.


:




:

































 

 

 

 


Terbiýäniň kanunalaýyklyklary.




Terbiýäniñ düzgünleri.

Toparda şahsyýetara gatnaşyklary

1) Terbiýäniň kanunalaýyklyklary: 1.Öňde goýlan maksat bilen onuň mazmunynyň we usullarynyň gabat gelmegi. 2.Okatmak bilen terbiýäniň birligi. 3.Kem-kemden kämilleşýän şahsyýetleri terbiýelemek. 4.Okuwa we beýleki çärelere işjeň gatnaşmagy gazanmak. 5.Ynsanperwerlik meselesi. 6.Okuwçylaryň geljekki ösüşlerini kesgitläp bilmek. 7.Okuwçylar tarapyndan teklip edilýän däpleri kämilleşdirmek.

2 ) Terbiýäniň düzgünleri: 1.Maksada okgunlylygy. 2.Durmuş bilen arabaglanyşygy. 3.Zähmetde we zähmetiň üsti bilen terbiýelemek. 4.Toparda we toparyň üsti bilen terbiýelemek. 5.Okuwçylaryň ýaş, psihologik, özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak. 6.Okuwçylara birmeňzeş talap bildirmek. 7.Okuwçylaryň tekliplerini öwrenmek. 8.Her bir okuwçyny özbaşdak öwrenmek we okuw-terbiýeçilik işinde göz öňünde tutmak.

Terbiýäniň düzgünleri hakynda. Eger-de biz şertli ýagdaýda gadymy adamyň belli bir ýaşaýyş döwrüni onuň öz güzeranyny hiç kese mätäç bolman, diňe güýjüne daýanyp amal edýän görnüşde göz öňüne getirsek, onda edil şeýle şertlilikde oňa hiç kes bilen aragatnaşykda, jemgyýetçilik baglanyşykda bolmaýan häsiýetnamany ýöňkemeli bolarys. Eýýäm awy diňe özüne meňzeşler bilen bilelikde awlamak zerurlygy onuň tutumynda bir-birege sesli-hereketli düşünişmek, aragatnaşykda bolmaklygy döredýär. Awçylygyň has kämilleşiş derejesinde awa bukuda-garymda garaşýanlar we awy olara tarap kowanlar biri-biri bilen göze görünmeýän, emma hakyky psihologiki arabaglanyşykda, gatnaşykda bolýarlar.

Zähmetiň adamlaryň toparlarynyň arasynda paýlaşylmagy, bir önümi öndürýän toparyň ikinjini öndürýän bilen haryt alyş-çalşygyna goşulmagy, toparlaryň parahatçylykly ýaşaşmagyna bilelikde tagalla etmeklik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ykdysady, syýasy we medeni görnüşleriniň döremegine getirýär.

Taryhy ösüşde adamlar özleriniň hakyky adyna mahsus sypatlaryny döretmek we saklamak üçin birek-birek bilen aragatnaşykda bolmalydygy dogrusyndaky hakykaty özleşdirýärler. Adam özüne meňzeş beýleki adamlara seredip, olar bilen dürli gatnaşyklarda bolup, özüne adam hökmünde gatnaşykda bolýar.

Adamlaryň biri-biri bilen aragatnaşygy degişli toparlarda amala aşyrylýar. Toparlar göze görünýän, daşky we içki taýdan guralan hem-de göze görünmeýän, adamyň özüni aňlaýan ýa-da aňlamaýan häsiýetde belli bir durmuş toparynyň-agzasy hökmünde göz öňüne getirmegi, onuň kadalaryna eýermekligi häsiýetde bolýar. Dürli sebäplere görä jemgyýetden üzňe düşen adamlar ýaşalmaýan adalarda özlerini sosial toparyň hakyky agzasy ýaly özüni alyp barşyny şol öňki toparynyň, döwletiniň, medeniýetiniň kadalaryna laýyklaýar. Adamyň özüni alyp barşynda we işinde onuň toparlara goşulmaklygy bilen döreýän psihologiýa üýtgeşmeden hem-de toparyň psihologiýanamasyny derňeýän ylym jemgyýetçilik sosial psihologiýanamadyr. Her kes öz gündelik synlamalarynda käbir adamlaryň ýekelikde ýygra, özüne ynamsyz häsiýetiniň ol topara goşulanda dogumly, ugur tapyjy, aragatnaşyga meýilli adama öwrülýändigine göz ýetirýär. Tersine, toparda aýak uçdaky orunlarda hereket edýäniň ýekelikde örän işjeň, öndürijilikli işgär häsiýetde bolýanlygy seýrek däldir.

Toparlar hakyky we şertli görnüşlere bölünýär. Belli bir giňişlikde we wagt kesiminde bir-birleri bilen özara gatnaşykda bolýan adamlar toplumy hakyky topardyr. Zähmet, okuw, sport, harby toparlar hakyky topara degişlidir. Haýsydyr bir şertli sypat esasynda bir bitewilige birleşdirilýän adamlar birleşmesine şertli topar diýilýär. Hasabatda ýüze çykarylýan ýürek-gan damar keselliler, test synagynda belli bir akyl-psihologiýa derejesini ýüze çykaran okuwçylar we beýlekiler şertli toparlaryň mysalydyr.





:


: 2018-11-11; !; : 531 |


:

:

, .
==> ...

1524 - | 1359 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.009 .