I. Islendik ylym täze maglumatlary yzygider toplamaklygyň esasynda ösýär we kämilleşýär. Ähli tebigy we jemgyýetçilik ylymlary ýaly pedagogikanyň-da synlamak we tejribe ýaly esasy usullary bolup, olaryň her biriniň düýp mazmuny bir bolan birnäçe görnüşi bardyr.
1. Synlamak we syn etmek, gözegçilik (adaty, ỳörite)-durmu ş y syn etme ylmy synlamadan ö z ü ni ň t ö t ä nligi, gurama ç ylygynyñ we ýörite meyilnamasynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Ýöne ol özüniň köplügi we gündelik tejribä daýanýanlygy bilen kähalatlarda pähimlilik häsiýete eýe bolýar. Köp sanly durmuşy syn etmeler nakyllarda, atalar sözünde, dana sözlerde, durnukly söz düzümlerinde (frazeologizmlerde) jemlenip, ýörite öwrenmeklige mynasypdyr. Onuň netijesinde öňki geçirilen barlaglarda ýüze çykan kemçilikleri düzetmäge mümkinçilik döredilýär. Ylmy syn etmek bolanda: -Syn etmegiň obýekiti, wezipesi, ýörite shemalary işlenilip düzülmeli; -Netijeleri bellige alynmaly; -Toplanylan maglumatlar ýörite işlenilýär. Bu usulyň ýetmez tarapy pedagogik hadysanyň içki taraplary kesgitlenilmeýär. Ol beýleki usullar bilen utgaşdyrylyp ulanylýar.
2.Pedagogik tejribe derňew geçirýäniň öwrenilýän adamyň işine işjeň gatnaşmaklygyny göz öňünde tutýar; şeýle gatnaşmaklyk öwrenilýän pedagogik hadysanyň aýdyň ýüze çykmagyna şert döretmeklige, bu şertleri tejribeçä amatly tarapa üýtgetmeklige we bu hadysanyň hertaraplaýyn seredilmegi üçin birnäçe gezek gaýtalamaklyga mümkinçilik berýär.Tejribe usulynyň tejribehana-laboratorýa (wagty, okuwçylaryň sany, işiň mazmuny üỳtgedilỳär) we tebigy tejribe (adaty ỳagdaỳlarda wagty, ỳeri, gün tertibi üỳtgedilmeỳär)görnüşleri bolýar. Syn etmek we tejribe usullarynyň artykmaçlygyny özünde jemleýän derňewiň özboluşly ugry psihologik-pedagogik tejribesi bolup, dürli ýaş döwürlerinde okuwçylaryň akyl ýetiriş mümkinçiligini öwrenmekde, okuwçynyň şahsyýetini kemala getirmegiň takyk usullaryny kesgitlemekde we ş.m. bu tejribäniň ähmiýeti uludyr. Esasy maksat öwrenilýän meseläni täze taryhy şertlerde ulanmagyň mümkinçilikleri derňelýär. Bu usulyň esasy çeşmeleri we arhiw materiallaryny öwrenmek bilen hem baglydyr. Meselem, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek. Biz haýsyda bolsa bir usuly girizjek bolsak ilki ony tejribe geçirip görýäris, oňyn netije berse köpçülikleýin peýdalanýarys. (Interaktiw usul, multimedia, ýa-da synag kabul etmek (Edinyý gosudarstwennyý ekzamen)).
Bu usula taryhy nukdaýnazardan seredenimizde 19-asyryň ahyrynda we 20 asyryň başynda A.Sikorskiniň (1879) okuwçylaryň dikdantlarynda goýberen ýalňyşlyklaryny, Ebbingauzyň maglumatlar ýat tutmak boýunça (1885), Holyň (1880) okuwçylaryň göz öňüne getirmelerini öwrenmek boýunça, Bine we Simonyň okuwçylaryň akyl ýetirme bilen baglanyşykly, Burdonyň, Istiň, Meýmanyň okuwçylaryň ýadyny öwrenmek boýunça tejribelerini görkezmek bolar.
3. Test geçirmek. Bu usulda esasy wezipe täze maglumatlary almak däl-de, adamyň psihiki häsiýetleriniň öňünden kesgitlenen psihiki kada-norma we ülňä gabat gelýändigini anyklamakdan durýar. Ilkinjileriň biri bolup bu usuly A.Dalton, A.Kettel ulanýarlar. Testleri ulanmaklyk psihometriýa usulynyň kemala gelmegine getirdi. Ony esaslandyranlar B.Anri we A.Binedir. Okuwçynyň test ýumuşyny ýerine ýetirişine berilýän baha onuň degişli düşünjeleriň, bilim başarnyklarynyň, häsiýetleriniň kämilliginiň görkezijisi bolup hyzmat edýär. Testler- dürli derejede, dürli maksatlar üçin düzülýär. Meselem, türkmen-türk uniwersitetine giriş synagy testde alynýar, türkmen-türk mekdeplerinde geçirilỳän testler we beý. Kibernetiki ylymlaryň ösmegi bilen giň gerime eýe bolan we ylmyň dürli pudaklarynda ulanylyp ugran nusgalama - modelirleme usuly haçan-da öwrenilýän hadysa özüniň çylşyrymlylygy ýa-da başga ýagdaýy boýunça syn etme, sowal, test we tejribe usullary bilen öwrenmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda ulanylýar. Model - nusgalaryň tehniki, logiki, matematiki ( mukdary, hili, eỳeleỳän ornuny, göterimini we gatnaşygyny ), kibernetiki görnüşleri tapawutlandyrylýar. Testleri şu aşakdaky görnüşlere bölüp bolar: 1.Okuwa ýetişigi kesgitleme testleri. 2.Elementar endikleri kämilleşdirmek testleri (okamak, ýazmak, ýönekeý arifmetiki amallary ýerine ýetirmek). 3.Bilim derejesini anyklamak testleri. 4.Jemleýji testler. Ylmy taýdan çemeleşilende testler 2 görnüşden durýar: 1.Tizlik testleri (wagt bilen bagly), 2.Güýç (akly taýdan) çözülmeli testlerdir. Testlerde ýumuşlar dürlüçe bolup biler: 1.Goýberilen sözleri tapyp goýmaly. 2.Jogabyny saýlap almak (3-den ýa-da 5-den), 3.„howa“,„ýok“, „bilemok“
4.Söhbetdeşlik, gürrüň (adaty hem ýörite)- adaty söhbetdeşlik okuwçy ỳa-da talyp bilen her gün guralỳan okuw-terbiỳeçilik işleri bilen baglylykda ỳa-da haỳsyda bolsa bir pedagogik tejribe öwrenilen wagtynda guralyp biliner. Söhbetdeşlige gatnaşỳanlaryň içki ỳagdaỳlary ỳüze çykarylyp ilki belli bir maksat goỳmak, soraglary takyklamak. Ỳörite söhbetdeşlik bolanda ylmy derňew işleri alynyp barlanda ỳörite rugsat alynandan soňra gurnalyp biliner. Söhbetdeşlige haỳsy ỳaşdaky okuwçylar gatnaşdyryljak, garaşylỳan netijeler, söhbetdeşligiň beỳany, beriljek soraglar jikme-jik işlenilip düzülmelidir 1.Esasy soraglar. 2.Ugrukdyryjy soraglar. 3.Takyklaỳjy soraglar. Ony interwiýu, dialog, çekişme görnüşinde-de ulanyp bolar (okuwçylar-mugallymlar („Ýaşlyk“ teleýaýlymynda guralýan gepleşik „Şägirt-halypa“)). Esasy mesele „Dil adamlara diňe bir pikirini aýtmak üçin berlen däldir. Ol şol bir wagtyň özünde pikirleri üstünlikli ýaşyrmaga niýetlenendir“.
5. Anketa usuly ýapyk (berilỳän soraglara jogaplaryň içinden birini saỳlap almaly), ýarym açyk (öz pikiriňi ỳazyp bilỳärsiň), açyk (goỳulan soraglara özüň jogap bermeli) görnüşinde geçirilýär. Ýazuw üsti bilen köpçülikleỳin maglumat toplamaklyga gönükdirilip amal edilýär we ỳaşlaryň haỳsyda bolsa bir meselä garaỳşy kesgitlenilỳär. Ýörite rugsat alynýar we beýan taýýarlanylýar. Ylmy iş goralanda esas hökmünde peỳdalanylỳar.
6. Mekdebiň resmi iş kagyzlaryny öwrenmek. 1.Klas žurnaly. 2.Ýetişik tabeli. 3.Şahsy bukja. 4.Häsiýetnamalar. 5.Saglyk hakyndaky maglumatlar. 6.Beýanlar. 7.Pedagogik sowetiň kararlary. 8.Mekdep düzgünnamasy; mugallymlaryň kalendar we sapak meýilnamalary.
7. Edebi çeşmeleri öwrenmek. 1.Pedagogika bilen baglanyşykly ýazylan eserler. Meselem, D.Azadynyň „Wagzy-Azat“ poemasy, „Görogly“ şadessany, „Gorkut ata“ eposty, „Kowusnama“, A.S.Makarenkonyň „Pedagogik poemasy“, A.W.Suhamlinskiniň „Ogluma ýazan hatlarym“ we beý. 2.Hormatly Prezidentimiziň neşir etdiren işleri. 3.Bilim Ministliginiň çykarỳan kararlary, buỳruklary.
8. Okuwçylaryň ỳazuw- grafiki işlerini öwrenmek. Düzmeler, dikdantlar, beỳannamalar, barlag işleri, okuw-görkezme esbaplary, dokladlar, taslamalar we beỳ.
9. Matematiki usullar- olar geçirilỳän tejribäniň mukdaryny, hilini, derejesini, netijesini doly bahalandyrmaga mümkinçilik berỳär. Meselem, okuwçylaryň ỳetişigini kesgitlemek. Olar öz gezeginde şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1.Registrasiýa (sanyny kesgitlemekde-ýetişýän we ýetişmeýän okuwçylar). 2.Ranžirowaniýe (ornuny kesgitlemek-degişli yzygiderlikde ýerleşdirmek). 3.Şkalirowaniýe (şkala getirmek-bahalandyrmak).
II. Sossimmetriýa. Ilkinji gezek ABŞ-da psiholog (Djekob Moreno) senagat kärhanasynda ulanylýar, soňra okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanylýar. Oňa bildirilỳän esasy talaplar: 1.Öwrenilỳän toparlaryň çägi kesgitlenmeli. 2.Toparyň her bir agzasynyň islendik mukdarda saỳlaw etmäge haky bar. 3.Amaly netijeleri bilen tanyşdyrmak. 4.Ol 3 bölekden durýar (anketa, beýan (matrissa) we meşen (belginama)). Bu usulyň üsti bilen topardaky şahsyýetara gatnaşyklary ýüze çykarýarys, mikrotoparlary kesgitleýäris we lideri ýüze çykarýarys. B.Basarowyň ỳörite gollanmasy bar.
III.Häsiýetnama taýýarlamak usuly. Talyplar mekdeplere tejribelige girişen wagtynda häsiỳetnamany 2 görnüşde taỳỳarlaỳarlar: 1.Bir okuwça. 2.Klasa. Hersi 4 bölekden durỳar: 1.Umumy maglumat. 2.Okuw işi. 3.Terbiỳeçilik işi. 4.Netije.
IV.Pedagogik-psihologik tejribe. Okuw maksatnamasyna laỳyklykda dürli möhletlerde (Hepdede bir gezek-passiw (öwreniji) praktika 3-ýyllarda), 4-5-nji ýyllarda guralỳar. Uniwersitet bilen bilim bölümleri tejribelik geçiljek mekdepleriň sanawyny, talyplaryň sanyny, berkidilen mugallymlary (usulýetçileri we pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymlaryny) buỳruk esasynda tassyklaỳarlar.
V.Ylmy-derňew usullaryny mugallymyň iş tejribesinde peýdalanmak we ony durmuşa ornaşdyrmak. Mugallym üçin esasy meseleleriň biri öňde goỳlan maksada ỳetmekdir. Ỳokarda ady agzalan usullaryň üsti bilen okuw-terbiỳeçilik işleriniň guralyşyny içgin öwrenip bolar we bar bolan kemçilikleri düzetmäge şert dörediler. Ylmy barlagyň netijesini durmuşa ornaşdyrmak üçin: 1.Usuly maslahatlarda çykyş etmek. 2.Metbugatda çykyş etmek. 3.Ýörite bukletler çykarmak. 4.Gollanmalar çap etmek. 5.Metodiki hödürnamalary işläp düzmek we beýlekiler.