.


:




:

































 

 

 

 


Ahsyýetiň ösüşine täsir edýän faktorlar




Proses sözi latyn dilinden terjime edilende öňe hereket etmek, üýtgeşik manylary berýär. Ösüş diýen düşünje adamyň organizminde bolup geçýän möçber we hil üýtgeşiklerini aňladýar. Ösüşiň netijesi adamyň biologik görnüş we adam hökmünde ýüze çykmagydyr.

Adamyň biologiki ösüşi onuň beden ösüşi bilen häsiýetlenýär. Bu ösüş öz içinde morfologiki, biohimiki, fiziologiki üýtgeýişleri jemleýär. Adamyň sosial ösüşi onuň psihiki, ruhy, intellektual ösüşinde öz beýanyny tapýar.

Şahsyýet diýip özbaşdak döredijilikli işläp bilýän, aňly we öz-özüni aňlap bilýän dereje ýeten adama aýdylýar. Adam şahsyýet bolup dogulmaýar. Ol ösüş prosesinde şahsyýete öwrülýär. Şahsyýet düşünje adam diýen düşünjeden, adamlar bilen söhbetleşip bilýän, jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň täsirinde emele gelýän hilleri bilen ara tapawutlanýar. Adam şahsyýet hökmünde sosial ulgamda maksada gönükdirilen we pikirlenip gurnalan terbiýäniň esasynda ýüze çykýar. Şahsyýet, bir tarapdan jemgyýetiň tejribesini kabul edip bilişi, ikinji tarapdan jemgyýetiň material we ruhy gymmatlyklaryna öz goşandyny goşup bilşi bilen kesgitlenýär. Şahsyýet bolmak üçin adam işde, tejribede tebigat, durmuş we terbiýe tarapyndan berlen özüniň içki häsiýetlerini açmalydyr.

Adamyň ösüşi çylşyrymly, dowamly we gapma-garşylykly prosesdir. Adamyň organizmindäki üýtgeýişler doglandan tä soňky gününe çenli dowam edýär. Ýöne çagalyk we ýigitlik döwründe beden ösüşiniň görkezijileri we ruhy dünýäsi aýratyn hem tiz ösýär, üýtgeýär. Ösüş bu dogry gönükdirilen aşakdan ýokara bolan mukdar üýtgeýişleriň sada toplumy däldir. Bu prosesiň häsiýet aýratynlyklary şahsyýetiň häsiýetleriniň mukdar üýtgeýişlerden hil üýtgeýişlere, beden, psihiki we ruhy üýtgeýişlere dialektiki geçişidir. Bu prosesi dürli filosofiki akymlaryň tarapdarlary dürli düşundirýärler. Şu güne çenli bu häli doly öwrenilmedik prosesdir. Ösüşiň hereketlendiriji güýji gapma-garşylyklaryň göreşidir. Ösüşiň gapma-garşylyklary onuň ösüşine, täzelenmesine uly itergi berýär. Gapma-garşylyklar biri-birine ters başlangyçlaryň konflikt çaknyşyklarydyr. Adamyň özi-de gapma-garşylyklardan ybarat. Adama gapma-garşylyklary gözlemek, oýlap tapmak gerek däl, ösüşiň dialektiki üýtgeýişleriniň her ädiminde, olar ýüze çykýar.

Gapma garşylyklar içerki, daşarky, umumy (uniwersal) we ýekebara görnüşlere bölünýärler. Içerki, daşarky we umumy gapma-garşylyklar adamlar toparynyň ösüşini häsiýetlendirýär. Ýekebara gapma-garşylyklar aýratyn bir alnan adamy häsiýetlendirýär. Obýektiw faktorlaryň täsiri esasynda adamda ýüze çykýan sada material we ýokary ruhy talaplar we olary kanagatlandyrmagyň mümkinçilikleri. Adamyň organizmi bilen daşky gurşawyň arasynda ýüze çykýan gapma-garşylyklar özüni alyp barşyny üýtgedýär, organizmiň täze ýagdaýlara uýgunlaşmagyna getirýär. Içki gapma-garşylyklar adamyň öz-özi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda ýüze çykyp adamyň aýra başga (ýekebara) özüni alyp barşynda ýüze çykýar. Daşky gapma-garşylyklar adamyň başga adamlar bilen jemgyýet, tebigat aragatnaşygynda ýüze çykýarlar we daşky güýçlerden itergi alýarlar (stimulirlenýärler). Içki gapma-garşylyklaryň esasylarynyň biri adamda ýüze çykýan täze talaplar we olary kanagatlandyrmagyň mümkinçilikleri. Mysal üçin, okuwçylaryň jemgyýetçilik we önümçilik proseslerine gatnaşmak islegi bilen, olaryň akyl, psihiki, sosial ösüş ýagdaýlarynyň real derejesi. Isleýän, başarýan, bilýän, bilmeýän, mümkin, mümkin däl, bar, ýok bu sözler bizde ýüze çykýan gapma-garşylyklarymyzy aňladýan sözlerdir.

Ösüş faktorlaryny seljermek öz gözbaşyny biziň eramyzdan öň alyp gaýdýarlar. XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda okuwçylaryň ösüşini öwrenen rus pedagog-psihologlary P.P. Blonskiý, L.S. Wygotskiý, G.S. Kostýuk, S.Z. Rubinşteýn, A.R. Luriýa. Daşary ýurt alymlaryndan bu meseläni öwrenen alymlar L. Termen, E. Gekbel, F. Mýuller, Ý. Şwansara. Bu alymlar öz barlaglarynda şeýle netije geldiler. Ösüş we onuň netijesiniň arasynda wajyp arabaglanyşygyň, kanunalaýyklyklaryň bir tarapdan we olara täsir edýän sebäpleriň ikinji tarapdan täsir edýändigini kesgitlediler.

Barlagyň netijesinde esasy bir soraga jogap talap edilýärdi: nämä üçin dürli adamlar dürli derejede ösüş gazanýarlar, bu prosesi we onuň netijesi nähili ýagdaýlara bagly? Dowamly geçirilen barlaglar umumy netije çykarmaga mümkinçilik berdi. Adamyň ösüşi onuň içki we daşky şertlerine baglydyr. Içerki şertlere adamyň organizminiň fiziologiki we psihiki häsiýeti degişlidir. Daşky şertler bu adamyň ýaşaýan ýeri we ösýän daş-töweregi, daşky gurşaw (sreda). Daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda adamyň içki dünýäsi üýtgeýär we täze arabaglanyşyk ýüze çykýar, ol öz gezeginde täze üýtgeşme emele getirýär. Şahsyýetiň durmuşynyň dürli görnüşlerinde, onuň ösüşiniň dürli basgançaklarynda, daşky we içki obýektiw we subýektiw arabaglanyşyklar dürli formalarda ýüze çykýarlar.

E. Gekkeliň we F. Miýulleriň açan biogenetik kanuny adamyň ösüşiniň görnüşleriniň (formalarynyň) we tebigy şertleriniň arabaglanyşygyny görkezýär. Käbir pedagoglar we psihologlar bu kanunynyň mazmunyny giňeldip ony adamyň aýrabaşga (ýekebara) ösüş prosesi bilen baglaşdyrmaga synanyşdylar. Dogrudanam, adam özüniň, indiwidual ösüşinde özüniň ata-babalarynyň ösüşini gaýtalaýandygy ikiuçsyzdyr. Elbetde, bu maglumata esaslanmak bolmaz. Sebäbi adam öz ösüşinde durmuş şertleriniň netijesinde käbir täze hillere eýe bolýar. Bu meseläni düşündirýän nemes psihology W. Şterniň aýtmagyna görä, täze doglan çaga süýt emdirijiler derejesinde bolýar, ýaşynyň ikinji ýarymynda maýmyn derejesinde, 2 ýaşynda adam durkunyň elementar ýagdaýyna, diňe kämillik döwründe adam häzirki zaman medeniýet derejesine ýetýär. Elbetde W. Şterniň bu aýdanlary bilen ylalaşyp bolmaz.

Nesle geçijilik we ösüş

Adamyň ösüş kanunalaýyklyklaryny öwrenmek bu prosesiň esasy faktorlaryna, onuň geçişine we netijesine jogap tapmakdyr. Şahsyýetiň ösüşi haýsy faktorlar (sebäpler) bilen kesgitlenilýär? Adamyň ösüşiniň prosesi we netijesi esasy üç faktoryň täsiri esasynda amala aşyrylýar. Olar nesle geçijilik, daşky gurşaw we terbiýedir. Bu sebäpleriň (faktorlaryň) hiç haýsy özbaşdak hereketlenmeýär. Ösüşiň netijesi olaryň arabaglanyşygydyr.

Adamy onuň ata-babalary we daşky janly dünýä bilen baglaşdyrýan biologik faktordyr. Biologiki faktoryň täsiri neslegeçijilikdir. Neslegeçijilik ata-enesinden geçen kesgitli hilleri we aýratynlyklardyr. Neslegeçijilik genleriň (grek dilinden gen diýen söz dogýan diýen manyny berýär) üsti bilen amala aşyrylýar. Häzirki zaman ylmy organizminiň esasy häsiýetleri ýörite gen kodlarynda jemlenendigini we bu kodlar organizm baradaky ähli maglumatlary özünde saklaýandygyny we geçirýändigini subut etdiler. Genetika ylmy adamyň ösüşinde neslegeçijiligiň programmsanyny açyp görkezdi. Soňky barlaglaryň netijesinde alnan maglumatlar öňki öňe sürülen pikirler barada oýlanmaga mejbur edýär.

Adamyň ösüşine täsir edýän neslegeçijilik programmasy, adamlaryň umumylygy we biri-birine meňzemeýändigini kesgitleýär. Ata-eneden çagalara geçýän daşky keşpler: teniniň gurluşy, saçynyň, gözüniň we derisiniň reňki. Adamyň häsiýetini kesgitleýän, onuň psihiki ösüşine täsir edýän nerw sistemasynyň aýratynlyklarynda nesilden-nesle geçýär. Ata-enelerde ýüze çykan nerw keselleri-de nesillerine geçip bilýär. Gan, süýji, endokrin keselleri (endokrin boýy kiçi karlik liliput) hem nesilden-nesle geçýärler. Ata-enäniň alkogol we neşe serişdelerini ulanyşy nesliniň ösüşine otrisatel täsir edýär.

Adamyň ösüşi we ýaşaýşy üçin wajyp bolan häsiýetler özbaşdak ele alynýar. Onuň üçin tebigat oňa dürli mümkinçilikler döredýär. Öz-özüni terbiýelemek adama tebigat tarapyndan berlendir. Meýilnamalaşdyrylan neslegeçijilik häsiýetler haýwanlara ýaşamaga mümkinçilik berýär. Adam bolsa öz-özüni ösdürmek, öz-özüni kämilleşdirmek ýollaryň üsti bilen durmuşa uýgunlaşýar.

Pedagogik nukdaý nazaryndan adamyň ösüşiniň kanunalaýyklyklary üç esasy meseläni öz içine alýarlar. Olar intelektual, ýörite we moral hilleriň nesilden-nesle geçişidir.

Intelektual hilleriň nesilden-nesle geçişi iň wajyp soraglaryň biridir. Çagalara belli bir işi ýerine ýetirmek üçin taýyar ukyplar ata-enesinden geçýärmi? Ýa-da şol işi ýerine ýetirmek üçin gerek bolan zadatkalary (üşükler belli bir işi ýerine ýetirmek üçin tebigy berlen mümkinçilikler) kabul edýärlermi? Pedagoglar ukyplary bir işi ýerine ýetirmek üçin şahsyýetiň aýrybaşga psihologik aýratynlyklary diýip düşündirýärler we olary zadatkalardan tapawutlandyrýarlar. Zadatkalary bolsa ukyplary ösdürmek üçin döredilen potensial mümkinçilikler diýip düşündirýärler. Geçirilen eksperimentleriň netijesiniň seljerilmegi bu soraga dogry jogap bermäge mümkinçilik döretdi. Nesilden-nesle ukyplar geçmän diňe üşük ösdürmek üçin döredilen potensial mümkinçilikler geçýär.

Adam tarapyndan ukyplary ösdürmek üçin döredilen mümkinçilikler amala aşyrylýarmy ýa-da ýok. Eger-de adama bu mümkinçilikleri ösdürip, olary belli bir işi üstünlikli ýerine ýetirmek üçin konkret ukyplara geçirer ýaly ýagdaý döredilse, onda olar amala aşar. Dünýä belli matematigiň ýa-da hudožnigiň çagasy ene-atasy ýaly bolup bilermi? Ol birnäçe ýagdaýlar bilen baglydyr: ýaşaýyş şertler, daşky gurşaw, jemgyýetiň talaby we bu hünäriň durmuşda gerekligi ýa-da gerek dälligi.

Esasanam, jedelli meseleleriň biri-de intellektual ukyplaryň (bilim almak, okamak) nesilden nesle geçişi. Pedagog-materialistleriň pikirine görä ähli normal adamlar tebigatdan özüniň akyl we bilesigelijilik ösüşi üçin ýokary potensial mümkinçilikleri alýarlar. Ýokary nerw işindäki bar bolan aratapawutlar diňe pikirleniş prosesi işini üýtgedýärler, onuň hilini intellektual işiniň hilini, derejesini öňünden kesgitlemeýärler. Görnükli genetik, akademik N.P. Dubininiň aýtmagyna görä intellektiň nesilden nesle geçişini ylmy barlaglaryň netijesi inkär edýär.

Şol bir wagt dünýäniň pedagoglary intellektual ukyplaryň ösüşine otrisatel täsir edýän nesilden geçýän faktorlaryň barlygyny belleýärler. Alkogol içgileri, neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň çagalaryna nesilden-nesle psihiki keseller geçip biler.

Pedagog-idealistler adamlaryň intelektual ösüşindäki deňsizligi bu ukyplaryň nesilden-nesle geçýänligi bilen düşündirýärler. Olaryň pikirine görä terbiýelemek we bilim almak mümkinçilikleri nesilden-nesle birmeňzeş geçmeýär. Şonuň üçin adamlaryň hemmesine birmeňzeş bilim berip we terbiýeläp bolmaýar diýýärler.

Intellektual zadatkalaryň nesilden-nesle geçiş prosesine dogry düşünmek adamlary dogry okatmagyň we terbiýelemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman pedagogikasy olaryň arasyndaky aratapawutlary gözlemeýär, her adamda ösmeklige bar bolan mümkinçilikleri deň ýagdaýlarda ösdürmäge çalyşýar. Daşary ýurt pedagogik ulgamlary terbiýe ösüşiň yzyndan barmalydyr diýip düşündirýärler. Olaryň pikirine görä terbiýe tebigy berlen zadatkalaryň ösüşine baglydyr.

Ösüş üçin ýörite döredilen mümkinçilikleri (zadatkalary) kesgitlemekde düşünişmezlik ýok. Ýörite zadatkalar diýlip, belli bir işi ýerine ýetirmäge gönükdirilen zadatkalara aýdylýar. Ýörite zadatkalary bar bolan çagalar bu ugurdan tiz ösýärler, uly netijeler gazanýarlar. Eger adama mümkinçilik döredilse, onda onuň ýörite zadatkalary ösüşiň irki döwründe ýüze çykýarlar. Ýörite zadatkalara saz, suratkeşlik, matematiki, lingwistiki, sport zadatkalary we başgalar degişlidir.

Ahlak (moral) sypatlaryň we psihikanyň nesilden-nesle geçişi esasy soraglaryň biridir. Köp wagtyň dowamynda pedagogikada psihiki hiller nesilden-nesle geçmeýär, olara damyň organizminiň daşky gurşaw bilen aragatnaşygy esasynda ýüze çykýarlar diýip düşündirilýärdi. Adam gaharjaň, hoşgylaw, eli açyk, içigysgynç, ýyrtyjy we jenaýatkär bolup dogulmaýar diýlip düşünilýärdi. Çagalara ene-atasyndan moral (ahlak) hiller nesilden-nesle geçmeýär. Adamyň genetiki programmasynda özüni jemgyýetde dogry alyp barmak maglumatlary ýok. Gadymy döwürde täze doglan çaganyň ruhy arassa sahypa ýaly diýip düşündiripdirler. Durmuş bolsa bu arassa sahypa öz hatlaryny ýazýar, diýipdirler. Adamyň nähili bolmagy daşky gurşaw bilen terbiýe baglydyr diýip bellenen. Genetiki programmalaryň seljerilmegi netijesinde alymlar olarda gaharjaňlygyň, hoşgylawlygyň, gazaplylygyň, boýunbolujylygyň we başga ahlak häsiýetler bilen bagly genlere duş gelinmändirler.

Onda näme üçin köp alymlar dogabitdi gahar-gazap diýen nazary pikri öňe sürýärler. Birnäçe asyrlar dowamynda öz manysyny ýitirmedik alma almadan daşa düşmeýär diýeln atalar sözi dogrymyka? Daşary ýurt (Günbatar) pedagogikasynda adamyň ahlak hilleri nesilden-nesle geçýär diýlip düşündirilýär. Adamlar eýýam doglanda hoşgylawly we gaharjaň, dogryçyl we ýalançy bolup dogulýarlar. Uruşganlyk, gaharlylyk, hilegärlik, ganymlyk adama tebigy berilýär diýýärler. (M. Montessori, K. Lorens, E. Fromm, A. Miçerlik we başgalar). Bu netijelere olar adamyň we haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwrenmek boýunça geçiren ylmy barlaglarynyň jemleri getirýärler.

Eger-de ylym adamlarda we haýwanlarda instinkt we refleksler bardygyny boýun alýan bolsa (I.P.Pawlow) instinklerem nesilden-nesle geçýän bolsa, onda adamlar tarapyndan kabul edilen instinktler hem haýwanlardaky ýaly hereket etmelidir.

Şeýdip haýwanlaryň özüni alyp barşy bilen adamlaryň özüni alyp barşyny birmeňzeş etjek bolýarlar. Haýwanlaryň özüni alyp barşy köp babatdainstinktiw reflektor häsiýete eýe bolup, onuň ýokary aň ösüşine bagly bolman, diňe sada biologik refleksler netijesinde hereket edýär.

Bu mesele örän çylşyrymly bolandan soň, oňa örän jogapkärli çemeleşmeli. Muňa garamazdan soňky wagt biziň alym-pedagoglarymyzyň-da birnäçesi adamyň özüni alyp barşy genetiki kesgitlenendir diýen pikiriň tarapyna geçip başladylar.

Adam biologik görnüş hökmünde özüniň taryhy ösüşini üýtgetmän gelýär diýsegem bolar. Bu adamyň tebigatynyň üýtgewsizligini duşündirýär. Adamyň görnüşi diňe alymlaryň adamyň genetiki kodyna aralaşyp ony üýtgeden ýagdaýynda üýtgäp biler. Bu işleriň nähili netije berjegini peýdamy ýa-da zyýan ony wagt görkezer.

 





:


: 2018-11-11; !; : 1241 |


:

:

- , , .
==> ...

1382 - | 1207 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.034 .