Mugallymyň özleşdiren gymmatlyklar ulgamy onuň sahsy hünärmen ornuny kesgitleýär we etiki, psihologlary gönükdirilmelerde ýüze çykýar. Olaryň arasynda iň möhümleri aşakdakylardyr: okadylýanlara gatnaşygy: düşünmeklige ugrukma. duýgydaşlyk, okaýanlaryň çenden erkinligi we özbaşdaklygy; her bir okuwçynyň döredijilik goruny ýüze çykarmaklyga ymtylyş; toparlaýyn (kollektiwleýin) işi guramaklyga gatnaşygy: adalat-demokratiki öz-özüňi dolandyrylyşyň ösdürilmegine ugrukma, toparlaýyn döredijilige, umumy işi diňe bir okuw jaýynda däl, onuň çäginden daşda, şol sanda öýde guramaga, kollektiwleýin durmuşyň däp-kadalaryny berjaý etmeklige gönükdirilme; mugallymyň öz-özüne gatnaşygy: okuw-terbiýeçilik işiniň üstünlikli guralmagyna alada etmeklige, hünär we şahsy ösüşe, öz-özüňi seljerişe ugrukma. Mugallymyň şahsyýetiniň beýleki sypatlary, gylygynyň we temperamentiniň aýratynlyklary, höwesleri we medeni derejesi-de onuň öz zähmetine bolan gatnaşygyna täsir edýär. Şol bir wagtda olar mugallymyň işiniň we aragatnaşygynyň indiwidual keşbini döredýär. Bu bolsa islendik döredijilik işinde, ýazyjy, aktýor, suratkeş, žurnalist ýa-da mugallymçylyk hünärinde örän möhümdir. Bu hünärleriň umumylygy olaryň indiwidual ýüze çykyşyndadyr (indiwiduallyk-gaýtalanmazlyk pedagogika sungatynyň hut tebigatyna ýugrulandyr). Pedagogik ussatlyk işiň üstünligini üpjün edýän möhüm düzüjisi mugallymyň pedagogik-psihologik medeniýeti, onuň okuw-terbiýeçilik ýumuşlaryny amalyýetde amala aşyrmaklyga taýýarlyk derejesi we onuň işinde guramaçynyň we terbiýeçiniň häsiýetleriniň aýrylmaz utgaşmagydyr. "Taýýarlyk" düşünjesi pedagogyň pedagogik-psihologik medeniýetiniň esasy sypatlaryny aňladyp, olary aşakdaky görnüşlerde jemlemek mümkin.
Psihologik- pedagogik sowatlylygy häsiýetlendirýän sypatlar we aýratynlyklar. Bu pedagoglaryň öz dersini we ony okatmagyň usulyny çuňňur bilmekligine möhüm hünär talabydyr. Dersi diňe erkin özleşdirmeklik okaýanlarda bilimlere, mugallyma we onuň talaplaryna höwes döredýär. Kähalatlarda "Mugallym ähli zady bilip bilmez. Bilmezlik aýyp däldir!" diýýärler. "Ähli zady" düşünjesi anyklanmasa bu pikiriň makullygy uly şübhe döredýär. Fizikden türkmen klassyk edebiýatyny doly göwrümde bilip, sapagyny keminden üç dilde okadyp bilmegini talap edip bolmaz. Edil şonuň ýaly-da edebiýat mugallymyna Eýnşteýniň çendanlyk taglymatyny bilmek hökman däldir. Ýöne mugallym haçanda öz dersini bilip, onuň üstesinede käbir başga bilimlerden hem baş çykarýan bolsa, onuň medeniýetine baha-da onuň hut şol hökmany talapdan ýokary düşünjeleri özleşdirişiniň çuňlygyna laýyklykda berilýär. Aslynda şol "talapdan ýokarylyk" okuwçylara öz mugallymynyň sowatlylygyna, bilimleriniň köptaraplaýynlygyna baha kesmäge esas döredýär. Mugallymçylyk ussatlygynyň derejesini häsiýetlendiryän sypatlar we aýratynlyklar. Okuwçylar mugallymyň diňe bir bilimlerini däl-de, onuň bilim-düşünjeleri gyzykly we düşnükli özlerine ýetirişini hormatlaýar. Mugallymyň bilimleri talyplara bermeklige höwesi we başarnygy, dersine gatnaşygy, oňa söýgüsi töweregindäkileriň hemişe üns merkezinde bolýar.
Pedagogik ukyplaryň ösüş derejesini häsiýetlendirýän sypatlar we aýratynlyklar. Islendik işiň netijeliligi köp derejede adamyň indiwidual psihologiýa aýratynlygy bolan ukyplara baglydyr. Olar adamda işiñ belli bir görnüşine laýyklyk döredip, degişli bilim başarnyklarynyň özleşdirilişini ýeňilleşdirýär we özi şu işiň tutumynda ösýär. Mugallym hökmünde üstünlikli işlemek üçin kemalyýet ukyplar zerur bolup, olara kemalyýet pikirlenme, guramaçylyk ukyplary, şeýle hem nerw-psihologiýa ulgamyň çydamlylygy degişlidir. Soňky sypat kemalyýetçi hünäriniň adama salýan iňňän ýokary dartgynlygy mynasybetli ýörite nygtalmaga degişlidir. Kemalyýetçi üçin özüňi elde saklamak, ýerliksiz hereketleri togtatmak ukyby, çaltlygyň çözgüt tapyjylyk bilen utgaşmagy, emosional-duýgy deňagramlylygy, öz duýgularyňa erk etmek başarnygy aýratyn möhümdir.
Ahlak-duýgy terbiýeliligi häsiýetlendiryän sypatlar we aýratynlyklar. Bu häsiýetler mugallymyň beýleki adamlara ýolbaşçylyk etmek, olary okatmak we terbiýelemek ýaly ahlak hukuklaryny döredýär. Okaýanlara hoşniýetli gatnaşykda bolup, olaryň keýp-duýgy ýagdaýyny syzmak, her bir talybyň psihologiýanamasyny bilmek, mugallymyň aýrylmaz sypatlarynyň biri bolan pedagogik salyhatlylygy (pedagogiki takty) kemala getirýär. Pedagogik salyhatlylyk mugallymyň tapylgysyz hünär sypaty bolup, ol oňa pedagogik täsir serişdelerini ulananda duýgulary ýüze çykarmagyň çägini salgy berýär. Bu sypat özüňe erk etmek, takatlylyk, sowukganlylyk ýaly häsiýetler bilen baglanyşyklydyr. Bu hatarda pedagogik aragatnaşygy aýratyn orun tutýar. Haçanda kemalyýetçi talyplardan birinji mugallymçylyk tejribeliginde iň kyn zadyň näme bolandygy soralanda olaryň 80% "Çagalar bilen umumy dil tapmak" diýip jogap berdiler. Aragatnaşyk guramaklygyň iňňän çylşyrymly meseledigini GDA ýurtlarynyň uly şäherlerinde "Jemgyýetçilik pikiri" maksatnamasy boýunça geçirilen derňewleriň netijesi hem tassyklaýar. (l.Soloweýçik S. Pedagogika dlýa wseň. M,1989. s.306.). "Talyp-mugallym" özara gatnaşygynyň, medeniýetini 15% mugallymlar we 15% talyplar pes derejede häsiýetlendirýärler. (Seret: Sosialno-politiçeskiý žurnal //1997. -N:l-s.102). Aragatnaşykda umumy dil tapmaklyk tabyn edijilik we sessiz-üýnsüslik bilen ters baglanyşykda bolýar. Şeýle umumylyk umumy höwesiň, ynamyň, umydyň we söýginiň ýüze çykyşydyr. "Terbiýelemek" işligi keminden üç kemalyýet hereketi özünde birleşdirýär: okatmak, dolandyrmak, aragatnaşyk guramak. Ýöne bu düzüjileriň düýpli özboluşlylygy bardyr. Okatmak üçin mugallym okaýanlardan bilimi we tejribesi boýunça rüstem bolmalydyr. Dolandyrmak üçin bolsa ol wezipesi, pähimi, güýji ýa-da abraýy taýdan ýokary bolmalydyr. Aragatnaşykda bolsa, tersine, taraplaryň doly deňligi talap edilip, duýgyda adamlar özlerini hiç wagt kem bahasaýlamaly däldir. Garşydaşyňy syzyp bilmek üşügi hut aragatnaşyk ukybydyr. Pedagogik zehin - bu tertipde edil özüňki ýaly mynasyp şahsyýeti syzyp, onuň bilen deň hukukly derejede aragatnaşyk guramakdyr. Eger mugallym okuw jaýynda işi dolandyryp bilmeýän bolsa ol pedagoglygyny bes edýär. Eger onuň başarýany diňe dolandyrmak bolsa, onda okuwçylaryň dat gününe. Dolandyryş diňe syzylmasy örän kyn, ýürekdeş aragatnaşyga daýananda netijelidir. Aragatnaşyk ýok ýerinde talyplaryň dolandyrylmasy-da ýokdur: olar pedagogy "eşitmeýär", ony hormatlamaýar. Şeýle ýagdaýda mugallyma diňe özüne kyn okuwçylaryň sataşandygyna käýinip, ykbalyndan nalamakdan başga zat galmaýar.
Pedagogik aragatnaşygy birnäçe derejeleri geçýär: baglanyşyk - sataşma, soňra ruhy aragatnaşyk. Baglanyşyk-sataşma- bu adamsöýüjiligiň ýüze çykyşy hökmünde gysga, ýa-da dowamly bolup bilýär. Ýürekdeşlik aragatnaşygy haçanda pikiriň ýa-da höwesiň umumylygy bolanda döreýär. Ruh y aragatnaşyk aragatnaşygyň iň ýokary derejesi hökmünde taraplaryň umumy maksat-niýetleri esasynda döräp, adamyň öz ýanynda ruhy howalalaryny paýlaşýan adamyň bardygyna bagtlylyk duýgusyny syzýan ýagdaýydyr. Aragatnaşygyň serişdesi hökmünde ilkinji nobatda ses we bakyş öňe saýlanýar. Gyýak, şübheli, ätiýaçly, çytyk, "turşy", biagyry, ät galan, närazy, gülümsireýän, biperwaý garaýyşlar - bidaryň bary mugallymçylyga çapraz bakyşlardyr. Islendik hoş gylaw däl äheň, gazap we ynjyklyk mugallymyň hut özi tarapyndan talyplaryň öňünde hata hökmünde bahalandyrylmalydyr. Tersine, hoşgylaw, mylaýym, şadyýan, wäşi, düşünýän, goldaýjy, guwanyjy bakyşlar mugallymyň işiniň tapylgysyz serişdeleridir.
Mugallymyň jemgyýetçilik wezipeleri, hemişe adamlaryň (esasan okuwçylaryň) gözüniň öňünde bolýanlygy onuň daşky keşbine, geýim-gejiminiň biçüwüne belli bir talaplar bildirýär. Adatça mugallymlar eşigiň özüni salyhatly, tämiz görkezýän, adamyň gylygynyň çuňlugyny sypatlandyrýan işewür görnüşini saýlaýar. Agzalanlar psihologik-pedagogik medeniýetiň, pedagogyň okuw-terbiýeçilik işiniň wezipeleriniň çözgüdine esas bolup hyzmat edýän düzüjileridir. Şunuň bilen bir hatarda mugallymyň pedagogik-psihologik keşbiniň ýene-de bir aýrylmaz tarapy-mugallymçylyk ussatlygyň esasyny düzüjiler bolan onuň başarnyklary we endikleri hem häsiýetlendirilmelidir. Mugallyma dürli başarnyklar zerurdyr: talyplarda bilesigelijiligi ösdürmek; olary töweregiňde jebisleşdirmek; olara düşünmek, yzyňa eýertmek; olaryň ýokary ynamyny gazanmak; diňe bir özleşdirilýän bilim-düşünjelere gözegçilik bilen çäklenmän, sözüň işe ornaşmagyny gazanmak; dogumlylygyň, durnuklylygyň, erjelligiň nusgasy bolmak; ynandyrmak ukyby. Bu sanawy kynçylyksyz dowam etdirip bolar. Ýöne her bir ýagdaýyň gaýtalanmaz özboluşlylygy bolup, mugallym olaryň her birine laýyk başarnyklar döretmelidir. Şol bir wagtyň özünde mugallymyň ylmy düşünjeleri ýaýradyjy, guramaçy we terbiýeçi hökmündäki başarnyklarynyň umumy toplumyny ýüze çykarmak mümkin. Olara sözleýiş ussatlygy (oratorlygy), didaktiki-öwrediji ussatlygy, aragatnaşyk guraýjylygy, kabul ediş başarnyklary, şeýle hem pedagogik tilsimatyny özleşdirmeklik degişlidir. Bu başarnyklaryň toplumy terbiýeçilik işiniň mazmuny hem-de mugallymyň özünde durýan wezipeleriň aýratynlyklary bilen kesgitlenýär.
Pedagogik tilsimaty- pedagogik ussatlygyň möhüm bölegidir. Ol mugallymyň şahsy täsir ediş serişdeleri özleşdirip (sesi, yşarat hereketlerini, kaddyňy tutmaklygy), özüňi alyp barşyny kemalyýet maksadalaýyklykda guramakda ýüze çykýar. Pedagogik tilsimat bu ýokary derejä ýetirilen ussatlykdyr. Pedagogik ussatlygy - bu onuň psihologiýa-kemalyýet täsir ediş serişdeleriniň häzirki zaman goruny ýokary derejedäki döredijilikli özleşdirmegidir; olary öz işiniň ähli tutumynda netijeli ulanmagydyr; bu terbiýeçi hökmünde öz hereket -gylymlaryňy üznüksiz tankydy seljermek we terbiýeçilik başarnyklaryny, endiklerini yzygider kämilleşdirmekdir. Elbetde, bu ussatlyk adamda ynsanperwer başlangyçlary terbiýelemeklige, şahsyýeti kemala getirmeklige, öz döredijilik ukyplaryňy netijeli ulanmaklyga, durmuşyň ähli ulgamynda öz wezipäňi üstünlikli ýerine ýetirmeklige hyzmat etmelidir.