.


:




:

































 

 

 

 


Daşky gurşawyň şahsyýetiň ösüşine täsiri




 

Adam jemgyýetleşmek prosesinde şahsyýete öwrülýär. Başga adamlar bilen söhbetleşip, aragatnaşyk gurap. Adam jemgyýetiniň ýok ýerinde ruhy, jemgyýetçilik, psihiki ösüş bolup bilmez.

Käbir mysallara ýüzleneliň. Maugli baradaky erteki-başdan-aýak toslama däldir. Adam siwilizasiýasynyň ösüşinde belli bolan käbir maglumatlar ony tassyklaýarlar. Rim döwletini esaslandyran Romuly we Remi böri (gurt) bakyp ulaldypdyr. Maugli haýwanlaryň arasynda ulalypdyr, litwaly oglanjyk aýynyň köweginde ýaşapdyr. Belli bolan maglumatlara görä 15 çaga gurtlar (böriler) tarapyndan bakylan, 5 çaga aýylar, 10 çaga maýmynlar, 1 çaga gaplaň (leopard), 1 çaga goýun tarapyndan bakylypdyr diýlen maglumatlar bar. (Bu ýerde türkmen halk gahrymany Görogly begiň dünýä inip ösüşini ýatlasak hem kem bolmazdy).

1920-nji ýylda Hindistanly lukman Sung gurtlaryň (börileriň) hininde iki sany adam çagasyna duşupdyr. Olar gyzlardy. Biri 7-8 ýaşlarynda, beýlekisi iki ýaş kiçi. Gyzlara Amala we Kamala diýip at dakypdyrlar. Çagalaryň özüni alyp barşy edil ýabany haýwanlaryň özüni adamyň jaýynda alyp barşy ýaly bolupdyr. Dört aýagynda, özleräm diňe gije ýöräpdirler. Gündiz bolsa uklapdyrlar. Ýatanlarynda-da biri-birine berk gyslyşyp ýatypdyrlar.

Kiçi gyzjagaz tiz wagtdan aradan çykypdyr. Ol hiç zady öwrenip bilmändir. Uly gyzjagaz 10 ýyl ýaşapdyr.

Lukman Sung 10 ýylyň dowamynda ýörite gündelik ýöredip oňa eden synlarynyň ählisini ýazypdyr. Bu gyza ilki dik durmagy öwredipdirler. Alty ýyldan soň Kamala ýöräp başlapdyr, ýöne dört aýak bolup ylgapdyr. Dört ýylda alty sözi özleşdiripdir. Ýedi ýyldan soň onuň söz baýlygy 45 söze ýetipdir, ýene-de üç ýyldan 100 söze ýetipdir. 10 ýylyň içinde Kamala adamlar toparyna öwrenişipdir, ýagtylykdan gorkmandyr, eli bilen iýmegi öwrenipdir, stakandan suw içip bilipdir. On ýedi ýaş töweregine ýetende Kamalanyň ösüşi dört ýaşly çaganyň ösüşine deň bolupdyr.

Adam diňe jemgyýetde ýaşap tebigat tarapyndan berlen üstünliklere ýetip biler. Eger-de ösüş (siwilizasiýa) bolmadyk bolsa, adam iň bir nejis, aňsyz haýwan bolup ýaşardy. Adamy adam edýän jemgyýetdir.

Daşky gurşaw bu adamyň ösýän real we hakyky şertleridir.Şahsyýetiň kämilleşmegine daşky gurşawyň dürli görnüşleri täsir edýärler. Olar geografik, sosial, mekdep, maşgaladyr. Daşky gurşaw özüniň täsiri boýunça ýakyn we uzak toparlara bölünýär. Pedagoglar daşky gurşaw diýlende ilki bilen sosial we maşgala gurşawyny göz öňunde tutýarlar. Sosial gurşaw uzak, maşgala ýakyn gurşawdyr. Sosial gurşaw diýen düşünje jemgyýetiň gurluşyny, önümçilik aragatnaşyklaryny ýaşaýyş ýagdaýlaryny önümçilik we sosial prosesleriň amala aşyrylyşyny öz içine alýar. Ýakyn gurşaw bu maşgala, garyndaşlar, dostlar.

Daşky gurşawyň adamyň kämilleşmegine täsiri nähili? Daşky gurşawa baha berlende pedagoglaryň arasynda bir garaýyş ýok. Dünýäniň ähli pedagoglary daşky gurşawyň wajyplygyny belleýärler. Ýöne onuň täsiriniň güýjüne baha berlende olaryň pikirleri deň gelmeýär. Bize belli bolşy ýaly abstrakt gurşaw ýok. Diňe konkret jemgyýet gurluşy, adamyň konkret ýaşayyş şertleri, maşgalasy, mekdep, dostlary bar. Adam ýakyn we uzak gurşawlaryň onuň ösüşine gowy şertler döreden ýagdaýynda ösüşiň ýokary derejesine ýetip bilýär.

Çagalyk döwründe, adamyň ösüşine öý gurşaw uly täsir ýetirýär. Maşgalada adamyň ilkinji günleri, ädimleri, onuň geljekde ösüşi we kämilleşmegi kesgitlenýär. Çaganyň ösüşinde, kämilleşmeginde maşgalanyň orny uldyr. Maşgala onuň gyzyklanmalaryny, talaplaryny, garaýyşlaryny we gymmatlyk baradaky garaýyşlaryny kesgitleýär. Ondan başgada maşgala onuň tebigy berlen zadatkalaryny ösdürmäge material şertler döredýär. Şahsyýetiň ahlak we sosial hilleride maşgaladan öz gözbaşyny alýar.

Nazary we tejribe nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýän sorag: şahsyýetiň ösmegine daşky gurşaw köp täsir edýärmi ýa-da nesle geçijilik. Hünärmenler bu soraga jogap berende öz garaýyşlary boýunça dürli toparlara bölündiler. Olar biogenetikler we sosiogenetikler (sosiologizatorlar) diýen toparlara bölündiler. Biogenetikler neslegeçijilik şahsyýetiň ösüşinde esasy orun tutýar diýen pikiri öňe sürdiler.

Sosiogenetikler (sosiologizatorlar) şahsyýetiň ösüşinde esasy orun daşky gurşawa degişlidir diýip belleýärler. Birnäçe alymlar öz işlerinde daşky gurşaw bilen neslegeçijiligiň adamyň ösüşine täsirlerini ölçegleriň üsti bilen barlap gördüler. Alnan maglumatlar gapma-garşylykly boldy. Netijede alnan maglumatlar şeýle netije çykarmaga mümkinçilik berdi: barlanýan faktorlar adamlaryň ösüşine birmeňzeş täsir etmeýärler diýip jogap berdi. Sosiogenetikler (sosiologizatorlar) daşky gurşawyň ösüşe täsiri 90 % diýip hasap edýärler. Biogenetikler neslegeçijilik ösüşe 80-90% az täsir etmeýär diýen netije çykardylar. Mysal üçin iňlis psihology D. Şattlewort (1935 ý.) esasy faktorlaryň adamyň akyl ösüşine täsiri boýunça şu netije geldi:

- Akyl ösüşiniň 64% neslegeçijilik täsir edýär;

- Akyl ösüşiniň 16 % maşgala gurşawy täsir edýär;

- Akyl ösüşiniň 3% şol maşgaladaky çaga terbiýesiniň täsiri;

- Akyl ösüşiniň 17% neslegeçijilik bilen daşky gurşawyň arabaglanyşygy täsir edýär.

Ylmyň takyklyga esasy üns bereniniň sebäbi, bu onuň maksadydyr. Ýöne näçe ölçegler geçirilse-de, olaryň netijesi hakykata doly ýetip bilmez. Her bir adam özbaşdak, öz ugruna ösýär, şonuň üçinde olaryň her haýsysynyň ösüşinde neslegeçijiligiňde, daşky gurşawyňda öz paýy bardyr.

Häzirki ylmyň berýän maglumatlaryna görä şahsyýetiň ösüşine täsir edýän faktorlar: mikrofaktorlar, mezofaktorlar, makrofaktorlar, megofaktorlar diýlen toparlara bölünýärler.

1. Mikrofaktorlara maşgala, öý goňşular, jaý, deň-duşlar degişlidirler. Olaryň adama täsiri şahsyýeti dogry ýa-da nädogry ösüşe alyp gelýär. Bu ýerde täsiriň güýji we täsir edýän adamyň täsiriniň mazmuny esasy orun tutýar.

2. Mezofaktorlara habar beriş serişdeler degişlidir. Adamyň okaýan kitaplary, žurnal-gazetleri, radioda diňleýän habarlary, telewizorda görýän kinofilmleri onuň şahsyýetleşmegine uly täsir edýär.

3. Makrofaktorlara halk, medeniýet, döwlet, jemgyýet degişlidir. Halkyň sosial, maddy ýagdaýy, medeniýetiň ösüşi, döwletiň alyp barýan syýasaty, jemgyýetiň ösüşi adamyň jemgyýetleşmegine uly täsir edýär.

4. Megofaktorlara kosmos, planetalar degişlidir. Asmanda, howada bolup geçýän hadysalaryňda adama täsiri uludyr.

Soňky wagt adamlaryň arasynda teleýnama boýunça şahsyýete täsir etmek ýollary açyldy. Magnit meýdanlarynyň adamyň saglygyna edýän täsiri öwrenildi. Olaryňam öz gezeginde şahsyýetiň ösüşine täsiri uludyr.

Käbir alymlar ady agzalan toparlary: noosfera; sosiosfera; psihosfera ýaly toparlara bölüp: - noosfera kosmosy planetalary; sosiosfera halky, döwleti, medeniýeti, jemgyýeti; psihosfera maşgalany, öýi, goňşulary, jaýy, deň-duşlary olaryň düzümine goşýarlar.

Şahsyýetiň ösüşine akselerasiýada uly täsir edýär. Akselerasiýa adamyň beden (fiziki)-biologiki ösüşiniň tizlenmesidir. Bu tizlenme dem alynýan howa, iýilýän iýmitiň düzümi bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň häsiýetleri öňki nesillere seredende häzirki ýaşlaryň uzyn boýly bolmagy, saçyň tiz agarmagy, dişleriniň düşmegi, jyns ösüşiniň tizlenmesi we şuňa meňzeşlerdir.

Urbanizaiýa (şäherleşme) ýurduň ykdysady, sosial medeni ösüşiniň netijesinde köp adamlaryň obalardan, etraplardan kiçi şäherlerden uly şäherlere geçmegi. Dünýäniň halklarynyň 60%-e golaýy häzirki wagt uly şäherlerde ýaşaýanlygydyr. Onuňam şahsyýetiň kemala gelmegine položitel we otrisatel täsirleri bar. Bir tarapdan adam medeniýete, sungata, bilim ojaklaryna, sagaldyş merkezlerine ýakyn ýerleşip öz isleglerini kanagatlandyryp biler. Ikinji tarapdan uly şäherlerde uly mekdepler emele gelýär, olarda okadylýan çagalaryň sany müňden artýar. Bu bolsa öz gezeginde okuw-terbiýeçilik işine päsgel berýär. Adamlaryň biri-birine bolan gatnaşygy, garaýşy peselýär.

Ylmyň berýän soňky maglumatlaryna görä, eýýam çaga doglanda onuň nerw gurluşy boýunça olar şu toparlara bölünýärler: - nerw ulgamynyň gurluşyň obraz, çeperçilik, pikirleniş görnüşi - bu çagalardan ýazyjylar, hudožnikler, aktýorlar, çeperçilik bilen meşgullanýan hünärmenleri taýýarlap bolar.

- nerw ulgamynyň gurluşynyň rasional-pikirleniş görnüşi bu çagalardan filosoflar, döwlet dolandyryjylar, alymlar, serkerdebaşylar taýyarlap bolar:

- nerw ulgamynyň gurluşynyň gatyşyk görnüşi barlagyň netijesinde ýokarky agzalan toparlaryň haýsysyna köpräk degişli bolsa şoňa görä hünäre ugrukdyrmaly.

- Şahsyýetiň ösüşine zehiniň täsiri uly. Käbir ýagdaýlarda zehin beýniniň biologik gurluşy we ösüşi bilen bagly bolýar. Käbir ýagdaýlarda zehiniň ösüşi terbiýe we bilimiň berlişine baglydyr.

Umuman alnanda şahsyýetiň ösüşi çykşyrymly, öwrenmeli meseleleriň biridir.

 





:


: 2018-11-11; !; : 861 |


:

:

.
==> ...

1259 - | 1241 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.018 .