Лекции.Орг


Поиск:




Категории:

Астрономия
Биология
География
Другие языки
Интернет
Информатика
История
Культура
Литература
Логика
Математика
Медицина
Механика
Охрана труда
Педагогика
Политика
Право
Психология
Религия
Риторика
Социология
Спорт
Строительство
Технология
Транспорт
Физика
Философия
Финансы
Химия
Экология
Экономика
Электроника

 

 

 

 


Okadyň, ýola girdiň.




Görüşimiz ýaly,çaga bilim bermekde, oňa edep öwretmekde, ony billi bir rejime girizmekde mekdebiň aýratyn ähmiýetiniň barlygy nygtalyp bellenilýär.

Magtymgylynyň çaga üç ýaşynda sözlemegi öwrenýär, on üç-on alty ýaşlarynda bolsa ýetginjeklik döwrüni başdan geçirýär, bu ýagdaý hemmelerde birmeňzeş bolmaýar diýen pikiriniň häzirki döwrüň fiziologiýa ylmyny şu mesele barada hödürlän ýaş aýratynlyklaryna gabat gelmegide üns bererlikdir.

Magtymguly ýetginjeklik döwri baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär:

Gyz bilen bazy gurduň,

Tä on dört ýaşa ýetdiň.

On bäşe ýetse saly,

Galkar köňül hyýaly.

Çagalar jahyllyk ýeli,

Juwan görner düýşünde.

On ikimden gitdim on üç ýaşyma,

On dördümde heser urdy başyma,

On bäşimde gyzlar girdi düýşüme,

On altymda gaýnap joşan günlerim.

 

  Akyldar ýetginjeklik döwrüniň aýratynlygyny, ozaly bilen, her bir ata-enäniň bilmegini, şoňa laýyklykda hereket etmegini isläpdir. Nebsimiz agyrsa-da, ata-eneleriň birtopar ogullarynyň we gyzlarynyň çagalyk döwri bilen hoşlaşyp, ýetginjeklik ýoluna gadam basyp, özüni alyp barşy, gylyk häsiýeti boýunça özgerip başlaýandyklaryndan bihabar bolup galýarlar, şeýdip, kähalatlarda terbiýeçilik işinde soňunda düzetmesi örän kyn bolan halatlara-da ýol berýärler.

  Pedagogika ylmy adamyň ösüş döwürlerini kesgitlemek meselesine töwerekleýin çemeleşýär, ýagny onuň psihalogik /erkliligi, emosiýasy, gylyk-häsiýeti, islegi we ş.m./, fiziki /bedeni, myşsalary, muskullary we ş.m. taýdan/ ösüşli hem-de umumy /psihalogiki, fiziki, ahlak we beýleki sypatlary taýdan/ ösüşi tutuşlygyna bilelikde göz öňüne tutýar.

  Häzirki wagtda ylmy edebiýatlarda çaganyň ösüşini aşakdaky ýaly edip döwürlere bölmeklik maslahat berilýär: Psihologlaryň bölüşi:

1. Preatal döwür (enesiniň göwresindäki ösüş).

2. Birinji 6 hepde ýaşaýyşy (irki bäbeklik döwri).

3. Bäbeklik döwri (1 ýaşa çenli).

4. 1 ýaşdan 3 ýaşa çenli (Irki çagalyk döwri).

5. Mekdebe çenli döwür (3-7 ýaş).

6. Mekdep ýaşy (7-17 ýaş).

7. Pubertat (krizis)döwri (11-15 ýaş).

8. Ýigitlik döwri (15-20 ýaş).

Pedagoglaryň çaga ýaşlaryny döwürlere bölüşi:

1.Irki çagalyk döwri (1-ýyl).

2.Agalyk döwri (1-3 ýaş).

3.Mekdebe çenli döwür (3-7 ýaş):

  -Mekdebe çenli kiçi ýaş döwri (3-4 ýaş).

  -Mekdebe çenli orta ýaş döwri (4-5 ýaş).

  -Mekdebe çenli uly ýaş döwri (5-7 ýaş).

4.Kiçi mekdep ýaşly çagalar (7-9 ýaş).

5.Orta mekdep ýaşly çagalar (10-11 ýaş).

6.Uly mekdep ýaşly çagalar (15-18 ýaş).

  Şu bölünişik umumydyr. Aýry-aýry çagalaryň ösüş döwürleri dürli sebäplere /tohum yzarlama, durmuş obrazyna, ýaşaýyş-durmuş şertlerine/ görä ýokarky bölünişige gabat gelmän, üýtgeşigräk bolmagy-da mümkindir.

  Rus alymy Petrowskiỳ ỳaş döwürlerini aşakdaky tertipde bölüpdir:

1. 1-3 irki çagalyk döwri.

2. 3-6 ỳaş-mekdebe çenli döwür.

3. 7-11 ỳaş-kiçi mekdep okuwçysy.

4. 11-13,5-kiçi ỳetginjeklik döwri.

5. 13,5-15,5 aralygyny-uly ỳetginjeklik döwri.

6. 16-18-irki jahyllyk döwri.

7. 19-22-jahyllyk döwri diỳip bölỳär.

    Eýsem adam şahsyýet bolmak üçin zerur bolan sypatlary ömrüniň haýsy mahallarynda özüne kabul edip alýarka? Bu ýagdaý sosial gatnaşyklaryň täsiri astynda bolup geçýär. Okuwçynyň sosial gatnaşyklary /dünýägaraýşy, ynamy/, beýleki adamlara akylly-başly garaýyşlary, öz işine, hereketlerine bolan garaýyşlary näderejede emele geldigiçe, onuň şahsyýeti hem şol derejede kemala gelip başlaýar diýmek bolar. Sosial gatnaşyklaryň irki döwürde başlanýandygy üçin çaganyň mekdebe çenli bolan döwrüniň has manyly edilip guralmagy möhümdir. Türkmen diýarynda mekdebe çenli ýaşly çagalar terbiýeçilik edaralarynyň işini gowlandyrmaga ünsüň güýçlendirilmegi: dürli ugurlar boýunça okuw programmalarynyň düzülip taýýarlanylmagy, okuw kitaplarynyň döredilmegi, professional taýýarlygy kämil bolan, başarjaň, hünärli pedagoglar bilen üpjün edilmegi, mahlasy, balalar bakjalarynyň sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan mukaddes ojagyna öwrülmegi we ş.m. hut şonuň üçindir, çünki kämil adamyň intellektual ösüşiniň deslapky miweleri, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýady onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda emele gelýär.

    Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň fiziki ösüşi gyradeň dowam edýär diýip aýtmak bolar. Ýöne olaryň üstünligi onçakly bolmaýar. Şol nukdaýnazardan seretmek bilen, mugallym sapagyny mümkin boldugyça, gyzykly hem täsirli edip geçirmeli bolýar. Şol döwürde agalaryň eşidiş ýatkeşligine garanda, görüş-obraz ýatkeşligi ep-esli ösen, pikirleniş işi hem konkret bolýar. Şeýle bolansoň “Eşidiş deň bolmaz, gören göz bilen“ diýilişi ýaly, okuw görkezme esbaplarynyň dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanylmagyny tebigaty görnetin talap edýär. Psihalogiýa ylmynyň tassyklanylmagyna görä, çagalyk döwründe onuň öňde bolup, şol ösüşi yzyna eýerdip bilýän okuw gowy okuwdyr.

              Ýetginjeňlik döwrüne gadam basan okuwçylaryň fiziologik, psihalogik aýratynlyklary ata-eneleriň, mugallymlardan biçak uly eserdeňligi, pedalogik taýdan ugur tapyjylygy talap edýär. Ýetginjeňlik döwrüniň käbir psihalogik aýratynlyklary:-özbaşdaklyga bolan ymtylyş, özlerini ulular bilen deň görkezjek bolmaklyk, göreldä eýermek. Şeýle bolansoň terbiýeçiniň sähelçe nädogry hereketi olaryň kadaly terbiýelenmegine zeper ýetirip biler. Ulularyň, ata-eneleriň, mugallymlaryň hatalary ýetginjekleri özlerinden daşlaşdyryp, olaryň arasynda diwar döredip bilmegi gaty ahmaldyr.

    - adaty däl hadysalar, olaryň gahrymançylykly diýip hasap edýän işlere ýykgyn etmekleri.

              - türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna, Gündogar ýurtlarynyň siwilizasiýasyna, dünýä medeniýetine, ylmy-tehnikini progrese höweslilik.

              - kesp-käri, işe-pişä bolan garaýyşlaryň üýtgäp ugramagy, potratçylyga, kärendeçilige, telekeçilige, şol kärdäki adamlaryň zähmetine bolan gyzyklanma. Zähmetiň bähbitli tarapyna, peýdaly netijesine göz ýetirip, oňa bolan içki ymtylşyň ýüze çykmagy, tutanýerlilik, erjellik ýaly sypatlaryň emele gelip başlamagy.

              - ýetginjegiň özdiýenli hem lebzine wepaly, dogruçyl hem adalatly mugallymy halap, oňa meňzejek bolmagy. Bu ýagdaý mugallymyň hemme babatda görelde bolmagy talap edýär. Şonda Lukman Hekimiň “Kime pent we nesihat etseň, ilki bilen oňa özüň amal et“. Magtymgulynyň “Owwal, Magtymguly, özüň düzetgin. Özüňi sen özgelere göz etgin” diýen hadysalary mugallym üçin esasy zatdyr.

              Uly ýaşly mekdep okuwçylaryna akyl hem fiziki taýdan kämilleşmek, durmuşda öz ornuny tapmaga bolan ymtylyş, ruhubelentlik häsiýetlidir. Olaryň akyl ýitirijilik ukyby täze basgançaga galýar. Gözýetimi giňelýär, ýatkeşligi sagdynlaşýar. Olar öz pikirlerini erkin hem yzygiderli, anyk hem gelşikli edip beýan etmegi halaýarlar. Ylmy bilimleri belli bir sistemada özleşdirmegi, abstrakt düşünjelerden peýdalanmagy başarýarlar. Olaryň tebigat dünýäsi, adamzat jemgyýeti, ata Watany, ene topragy, onuň garaşsyzlygy, halkynyň abadanlygy, geçmişi we geljegi baradaky garaýyşlar emele gelýär. Ahlak intellektual, estetik duýgulary ösýär, dostluk, ýoldaşlyk hakyndaky düşünjeleri aýdyňlaşýar, gylyk-häsiýeti durnuklaşýar, edenliligi, medeni derejesi ýokarlanýar.

              Şular ýaly häsiýetli aýratynlyklary nazara almak bilen mekdep okuwçylaryny durmuşa taýýarlamak, umumybilim berýän dünýewi mekdepleriň uçurymlarynyň durmuş ýollaryny öňünden anyklamak, olaryň arasyndan ylymyň-bilimiň, kesp-käriň dürli ugurlary boýunça guýmagursak zehinli, başarjaň okuwçylardan saýlantgy toparlary döretmek, ymtylşyny, başarnygyny ösdürmek, has takygy, ýudumyzyň aýry-aýry mekdeplerinde iň gowy okaýan okuwçylary bir klasa, olardan sähel gowşagrak okaýanlary başga klasa, gowşagraklary bolsa ýene bir klasa jemläp okatmak işiniň synag edilýändigi, ýöriteleşdirilen mekdep-internatlaryň açylmagy, açylýan gyzlaryň edep mekdebiniň, aýratyn zehinli ýaşlar mekdebiniň döredilmegi hem-de şu ugurdan beýleki çäreleriň durmuşa geçirilip başlanmagy, şol talaba iş bilen jogap bermegiň başlangyjydyr.

              III.Okuwçylaryň indiwidual aýratynlygy. Indiwidual ösüş-munuň özi özboluşly, ýeke täk bitewi ösüşdir, şahsyýetiň fizialogik, psihalogik hem sosial taýdan ösüşiniň jemlenmesidir. Her bir ynsan balasynyn özüniň häsiýetli aýratynlygy bolup, şol aýratynlyklar onuň beden taýdan gurluşynyň, kelle beýnisiniň, nerw sistemasynyň ösüşi bilen baglylykda ýüze çykyp başlaýar. Her bir şahsyýetiň özüne mahsus bolan, ony beýleki adamlardan tapawutlandyrýan haýsydyr bir aýratynlygy bolýar, şol aýratynlyk hem köplenç “indiwiduallyk“ sözi arkaly aňladylýar, “Ýöne käbir adamlaryň indiwiduallygy has aýdyň, ýiti ýüze çykyp, käbir adamlaryňky bolsa çala göze ilýär“, ol intellektual, emosional, erk sferasynda ýüze çykýar: şahsyýetde aklyň originallygy, duýgularyň özboluşlylygy, erkliligi, hereketleriň hem özüňi alyp barşyň aýratynlygy bolýar.

              Şol bir klasda okaýan hemme okuwçyda akyl ýetiriş başarnyklary meňzeş, deň derejede diýip aýtmak bolmaz. Olaryň biri okuw materialyny özbaşdak özleşdirip bilýän bolsa, beýleki biri şol materialy özleşdirjek bolanda mugallymyň ýa başga biriniň kömegine mätäç bolýar. Bir okuwçy mugallymyň berýän gürrüňini üns berip diňlese, beýleki biriniň bar ünsi başga ýerde bolýar. Biri köpçülik işine işjeň gatnaşsa, biri ondan çetde durýar. Bir okuwçy edepli bolsa, beýlekisi maşgalada, mekdepde, köpçülik ýerlerinde özüni medeniýetli alyp, barmagy başarmaýar. Edil şonuň ýaly hem aýry-aýry okuwçylar haýsydyr bir okuw predmetini öwrenmäge ukypsyz bolýar. Käbirleri onuň tersine, ýiti tebigy zehinli bolup çykýar. Käbir okuwçynyň görüşi, eşidişi aýratyn üns berilmegini talap edýär. Ýene biri öz adyna aýdylýan tankydy belligi örän ýokuş görýär. Gepiň keltesi, şol bir ýaşdaky okuwçylar öz ýaşytdaşlary bilen bir klasda okaýandyklaryna, şol bir mazmunly okuw materiallaryny öwrenýändiklerine garamazdan, olaryň hersi özboluşly bir dünýä, indiwiduallyk. Belli türkmen alymy Eziz Derýaýewiň aýdyşy ýaly: “Näçe adam bir bolsa şonça hem bir-birine meňzemeýän şahsyýet, onuň gaýtalanmaýan içki dünýäsi bar. Bu tebigy ýagdaýdyr. Ol okuwçylaryň indiwidual aýratynlygyny mazaly öwrenmegi hem okuw-terbiýeçilik işinde şondan ugur almagy talap edýär. Hut şu babatda makullyklarly netijelere eýe bolýan pedogoglar az däl. Aýratyn hyjuw bilen zähmet çekýän ussat pedagoglar okatmagyň differensirlenen usulyndan peýdalanyp, gowşagrak okaýanlaryny ortaça okaýanlaryň, ortaça okaýanlary bolsa güýçlüleriň hataryna goşmagyň aladasyny edip, dürli-dürli iş usullaryndan peýdalanýarlar. Özbaşdak ýerine ýetirilýän ýumuşlaryň häsiýetini okuwçylaryň mümkinçiliklerine kybap edip alyp barmagy, kartoçkalardan we beýleki serişdelerden ýerlikli peýdalanmagy, sapaklaryna gowşak ýetişýänleri ökderäklere berkidip, birek-birege kömek bermegi ýola goýmagy başarýarlar. Aýry-aýry okuwçylary predmet kružoklaryna, fakultatiwlere gatnaşdyrýarlar. Bu şeýle hem bolmaly, günki pedagog üçin ýaş nesliň hersine jemgyýetdäki mynasyp orunlaryny tapyp bermekden ýokarda durýan maksat-matlabam, wagtam ýokdur.

              Şu ýerde ýüzümiziň ugruna, fizialogiýa we psihalogiýa ylymlarynyň netijelerine salgylanyp, ir sagat 9-dan 13-e çenli okuwçylaryň işjeňliginiň ýokary bolýanlygyny, hut şol bir sapagyň gidişinde-de uzak wagtly, dartgynly birmeňzeş äheňde geçirilýän okuw işiniň ýadawlygyň aralaşmagyna getirýänligini hem belläp bileris. Bu ýagdaý diňe bir başlangyç klas okuwçylaryna ýa ondan soňky klaslarda okaýanlary däl hünärment mekdepleri we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin hem häsiýetlidir. Şoňa görä sapakda, leksiýada, okuw işleriniň beýleki formalarynda iş usulyny şol ýagdaýlara laýyk edip alyp barmagyň zerurlygy häli-şindi ýüze çykyp durýar.

              Eýsem okuwçylaryň indiwidual aýratynlygy nähili ýollar bilen aýyl-saýyl edilýär? Bu barada pedagogikanyň degişli bölümlerinde giden gürrüň ediljekligi üçin şu ýerde şol usullaryň atlaryny agzap geçmek bilen çäklenýäris: yzygiderli hem maksada gönükdirilip geçirilýän pedagogik gözegçilik; toparlaýyn ýa ikiçäk bolup ýürekdeşlik bilen edilýän söhbetdeşlik: özbaşdak tabşyrylýan ýumuşlaryň netijesini barlamak we analiz etmek; klasdan daşary berilýän tabşyryklaryň näderejede ýerine ýetirilýänligini öwretmek; ata-eneler bilen pikir alşyp maslahatlaşyp durmak: her bir okuwçynyň predmet kuržoklaryny fakultatiw okuwlarynda bitirýän işlerini hasaba almak; okuwçylaryň mertebesini belent tutup şahsyýetine sarpa goýmak; sapakda, okuwdan beýleki wagtlarda özlerni alyp baryşlaryna, köpçülik işlerine, zähmetiň dürli görmüşleri bilen gyzyklanyşlaryna syn etmek; pikirleniş işine, görüş hem eşidiş ukybyna, saglyk ýagdaýyna üns bermek we ş.m.

 





Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 496 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Студент может не знать в двух случаях: не знал, или забыл. © Неизвестно
==> читать все изречения...

2782 - | 2343 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.009 с.