Лекции.Орг


Поиск:




Категории:

Астрономия
Биология
География
Другие языки
Интернет
Информатика
История
Культура
Литература
Логика
Математика
Медицина
Механика
Охрана труда
Педагогика
Политика
Право
Психология
Религия
Риторика
Социология
Спорт
Строительство
Технология
Транспорт
Физика
Философия
Финансы
Химия
Экология
Экономика
Электроника

 

 

 

 


Mugallymyň pedagogik-psihologik medeniýetiniň esasy sypatlary.




    I. Umumy bilim berýän mekdeplerde 3-5 ýyl aralygynda pedagogik tejribeli mugallymlary synp ýolbaşçysy belleýärler. Synp ýolbaşçysynyň okuwçylar başlangyç bilim alanlaryndan soň bellenilýär. Onuň esasy sebäpleriniň biri-de her bir dersi aýry-aýry mugallymlar okadýarlar. Şeýlelikde, okuw-terbiýeçilik işlerini maksadalaýyk ýola goýmak üçin synp ýolbaşçysy wezipesi girizilýär. Synp ýolbaşçysynyň işiniň özboluşlylygy şulardan ybaratdyr: 1.Guramaçylyk işleri. 2.Okuw-terbiýeçilik işleri. 3.Syýasy-terbiýeçilik işleri. 4.Maşgalany, okuwçylary töwerekleýin öwrenmekden ybaratdyr.

    II. Synp ýolbaşçysynyň wezipeleri: 1.Azgybir, maksada okgunly synpy kemala getirmek. 2.Okuwçylaryň bilesigeljiligini ösdürmek, olaryň endiklerini, başarnyklaryny kämilleşdirmek. 3.Synpyň ýetişigini we gatnaşygyny ýokarlandyrmak. 4.Okuwçylaryň saglygyny gorap saklamak. 5.Okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk ýola goýmak. 6.Terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek. 7.Mekdebiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde işlemek. 8.Maşgala bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak. 9.Ahlak we kämil dünýägaraýyşy terbiýelemek. 10.Döwletimiziň alyp barýan içki we daşky syýasatyny düşündirmek. 11.Synpdan daşary terbiýeçilik çärelerini guramak. 12.Synpda berk tertip-düzgüni ýola goýmak. 13.Zerurlyk ýüze çykanda okuwçylaryň ata-eneleri bilen duşuşyklary guramak. 14.Okuwçylary belli bir hünärlere ugrukdyrmak. 15.Resmi iş kagyzlaryny ýöretmek. 16.Her gün we her sagadyň dowamynda okuwçylara gözegçilik etmek. 17.Okuwçylary gurnaklara (kružok işine) çekmek. 18.Okuwçylary jemgyýete peýdaly zähmete gatnaşdyrmak. 19.Okuwçylary höweslendirmek, zerur bolanda olara temmi bermek. 20.Synp sagatlaryny guramak.

    III a) Mekdep okuwçylary bilen: 1.Okuwçylaryň ýaş, psihologik, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek. 2.Okuwçylaryň özüni alyp baryşyny derňemek. 3.Zerur halatynda olar bilen özbaşdak iş geçirmek. 4.Okuwçylaryň gündelik alyp barýan işleriniň netijelerini derňemek. 5.Synpda ýüze çykan hadysalary derňemek we bahalandyrmak. 6.Okuwçylaryň şahsy resminamalaryny ýöretmek. 7.Hepdede bir gezek synp ýygnagyny geçirmek. 8.Okuwçylaryň öňünde duran wezipelerini aýdyň kesgitlemek. 9.Ýörite duşuşyklar guramak. 10.Synpyň işjeň toparyny döretmek.

Ill b) Mugallymlar bilen: 1.Ders mugallymlary bilen yzygiderli gatnaşyk saklamak. 2.Okuwçylara deň talaplar bildirmek. 3.Sapaklaryna gatnaşyp görmek. 4.Ýetişmeýän okuwçylara kömegi ýola goýmak. 5.Synpdan daşary çärelere gatnaşdyrmak (kružok, gurnaklara) gatnaşdyrmak.

III ç) Ata-eneler bilen: 1.Maşgala bilen mekdebiň okuwçylara deň talap bildirmegini gazanmak. 2.Öýde döredijilikli işlär ýaly şertleri döretmek. 3.Maşgalalara zerur bolan pedagogik kömekleri bermek. 4.Okuwçylaryň okaýşy, tertibi hakyndaky meseleleri bilelikde çözmek. 5.Okuw ýylynyň her çärýeginiň ahyrynda, her ýarymýyllykda ata-eneler bilen ýygnak geçirmek. 6.Maşgalada we mekdepde bildirilýän sanitariýa ýagdaýlary. 7.Maşgala bilen bilelikde okuwçylaryň medeniýetli dynç alyşlaryny guramak.

IV) Synp ýolbaşçysynyň işiniň meýilleşdirilişi we hasabaty: 1.Okuw ýylynyň her çärýegine ýa-da her ýarymýyllyga degişli meýilnama işläp düzmek. 2.Meýilnamada ähli meseleleri göz öňünde tutmak. 3.Belli bir yzygiderligi saklamak. 4.Her günki geçirilen işleri hasaba almak. 5.Meýilnamada döwlet, mekdep derejesinde geçiriljek çäreleri aýdyňlaşdyrmak. 6.Hepdelik meýilnama işläp düzmek. 7.Okuw ýylynyň ahyrynda durmuşa geçirilen çäreler hakynda ginişleýin hasabat taýýarlamak.





Поделиться с друзьями:


Дата добавления: 2018-11-11; Мы поможем в написании ваших работ!; просмотров: 679 | Нарушение авторских прав


Поиск на сайте:

Лучшие изречения:

Настоящая ответственность бывает только личной. © Фазиль Искандер
==> читать все изречения...

2343 - | 2068 -


© 2015-2024 lektsii.org - Контакты - Последнее добавление

Ген: 0.01 с.