keselleriň ýok edilmegi. Käbir başga sebäplere-de üns berilýär: adamyň ýaşaýyş garbawynyň radioaktiw elementler bilen hapalanmagy, bu öz gezeginde boýuň tiz ösmegine getirýär, wagtynyň geçmegi bilen (ösümliklerde we haýwanlarda goýlan tejribeleriň netijesiniň görkezişi ýaly) adamyň genetiki görnüşiniň üýtgemegine getirer: atmosferada kislorodyň mukdarynyň azalmagy öz gezeginde adamyň döş kapasasynyň giňelmegine, organizmiň ähli agzalarynyň ösmegine getirýär. Akselerasiýanyň ýüze çykmasy toparlaýyn, köp faktorlaryň täsiri astynda bolaýmagy mümkin.

XX asyryň 80-nji ýyllarynda akselerasiýanyň täsiri dünýä boýunça peseldi, fiziologiki ösüşiň tizligi-de azrak peseldi.

 

Deňdäl ösüş

 

Adamyň ösüşi barada alnyp barylýan barlaglaryň netijesi bir näçe kanunalaýyklyklary ýüze çykardy. Olary hasaba alman okuw-terbiýeçilik işini guramak we geçirmek mümkin däl. Tejribe pedagogikasy fiziki ösüş kanunalaýyklygyna daýanýar.

1. Ýaş wagtynda adamyň fiziki (beden) ösüşi tiz, intensiw ösýär; adamyň ýaşy ulaldygyça onuň beden ösüşiniň tizligi peselýär.

2. Çaganyň beden ösüşi birdeň gitmeýär: belli bir döwürde tizlenýär, başga bir döwürde peselýär.

3. Adamyň bedeniniň her bir organy öz tizliginde ösýär: umuman adamyň bedeniniň agzalary birdeň we proporsional ösmeýärler.

Beden ösüşi bilen ruhy ösüş berk baglanyşyklydyr. Ýöne ruhy ösüşiň-de käbir gyşarnykly ýerleri bar. Ol hem nerw ulgamynyň we psihiki funksiýalaryň deň ösmezligidir. Barlaglaryň netijesinde adamlaryň biri-birinden aratapawudy olaryň ýerine ýetirýän intellektual işinde, aňynyň gurluşynda, talaplarynda, gyzyklanmalarynda, itergilerinde, ahlak özüni alyp baryşlarynda we sosial ösüş derejesindedigi kesgitlendi. Ruhy ösüş birnäçe umumy kanunalaýyklyklara boýun bolýar.

1. Adamyň ýaşy bilen onuň ruhy ösüşiniň tizliginiň arasynda ters proporsional garaşlylyk bar: ýaş näçe kiçi bolsa şonça-da ruhy ösüşiň tempi ýokary; ýaş ulaldygyça ruhy ösüşiň tizligi peselýär.

Adamyň ösüşiniň syrly taraplary barada oýlanyp L.N. Tolstoý şeýle ýazýar: Bäş ýaşar çagadan meniň ýaşyma çenli bary ýogy bir ädim. Täze doglan çaga bilen bäş ýaşyndaky çaganyň arasynda örän uly gorkunç aratapawut bar. Enesiniň göwresindäki çaga bilen täze doglan çaganyň arasyndaky tapawudy asla hasaba alyp bolmaýar.

2. Adamlaryň ruhy ösüşi deň derejede geçmeýär. Nähili gowy ýagdaý döredilse-de psihiki funksiýa we şahsyýetiň hili ruhy hilleriň esasynda bolup, şol bir deň ösüş derejede bolup bilmeýärler. Belli bir ösüş döwürde ösüşiň aýratyn bir hili üçin amatly şert döreýär, ol şertler wagtlaýyn, geçýän häsiýetli bolýarlar.

3. Psihiki işiň we onuň täsirinde ösýän ruhy hilleriň emele gelmeginiň we onuň aýry görnüşleriniň ösüşiniň optimal wagty bardyr. Şol ýa-da başga bir ruhy hiliň ösüşiniň şertleri optimal bolsa bu ýaş aýratynlyk periodyna senzitiw diýilýär. (L.S. Wygotskiý, A.N. Leontiýew, W.A. Kruteskiý).

Senzitiwnostyň sebäpleri beýniniň ösüşiniňwe nerw sistemasynyň deň derejede dälligi we şahsyýetiň käbir häsiýetleriniň diňe eýyäm kämilleşen häsiýetleriň esasynda emele gelýänligindendir. Käbir hilleriň kämilleşmegine adamyň jemgyýetleşmeginde toplan durmuş tejribesiniňde täsiri uludyr.

Näme üçin Maugli ýaly çagalar normal adamlaryň gepleýşini öwrenmediler? Onuň jogaby düşnükli, çaganyň geplemegine tebigat tarapyndan berlen senzitiw döwür eýýäm geçipdir. Eger çaga kesgitlenen belli wagtda (1,5-2,5 ýaşda) geplemäni öwrenmedik bolsa, onda wagtyň geçmegi bilen ýitirilen wagtyň öwezini doldurmak kyn bolýar. Adamyň başga fiziki, psihiki, sosial, ahlak hilleri barasynda-da şeýle diýmek bolar. Hilleriň çylşyrymlylary tä onuň esasy kämilleşmänkä ösüp bilmezler.

Senzitiw döwürler hemmetaraplaýyn öwrenilen. Pedagoglar intellektual, ahlak, sosial hilleriň emele gelýän döwürlerini gözden sypdyrmaly däldirler, berk gözegçilikde saklamalydyrlar. (esasanam kiçi we orta mekdep ýaşly çagalar). Ýakynda amerikan psihologlary şeýle netije geldiler. Olaryň aýtmagyna görä çagalaryň 6 ýaşdan 12 ýaş aralygy bu problemalary (meseleleri) çözmek endikleriniň ösüşiniň senzitiw döwrüdir. Egerde bu döwürde biz çagada ady agzalan hili ösdürmäge üns bermesek, onda adama ýokary derejede döredijilikli pikirlenmegiň tärlerini ele almak örän kyn bolar.

4. Adamyň psihikasynyň ösüşi bilen onuň ruhy hilleri berkeýär, hemişelik häsiýete eýe bolýarlar, şol bir wagtda özüniň çeýeligini we ösüşini ýitirmeýärler. Şu ýerde adamyň ösüşiniň çylşyrymly dialektikasy ýüze çykýar: bir tarapdan psihiki ösüş psihiki ýagdaýlaryň şahsyýetiň hiline öwrülip başlamagy bolsa, başga bir tarapdan olary islendik wagt gowy tarapa gönükdirip bolar. Onuň üçin amatly şertler döredilmeli we şoňa degişli adekwat hereket etmeli. (I.P. Pawlow).

Adamyň şahsyýet bolmagy üçin zerur bolan sypatlar sosial gatnaşyklaryň täsiri astynda bolup geçýär. Okuwçynyň sosial gatnaşyklary (dünýägaraýşy, ynamy), beýleki adamlara akylly-başly garaýyşlary, öz işine hereketlerine bolan garaýyşlary näderejede emele geldigiçe, onuň şahsyýeti hem şol derejede kemala gelip başlaýar. Sosial gatnaşyklaryň irki döwürde başlanýanlygy üçin çaganyň mekdebe çenli bolan döwrüniň has manyly edilip guralmagy möhümdir. Çagalar üçin düzülýän okuw resminamalary, olar üçin taýýarlanan kitaplar, hünär taýýarlygy kämil bolan, başarjaň terbiýeçi-pedagoglar sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegine uly goşant goşup bilerler. Kämil adamyň intellektual ösüşiniň ilkinji ädimleri onuň mekdebe çenli döwründe başlanýar. Çaganyň bedeniniň berkleşmegi, pikirleniş işiniň ösmegi üçin mekdebe çenli döwürdäki tebigy mümkinçilikler uly orun tutýar.

Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň fiziki ösüşi deň dowam edýär diýip bolar. Ýöne olaryň ünsüniň ösüşi durnukly bolmaýar. Şonuň üçin mugallym mümkin boldugyça sapagy gyzykly hem täsirli edip geçirmeli. Bu döwürde çagalaryň görüş-obraz ýatkeşligi ösýär, pikirleniş ösüşide takyk bolýar. Ýöne eşidiş ýatkeşligi olara garanda pesräk ösýär. Mugallym bu döwürde dürli görnüşli okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmaly. Psihologiýa ylmynyň takyklamagyna görä, çagalyk döwründe onuň ösüşinden öňde bolan okuw gowy okuwdyr.

Ýetginjeklik döwrüne gadam basan okuwçylaryň fiziologik, psihologik aýratynlyklary ata-enelerden, mugallymlardan biçak uly eserdeňligi, pedagogik taýdan ugurtapyjylygy talap edýär. Ýetginjeklik döwrüniň käbir häsiýetleri:

özbaşdaklyga bolan ymtylyş, özlerini ulular bilen deň görkezjek bolmaklyk, göreldä eýermek;

adaty däl hadysalara, olaryň wajyp diýip hasap edýän işlerine ýykgyn etmekleri;

akyl-paýhasyň kämilleşip başlamagy, pikirleniş işiniň ösüp, berkişip başlamagy, hadysalaryň, wakalaryň özara baglanyşygyna, sebäplerine, kanunlaryna düşünip başlamagy;

hünäre, işe bolan garaýyşlarynyň üytgäp ugramagy, öz söýýän hünäriniň adamlaryna we zähmetine bolan gyzyklanma;

ýetginjek öz dersini gowy bilýän, lebizli, dogryçyl hem adalatly mugallymy halaýar we oňa meňzejek bolýar.

Uly ýaşly mekdep okuwçylaryna akyl hem fiziki taýdan kämilleşmek, durmuşda öz ornuny tapmaga ymtylmak, ruhubelentlik häsiýetlidir. Olaryň akyl ýetirijilik ukyby täze başgançaga galýar, gözýetimi giňelýär, ýatkeşligi sagdynlaşýar. Olar pikirlerini erkin hem yzygiderli, anyk hem gelşikli edip beýan etmegi halaýarlar. Ylmy bilimleri belli bir sistemada özleşdirmegi abstrakt düşünjelerden peýdalanmagy başarýarlar. Olaryň ahlak, intellektual, gözellik duýgulary ösýär, dostluk, ýoldaşlyk hakyndaky düşünjeleri aýdyňlaşýar, gylyk-häsiýeti durnuklaşýar, medeni derejesi ýokarlanýar. Bu döwürde okuwçylarda etiki problemalara (meselelere) gyzyklanma döreýär. Ilkinji söýgi oglanlaryň we gyzlaryň durmuşyna diňe bir başdan geçirmeler girizmän, eýsem ýüze çykan köp sada soraglara jogap bermegi talap edýär. Köp mugallymlaryň, pedagoglaryň aýtmagyna görä, ýüze çykýan kyn etiki ýagdaýlardan baş alyp çykmak şahsyýetiň moral hiliniň ösüşiniň ugrunyň barlagydyr. Bu döwürde durmuşyň manysy bagt, borç, şahsyýetiň erkinligi bilen bagly meselelere gyzyklanma ösýär. Soňky wagt käbir ýaşlar din bilen gyzyklanyp başladylar.

Uly ýaşly mekdep okuwçylarynda özüni alyp barşyna aňly itergisi (motiwi) güýçlenýär. Şahsyýetiň toparda öz-özüni tapmagy, gürrüňdeşligiň häsiýeti, toparyň agzalarynyň biri-biri bilen gatnaşygy esasy häsiýete eýe bolýar.

Topar şahsyýetiň hilini dogry ýola gönükdirýär. Indiwidual (ýekebara, aýrabaşga) ösüş munuň özi özboluşly, ýeke-täk bütewi ösüşdir, şahsyýetiň fiziologik, psihologik hem sosial taýdan ösüşiniň jemlenmesidir. Her bir çaganyň özüniň häsiýetli aýratynlygy bolup, şol aýratynlyklar onuň beden taýdan gurluşynyň, kelle beýnisiniň, nerw ulgamynyň ösüşi bilen baglylykda ýüze çykyp başlaýar. Her bir şahsyýetiň özüne mahsus bolan, ony beýleki adamlardan tapawutlandyrýan haýsydyr bir aýratynlygy bolýar, şol aýratynlyk hem köplenç indiwiduallyk, ýekebaralyk, aýrabaşgalyk sözi arkaly aňladylýar, ýöne käbir adamlaryň indiwiduallygy (aýrabaşgalygy, ýekebaralygy) has aýdyň, ýiti ýüze çykyp, käbir adamlaryňky bolsa çala göze ilýär, ol intellektual, emosional, erk sferasynda (taraplarynda) ýüze çykýar, şahsyýetde akylyň aýratynlygy, duýgularyň özboluşlylygy, erkliligiň, hereketleriň hem özüňi alyp barşyň aýratynlygy bolýar.

Şol bir synpda okaýan hemme okuwçylarda akyl ýetiriş başarnyklary meňzeş, deň derejede diýip aýtmak bolmaz. Olaryň biri okuw maglumatlaryny özbaşdak özleşdirip bilýän bolsa, beýleki biri şol maglumatlary özleşdirjek bolanda mugallymyň ýa-da başga biriniň kömegine mätäç bolýar. Bir okuwçy mugallymyň berýän gürrüňini üns berip diňlese, beýleki biriniň bar ünsi başga ýerde bolýar. Biri köpçülik işine işjeň gatnaşsa, biri ondan çetde durýar. Bir okuwçy edepli bolsa, beýlekisi maşgalada, mekdepde, köpçülik ýerlerinde özüni medeniýetli alyp barmagy başarmaýar. Edil şonuň ýaly hem aýry-aýry okuwçylar haýsydyr bir okuw predmetini öwrenmäge ukypsyz bolýar, käbirleri onuň tersine, ýiti tebigy zehinli bolup çykýar. Käbir okuwçylaryň görüşi, eşidişi aýratyn üns berilmegini talap edýär. Ýene biri öz adyna aýdylan tankydy belligi örän ýokuş görýär. Her bir okuwçy özboluşly bir dünýä, indiwiduallyk. Bu tebigy ýagdaýdyr. Okuwçylaryň indiwidual aýratynlyklary doly öwrenmekligi we okuw-terbiýeçilik işinde şondan ugur almagy talap edýär. Fiziologiýa we psihologiýa ylymlarynyň gelen netijelerine görä ir sagat 9-dan 13-e çenli okuwçylaryň işjeňligi ýokarlanýar. Hepdäniň baş gününden başlap, hoş gününe çenli okuwa gyzyklanmasy ýokarlanyp, has ýokary derejä ýetýär. Sogap günden başlap ruh gününe çenli okuwa gyzyklanma ýuwaş-ýuwaşdan peselýär. Muny bilmek we sapaklaryň rejesini dogry düzmek wajyp meseleleriň biridir. Mugallym-pedagog okuwçylaryň şahsyýetiň kemala geliş aýratynlyklaryny öwrenip, olary nazara alyp, okuw-terbiýeçilik işlerini geçirmelidir.

 





:


: 2018-11-11; !; : 848 |


:

:

,
==> ...

1751 - | 1684 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.076 .