Лекции.Орг


Поиск:




Категории:

Астрономия
Биология
География
Другие языки
Интернет
Информатика
История
Культура
Литература
Логика
Математика
Медицина
Механика
Охрана труда
Педагогика
Политика
Право
Психология
Религия
Риторика
Социология
Спорт
Строительство
Технология
Транспорт
Физика
Философия
Финансы
Химия
Экология
Экономика
Электроника

 

 

 

 


Mekdepden daşary terbiýeçilik edaralary we olaryň mekdepler bilen arabaglanyşygy.




I. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden ýaş nesile bilim-terbiýe bermek meselesine aýratyn üns berýär. 2007-nji ýylyň Baýdak aýynyň 15-inde “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” permana gol çekmek bilen, 2007-2008-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 1-nden okatmak möhletini orta mekdeplerde 10 ýyl, ýokary mekdeplerde 5 ýyl, lukmançylyk we sungatyň aýratyn hünär ugrukmalary boýunça 6 ýyl diýip bellenilmegi netijesinde “Türkmenistanyň bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler girizildi we onda: “10 ýyllyk umumy orta bilim okatmagyň esasy binýady bolup, Türkmenistanyň raýatlarynyň ylmy bilimleriň esasyny döwrüň talabyna laýyk özleşdirmäge, döredijilik ukyplarynyň, medeni derejesiniň hem-de beden taýýarlygynyň göwnejaý ösmegine mümkinçilik berer” diýlip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-nde “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” karary milli bilim ulgamyny özgertmek boýunça anyk çäreleri kesgitlemek bilen, bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, bilim hakyndaky resminamalaryň dünýäde ykrar edilmegini gazanmak, mekdepleriň gurluşyny, okuw dersleriniň mazmunyny mundan beýläkde kämilleşdirilmegi kesgitledi. Ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlaryň iş ýüküniň 850 sagada getirilmegi, olaryň okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag, medeni-köpçülik, guramaçylyk işleriniň kämil derejede alnyp barmaga şert döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegine ýardam etjek nesilleriň terbiýelenip ýetişdirilmeginde umumy bilim berýän mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna uly orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň Baýdak aýynyň 16-synda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, täze uniwersitet şäherçesiniň emele geljekligini aýtdy. Bu jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmek üçin, biziň pikirimizçe, şu aşakdaky meselelere aýratyn üns bermek zerurdyr:

1.Ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw meýilnamalary işlenilip düzülende dünýä tejribesine we milli tejribä esaslanmak zerurdyr;

2.Mugallymlaryň taýýarlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyryp durulmagyny ýola goýmaly;

3.Ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmegiň täze kadalary ýazuwdan we dilden giriş synaglarynyň girizilmegini göz öňünde tutsa gowy bolar. Şeýle-de has zehinli ýaşlary daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerine maksatlaýyn ibermek maksadalaýykdyr;

4.Ýokary okuw mekdepleriniň üsti geljekde Daşoguzda oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň we Aşgabatda Ruhnama, Lukmançylyk uniwersitetleriniň ulgamy bilen üsti ýetiriler, 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň baş binasynyň işe girizilmegi, 2009-nji ýylyň dekabrynda iki Prezidentiň gatnaşmagynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň täze binalary dabaraly ýagda açyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa ilkinji saparynda (2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 23-24-ne) baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşygynyň esasynda ýakyn geljekde Ruhnama uniwersitetiniň binýadynda Moskwa döwlet uniwersitetiniň bölüminiň açylmagy we Aşgabatda I.M.Gubkin adyndaky nebit-gaz döwlet uniwersitetiniň bölümlerini açmaklyk (2008-nji ýylda Politinstitutyň bazasynda) ýola goýular; Bilim bermekde interaktiw we multimediýa usullarynyň ornaşdyrylmagy okuwlaryň guralyşyny talabalaýyk kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri açar.

5.Okuw işiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen nazary we amaly taýýarlyk üçin niýetlenilen sagatlaryň sany sazlaşdyrylmalydyr we mugallymlaryň öz üstünde yzygiderli işläp, okadýan dersi boýunça dünýä derejesinde peýdalanylýan usullardan, serişdelerden, tärlerden ýerlikli peýdalanyp, talyplarda ylym-bilime bolan höwesi ösdürmek, olaryň hünär başarnyklaryny, ukyplaryny, endiklerini yzygiderli kämilleşdirmek meselelerini çözmelidir; Özüniň pedagogik başarnygyny kämilleşdirmek bilen, talyplaryň içki dünýäsine aralaşmak, olar bilen toparyň öňünde durýan meseleleri ylalaşykly amal etmek zerurdyr;

6.Mugallymçylyk, halypaçylyk işi, onuň sarpasy, mertebesi barada ýurdumyzyň döwlet işgärleri, görnükli il ýaşulylary we mugallymlaryň habar beriş serişdelerinde, gazet-žurnallardaky çykyşlarynda aýdýan öz şahsy pikirlerini, tekliplerini, maslahatlaryny ýerlikli peýdalanmak zerurdyr. Olar öz maslahatlarynda, tekliplerinde häzirki zaman ýaşlaryny terbiýelemekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Men ýaşlarymyza bilim berilişinde düýpli özgertmeleri geçirmegiň wagty geldi diýip hasap edýärin” diýen pikirinden ugur alyp, her bir çagany, ýetginjegi, talyby hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen, onda bar bolan tebigy zehini ýüze çykarmakdan, olaryň endiklerini, başarnyklaryny, höweslerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

7.Mugallymlar talyplary ylmy işlere işeňňir çekmelidirler. Kafedralarda talyplary ylmy-derňew işlerine ugrukdyrmaga derejeleýin çemeleşmegi ýola goýmaly, ýagny talyplaryň alyp barýan ylmy derňewlerini kem-kemden çylşyrymlaşdyrmak maksadalaýykdyr. Ilki ylmy-amaly maslahatlarda çykyş eder ýaly nutuklar taýaýýarlanylmaly, ýyllyk işi, diplom işi we beýlekiler.

8.Mugallym hemişe geçmiş bilen şu güni hem geljegi baglaşdyryp, adamzat jemgyýetiniň tejribesini ösüp gelýän ýaş nesili kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde giňden peýdalanmalydyr. Mugallym okatmagyň we terbiýelemegiň milli ruha laýyk gelýän usullaryndan, dünýä ülňülerine gabat gelýän serişdelerden ýerlikli peýdalanmaly, döredijilikli işlemegi başarmalydyr. Onuň abraýy, hormaty we mertebesi diňe bir okuwçy ýaşlaryň öňünde däl-de, eýsem ata-eneleriň, tutuş döwletiň, jemgyýetiň öňünde-de ýokary bolar. Mugallym öz okadýan okuwçysynyň şahsy aýratynlyklaryny we onuň psihologiýasyny hemme taraplaýyn häsiýetlendirmegi, oňa öňdengörüjilikli baha bermegi başarmalydyr. Mugallym ömür boýy ylymlaryň esasyny, durmuşy içgin öwrenmek bilen, işine döredijilikli çemeleşmeli, öz-özüni kämilleşdirmeli, ylmyň ösmegine, şonuň bilen birlikde jemgyýetçilik aňynyň kämilleşmegine itergi bermelidir. Şeýlelikde, bilimi döwrebap özgertmek üçin bu ugurda ýurdumyzda, bütin dünýäde toplanan tejribä daýanmalydyrys.

II. Bilim ulgamyny guramagyň düzgünleri:

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp 2009-nji ýylyň 15-nji awgustyndan güýje giren “Türkmenistanyň Bilim hakyndaky” kanunynyň esasynda kesgitlenilýär we durmuşa geçirilýär.

1. Bilmiň her bir raýat üçin elýeterli bolmak düzgüni, her kimiň isleg we ukybyna laýyklykda degişli okuw jaýynda okap ylym bilim almaga hünär almaga deň derejede mümkinçilik bardyr.

2. Bilimiň deňhukuklylyk prinsipi. Türkmenistanda ýaşaýan ähli halklar bilim almakda deň hukulydyrlar. Ata-eneler çagalaryny islän dilinde okadyp bilýärler. Häzir özbek, gazak, rus, buluç mekdepleri işleýär.

3. Döwletiň bilim beriş edaralarynda bilim beriş hyzmatynyň mugtlygy. Ol döwletiň hasabyna mugt okamaga, terbiýelenmäge, beýleki ýeňillikler berilýär. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň açan mekdeplerinde bilim-terbiýe bermeklik ýola goýlandyr (türkmen-türk, rus we beý.).

4. Umumyadamzat gymmatlyklaryny ilerde tutmak. Bu düzgün bilimiň mazmunyny döwrüň talabyna laýyk edip täzelenmegi, klasdan daşary geçirilýan terbiýeçilik çärelerinde milliligi göz öňünde tutmak, däp-dessurlary, adalary öwrenmek. Şonuň bilen birlikde dünýä halklarynyň taryhyna, ruhy baýlygyna medeni ýadygärliklerine, ruhy baýlyklaryna üns bermeli.

5. Bilimiň milli taryhy, medeniýet we däp-dessurlar bilen aýrylmaz baglanşyk düzgüni.

6. Bilimiň dünýewi hässiýetliligi – döwletiň bilim berýän edaralarynda hakyky ylmy maglumatlary öwrenmeli, bilimi demokratik we ynsanperwerlik esaslarynda ýola goýmaly.

Demokratiýa-birmeňzeşlikden gaça durmak, dürli okuw usullaryndan, görnüşlerden, kitaplardan peýdalanmak. Okuwçylary islän mekdeplerinde okamaga bolan mümkinçiligi. Mekdebi dolandyrmak meselesi.

Ynsanperwerlik-adama hormat goýmak, okuwçynyň ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usullardan peýdalanmak, mertebesine hormat goýmak.

7. Döwletiň bilim berýän edaralarynyň syýasy partiýalara, beýleki jemgyýetçilik we dini guramalara garaşsyzlygy.

8. Bilimiň ylym we önümçilik bilen utgaşyklydygy, beýleki ýurtlaryň bilim ulgamyny nazara alýandygy. Daşary ýurtlaryň okuw jaýlary bilen aragatnaşygy ýola goýulýar.

9. Bilim ulgamynyň geljegi öňünden kesgitläp bilýänligi.

10. Bilim ulgamynyň üznüksiz, yzgiderli baglanşykly bolmagy.





Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 569 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Лучшая месть – огромный успех. © Фрэнк Синатра
==> читать все изречения...

2232 - | 2119 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.008 с.