.


:




:

































 

 

 

 


Adamyň ösüşi onuň içki we daşky şertlere baglydygydyr.




a) Içki şertler-adam organizminiň fiziologik we psihiki häsiýeti degişlidir. b) Daşky-bu adamyň ýaşaýan ýeri we daş-töweregi bolup durýar.

Şu temada şahsyýetiň kemala gelmegine täsir edýän faktorlar, adam ömrüniň ýaş aýratynlyklary boýunça döwürlere bölünişi we onuň praktiki ähmiýeti, indiwidual aýratynlygyny bilmegiň zerurlygy barada gysgaça durulyp geçiler.

Türkmenistan döwletiniň yglan eden agzybirlik, asudalyk, abadançylyk, hoşniýetli gatnaşyklar, bitaraplyk baradaky şygarlaryny türkmen halky asyrlar boýy arzuw edip gelipdi. Müňýyllyklaryň dowamynda halk öz isleýän şahsyýetiniň asylly sypatlaryny göz öňüne getirip, ony Görogly ýaly gahrymanlarynda jemläpdi. Şeýle şahsyň akyl-paýhas bilen her hili ýagdaýdan baş çykaryp bilýän /akyl terbiýesi/, ganyma garşy bolup, ejize arka durýan, ýaşulynyň pendine, aýal maşgalanyň pähim-paýhasyna gulak asýan, watançylyk hem gahrymançylyk duýgusy bilen ýugurylan, myhmansöýer, doganlyk-dostluga belent sarpa goýýan /ahlak terbiýesi/, tebigat dünýäsiniň we adamzat jemgyýetiniň gözelliklerine düşünýän hem ony çeper sözüň, aýdym-sazyň güýji bilen wasp etmegi başarýan /estetik terbiýe/, berk bedenli hem güýçli, çydamly hem gujurly /beden terbiýesi/, seýisçilik, ussaçylyk ýaly işlerden baş çykarýan, gerek bolsa, gömme çörek bişirip bilýän /zähmet terbiýesi/, edepli-ekramly adam bolmalydygyny ýüze çykarypdy. Ony nähili usullar bilen terbiýeläp boljaklygy baradaky pikirlerini bolsa şol şahslaryň köpçüligiň içinde edýän hereketlerine, özlerini alyp baryşlaryna, Watanyň abadanlygy üçin bitirýän işlerine, görkezýän göreldesine siňdiripdi. Halk şol döwürler üçin şeýle usulyň örän elýeterli hem täsirli bolýanlygyna ýitilik bilen göz ýetiripdi. Ol türkmen halkynyň kalbynda besleýän şahslaryny kemala getirýän, uludan-kiçä hemmeler üçin düşnükli hem täsirli bolan özboluşly mekdepdi. Häzirki döwrüň aňlatmasy bilen aýdanymyzda, ol barypýatan pedagogikady. Şol pedagogika kemally şahsyýetiň terbiýelenip ýetişmegindäki esasy faktorlar diýilip hasap edilýän nesil yzarlamanyň, sosial sredanyň, tälim-terbiýäniň uly roly baradaky pikiri halkyň ruhy mirasynyň süňňüne ornaşdyrypdy. Onda häzirki pedagogika ylmynyň teswirleýän problemalary mesaňa bolup ýatyr: çaganyň üç ýaşynda zybandar bolup, tä ýedi-sekiz ýaşyna çenli oýnap, ýaryşyp erkinlikde ösmelidigi, soňra mekdepde okap başlamalydygy, durmuş mekdebini geçmelidigi, edep-ekram öwrenmelidigi ýaly düzgünler, türkmene mahsus bolan ugurtapyjylyk, sypaýylyk, geçirimlilik kimin sypatlar, däp-dessurlar, şahsyýete häsiýetli bolan beýleki taraplar giden bir sistemany emele getirýär. Esasy taraplary sazlaşykly ösen şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinen şular ýaly mekdepler bolsa türkmenlerde az däldi.

Geçmişiň beýik akyldarlarynyň öňe süren idealary, genetika ylmynyň gazananlary, I.P.Pawlowyň nesle geçijilik hem nerw sistemasynyň işi hakyndaky taglymaty, bu babatdaky gaýry ylmy açyşlar adam şahsyýetiniň esasan üç sany faktoryň-nesle geçijiligiň, sosial sredanyň, tälim-terbiýäniň täsiri bilen kemala gelýänligini subut etdi.





:


: 2018-11-11; !; : 449 |


:

:

, ,
==> ...

1307 - | 1286 -


© 2015-2024 lektsii.org - -

: 0.008 .