Adamlar bir-birleri bilen şahsyýetara, aýratyn toparyň wekilleri, düzüjileri hökmünde bolsa toparara gatnaşykda bolýarlar.
Şahsyýetara gatnaşykda birek-birege empatiýa- özüňi beýlekiniň emosional-duýgy ýagdaýyna goýmak, (simpatiýa, antipatiýa), identifikasiýa -özüňi oňa birleşdirmek, ýagny özüňi garşydaşyň diňe bir duýgy ýagdaýyna goýup görmek bilen çäklenmän, eýsem onuň pikirine, maksadyna laýyk iş-hereket etmek ýaly bir-birine düşünişmek usullary bardyr. Toparara gatnaşyklar -derejesinde adamlaryň bir-biriniň ýagdaýyna aralaşmagy emosional-duýgy derejede däl-de, durmuşy resmi kada-talaplara tabynlykda bolmalydyr. Onuň kadalaşdyryş usuly stereotipler - ýagny topar ýa-da onuň jemgyýetçilik sosial durmuşy dogrusynda gysgaldylan, jemleýji pikir ýöretmekdir. Şahsyýetara gatnaşykda stereotipi, toparara gatnaşyklarynda bolsa empatiýany ulanmak çaprazlyk bolup, ol psihologiki dartgynlygyň döremegine sebäp bolýar.
Şahsyýetara gatnaşyklaryň psihologiki hereket düzüjisi aragatnaşykdyr. Aragatnaşyk şahsyýetleriň arasynda maglumat alyşmak, özara hereket alyşmak hem-de birek-biregi kabul etmek we düşünişmek görnüşlerde bolýar.
Aragatnaşygyň psihologik derejesinde taraplaryň bir-birlerini sulhy almagy, käbirine biperwaý-bitarap, üçünjisine sowugrak gatnaşykda bolmaklyk ýaly täsirler döreýär. Toparda köplere ýaraýan, adamlaryň ýüregini awlaýanlar öňe saýlanyp, olara liderler diýilýär. 40-njy ýyllarda meşhur psiholog K.Lewin liderçiligiň demokratik, awtokratik we liberal-goşulmaýan görnüşlerini tejribede esaslandyrýar:
Demokratik lider bu toparyň işini öňünden onuň ähli agzalaryna sala salmak esasynda meýilnamalaşdyrýar, işiň gidişine ähtibar gözegçilik edip, onuň aralyk we ahyrky netijelerine baha berşi maslahat beriji häsiýetde bolýar. Bahalandyryşda işiň netijeliligi we işgäriň oňa yhlaslylygy göz öňünde tutulýar. Topar agzalary tejribeden soňra geçirilen sorag-jogapda ýene-de şeýle lider bilen işleşmäge döwtalapdygyny aýdýarlar.
Awtokratik ýa-da awtoritar usully lider işi öňünden meýilnamalaşdyrman, ony işiň gidişinde döredýär. Ýumuş buýruş äheňi azymly, talap ediji, işe esasan göze görünýän netijesi boýunça baha berlip, oňa siňdirilen erk-yhlas, azap nazara alynmaýar. Öwen adamsyny aňrybaş mahabatlandyryp, onuň sähelçe gyşarnygyny aňsa ony edil şonuň ýaly-da ýazgarýar. Toparyň iş öndürijiligi bu usulda ýokardaky demokratik usuldan onçakly pes bolmasa-da, bu liderden adamlaryň nägileligi örän ýokary bolýar.
Liberal ýa-da goşulmaýan usulda işleýän lideriň iş tutuşy işi özakymyna goýbermek, diňe topar agzalaryny zerur iş serişdeleri bilen üpjün etmek häsiýetde bolýar. Iş tutumynda özakymlaýyn birnäçe gysga wagtlaýyn we işiň belli bir döwürlerine laýyk bölekleýin liderler döreýär. Toparyň iş öndürijiligi we jebisligi pes bolýar.
Aragatnaşykda şahsyýetara gatnaşyklaryň gidişinde birleşdiriji- konýunktiw we aýrylyşdyryjy- dizýunktiw duýgular döräp, olaryň birinjisinde taraplaryň bir-birine ýaramlylygy, işi bilelekde etmeklige meýli döräp, ol topary jebisleşdirýär. Dizýunktiw duýgular bolsa, tersine, adamlary bir-birinden sowaşdyrýan, bilelikde işlemekden çetleşdirýän, ahyr netijede bolsa toparda agzalalyk esasynda onuň jebisligini peseldýän täsirdäki duýgular bolýar. Toparda aragatnaşygy we şahsyýetara gatnaşyklarynyň psihologiýasyny öwrenmek we kesgitlemek ýörite mesele hökmünde ýüze çykýar. Bu maksat üçin J.Morenonyň döreden sosiometriýa (sosiýa - jemgyýet, metrio - ölçemek) usuly ulanylyp, onuň netijesinde şahsyýetiň toparyň şahsyýetara gatnaşyklaryndaky at-abraýy kesgitlenýär.
Topar agzalaryna "Kimi doglan günüň bellenşigine çagyrardyň?", "Kim bilen öý-işlerine, synaglara bile taýýarlanmak isleýärsiň?" diýen ýaly şahsyýetara, işewür we beýleki häsiýetdäki sowallar teklip edilip, olara kimiň köp saýlaw alandygy sanalýar. Şeýle saýlawyň netijesinde öňe saýlanýanlaryň dürli derejeleri durmuşy psihologiýada ýörite adalgalar bilen bellenýär:
1. "Ýyldyzlar" - saýlawda iň köp ses atan topar agzasy. Talyplar toparynda we okuwçylar synpynda olar 8-10 saýlaw almany başarýarlar. Şeýle agzalaryň sany 1-2-den geçmeýär.
2. "Göwnelýänler " - ýyldyzlardan ýarpy ýa-da ondan sähel pes saýlawyny alýanlar.
3. "Gyzyklandyranlar" - 1-3 saýlaw alýan topar agzalary.
4. "Göze ilmeýänler" - ýa-da çetleşdirilenler, saýlawda ýekeje ses hem almadyklar.
5. "Ret edilýänler" - eger sowal oňyn däl häsiýetde "Kim bilen bile işlemek, dynç almak islemeýärsiň?" ýaly goýlanda oňa jogap hökmünde agzalýanlar.
Adamyň iş durmuşynyň dürli mazmunlylygy we onuň ukyp-başarnyklarynyň, şahsy häsiýetleriniň ösüşiniň dürli derejeliligi şol bir adamyň şahsy we işewür ulgamlarynda dürli at-abraýda bolmak mümkinçiligini döredýär. Şol bir talyp, okuwçy şahsy we işewür gatnaşyklarynda degişlilikde "ýyldyz" ýa-da "göwnelýän" orunlarda, kähalatlarda bolsa olaryň ikisinde-de bir meňzeş orun eýelemegi mümkindir.
Agzalan mesele bilen baglanşyklykda adamlaryň şahsyýetara gatnaşyklarynda birek-birege psihologiýa laýyklylyk, sygyşmaklyk ýa-da olaryň oňyn däl alamatlary ýüze çykýar.