Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Beýik galkynyşlar we täze özgertmeler zamanasynda döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaş nesli ahlak taýdan kämil we döwrebap terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär. Onuň hem özboluşly sebäpleri bar. Biziň terbiýe berýän ýaşlarymyz Ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy we ruhy taýdan galkynmagyna özboluşly şahsy goşant goşmagy; dünýä ülňülerine gabat gelýän ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly; häzirki zaman tehnikasyndan we tehnologiýasyndan düýpli baş çykarýan; milli däp-dessurlarymyza, ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza, adatlarymyza wepaly; döwür bilen aýakdaş ýöräp bilýän, hemme taraplaýyn kämil derejede ösen medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmelidirler. Şeýle aýdyň, wajyp hem döwrebap meseläni üstünlikli çözmek üçin her bir ata-ene, terbiýeçidir mugallym öz gündelik işinde yzygiderli alada etmelidir. Olaryň yzygiderli hem döredijilikli işleriniň önjeýli netijesini ýüze çykarmak üçin, ilki bilen umumyadamzat ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge we türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda synaglardan geçen milli ahlak düzgünlerini ösdürmeklige üns bermeli häzirki galkynyşlar zamanasynyň öňde goýýan wezipelerdir borçlary ornaşdyrmaga gönükdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň nesil dowamatyna garaýşyny beýan etmek bilen “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip nygtamak bilen, geljekki nesliň ilhalar adamlar bolup ýetişmekleriniň ahlak, ynsanperwer esaslarynyň ösdürilmegini nygtaýar. Maşgala bilen döwletiň, bilim ulgamynyň işgärleriniň baş maksady bir meselä, ýagny, ýaşlary ahlak taýdan kämil derejede terbiýelemek meselesi bilen berk baglydyr. Häzirki döwürde döwletimiziň bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler ýaşlary kämil derejede terbiýelemäge we okatmaklyga gönükdirilendir.
Şahsyýetiň ahlak kämilligini gazanmakda milli däp-dessurlarymyzyň, urp-adatlarymyzyň, terbiýe usullarymyzyň, serişdelerimiziň, tärlerimiziň özboluşly beýany halk döredijilik eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Olarda esasan mertlik, batyrgaýlyk, gaýduwsyzlyk, sahylyk, sahawatlylyk, dogry sözlülik, wepalylyk, kiçigöwünlilik, ynsanperwerlik ýaly ahlak sypatlary wasp edilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde-de umumy adamzat ahlak gymmatlyklarynyň durmuşynda ornuny kesgitlemek we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak meselesini goýýar.
Ahlak terbiýesine köptaraply çemeleşmek bilen, ykdysadyýetiň, alnyp barylýan syýasatyň, adam hakyndaky aladalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy, terbiýäniň beýleki ugurlary bilen bilelikde öwrenmek we özboluşlylygyny kesgitläp bu meselede bar bolan bärdengaýtmalary düzetmäge pedagogik taýdan täzeçe çemeleşmegiň ýola goýluşyny derňemekde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilimi, halkyň ýaşaýyş-durmuş üpçünçiligini mundan beýläkde ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän çäreleriniň oňyn täsirini ylmy esasda öwrenmek, olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylyşyny ylmy-amaly nukdaýnazardan öwrenmek zerurdyr.
Şahsyýetiň ahlak kämilliginde jemgyýetçilik aňynyň, syýasy, medeni we ruhy taýdan ösüşleriň özboluşly orny, dünýä halklarynyň bu meselede gazanan sepgitleri, ynsanyň işjeň ahlak pozisiýasynyň tutýan orny, jemgyýetçilik talaplaryna laýyk hereket etmäge täsir edýän faktorlary ýüze çykarmak, ahlak meselesi bilen baglanyşykly özboluşly endikleri, başarnyklary kemala getirmegiň ulgamyny ylmy esasda kesgitlemekden ybaratdyr.
Umuman, terbiýäniň täsirli bolmagy gönüden-göni onuň yzygiderli we kabul ederlikli bolmagydyr. Bu bolsa geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy ýola goýmak esasynda amala aşyrylýar. Bu baglanyşyk göniden-göni maşgalanyň üsti bilen durmuşa geçirilýär. Adamyň ahlak sypatlary maşgalada ýüze çykýar we kämilleşýär. Her bir maşgalanyň hut özüne mahsus düzgün-tertip, kada-kanunlary, ýörelgeleri bar. Olaryň şahsyýete oňaýly täsir etmegini ýola goýmak bolsa esasan ata-enä, olaryň görüm-göreldesine bagly bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ”Döwlet adam üçindir” diỳen şygarynyň esasynda döwletimiziň bilim ulgamyna hemmetaraplaỳyn kämil ösen şahsyỳetleri terbiỳeläp ỳetişdirmek meselesi goỳulỳar.
Türkmen islendik meselä ahlaklylyk nukdaỳnazardan garaỳar. Türkmen halky taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaỳdỳan milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak we indiki nesile geçirmek meselesine üns berỳär Ỳaşaỳyşyň ähli ugurlarynda milliligi saklamak meselesi goỳulỳar. Jemgyỳeti kämil derejede ösdürmek milliligi dikeltmekden, ahlak kadalaryny saklap galmak.
Ahlak terbiỳesi şahsyỳetiň bütin dowamynda amala aşyrylmak bilen, onuň ỳaş aỳratynlyklary we haỳsy gymmatlyklaryň esasynda (maşgalada, dostlarynyň we deň-duşlarynyň) jemgyỳetde ỳaşaỳanlygy nazarda alynmalydyr.
Ahlak terbiỳesiniň serişdeleri we usullary özboluşly häsiýete eỳe bolup, ỳaşlarda jemgyỳetde özüňi alyp barmagyň, aragatnaşykda, bilelikdäki işde, ahlak endiklerini we ahlak duỳgularyny kemala getirtmekde kesgitlenilỳär.
Ahlak birnäçe terbiỳeçilik wezipesini ỳerine ỳetirỳär:
1.Adamzat ỳaşaỳyş-durmuşyny we medeniỳetini doly derejede göz öňüne getirmäge şert döredỳär`
2.Ahlak ynançlaryň esasynda göz öňüne getirmeleri, düşünjeleri, garaỳyşlary kemala getirỳär.
3.Ýaşlaryň özboluşly ahlak tejribesiniň kämilleşmegine we öz ahlak garaỳyşlaryna göz ỳetirmäge ỳakyndan ỳardam edỳär.
4.Dürli çeşmelerden alynan ahlak düşünjelerini seljermäge.
5.Ýaşlaryň ahlak taỳdan öz-özüni terbiỳelemäge.
Ahlak taỳdan terbiỳelemek dürli ỳollaryň üsti bilen durmuşa geçirilỳär: Olaryň esaslary hökmünde bu tema bilen baglanyşykly gürrüňdeşlik guramak, umumy okuwlary guramak, çekişmeler, aỳry-aỳry temalardan maslahatlary guramak, dürli hünärlerde zähmet çekýän adamlar bilen duşuşyklar guramak, okyjylar konferensiỳalaryny guramak arkaly. Ỳokarda agzalan çäreler durmuşa geçirilende ỳaş aỳratynlyklary, olaryň özboluşly durumş tejribeleri, ahlak kadalary hakyndaky bilỳän zatlary, nazara alynmalydyr.
Bu meselede ỳaşlaryň Watana bolan söỳgüsi esasy orun tutmalydyr. Ahlak düşünjeler olaryň dünỳägaraỳyşy bilen berk baglydyr.
Şahsyỳetiň ahlak taỳdan ösmegi onuň ahlak zerurlygy bilen berk baglydyr. Meselem, onuň zähmete, aragatnaşyga, ahlak gymmatlyklaryna, bilesigelijiligi bolan islegi bilen baglydyr.
Şahsyỳetiň köptaraply işiniň netijesinde jemgyỳete zerur bolan durnukly ahlak endikleri, başarnyklary kemala gelỳär. Jemgyỳete bähbitli işde takyk maksat goỳulỳar, bu bolsa öz gezeginde jemgyỳetçilik borçlaryny kesgitleỳär. Mekdepde ol okuwçy, sport seksiỳasynda komandanyň kapitany, maşgalada ogly ỳa-da gyzy. Ỳokarda agzalyp geçilen wezipeler özüne mahsus bolan ahlak-psihologik häsiỳetleri talap edỳär. Meselem, sportda edermenligi, mylakatlylyk ata-ene bilen gatnaşykda.
Jemgyỳetçilik talaplary ahlak taỳdan kämilligi talap edỳär. Aňly-düşünjeliligi, jogapkärçiligi, zähmetsöỳerligi, beỳlekilere kömek, goldaw bermäge hemişe taỳỳarlygy. Aňly-düşünjeli jemgyỳetçilik ähmiỳetli kararlary kabul etmeklik jogapkärçiligi ỳokarlandyrỳar.
H äzirki döwürde maşgalanyň meseleleri köp ylymlar tarapyndan öwrenilýär: 1.Ykdysadyýet, hukuk, etika, demografiýa, etnografiýa, psihologiýanama, kemalyýet we beýlekiler. Bularyň her biri öz dersine laýyklykda maşgalanyň hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýarlar.
2.Pedagogika maşgalanyň häzirki zaman jemgyýetdäki terbiýe wezipelerini, onuň maksadyny we serişdelerini, ata-eneleriň hukuk we borçlaryny, olary terbiýe tutumynda mekdep we beýleki çagalar edaralary bilen aragatnaşygy nukdaýdan yzarlaýar, maşgala terbiýesiniň mümkinçiliklerini we ýetmezçiliklerini ýüze çykarýar, olary aradan aýyrmagyň ýollaryny işläp düzýär.
3. Maşgala - şa h syýet bilen jemgyýetiň özara täsirini üpjün edýän, olary birleşdirýän we olaryň h öwes, islegleriniň ileri tutulmalaryny seljerýän esasy gurluşlaryň biridir. Ol adama durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli wajyp zatlar we özüňi alyp barşyň nusgalary dogrusynda düşünje berýär. Ýaşajyk raýat maşgalada bu düşünjeleri özüniň beýleki adamlar bilen aragatnaşygynda ulanmagyň ilkinji amaly endiklerini alýar, öz “menini” beýlekileriň “meni” bilen baglanyşdyrýar, gündelik aragatnaşyk ýagdaýlarynda özüňi alyp barşy dolandyrýan kadalary özleşdirýär. Ata-eneleriň ündewleri we düşündirmeleri, olaryň göreldesi, öýüň umumy durmuş tutumy, maşgala düzgüni, çagalarda özüňi alyp barşyň endiklerini, gowulygy we erbetligi, mynasyplygy we kelpezligi, adalatlylygy we adalatsyzlygy bahalandyrmagyň şertlerini döredýär.
4.Ýöne çagalary terbiýelemek diňe bir ata-eneleriň şahsy işi bolman, ol jemgyýetiň-de üns–aladasynda durýan meseledir. Maşgala terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr.
5.Onuň özboluşlylygy ilkinji nobatda ösýän şahsyýete “ilkinji durmuş sapaklaryny” berýänligindedir. Bu sapaklarda çaga gelejekdäki durmuş hereketlerine we onda özüňi alyp barmagyň tärlerine gollanma alýar.
6.Maşgala terbiýesi özüniň yzygiderliligi we kemala gelýän şahsyýetiň ähli taraplaryny öz içine alýanlygy sebäpli örän netijelidir.
7.Ol çagalaryň we ata-eneleriň öz aralaryndaky durnukly we emosional-duýgy gatnaşyklary esasynda gurulýar. Bu gatnaşyklar diňe bir çaga we ata-enä tebigy mahsus söýgi we ynanç duýgylary mazmunda däl-de, çagalaryň özlerini gypynçsyz, goragly duýmagy, öz pikir-aladalaryňy paýlaşmak, ululardan kömek almak mümkinçiligi häsiýetde bolýar. Maşgala çagalaryň irki döwürde ösüşiniň, işiniň we durmuşynyň esasy gurşawy bolup, bu häsiýetini ýetginjeklik döwürde hem saklaýar. Maşgala aragatnaşygy tutumynda ululylaryň durmuş tejribesi, medeniýetiniň derejesi, özüňi alyp barşyň nusgalary ösýän nesile geçirilýär.
8.Häzirki döwürde garyndaşlyk baglanyşygynyň gurluşyna baglylykda maşgalanyň dürli görnüşleri ýüze çykarylýar. Olaryň arasynda giňden ýaýrany nika baglanyşmadyk ata-eneleriň çagalar bilen birligini döredýän maşgaladyr. Eger çagalaryň käbiri nikada durýan bolsa, onda giňeldilen ýa-da çylşyrymly maşgala ýüze çykýar. Ol özünde üç ýa-da ondan köp bolan, bile ýaşaýan we umumy hojalyk bilen baglanyşykly nesilleri jemleýär. Maşgalanyň görnüşini ýüze çykarmak üçin möhüm esaslaryň biri-de onuň özenini düzýän ýan ýoldaşlaryň ikisiniň-de bolmagydyr. Muňa laýyklykda düzümine är-aýal goşulýan doly maşgala we olaryň biriniň ýoklugynda döreýän doly däl maşgala tapawutlandyrylýar.
9.Agzalan maşgalalaryň haýsy biriniň terbiýe meselelerini çözmäge has oňaýlydygyny aýtmak kyn. Olaryň her birinde artykmaçlyklar we kemçilik bardyr. Meselem, ýönekeý maşgalada ýaş ösdürim uly özbaşdaklyga we jogapkärçilige öwrenişýär, onda “atalar” bilen çagalaryň arasynda dartgynlyk, näsazlyk az bolýar. Ýöne şeýle maşgalada ululary we çagalary birleşdirýän maşgala däpleri çalt ýitýär, uly nesillerde öz agtyklary bilen aragatnaşykda bolmak mümkinçiligi aradan aýrylýar, olara terbiýeçilik aladasy peselýär.
10.Çylşyrymly maşgalanyň-da oňyn we oňyn däl taraplary bardyr. Bir tarapdan özünde birnäçe nesli jemleýän uly agzybir maşgala özüniň agzalaryna giňişleýin aragatnaşykda we täsirde bolmak mümkinçiligini açýar, güzeran ýeňilleşýär: ulular çagalary terbiýelemekde kömek berýär, olara gözegçilik edýär. Başga bir tarapdan terbiýe meselesinde dürli nesliň, wekilleriniň pikirlerinde gabatlaşmazlyk döräp, maşgalada çaknyşyklaryň döremegine getirýär. Netije-de çagalar pajygaly ýagdaýa düşýär.
11.Maşgalanyň özboluşly görnüşi doly däl maşgala bolup, onuň sebäpleri köp dürlidir. Esasy sebäpleriň hatarynda är-aýalyň aýrylyşmagy bolup, bu hadysa çagalara uly urgy bolýar. Ýöne doly däl maşgalalary öňünden erbet diýip hasaplamak bolmaz. Ondaky çagalara gelejegi garaňky çagalar diýmek hem nädogrydyr. Kähalatlarda maşgala terbiýe jähetde hut är-aýalyň aýrylyşmagy netijesinde özüniň betbagtlygyndan halas bolýar. Maşgaladan çagalara üznüksiz ters görelde bolýan arakhor, neşekeş, psihologiýasy bozulan ata garasyny saýlap, onuň agzalary asuda durmuş alýar.
Elbetde, doly däl maşgalada maddy üpjünçiligiň peselmegi, çagalar bilen galan enäniň (ýa-da atanyň) aladasynyň, psihologiýa dartgynlygynyň artmagy netijesinde terbiýe şertleri çylşyrymlaşýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde maşgalanyň içinde umyt dörediji ýagdaýlar hem ýüze çykýar: çagalar başyna eklenjiň ähli labyry inen enäni (atany) duýgydaşlyk bilen gurşap, oňa kömek bermäge, özleriniň höwes-talaplaryny çäklendirip, oňa has golaý durýarlar. Bu ýagdaý maşgalada amatly ahlak gurşawy döredip, kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde maşgalanyň dürli görnüşlerine ýagdaýabap çemeleşmek, ondaky çagalaryň durmuş kynçylyklaryny üns merkezinde tutmak meselesi öz wajyplygynda galýar. Bu babatda hut şeýle kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçen maşgalalaryň tejribesi möhüm ugrukma bolup biler.
12.Maşgala we maşgala terbiýesinden başga-da köp sanly çylşyrymly meseleler bardyr. Ata-eneleriň arakhorlygy, neşekeşligi bilen baglanyşykly ýagdaýlar has pajygalydyr. Gynansakda çagasy dünýä inen badyna ondan ýüz öwürýän eneler, ata-ene hukugyndan mahrum edilen çagaly tüwmeaýaklar entek aramyzda bar. Käbir maşgalalarda ýeňil, halal däl gazanç bilen baýlyk toplamak, öndürijilikli zähmetden gaça durmak, maddy gymmatlyklary çagalara päk terbiýe bermekden ileri tutmak ýaly nogsanlyklar ýiti meselä öwrülýär. Dörän ýagdaýy düzetmek meseläniň hukuk-kanun esaslaryny kämilleşdirmek bilen bir hatarda ata-eneleriň jogapkärçiligini we kemalyýet medeniýetini ösdürmek bilen utgaşdyrmak ýolunda gazanylyp bilner.
II.Maşgala terbiýesiniň şertleri: Ata-eneleriň pedagogik medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhüm serişdesi maşgala pedagogikasy bolup, ol pedagogika ylmynyň möhüm pudagydyr. Ol ata-enelere özleriniň terbiýe işleriniň netijelerini a ň ly göz öň ü ne getirmäge, maşgala terbiýesiniň maksatnamasyny, onuň usullaryny we guralyş tärlerini işläp düzmäge, çylşyrymly ýagdaýlarda dogry pedagogik karara gelmäge ýardam edýär.
Adatça çaganyň kadaly şahsyýet bolup ýetişmekligi üçin aşakdaky şertleriň zerurlygy nygtalýar.
1. Birek-birege söýgi we h ormat. Şeýle gurşawda bolmadyk adam öz ýakynlaryny, watandaşlaryny, Watany söýüp, adamlara ýagşylyk edip bilmeýär. Şol bir wagtyň özünde köre-körlük bilen berilýän ene söýgüsi, çagany çybykdan erbet saýgylaýar we adamy ahlaksyz doýar-dolmazlyga ýa-da diňe özüni bilýän wezipe parazçylyga itekleýär.
Ccedil;aga pikirlenmäni, dogruçyllygy, söz bilen işiniň birligini öwredýän ýokary a h lakly terbiýeçiniň bolmagy.
Şeýle terbiýeçi çaganyň enesi bolsa has gowy, ýöne ol adaty terbiýeçi hem bolup biler. Onuň garamagynda 6-7 çaga bolýar. Bu möçber terbiýeçiniň çagalaryň her biri bilen duýgy-emosional gatnaşykda bolmagy üçin zerur we ýeterlikdir.
3.Çaganyň gatnaşmagynda gural ý an üznüksiz jemgyýet ä h miýetli, şatlykly zä h met. Ulularyň işini synlap, çaga oňa öz oýun işinde öýkünip başlaýar. Soň-soňlar bolsa onuň özi ilki ululara kömekçi, has gijiräk-ýerine ýetiriji bolup işe goşulýar.
4.Çaganyň durmuşyndan artykmaç gyjyndyryjylary, täsirleri aýyrmak: ç endan bol - telkiligi, ýeter–ýetmezçiligi, çilimi, aragy, azarly oýunlary we ş.m. “Artyk gyjyndyryjylardan” lezzet almaklyga endik eden çagada maksada gönükdirilen işe ukyp döremeýär, onuň üçin serişde ähmiýetli gymmatlyklar maksady ähmiýetli gymmatlyklara öwrülýär.
5.Çaganyň ä h li ukyplarynyň sazlaşykly ösüşi. Erteki, aýdym-saz diňlemek, fiziki maşklary, ylgawly oýunlary oýnamak, bakjada işlemek, sepleşdiriji oýunjaklar arkaly oýnalýan oýunlar, goşgy okamak, küşt oýnamak, surat çekmek, ýasamak ýaly işler bilen utgaşdyrylmagydyr. Şeýle dürli-dürlilik çaganyň tebigy zehininiň işiň haýsy görnüşinde ýüze çykjakdygynyň nämälimligi bilen düşündirilýär. Özüniň geljekki ukyplaryny anyklamak üçin çaga ýumuşlaryň mümkingadar köpräk görnüşleri bilen meşgul bolmalydyr. Ata-eneler kähalatlarda aňrybaş aladaçyllyk edip, çaganyň geljekki işini özleriçe kesgitläp, onuň zehin-ukyplarynyň doly açylmagyna böwet bolýarlar.
6.Kem-kemleýin we yzygiderlilik düzgünini berjaý etmek. Terbiýeçi çaganyň esasan öz mümkinçiligine laýyk işlere meşgul bolmagyna gözegçilik etmelidir. Şeýle edilmese onuň iş-ýumuşlara höwesi gaçyp, ýaltaçylyga ýüz urýar. Çaganyň beden we psihologiýa ösüşiniň depginine laýyklykda ýumuşlar, sapaklar kem-kemden çylşyrymlaşdyrylmalydyr.
7. Çagany a h laksyz adamlardan üzňelemek. Çaganyň bilim, tejribe özleşdirişiniň möhüm usuly öýkünmekdir. Bu endige eýerip, çaga öz daş-töweregindäkileriň ähli hereketlerini we edim-gylymyny gaýtadan dikeltmeklige ymtylýar. Gaýtaladyň-diýmek, öwrendiň. Takmynan 7 ýaşdan başlap çaga özüniň hususy “ahlak esaslaryny” döredip, oña laýyklykda daşyndakylaryň özüni alyp barşyny, hereketlerini bahalandyrýar. Şonuň üçin çagany söýýän we oňa ýagşylyk etmek isleýänler özüniň her bir ädimini ölçäp, oňa ahlaksyzlyga golaýlaşýan özüñi alyp baryş nusgasyny görkezmezlige çalyşmalydyrlar.
8. Mekdebe barmak ösýän şahsyýetiň durmuşynda örän çylşyrymly we jogapkärli öwrülişikdir. Durmuşyň depgini, daşky gurşaw, dünýäni özleşdirmegiň usuly özgerýär. Başlangyç mekdep ýaş döwri çaganyň ahlak keşbiniň kemala gelişiniň aýgytlaýjy pursatydyr. H ut şu döwürde şa h syýetiň döredijilikli bolup ýa-da bolmazlygy aýgyt edilýär.
9.Maşgalanyň we mekdebiň özara baglanyşygy, ata-eneleriň we mugallymlaryň özara gatnaşygy jemgyýet üçin iň bir wajyp meseleleriň biri bolup, ol pedagogika ylmynyň üns merkezinde durmalydyr. Belli bir döwürde maşgala jemgyýetiň terbiýeleýji, mekdep bolsa okadyjy öýjügidir diýen pikir pedagogikada has ýörgünlidi. Birinji şahsyýetiň ruhy dünýäsiniň esasyny döredýän, ikinji bolsa onuň bilim, başarnyk endiklerini kemala getirýän gurluş hasaplanýardy. Haçanda ýetginjek hukuk bozujy işler edende “kim esasy günäkär-maşgalamy ýa-da mekdep” häsiýetdäki çekişme döreýärdi. Mekdebiň çagalary terbiýelemekde aýgytly orny hakynda gürrüň edilende göýä maşgala terbiýesiniň ähmiýeti peseldilýän ýaly kabul edilýärdi. Tersine, maşgalanyň bu meseledäki jogapkärçiligi aýdylanda mekdebiň okuwçy ýaşlaryň ruhy dünýäsini, olaryň özüni alyp barşyny kemala getirmekdäki ähmiýetiniň birjikde peselmeýändigi ýörite nygtalmaly bolýardy. Hakykatda şeýle bölünişik esassyzdyr. Şa h syýetiň kemala getirilişinde maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetçiligiň terbiýe–öwrediş täsiri aýrylmaz b aglany ş yklydyr. Olaryň diňe bir-biriniň üstüni ýetirijilikli terbiýe we okadylyş tutumy kemala getirilýän ösdürimiň sazlaşykly şa h syýetini, salyhatly edim-gylymyny, üstünlikli okuw-amaly işini guramagyň h akyky girewidir.