I. 1. Döwletimiziňbilim ulgamyny, pedogika ylmyny syýasy, ykdysady, sosial ösüşleriň esasynda kesgitlemek;2.Türkmen ruhly, dünýä ösüşlerini göz öňünde tutmak;3.Mugallymyň jemgyýetdäki ornuny kesgitlemek;4.Çaga psihologiýasyny öwrenmek, öz pikirini beýan edip bilmegini gazanmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak;5.Edep-terbiýäniň durmuşyň talap edişi ýaly ýola goýmak;6.Döwletiň alyp barýan syýasatyny düşündirmek, köne pikirlerden saplanmak, Ata Watanymyza, taryhymyza, dilimize, edebiýata bolan söýgüni ösdürmek, doganlyk-dostluk, medeni we ruhy gymmatlyklary kämilleşdirmek;7.Özbaşdak öwrenmek, öwrenilen bilimi il-ýurdyň bähbidi üçin peýdalanmak, hünär saýlap almak, dünýä derejesinde bilimli bolmak, häzirki zaman tehniki serişdelerden we kompýuterlerden peýdalanmany başarmak;
Türkmenistanyň bilim ulgamy-şu günki gün okuw mekdepleriniň ählisini, terbiýeçilik, ylmy-usuly edaralary, dolandyryş edaralarynyň jemini özüne birikdirýär. Oňa: mekdebe çenli terbiýeçilik edaralary, umumy bilim berýän orta mekdepler, ýörite orta we ýokary mekdepleri degişlidir.
Türkmenistanda ilatyň 1,5 mln gowragy çagalar hem ýaşlardyr. Olaryň 405 müňe golaýy mekdep ýaşyna çenli çagalar, 860 müňi mekdep okuwçylary, 40 müňden gowragy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.
II.a)Terbiýänin maksady: çeh pedagogy Ý.A.Komenskiniň pikiriçe, terbiýe 3 maksada ýetmäge gönükdirilmelidir: -özüňi we daşky dünýäni öwrenmek (akyl terbiýesi); -öz-özüňi dolandyrmak (ahlak terbiýesi):
-Hudaýa ynanmak (dini terbiýe). Iňlis filosofy Jon Logyň pikiriçe terbiýäniň esasy maksady jentilmeni “öz işini akylly-başly alyp baryp bilýän” adamy terbiýelemekdir. Fransuz filosofy K.Gelwesiý terbiýäniň öňünde ýeke-täk maksat bolmaly, ol hem bolsa jemgyýetiň ösmegine gönükdirilmelidir diýýär. Ž.Ž.Russo “Terbiýäniň maksady-adamy döretmekdir”, K.D.Uşinskiý “terbiýäniň esasy maksady-ahlak sypatlaryny terbiýelemekdir” diýip belleýär. Umumylaşdyryp alsak, onda terbiýäniň maksatlary şulardan ybaratdyr: l.Ýaşuly nesliň durmuş tejribesini öwrenmek we döredijilikli peýdalanmak. 2.Teribäniň üsti bilen adamyň özüni alyp barşyny, dünýägaraýşyny kämilleşdirmek. 3.Ösýän şahsyýetlere maksadalaýyk yzygiderli täsir etmek. 4.Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, kadalaryny kemala getirmek. 5.Jemgyýetçilik we zähmet işjeňligini ýola goýmak. 6.Täze jemgyýeti gurmaga işjeň gatnaşmaklygy gazanmak. 7.Umumy adamzat gymmatlyklaryny öwrenmek we geljekde oňa goşant goşmagy gazanmak.
Terbiýe tutumynda adamyň ösüşi. Islendik adamyň ösüşi terbiýe tutumynda amala aşyrylýar. Täze nesil geçmişde toplanan tejribäni özleşdirýär, ony çuňlaşdyrýar we baýlaşdyrýar. Terbiýe sözüň giň we dar manysynda ulanylýar. Has giňişleýin düşünilişde terbiýe bu şahsyýeti maksada laýyk kemala getirmekdir. Bu babatda terbiýe şahsyýeti kemala getirmegiň ähli tutumyny, ony önümçilik işine, jemgyýetçilik we medeni durmuşa işjeň gatnaşdyrmaga taýýarlygy, ýörite we özakymlaýyn täsirleriň ähli toplumyny özünde jemleýär. Şeýle düşünilişde ol maşgalanyň mekdebiň, ÝOM-niň, jemgyýetiň tutuş durmuş keşbiniň, onuň aňyýetiniň täsirini, edebiýatyň, sungatyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täsirini öz içine alýar. Terbiýe sözüň şeýle manysynda bilim berşi we okadylyşy hem özünde jemleýär.
Sözüň dar manysynda terbiýe ösýän şahsyýetde dünýägaraýşy, ahlak keşbi, estetiki sulhy, flziki ösüşi kemala getirmekdir. Onuň has takyk mazmuny okadylyş bilen baglanyşyklykda we deňeşdirmede ýüze çykýar: okatmak şahsyýetde bilim, başarnyk endikleri kemala getirmeklige gönükdirilen bolsa, terbiýe onuň barlygyň dürli taraplaryna sagdyn, ahlak mazmunly gatnaşyklaryny döretmäge niýetlenendir.
T erbiýe şol bir wagtyň özünde pedagogyň we terbiýelenýäniñ işini birikdirýän ikitaraplaýyn hereketdir. Olaryň bir-birine täsiri arkalaşyk häsiýetde bolýar. Başgaça aýdanyňda okuw-terbiýeçilik işinde şol bir tutumda diňe bir okaýan, terbiýelenýän öwrenmän, terbiýelenmän, eýsem okadýan, terbiýelenýän hem kämilleşýär. Galyberse-de belli bir aragatnaşyklar, özara täsirler okaýanlaryň arasynda hem döreýär.
Terbiýeçi – bu terbiýe işini amala aşyrýan (nesilleriň tejribesini geçirýän) adamdyr (kähalatlarda gurama); galyberse-de ol okuw-terbiýeçilik edarasynda terbiýe işi bilen meşgullanýan wezipe eýesidir.
Terbiýäniň üznüksizligi we täsirliligi onuň öz-özüňi terbiýeleýşe geçmegi, terbiýelenmäniň hususy işjeňligini döretmegi bilen baglanyşyklydyr. Öz-özüňi terbiýelemek – bu adamyň öz edim-gylyklaryny kämilleşdirmek we hususy kemçiliklerini ýeňip geçmek işidir. Häzirki döwürde, bazar gatnaşyklarynyň rowaçlanýan döwründe kärhanalar (aýratynda hususy firmalar) öz işgärlerine ýokary talap bildirýärler. Bu işgärler önümçiligiň tehnologiýasyny bilmek bilen bir hatarda öz-özüni we kollektiwi dolandyryp bilmelidir; olar saglygy gurat we ýokary medeniýetli, sözleýşe ezber, işewür aragatnaşyklar guraýan, hem-de özleriniň duýgularyna erk edip bilýän bolmalydyr. Mundan başga-da olaryň fiziki, ruhy we sosial-durmuş kämilligine degişli talaplar bildirilýär. Bu häsiýetler adama dogabitdi berilmän, bilim berşiň tutumynda ösdürilýär. Hut şonuň üçin-de terbiýe tutumynyň dolandyrylyşy mugallymyň we okaýanyň bilelikdäki işiniň arkalaşygyna, öz-özüni ösdürijiligine we özara döredijiligine esaslanýan bolmalydyr.
Terbiýe tutumy aýry-aýry ýagdaýlardan durýar. Terbiýe ýagdaýy terbiýe tutumynyň mugallymyň we okaýanyň-pedagogik özara täsiriniň belli bir döwürdäki, obýektiw we subýektiw şertlerdäki pursatydyr.
Terbiýe tutumyny üznüksiz guramak üçin (oña yzygider hereketde we ösüşde seredip) her bir okuw ýagdaýynda goýlan maksada laýyklykda, hem-de onuň üýtgeýjiligini nazarda tutup, toplumlaýyn terbiýe ýumuşlaryny çözmeli bolýar. Islendik okuw ýagdaýynda terbiýäniň dolandyrylyşyny üpjün edip, pedagogika we okaýana, özleşdirilýän derse hem-de tutuş bilim ulgamyna gös-göni täsir etmek gazanylmalydyr.
Okaýanyň şahsyýetini okadylyşda ösdürmekde aýgytlaýjy orun mugallyma degişlidir. Onuň işi ylmy we dünýägaraýyş pikirleriň, nazaryýet we amalyýet bilimleriň, şeýle hem geljekki hünärmeniň ruhy-ahlak we pähim-psihologiýa gorunyň döredijisidir.
Terbýeleýji okuwyň üsti bilen okadylýanyň bilim, başarnyk we endikleri özleşdirişi bilen onuň şahsyýetini kemala getirmegiň özara baglanyşygy gazanylýar. Bu didaktiki düzgün okadylyşyň mazmunynda, guramaçylyk görnüşlerinde we usullarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Terbileýji okadylyşyň tutumynda terbiýäniň esasy wezipeleri amala aşyrylyp, şahsyýetiň ahlak ösüşine düýpli täsir edýän ösüşiň sosial-durmuş ýagdaýynyň kämilligi anyklanýar.
Bilim berşiň we terbiýäniň maksady. Bilim berşiň we terbiýäniň baş maksady ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Häzirki döwürde-pedagogika birnäçe çylşyrymly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar: okaýana diňe bilim öwretmek bilen çäklenmän, olary ynsanperwer gymmatlyklara ugrukdyrmak zerurlygy; bu adama esasy gymmatlyk hökmünde seredilýän nazaryýet bilen baglanyşyklydyr; talyp ýaşlary barlyk hakykatyna uýgunlaşdyrmak; ähli öndürijilikli işiň, akyl we estetiki ösüşiň, işjeňligiň we ugurtapyjylygyň esasy hökmünde ahlak-etiki gymmatlyklary döretmek.
Terbiýe ulgamynyň aňyýet esasy, pedagogik nusgasy adamzadyň köp asyrlyk tejribesinde gazanylan ynsanperwerlik düzgünleribolmalydyr. Ynsanperwerlik ilkinji nobatda adamyň adamçylygydyr: adamlara söýgi, ýokary geçirimlilik we sypaýçylyk, şahsyýetiň mertebesini hormatlamak. Ynsanperwerlik nazaryýeti adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplap, ony özüniň dünýägaraýyş ugrukmasynyň merkezinde goýýar.
Terbiýeçilik tutumynda ynsanperwerlik düzgünleri umumy adamzat gymmatlyklarynda amala aşyrylýar. Bu gymmatlyklar adamlaryň özüni alyp barşynyň ähli ahlak düzgünlerinde şöhlelendirilip, öz gözbaşyny "öldürme", "ogurlyk etme", "zyna kowalaşma" ýaly dini-ahlak sargytlardan alyp gaýdýar. "Beýik Alla öz keramatly emri bilen Nuh pygambere birnäçe mukaddes sahypalary inderdi. Nuh pygamber olary neberelerine ýaýratdy. Mukaddes sahypalaryň mazmuny şulardan ybarat: "Ahlak arassalygy".Ynsanperwer nusgalar bilen baglanyşyklykda okuw-terbiýeçiIik işiniň esasy maksady şahsyýetiň öz-özüni amala aşyrmagy üçin şertler döretmekdir. Taryhy şertler we hakyky durmuşyň düzgünleri häzirki zaman ýaşlarynyň umumy we özboluşly şahsy sypatlaryny kesgitleýär.
Ýaşlaryň belli bir böleginiň medeniýeti bilim-sowatlylygyndan asgynrak gelýär. Medeniýeti terbiýelemek islendik hünär işiniň içki düzüjisi hökmünde şahsyýeti kemala getirişiň maksadyna goşulýar. Terbiýäniň maksady ol ýa-da beýleki jemgyýetiň öňe sürýän aňyýet we gymmatlyk ugrukmalary bilen kesgitlenýär. Oňa ýetmek üçin okuw tutumyny bilim berşiň ähli derejelerinde üýtgedip gurmalydyr. Terbiýäniň we bilim berşiň maksatlarynyň amala aşyrylyşyna pedagogikanyň tutumy diýilýär. Bu tutumda okatmagyň mazmunyna däl-de, täze pedagogik ulgamyň bitewi mazmunly nazaryýetini döretmeklige, şahsyýetara gatnaşyklaryny kemala getirmeklige ähmiýet berlip, bular öz gezeginde ösüşiň amatly şertini we duýgy-ahlak terbiýäni üpjün edýär. Hut şol sebäpli şahsyýeti kemala getirmek we ony terbiýelemek günüň esasy meselesi bolup durýar. Ýokary okuw mekdebinde bilim beriş tutumynda hünärmeniň şahsyýetini kemala getirmek dogrusynda näme aýtmak bolar? Hünärmeniň şahsyýetini ilki başdan kemala getirmegiň esasy şertleriniň biri talybyň hünär özleşdirmek we ýokary bilim barada diplom almak isleginiň onuň bilim özleşdirmeklige zerur psihofiziki mümkinçilikleri we olary geljekki işinde ulanmak ukyplary bilen gabatlaşmagydyr. Diňe bu şertleriň toplumy hünärmeni taýýarlamaklygyň netijeliligini üpjün edip biler. Başgaça aýdanyňda şol bir hünärmeniň beýleki hünärmenden şahsy aýratynlyklaryny-dogabitdi mümkinçiliklerini ýa-da hünäre zerur pikirlenme özboluşlyklaryny ýüze çykarmaklyk, bu işiň esasy düzüjisi bolup durýar. Aýdaly, fizika we matematikanyň amaly ugrunyň hünärmenleri logiki pikirlenme, nazary we obrazly pikir ýöretme ýaly häsiýetleri özünde jemlemeli bolsa, psiholog hünärmenine synçylyk, garşydaşyň içki dünýäsine aralaşyp bilmeklik we täsir etmeklik ýaly sypatlar mahsusdyr. Ähli bilim beriş ulgamynyň mazmuny we gurluşy hünärmenlere zerur bolan häsiýetleri üstünlikli kemala getirmäge hertaraplaýyn ýardam etmelidir.
Bazar ykdysadyýeti hünärmen taýýarlygynyň hiline täze talaplar bildirýär. Terbiýäniň ýokary mekdepde amala aşyrylyşynyň esasy wezipeleriniň biri talyp ýaşlary taýýarlamaklygyň ahlak, akyl, raýat däplerini dikeltmekdir. Jemgyýetiň ruhy ýagdaýy hut olaryň hünärmen işine baglydyr. Şeýle hünärmeni terbiýelemek üçin okuw tutumynda mugallymyň orny dogrusynda onuň medeni we duýgy-emosional düzüjilerini baýlaşdyryp biljek täze aňyýetler zerurdyr.
Talyplaryň medeni derejeleriniň seljerilişi okuw-terbiýeçilik işini hil taýdan täze derejelere götermelidigini görkezýär. Bu babatda Hormatly Prezidentimiziñ her bir talybyň öz hünäriniň ýanyndan iň bolmanda bir guralda saz çalyp bilmegi talaby hemmä mälimdir. Bu maksadyň amal edilmegi okadylyşyň ynsanperwerleşdirilişini we hünärmenleşdirilişini güýçlendirmek bilen çäklenmän, bilim beriş ulgamyny aýratyn hünäriň ýa-da şahsyýetiň bähbidini arap däl-de, tutuş jemgyýetiň isleglerini göz öňünde tutup nazaryýet esasy jähetden üýtgedip gurmaklyk bilen baglanyşyklydyr.
II b)Terbiýäniň düzümi:
1. Akyl terbiýesi- tebigat, jemgyýet, adam aňynyň ösüşi hakyndaky ylmy açyşlary öwrenmekden ybaratdyr we dünýägaraýyşy kemala getirmekdir.
2. Zähmet terbiýesi- päk ýürekden zähmet çekmäge taýýar bolmak, döredijilikli işlemek, zähmet adamsyna hormat goýmak, hünär saýlap almaklyga taýýar bolmak meselesi degişlidir. Her bir çekilen zähmetiň maddy netijesi bolmaly; -guramaçylyk meselesi kämil bolmaly; -jemgyýetçilik zähmet ulgamyna goşulmak (korparasiýýalar); -maddy sylaglamalar we beý.
3. Hukuk terbiýesi -hukuk medeniýetini saklamak, Konstitusion borçlarynyň we hukuklaryny berjaý etmek, halkyň islegini we erkini goldamak.
4. Beden terbiýesi- terbiýäniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, beden taýdan sagdyn ösmek, işe bolan ukyby kämilleşdirmek, Watan goragyna taýýarlyk we beden saglygy bilen baglanyşykly çäreleri durmuşa geçirmek. Saglygy berkitmek, bedeni dogry terbiýelemek, akyl we fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak.
5. Gözellik terbiýesi- biziň daş-töweregimizi gurşap alan hakykatyň gözelligini görmäni başarmak, olary goramak we onuň üstüni ýetirmek, zähmetiň netijesinde gözellik döretmek, özboluşly medeniýete, edebiýata, sungata bolan garaýyşlary terbiýelemek.
6. Ahlak terbiýesi- ynsanperwerlik, ýaşuly nesle sylag, ýaş kiçä hormat, milli däp-dessurlara, adatlara wepaly bolmak. Ol adamlaryň jemgyýete, zähmete, adamlara bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Ahlakly bolmak üçin-ahlak duýgularyň, düşünjeleriň, ynamyň, pikirlenişiň, özüňi kämil alyp barmagyň endikleri bolmaly. Dogruçyllyk, adalatlylyk, parahatçylyga söýgi, jogapkärçilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, ula hormat, kiçä sylag etmek, halkara gatnaşyklary, döwlete hormat, onuň kanunlaryny berjaý etmek, sosial işjeňlik, mätäje kömek we beý.
7. Ekologik terbiýe- ekologik medeniýeti terbiýelemek, daşky gurşawda ýüze çykýan hadysalary bahalandyryp bilmek.
8. Ykdysady terbiýe- döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşini, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşişini, pul we haryt gatnaşyklaryny öwrenmekden ybaratdyr.
III. Terbiýe we okatmak esasan şu aşakdaky meseleleri çözýär: l.Okatmak mazmun taýdan tapawutlanýar, ylmyň haýsy-da bolsa bir ugruna degişli düşünjeleri, kanunlary, düzgünleri öwrenýär. Terbiýäniň mazmuny-jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, adamlaryň özara gatnaşyklaryny, däp-dessurlary, edebi, ynamy terbiýelemäge gönükdirilendir. 2.Okatmak hem terbiýelenip kemala gelýän şahsyýetiň aňyna, işine, garaýyşlaryna, erkine, duýgularyna, täsir etmek bilen umumy ösüşi üpjün edýär. 3.Okatmakda görnüş (forma) hökmünde sapak, umumy okuw, tejribe sapaklary, synag geçirmek, söhbet sapaklary, zähmet okuwy we beý., terbiýede-köpçülikleýin işlere gatnaşmak, dürli görnüşli tabşyryklar, jemgyýete peýdaly zähmete gatnaşmak, özbaşdak terbiýeçilik işlerini guramak bilen baglanyşyklydyr. 4.Okatmakda öňdebaryjy wezipäni mugallym ýerine ýetirýän bolsa, terbiýede köp zat toparyň özüne we ony emele getirýän agzalaryna baglydyr. 5.Okatmak we terbiýe bellenilen we tassyklanan meýilnama laýyklykda alynyp barylýar. 6.Terbiýede köp zat jemgyýetçilik gurluşyna we gatnaşyklaryna baglydyr. 7.Okuwda we terbiýede peýdalanylýan usullardyr, serişdeler biri-birinden tapawutlanýarlar. 8.Okuwda her bir iş bahalandyrylýar, terbiýede bolsa umumy esasda baha goýulýar.
IV a)Maşala terbiýesine girişmezden öňürti maşgalanyñ taryhy taýdan gelip çykyşy we onuň görnüşlerine seredip geçeliň: 1.Ýönekeý maşgala- ata-eneden we çagalardan ybaratdyr. 2.Çylşyrymly maşgala- 3 döwrüň adamlaryny özünde jemleýär. 3.Doly däl maşgala-haýsyda bolsa ata-enäniň biri ýok halaty.
Maşgala terbiýesiniň esasy wezipeleri: 1.Ýokary ahlakly ýaşlary terbiýelemek. 2.Birek-birege söýgini terbiýelemek. 3.Bilelikde zähmet çekmek we onuň hözürini görmek. 4.Köptaraply ösüşi ýola goýmak (sport, aýdym-saz, döredijilik, gezelençler). 5.Ýaramaz endiklerden el çekmek.
IV b)Maşgala pedagogikasy: 1.Maşgala gurmak meselesini çözmeli. 2.Maşgalany meýilleşdirmek. 3.Maşgalada ata-enäniň orny. 4.Maşgalada ýaşuly nesiliň orny. 6.Maşgaladaky gapma-garşylyklary ýeňip geçmek. 7.Maşgala bilen mekdebiň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak. 8.Maşgalada terbiýeçilik meselesinde peýdalanýan usullary, serişdeleri kämilleşdirmek. 9.Maşgala bilen baglanyşykly ýörite edebiýatlary taýýarlamak.
Tema 6. Terbiýäniñ düzgünleri.
Meýilnama: